07:14 Gürgenç / 3-nji kitap -21 | |
XXI BAP
Taryhy proza
Gara hytaýlar bilen boljak aýgytly jeňe taýýarlyk işleri tamamlanyp barýardy. Şu arada Samarkandyň soltany Osmana goşun toplamak barada Muhammet şanyň iberen namasynyň jogaby hem geldi. Osman soltan hatynda özüniň toplan goşunyndan başga-da Mawerannahryň ululy-kiçili emirleriniň ählisi boljak gazat söweşine gatnaşmaga isleg bildirendiklerini, şunlukda Samarkantda toplanan goşunyň söweşe taýýardygyny habar berýärdi. Bu habardan Terken hatyn hem bihabar galmady. Ol oglunyň güýjüne güýç goşuljakdygyna begendi. Samarkandyň soltany Osmandan juda minnetdar boldy. Diňe minnetdar bolman, ony boý ýeten agtygy-Muhammediň gyzy Hansoltana mynasyp görüp, özlerine giýew edinmegi niýetläp goýdy. Elbetde, onuň bu niýeti Osman soltany däl, onuň ýurduny, paýtagty gözel Samarkandy gowy görmegi bilen baglydy. Terken hatyn bu niýetini ogly-gyzyň kakasyna-da duýduryp goýmagy makul bilip: -Muhammet, parslaryň “Samarkant saýkaly roýy zeminäst” diýmekleri ýöne ýere däl. Biziñ Hansoltanymyz ýer ýüzüniň saýkaly-bezegi hasaplanýan Samarkandyň melikesi bolsa, gelişmän durmaz. Sen nähili görýäň meniň şu pikirimi?-diýdi. Bu pikir Muhammediñ hem serinde ýok däl eken. Şonuň üçin bolsa gerek. Ol oýlanman jogap berdi: -Osman soltan gowy ýigit, käbäm. Ol meniň synagymdan geçen. Men Balhy, Termizi alanymda-da ol goşuny bilen gatnaşypdy. Şonda oňa Termizi beripdim. Gara hytaýlar bilen soňky söweşimizde ýarawsyzlygy zerarly gatnaşyp bilmese-de, goşunyny iberipdi. Bir hasapdan şol jeňe gatnaşman Samarkantda oturany gowam boldy. Gara hytaýlar onuň biziň bilen raýdaşdygyny bilmediler. Ýogsa ol bu mahal Samarkantda oturmazdy. Indi nesip bolsa onuň bilen bilelikde gara hytaýlary syndyrsak Samarkandam, tutuş Mawerannahram biziňki bolar. Terken hatyn ogluny diňläp, onuň bilen pikirleriniň birdiginden kanagatlanyp: -Ylaha omin! Aýdanyňy Hudaý eşitsin!-diýdi-de, elini ýüzüne sylyp, soň sözüni dowam etdirdi: - Indi ýörüşe atlanmakçy bolsaň, pirlerimiz Şyhabeddin Hywaky, Nejmeddin Kubra hezretlerinden ak pata alyp git, oglum. Seniň bu saparky ýörüşiň, söweşiň gazat hasaplanýar. Şonuň üçin pirleriň ak patasy, doga dilegleri üstünlik getirer saña. Enşalla şu sapar maksadyň myrat bolar, oglum. Terken hatyn Muhammediň göwnüni göteren şeýle sözlerinden soň özi-de ak pata berip, ony huzuryndan ugradyp goýberdi. Şol günüň ertesi irden Muhammet şa ýörüşiň öň ýanynda edilýän meşweret diýip atlandyrylýan adatdaky maslahaty çagyrdy. Oňa käbesiniň aýdan pirlerini hem teklip etdi. Meşweretde jemlenen jemagat bilen salam-helikden soň Horezmşa Muhammet garşysynda bilesigelijilik bilen özüne seredip oturan adamlara ýüzlenip: -Muhterem jenaplar-diýip, ýaňy söze başlanynda gapynyň aňyrsynda bir zenzele turup, sözi agzynda galdy. Şo mahalam gapydan kürsäp giren bäş pyýadanyň öňündäkisi "Salam, Salam!" diýip, ýakymsyz seslendi. Olaryň yzysüre giren gapyda duran serbazlaryñ biri: -Aly hezret, bulara “garaşyň meşweret gidip dur” diýsegem, gepimize gulak asman basyp girdiler-diýdi. -Näme üçin garaşmaly, men Gür hanyň iberen wekili Tuşy. Meşwereti diňläli, soňundan gepleşeris-diýip, özüni tanyşdyran gara hytaý Muhammet şanyň ýanyna geçip oturdy. Gaharyna ýüzi çym-gyzyl bolan Horezmşa: -Tur ýeriňden! Men seni oturmaga teklip etmedim. Bolşuň şu bolsa seniň bilen meşweretden soňam, öňem gepleşmeris. Özüňizem, janyňyz gerek bolsa, häziriň özünde gelen ýoluňyz bilen güm boluň!-diýdi. Tuşy ýerinden turdy, emma çykyp gitmedi, Horezmşaga hyrsyz seredip: -Muhammet, sen “janyňyz gerek bolsa” diýip, haýbat atma! Iki ýyllyk pajy şu ýere getirt, onsoň git diýseň gideris. Pajy alman gitmeris-diýdi. Horezmşa ajy ýylgyrdy: -Tekeş soltanyň döwründe-de seniň ýaly paç sorap gelenler gödeklikleri üçin kellelerinden dynypdylar. Görýän weli şol ýagdaý ýene gaýtalanjak ýaly. -Şeý diýmek bilen bizi gorkuzjak bolýaňmy? Biz gorkmarys. Kellerimiz däl, birimiziň bir tüýümiz ýolunsa-da, Horezmiň küli göge sowrular. Şuny bilýänsiň-le-diýip, Tuşy gaýşardy. Muhammet şanyň gahary ýetjek derejesine ýetdi. Ol şu ýerde oturan serkerdelere ümläp: -Alyp çykyň bulary bu ýerden!-diýdi.-Haram ganlary Horezminiň topragyny bulamasyn, Jeýhuna oklasynlar-diýip emriniň soňuny ýetirdi. Meşweretiň gatnaşyjylary Horezmşanyň hökümini makullap, öz aralarynda bir salym gümür-ýamyr etdiler. Serkerdeler gara hytaýlary “hak eýelerine” tabşyryp eglenmän gaýdyp geldiler. Şundan soň Muhammet şa bir eliniň yşaraty bilen hümürdini ýatyryp, söze başlady: -Jenaplar, siz häzirjek öz gözüňiz bilen gördüňiz bu bidinleriň batnyksyz bolşuny. Biz ine şu haramylaryň salgydyndan, pajyndan, süteminden dynmak üçin hem-de byradarlamyz Mawerannahryň musulmanlaryny olaryň zulmundan azat etmek üçin gazata atlanmakçy bolýarys. Biziň häzirki ulanan çärämiz hem bidinlere gazatymyzyň başlanyşy bolaýsyn. Men indi sözi ulaldyp, nutk sözläp oturmaýyn, wagt ganymat. Şonuň üçin Muhterem ulamalar, merhemetli pirlerimiz Şyhabetdin al Hywaky, Nejmedin Kubra hezretleri biziň bidinleriň garşysyna gazat ýörüşimiziň üstünlikli bolmagyny diläp, ak pata bermegiňizi towakga edýäris. Horezmşa sözüni soňlandan pirler başlyklaýyn ulamalar bir agyzdan “Omyn!” diýişip, doga-dilegler bilen ak pata berdiler. Şunuň bilen meşweret ýygnagy tamamlandy. *** Meşweretiň ertesi Horezmiň her haçankydan hem agyr goşuny gündogara tarap ýola düşdi. Iki derýadan-Jeýhun we Seýhundan geçip, gara hytaýlaryň öz ýerinde aýgytly söweş gurmaklygy niýetläp, güýzüň hoştap howasyndan dem alyp barýan leşgeriň ruhy belentdi. Bu ruhy belentlik öz-özünden döremändi. Gürgenjiň golaýyndaky giň meýdanda nyzama düzülen leşgeri gözden geçiriş çagynda Muhammet şanyň sözlän nutgy goşunyň söweşjeň ruhuny belende göteripdi. Şonda ol uç-gyraksyz meýdany tutup duran leşgere ýüzlenip şeýle bir dilewarlyk etdi welin, ony diňlän her bir urşujynyň ýüregini egsilmez joşa getirdi. Goşun Jeýhundan geçip, Mawerannahryň topragyna aralaşanda şäherdir obalarynda Horezmşanyň goşunyny gara hytaýlardan zulum gören ilat halasgär hökmünde uly dabara bilen garşylady. Samarkandyň golaýynda bolsa Osman soltanyň toplan goşuny bilen birleşip, Seýhundan geçdiler. Horezme paç üçin iberen adamlarynyň öldürlenliginiň habary Gür hana baryp ýetende onuň gazapdan titreýän çöwrük dodaklaryndan atylyp çykan gazaply sözler gaty eýmençdi: -Serkerde Taýangu! Goşuny Horezme ýörüşe taýýarla! Muhammet şanyň ýurdy bilen bile külüni göge sowurmaly! Olar juda hetdinden aşýarlar. Tekeşiň döwründe-de şeýle waka bolupdy. Üstlerine goşun baranda pajyny iki esse töläp uzur sorapdylar. Geçirilipdi. Bu sapar näme etselerem geçrim ýok! Hiç kime rehim-şepagatam ýok! Gür hanyň şeýle gazaply buýrugy bilen serkerde Taýangy agyr goşuna baş bolup ýola düşdi. Emma Horezmi niýetläp, haýdap barýan goşuna daşa gitmek gerek däl boldy. Haçanda ol Ulamyş düzlügune baryp ýetende garşysynda gözýetimde san ýetmez leşgere duş geldi, Bir bada aň-taň bolan Taýangu leşgeri saklap, indi näme etmelidigini kellesinde aýlap başlady. Onýança Muhammet şa bilen Osman soltan “uzak ýolumyz ýakyn boldy” diýip, goşunyň söweş tertibini bellediler. Naýzadarlar ortada, atlylar iki ýan tarapdan hüjüme geçmeli edildi. Taýangu tejribeli serkerde bolsa-da, horezmlileriň maý bermän hüjüme geçenligi sebäpli özüniň söweş usullaryny ulanyp bilmän galdy. Onuň goşuny şol bolşuna jeňe girdi. Iki agyr goşunyň garpyşmagyndan emele gelen gopgun, zenzele Ulamuş düzligini lerzana getirdi. Günortana golaý gyzgalaňly başlanan söweş ikindinara sowaşyp başlady. Şu arada Taýangunyň özi-de söweşýän goşunyň bir bölümini horezmliler orap alyp teslim etdiler. Ine şu-da söweşiň ykbalyny çözdi. Serkerdesiniň ýesir düşenini gören goşunyň urşujylary yzyna öwrülip, aýak aldygyna ökjäni göterdiler. Ýüzlerçe düýe arabalar doly ýükleri hem olja bolup galdy. Türkmeniň “Gaçany kowujy bolma” diýen pähimine eýerip, Muhammet şa gaçanlaryň yzyna kowgy salmady. Ine şeýdip, 601-nji hijriniň (1210) güýzünde bolan bu söweş gara hytaýlaryň derbi-dagyn bolmagy bilen tamamlandy. Bidinleriň üstünden gazanylan bu aýgytly ýeňiş gara hytaýlar döwletiniň synmagynyň başlangyjy bolup, Mawerannahry olara tabynlykdan, Horezmi paç tölemekden halas etdi. Elbetde ýeňiş hem gurbansyz gazanylmaýar. Çünki uruş uruş bolýar. Zor iki ýumruk salsa, ejiz hem bir ýumruk salyp ýetişýär. Şeýlelikde iki tarapdan hem gurban bolanlar az bolmady. Bu çaşyp ýatan läşler, ýarag-esbaplar, eýesiz galan atlar ýeňijiniň hem wagtyny hoş etmeýärdi. Muhammet şa ýesirlere öz adamlaryny, özüniňkilere öz gurbanlaryny jaýlamagy, ýaraglary ýygnap almagy, atlary-da tutup ýetdiginden pyýadalara bermegi buýurdy. Bu işler bitýänçe şu ýerde iküç gün bolmalydy. Şonuň üçin söweş bolan ýerden ses ýetim aňyrda çadyrlar gurulyp, gazanlar ataryldy. Şanyň çadyrynda Osman soltan bilen söhbetdeşlik çagynda dürli mowzuklarda gürrüň edilse-de, Muhammet şa-bäri gaýtmazyndan öň käbesiniň Hansoltana Osman soltanyň mynasypdygy barada aýdan meselesini gozgamady. Çünki ol meseläniň ýanynda başga has uly mesele hem bardy. Şonuň üçin bu iki meseläni gozgamagyň häzir wagty hem ýeri däldi. Goşun söweş meýdanyndaky işleri tükelläp, yzyna tarap ýola düşdi. Ýol ugrundaky Otrar şäherine golaýlanlarynda Horezmşa Osman soltana ýüzlenip: -Soltanym, Otrarda düşläp geçäýsek, Bilge han bizi myhman almazmyka?-diýdi. Otraryň eýesi Täjeddin Bilge han Osman soltanyň doganoglanydy. Horezmşanyň niýetini duýan Osman soltan: -Diňe myhman bolmak bilen çäklensek, alar, elbetde-diýdi. Muhammet şa oňa kinaýaly ýylgyryş bilen seredip: -Näme bilen çäklenjegimiz onuň nähili kabul edişine, hezzet-hormatyna görä bolar-diýdi. Osman soltan Horezmşanyň bu sözünden Bilge han nähili hezzet-hormat etse-de, Otrary öz tabynlygyna geçirmän, ony-da ýerinde goýup gitmejegine göz ýetirdi. -Aly hezret, Bilge han meniň doganoglanym, men oňa azar ýetse dözmen-diýip, Osman soltan Muhammet şanyň ýüzüne dik seretdi. Başga wagtda gowy görüp oňa “soltanym” diýip ýüzlenýän Muhammet şa bu sapar: - Osman soltan hezretleri-diýip, resmi röwüşde ýüzlendi: - Otrar bidinler bilen serhetdäki Jend ýaly möhüm şäher. Biz Bilge hana ýurdyň içersinden Otrardan hem gowy şäher bereris. Niýetini şeýdip açyk aýdan Muhammet şaga şäherini beresi gelmeýän Bilge han derwezeleri berk ýapdyrdy. Goşun şäheri gabady. Horezmşa Osman soltana gandöküşlik bolmaz ýaly doganoglany bilen gepleşmegi tabşyrdy. Osman soltan indi öz erkli hökümdar däldi, Horezmşanyň ygtyýaryndaky adamdy, çünki güýç onuň elindedi. Şonuň üçin ol näme diýse şony etmeli bolýardy. Osman soltan galanyň düýbüne baryp özüni depedäkilere tanyşdyrdy we Bilge han bilen gepleşmekçidigini aýdyp, içeri goýberilmegini sorady. Ýokardan: “Bilge handan jogap gelýänçä garaşyň” diýen owaz geldi. Köp garaşmaly bolmady. Emma Osman soltan içeri gireninden soň Muhammet şa köp garaşmaly boldy. Iki dogan oglanyň gürrüňiniň beýle uzaga çekenine gahary gelen Muhammet şa tas bolmasa hüjüme buýruk beripdi. Hernä şol wagt galanyň derwezesi açylyp içerden üç atly çykdy. Olar gönüläp Horezmşanyň at üstünde duran ýerine geliberdiler. Olaryň öňündäkisi ak selleli, ak sakgally ulama adam bolup, yzyndaky ikisi ýaş ýigitlerdi. Olar Horezmşanyň garşysyna golaý gelip, baş egip salam berdiler. Salam-helikden soň ak sakgal kişi Muhammet şaga ýüzlendi: -Merhemetli muhterem Horezmşa Alawetdin Muhammet ibn Tekeş soltan hezretleri Otrara hoş geldiňiz! Geleniňizi hoş gördük... Horezmşa onuň sözüni böldi. -Geleni hoş görülýän myhman gapynyň öňünde bir sagatlap garaşdyrylmaýar! Näme üçin biziň öňümizden Bilge hanyň özi çykmady? Siz kim?! -Merhemetli Horezmşa hezretleri, Bilge han Sizi wezir-wekilleriňiz bilen bile köşgüniň öňünde garşy alar. Men Otraryň baş ymamy Sedreddin al Derguzy. Sizi Bilge hanyň adyndan myhmançylyga teklip edip geldim-diýip, ymam mylakatly mylaýym dillenmek bilen gahary gelip duran Muhammet şany ýumşatjak boldy. Muhammet şa derrew ýumşaýmady, gaharyny ymamdan çykarjak kimin gepi uzaltdy: -Yzyňyzda duranlar kimler? -Olar ýöne nökerler. -Olary näme diýip alyp gaýtdyňyz? Menden goranmak üçinmi? Ymama Horezmşanyň bu kinaýaly sözi birneme ýokuş degdi. Ol: -Ýok, Aly hezret, iki nöker bilen Sizden goranyp bolýamy? Beýewbar bir bolmasy iş bolaýsa meýdimi yza alyp gitmekleri üçin, ätiýaçdan, alyp gaýdaýdym-diýip, aýlawly jogap berdi. Horezmşa ymamyň näme diýmekçi bolanyna düşündi. Ol: -Siz, näme, Horezmşa golaýyna geleniň kellesini alýan zalym diýip eşidipmidiňiz?-diýdi. Ymam özüniň aýlawly sözüne Horezmşanyň gaharynyň gelmändigine, sowalyny gatyrganman ýöne berendigine haýran galdy hem-de onuň gaharynyň köşeşenine içinden şükür edip: -Ýok, Aly hezret, biz Sizi adyllaryň adyly diýip eşidipdik-diýdi. Muhammet şa çalarak ýylgyryp ymama seretdi-de: -Tagsyr, Siz nädogry eşidipsiňiz ýa-da eşitmedik zadyňyzy özüňizden çykaryp aýtdyňyz-diýdi. -Adyllaryň adyly bolmak üçin diňe öz nukdaýy nazaryňda däl, başgalaryň nukdaýy nazarynda hem adyl hasaplanmalysyň. Emma patyşa bolup, beýik döwlet gurmak niýetiň bolsa, adyllaryň adyly bolmak mümkin däl. Ine muňa bir mysal: Biz häzir Otrara geldik. Niýetimiz diňe myhmançylyk däl, Otrary hem beýik Horezmin döwletiniň düzümine goşmak. Ine şu ýerde-de, men Siziň, Bilge hanyň, başga-da özbaşdaklygyň tarapdarlarynyň nazarynda adyllygymy ýitirýärin. Ymam Sedreddin al Dergazy bu sözlerden soň Horezmşaga näme diýjegini bilmän bir salym dymdy. Birdenem ýadyna özüne tabşyrlan esasy mesele düşüp, gepi şoňa sowdy: -Aly hezret, goşunam şu ýerde goş ýazdyraýsa, oňa-da söwüş ediljek. Horezmşa ymamyň gelmeginiň esasy sebäbini onuň bu sözünden aňlady. Sebäbi-de goşuny şähere girizmezlikdi. Elbetde, goşun şähere girse talaň bolmagy ahmal diýip, howatyr edilýän bolsa gerek. -Muhterem Ymam jenaplary, meniň häzir adyllyk barada getiren mysalyma düşünen bolsaňyz, biz öz tabynlygymyza geçiren şäherimizde talaňa ýol bermeýäris. Muňa Sizi bäri goýberen Bilge han hem düşünmeýärmikä? - diýip, Muhammet şa ymama nazaryny dikip, sözüni dowam etdirdi –Indi Siziň myhmançylyga teklibiňize gelsek, bize köşge garanda öz çadyrymyz gowy. Näme hezzet-hormatyňyz bolsa, şu ýerde leşger bilen bile göreris. Siz biziň şu islegimizi Bilge hana ýetiriň. Ymam Horezmşanyň köşge edilen teklibi ret edenliginiň sebäbini Bilge hanyň özüniň gelmänliginden gördi. Horezmşanyň özi bolsa iki doganoglanyň gürrüňiniň uzaga çekenliginden ýüregi bir zatlary syzdymy ätiýajy elden bermän, köşge barmazlygy makul gördi. Hakykatdanda iki doganoglanyň gürrüňiniň uzaga çekmegi ýöne ýere däldi. Osman soltan köşge baryp gireninde Bilge han ony juda bir göwünli garşy almady. Salam-helikdenem öň: -Agam, senem Horezmşanyň gulamyna öwrüldiňmi?-diýdi. Osman soltan onuň sowalyna jogap bermän, salam-helik etdi, saglyk-amanlyk soraşdy. Soňra: -Ýaňky sowalyňy şundan soň berseňem bolardy, inim-diýdi. -Jogabyny salam-helikden soň berersiň diýip, ondan öň beräýdim, agam bagyşlarsyň-diýip, Bilge han ajy ýylgyrdy. -Onda men seniň sowalyňa jogap bereýin. Zamana zoruňky diýen aýtgyny bilýänsiň ahbetin. Zor seni gul etse-de, gulam etse-de elinde. Ýöne men Horezmşanyň gulam däl, gulamam. Ol meniň halypam, howandarym. Ol bizi gara hytaýlaryň zulmundan gutaran halasgärimiz. Mawerannahr indi bidinleriň tabynlygyndan azat boldy. -Horezmşanyň tabynlygyna geçdi, şeýlemi? -Öz musulmanymyz bilen bir döwlet bolsak ýamanmy? -Tabynlygyň hiç haýsysy hem ýagşy däl. -Inim, seniň bu pikiriň döwrüň syýasatyna dogry gelmeýär. Kesirlik etme-de derwezeleri aç. Ýogsa gandöküşiklik bolar. -Meni gorkuzjak bolmasana, agam. Men ondan gorkamok. -Görýän weli sen birneme üýtgäpsiň. Eger şu gedemligiňi Horezmşanyň ýanynda edäýseň, şol bada kelläňi alar. -Biz ondan öňürtäýsek nädýe. Senem oňa tabynlykdan gutularsyň. Osman soltan Bilge handan ömür garaşmadyk sözüni, has dogrusy teklibini eşidip, tisginip gitdi. Emma “Senem tabynlykdan gutularsyñ" diýeni gulagyna ýakman durmady. Ýaňyja Horezmşany "howandarym", "halasgärim" diýen adam howandarsyz, halasgärsiz galsa-da, azat bolanyny kem görenokdy. Emma bir bada Bilge hanyň teklibine “hä” diýip bilmedi, gorkdy: -Diýýäniň näme! Aklyň ýerindemi seniň? -Aklymyň ýerini gahar, namys eýeläp dur, agam. Bu seniň halypaňyň haçan gözi doýar? Şu wagta çenli alan ülkeleri, galalary ýeterlik dälmi? Gara hytaýlary-da derbi-dagyn eden bolsa, şunuň wagtyhoşlugyna ýurdyna tizräk baryp, toý ediberse bolýar-a. Bäri Otrara sowulmak hökmanmydy?! -Inim, sen döwrüň syýasatyna düşneňok öýdýän. Horezmşa merkezleşen beýik döwlet gurup başlady. Otrar hem onuň düzümine girmeli. Sen biz gelende garşylyk etmän, duz-çörek bilen öňünden adam çykaranyňda, ol Otrary tabynlygyna alyp, seni öz ýeriňde goýup giderdi. Indi goýup gitmez. -Şonuň üçinem onuň ýoguna ýanmaly! -Ýene-de şu bolmajak gepi aýdýañ - diýip, soňundan bilesigelijilik bilen sorady. -Hany aýt, nädip onuň ýoguna ýanjak? Bilge han agasynyň beren sowalynyň äheňinden onuň bu meselä garşylygynyň birneme gowşanyny duýdy. Ol: -Biz boýun egen kişi bolup, goşunyna daşarda, özüne köşkde myhmançylyk etjegimizi aýdyp, teklip bilen adam ibereris, gelensoňam çäresini göreris. -Onuň ýeke özi gelmez ahyry. -Näçe bolup gelse gelibersin, şäherdäki serbazgoşda ýeterli urşujy bar. -Ýok, uruş edip öldürse bolmaz, serkerdeleri külüňi göge sowrarlar. Ony öz ajalyna ölen edilse bolar-diýip, Osman soltan göwnündäkini aýdyp goýberenini bilmän galdy. Atylan oky yzyna gaýtaryp bolmaýşy ýaly ol indi agzyndan çykan sözi yzyna alyp bilmedi. Şundan soň doganoglanlar Horezmşany öz ajalyna dünýäsini täzeletmegiň ýoluny maslahatlaşyp, Ymam Sedreddin al Dergazyny çakylykçy hökmünde onuň ýanyna iberdiler. Emma “Allanyň hoş görmedik işini bendesi amala aşyryp bilmeýär” diýilen hikmete görä bolsa gerek, Ymam Sedreddin Horezmşanyň ýanyndan onuň ýokarda aýdan jogabyny alyp geldi. Lapy keç bolup, howsala düşen doganlar indi Horezmşaga ýaranmagyň ýoluny maslahatlaşup, söwüş üçin mallary, ir-iýmişleri getirmek üçin çar tarapa adamlary ugratdylar. Özleri hem haýdan-haý Horezmşanyň huzuryna ugradylar. Horezmşanyň şahana bezelen çadyrynyň öňüne gelenlerinde gapyda duran sakçylaryň biri içeri girip çykdy-da: “Siz giriň!” diýip Osman soltana ýol berdi. Bilge hana “Siz garaşmaly bolduňyz” diýdi. Osman soltan içeri girenden çadyryň töründe göçme tagtynda oturan Horezmşa: -Soltanym, näme beýle eglendiňiz, iniñizi bize boýun egmäge yrmak kyn boldumy?-diýdi. -Ýok. Aly hezret, kyn bolmady. Men baramda nähoşlany üçin tebip ony üzärligiň gyzgyn suwuna ýatyran ekeni-diýip, Osman soltan öň gepleşileni boýunça çyna berimsiz edip, ýalan sözledi. Horezmşa juda bir müňkür adam bolmasa-da, bu gepe ynanmady. -Şeýle diýseňiz-le, juda egleneniňize men başga bir zadyň maslahatyny edýärmikäňiz diýip oýlanypdym-diýdi. Osman soltan bir hili boldy, ýöne syr bildirmän: -Başga nämäniň maslahatyny edeli, ony birden gyzgyn suwdan turuzyp alyp gaýtmak zulum bolmasyn diýip sowaşýança garaşdym, Aly hezret. -Dogry edipsiňiz, juda möhüm iş bolmasa zulum etmek gowy däl-diýp, Muhammet şa Osman soltana synçy nazar bilen seredip: -Hany onda syrkawy çagyryň onuň ýagdaýyny soraly-diýdi. Içeri giren Bilge han dyza çöküp, egilip salam berdi. Horezmşa salamy alyp, oňa siňe seretdi. Ýokardaky tüýnükden owadanlykda kemi ýok ýüzüne düşüp duran ýagty ony üýtgeşik çyraýly görkezýärdi. Horezmşa beýle owadan keşbe juda seýrek duş gelipdi. Onuň göwnüne beýle owadanlyk zenanlara degişli bolup, erkek adama gelişmeýän ýalydy. -Saglyk näme gep tapdy, Bilge han?-diýip, Horezmşa onuň saglygyny däl, keselini sorady. -Nämeden bolanyny bilmedim, Aly hezret. Endam-janym syrkyrap agyrýar. -Keseliňiň nämedendigini men bilýän, Bilge han-diýip, Horezmşa oňa ynanmaýandygyny duýdyrjak boldy. Soňundan: -Megerem saňa Otraryň howasy ýakmaýandyr. Biziň bilen Horezmine barsaň tut ýaly bolarsyň. Horezminiň howasy başgaça. Şonuň üçin ýol şaýyňy tutuber-diýdi. Bilge hanyň içine güjük ýapan ýaly boldy, ýüzi agyp-döndi. “Agam Osmanyň aýdany dogry çykdow” diýip, içini gepleden Bilge han indi ýalbaryp ýakarany bilen goýup gitmejegine gözi ýetip geplemedi. Horezmşa bolsa oňa: -Jenap Bilge han, sen häzir ýeriňe bellenen waly bilen onuň adamlaryny köşke alyp baryp, hazynany, beýleki döwlete degişli zatlary tabşyr. Özüňem maşgalaň bilen sapara taýýarlan, özüňe degişli zatlaryňy, halal gazanan baýlygyň bolsa ony-da alyp gidip bilersiň-diýdi. Soňundan: -Häzir biziň adamlar bilen köşge baranyňyzda goşunyňyzyň serkerdelerini meniň ýanyma iber-diýip, buýruk äheňinde aýtdy. Horzemşa Osman soltan bilen Bilge han gelmezinden öň eýýäm Otrara hajyplarynyň birini waly belläp, oňa dürli wezipelere goýmak üçin ýigrimi adam hem beripdi. Waly başlyklaýyn şol adamlar bilen bile Bilge han Horezmşanyň buýruklaryny ýerine ýetirmek üçin köşge ugrady. Aradan biraz wagt geçip. Otraryň goşunynyň serkerdeleri-on bir kişi bolup geldiler. Horezmşa olary güler ýüz bilen garşylady. Tagzym-takarupdan soň gelenleriň ekabrragy Horezmşaga ýüzlenip, ýanyndakylar ýüzbaşylar, özüni müňbaşy hem-de serkerde başy diýip, adyny aýdyp tanyşdyrdy. Horezmşa ilki bilen goşunyň at-ýarag, geýim-gejim, azyk-owkat bilen üpjünçiligini sorady. Soňra olara ýüzlenip, şeýle diýdi: -Ýigitler, ýurdyňyzda dörän ýagdaýdan habaryňyz bolsa gerek. Otrar indi gara hytaýlaryň tabynlygyndan azat bolup, beýik Horezmin döwletiniň düzümine girdi. Şonlukda siziň başçylyk edýän goşunyňyz hem Horezminiň gudratly goşunynyň bir bölümine öwrüldi. “Beýiklere goşulsaň beýik bolarsyň” diýen aýtgyny bilýänsiňiz. Siz indi kiçijik bir ýurdyň däl, beýik Horezmin döwletiniň esgeri bolandygyňyz bilen buýsanmaga hakyňyz bar. Ýene bir gep: goşun ýurdyň hökümdaryna boýun egse-de, onuň şahsy gulugyndaky däl, ýurduň gullugyndaky güýç hasaplanýar. Şeýle bolansoň sizler Bilge hana ýa-da häzirki biziň bellän Walymyza däl, öz watanyňyza gulluk edýärsiňiz. Gara hytaýlar indi siziň üstüňizden agalyk edip bilmez. Beýebar, olar gaýtadan häkimligini dikeltjek bolsalar, berk gaýtawul bermeli bolar. Meniň şu aýdanlaryma düşündiňizmi, ýigitler?-diýip, Muhammet şa oturanlara göz aýlady. Serkerdebaşy başlyklaýyn ýigitleriň hemmesi “Düşündik, düşündik!” diýşip, seslendiler. -Indi menden towakga etjek, sorajak zadyňyz bolsa, çekinmäň-diýdi Muhammet şa. Ol gepleýärkä ondan gözüni aýyrman oturan ýüzbaşylaryň biri ejaza sorap, sowal berdi: -Muhterem Horezmşa hezretleri, biz bidin garahytaýlara tabynlykdan azat bolup, öz musulmanymyzyň tabynlygyna geçenimize bihet begenip otyrys. Ýöne bu iki tabynlygyň näme tapawudy bolar? Serkerdebaşy beýle teýeneli sowal berene “başyňa bir bela getirjek bolýaňmy” diýen manyda ýaman gözi bilen seretdi. Ýöne Muhammet şa gaharlanan bolsa-da, gaharyny ýüze çykarmady, bir hili ýeserlik bilen gülümjiräp jogap berdi: -Tapawudy tabynlyk bilen howandarlygyň tapawudy ýaly bolar, han ogul! Siz tabynlykdan howandarlyga geçdiňiz. Çaga dogulandan ene-atasynyň howandarlygynda bolýar. Howandar çagany ýaman gözden goraýar, özüne, iline wepaly edip terbiýeleýär. Egerde ol garagolluk etse ýa-da wepalylygyny bozsa, berk temmi-de berýär. Ine şu mysala düşünen bolsaň sowalyňa jogabymyz şu-diýip, Muhammet şa serkerdelere ýene-de bir laý göz aýlady, hiç kimden ses-seda çykmansoň: -Başga sowalyňyz, towakgaňyz bolmasa gaýdyberiñ, ýeriňize baryp, esgerlere meniň aýdanlarymy ýetiriň. Erte-indin walynyň özi-de baryp, esgerleriňiz bilen duşuşar, üpjünçilik we başga-da meseleler bolsa şonda çözüşersiňiz-diýdi. Serkerdeler ýerlerinden turup baş egip, yzyna tesip çadyrdan çykdylar. Olaryň yzyndan wezir-wekiller bilen Horezmşanyň özi hem çadyrdan çykanynda gün öýleden agypdy. Görseler bir tarapdan söwüş üçin mallar, beýleki tarapdan arabalarda ir-iýmişler gelip başlan eken. Şol gün Otrar şäheriniň öňündäki uly meýdanda aý aýdyň gijäniň ýaryna çenli Horezmşa leşgeri bilen gara hytaýlaryň üstünden gazanylan ýeňişiň hem-de Otraryň Horezmiň düzümine girmeginiň ilkinji toýuny uly şagalaň, aýdym-saz bilen toýlady. *** Horezmşa Muhammet Otrardan çykyp, Seýhundan geçenlerinden soň birinji düşelgede Osman soltan bilen gepleşmeli mesele üçin peýläp ýören peýtine geldi hasap edip, uzakdan aýlap gürrüňe başlady: -Soltanym, Alla medet berip, gara hytaýlaryň agalygyndan dyndyk. Indi iki ýurdy-Mawerannahr bilen Horezmini bir ýurda öwürsek, güýç-gudratymyz hem has artar, soň ol güýjiň öňünde durup biljek tapylmaz. Şeýdip ýurtlarymyzyň birleşmegi bilen bile maşgalalarymyzy hem ýakynlaşdyryp, garyndaşlyk açmak üçin gyz alyp, gyz berişsek nur üstüne nur ýagar. Meniň eşitmişime görä biziň Hansoltan gyzymyza göwnüňiz barmyş. Eger şu gep rast bolsa ilki toýy Gürgençde soň Samarkanda ederis. Sizden hem biziň ogullarymyz ulalyberse gyz alarys. Muhammet şanyň bu gepiniň başy Osman soltany begendirmese-de soňky Hansoltan hakyndaky sözi gulagyna ýakman durmady. Indi ýaksa-da, ýakmasa-da ol bu teklibi ret edip bilmeýärdi. Çünki ol indi Horezmşanyň ygtyýaryndaky adamdy. Horezmşa soňky sözüniň Osman soltana nähili täsir edendigini bilmek üçin oňa synçy nazaryny aýlady, ýüzünde hoşnutlyk alamatyny görüp, sözüni dowam etdirdi. -Soltanym, indiki gaýra goýulmasyz mesele: Mawerannahryň ähli ýerlerindäki gara hytaýlaryň dikmelerini aýryp, olaryň ýerlerine öz adamlarymyzy goýmaly-diýip, tä Üzgende çenli kimi nirä häkim bellemelidigini ýekän-ýekän aýtdy. Osman soltan bu bellenmeli adamlaryň içinde ýekeje-de mawerannahrlynyň ýokdugyna, hemmesiniň horezmlilerdigine birhili boldy, emma garşylyk görkezip bilmedi. Horezmşa bu meseläni gaýragoýulmasyz diýenini edip, häkim bellän adamlaryny bir kowçum serbaz bilen bellenen ýerlerine ugratdy. Olara baran ýerlerinde gara hytaýlaryň dikmeleri garşylyk görkezmeseler azar bermän, ýurduna ugradyp goýbermeklerini tabşyrdy. Gezek Samarkanda geldi. Mawerannahryň dünýä belli, meşhur gözel merkezi şäheri Samarkand Horezmşalaryň hemişe-de ünsüni özüne çekip gelipdi. Muhammet şanyň hem bir gözi Samarkandady. Gara hytaýlaryň derbi-dagyn edilmegi bilen dörän häzirki amatly ýagdaýda Samarkandy doly tabyn etmelidi. Agyr goşunyň başynda Osman soltan bilen bile Samarkanda ýetip gelenlerinde ýüregine düwen bu niýetini amala aşyrmak üçin iküç gün garaşmaly boldy. Çünki Samarkandyň ilaty Horezmşa bilen özleriniň hökümdary Osman soltany beýik ýeňiş gazanyp gelen gahrymanlar hökmünde uly dabara bilen garşy aldy. Gara hytaýlaryň tabynlygyndan gutulan halkyň şatlygy özleri bilen bile Samarkandyň köçelerine sygman gitdi. Osman soltanyň hasabyna şäherde we daşarda goşunyň arasynda üç gün ýeňiş toýy toýlandy. Toýuň şagalaňy, şatlygy Samarkandy sarsdyrdy. Toý sowuldy, dynç hem alyndy. Indi Gürgenje tarap ýola düşmelidi. Muhammet şa: -Soltanym, bize Gürgenç garaşýar - diýdi -Nesip bolsa baryp, goşa toýy: Siziň Hansoltan bilen nika toýuňyzy hem-de ýeňişimiziň toýuny uly dabara besläp geçireris. Indi ýola düşmezimizden öň etmeli bir işimiz bar. Biziň Samarkanda bellejek şyhnymyz bilen Siziň emeldarlaryňyzy tanyşdyryp, agzybirlikde işleşmeklerini tabşyrmagymyz gerek. Osman soltan gaýnata boljagyň bu gepiniň "Biziň şyhnymyza siziň emeldarlaryňyz boýun egip işleşmeli” diýen manysynyň bardygyna düşünse-de, garşylyk görkezip bilmedi. “Häzir güýç elindekä näme etse edibersin, bakaly. Gyzyny alyp, yzyma dolanaýyn, onsoň göreris” diýip içini gepleden Osman soltan: -Aly hezret, şyhny bellejek adamyňyz adalatly, ynsaply gowy adam bolsa ýagşy-diýdi. -Elbetde, şyhny Siziň aýdyşyňyz ýaly adam bolmaly. Şeýle adam bar. Men öňürti onuň bilen gepleşip göreýin, soň ony Siziň bilen tanyşdyraryn, Size makul bolsa işgärleriňiz bilen tanyşdyrarys-diýip, Muhammet şa “Size makul bolsa” diýen sözüni aýratyn äheň bilen aýtdy. Bu äheňiň “Hökman makul bolaýmaly” diýen manysy bardy. Osman soltan dişini gysyp, başyny atdy. Osman soltanyň dişiniň gysylanyndan bihabar Muhammet şa onuň başyny atanyna näme diýsem ylalaşyp otyr diýip düşündi. Osman soltan jaýdan çykyp gideninden soň şyhny bellejek adamy-ejesiniň ýakyn garyndaşy goşunda müňbaşy Burtan Abany çagyrtdy. Näme maksatda çagyrlanyndan bihabar Burtan Aba ýognas uzyn göwresini tagzyma zordan egip, dikelensoň salam berdi. Muhammet şa salamy alyp: -Burtan daýy, oturyň, Siziň bilen gepleşmeli gep bar-diýdi. Ol geçip oturansoň sözüni dowam etdirdi. -Men Sizi müňbaşylykdan aýyryp, ýüzbaşy edip, şu ýerde goýup gitmek kararyna geldim… -Aly hezret, meniň näme günäm bar?-diýip, garaýagyz ýüzi agaryp giden Burtan Aba şanyň sözüniň soňuna-da garaşman özelendi. Muhammet şanyň gahary geldi: -Sakawuň soňuna seret diýipdirler. Meniň gepimiň soňuny diňle, garşylygyň bolsa soň aýdarsyň-diýip, şa “senden” “size” geçip, dowam etdi. -Men Sizi Samarkanda şyhny edip, ýüz adam bilen goýup gitjek. “Şyhny” sözüni eşiden Burtan Abanyň ýüzi öňküligine gelip, hoşallyk bilen gara gytyk sakgalyny sypap oturşyna Muhammet şanyň soňky sözleri-de gulagyna bal bolup damýardy: -Men Osman soltany Horezmine alyp gidýän. Ol dolanyp gelýänçä bu ýerde Siz baştutan bolmaly. Samarkandyň ähli emeldarlary Size boýun eger. Olar bilen agzybirlikde işleşersiňiz. Özüňiz bilen galýan ýüz adamyň içinden saýlap, başarjaňlaryny gerekli wezipelere goýarsyňyz, galan köpçüligini şyhnynyň nökerleri, ýasawullary hökmünde saklarsyňyz. Muhammet şa sözüni tamam edeninden Burtan Aba ýerinden tutup, tagzym bilen hoşallygyny bildirdi. Şundan soň şa hem ýerinden turup, Burtan Aba bilen daşary çykanlarynda Osman soltana gabat geldiler. Burtan Aba oňa başyny egip salam bereninde ol Horezmşanyň şyhny belläni şu adam bolsa gerek diýen pikir bilen oňa siňe seredip, salamyny aldy. Muhammet şa oňa ikiçäk oturanlaryndaky ýaly “Soltanym” diýmän, resmi suratda: -Muhterem Osman soltan hezretleri-diýip ýüzlendi-de -Size şyhny hökmünde hödürlejek bolýanym şu jenap-diýdi. -Bu kişini goşunda görýärdim, müňbaşydygyny hem bilýän-diýdi Osman soltan. -Eger Size makul bolan bolsa, işgärleriňiz bilen şu bu gün tanyşdyrsaňyz, ertirem Horezmine tarap ýola düşsek gowy bolardy, soltanym - diýip Horezmşa soňunda öwrenişen sözünem aýdyp goýberenini bilmän galdy. Osman soltan gaýnata boljagynyň "Soltanym" diýip söýgüläninemi ýa-da içini bildirmejek bolupmy ýylgyryp başyny atdy. Şyhnyny Samarkandyň döwlet işgärleri bilen tanyşdyryş ýygnagyna Horezmşanyň özi hem gatnaşdy. Osman soltan köşgüň meýlisler eýwanyna ýygnanan köşk emeldarlaryna, kazy-kelanlara, şäher häkimliginiň işgärlerine, söwda-satyk işlerine gözegçilik edýän mühtäsipdir bajymanlara, şäheriň mähelleleriniň kethudalaryna ýüzlenip söze başlady: -Muhterem jemagat, hemmäňize mälimki, Horezminiň goşunynyň güýji bilen gara hytaýlaryň üstünden gazanylan beýik ýeňişiň netijesinde biz bidinleriň tabynlygyndan halas bolduk. Indi Mawеrannahr bilen Horezm birigip, bir beýik döwlete öwrüldi. Bu beýik wakany Samarkantda toýladyk. Indi Gürgençde-de uly dabara bilen toýlamak üçin men hem Horezmşa hezretleri bilen Gürgenje gidip barýaryn. Men dolanyp gelýänçäm ýurtda asudalygy, tertip-düzgüni, bazarlarda nyrhlaryň elýeterliligini, saklamak, gelýän, gidýän kerwenleriň howpsuzlygyny, söwdagärleriň söwdasyna päsgel berilmezligini üpjün etmek we başgada meseleler boýunça-da meniň ýanymda duran täze bellenen şyhny jenap Burtan Aba bilen agzybirlikde işleşmegiňiz gerek. Osman soltan sözüni kesip, “Boldy dälmi?” diýen manyda Muhammet şaga garady. Ol başyny atyp, soň adamlara özi ýüzlendi: -Muhterem jemagat, jemagatyň içindäki muhterem emeldarlar! Meniň aýtjagym size degişli. Osman soltan hezretleriniň aýdyşy ýaly agzybirlikde işleşmek üçin hemme bir agyza bakmaly. “Baş bolmasa göwre läş” diýipdirler. Baş bolan adam hemme zada jogapkär bolýar. Şonuň üçin başgalar onuň aýdan-diýeni bilen bolmaly bolýar. Käbirleri boýnyýogynlyk edip, aýdylany, buýrulany etmejek bolsa, onuň ýalylar gowy görülmez, gowy görülmedigiň jezasy-da mälim. Biz şyhny jenab Burtan Abany Osman soltan hezretleri gelýänçä hemme zada jogapkär edip goýup gidýäris hem-de onuň ýolbaşçylygynda asudalyk berkarar bolar diýip ynanýarys. Horezmşa sözüniň adamlara nähili täsir edenini bilmek üçin oturanlara bir laý göz aýlady. Käbir adamlaryň ýüzünde närazylyk alamaty ýok däldi. Eýsem näme, keseki birine “lepbeý” diýip boýun egmeli bolsa ýüzüňde şatlyk alamaty parlarmy? Burtan Abanyň şyhny bellenmegi halansyn-halanmasyn zaman zoruňky bolansoň tanyşdyryş ýygnagy artykmaç gep-sözsüz tamamlandy. Şol günüň ertesi irden Muhammet şa bilen Osman soltan agyr goşunyň başynda özlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýan Gürgenje tarap ýola rowana boldular. Samarkanda eýelik edip galan şyhny Burtan Aba hem olardan gizlin, garyndaşy Terken hatyna özüniň haýyşyny ýollady. Bu haýyşy Terken hatyna ýetirjek özüniň kowumdaşy goşundaky serbaza ony hiç ýerde dilinden sypdyrmazlyga ant içirip, awy ýalatdy. Burtan Abanyň haýyşyna görä Terken hatyn Osman soltany gadymy gypjak däbi boýunça toýdan soň bir ýyl gelniň öýünde saklamalydy. Şu bir ýylyň içinde Burtan Aba özi han, özi soltan bolup Samarkantdan alybilenini alyp, uçursyz baýamakçydy. Indi onuň bu arzuwynyň hasyl bolmagy Terken hatynyň eradasyna baglydy. Terken hatyn garyndaşynyň haýyşyny bitirmek üçin bu işi edermi-etmezmi wagt görkezer. Gürgençde gara hytaýlaryň üstünden uly ýeňiş gazanyp gelýän Horezmşa Muhammet bilen giýew boljak Samarkandyň hökümdary Osman soltany uly dabara bilen garşylamak üçin uly taýýarlyk görülýärdi. Terken hatyn ýeňiş toýundan aýry agtygy Hansoltan bilen Osman soltanyň nika toýuna aýratyn taýýarlyk görýärdi. Bu taýýarlygyň başynda Hansoltany - entek on ýedi ýaşa-da ýetmedik gyzy durmuşa çykmaga boýnatmak durýardy. “Men entek durmuşa çykmagy islämok Hudawendi jahan ene” diýip özelenýän gyzy yrmak üçin Terken hatyn hem az-munça özelenmedi. -Gyzym Hansoltan, sen pukaranyň gyzy däl, şa gyzy. Her öňýeten seniň deňiň däl. Seniň deňiň şalar, şazadalar. Olardan deňiňi tapyp, durmuş guraýmagam aňsat däl. Osman soltan tüýs seniň deňiň. Ol hökümdar, ýaş, görmegeý ýigit. Onuň seni sorany seniň bagtyňyň çüwdügi, gyzym. Bu sözlerden başga-da öwüt-ündewler edip, ahyryn gyzyň razylygyny alan Terken hatynyň köňli jem boldy. Indi ýeňijiler sag-aman gelseler dabaraly toýlary başlabermelidi. Geldiler. Ýer süýşen ýaly bolup gelýän agyr goşunyň göz ýetimde peýda bolmagy bilen şäheriň gala diwarynyň üstünde ýaňlanyp başlan kernaý-surnaýlaryň, deprekdir nagaralaryň owazy al asmana çykdy. Bu dabaraly ýaňlanýan saz goşun gelip, açyk duran öňi adamlardan hümer dört derwezäniň garşysyndaky meýdançalarda ýerleşýänçä dowam etdi. Horezmşa Alaweddin Muhammet ýaranlary bilen goşundan saýlanyp, şähere tarap ýöneldi. Onuň girjek derwezesiniň öňündäki märeke iki tarapa aýrylyp, ýol açmak bilen Horezmşanyň adyna hamdu-senalar ýaňlanyp başlandy: “Zaman Iskenderi, Iskenderi sany-beýik soltanymyz Horezmşa Muhammet aly hezretlerine salawat!” diýen haýkyryklar bilen alkyşlaryň astynda ol köçeler doly adamlaryň arasyndan geçip köşge ýetdi. Köşgüň öňünde bolsa Terken hatyn başlyklaýyn ähli emeldarlar we maşgala agzalary, ulamalar tarapyndan dabaraly garşy alnyp, ulamalaryň Muhammet şanyň adyna aýdan hamdu-senalary bilen köşge girildi. Şundan soň goşa toýa badalga berildi. Şäheriň ähli mähellelerinde, metjit-medreseleriň öňündäki meýdançalarda, köşgüň garşysyndaky meýdanda, galanyň dört derwezesiniň garşysynda ýerleşen goşun goşlarynda döwreler guralyp, şatlyk-şagalaň, aýdym-sazlar al asmana galýardy. Darbazlaryň, masgarabazlaryň oýunlary toýuň gyzygyny has artdyrypdy. Patyşalygyň hasabyna atarlan sansyz gazanlarda bişirlen dürli tagamlar çekilip, käbir döwrelerde meýler hem süzülýärdi. Ýeňiş toýy diňe Gürgençde däl, Horezmiň ähli şäherdir obalarynda hem uludan tutulypdy. Ýurdyň hemme metjitlerinde Horezmşa Muhammediň adyna hamdu-senalar, alkyşlar, dilegler edilýärdi. Şu arada musulman dünýäsiniň ähli ýurtlaryna fethnamalar (ýeňişnamalar) hem gönderildi. Üç günläp dowam eden ýeňiş toýunyň dabarasy dag aşyp, onuň çawy dünýäniň köp ülkelerine baryp ýetdi. Ýeňiş we ýeňiliş. Bu iki hadysanyň birinjisi kime nesip etse onuň göwni asmandadyr. Ikinjisine sezewar bolanyň bolsa haly harap diýleni. Bolup geçen söweşde ýeňlişe sezewar bolan diňe Gür han däldi, Osman soltan hem ýeňlenleriň biridi. Çünki özbaşdaklygyňy, ygtyýaryňy eliňden uruşda ýeňip aldy nä, ýagşy söz bilen, hatda gyz berip aldy nä, tapawudy az göründi oňa. Şonuň üçin toý dabaralary oňa jinnek hem göwnühoşlyk bagyşlamady. Ähli hamdu-senalar, ýer sarsdyran dabaralar Muhammet şanyň adyna, onuň şanynady. Ýekeje ýerde-de Osman soltanyň ady tutulmaýardy. Bu ýerde ol hiç kimdi. Nika toýy diýenleri-de ýeňişe bagyşlanan dabaralaryň içinde hiç kimiň ünsüni çekenokdy. Diňe köşkde şaýatlaryň gatnaşmagynda nika gyýylyp, gelniň otagyna baranynda göwnüçökgünligi aýrylan ýaly boldy. Hawa-da. Ýaş ýigit dälmi, “Her gülüň bir ysy bar” diýleni ýadyna gelip, täze gelin bilen aýşy-eşrete maýyl bolmak höwesi başga zatlary unutdyrsa gerek. *** Şöhrat diýilýän zadyň adamy gaty tiz özgerdýändigi, artykmaç şöhrada çolaşana salyhatlylyk diýen häsiýeti, bütünleý unutdyryp, göwnüne gelen işleri etdirýändigi Muhammet şanyň mysalynda görnüp ugrady. Ol gara hytaýlaryň üstünden gazanylan ýeňişe bagyşlanan, onuň adyny, şöhratyny arşa göteren dabaralardan soň özüni Iskenderi sany-Iskender ikinji diýip atlandyrmak bilen adyna Zulkarneýn naubisini çaldyrmak däbini girizdi. Bu däbe görä Günüň çykyşy we batyşy mahalynda Horezme tabyn edilen ýurtlaryň girewe alnyp getirlen hökümdarlarynyň 27-si gymmat bahaly daşly altyn taýakçalar bilen 27 altyn nagarany çalyp, Horezmşany şöhratlandyrmaly boldular. Şahyrlar Muhammet şanyň Iskenderi şany adyny mübäreklep, kasydalar ýazdylar. Emma bu at hem oňa bäriden gaýdan ýaly duýuldy. Şundan soň kyrk ýyl hökümdarlyk süren beýik Soltan Sanjaryň adyna göz gyzdyryp, özüne Soltan Sanjary şany diýen ady aldy, täze adyna täze ugra ýaşatdy. Indi onuň adyndan ýazylan hatlaryň, buýruklaryň, permanlaryň ýokarsyndaky tugrada “Soltan Sanjary şany zil Allah fil ard” (Soltan Sanjar ikinji Allanyň ýerdäki saýasy) diýen ýazgy durýardy. Göwnüne düwen maksatlarynyň ýene biri köşk däp-dessurlaryny üýtgetmekdi, onam üýtgetdi-köşkde bolýan ähli çäreleri öňküsine garanda has dabaraly görnüşe geçirdi. Indi döwrüň iň güýçli döwletine öwrülen, hiç kime garaşsyz, köp ýurtlary özüne garaşly eden Horezmiň paýtagty Gürgençde hemme zat ýerbe-ýer, durmuş asuda, bolelinlikdi. Emma bu bolelinligiň, asudalygyň içinde ýaşaýan Osman soltanyň kalby asuda däldi. Ýurdyny-Samarkandy küýseýärdi. Ol ýerde nämeler bolýanyny bilmän, galagoply duýgularyň girdabynda gynanýardy. Toýdan soň üç aý geçenem bolsa Terken hatyn “Biziň türki dessurymyza sarpa goýýan bolsaňyz bir ýyl gelniň atasy öýünde bolmalysyňyz” diýip, ony ýurdyna goýbermän saklap otyrdy. Osman soltan Terken hatyna gelni arkaly täsir etjek bolup: -Hansoltan, "Hudawendi jahan" eneň bilen gepleş, bizi beýle saklamasyn, goýbersin. Tizräk Samarkanda baraly. Samarkant indi seniňem ýurduň ahryn-diýip özeleneninde Hansoltan göwni bir ýaly kinaýa bilen: -Näme beýle gyssanýaňyz, ýa ol gözi gyýçak gara hytaý aýalyňyzy küýsediňizmi?-diýip, onuň içini beter ýakýardy. Osman soltan özüniň bu ýerde tussag kimin saklanýandygyny diňe dessury berjaý etmek üçin däl-de, başga-da sebäbiniň bardygyny güman edýärdi. Osman soltanyň gümany biderek däldi. Terken hatyn Osman soltany saklamak bilen bir tarapdan Samarkantda şyhny bolup galan garyndaşy Burtan Abanyň haýyşyny kanagatlandyrsa, ikinji tarapdan Samarkantdlylary Horezme tabynlyga mazaly öwrenişdirmekçidi. Adam Alla tarapyn bolýan kynçylyklara öwrenişse-de,özi ýaly adam tarapyndan döredilýän kynçylyklara öwrenişmez. Samarkantdlylar horezmli şyhny Burtan Abanyň özüne baýlyk toplajak bolup edýän dürli pirim-pyrryldyklaryna, barha artýan zulmuna garşy närazylyk bildirip başladylar. Şyhnynyň nökerleriniň hem eden-etdilikleri çydarlykly däldi. Şeýle bolansoň hetdinden has aşan iki nöker öldürildi. Halk öz hökümdarlary Osman soltanyň gelmegini talap edip, baş göterdi. Samarkantdaky bu ýagdaý baradaky habar Horezmşaga ýetenden ol derhal Osman soltany aýaly bilen ýurdyna onuň dogan oglany, Oturardan alyp gaýdylan Bilge hany Nusaýa ugratdy. Samarkanda gelen Osman soltan özüni şunça wagtlap mejbury suratda saklanlarynyň gaharynyň üstüne bu ýerde halkyna edilen zuluma bolan gazaby goşulyp, şäherdäki hörezmlileriň, kimem bolsa, hiç birinem gaýgyrmazlyga razylyk berdi. Horezmlilerden horluk baryny gören arly samarkantdlylara bu razylyk ýeterlikdi. Ine şundan soň Samarkandyň şäheri adam soýulýan gassaphana öwrülen ýaly boldy. Horezmlileri gizlenen ýerlerinden köçä süýräp çykaryp, şol ýeriň özünde kellesini alýardylar, kimisini mal çalan ýaly bögürdip çalýardylar. Läşlerini bölüp, kelleleri bilen köçeleriň ugrunda, bazarlarda asyp goýdylar. Şyhny Burtan Abany-da gizlenip ýatan ýerinden tapyp getirip, deň ikä böldüler. Diňe Osman soltan bilen aýaly Hansoltanyñ jan penalary hökmünde gaýdan horezmliler galdy. Olara-da gezek geläýmegi ahmaldy. Osman soltan hem Gürgençde saklananynyň gaharyny Hansoltandan çykarjak ýaly edip oňa: -Sen indi meniň aýalym däl, janyň gerek bolsa meniň özüň aýdan gözi gyýçak gara hytaý aýalyma hyzmatkär bolarsyň. Ol "Aýagymy ýuw" diýse ýuwarsyň! - diýdi. Şäherdäki ganly wakalardan habarly bolan Hansoltan gorkusyna garşy gep aýdyp bilmedi. Içinden “Bu etmişleriňiziň jogabyny bermeli bolarsyňyz” diýip goýdy. Köşk emeldarlarynyň arasynda-da soňuny oýlaýan, bu gandöküşikler üçin Horezmşanyň on esse gan dökjegini bilýän adamlar bardy. Olar rehim-şepagat zerarly däl-de, erte Horezmşa goşun çekip geleninde oňa gowy görnüp, aman galmaklary üçin şanyň gyzy Hansoltany bile gelen horezmlileri halas etmegiň ugruna çykdylar. Olaryň biri - köşgüň goragynyň başlygy Hansoltanyň adamlarynyñ birine, şu gün daň atmanka melikesini alyp, özleriniň çykmaly ýerini düşündirdi. Bu gepi melike Hansoltana-da ýetirdiler. Şeýlelikde Hansoltany iki kenizi, on iki goragçysy bilen köşgüň goragynyň başlygy ýanynda dört adamy bilen Samarkandyň köne arkyna eltip ýerleşdirdi. Ýerleşenler halasgärlerine minnetdarlyk bilen arky içinden gaýym bekläp, Muhammet şanyň goşuny gelýänçä şol ýerde oňmaly boldular. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |