03:37 Gürgenç / 3-nji kitap -22 | |
XXII BAP
Taryhy proza
Şum habar tiz ýaýraýar. Samarkantdaky ganly wakalar hakyndaky habar Gürgenje ýetip geleninde Muhammet şanyň huzurynda käbesi Terken hatyn hem bardy. Bu habary getirenden onuň jikme-jikligini diňlän Horezmşa tas däliräpdi, gaharyna ýüzi gara ört boldy. Birden: - Aýaz Pälwany çagyryň!-diýip, gygyrdy. Dem geçmän, bürgüt bakyşly, gür gaşly daýaw pyýada häzir boldy. Ol tagzym edip, başyny galdyryp buýruga garaşdy. Bu adam Horezmşanyň ýörüte guran jellatlar toparynyň başlygydy. - Aýaz! Şäherdäki ähli samarkantlyny, beýleki kesekileri hem kim bolmagyna garamazdan gylyçdan geçir!-diýen buýrugy alan Aýaz “lepbeý” diýip, gapa tarap ýöneleninde: -Dur!-diýen Terken hatynyň çasly sesine aýak çekmeli boldy. Terken hatyn: -Sen näme, beýle aýylganç işi edip, bütin musulman dünýäsi tarapyndan näletleniljek bolýaňmy?! Bu işiň, eger edäýseň, adyňy hiç haçan ýuwulmajak ysnada goýar. Samarkantda bolan wakalara Gürgençdäkileriň hiç hili gatyşygy, dahyly ýog-a! Buýrugyňy yzyna al! Muhammet şa haşlap uludan demini aldy. Ýalňyşanyny düşünip, käbesine müýnürgenibräk seretdi. Soňra gapynyň öňünde somalyp duran Aýaza garap, kellesini ýaýkady-da, elini siltäp, “Gidiber” diýen yşaraty etdi. -Şol adamlaryň biriniňem bir gyly gyşarmasyn!-diýip, Terken hatyn Aýaza ýaman gözi bilen garady. Aýaz goluny gursagyna goýup, başyny egip, çykyp gitdi. Käbesiniň ündewi bilen raýyndan gaýdan Muhammet şa içini Samarkantda sowatmak üçin Osman soltanyň üstüne haýdan-haý goşun çekdi. Goşun baran badyna hüjüme geçse-de, şäheri aňsatlykda alyp bilmedi. Samarkantlylar diş-dyrnak bolup garşylyk görkezdiler. Emma uly güýjüň öňünde ahyryna çenli durup bilmediler. Bu uly güýjüň birinjisi goşunyň güýji bolsa, ikinjisi Muhammet şanyň gazabydy. Gazaply şa leşgeri hemme çäreleri ulanyp, garşylygy böwsüp geçmäge gyssap, ahryn şäheri eýeledi. Ine şunda şäherde Samarkandyň taryhyna ýazylan göz görüp, gulak eşitmedik talaň bilen gyrgyn başlandy. Muhammet şa şähere giren badyna Osman soltany tapmagyň aladasy bilen köşge eňdi. Köşgüň içi gum-guklykdy, hiç kim ýokdy. Barysy gaçyp, gör nirede gizlenendir. Edil şol wagt Hansoltan kenizleri bilen özüniň horezmli goragçylary hem-de birnäçe samarkantlynyň gurşawynda köşge girip geldi. Hansoltan kakasyna gözi düşenden onuň aýagyny gujaklap: “Pederim, meni kime sezewar etdiňiz” diýip, aglap başlady. Muhammet şa gyzynyň başyny sypap: -Tur, gyzym aglama!-diýip ony ýerinden turuzdy. - Men ony tapyp, saňa beren azarynyň jogabyny başgaça edip gaýtararyn-diýdi. Soňra özüne tagzym edip, başlaryny galdyryp duran adamlara göz aýlady, nazary samarkantlylarda eglenende Hansoltan: -Pederim, bu adamlar Size wepaly adamlar. Olar bizi bir erkde gizläp, halas etdiler. Ýogsa, ol nejisiň meni-de, goragymda gelen bu adamlar-da öldürmek niýeti ýok däldi-diýdi. Muhammet şa ol adamlara minnetdarlyk bildirip soňunda: -Sizler, şäherdäki “hasaplaşyk” gutarýança daş çykman şu ýerde boluberiň-diýdi. Horezmşanyň “hasaplaşyk” diýen sözi samarkantlylara ýaman täsir eden bolmaly. Olaryň ýüzi üýtgäp gitdi. Muny Muhammet şa görse-de, özüni görmedige saldy-da, olardan: -Sizler Osmanyň nirede gizlenmegi mümkindigini bileňizokmy?-diýip sorady. Samarkandlylar biri-biriniň ýüzlerine bir hili seredişip: -Bilmedik, Aly hezret! - diýişdi. Muhammet şa olaryň biri-birine ýöne ýere seretmediklerini, bilselerem "Bilmedik" diýip, ýalan aýdandyklaryny, hökümdarlaryny satmagy özlerine namys bilendiklerini hem aňdy: -Dogry edýäňiz, ýigitler. Adam satmak gowy däl. Ýöne sizler aýtmasaňyz hem biz ony taparys-diýip, Muhammet şa garşysynda duranlara seredip, sözüniň täsirini synlady. Samarkandlylar Horezmşanyň duýgurlygyna ten berip, gyzaryp aşak bakdylar, geplemediler. -Indi, köşkde islän ýeriňize baryp, dynjyňyzy alyberiň. Eden ýagşylygyňyz üçin diňe sag bolsun däl, serpaýyňyzy hem ederis-diýip, Muhammet şa başyny atdy. Samarkandlylaryň biri: -Aly hezret, biz serpaý üçin etmedik, serpaý hökman däl-diýdi. -Näme üçin edeniňizi hem bilýän, şonda-da sizi serpaýsyz goýbermeris-diýip, Horezmşa çalarak ýylgyrdy. Samarkandlylar şanyň “Näme üçin edeniňizi hem bilýän” diýen sözüniň manysyna düşünen bolsalar gerek, geplemän, yzyna basyp çykyp gitdiler. Bu gürrüňler köşgüň tagtly eýwanynda entek oturyp ýetişmänkäler, aýak üstünde duranlarynda bolupdy. Ondan soňky waka-da olar çykyp giden badyna başlandy: Muhammet şanyň juda “göresi gelen” adamy-Osman soltany serkerdeleriň biri dört nökeriň gurşawynda alyp geldi. Muhammet şa eli ak mataly Osman soltana gözi düşenden oňa göz edipmi, tagta çykyp oturdy. Osman soltan tagtyň öňüne gelip, dyzyna çökdi: -Aly hezret, günämiň gaty agyrdygyny bilýän. Şonuň üçin näme jeza berseňiz hem men taýyn-diýip, başyny aşak saldy. -Saňa jeza bellemek ygtyýaryny, senden horluk baryny gören Hansoltana berýän-diýip, Muhammet şa gyzyna garady. -Aýt, gyzym! Muňa näme jeza bermeli ýa günäsini geçip, ýaşaşyberjekmi? -Asla! Pederim, munuň jezasy ölüm! Başga jeza ýok!-diýip, Hansoltan oňa gözüniň owasy doly gazap bilen garady. Osman soltan kellesini galdyryp, Muhammet şaga merdemsiräp seretdi-de: -Aly hezret, aýalyň hökmi bilen öljegime gynanýan, özüňiz höküm edeniňizde gynanmazdym. Indi sizden ölümimiň öň ýanynda haýyşym: läşimi köçä taşlamasynlar, elimdäki şu kepinligime dolap gömsünler-diýdi. -Sen aýalyň hökmi bilen öljegiňe gynanma-da, şükür et. Eger men höküm eden bolsam, seni eliňdäki kepiniňe dolap, dirileýin gömdürerdim-diýen Muhammet şanyň nazary näme üçindir Osman soltanyň özüne däl-de, onuň elindäki kepinlik ak mata gönügip, ýüreginde bir hili düşnüksiz duýgy döredi. Şu duýgunyň täsiri bilenmi ol. -Seni haýyşyňa görä kepeniňe dolap gömerler. Meniň saňa etjek iň soňky ýagşylygym şu-diýdi. Osman soltan Muhammet şaga göni garap, şeýle diýdi: -Teşekkur, Aly hezret. Size-de kepene dolanyp gömülmek nesip etsin! Meniňem size iň soňky ýagşy dilegim şu. Muhammet şanyň ini däl, ýüregi titräp gitdi. Ylahyýetden berilýän kuwwat bilen işleýän ýürek geljekde teniniň kepensiz gömüljekdigini bilip titredimikä? Näme diýjegini bilmän dili tutulan Muhammet şa “Alyp gidiň ony!” diýen manyda elini siltäp, ýüzüni kesä sowdy. Ony alyp çykanlaryndan Muhammet şa uludan demini alyp, gyzyna seretdi. Hansoltan “Göwnüm jaý boldy” diýen manyda başyny atdy. -Aryňy alan bolsaň, indi ejeň dagylaryň ýanyna baraý, gyzym-diýip, Muhammet şa Hansoltany özi bilen gelen aýallarynyň köşkde ýerleşen jaýyna ugradyp, özi wezir-wekilleri bilen maslahata başlady. Hakyny aýdanda maslahat eder ýaly iş ýokdy, barysy Muhammet şanyň gazabynyň güýji bilen amala aşyrylýardy. Şol güni gije Osman soltany hem katl etdiler. Osman soltanyň katl edilmegi şol wagt şäherde gidip duran katly-aamyň (köpçilikleýin gyrgynyň) ýanynda derýadan bir damjy diýen ýalydy. Ertesi köşge ýene-de düýünki jemagat-patyşanyň wezir-wekilleri, emirler ýygnandy. Muhammet şa biraz gijräk geldi. Onuň gözlerinden gijesi ukusyny alybilmändigi görnüp durdy. Köçeleri läşden doly gyrgyna berlen şäherde rahat uklamak üçin adamyň degnasy demirden ýa daşdan bolmaly. Onuň ýaly degna-da hiç kimde ýok. Şeýle-de bolsa, Muhammet şa salykatlylygy elden bermän, adamlaryň tagzym-salamyny alyp, tagta geçip oturdy-da, gözi bilen kimidir gözläp, gözleýänine gözi düşenden: -Aýaz, bäri gel!-diýdi. Yzrakda oturan jeza toparynyň başlygy Aýaz Pälwan ady tutulandan laňňa ýerinden turdy-da, şanyň oturan tagtyna golaýrak baryp, hyzmata taýyn bolup durdy. -Aýaz, Osman katl edileninden soň ähli garahanylar biziň duşmanymyza öwrüldi. Duşmandan goranmak üçin ony ýok etmeli. Şonuň üçin Osmanyň tohum-tijiniň barynyň ýoguna ýanmaly, biri-de galmaly däl. Duşmanyň biri-de köpdür. Bu ýerdäkilerini dynçlanyňdan soň Nusaýa iberenimiz, Osmanyň dogan oglany Täjeddin Bilge hany-da gidip dynçlap gaýt!-diýip, Horezmşa baş jelladyna buýryk berip, soňundan. -Toparyňy topla-da, häzirden işe girişiber-diýdi. Aýaz Pälwan goluny gursagyna goýup, başyny egip, çykyp gitdi. Şundan soň Muhammet şa: -Jenaplar!-diýip, oturanlara ýüzlendi. -Araňyzda biziň Aýaza beren buýrugymyzy “zalymlyk” diýip oturanlaryň hem bardygyny bilýärin. Olaryň pikiri-de nädogry däl. Ýöne zalymlyk geljekki asudalyk üçin ulanylsa, ony garalap bolmaz. Biziň häzirki buýrugymyzyň zalymlygy hem geljegiň aladasy, täji-tagtymyzyň howpsuzlygy üçindir. Indi şäherde gidip duran zalymlyga gelsek, bu birinjiden samarkandlylaryň eden zalymlygyna jogap bolup, ar almak bolsa, ikinjiden olar tarapyndan mundan beýläk şular ýaly ganhorlugyň, zalymlygyň gaýtalanmazlygy üçin göz görkezmekdir... Şol wagt gapynyň aňyrsynda dörän wagyrdy sebäpli şanyň sözi kesildi. Içeri gapyda duran nökerleriň biri girip: -Aly hezret, bir topar ulama adamlar geldi, huzuryňyza girmekçi bolup, dyzap durlar-diýdi. -Goýberiň, gelsinler-diýen şanyň jogabyndan soň nöker çykyp, boýdan-başa ak geýnen, ak sakgally on ulama içeri girip, patyşaga çalarak tagzym etdiler. Hataryň ortasynda duran, beýlekilere garanda daýawrak, ak sakgaly döşündenem geçip duran, nurana ýüzli ulama ap-ak ösgün gaşlarynyň aşagyndaky birneme gaharly görünýän gözlerini Muhammet şaga dikip ýüzlendi: -Muhterem Horezmşa Muhammet ibn Tekeş hezretleri, men Samarkandyň Şeýhulyslamy Sahabeddin äl Samarkandydyryn. Hemralarym bolsa metjitleriň ymamlary, medreseleriň müderrisleri. Biz başymyzy etegimize salyp, köçelerdäki elleri ýalaňaç gylyçly serbazlaryňyzyň arasyndan iki gün geçip bilmän, şu gun zordan geçip, huzuryňyza geldik-diýen Şeýhulyslamyñ “Aman diläp” diýen sözi sypdyrany üçin ymamlaryň biri: -Aly hezret, biz Samarkandyň ilatynyň entek aman galanyny bu aýylganç gyrgyn bilen talaňdan halas etmek niýeti bilen sizden aman diläp geldik-diýdi. Ulamalar sözüni gutarýança olardan gözüni aýyrman oturan Muhammet şa: -Muhterem ulamalar!-diýip, agras dillendi. -Eger siziň şeýle halasgärlik häsiýetiňiz, niýetiňiz bar bolsa, näme üçin şäheriňizde biziň horezminlileri mal ýaly soýup, läşlerini parçalap, bazarlarda, köçelerde asanlarynda nirdediňiz?! Ýa sizler bu aýylganç ahwalaty görmediňizmi?! Eger-de, siziň ýüregiňizde az-owlak rehim-şepagat diýen zat bolanda, Osman soltanyň huzuryna baryp, şol aýylganç hadysanyň bes edilmegini talap ederdiňiz. Şeýhulyslam göwnüne düwüp gelenlerini aýtmaly boldy: -Aly hezret, biz gozgalaňyň başlanan güni Osman Soltana duşup, bu işleriň soňy uly betbagtçylyga eltjegini aýtdyk. Emma ol gepimize gulak asmady. Şonuň üçin hem jezasyny aldy. Biz Osman soltan bilen onuň adamlaryny gaýgyramyzok. Eden etmişleri üçin goý, jezasyny çeksinler. Biz olaryň günäsi bilen pukara halkyň jebirlenýänine dözüp bilmän geldik. "Tokaýa ot düşse gurusy-da, öli-de ýanýar" diýenleri ýaly bolup dur. Aly hezret, siz aryňyzy bir däl, iki-üç esse edip aldyňyz. Indi bes edäýiň, bigünä bendelere rehimiňiz insin! Muhammet şaga seýhulyslamyň soňky sözi täsir etdimi ýa-da özi ynsaba gelimi, golaýynda oturan baş serkerdesine şäherden nökerleri çykarmagy buýurdy. Soňunda: -Serbazlar daşarda goşlarynda gaýdýançak dynç alybersinler-diýdi. Şanyň soňky aýdany: "Serbazlar daşarda-da talaň-salaňa el urman, ýerinde dynç otursynlar” diýen manyny aňladýardy. Serkerdebaşy buýrugy berjaý etmek üçin goluny gursagyna goýup çykyp gitdi. Horezmşa göwnündäki maksadyny Samarkandyň ilatyna makullatmak üçin garşysynda minnetdarlyk bildirip, entegem aýak üstünde duran ulamalardan peýdalanmakçy boldy: -Muhterem ulamalar! Biz siziň sözüňizi syndyrman ar almak meselämizi bes etmegi emir etdik. Bes ediler. Wagtyň geçmegi bilen biz tarapdanam, siz tarapdanam çekilen jebirleriň yzasy hem geçer. Mundan beýläk halklarymyzyň parahatçylykda ýaşamagy üçin tertip-düzgüni berk saklaýan güýçli häkimiýet gerek. Indi Osman soltan bilen garahanylardan döwür geçdi. Samarkant tutuş Mawarannahr bilen Horezmin döwletine birikdi. Samarkandyň mertebesini has belende götermek maksadynda biz ony döwletimiziň ikinji paýtagty etmek kararyna geldik. Muhammet şanyň soňky sözi ulamalara başgaça täsir edip, olar biri-birine köp manyly seredip goýdylar. Şa sözüni dowam etdirdi: -Şeýlelikde, Samarkant biziň saýamyzda iň asuda, iň abadan, abad şäher bolar. Siz, muhterem ulamalar, biziň şu niýetimizi ilat arasynda wagyz edip, samarkantlylaryň ytagatly, beýik döwletimize wepaly bolmagyna öz goşandyňyzy goşmagyňyz gerek. Ulamalar Muhammet şanyň bu ündewini çyn ýürekden makullamasalar-da, razylyk bildirip, başlaryny çalarak atdylar. Dagy nätsinler, başga alaçlary-da ýokdy. Seýhulyslam Muhammet şanyň soňky aýdany onuň soňky sözüdir öýdüp, gitmeklerine ejaza sorady. Rugsat berdi, emma soňky sözüni indi aýtdy: -Muhterem ulamalar, sylaşyk iki tarapdan bolýar. Siz bizi goldap, bize sadyk bolsaňyz, bizem sylag-sarpaňyzy ýerinde goýýarys. Ýöne, Alla saklasyn, siz tarapdan bir sebäp çykyp, biziň özüňize bolan hormatymyzy gaçyraýsaňyz, soňy gowy bolmaz. Ine, gerek bolsa soňky söz! Ony nähili düşünseňiz düşünibermeli. Ony düşünmez ýaly ulamalar hem sada adamlar däldi. Bu ýaňy Horezmşanyň ündewine başlaryny çalarak atanlary üçin ätiýaçdan aýdylan sözdi. Muňa gaty gowy düşünen ulamalar geplemän başlaryny has aşak egip, çykyp gitdiler. Muhammet şa özüni ünsli diňläp oturan wezir-wekilerine garap, “Nätdim?” diýen manyda gülümjiredi. “Oňardyňyz, Aly hezret!” diýişdi oturanlar. Hajyplaryň biri: -Ulamalar indi islese-islemeseler-de, Siziň niýetiňizi, Samarkandy ikinji paýtagt etmek barada gelen kararyňyzy ilat arasynda wagyz etmeli bolarlar-diýdi. -Ýogsa-da, täze paýtagt mübärek bolsun, Aly hezret! -diýip, baş wezir Nasreddin ibn Salyh, beýlekileri-de patyşany gutlamaga ündedi. Köpçüligiň yhlas bilen gutlamagy Muhammet şanyň göwnüne Samarkandyň ikinji paýtagt bolmagy resmi taýdan kanunlaşdyrylan dek duýuldy. Şeýlelikde, ol öňden göwnüne düwen maksatlarynyň biri dünýäniň gözel we ägirt şäherleriniň biri bolan Samarkanda hem eýe boldy. "Hudaý berse goşa-goşadan berýär” diýleni ýaly şu arada ol Mazandarana hem atman-çapman oturan ýerinde eýe boldy oturyberdi: Mazandaranyň melikesiniň iberen ilçileriniň getiren hatynda melike Dilkuşa Muhammet şaga özüni nikasyna, ýurdyny tabynlygyna almagy teklip edýärdi. Haty okap, çalarak ýylgyran Horezmşa ilçilere garap: -Jenaplar, bize beýle teklip bilen ýüz tutmaga melikäni näme mejbur etdi?-diýdi. Dört kişiden ybarat ilçileriň başçysy altmyş ýaşlaryň töweregindäki çal sakgal, daýaw adam özüni Erhan ibn Salyh diýip tanyşdyranyndan soň şanyň sowalyna jogap berdi: -Merhemetli soltan Muhammet hezretleri, indi birnäçe ýyl bäri Mazandaranda dynçlyk ýok. Soňky hökümdarymyz Şa Gazy Rüstem ibn Şähriýar öz serkerdesi Abu Ryza Hüseýniň elinde özüniň gowşaklygy sebäpli, oýnawaç boldy. Abu Ryza onuň dogany melike Dilkuşa hanyma öýlenenden soň hökümdarlygy-da, onuň elinden almakçy bolup, özüni-de öldürdi. Melike Dilkuşa tarapdarlary bilen dil birikdirip, Abu Ryzany tussag etdirdi-de, özüni hökümdar yglan etdi. Agasynyň ganyny almak üçin Abu Ryzany tussaglykda gynap öldürtdi. Şundan soň Pars Yragynyň bir topar ýerini eýeläp oturan Nasreddin Meňli Mazandarana-da eýelik etmek üçin melikämize söz aýdyp başlady. Razy bolmasa ýurdy basyp aljagyny-da duýdyrdy. Dilkuşa wagtdan utmak üçin agamyň ýyl sadakasy geçýänçä durmuşa çykjak däl diýip, ony garaşdyryp, bizi Siziň huzuryňyza ýollady. Indi Siz melikämiziň teklibini kabul edip, gelnalyjyňyz bilen Mazandarany dolandyrjak naýybyňyzy iberseňiz, Meňli dagam syrtyny gysar. Ilçibaşyny ünsli diňläp oturan Muhammet şa onuň soňky sözüne gülüp goýberdi. Şanyň gülenine bir hili bolan ilçibaşy: -Bagyşlaň, Aly hezret, bi... nemeräk söz aýdaýdymmy?-diýdi. -Ýok, siz dogry söz aýtdyňyz, gysynmaň. Bizem melikäňiziň teklibini kabul edýäs. Sizlerem bu gün biziň eziz myhmanymyz boluň, nesip bolsa ertir ýola düşersiňiz-diýip, Muhammet şa şu ýerde, hyzmatda duran hadymlaryň birine ilçileri alyp baryp myhman jaýda ýerleşdirmegi tabşyrdy. Ilçiler çykyp gidenlerinden soň Horezmşa wezir-wekillerine kimi Mazandarana waly edip ibermek barasynda maslahat saldy. Hiç kimden degerli maslahat çykmady. Soňunda Muhammet şanyň özi: -Jenaplar, ýene-de şol "Her ýurduň towşanyny özüniň tazysy bilen awlamaly” diýen pähime eýermeli bolýas. Halkynyň dynçlygyny, ýurdunyň asuda bolmagyny isläp şunça ýoldan jepa çekip gelen ilçileriň baştutany Erhan ibn Salyhy waly belläýsek bolmazmy? Nähili görýäňiz?-diýdi. Kim patyşanyň pikirine garşy çykyp bilýär. Hemmeleri bir agyzdan makulladylar. Şa münşüsine bu hakda perman taýýarlamagy tabşyrdy. Gelnalyjylar hem bellendi. -Ertesi irden köşgüň tagtly eýwanyna Muhammet şa wezir-wekilleri bilen ýygnanyp, ilçileri çagyrtdy. Ilçiler patyşaga tagzymy berjaý edip, kellelerini galdyranlaryndan soñ, eginlerine gymmat bahaly serpaýlar ýapyldy. Serpaý üçin olar ýene bir gezek tagzym edip, minnetdarlyk bildirdiler. Şundan soň Horezmşa olara söz gatdy. -Gowy ýatyp turdyňyzmy jenaplar? Hezzet-hormatyň kemi bolmadymy? Hä, ýagşy. Onda indi siziň bilen hoşlaşmaly bolýas. Jenap Erhan ibn Salyh, Mazandaranyň goşuny barmy? -Bar, ýöne köp däl. -Bizem bir kowçum leşger bereris, şunuň bilen az bolmaz. Gelnalyjylaram, leşgerem taýýar, size garaşyp ýolda durlar. -Waly-da leşger bilenmi? -Ýok ol şu ýerde, ine waly şu permanda-diýip, Muhammet şa permany Erhan ibn Salyhyň eline berdi. Ibn Salyh permana göz gezdirip, aň-taň boldy. -Aly hezret, bu nähili... -Näme, bolmanmy? -Men beýle belent wezipäni oňararmykam? -Men sizi şa Gazydan has tapawutly görüp perman berdim. -Ondan tapawudym bar-la. -Onda gorkman, erjellik bilen işe başlaberiň. Işiňizde üstünlikler ýar bolsun. -Dilegiňiz, ynamyňyz üçin taňryýalkasyn, Aly hezret. Ynamyňyzy ödejek bolaryn. -Eger ödemeseňiz, aňyrsyny aýtmaýyn-diýip Horezmşa Ibn Salyhy özüniň hemişeki syýasaty boýunça çalarak gorkuzyp hem goýdy. Ilçileri leşgeriň serkerdesi we gelnalyjylar bilen tanyşdyryp, ugradyp goýberdiler. *** Mazandarana giden gelnalyjylaryň gaýdyp geler wagtyda ýakynlaşypdy. Muhammet şa Mazandarany alsa-da, melikesini almakçy däldi. Munuň birinji sebäbi: bu wagta gelip, şerigatyň rugsat edýäni-dört aýaly bardy. Ikinji sebäbi: dördünji aýalyny alanynda Aýçeçegiň üýtgäp giden ýüz-keşbi göz öňünden gidenokdy. Aýçeçegiň üstüne beýleki iki aýaly alanynda perzent üçin, neslini köpeltmek üçin diýip düşündiripdi. Aýçeçegiň özi birje ogul, birje gyz dogrup, başga dogurmany üçin kaýyl bolupdy. Indi bäşinji aýaly-da alsa onuň ýüzi öňküsinden hem beter üýtgär. Şu zatlary serinden geçirýärkä kellesine özüçe bir gowy çykalga gelip, dosty hem hajyby emir Şyhabeddin ibn Masudy çagyrdy. -Dostum Şyhabeddin, sen meni gara hytaýlaryň ýesirliginden gutaryp, unudylmaz ýagşylyk edipdiň. Indi meni ýesirlik ýaly ýene bir zatdan gutarmagyňy haýyş edýän-diýip Muhammet şa dostuna ýylgyryp ýüzlendi. -Haýyş etmek gerek däl, buýuryň, Aly hezret. Näme hyzmat? -Gelnalyjylaryň geler wagty boldy. Melikäni men alyp biljek däl. Ony sen al. Ikije aýalyň bar, üçünjisi artykmaçlyk etmez. Emir Şyhabeddin gülüp goýberdi: -Aly hezret, onuň ýaly pikiriňiz bolsa melikäni maňa sepi bilen ýagny ýurdy bilen bermeli ekeniňiz. -Seni öz ýanymdan iberesim gelmedi, dostum. Bu bäş günlük dünýäde didarlaşyp ýörsek gowy. -Degişip aýdýan, Aly hezret. Mazandarana gözüm-gaşym çekip duranok. Indi melikäni siziň sözüňizi syndyrman, bi gözi kör, bir aýagy çolak bolsa-da alýan. -Onuň ýaly kem-kösi bar aýal özüni patyşaga hödürlemez. Gelende görersiň, dostum. Bu gürrüňden soň iki gün geçip gelnalyjylar geldi. Melikäni ýanyndaky iki kenizi bilen köşgüň ýörite bezelip goýlan otagyna girizip ýerleşdirdiler. Ýadap gelen zenanlara gelen güni hezzet-hormat edip, dynç berdiler. Ertesi guşluga golaý Muhammet şanyň huzuryna alyp bardylar. Melike gapydan giren ýerinde tagzym edip, kellesini galdyranynda juda seýrek duş gelýän üýtgeşik gözellige gözleri düşen Muhammet şa bilen emir Ibn Masudyň agyzlary açyldy. Emir şanyň kalbynda dörän duýgyny aňyp “Gaýtmyşym etjekmi ýa?” diýen manyda oňa gülümjiräp seretdi. Muhammett şa “Ýok” diýen manyda kellesini ýaýkap, soň melikä ýüzlendi: -Hoş geldiňiz, melike Dilkuşa! Ýolda kynçylyk çekmän geldiňizmi? -Uzak ýol kynçylyksyz bolmaýar, Aly hezret. Ýöne kynçylykdan gorkan maksadyna ýetip bilmeýär-diýdi melike. Muhammet şa maksady mälim melikä onuň bu sözünden soň ýagdaýy nädip düşündirjegini bilmän bir salym dymdy. Melike juda duýgur zenan ekeni, ol adamsy boljak patyşanyň özüniň oturan otagyna barman, kabulhanasyna çagyrylanyndan ýagdaýyň başgaçadygyny duýupdy. Şonda-da “çykmadyk jandan umyt bar” diýlişi ýaly maksat hakyndaky sözüni aýdypdy. -Merhemetli melike, eziz Dilkuşa!-diýip, Muhammet şa melikäniň adyny has mylaýym äheň bilen aýdyp, söze başlady. -Adamyň erkek bolsun, aýal bolsun maksady hemişe bagtly bolmak, bagtyýar durmuşda ýaşamakdyr. Seniň häzirki köňlüňdäki maksadyň bagta tarap däl. Çünki sen dört aýally, gije-gündiz at üstünde saparlarda bolýan adamyň şerigatdan daşgary bäşinji bikanun aýaly bolup, bagtly bolup bilmersiň. Sen şu hüsni-jemalyň bilen has beýik bagta, söýülip, apalanyp saklanmaga mynasypsyň. Şonuň üçin seni özümdenem ýaş, syratly dostum, ine şu duran emir Şyhabeddin jenaba şäri-kanuny aýal hökmünde nikalap bermeklige karar etdik. Dilkuşa, adyñyň köňüllere şatlyk bagyşlaýjy diýen manysyna laýyklykda dostum emir Şyhabeddine hemişe şatlyk bagyşlap, bagtly durmuşda ýaşamagyňyzy arzuw edýärin. Dilkuşa meseläniň öň çözülüp goýlanyny aňlany üçin garşylyk görkezeniniň peýdasy ýokdugyny bilip, bir uludan demini aldy-da: - Bolýar, nesibämiň işidir-dä - diýdi. Şundan soň emir Masud minnetdarlyk hökmünde patyşaga baş egip, gelinligini alyp gitdi. Biçäre melike Dilkuşa göwnüne düwüp gelen patyşanyñ aýaly bolmak hakyndaky maksadyna ýetip bilmän, bialaç emiriñ aýalyna öwrüldi. Emir Masud näme, ol maksadyna ýetdimi? Ol özüçe Horezmşanyň sahawaty bilen maksady däl myrada ýetdi. Ýöne, dogrusyny aýdanda ol Horezmşanyň syýasatynyň gurbany boldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |