07:26 Gürgenç / 3-nji kitap -16 | |
XVI BAP
Taryhy proza
Gyýasetdin äl Gurlynyñ Horasanda eden-etdikleriniñ habaryny eşidip, dergazap bolan Horezmşa Muhammet gurlylar bilen hasaplaşmagyñ ugruna çykdy. Goşunynyñ güýjini has artdyrdy. Ol tagta çykyp, Horezmşa adyny alanyndan soñ, ilkinji sapar goşuna özi baş bolup, uzak sapara gidýänligi üçin käbesi Terken hatynyñ ak patasyny almaga onuñ huzuryna bardy. Terken hatynyñ hemme zatdan habary bardy. Ol oglunyñ diñe ak patasyny almak üçin däl, boljak-goýjak zatlary hem maslahatlaşmak üçin geler diýip garaşýardy. Muhammet gapydan girenden: - Gel oglum, geç otur - diýip, owazy doly mähir bilen garşy aldy. Muhammet geçip oturyp, saglyk-salamatlyk soraşylandan soñ Terken hatyn Muhammetden öñ özi söze başlady: - Uly ýörüşe atlanypsyñ, oglum. Ýoluñ ak, ýoldaşyñ hak, saparyñ şowly bolsun! Omyn! - diýip, ellerini ýüzüne syldy. - Şu ýörüşiñde oglum, seniñ şalyk parasadyñ, serkerdelik sungatyñ ýüze çykar, enşalla. Ýurduñ Horezmini öñe çykarmak üçin ilkinji nobatda gurlylary syndyrmagyñ gerek, ikinji nobatda gara hytaýlary... -Käbäm - diýip, Muhammet ejesiniñ sözüni böldi. - Hudaýdan uly geplemäli. Gurlylar hem kiçi-gaýrym güýç däl. Söweşde kimiñ üstün çykjagyny Alla bilýär. Men niýetimi ýeñişe tutup barýan, netijesi Allanyñ mededine bagly. -Allajanym mededini aýamasyn senden. Şeýlede oglum, ulamalarymyzyñ serweri Şyhabetdin äl Hywaky hezretleriniñ ak patasyny hem alyp gitseñ, ol hezretiñ keramaty-da goldar seni. - Käbäm Şyhabetdin hezretleri uruşa garşy adam. Men uruşa gidip barýan diýsem pata bermez. - Berer oglum. Sen hökümdar ahyryn. Hökümdaryñ sözüni syndyrmakdan gorkar. - Gorkusyna berlen pata peýda berermi onsoñ? - diýip, Muhammet ejesine garap kinaýaly ýylgyrdy. - Onda, bileniñi et. Men saña ak patamy berdim. Alla ýaryñ bolsun, oglum! Muhammet şa ejesiniñ huzuryndan çykyp, baş serkerdesine goşuny ýörüşi taýýarlamagy buýurdy. Soñra sähetli güni saýlap, agyr goşun bilen Horasan sary ýola düşdi. Uzak ýoluñ dowamynda ol hyýalbentlige berlip, dürli oýlara çümüp, Şähristana baryp ýetdi. Şu ýerde ol käbesiniñ "Şu ýörüşde seniñ şalyk parasadyñ, serkerdelik sungatyñ ýüze çykar" diýeni kellesine gelip, uruşdan öñ parasadyny işledip, bir akylly çäre ulansa, belki gandöküşlik etmän, maksada ýetip bolar diýen pikire geldi. Şu pikir bilen ol gurlylaryñ soltanyna şeýle mazmunda bir nama iberdi: "Muhterem Gyýasetdin soltan! Men Sizi atam ornunda görýärdim. Sizdenem atalyk tamasyny edýärdim. Emma Siz meniñ başyma düşen jydalykdan peýdalanyp, bize degişli ýerleri basyp alypsyñyz. Eger Siz şol alanlaryñyzy gaýtaryp berseñiz, ol ýerleri dolandyrmak üçin goýup giden dikmeleriñiz ýurduñyza sag-aman gaýdyp barar. Eger muny islemeseñiz söweşe taýýarlanyberiñ. Siz indi garrap lagşan adam, maña bäs gelip bilmejegiñizi oýlanyñ..." Namany alan soltan Gyýasetdin äl Gurly oýlandy. Horezmşaga bäs gelip bilmejegini däl, üstüne geljek horezmlilerden nädip üstün çykjagyny oýlandy. Ol Hindistandaky inisi Şyhabetdin goşuny bilen gelýänçä, Horezmşanyñ hatyna jogap bermezlige karar etdi. Horezmşa wagtynda jogap gelmändigi üçin artyk garaşmady, herekete geçdi. Ol ilki goşuny Hyrata çekdi, sebäbi Äl Gurly ýesir alan horezmlilerini Hyratda saklaýardy. Olaryñ arasynda inisi Täjetdin Alyşä, emir Çakyr dagylar hem bardy. 597-nji hijriniñ zülkada aýynyñ (1201 awgust) başynda Horezmşanyñ goşuny Hyraty gabady. Muny öñünden duýan Gyýasetdin äl Gurly şäheri goramak üçin uly taýýarlyk gören ekeni. Ol ýegeni Alp Gazynyñ baştutanlygynda Horezm leşgeriniñ garşysyna goşun goýup, goragy güýçlendirdi. Şeýlede Hindistandan inisi Şyhabetdini goşuny bilen çagyrdy. Alp Gazynyñ goşuny horezmlilere berk garşylyk görkezdi. Emma "Pişigiñ ýüwrekligi samanhana çenli" diýenleri ýaly, kyrk günden soñ garşylyk gowşady, ýöne teslim bolmadylar. Horezmşa şäheriñ gala diwaryny manjalyklar bilen ýykyp girmäge dözmedi-de, Alp Gazyny gepleşige çagyrdy. Alp Gazy Horezmşanyñ huzuryna özi gelmäge gorkup, üç sany aksakgal ulamalary öz adyndan wekil edip iberdi. Horezmşa wekilleri gowy garşy aldy. Ol: -Muhterem ulamalar, biziñ şäheriñize goşun çekip gelmekden maksadymyz şäheriñizi basyp almak, talamak ýa-da başga bir zeper ýetirmek däl. Soltan Gyýasetdin tarapyndan ýesir alnyp, şu ýerde saklanýan ýurtdaşlarymyzy azat etmekdir. Biziñ Alp Gazydan birinji talabymyz: şol ýurtdaşlarymyzy at-ýaragy bilen gaýdyp bersin. Ikinji talabymyz: uzak ýoldan gelýänçä hem yzyna gidýänçä leşgeriñ harjy-harajadyny ýapýan ýigrimi müñ altyn dinar bersin. Biziñ şu talaplarymyz berjaý edilse, gabawy aýyryp, yzymyza gideris. Horezmşanyñ sözüni ünsli diñlän wekiller başlaryny atyp, makullan ýaly etdiler. Olaryñ başçysy jogap sözünde şeýle diýdi: - Merhemetli Horezmşa hezretleri, Siziñ şu talaplaryñyzy Alp Gazy alyjenaba ýetirmek biziñ borjumyz. Ýetirmek bilen ony talaplaryñyzy berjaý etmäge ündäris hem. Eger unamasa, siziñ sözüñiziñ soñunda sypaýylyk edip, aýtmadyk sözüñizi özümiz aýdarys. Horezmşa kellesini ýaýkap ýylgyrdy: - Düşbi adamlaryñ sadagasy gidibermeli. Siz meniñ aýtmadyk sözümi aýtmasañyzam talaplarymyz ýerine ýetirilmese näme boljagyny özi-de bilýändir - diýip, Horezmşa ýañy aýtmadyk sözüniñ manysyny aýdanyny duýman galdy. Wekiller hiç zat diýmeseler-de, öz içlerinde "Horezmşa sypaýylygyny ahyryna çenli saklap bilmedi-ow" diýen bolsalar gerek, bir hili başlaryny ýaýkap hoşlaşmak bilen boldular. Wekiller gideninden soñ, köp garaşmaly bolmady. Şol günüñ ertesi guşluga golaý şäheriñ derwezesi açylyp, ondan Täjetdin Alyşa başlyklaýyn horezmliler atlarynda çykyp gaýtdylar. Horezmşanyñ ikinji talaby bolsa Alyşanyñ öñünde tutup gelýän torbasyndady. Horezmşa Hyratdan işini bitirip, goşunyny Merwe tarap çekdi. Niýeti Merwde oturan Hinduhan bilen ýüzleşmekçidi. Şonuñ üçin öñünden Hinduhanyñ ýaşlykdaky bile oýnap ösen dosty Nedirbeg ýüzbaşyny iberip, onuñ elinden Merwi almakçy däldigini, islese Nyşapury-da alyp berip, Horasana waly edip goýjakdygyny, onuñam garyndaşlyklarynyñ hatyrasyna duşmançylykly hereketleri etmezligini sargap goýberdi. Şeýle ýagşy niýet bilen ýol söküp, Merwiñ ýary ýoluny geçen Horezmşa garaşylmadyk ýagdaýa duş geldi. Gözýetimde Merwerud derýasynyñ boýunda duran agyr leşgere gözi düşen Horezmşa onuñ Hindistandan gaýdan Şyhabetdin äl Gurlynyñ goşunydygyny añyp, serkerdelerine goşuny derhal söweş tertibine getirmegi buýurdy. Goşun söweşe taýýar edilse-de, Horezmşa söweşsiz ylalaşyp bolmazmyka diýen pikir bilen bir serbazyna ak baýdak göterdip, özi orta ýola baryp, atynyñ başyny çekdi. Şyhabetdin äl Gury ak baýdakly iki atlynyñ orta ýola gelip saklanandygyny görüp, olaryñ habaryny almaga bir serkerdesini iberdi. Garşysyna gelip, atynyñ başyny çeken adam agzyny açmanka Horezmşa oña: - Men Alaweddin Muhammet şadyryñ. Yzyña dolanyp, hökümdaryña aýt. Onuñ özi gelsin. Gepleşmeli gep bar - diýdi. Gelen adam geplemän yzyna dolandy. Horezmşanyñ aýdanyny diñläp, Şyhabetdin äl Gurly: - O-ho! Horezmşanyñ özümi şol duran?! Hany baryp göreli, nämeler aýtjakka - diýip, ýanyndaky bir nöker bilen Horezmşanyñ duran ýerine geldi. Muhammet şa ýaşy jähetden Şyhabetdin äl Gurydan kiçi bolansoñ, ýaşkiçilik edip: - Essalawmaleýkum, Şyhabetdin äl Gurly hezretleri - diýip salam berdi. Äl Gurly salamy başyny atyp alan boldy-da: - Näme gepiñiz bolsa aýdyberiñ, diñleýäs - diýdi. Horezmşa Äl Gurlynyñ özüne, adyny tutman, gödek ýüzlenenine gahary gelse-de bildirmän söze başlady: - Muhterem Şyhabetdin hezretleri, Horasan ýurdy pederimiz Tekeş soltandan bize galan miras ülkedigini bilýänsiñiz. Muny agañyz Gyýasetdin äl Gury hezretleri hem bilýär. Emma muña garamazdan ol Horasanyñ Nyşapur, Merw, Sarahs, Abuwerd, Nusaý ýaly şäherdir-galalaryny basyp alyp, ol ýerlerdäki biziñ adamlarymyzy öldürenini öldürip, galanlaryny çykaryp kowup, öz dikmelerini goýup çykdy. Biz agañyza basyp alan ýerlerini gaýdyp bermegini sorap nama iberdik. Emma ondan henize çenli jogap ýok. Biz goşun çekip gelsegem, entek ol basyp alnan ýerlere barmadyk. Hyrata baryp, agañyz tarapyndan ýesir alnyp, ol ýerde saklanýan adamlarymyzy hem-de ýol harajadymyzy alyp gaýtdyk. Şähere girmedik, hiç hili zeper hem ýetirmedik. Görüşiñiz ýaly siziñ biz bilen uruşmagyñyza esas ýok. Şol basyp alnan ýerlerimiz gaýdyp berilse, mundan beýlägem aramyzda jeñ-jedel bolmaz. Şyhabetdin äl Gurly Horezmşaga kinaýaly seredip, ajy ýylgyrdy: - Horezmşalar hiç wagtam jeñ-jedelsiz oñmandyr. Biz siziñ taryhyñyzy bilýäs-ä. Atañyz Horezmşa Atsyz soltan Sanjaryñ tabynlygynda bolsa-da, onuñ bilenem söweş etdi. Il Arslanyñ, Tekeş soltanyñ ýörüşleri, basyp alan ýerleri bütin dünýäge mälim. - Siziñki-de dünýäden gizlin däl, muhterem Şyhabetdin. Sizi hindileriñ özi çagyran däldir-ä - diýdi Horezmşa. Äl Gurly: - Dogry. Bizem Hindistany basyp aldyk. "Eşek eşekden galsa, gulagy kesik" diýenleri ýaly, bizem Horezmşalardan kem bolmaly diýdik-dä - diýip güldi. - Şeýle bolansoñ "Aramyzda jeñ-jedel bolmaz" diýip, meni ynandyrjak bolmañ. Jeñ-jedel etmejek adam beýle agyr goşun bilen gelmeýär. Agamyz soltan Gyýasetdin hem meni Hindistandan ýöne ýere çagyrmady. Indi bizem güýjimizi bir synap göreli - diýip, Şyhabetdin äl Gulry atynyñ başyny dönderip, ýoldaşy bilen çapyşyp gitdi. Horezmşa, aslynda, gurlylar bilen söweşe gaýdypdy. Gurlylaryñ söweşjeñ pilleriniñ bardygyny hem bilýärdi. Şonuñ üçin ätiýajy elden bermän, pilleriñ garşysyna-da "ýarag" taýýarlap gaýdypdy. Pilleriñ otdan gorkýanyny bilen gadymy horezmliler hem öküzleriñ şahlaryny alawlandyryp, Gaznalynyñ pilleriniñ garşysyna süren ekenler. Muhammet şanyñ "guraly" bolsa ujuna gara ýag siñdirilen esgi dolanan uzyn demir naýzalardy. Şyhabetdin äl Gurly goşuna ýetip barandan ol ýerde-de goşun söweş tertibine getirlip başlandy. Öñ hatardaky atlylar ikiýan tarapa aýrylyp, olaryñ yzynda duran piller öñe çykaryldy. Pillerem az däl ekeni, ýüze golaý bardy. Şyhabetdin äl Gury pillerine daýanyp, "Bizem bir güýjimizi synap göreli" diýen ekeni. Muhammet şa bu ýagdaýda söweşi nähili usulda alyp barmalydygyny serkerdelerine gygyryp diýen ýaly aýtdy. Şonuñ aýdyşy ýaly öñ hatardaky atlylar iki ýan tarapa aýryldy, atlylaryñ yzyndaky demir naýzaly pyýadalar naýzalarynyñ ujundaky ýagly esgä ot berip, garşydan gelýän pillere tarap hüjüme geçdiler. Piller kelleleriniñ deñinde galkyp gelýän äpet ýalynly ody görüp, aýylganç ses edip, öñ aýaklaryny bir göterip ýere urdylar-da, ikiýan tarapa gaçdylar. Pillere niýetlenen alawlar indi gurlylaryñ pyýadalarynyñ üstüne ýagylýardy. Gurlylar alawly naýzalaryñ garşysyna gylyjam göterip bilmän, galkanlaryny penalap yza serpikýärdiler. Ýere togalanyp, üstüne degen oduny öçürjek bolýanlary-da az däldi. Onýança iki tarapa aýrylan atlylaryñ ortasynda gylyç-galkanly söweş gyzypdy. Gurlylaryñ yzdaky pyýadalary jeñe girende otlar ýanyp tükendi. Indi pyýadalaryñ ortasynda-da gylyçlaşma başlandy. Horezmlileriñ yzdaky pyýadalary hem ýetip gelip, jeñiñ gerimi barha giñelýärdi. Kellelerine gylyç degip, çarpaýa galan atlaryñ kişñeýişleri, adamlaryñ gykylyklary, ýaradarlaryñ ah-waýlary, gylyç-galkanlaryñ tarkyldy-şarkyldylary goşulyp jeñ meýdanynda asmanu-zemini tutan uly gopgun turupdy. Şeýle ýagdaýda jeñ uzak dowam etdi. Iki tarapdan hem pidalar az bolmady. Dirileriñ hem ysgyny gaçdy, söweşiñ depgini gowşady. Şonlukda gurlylar iki sany ak baýdak göterip, söweşi togtatmagy teklip etdiler. Söweş togtatyldy. Kimiñ ýeñeni, kimiñ ýeñleni belli bolmady. Ýöne "Zeleliñ ýarysyndan gaýtmagam peýda" diýleni ýaly taraplaryñ şu ýagdaýda aýrylyp gitmegi bilen ýene-de beriljek ençeme pidalaryñ öñi alyndy. * * * Horezmşa Alaweddin Muhammet Hyratdan gaýdanynda ilki barmagy niýetlän şäheri Merwe gelip ýetdi. Ol öñünden iberen adamy Hinduhana aýdyp goýberen zatlaryny düşündiren bolsa, baş egip, öñümden çykar diýip tama edipdi. Emma öñünden ne Hinduhan çykdy, ne goýberen adamy Nedirbeg. Birhaýukdan şäheriñ derwezesi açylyp, ondan pyýadalap gaýdan alty sany ak selleli aksakgallar Horezmşanyñ öñüne gelip baş egdiler. Olaryñ biri öñe saýlanyp, Horezmşaga ýüzlendi: - Merhemetli Alaweddin Muhammet şa hezretleri, biz Siziñ at-owazañyzy eşidýärdik. Ine indi özüñiz bilen didarlaşmak nesibämizde bar eken... Horezmşa onuñ sözüni böldi: - Ýaşuly öñ didarlaşmadyk bolsañyz, meniñ Muhammet şadygymy nirden bilýärsiñiz?! - Başyñyzdaky tylla jyga, ýüzüñizden damyp duran nur Allanyñ nazary düşen adamdan başgada bolmaýar, Aly hezret - diýip, ýaşuly ýylgyryp jogap berdi. "Öwgi aýallar bilen patyşalara ýag ýaly ýaraýar" diýenleri çyn bolmaga çemeli Horezmşanyñ hem ýüzi açylyp, gülümjiräp: - Dowam ediberiñ sözüñizi - diýdi. Ýaşuly dowam etdi: - Aly hezret, mundan bir ýyl çemesi öñ Siziñ Çakyr at Türk diýen emiriñiz leşger çekip gelipdi. Şonda-da Hinduhan häzirki edişi ýaly şäheri taşlap çykyp gidipdi. Emir Çakyr leşgerine ilata azaр bermezligi tabşyrsa-da çeträkdäki köçelerde talañçylyk hem aýal-gyzlara zorluk edenleri hem boldy. Zorluk eden iki ýaş serbazy ilatyñ adamlary öldürdiler. Bu sapar hem şeýle ýaramaz ýagdaýlar bolmaz ýaly leşgeriñiz şu ýerde, şäheriñ daşynda goş taşlasa biz söwüş dagy hem ederis. Horezmşa ýaşulynyñ sözüni diñläp, teklibini makullady. Soñundan: -Ýaşuly, siziñ aýtmagyñyza görä Hinduhan ýene gaçypdyr-da. Heý nadan diýsänim. Biziñ oña hiç hili ýamanlygymyz ýokdy, gaýtam gowy teklibimiz bardy. Biz şu teklip bilen oña adam iberdik. Biziñ şol adamymyzdan siziñ habaryñyz ýokmy? - Köşge Horezmşadan bir adam gelipdir diýip eşitdik. Soñ onuñ nirä gideninden habarymyz bolmady. - Be, olam köne dostuna goşulyp gidiberdimikä? - diýip, Horezmşa ýanynda duran inisi Täjetdin Alyşaga garady: - Aý, ýok. Nedirbeg öz erkine gitmez, eger Hinduhan zorlap alyp giden bolaýmasa - diýdi. - Şähere girip, köşge barsak bileris, onuñ nirä gidenini köşkde galan adamlar bar bolsa aýdar. Horezmşa alty sany serbazy çagyrdy. Olara aksakgallary atlaryna mündürip, özleri jylawynda şähere eltmegi tabşyrdy. Soñra goşuna dynç almak üçin şu ýerde goş taşlamagy buýuryp, özi ýakyn adamlary, goragyndaky serbazlar bilen şähere girip, köşge bardy. Ine şonda bir täsin ýagdaýyñ üstünden çykdy: Horezmşanyñ öñünden çykan köşgüñ garawulymy, bagbanymy bir goja adam onuñ başyndaky tylla jygany görüp, tagzym etdi-de: - Muhterem Horezmşa hezretleri, şu açary Hinduhan jenaby alylary Size bermegimi tabşyryp gitdi - diýip, titräp duran elindäki uzyn bir garyş açary Muhammet şaga uzatdy. Haýran galmak bilen açary eline alan Horezmşa: - Bu hazynasynyñ açarymy? - diýip sorady. - Ýok, Aly hezret, ol hazynasyny alyp gitdi. Bu özüniñ bolýan jaýynyñ açary. Ol jaýa bir adamy bekläp, açaryny maña berende "Iki-üç güne Horezmşa geler, şoña çenli gapyny açma, açary özüne ber" diýdi. - Heý, deýýus. Bekläp gideni Nedirbegdir, başga kim bolsun! - diýip, Muhammet şa kellesini ýaýkady. Goja kişä: - Ýör, görkez ol jaýy - diýdi. Baryp jaýy açdylar. Şahana ýatalgada ýatan Nedirbeg jaýa ilkinji bolup giren Horezmşany görüp, tarsa ýerinden turdy, tagzym edip salam berdi. Horezmşa: - Nedirbeg dostuñ seni sylap öz jaýynda ýatyryp gidipdir-ä - diýdi. Şanyñ degişmesine ýanyndakylar gülüşdi, Nedirbegiñ özi-de çalarak ýylgyryp goýdy. - Dostuñ ýene gaçyp gidipdir-ä, Nedirbeg. Sen näme, meniñ teklibimi düşündirmediñmi? - Düşündirme kemini goýmadym, Aly hezret. "Seni tutuş Horasana hökümdar edip goýmakçy, meni-de ýanyña wezir edip al, gije-gündiz hyzmatyñda bolaýyn" diýip, näler özelendim. Ynanmady. Maña "Sen samsyk. Men samsyk däl. Tagty eýeläp oturan adam tagtyna dawagär adama hiç haçan ýagşylyk etmez, eline düşdügi kellesini aldyrar. Bu taryhdan mälim. Seni-de şu jaýa gulplap gitmesem bolmaz. Ýogsa, yzymdan añtap, giden ugrumy Muhammede salgy berersiñ. Iýjek-içjek zatlaryñ goýuldy arkaýyn ýatyber" diýip gitdi. Nedirbegiñ gepine Horezmşadan başgalary gülüşdiler. Horezmşa: - Ýigitler, bu ýerde güler ýaly zat ýok. Men-ä Hinduhanyñ boluşyna gynanýan - diýdi. - Menem gaty gynanýan - diýdi Nedirbeg. - Sen-ä wezir bolup bilmän galanyña gynanýansyñ - diýen Alyşanyñ degişmesine beýlekilere goşulyp Horezmşa-da güldi. Ol Nedirbege garap: - Señki düşnükli, serkerdelikden wezir bolan gowy-da - diýdi. - Sen indi wezir bolup bilmän galanyña gynanma, wezir bolanyñdan häkim bolanyñ gowy dälmi? Men seni şu ýere - Merwe häkim goýup gitjek. Bu söz Horezmşanyñ agzyndan çykandan adamlar "Oñ bolsunyny" alyp göterdiler. Durmuşda, şunyñ ýaly, garaşylmadyk wagtda adama bagt ýa-da betbagtlyk getirýän ýagdaýlar hem bolýar. Nedirbegiñ dilinden sypan "wezir" diýen sözi Horezmşanyñ eradasy bilen "häkim" sözüne öwrülip, Merwiñ köşgüni eýeledi oturyberdi. Ýöne bu galagoply zamanda onuñ bu köşkde näçe wagt oturjakdygy belli däldi. Nobat Nyşapura geldi. Horezmşa ony jeñsiz-söweşsiz almak üçin ol ýerdäki soltan Gyýasetdiniñ goýan dikmesi ýegeni Zyýaweddine Nyşapuryñ ata-babalarynyñ döwründen bäri Horezme garaşly bolandygyny ýatladyp, şäherden çykyp gitmegini talap edip nama gönderdi. Garaşdy, emma geler wagtynda jogap gelmedi. Ýene garaşmaga takaty ýetmedik Horezmşa 597-nji hijriniñ zülhijja aýynda (1201. sentýabr) gelip, Nyşapury gabady. Gabaw iki aý dowam etdi. Güýçli hüjümlere güýçli garşylyk hem görkezildi. Emma içerdäkileriñ ýagdaýy daşardakylaryñka garanda bar-ha agyrlaşdy. Şondan soñ garşylyk uzaga çekmedi, galanyñ depesinde ak baýdak göterildi, Horezmşa hüjümi saklady. Salym geçmän ýaýyñ okuna baglanan hat gelip düşdi. Hatda "Muhterem Alaweddin Muhammet Horezmşa hezretleri, Siz bize aman bermek hakynda şalyk sözüñize möhür basyp, iberseñiz, biz şäheri Size tabşyryp, goşunymyz bilen çykyp gideris. Zyýaweddin äl Gurly" diýen dört setir ýazgy bardy. Horezmşa ýazgyny okap, kellesini ýaýkap güldi: -Bu Zyýaweddin diýen gurly işini çig edýänlerden däl oguşýa. "Şalyk sözüñize möhür basyp..." diýşine! - diýip, münşüni çagyrtdy. Münşi döwet-galamy bilen häzir boldy. - Ýaz! - diýdi Horezmşa oña: "Muhterem Zyýaweddin äl Gurly jenaplary! Biz şalyk sözümiz bilen size aman berýäris. Ýöne çykyp gitmeziñizden öñ biziñ huzurymyza gelseñiz, iki tarap üçin hem peýdaly teklibimiz bar. Muhammet Horezmşa". Hat möhür basylyp, ok-ýaý bilen galanyñ depesine oklandy. Aradan bir sagada golaý wagt geçip, galanyñ derwezesinden üç atly çykyp gaýtdy. Bu mahal Horezmşa emirleri, serkerdebaşysy bilen çadyrynyñ öñünde durdy. Özlerine tarap gelýän atlylara gözi düşen Muhammet şa: - Möhüriñ güýjimikä derhal olary bäri ugradan?.. - diýip ýylgyrdy. Emir Çakyr: - Diñe möhüriñ däldir, Aly hezret. Horezmin leşgeriniñ güýji hem goşulandyr - diýdi. Atlylar goşunyñ çetine gelip, atlaryndan düşdüler. Olaryñ biri atynyñ jylawyny ýoldaşlarynyñ birine berip, ýeke özi Muhammet şanyñ depesi altyn aýly çadyryna tarap gaýtdy. Ol özüne garaşyp duran şanyñ garşysyna gelip, tagzym etdi-de: - Merhemetli Horezmşa hezretleri, men Zyýaweddin äl Gurly Siziñ çakylygyñyza "lepbeý" diýip, ýetip geldim - diýdi. - Iki aý mundan öñ lepbeý diýmänem gelen bolsañyz, munça adamyñ gany dökülmezdi, jenap Zyýaweddin - diýip, Muhammet şa ahmyr bilen kellesini ýaýkady. - Hatadan halas bir Allanyñ özüdir, Aly hezret - diýip, Zyýaweddin başyny aşak saldy. - Siziñki hatalyk bolsa, daýylaryñyz Gyýasetdin soltan bilen Şyhabetdin hezretleriniñki dostluga dönüklik boldy. Başymyza düşen müsibet - pederimiz Tekeş soltanyñ wepaty zerarly ýurtda hökümdar çalyşygynda bolýan galagoplygy köşeşdirmek, tertip-düzgüni berkarar etmek bilen gümra bolup ýören wagtymyzda soltan Gyýasetdin biziñ tabynlygymyzdaky birnäçe galalary basyp alypdyr. Mundan başga-da biziñ tagtymyza dawagär Hinduhana hossar çykyp, oña Merwi alyp beripdir. Onuñ öñki dostluk gatnaşyklarymyzy unudyp, duşmançylykly herekete geçeni üçin biz bäri goşun çekip gelmäge mejbur bolduk. Meniñ Sizi çagyrmagymyñ sebäbi hem şol öñki dostlugymyzy gaýta dikeltmek bilen baglydyr. Siz daýylaryñyz bilen biziñ aramyzda dostluk ilçisi bolup, şu haýyrly işi ýola goýsañyz, iki tarap üçin hem uly bähbitdir. Gadymda danyşmentleriñ biri "Iñ gowy uruşdan iñ ýaman parahatçylyk peýdalydyr" diýipdir. Gepim, teklibim makulmy size? - Elbetde makul, Aly hezret. Men aramyzda dostlugyñ dikeldilmegi üçin elimden gelen tagallalarymy ederin - diýip, Zyýaweddin söz berip, hoşlaşdy. Ol şol günüñ özünde goşunyny alyp, şäherden çykyp gitdi. Nyşapur ýene-de Horezmiñ tabynlygyna geçdi. Täjeddin Alyşanyñ ýene-de öñki ýerine oturmak tamasy bardy. Emma bu sapar Horezmşa Nyşapura waly edip ejesiniñ Kezlik han atly garyndaşyny belledi. Alyşaga "Inim, sen meniñ ýanymda bol" diýip, ony goşunyñ bir ganatyna serkerde edip goýdy. Muhammet şa Nyşapurda Zyýaweddin äl Gurlynyñ berip giden sözüniñ netijesine garaşdy. Emma hiç hili netije bolmady. Söz berip gideniñ gara başyny gutarmak üçin "lepbeý" aýdyp gelendigine şundan soñ düşünen Horezmşa goşuny Sarahsa tarap çekdi. Sarahsda oturan gurlylaryñ dikmesi emir Zeñgi kyrk gün gabawdan soñ aman diläp, goşuny bilen şäherden çykyp gidip, Merwerutda duran gurlylaryñ ýene bir emiri Muhammet Jarbegiñ başçylygyndaky leşgere goşuldy. Sarahs ýene Horezmiñ tabynlygyna geçdi. Horezmşa şähere girmedi, köşge-de barmady. Galanyñ öñünde, goşunyñ arasynda özüniñ çadyrynda, nobatdaky ýörişden öñ, iki-üç gün dynç almagy makul gördi. Ol emir Çakyra: - Emir, sen Sarahsyñ Horezmşalar tarapyndan näçe gezek alnandygyny bilýärmiñ? - diýip gülümjiredi. - Pederiñiz Tekeş soltanyñ iki gezek alanyny bilýän, Aly hezret. Ondan öñem birki sapar alnan bolmaly. - Indi ony saña berýärin. Adalatly waly boljak bol. - Aly hezret, merhemetiñiz üçin teşekkür. Ýöne men Siziñ ýanyñyzda goşunda gulluk etsem... - Gullugy şu ýerde edersiñ. Häzir ýanyña ýeterlik adam alyp, şähere gir, köçeleri aýlanyp, adamlaryñ bize garaýşyny bil. Köşge baryp, içini barlañ, näme bar, näme ýok, bar zady sypyryp alyp gidipmi, görüñ! Onsoñ meniñ ýanyma şäheriñ kethudalaryndan dört-bäşisini goýber. Emir Çakyr baş egip, şanyñ çadyryndan çykdy. Ol ätiýajy elden bermän, ýüze golaý atly bilen şähere tarap ugrady. Açyk duran derwezäniñ añyrsynda daşary seredip duran adamlar şähere tarap gelýän bir topar atlyny görenden zym-zyýat boldular. Elden-ele geçiberip, telim talanan şäheriñ ilaty gapylaryny temmeläp, köçede görünmediler. Emir Çakyr atlylary bilen köşgüñ öñüne baranlarynda olary ona golaý ak we çal sakgally, kelleleri ak selleli we gyrma telpekli adamlar garşy aldylar. Emir Çakyryñ yşaraty bilen hemmeler atdan düşdüler. Emiriñ özi bolsa ýaşulylar bilen ýekän-ýekän görüşip soraşdy. Adamlaryñ öñünde duran, boýdan başa ak geýnen uzyn boýly, ak ýüzli moýsepid kişi özüni Şeýhulyslam diýip tanyşdyryp, emir Çakyra ýüzlendi: - Muhterem beg, Sizem özüñizi tanyşdyrsañyz, onsoñ Size arzymyzy aýtsak. -Tagsyr, men Horezmşa hezretleriniñ gulamy emir Çakyr bolýaryn. Siz arzyñyzy maña däl, Horezmşa hezretleriniñ özüne aýdyñ. Ol hezret bize şäheriñ kethudalaryndan dört-bäş kişini meniñ ýanyma iberiñ diýip, tabşyrdy. Häzir ol şäherden daşarda özüniñ çadyrynda sizlere garaşyp otyr. Siziñ arzyñyzy Horezmşa hezretleri diñlärem, bitirerem. Indi sizlerem biziñ haýyşymyzy diñläñ. Ilatyñ gapylaryny temmeläp, öýlerinden çykman oturmaklary bizi zalym talañçy diýip düşünýändikleri sebäpli bolsa gerek. Ilata biziñ hiç hili ýamanlygymyz ýok, ýagşylygymyz bar. Siz şuny düşündiriñ, öýlerinden çyksynlar, işli-işi bilen bolubersinler. - Makul. Biz dört kişi bolup, ol hezretiñ huzuryna bararys. Galanlarymyz Siziñ aýdanyñyzyñ ugruna çykarlar - diýdi Şeýhulyslam - şu golaýda atlarymyz bar. Şeýhulyslam adamlary bilen atlarynyñ duran ýerine, emir Çakyr nökerleri bilen köşge ýöneldiler. Sarahsyñ köşgi Horezmşalaryñ köşgi ýaly haýbatly, kaşañ däldi. Emir nökerleriniñ ýarysyny gorag hökmünde daşarda goýup, içeri ýarysy bilen girdi. Olar meýlisler eýwanyna girenlerinde emir ol ýerdäki tagt pisint kürsä geçip oturdy-da, on nökeri köşgiñ içini barlamaga iberdi. Köşgüñ otaglary-da köp däl eken, nökerler olary ýekän-ýekän dörüp çykdylar. Daşyndan gulplanan haremhanada oturan iki gyrnakdan başga tapan zatlary bolmady. Nökerler olary meýlisler eýwanyna alyp gelenlerinde bir almany ikä bölen ýaly biri-birine juda meñzeş görmegeý gyzlara gözi düşen emir Çakyryñ köñlünde gapyl ýatan höwes oýandy. Şol wagt Horezmşanyñ "Adalatly waly boljak bol" diýeni ýadyna düşdi-de, gyzlaryñ ykbaly bilen gyzyklanyp başlady. Gyzlaryñ özleriniñ aýtmaklaryna görä olar daşardan getirlen gyrnaklar däl eken, şu ýerli bir dükandaryñ Aýşe-Patma atly ekiz doglan gyzlary eken. Gyzlaryñ kakasy Hasan dükandar waly emir Zeñgi bilen gatnaşykly dost eken. Nämedir bir zat sebäp bolup, emir Zeñgi ikinji ýaş aýalyny dükandardan güman edýär. Şeýlelikde dostluk duşmanlyga öwrülýär. Waly häkimiýet elinde bolansoñ dükandary bäş ýyl salgyt tölemändir diýip, zyndana salýar, gyzlary Aýşe-Patmany gyrnak etmek maksady bilen köşge getirdýär. Gyzlaryñ bagtyna olar getirlen güni waly atdan ýykylyp, bili agyryp, aýagy şikeslenip ýatyp galýar. Şu arada-da şäher gabalýar. Derdinden gutulyp, aýaga galanyndan soñ şäheri taşlap çykyp gitmeli bolýar. -Bizler haremde dört gyzdyk. Waly iki gyrnagyny maşgalasy bilen bile alyp gitdi. Näme üçindir bizi galdyryp, daşymyzdan gulplap gitdi - diýip, Aýşe gürrüñiniñ soñunda aýtdy. - Haýsy köşge barsañ daşyndan gulplananlar çykyp dur-how -diýip, emir Çakyr ýigitlerine Merwde Nedir begiñ hem gulplananyny ýatlatdy. Soñra gyzlara garap: - Aýşe jan, Patma jan! Indi sizler azat bolduñyz. Häzir şu ýere zyndandan kakañyzy hem alyp gelerler - diýip, ýüzbaşy serkerdä bir topar bilen zyndana baryp Hasan dükandary alyp gelmegi buýurdy. Serkerde çykyp barýarka bir zat ýadyna düşen ýaly yzyna öwrülip: - Emir jenaplary, zyndanda başgada adamlar bolsa olaram boşadalymy? - diýip sorady. Emir Çakyryñ gahary geldi: - Seniñ kelläñ işleýärmi? Ol ýerdäki beýleki adamlaryñ arasynda ogrularyñ, adam öldürenleriñ, başga-da agyr jenaýat edenleriñ ýokdugyny nirden bilýäñ! Soñ beýlekileriñ kimdigini anyklap, boşatmaga degişlisi bolsa boşadarys. Häzir sen aýdylanyny et, bar tizräk! Ýüzbaşy goluny gursagyna goýup, "lepbeý" diýip, daşary ylgady, daşardaky nökerlerden bir toparyny alyp, zyndana bakan haýdady. Kakalarynyñ geljegine umyt baglap oturan gyzlaryñ gözleri gapydady. Umytlarynyñ wysal bolan pursady ýetip, ýüzbaşy bilen Hasan dükandar gapydan girip geldiler. Gyzlar kakalaryny görenden ikisi iki ýanyndan onuñ boýnundan asyldylar. Dükandar gyzlaryny gujaklap durşuna kürside oturan emir Çakyra başyny egip salam berdi. Soñra: -Aglamañ, ezizlerim, aglamañ. Ine, soñy haýyr boldy - diýip, gyzlaryny köşeşdirdi. - Baryñ, indi ýeriñizde oturyñ. Men emir jenaplaryna minnetdarlygymy aýdaýyn. Gyzlar baryp ýerinde oturdylar. Dükandar emiriñ garşysyna ýakynrak baryp, oña ýüzlendi: -Merhemetli emir jenaplary, meniñ yzymdan iberen serkerdäñiz Siziñ buýrugyñyz bilen azat edilýändigimi aýtdy. Meniñ Size minnetdarlygymyñ çägi ýok. Siziñ bu ýagşylygyñyzy men nädip gaýtarjagymy bilemok. Entek şu ýerde bolsañyz, näme ýumuşyñyz, näme islegiñiz bolsa men hyzmata taýýar, jenap emir. Emir Çakyr dükandaryñ sözüni çalarak ýylgyryp diñledi-de: -Jenap Hasan beý, entek däl, men Horezmşa hezretleriniñ emri bilen Sarahsa waly bellendim. Nesibäm göterilýänçä şu ýerde bolaryn. Şu döwrüñ içinde bize hyzmat etseñizem, gatnaşyk saklasañyzam men garşy däl. Çünki meniñ ýaş aýalym ýok, şonuñ üçin Siziñ bilen gatnaşmakdan gorkamok - diýip degişdi. Dükandar emiriñ soñky sözüniñ degişmedigini bilse-de hyjyl boldy, gyzardy: -Waly jenaplary, ol gep töhmetden başga zat däldi. Emir Zeñginiñ uly aýalynyñ kiçi aýalyny betnam etmek üçin toslap tapan gepidi. Zeñgi-de oña ynandy - diýip dükandar mañlaýynda peýda bolan der damjalaryny eliniñ arkasy bilen sylyp goýberdi. Emir Çakyr degişmesi bilen dükandara gaty gyjalat berenine düşündi-de: -Men-ä, size degişip aýtdym, onuñ üçin gyjalat çekmäñ. Durmuşda şolar ýaly töhmetleriñ hem adamy heläkleýän wagtlary bolýar. Siziñkiñ soñy ine, gowy boldy - diýdi. - Indi gyzlaryñyzy alyp, öýüñize baryñ, maşgalañyzy begendiriñ. Hasan dükandar emir Çakyra ýene-de minnetdarlygyny aýdyp, gyzlary bilen köşkden çykyp gitdiler. Bu wagt Horezmşanyñ huzuryna gidenlerinden beýleki ýaşulylar birnäçe temmeli gapylary açdyryp, ýagdaýyñ gowulykdygyny düşündirdiler hem-de açylan öýlerdäki adamlary ýagdaýy habar bermek üçin köçelere ugratdylar. Şonlukda adamlar öýlerinden çykyp, köçelerde janly hereket başlandy... Şeýhulyslam başlyklaýyn Horezmşanyñ huzuryna baran ulamalar güler ýüz bilen garşy alyndy. Horezmşa olary çadyryna teklip edip, öñlerine naz-nygmatly saçak ýazdyrdy. Şeýhulyslam görkezilen hezzet-hormat üçin minnetdarlyk bildirip, esasy gürrüñe geçdi: - Merhemetli Alaweddin Muhammet Horezmşa hezretleri! Biz Siziñ goşun çekip, Sarahsa gelmegiñizi, şäheri gurlylardan azat etmegiñizi hoş gördük. Emma şäher kyrk günläp gabawda bolany üçin daşardan azyk önümlerini getirmeklige mümkinçilik bolmady. Bazarlarymyz hiç zatsyz gugaryp galdy. Ätiýaçsyz adamlaryñ iýer-içere zady galmady. Şonuñ üçin goşuny bir çete çekip, daýhanlaryñ şähere girmegine ýol açyp bermegiñizi towakga edip, huzuryñyza geldik. Horezmşa seýhulyslamyñ aýdanlaryny makullamak bilen başyny atyp diñledi. Soñra: -Muhterem ulamalar, siziñ bu haýyşyñyzy şu günüñ özünde berjaý ederis - diýdi. - Goşuny çete çykarsak, menem bu ýerde ýeke çadyr dikip oturmaýyn, şähere, köşge iki-üç gün bolsa-da baraýyn. Biz size Çakyr ät Türk diýen emirimizi waly belledik. Bu kararymyzy jar çekdirip, ilata mälim edeli. Onsoñ emir Çakyryñ walylyk häkimiýetini ornadyp, bizem, siziñ rugsadyñyz bilen Horezmine gaýdarys. Horezmşanyñ sözünden kanagatlanan ulamalar oña minnetdarlyk bildirip, yzlaryna dolandylar. Horezmşa hem ulamalara aýdanlaryny berjaý edip, ýurduna gaýdarman bolup duranynda gurlylaryñ ilçileri geldiler. Muhammet şa ilçileri köşgüñ meýlisler eýwanynda kabul etdi. Adatdaky edep kadalaryny berjaý edenlerinden soñ ilçileriñ baştutany Horezmşaga ýüzlenip şeýle diýdi: -Muhterem Allaweddin Muhammet Horezmşa hezretleri! Soltanymyz Gyýasetdin äl Gurly hem-de inisi soltan Şyhabetdin äl Gurly hezretleri Siziñ bilen parahatçylykda ýaşaşmaklygyñ şertleri hökmünbe Horasanyñ ýarysyny bermegiñizi, mundan başga-da şu soñky ýörüşiñiziñ dowamynda biz tarapdan çekilen zyýanlary tölemegiñizi teklip edýärler. Eger-de şu teklibi kabul etmeseñiz häzir Hindistanda turan gozgalañy ýatyrmak üçin giden Şyhabeddin hezretleri gaýdyp geleninden soñ üstüñize uly goşun çekiljekdir. Horezmşa ilçi güftarlyk edýärkä oña kinaýaly garaýyş bilen seredip oturdy. Soñunda: -Bolanymy şu? Soltanyñyza ýene başga zatlar gerek dälmikä? Belki, Horezminiñem ýaryny almagy isleýändir? - diýdi. Ilçi: -Eger aýdylan teklibi kabul etmeseñiz Horezminiñ ýaryny däl, baryny hem alaýmaklary mümkin. Şonuñ üçin "Zyýanyñ ýaryndan gaýdan hem peýda" diýip, teklibi kabul ediberiñ, Aly hezret! - diýdi. - Maslahatyñyz üçin teşekkür, jenap ilçi - diýip, Horezmşa ajy ýylgyrdy. - Soltanyñyza baryp aýdyñ, biriniñ elindäki zadyny almak üçin hereket edenleriñ, öz elindäki zadyny ýitiren ýagdaýlary hem taryhda bar. Belki, şu ýagdaýyñ gaýtalanaýmagy hem ahmal. Indi size jogap, gaýdyberiñ! -diýip, Horezmşa ýerinden turdy. Ilçiler hem gep-gürrüñsiz çykyp gitdiler. Şol günüñ ertesi Horezmşa hem Sarahsyñ ulamalary, kethudalary bilen hoşlaşyp, agyr goşunyñ başynda ata Watan-Horezme tarap ýola rowana boldy. Horezmşa ýol ugruna gurlylaryñ basyp alan galalary Abuwerd bilen Nusaýy gylyç bilen däl-de, nama bilen gaýtaryp aldy. Ol şol galalardaky gurlylaryñ dikmelerine gandöküşikligi islemeseler goşuny bilen galadan çykyp gitmeklerini teklip edip, öñünden namalar gönderdi. Horezmşanyñ agyr goşunyna garşylyk görkezmäge güýçleriniñ ýetmejegine gözleri ýeten gurlylar galalary taşlap, çykyp gitdiler. Abuwerde ýetip, dynç almak üçin goşun goş ýazdyrdy. Ine, şu ýerde-de aga-ininiñ biri-birine bolan garaýyşlary ýüze çykdy. Muhammet şa inisi Täjetdin Alyşany Horasanyñ merkezi Nyşapura, öñki eýelän wezipesine goýman, gelip-gelip bir kiçijik sebit bolan Abuwerde waly belledi. Horezmşanyň bu eden işine bir hili bolan Alyşa gaharyny içine ýuwdup, agasyna ýüzlendi: -Aly hezret, men Nyşapuryñ walysy bolmakdanam, özüñiziñ aýdanyñyz boýunça, Siziñ ýanyñyzda bolmagymy özüme uly mertebe bilip, begenip gelýärdim. Entegem men Siziñ ýanyñyzda bolubereýin. Abuwerde ol agsak serbazy waly edip goýsañyzam dolandyrar. Muhammet şa geplemän, inisine bir salym tiñkesini dikip oturdy. Onuñ bu kinaýaly garaýşy Alyşaga düşnükli jogapdy. Soñra barybir aýtjagyny aýtdy: - Bolýar, sen meniñ ýanymda, goşunda bolasyñ gelýän bolsa şol agsak serbazy waly belläp, seni onuñ ýerine serbaz edip goýaryn. Bolýamy şeýtsek? - Alyşanyñ ýüzi üýtgäp gitdi - Sen näme "Patyşanyñ emri wajyp" diýen düzgüni bileñokmy? Gepi ulaldyp oturmaly. Häzirlikçe şu ýerde bolarsyñ. Soñ görübereris. Alyşa goluny gursagyna goýup, başyny egdi. Horezmşanyñ bu oýnunyñ ýöne ýerden däldigini Alyşa soñ oýlanyp, özüçe netije çykardy. Şalar hemişe tagta hukugy bar adamlary howply hasaplap, paýtagtdan daşda saklaýarlar. Muhammet şa hem Alyşany Nyşapurda goýup gaýtmadygyna ýolda ökünip, Abuwerdde galdyran bolmaly. Muhammet şa Nusaýda-da goşuna iki gün dynç berdi. Emirleriniñ birini waly belläp, ýurda tarap ýoluny dowam etdirdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |