07:10 Gürgenç / 3-nji kitap -20 | |
XX BAP
Taryhy proza
Ertesi Horezmşanyň gelen habary tutuş Gürgenje doldy. Köçelerde, bazarlarda adamlar onuň gürrüňini edýärdiler. Köpçülik begenip etse, arasynda "Aý bolmandyr-ow!”diýenleri-de ýok däldi. Horezmşanyň özi bolsa irden dosty Ibn Mäsudyň aladasy bilen köşgüň goragçylaryndan iki serbazy alyp, kerwensaraýa bardy. Gara hytaýlar hem oňa garaşýardylar. - Ýigitler, gaty görmäň, aňyrda galan meniň hojamyň kakasy puly artykmajy bilen berip goýberdi. Ýöne ogly gelýänçä ikiňizden biriňizi girewde saklap durjagyny aýdyp, bu iki hyzmatkärini maňa goşup goýberdi. Puly artykmajy bilen berdi diýenim: Serkerdäňiziň on müň dinaryndan başga her haýsyňyza, uzak ýoly söküp gelipdirler diýip, müň dinar berdi. Ine pullaryňyz-diýip Muhammet şa üç haltajyga salnan dinarlary çykaryp olaryň öňlerinde goýdy. Gara hytaýlar bir hili bolup, pula-da seretmän, biri-birine garadylar. Bir salym dymyşlykdan soň olaryň ekabyrragy ýoldaşyna ýüzlenip: -Men senden birki köýnegi artyk tozdyrdym. Ogly gelensoň öldürseler meni öldüräýsinler, seniň ýaş janyň bar. Puly alyp sen gidiber-diýdi. Muhammet şa: -Näme, bolgusyz gep tapýarsyň, hiç kimiň seni öldürmek niýeti ýok, gaýtam myhman hökmünde hezzetlenip saklanarsyň-diýdi. -Onuň ýaly bolsa, nesibämdäkini, başgaça bolsa ykbalymdakyny görerin-diýip, ol gara hytaý bu sapar Muhammet düşünmez ýaly öz dilinde aýtdy. Başga gep-gürrüň bolmansoň Horezmşa bir gara hytaýy yzyna ugradyp, ikinji gara hytaýy iki serbaza tabşyrdy, nirede, nädip saklamalysyny aýtdy. Horezmşa köşge gaýdyp geleninde kabulhanasy adamdan dolydy. Patyşanyň gelenini eşiden döwlet emeldarlary, ulamalar, kethudalar, ýeňilip gaýdan goşunyň ýüzbaşy, müň başy serkerdeleri ýygylypdyrlar. Olaryň arasynda baş serkerdesine gözi düşmedik Muhammet şa onuň gurban bolanyny ýa ýesir düşenini aňdy. Adamlar patyşany çuňňur tagzym bilen garşy aldylar. Tagzymdan başyny galdyran badyna weziri agzam Muhammet ibn Salyh howlukmaç gelip, Horezmşanyň entek çalşyryp ýetişmedik ýönekeý donynyň synyny maňlaýyna degrip, togap etdi. Onuň bu aýratyn ýaranjaňlygynyň sebäpsiz däldigini adamlaram, patyşanyň özem duýdy. Horezmşa adamlara “oturyň” diýen yşaraty edip, özi-de tagtyna geçip oturdy. Edil şol wagt ulamalaryň ulamasy “Diniň we döwletiň diregi” hasaplanýan beýik pir Şyhabeddin Abu Sad ibn Imran al Hywaky hezretleri gelip girdi. Hemmeler piri ýerlerinden turup garşy aldylar. Horezmşa pir bilen iki elläp görüşip, öz ýanyndan ýer görkezdi. Pir patyşany sag-aman ýurda gowşmagy bilen mübärekläp, görkezilen ýere-tagtyň gapdalyna goýlan kürsä oturdy. Şundan soň Horezmşa söze başlady. -Muhterem ulamalar, kethudalar, jenaplar!-diýip, toplanan jemagata ýüzlendi. - Bizem Allanyň eradasy bilen sag-aman ýesirlikden gutulyp geldik. Biziň ýoklugymyzda ýurdy agzybirlikde, asudalykda parahat saklanyňyz üçin hemmäňizden minnetdardyrys. Biziň gara hytaýlardan ýeňilip, ýesir düşmegimize bir uly dönüklik sebäp boldy. Emirler Dort Aba bilen Rukneddin söweş başlanandan goşunlaryny alyp, duşman tarapa geçip gitdiler. Biz duşmana satylan bu iki dönügi nirede bolsa-da tapyp, jezanyňam üýtgeşigini bermesek ýüregimiz ynjalmaz-diýdi. Şol wagt serkerdeleriň biri ýerinden turup, bir elini gursagyna goýdy-da: -Aly hezret, ejaza ediň-diýip, hemmäni haýran galdyran gepi aýtdy: -Ol iki dönügiň jezasyny, Size ýetirmän, Gürhanyň özi beripdir. Meniň ýesir düşen bir söweşijimi ol ýanyna çagyrdyp, eline bir hat bilen bir halta salnan ol ikisiniň kellesini beripdir-de: “Seni azat etdim, hat bilen kelleleri Horezmşaga eltip ber” diýipdir. Ine haty-diýip, ol goltugyndan dört eplenen kagyzy çykaryp berdi. Dönüklere jeza bermek “lezzetinden” mahrum bolan ahmyrly Horezmşa olaryň kesilen kellelerini görse ahmyry sowaşaýjak ýaly: -Kelleler hany?!-diýip howlugyp sorady. -Nesibäniň işidir-dä, Aly hezret. Söweşiji kelleleri alyp gelýärkä ýolda öňünden iki sany guduzlan it çykyp, oňa şeýle bir hüjüm edipdirler, tas ony atyndan agdaran ekenler. Olam gorkysyna kelleleri itleriň öňüne taşlap, zordan gutulypdyr. Itleriň nesibesi ekeni-dä ol kelleler-diýdi serkerde. Horezmşa ol kelleleri itleriň işdämenlik bilen gemrişlerini göz öňüne getirip biraz köşeşdi: -Kellelerini itler iýen bolsa, olara başga jeza gerek däl-diýip, Horezmşa elindäki haty açyp, okamanka “Aý näme ýazandyr öýdýäň, aýdanymy etmediň, nätdim!-diýip öwnendir-dä” diýen pikir bilen ilki oňa äwmezlik bilen göz aýlady. Ýöne haty okadygy saýyn gaşlary çytylyp, ýüzi üýtgäp gitdi. Çünki hat onuň pikir edişi ýaly däl-de, ine şeýle mazmunda ekeni: “Muhammet, saňa şu iki kelläni sowgat edip goýbermegimiň manysyna düşünjek bol. Dönükleriñiň sany şu ikisi bilen gutarmaz. Töweregiňde, goşunyňda saňa dönüklik etjek kelleler az däldir. Ine şu ýagdaý hem bir gün gelip, Horezmşalar döwletiniň soňuna sogan ekilmegine sebäp bolar. Gür han”. Horezmşa haty okap, ony iki bölüp aşak taşlady-da, duşman näme diýmeýär. Biderek sözler”-diýdi. Emma iki dönigiň eden etmişi ýüreginde dag goýan bolsa, bu hatyň mazmuny hakydasynda öçmejek yz goýdy. Şeýle bolsa-da, ol syr bildirmän, sözüni dowam etdirdi: -Jenaplar, eždatlarymyzdan galan “Arym köýenden Imanym köýsin" diýen aýtgy bar. Biz gara hytaýlar bilen iru-giç hasaplaşmaly bolarys. Biziň esasy garşydaşymyzyň biri gurlylar syndyryldy. Araňyzda “kimiň kömegi bilen?” diýip, içiňizi gepledip oturanyňyzyň bardygyny hem bilýän. Dogry, biz gurlylary gara hytaýlaryň kömegi bilen syndyrdyk. Muňa “Duşmandan hem peýdalanmak syýasaty” diýilýär. Galyberse-de, biziň her ýylda töläp oturan pajymyzyň hasabyna olar bize soran wagtymyz kömek etmäge borçludyrlar. Mundan beýläk biz olara paç hem tölemeris, kömegem soramarys. Biziň gara hytaýlar bilen indiki aýgytly söweşimiz diňe ar almak üçin däl, Mawerannahr musulmanlaryny bidimleriň zulmundan azat etmek üçin mukaddes söweş bolar. Biz bu beýik maksady amala aşyrmak üçin juda uly taýýarlyk görmegimiz, goşunymyzyň sanyny, güýjüni has artdyrmagymyz gerek. Şundan soň bu beýik ýörüşe atlananymyzda pirimiz Şyhabetdin al Hywaky hezretleri ak patasyny berse, enşalla, ýeňiş biziňki bolar. Horezmşanyň söňky özüne degişli sözüne Hywaky hezretleri hiç hili mynasebet bildirmedi, ýüzi-gözünde üýtgeşiklik görünmedi. Horezmşa piriň pikirini bilmek üçin oňa ýüzlenip: -Hezretim, indi Siziň pendu-pikirleriňizi diňläýsek-diýdi. Pir: "bolýar" diýen manyda başyny atdy-da, garşysynda oturanlara bir laý göz aýlap, söze başlady: -Muhterem jemagat, hökümdarymyzyň sözüni diňläp, onuň öňünde goýan maksadynyň beýik maksatdygyna düşündik. Her bir köňüldäki maksat ýagşy niýet bilen ýürege düwlen bolsa ol Allanyň hemaýatyndan çetde galmaz. Muhterem Horezmşa hezretleri, Mawerannahr musulmanlaryny bidin gara hytaýlaryň zulmyndan azat etmek üçin din gylyjyny çalsaňyz Allatagala-da, pygamberimiz Muhammet aleýhyssalamyň ruhy-da Sizden razy bolar. Emma ýaňy aýdanyňyz ýaly “Arym köýenden ymanym köýsün” diýip, ar almak üçin gan döküşlik edilse, ol dini Yslamda makullanýan iş däl. Çünki bu işe açyk ýol berilse jemgyýetde gandöküşligiň köpelmegine sebäp bolýar. Şonuň üçin Gurhany Kerimde “Äl kasasyl minal Hak” diýen aýat bar. Bu kasas Alladan gaýdar ýagny aryňyzy Allanyň özi alyp berer diýmekdir. Durmuşda munuň mysallaryny hemmäňiz hem görüp ýörensiňiz. Birine ýamanlyk eden adamyň özi-de ýamanlyga uçranynda, ony Hudaýdan tapdy diýýäris. Bu bolsa “Al kasasyl minal Hak” diýilenidir. Muny aýdanymyzyň sebäbi ýaňy Siz: “Bu diňe ar almak üçin däl” diýdiňiz. “Diňe” diýeniňiz ar almak diýen zady aradan aýyrmaýar. Niýetiňizden ar almaklygy aýryň. Horezmşa bir elini gursagyna goýup: -Hop, pirim. Biz diňe musulmanlary bidinleriň zulmundan azat etmek üçin gideris!-diýdi. Patyşanyň bu sözüne piriň nurana ýüzüne ýene-de nur çaýylyp, başy iküç gezek aşak-ýokary yrandy. Pir sözüni dowam etdirdi: -Muhterem Horezmşa hezretleri, biziň eşitmegimize görä Mawerannahra ýörüşiňiziň öň ýanynda şu ýerde geçen meşweretde Siz jahangirlik meýli bilen çykyş edipsiňzi. Şu mynasebetli Yslamyň jahangirlige ýagny ýurt basyp almaklyga garaýşyny Size ýatlatmak isleýärin. Eger basyp alynjak ýurt bidinleriň ýurdy bolup, ony dini Yslama girizmek maksadynda alynsa ýa-da ol ýurtda adalatsyzlyk höküm sürüp, halk mundan jebir çekýän bolsa, ol ýerde adalat ornatmak üçin alynsa, galyberse-de, bir näçe maýda döwletler özara uruşlar edip, halkyna azar ýetýän bolsa halkyň parahat ýaşaýşyny üpjün etmek maksadynda merkezi döwlete birikdirilse Yslamda bular makullanýar. Emma adalat berkarar, halkynyň durmuşy eşretli özbaşdak ýurdy basyp almak, şonuň ýaly-da olja almak, talaňçylyk üçin bir ýurda goşun çekip, gan döküşlik edilse Yslamda bular zulum hasaplanyp ýazgarylýar. Aly hezret, bular barada Size ýatlatmagymyň sebäbine özüňiz düşünseňiz gerek. Şyhabetdin al Hywaky hezretleriniň soňky sözi Horezmşaga ýaramasa-da piriň hormatyny saklap, goluny gursagyna goýup, “Düşündim” diýen manyda başyny atdy. Emma Horezmşa “Düşündim” diýip başyny atsa-da, basybalyjylyk zamanynda piriň bu aýdanlary düşünilmeýärdi. Horezmşanyň özi-de bu nogsandan daşda däldi. Ol Horasany, Mazandaran, Tabarystan ýaly Hazarýaka ülkeleri basyp alanynda piriň aýdan Yslamyň kadalary ýadynada düşenokdy. Çünki maksat ähli kadalardan ileridi. Maksat bolsa Horezmini dünýäniň gudratly beýik döwletine öwürmekdi. Muhammet şa ýygnanyşygy sowup, özüniň aram otagyna bardy. Onuň kellesinde Horasana, Tabarystana goşun çekip, ol iki dönügiň jezasyny bermek pikiri aýlanýardy. Ýöne şu wagt gara hytaýlaryň derbi-dagyn eden goşuny bilen ýörüşe çykyp bolmaýanlygy sebäpli täze goşun toplaýança garaşmalydy. Ol oýa çümüp, goşunynyň güýjini dikeltmegiň rejesini düzüp oturşyna göz öňüne Kezlik han bilen Alyşanyň keşpleri geldi, olara näme jeza berjegini göwnüne düwüp goýdy. Emma olara ölüm jezasyny berse-de içiniň sowamajagyny bilýärdi. “Toba, adamlar näme beýle tiz üýtgeýärlerkä? Bu gün öňüňde gol gowşuryp, wepalylygy hakynda ant içip-awy ýalap duranlar erte gözüňden daşrak gitseler senden ýüz öwürýärler. Bu etmişleri üçin erte olara ölüm jezasynyň garaşýandygyny bilmeýärlermikä? Olary ölüme itekleýän işi etmäge näme mejbur edýärkä?”-diýip, içini gepleden Muhammet şa özüni ölüme itekleýän beýle işi etmäge adamy näme mejbur edýänini gowuja oýlansa düşünerdi. Onuň özüniň aýdyşy ýaly biriniň öňünde gol gowşurdýan tabynlyk duýgusy bilen hiç kime garaşsyzlyk, azatlyk duýgusynyň örän uly tapawudy bar-a! Birinjisiniň nägadar ajydygy, ikinjisiniň juda süýjüdigi belli ahbetin! Ine şu azatlygyň süýji duýgusy ölüm howpuny-da ýeňip geçýär. Bu wagt Muhammet şanyň kellesine beýle pikirler gelenokdy. Onuň kellesinde özbaşdaklyga bil baglan şol adamlara jeza bermek pikiri at salýardy. Dürli oý pikirlere berlip oturan Muhammede günortanlyk nahar wagtynyň bolanyny aşgazany habar berensoň ol özüne gelip, ejesiniň huzuryna ugrady. Ol käbesi bilen saçak başynda häzirki dörän ýagdaýlar barada pikir alyşmakçydy. Terken hatyn şa oglunyň özi bilen günortanlyk edinmäge gelenine juda begendi, saçaga dürli ir-iýmişler, naharlar getirtdi. Saçak başyndaky gürrüň ýene şol iki dönük-Kezlik han bilen Alyşaga syrykdy. Muhammet: -Men Kezlik hany beýleki emirler bilen tabynlykdan boýun towlan Hyrady gaýtadan boýun egdirmek üçin iberipdim. Ol şol ýere baran bolmaly. Soň nähili Nyşapura gelip, özbaşdaklyk yglan edip ýör?-diýip, ejesinden jikme-jigini bilmek üçin sorady. -Düýn geleniňde men saňa bu gepi aýtmandym. Men Kezlik hanyň ýanymdaky uýasyna bu şum habar Horasan taraplara-da baryp ýeter. Sen agaňa meniň adymdan hat ýaz. Ol taraplarda baş-başdaklyk ýüze çykaýmasyn, Kezlik han goşuny bilen ägä bolup dursun diýipdim. Haty alan badyna ol Hyradyň gabawyndan, başgalara hiç zat diýmän, aýrylyp, Nyşapura gelipdir-de, baş-başdaklykdan ägä bolup durmagyň deregine özi özbaşdaklyk yglan edipdir, haramzada. Alyşaga bolsa kimiň habar ýetirenini bilmedim. Soňy bähbit bolsun, oglum. Gysynma. Olaryň özbaşdaklygy bäş gündir. Seniň sag-aman ýurda dolanyp geleniňiň habaryny eşidenlerinden syçanyň hini müň tylla döner olara-diýip, Terken hatyn soñunda Muhammede synçy nazaryny dikip sorady: - Olar ele salynsa näme jeza bermekçi bolýarsyň? - Elbetde, ölüm jezasy. Dönüklere başga näme jeza bermeli? - Oglum jeza berlende onuň soňuny oýlanyp bermeli. Gyzmalyk bilen berlen jezanyň akybeti gowy bolmaýar. - Näme, Jeza berme olara diýjek bolýaňyzmy? - Ýok, beýle diýmekçi däl. Alyşa seniň ganybir doganyň, kim dönüklik etse-de, ol dönüklik etmeli däl. Şonuň üçin onuň günäsini geçip bolmaýar. Onsoňam oňa näme jeza berseňem soňunyň akybeti, saňa zyýany ýok. Emma Kezlik hana ölüm jezasyny berseň akybeti ýaman bolar. Sebäbi ol gypçaklaryň garyndaşy hem-de hormatlaýan, öňe tutýan adamy. Onuň ölümi gypjaklary aýaga galdyraýmagy ahmal - diýip, Terken hatyn garyndaşyny ölümden alyp galmak üçin ogluny gorkuzmaga synanyşdy. Emma Muhammediň ýüregini gorky däl-de gahar eýeledi: “Men atabir şazada doganymy öldürtsem oňa garşylygy ýok. Eger Alyşany özi dogran bolsa beýle diýmezdi. Günesiniň perzendi bolany üçin onuň ölümini isläp “günäsini geçip bolmaz” diýip otyr. Öz garyndaşyna gezek gelende gör onuñ delil tapyşyny" diýip, öz ýanyndan pikir öwren Muhammet: - Käbäm, gypçaklar, gypçaklar diýip alyp ýatdyňyz. Miras düşer bellänimizde-de şu gypçaklar öňe sürüldi. Men haçana çenli Siziň gypçaklaryňyzdan gorkup, iş etmeli?!-diýip, naharyň omynyny etdi. Indi maňa rugsat beriň, gaýdaýyn, işlerim köp-diýip, ol ýerinden turdy. - Oýlan meniň aýdanlarymy, oglum. Men näme diýsem, seniň peýdaňy gözläp diýýän-diýip, Terken hatyn hem ýerinden turdy. Muhammet geplemän çykyp gitdi. Terken hatyn onuň geplemän çykyp gidenini “Dymmak razylyk alamaty bolsa gerek” diýip düşündi. *** Horezmşa Muhammet gahar gazabyň hyjuwy bilen Horasana ýörüş etmek üçin bu sapar hazynanyň hasabyna goşunynyň güýjini dikeltmäge girişdi. Şu arada ol gara hytaýlaryň elinde galan dosty Ibn Masud barada hem gaýgy edýärdi. Özüni girewe goýup, ony ýesirlikden azat etmegiň aladasyny eden wepadar dostunyň ykbaly ony biynjalyk etmezligi mümkin däldi. Ibn Masudyň bagty bar eken, ol köpe çekmän, wagtynda halas bolup gelip, Muhammet şany hem begendirdi. Dostunyň sag-aman gelmegi Horezmşany diňe begendirip goýman, onuň ruhuny hem göterip, has gaýrata galdyrdy. Gysga wagtyň içinde ol goşunyň güýjini aslyna ýetirip, Horasana tarap ýörüşe başlady. Ibn Masud hem şanyň geňeşdary hem-de hajyby hökmünde onuň ýanyndady. Nyşapurda Horasanyň özbaşdak hökümdary bolup oturan Kezlik hanyň ýitirim bolan Horezmşanyň Gürgenje gelenini eşideninden ýüregine bükgüldi gidipdi. Indi onuň goşun çekip üstüne gelýändigi hakyndaky habar ony girmäge deşik gözlemäge mejbur etdi. Ol indi nirä barsa-da eli boş barsa gowy kabul edilmejegini oýlanyp, döwletden öň ogurlanlaryndan başga-da Nyşapuryň gaznasyny sypyryp, Horezmşa Horasana ýetip gelmänkä Terken hatyny penalap, Gürgenje gaçdy. Terken hatyn garyndaşyna känbir ýüz bermese-de, egnindäki horjuny görüp, ony kabul etdi. -Hudawendi jahan hanym, ýeke-täk howandarym, halasgärim Siz. Meniň günämi geçiň. Men başymyň hununy hem getirdim. Bu diňe ikimiziň aramyzda galar-diýip, Kezlik han altyn dinardan doly horjuny Terken hatynyň öňünde goýdy. -Maňa seniň hunuň gerek däl. Munyň şu ýerde dursa dursun, özüň häzir bu ýerlerde görünme-de, Tekeş soltanyň kümmetine baryp ýaşap dur, soň göreris-diýdi. Kezlik han kümmete baryp bir gün ýaşap-ýaşamanka “Soň göreris” diýen Terken hatyn ynamdary wezir Muhammet ibn Salyhy çagyryp: -Hökümdaryň Kezlik hany gözläp ýörmesin, onuň kellesini oňa iber-diýdi. Horezmşa Muhammet ýörüşiň dowamynda ýol ugruna Horasanyň şäherleri Nusaý, Şähristan, Abuward we Habuşanda birazdan eglenip, ol ýerlerdäki Kezlik hanyň emeldarlaryny şol ýerleriň özündäki horezmliler bilen çalşyryp, tertip-düzgüni ýola goýdy. Habuşanda bolsa uly atasy Horezmşa Atsyz hezretleriniň dünýäden öten ýerinde onuň ruhuny hatyralap sadaka berdi, aýat-töwür okadyp, degsin etdirdi. Märekäni sowup, geňeşdäry we dosty Ibn Masud, serkerdeler bilen Nyşapury zabt etmegiň gürrüňini edip oturanlarynda gapyda duran serbazlaryň biri girip, tagzym etdi-de: -Aly hezret, Gürgençden çapar geldi, kabul etmegiňizi soraýar-diýdi. Muhammet şa öz ýanyndan “Näme bolduka, bir adatdan daşary waka bolmadyk bolsa yzymdan çapar ibermezdiler” diýen howatyr bilen: -Çagyryň çapary, gelsin!-diýdi. Çapar elinde bir çaklaňja guty bilen girip, tagzym etdi-de, dyza çökdi. Horezmşa: -Aýt habaryňy! Eliňdäki näme?-dýidi. Çapar: -Aly hezret, muny Size kabäňiz berip goýberdi-diýip, gutunyň gapagyny açdy-da öňe süýşürdi.Gutuda Kezlik hanyň kellesini gören Muhammet şa garyndaşynyň günäsini geçmegini sorap oturan ejesiniň bu eden işine juda haýran galdy: “Munuň bir sebäbi bardyr. Ýogsa başga ýere gaçman, özüni penalap baran garyndaşyny beýitmezdi”-diýip oýlandy. Sebäbiniň Kezlik hanyň göterip baran horjunyndadygyny ol şol wagt nirden bilsin. Horezmşanyň goşuny Nyşapura baryp ýetende oňa hüjüm etmek, zabt etmek gerek bolmady. Şäheriň açyk derwezesinden Horezmşany garşylamak üçin çykyp gelen ulamalar, kethudalar, bu ýerdäki goşun bölüminiň serkerdeleri, käbir köşk hadymlary barmak büküp sanardan köpdi. Olar Horezmşaga hoşallyklaryny bildirip, hoş sözler bilen ony mübäreklediler. Ol şu ýerde Kezlik hanyň öňräk gaçanyny, şähere girip, köşge baranynda hazynany hem sypyryp alyp gidenini bildi. Ine şunda Muhammet şa Kezlik hanyň baýlygy bilen Nyşapuryň hazynasy ejesiniň eline düşenini aňyp: “A-how! Bu niçik boldy? Kempirşa yzymdan kelle bilen çapar iberip, “Kezlik hanyň kellesi saňa, baýlygy maňa” diýen ýaly etdi-le!”-diýdi içinden. Ol Kezlik han gaçandan soň dargan döwlet düzümini dikeltmek, onuň tarapdarlaryndan köşgi arassalamak üçin Nyşapurda iküç gün galmaly boldy. Şu günlerde-de onuň kellesinden ejesiniň eden işi çykanokdy. “Kezlik hanyň alyp baran altynlaryna göz gyzdyraýdymyka ol? Özüniň baýlygy-da bir welaýatyň baýlygyndan az däl-ä! Näçe welaýatda ykta erleri bar. Alnan ülkelerde-de oňa mülk paýy berlen...” diýip oýlanýardy. Bir dynç alyp, çaýbaşynda oturanlarynda ol içine sygdyryp bilmedik sowalyny dosty Şyhabeddin ibn Masuda berdi: -Şyhabeddin, adamyň gözüni baýlykdan doýduryp bolýarmy? Ibn Mäsud hemişe şanyň ýanynda ýöreni üçin hemme zatdan habary bolansoň onuň aňyndaky, ýüregindäki ünjüsini duýýardy. -Aly hezret, Siziň bu sowalyňyz bir rowaýaty ýadyma saldy. Diňleseňiz aýdyp bereýin, şolam Siziň sowalyňyza jogap bolar. -Diňläýin, aýdyň. -Günleriň birinde Iskender Zülkernaýnyň ustady Eflatun Iskenderiň ýanyna boýy bir garyş haltajyk bilen gelipdir-de: “Oglum Iskender sen maňa şu haltajygy dolduryp, altyn bersene” diýipdir. Iskender: “Ustad, Size altyn gerek bolsa hazynamyň ýarysynam bereýin, bujagaz haltajyga näme sygar, köpräk alyň” diýipdir. Eflatun kellesini ýaýkap: “Ýok, maňa şu haltajyga sygany bolýar. Hazynaňa ýör, öz eliň bilen salyp ber”-diýipdir Hazynahana barypdyrlar. Eflatun haltajygyň agzyny açyp durupdyr, Iskender üýşüp harman bolup ýatan altynlardan bir goşowuç salypdyr-da haltajyk dolandyr öýdüp seretse, ýokam bolmandyr. Iskender goşowuçlap ýene-de salyp ugrapdyr. Ol näçe salsa-da, haltajygyň şol bolşumyş. Iskender bu haltajykda bir syryň bardygyny bilip: “Ustad, bu niçik keramat?”-diýip sorapdyr. Eflatun haltajyga salnan altynlary aşak döküpdir-de: “Haltajygyň düýbine seret”-diýipdir. Iskender haltajygyň düýbinde bir jübt ýyldyrap duran gözi görüp, haltajygyň syryna düşünipdir. Eflatun: “Indi düşünen bolsaň gerek. Bu haltajyga hazynanyň baryny salsaňam dolmaz. Çünki adamyň gözüne dünýäden doýmak ýok. Senem köp ýurtlary aldyň, näçe hazynalary eýelediň. Indi besdir, oglum. Gözüň doýaýsyn” diýipdir. Emma Iskenderiň gözi ölüm düşegine ýatýança doýmandyr. Jahangirligini dowam etdiripdir. Haçanda agyr derde uçrap ölüm düşegine ýatanda ustadynyň aýdanlary ýadyna düşüpdir. Ol: “Meni gabrystana alyp barýarkaňyz iki elimi tabytdan çykaryp goýuň. Adamlar elimiň boşdugyny görsünler-diýip, wesýet edipdir” Ibn Masud rowaýaty tamamlap, Muhammede köp manyly seredip goýdy. Horezmşa başyny atyp: “Sapak edinmeli rowaýat ekeni” diýdi. Emma onuň özi sapak edindimi? Muňa taryh şaýat... Muhammet şa Nyşapurda işleri bir ýanly edip, Tabarstanda özbaşdak häkim bolup oturan inisi Alyşanyň “habaryny tutmak” üçin Tabarystana atlananynda, onuň Mahmyt soltany penalap, Fizirkuha gaçanlygy hakynda habar gelip, atynyň başyny entegem gabawdaky Hyrada tarap burdy. Horezmşanyň Hyrada goşun çekip gelmegi bu ýerde näçe aý bäri şäheri netijesiz gabap ýatan leşgeriň biraz ruhuny göterdi. Emma Horezmşanyň hem gelip, bitiren goşy bolmady. Şäheriň daşyna aýlanan dört hatar berkden-berk beýik gala diwarlaryndan guş uçup geçäýmese adam oglunyň hiç hili mümkinçiligi ýokdy. Manjalyklardan atylan daşlar bilen hem dört hatar diwardan ýol açjak bolsaň azyndan on ýyl gerek diýdirýärdi. Horezmşa wezir Sadaddin Rindiniň öň: “Şäheri Horezmşanyň özi gelse bererin” diýenini oňa ýaýda atylan hatyň üsti bilen ýatladyp hem gördüler. Wezir ol sözünden dänip “Hyrat gurlylaryňkydyr, gelse ony Mahmyt soltana berjek” diýip, jogap gaýtardy. Weziriň kesirligi zerarly bir ýyla golaý wagtdan bäri gabawdaky şäherde açlyk başlanýar. Açlyga çydamadyk ilat bir derwezäni açyp, horezmlilere şäheri eýelemäge mümkinçilik döredýär. Horezmşa leşgere şäherde talaňçylyk etmegi gadagan edýär, daşardan azyk harytlaryny getirdip, açlara paýladýar. Ýesir alnan wezir Sadaddin Rindini köşkde ýerleşen Horezmşanyň ýanyna getirenlerinde ol entek garrylykdan daşrakda, saçy-sakgalyna ýaňy ýeke-täk ak aralan wezire synçy nazaryny dikip: -Sen adam, bu kesirligiňi özüň näme diýip düşünýärsiň, watansöýüjilikmi, batyrlykmy?-diýdi. -Aly hezret, watanyny söýmeýän adam batyr bolup bilmeýär-diýip, wezir pert jogap berdi. -Diýmek, sen watanyňy söýeniň üçin batyrlyk görkezipsiň-dä, şeýlemi? -Men watanymy söýýänligimi görkezjek boldym. Söýgülisini çyn ýürekden söýen adam kellesini berse-de, söýgülisini kesekä bermez. Horezmşa ajy ýylgyrdy-da: -Onda seniň öz aýdanyň bolaýsyn-diýip, wezire seretdi. Şanyň aýdanyna düşünenem bolsa onuň ýüzi jindigem üýtgemedi. Horezmşa “Hakykatdan hem batyr adam eken” diýip, weziriň mertligine ten berse-de, gapyda duranlara: “Alyp çykyň!” diýen yşaraty etdi. Weziri alyp çykyp gitdiler. Ol biçäre öz aýdany ýaly söýgüli şäheri üçin kellesini bermeli boldy. Horezmşa Hyratda uzak saklanmady, daýy toparyndan bolan emir Mäligi waly belläp, bir bölüm goşun hem berdi. Oňa gurlylaryň soňky paýtagty Fizirkuha goşun çekip, soltan Mahmyt bilen ol ýeri gaçybatalga edinen Täjeddin Alyşany tutup, Gürgenje ibermegi tabşyrdy, özi-de goşuny bilen Gürgenje gaýtdy. Paýtagtyna uly dabara bilen gelen Muhammet şanyň ilki bilen görüşjegi, elbetde käbesi Terken hatyndy. Ýöne ony küýsäni, görersi geleni üçin däl-de, onuň şol “eden işiniň” sebäbini bilmek, has dogrusy duşuşanlarynda özüni nähili alyp barjagyny, nämeler diýjegini bilesi gelýänligi üçindi. Terken hatyn Muhammedi hemişekisi ýaly güler ýüz bilen garşylady: -Sag-aman geldiňmi, oglum? Saparyň şowly boldumy?-diýip, bilesigelijilik bilen sorady. Muhammediň beren gürrüňinden soň: -Menem saňa bir sowgat iberipdim, nähili gördüň?-diýdi. -Men-ä sowgadyňyzy bir hili gördüm, käbäm. Özüňiz onuň günäsini geçmegimi sorap, birnäçe deliller hem aýdypdyňyz, soň näme üçin beýitdiňiz? -Oglum, syýasatda inçelik gerek. Men senden onuň günäsini geçmegiňi soranymda hiç zat aýtman çykyp gitdiň. Men seni, aýdanymy etmän, ony Horasanda tutup öldürse, öň aýdanym ýaly gypjaklardan özüne kän duşman artdyrar, goşunyň içindäki duşmanlar has howply diýip, howatyr edip, oturanymda ol öz aýagy bilen geläýdi. Onsoň men pursady elden bermän, gypçaklaryň maňa ýamanlyk edesleri ýok diýip, olaryň duşmanlygyny senden sowmak üçin şol işi etdim. Ejesiniň gepindäki mantyk, delil Muhammedi oýlandyrdy. “Käbäm bu işi diňe meni goramak üçin etdimikä ýa meniň gümanymyňam jany barmyka?” diýip, içinde dörän sowallary anyklamak üçin ejesine sowal bilen ýüzlendi: -Käbäm, “öz aýagy bilen geläýdi”-diýdiňiz, ol başga ýere gaçman, Sizden haraý isläp gelipmi? -Hawa-da “Ÿeke-täk halasgärim Siz bir çemçe ganymdan geçiň, hunumy hem getirdim" diýip, birki goşowuç altynam öňümde goýup, aýagyma baş urup otyr. -Birki goşowuç? Başgasyny nätdikä? Ol öz baýlygyndan başga Nyşapuryň gaznasynam syryp alyp gaçypdyr-diýip, Muhammet şa ejesiniň ýüzüne synlap seretdi. Terken hatyn içki dünýäsinde harasat gopsa-da, daşyndan bildirýån aýal däldi.. -Şeýdipmi, haramzada? Jezadan gutulyp galsam, gerek bolar diýip, gizländir bir ynançly ýerinde-diýip, gepi başga tarapa sowdy. -Indi gara hytaýlar barada näme pikiriň bar? Muhammet ejesiniň soňky aýdanyna ynanjagyny-da, ynanmajagyny-da bilmedi. Şonuň üçin onuň sowalyna göwünli-göwünsiz jogap berdi. -Entek, bir karara gelmedim. -Özleri paç talap edip gelerler. Iki ýyl bäri paç berilmedi. Entek olara güýjüň ýetmeýän bolsa bermeli bolar pajy. -Gelseler göreris, bermelimi, bermeli dälmi. Kezlikhan ogurlap gaýdan dinarlaryny bütinligine getireninde pajy şondan bererdik, hazyna agyr düşmezdi-diýip, Muhammet ýüzüni kesä sowdy. Terken hatyn oglunyň sözüniň aýlawyna we ýüzüni kesä sowmagynyň manysyna düşünmezligi mümkin däldi. Ýöne özüni gepiň göni manysyna üns beren kimin görkezip: -Hazyna agyr düşjek bolsa, men özüm bererin, oglum-diýdi. Muhammet çalaja ýylgyryp: -Teşekkür käbäm. Sag boluň! Ýöne men ony Siz öz hasabyňyzdan berseňiz hem gynanjak. Gep pulda däl, käbäm. Kimedir paç bermek horezmşalar üçin kemsidilme bolup geldi. Mundan beýläk beýle kemsidilmäge çydap bolmaz-diýdi. -Muhammet, howlukmaçlyk etme. Her işiň özi wagty bar. Entek gara hytaýlary syndyrmaga güýjiň ýetmez. Bir synanyşyp gördüň-ä. Täs özüň heläk bolupdyň. Gara hytaýlara beýik serkerde Soltan Sanjar hem bäs gelip bilmedi. Katawanda bolan jeňde gara hytaýlar onuň goşunyny derbi-dagyn etdi, özi zordan gaçyp gutuldy. Muny taryhdan özüň hem bilýäsiň. Wagty geler, garaş, taýaýrlan. Enşalla, bir gün syndyrarsyň gara hytaýlary. Bilesigeliji kempir Muhammedi gaýtjak wagty ýerinden turuzman, ýene sowal berip saklady: -Emir Mälik, ýaňy gürrüň berişiň ýaly Fizirkuha goşun çekip, şäheri alsa, soltan Mahmyt bilen Alyşany tutup, bäri iberse, olary näme etmekçi bolýarsyň? -Emir Mälik olary ele salyp bilermi, bilmezmi Hudaý bilýär. Ele salsa bäri iberer, gelibersinler göreris. Özleri bilen gepleşip göreli, näme diýerlerkä. -Özleri bilen gepleşseň seni ýumşadarlar. Ant içerler-awy ýalarlar jezadan gutulyp galarlar. Munuň ýaly ýagdaýda patyşa aýgytly bolmalydyr. Sen olaryň gepine garamaly dälsiň, öz bähbidiňi aramalysyň. -Olary öldürmekden meniň näme bähbidim bar? -Bar bähbidiň. Guruň soltany aýatda bar bolsa, ol döwletiň entek synmadygy, halkynyň döwletinden tamasy üzülmez, özüni seniň raýatyň hasaplamaz. Täjetdine gelsek, oňa iniň bolansoň dözmezligiň mümkin. Emma oňa tagta çykmak üçin mümkinçilik dörese, ol seni gaýgyryp oturmaz. Tagtyňa dawagär beýleki garyndaşyň Hindu han Guryň soltanlary Gyýasetdin bilen Şyhabetdin al Gurlylaryň soltanaty synandan soň başga hemaýatgär tapman başyny alyp Gurdan çykyp giden bolmaly. Indi ondan saňa howp ýok. Alyşadan bolsa bar. Şonuň üçin bu garyndaşyňdan hem dynanyň ýagşy. -Bä, käbäm, islendik zada delil tapaýaňyz. Gelibersinler, göreris-diýip, Muhammet ýerinden turdy. Terken hatyn: -Göreris diýme, meniň aýdanlarymy oýlanyp gör-diýip, ogluny ugradýarka nygtady. Muhammet şanyň oýlanyp görmelisi ol iki adamyň jezasy däldi, gara hytaýlardy. “Ýykylan göreşden doýmaz” diýenleri ýaly ýene göreşe çykmakçydy. Mawerannahrda goşunynyň derbi-dagyn bolup, özüniň hem ýesir düşmeginiň yzasy entegem ýüreginden çykmandy. Onuň häzirki maksady gara hytaýlardan diňe ar almak däl-de, şol döwleti syndyryp, paç tölemek ýaly kemsidilmeden dynmakdy. Munuň üçin güýç toplamalydy, örän uly güýç. Munuň üçin zerur serişdäni diňe hazynadan däl, öňki sapardaky ýaly Gürgenjiň baýlary bilen ilatdan hem toplamalydy. Şeýdip uly güýç we uly ynam bilen ýörüş etse, söweş meýdanynda Allatagala, elbetde, ýeňişi peşgeş berer. Şeýle arzuw-umyt bilen Muhammet şa diňe öz güýjüni artdyrmak bilen çäklenmän, Samarkandyň soltany Osmana nama ýollap, bidinleriň garşysyna güýç toplamagyny, şeýle hem Maherannahryň beýleki emirleriniň güýjüni bir ýere jemlemegi tabşyrdy. Şu aladalar bilen gümra bolup ýören Muhammet şanyň Amir Mälige tabşyran işi ýadyna-da düşenokdy. Şu arada oňa serbazlar Fizirkuhdan iki ýesiri alyp gelenlerini aýdanlarynda Amir Mäligiň tabşyrygy berjaý edendigini bildi. -Getiriň ýesirleri-diýdi. Täjetdin Alyşa bilen soltan Mahmydy alyp gelip, Muhammet şanyň oturan tagtynyň öňünde dyza çökerdiler. Ýesirler adatdaky ýaly ýere bakyp, müýnürgenip oturmadylarda Muhammetşaga “Näme gepiň bolsa aýdyber” diýen ýaly dik seredip oturdylar. Muhammet şa ilki Mahmyt soltana söz gatdy: -Jenap, size “Mahmyt soltan hezretleri” diýip, ýüzlensek, şu oturşyňyza gelişmez-diýip ýaňsyly ýylgyrdy. -Şonuň üçin “jenap Mahmyt” diýiberäli. -Näme diýseňizem hakyňyz bar, çünki zamana zoruňky. -Ejiz bolandan zor bolan gowy dälmi?-diýip Muhammet ýene ýaňsyly äheňde aýtdy. -Elbetde gowy, ýöne zoruň ejiziň üstünden gülmegi ony öldüreninden gowy däl, muhterem Horezmşa hezretleri. Horezmşa bir hili boldy. Hakykatdan-da ejizlän adamyň üstünden gülmek zorlugyňa buýsanmak, ulumsylyk etmek bolup, bu salyhatly, mertebeli kişä gelişmeýändigini duýdy. Guryň soltany sözüni dowam etdirdi. -Aly hezret, men Size tabynlygymy öň aýdypdym. Tabyn ýurdyň üstüne goşun çekip gelmek nämä gerek. Men muny Emir Mälige aýtdym. Ol Horezmşanyň buýrugy diýdi. Biziň tabynlygymyz ýadyňyzdan çykdymy ýa? -Ýok, ýadymdan çykmady. -Onda meniň näme günäm bar? Näme üçin meni ýesir edip, bäri getirdiler? -Günäňiz bar, Mahmyt soltan. Günäňiz ine ýanyňyzda otyr. Siz özüňiziň aýdyşyňyz ýaly bize tabyn ýurdyň hökümdary bolýan bolsaňyz, bize dönüklik eden adamy öz penaňyzda saklap oturmaly däldiňiz, ony tutup, elini arkasyna daňyp, Gürgenje berip goýbermelidiňiz. Siz öň Hindu hany-da gujak açyp garşy aldyňyz. Dogry, bu bize tabyn bolmazyňyzdan öň boldy. Ýogsada ol häzir nirede? -Ol “Haj parzymy berjaý etjek” diýip, Mekgä gidipdi. Mahmyt soltanyň jogaby häli ejesiniň Hindu hany “başyny alyp Gurdan çykyp giden bolmaly” diýenini ýadyna saldy. Ol: “Käbämiň jansyzlary oňa hemme zaty ýetirýärler-ow” diýip, içinden gülüp goýdy, soňra Mahmyt soltana garap: -Günäňiziň nämeden ybaratdygyny bildiňizmi? Eger siz meniň şu aýdanymy eden bolsaňyz öz tagtyňyzda biziň ýaranlarymyzyň biri bolup, ýurdyňyzy sorap oturardyňyz-diýdi. -Aly hezret, musulmançylykda gapyňdan pena diläp gelen adama pena bermezlik ýazgarylýandyr-diýip, Mahmyt soltan başyny aşak saldy. -Dogry, eger pena sorap gelen adam dostyňyň duşmany bolmasa. Dostunyň duşmanyna dostluk eden adam dostynyň duşmanyna öwrülýär. Şuny bileňzokmy? -Aly hezret, Täjeddin Alyşa Siziň duşmanyňyz däl ahyry. Iniňiz. - Duşmanlyk öz iniňden çyksa, kesekiden çykandanam ýaman. Biz merkezleşen soltanat düzmek üçin nädiýen azap çekip ýörüs. Alyşa bolsa soltanatyň bitewüligini saklamakdan ötri ony dargatmagyň ugruna çykyp, özbaşdaklyk yglan edip, biziň adymyzy hütbeden aýyrdyp, halyfyň adyny goşdurypdyr. Belki, halyf oňa Horezminiň tagtyny alyp bermegi wada berendir. Öz iniň şeýtse, başgalar näme etmeýär! -Başgalaryň biri men, Aly hezret. Men özbaşdaklyk yglan etmedim-diýip, Mahmyt soltan gep dogry gelende özüni aklajak boldy. -Bilýän. Siz tabynlygymyza geçeniňizde bize gymmat bahaly sowgatlar, bir ak pil hedýe edip geçdiňiz. Ýöne bu hedýeler günäňizi ýuwmaýar. Şeýle-de bolsa ynsanperwerlik edip sizi ýokary jezadan azat edýän. Bizde girewde saklanýan beýleki ülkeleriň baştutanlary bilen ýaşarsyňyz. Indi Täjeddine gelsek, munuň bilen bir wagtda bize dönüklik eden Nyşapuryň walysy Kezlik hanyň kellesi bir eýýam alyndy. Dönükleriň birini jezalap, beýlekisini, öz inim bolsa-da, jezadan boşatsak adalatdan bolmaz. Özüň nähili pikir edýärsiň, Alyşa? -Men senden rehim-şepagat soraman, islän jezaňy beriber! Ýöne bilip goý, seniňem soňuň abat bolmaz! Muhammet şa onuň gepine üns bermedik ýaly edip: -Alyp çykyň bulary!-diýdi. Iki serbaz Alyşanyň iki çigininden tutup alyp gitdiler, Mahmyt soltany bolsa serbazlaryň biri “ýörüň” diýen yşaraty edip, öňüne salyp, alyp çykdy. Bu ýerde oturan wezir- wekiller ýesirlere berlen jezany makullap seslendiler. Weziri agzam Muhammet ibn Salyh: -Aly hezret, adalat etdiňiz. Siziň öz iniňiziň günäsini geçmän jezaga çekmegiňiz taryha adalatyň nusgasy hökmünde ýazylar-diýip ýaranjaňlyk etdi. Muhammet şa oňa kinaýaly nazar bilen seredip: -Eger adalatly jezalar taryha ýazylýan bolsa, ony käbir napäk adamlara-da ulanarys-diýdi. Wezir bu gepiň özüne kakdyryp aýdylanyny bilse-de, bilmediksirän bolup: -Siziň taryha ýazylman galjak işiňiz, emriňiz, permanyňyz ýokdyr, Aly hezret-diýdi. Weziriň beýle ýaranjaňlygy şanyň ýeňsesini gataltdy. Ýöne gepi uzaldyp oturmady. Muhammet şa işinden soň adatyna görä aýallarynyň biriniň ýanyna barmazyndan öň käbesiniň huzuryna bardy. Terken hatyn ony hemişekisinden sowugrak garşy aldy. Beýle garşy alynmagynyň sebäbini Muhammet düşündi. “Muňa eýýäm ýetiripdirler-ow” diýip, serinden geçireninden ejesiniň etjek teýenesine serinde jogap taýýarlady. Muhammet geçip oturanyndan Terken hatyn oňa närazy nazar bilen seredip: -Oglum, ejeň diňe seniň bähbidiňi arap maslahat berýär. Sen bolsa ejeňiň sözüni, diňe sözüni däl özüni-de äsgereňok. Alyşany jezaga çekip, Guruň soltanyny näme üçin jezadan boşatdyň? Men onuň ýok edilmeginiň ähmiýetini düşündiripdim ahyry-diýdi. - Käbäm, men Alyşany-da jezaga çekmekçi däldim. Siz öz garyndaşyňyz. Kezlik hany katyl etdireniňizden soň men öz inimi jezadan azat etsem menden gaty görersiňiz öýdüp, ony diňe Siziň göwnüňiz üçin jezaga çekdim. Mahmyt soltana gelsek, ol biçäräniň dogry seretseň katl eder ýaly günäsi ýok. Ol öz ygtyýary bilen birnäçe sowgatlar berip tabynlygymyza geçdi, Alyşa ýaly özbaşdaklyk hem yglan etmedi, ýurdynda adym hütbede okalyp dur. Onsoňam Ämir Mälik goşun çekip baranda hiç hili garşylyk görkezmän, serbazlarymyzyň öňüne düşüp gaýdypdyr. Ine şu ýagdaýlary-da nazara alman, men ony katl etdirsem adalatdanam, ynsapdanam bolmaz ahyr, käbäm. -Adalat başga, syýasat başga, Muhammet! Adalat bilen däl, syýasat bilen ýeňiş gazanyp bolýar. Şuny ýadyňdan çykarma! Muhammet ejesi bilen artyk çekişip oturmagy islemän dymdy. Terken hatyna-da täsir eden zat-kimiň jezalanyp, kimiň jezalanman galany däl-de, beren maslahatyna oglunyň doly amal etmedigidi. Hernä bu sapar eneli-ogluň arasyndaky jedel ula ýazman, soňunda mylakatly hoşlaşdylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |