07:22 Gürgenç / 3-nji kitap -15 | |
XV BAP
Taryhy proza
Durmuşda ähli uly işleriñ başlanyşy kynçylyksyz bolmaýar. Kynçylyklary ýeñip, işi ýola ugrukdyryp goýberýänçäñ diñe wagt däl, güýç-gaýrat hem zerur bolýar. Muhammet hem kakasynyñ Alaweddin adyny alyp, horezmşalaryñ tagtyna çykan gününden şazadalyk döwründäki parahat durmuşyndan oba göçdi. Ol indi aladalar, teşwüşler, hatda howp-hatarlaryñ girdabynda aýlanýardy, sähel gowşaklyk etdigiñ girdabyñ demine düşen zady aýlap-aýlap ýuwdup goýberişi ýaly ahwala düşmegi ahmaldy. Ol özüniñ şalyk makamyny külli Horezme ykrar etdirip, dostu-duşmanyny boýun egdirýänçä, daşary syýasaty gaýra goýup durmaly boldy. Bu işde oña ejesi Terken hatynyñ hemaýaty hem gerekdi. Hemaýat etmek diñe Muhammede däl, Terken hatynyñ özüne gerekdi. Oglunyñ hökümdarlygy berkidilse, özüniñ hökmürowanlygynyñ berkarar boljagyny bilýärdi. Şonuñ üçin ol özüniñ gypjak beglerine goşunyñ, döwletiñ içini şübheli adamlardan arassalatdy hem-de olaryñ esasy orunlara bellenmegini gazandy. Şeýlelikde Alawetdin Muhammet Horezmşanyñ täji-tagty berkarar bolan ýaly boldy. İndi ol ýurtdan daşardaky ýagdaýlar, Horezmiñ tabynlygyndaky ülkelerde bolan wakalar bilen gyzyklanmaga mümkinçilik tapdy. Görüp otursa, tabynlykdaky ülkeleriñ köpüsinde ýagdaý özgeren. Dönüklik, hyýanat kesekilere garanda özli-özüñden çyksa adama agyr degýär. Muhammede-de agasy Nasretdin Mälikşanyñ ogly, Horasanyñ öñki walysy Hinduhanyñ etmişi bilen giýewisi - dogany Şah hatynyñ adamsy, Mazandaranyñ baştutany Husamat Dowla Ärdeşiriñ dönükligi agyr degdi. Tekeş soltanyñ döwründe ogul ýaly wepaly, soltanyñ hatlarynda "Muazzem perzent" diýip, mähir bilen ady tutulýan Ärdeşir, soltan aradan çykansoñ, ýüzüni ters öwrüp, Horezme garaşly Astrabada çenli aralykdaky galalaryñ birnäçesini basyp alyp, ol ýerlerdäki Horezm goşunynyñ bölümlerini kowup çykardy. Muhammet şa başga möhüm işler bolany üçin Ärdeşir bilen hasaplaşmagy soñraga goýdy. Emma Terken hatyn: -Oglum, horezmşalar onuñ ýaly dönüklik eden nabakäriñ jezasyny eglemän beripdirler. Ody ýanan badyna öçürmeseñ, tutaşyp gidýär. Ärdeşir entek jezasyz galsa ondan görelde aljaklar hem tapylar - diýip, giýewisiniñ üstüne goşun çekdirdi. Muhammet şa goşunyñ serkerdebaşysyna Ärdeşiri dirileý maşgalasy bilen tutup getirmegi buýurdy. Indi Hinduhana gelsek, ol kakasy Nasretdin Mälikşanyñ syrly ölüminden soñ, oña degişli tagtyñ Muhammede ýetenine kaýyl däldi. Hatda, kakasyna derek täji-tagt özüne berilmeli hasap edýärdi. Şonuñ üçin Muhammediñ hökümdarlygyny ykrar etmedi. Muhammet şa ony wezipesinden boşadyp, Gürgenje çagyrdy. Gelmedi.Goşun toplap başlady. Bu ýagdaýda Horasanyñ elden gitmegi mümkindi. Şonuñ üçin Horezmşa Muhammet Pars Yragyny dolandyryp oturan inisi Täjetdin Alyşany Horasana waly belläp, Nyşapura iberdi. Alyşa gaýdanyndan ol ýerde ýene bulaşyklyk başlandy. Tekeş soltanyñ döwründe-de Pars Yragyna eýelik etmekçi bolany üçin ele düşüp, bir ölümden galan emir Yzzetdin Gökçe ýene baş göterdi. Horezmşalaryñ garşysyna çykan her bir kimsä goldaw berip gelýän halyf Nasyrdan ýurda hökümdarlyk hukugyny berýän manşur alan Gökçe, atabek Abu Bäkri äsgermän, özüni özbaşdak hökümdar hökmünde alyp bardy. Emma Gökçäniñ hökümdarlygy uzaga gitmedi. Atabek Jahan Pehlewanyñ başga bir gulamy Aýtogmuş Gökçäniñ üstüne goşun çekdi. Iki arada bolan jeñde Gökçe öldürildi. Şemsetdin Aýtogmuş Pars Yragyny tutuşlygyna eýeledi. Horezmden daşarda ýüz beren bu wakalardan Horezmşanyñ ejesi Terken hatyn hem habarlydy. Bu aýal, öñ belleýşimiz ýaly, ýurduñ ykbaly, täji-tagtyñ berkararlygy barada täçdar ogly bilen deñ derejede jan köýdürýärdi. Pars Yragyndaky atabekler öz ýurdunyñ üstünde jeñ-jedel bilen gümrä. Olaryñ içinde Horezmiñ tagtyna göz dikýäni ýok. Tagta göz dikýän Hinduhan howpludy. Bu howpuñ öñüni almak barada Terken hatyn ogluna maslahat berip, şeýle diýdi: - Oglum Muhammet, Pars Yragynyñ gitjek ýeri ýok. Iru-giç ol ýurt ýene seniñ tabynlygyña geçer. Häzir tagtyña göz dikýän Hinduhan bilen bir ýüzli etmeseñ bolmaz. Ol kakasy Mälikşanyñ ýerine özüni tagta dawagär hasaplap, goşun toplap başlapdyr. Muhammet özüniñ akyly ýetýän zatlaryna ejesiniñ maslahat berip oturşyna kinaýaly ýylgyryp: -Käbäm, özümem şeýle pikirdedim. Ertiriñ özünde emir Çakyr Türkiniñ başçylygynda onuñ üstüne goşun iberýärin- diýdi. Terken hatyn bir hili boldy. Ol patyşanyñ şeýle uly çäreleri öñünden özi bilen maslahatlaşmagyny isleýärdi. -Şeýle diýsene - diýip, ogluna närazy nazar bilen garady-Maña muny öñünden aýdanyñda, Çakyrdan has ezber, edermen adamy maslahat bererdim. Muhammet ejesiniñ kimi maslahat berjegini aýdan badyna duýdy. Elbetde, ol gypjak emirleriniñ biri bolmaly. - Käbäm - diýdi Muhammet mylaýymlyk bilen - Emir Çakyr hem ezberlikde, edermenlikde hiç kimden kem däl. Men oña ynanýan. Şonuñ üçin hem ony Hinduhanyñ garşysyna iberilýän goşuna serkerde edip belledim. - Oglum, seniñ pähim-paýhasyña, batyrlygyña sözüm ýok. Emma bu häsiýetler bilen bile patyşa kişä durmuşy tejribe hem gerek. Sen entek ýaş. Meniñ durmuş tejribäm seniñkä garanda has artyk. Şonuñ üçin etjek-goýjak işleriñi meniñ bilen maslahatlaşyp dursañ utulmarsyñ. - Mähriban käbäm, enäniñ nazarynda sakgaly agaran ogul hem ýaş görünse gerek. Entek meniñ sakgalym agarmasa-da, otuzdan geçdim. Pederimiñ döwründen bäri döwlet işlerinde-de, harby ulgamda-da köp zatlary öwrendim, tejribe-de artdyrdym. Şeýle bolansoñ siz maña ynanaýyñ. Menem her bir ediljek iş barada Size sala salyp, kelläñizi agyrdyp ýörsem gowy däl. Köşk Siziñ ygtyýaryñyzda, Siz hiç zadyñ aladasyny etmäñ, durmuşyñ hözürini görüp ýaşañ. Terken hatyn diñe durmuşyñ hözürini görüp, ýaşaýan aýallardan däldi. Muny Muhammediñ özi-de bilýärdi. Bu sözi ol "Meniñ işime goşulmañ" diýip, gönüläp aýdyp bilmän aýdypdy. Terken hatyn hem bu hoşamaý sözüñ hakyky manysyny bilmezçe pähimsiz däldi. Şonuñ üçin gahary geldi: -Muhammet! - diýdi gatyrganybrak. - Señ arkañda duran, esasy daýanjak güýjiñ gypjaklardygyny unutma. Islendik patyşa özüniñ esasy daýanýan güýjinden özüni üzñe tutsa, ol uzaga gitmez. Muhammet hem ejesiniñ bu sözüniñ düýp manysyna düşünen bolsa gerek, başyny egip, bir salym dymdy: "Diýmek, meniñ ykbalym gypjaklaryñ elinde ekeni-dä. Pederim pahyr öz döwründe olaryñ bir toparyny ýöne ýere Jende ibermän ekeni. Asta-ýuwaş olar ýene-de esasy orunlary eýelediler. Ejem indi öz gypjaklaryna daýanyp, maña hökmüni ýöretjek bolýar. Nätmeli? Muhammet, nätmeli?" diýip, näçe tekrarlasa-da, ejesine garşy hiç zat edip bilmedi. Terken hatyn bolsa, diñe Muhammede däl, dura-bara tutuş ýurda hökmüni ýöredip başlady. * * * Mazandarana goýberilen goşun tabşyrygy berjaý edip, gaýdyp geldi. Tabşyrylyşy ýaly Ärdeşir tutulyp, maşgalasy bilen alyp gelindi. Maşgalasyny köşgüñ bir çetindäki otaglaryñ birinde ýerleşdirdiler. Ärdeşiriñ özüni ýesir hökmünde, diñe ýesirem däl, günäkär hökmünde zyndana taşladylar. Horezmşa Muhammet ilki dogany Şah hatynyñ ýanyna bardy. Şah hatyn agasyna gözi düşenden derhal ýerinden turup, onuñ aýagyna ýykylmak üçin eñileninde Muhammet ýykyldyrman, iki egninden tutup, göwresini dikeldip, mañlaýyndan ogşady, hal-ahwalyny sorady. Şah hatyn "Gözünde ýaş, bagrynda daş" diýlen ýagdaýda jogap berdi. Otagda Şah hatynyñ öz ejesi bilen Terken hatyn hem bardy. Muhammet olar bilen hem salamlaşyp-soraşyp, çykyp gitmekçi bolanynda Şah hatyn: -Aga jan, ömrüñiz uzak, täji-tagtyñyz berkarar bolsun. Oña näme jeza berseñizem öldürmäñ. Iki ýaş çagamyz bar - diýip ýalbardy. -Näme ol ölse çagalarymy nädip eklärin diýip, gaýgy edýäñmi? Şu köşkde saña-da, çagalaryña-da ýer tapylar - diýip, şa çykyp gitdi. Muhammet şa tagt eýwanyna gelip, Ärdeşiri alyp gelmegi buýurdy. ýasawullar ony getirip, Horezmşanyñ tagtynyñ öñünde dyza çökerdiler. Ärdeşir emedekläp baryp, tagtda oturan Horezmşanyñ aýagyna ýykyldy: -Bir çemçe ganymdan geçiñ, Aly hezret! Çagalarymyñ haky üçin - diýip, aglamjyrap mañlaýyny ýere urdy. -Göter kelläñi, ýeriñde otur! - diýip, azgyryldy Horezmşa. Ärdeşir yza süýşip, dyzynyñ üstünde kellesini aşak egip oturdy. Horezmşa oña ýigrenç bilen seredip: -Büzrük pederimiz Tekeş soltan hezretleri saña ýazan namalarynda adyñy "Muazzem perzent" diýip tutýardy. Sen muazzem perzent däl-de, muazzem näkes ekeniñ! Näme, saña Mazandaran, Gilýan azlyk etdimi, näme üçin Horezme degişli galalara hüjüm edip ýörsüñ?! Näme Muhammet şanyñ maña güýji ýetmez diýip pikir etdiñmi? Seniñ üstüñe goýberen leşgerim goşunymyñ ondan bir bölegi ýalydy. Sen şonuñam öñünde durup bilmediñ-ä! - diýdi. -Men şeýtanyñ gepine gidipdirin, Aly hezret. Günämi ötüñ... - diýip, Ärdeşir kellesini galdyrman hüññürdedi. -Şeýtanyñ gepine gitdim diýsene. Nirede ol şeýtan, nädip oña sataşyp ýörsüñ?! -Içimde ol şeýtan, içimdäki şeýtan azdyrdy meni. Günämi ötüñ, Aly hezret... -Bes et, hüññürdiñi! Men seniñ kelläñi kesip, läşiñi itleriñ öñüne taşlatjakdym. Emma doganymyzyñ haýyşy meni ol pikirimden gaýtardy. Ýöne saña ölüm jezasy berilmese-de başga jeza bermeli. Günäkär seniñ ýeke özüñ däl eken, seni azdyran şeýtanam bar eken. Şol içiñdäki şeýtan bilen on ýyl zyndanda oturmaly bolarsyñ. Bu saña çykarlan höküm - diýip, Muhammet şa "Alyp gidiñ" diýen yşaraty etdi.Ÿasawullar Ärdeşiri iki çigininden tutup, turuzdylar-da idirdedip alyp çykyp gitdiler. "Toba, adamlar özleri edip, etdiklerini şeýtanyñ boýnuna atmaklary nämekä?" diýip, Muhammet şa kellesini ýaýkady. Horezmşanyñ Ärdeşire daraýşyny diñläp oturan köşk hadymlary: "Adalat etdiñiz, Aly hezret. Adalatly jeza boldy" diýişdiler. Weziri agzam Nyzamylmülk Bahreddin Mesud al Harawy bu sözlere goşulmady. Muhannet şa onuñ başga pikiri bardygyny duýdy. Oña synçy nazaryny dikip diýdi: -Jenap weziri agzam, Siz köpçüligiñ sözüne goşulmadyñyz öýdýän. Näme, Ärdeşire höküm eden jezamyz agyr boldumy, ýa ýeñilmi? Bahreddin Mesud ýerinden turup, çalarak tagzym etdi-de: -Aly hezret, Ärdeşir Astrabada çenli bolan galalara hüjüm edip, ol ýerlerdäki biziñ goşun bölümlerimiziñ serbazlarynyñ näçesiniñ ganyny dökendir. Şeýle bolansoñ men oña berlen jezany, jeza hasap etmedim. Aly hezret, Adalat şahsy duýgulardan ýokarda durmalydyr - diýdi. Horezmşa dymdy. Ol weziriñ soñky sözünden "Sen doganyñ bolsa-da, bir aýalyñ sözi bilen adalaty ýere urdyñ" diýen many çykardy. Ýöne weziriñ beýle ýüzüne gelmegi, onuñ gaharyny getirdi. Emma hak gep üçin gaharyny daşyna çykarsa gelişmejegini añyp, gepi başga tarapa sowdy. -Jenap Harawy, patyşanyñ hökmi yzyna gaýtarylsa nähili bolar? - Hökümdar öz hökümini başga höküm bilen gaýtarsa bolar. - Onda ýene şeýle ýagdaý bolaýsa, şeýle ederis Bahreddin Mesud patyşanyñ gaharynyñ gelenini äheñinden duýdy. Ol: -Aly hezret, başga şeýle ýagdaý bolmasyn, ylahym - diýdi. Horezmşa hiç zat diýmän, eli bilen "otur" diýen yşaraty etdi. Wezir bir hili bolup, ýerine çökdi. Şundan soñ Horezmşa ýurduñ içindäki käbir meseleler boýunça degişli adamlara wezipeler tabşyryp, daşarky syýasata geçdi: -Jenaplar, döwletimiziñ güýç-gudratyny ýene-de artdyrmak, halkymyzyñ parahat durmuşyny saklamak, ýurdumyzyñ ykdysady kuwwatyny ösdürmek bilen goşunymyzyñ güýjini ýokary derejä çykarmak diñe hökümdaryñ däl, döwlet emeldarlarynyñ her biriniñ hem esasy borjudygyny size ýatlatmakçy bolýaryn. Biziñ daşary syýasatymyzyñ üstünlik gazanmagy hem şu zatlara bagly. Gurhanyñ sürelerini näçe gaýtalap okasañ, şonça sogaby bar diýlişi ýaly meniñ bu esasy meseläni gaýtalap aýdýanymyñ sebäbi: biz indi daşary çykmaly. Içerki işleri tertipleşdirip bolduk. Daşardaky işlerimizi tertipleşdirmek üçin wagt gelip ýetdi. Pederimiz Tekeş soltan hezretleriniñ alyp, boýun egdirip giden ülkelerinde özbaşdaklyk, baş-başdaklyklar başlanypdyr. Ol ýerlerde tertip-düzgüni ýola goýmaly. Habaryñyz bar, agamyz Mälikşanyñ ogly Hinduhan tagta dawagär. Ol häzir Merwde goşun toplap ýör, ýöne ýakyn arada ol uruş açyp bilmez. Şeýle bolsa-da onuñ bu işe başlamagy biz üçin howply. Şonuñ üçin onuñ garşysyna emir Çakyryñ baştutanlygynda goşun iberdik. Nesip bolsa ony-da Ärdeşir ýaly tutup, maşgalasy bilen Gürgenje getirerler. Onsoñ oña dawa edýän tagty bermelimi ýa jeza bermelimi, soñ görübereris - diýip, Muhammet şa ardynjyrap goýdy. Guşluk mahaly Ärdeşiri sorag etmek bilen başlanan iş güni günortanky arakesmeden soñ, harby geñeş bilen tamamlandy. Horezmşa adatyna görä, her gün işinden soñ özüniñ şalygyny unudyp, mähriban ogul hökmünde käbesiniñ huzuryna barýardy, onuñ hal-ýagdaýyny sorap gaýdýardy. Bu sapar Terken hatyn ony aýratyn mähir bilen garşy aldy: - Gel oglum, gel. Bir salym meniñ bilen hem otur. Hemişekiñ ýaly Aýçeçegiñmi, "Gülpürçegiñmi" ýanyna howlugyberme. Men seniñ didaryñy görüp otursam, köñül guşum asmana galýar. - Bolýar, käbäm. Näçe otur diýseñiz, şonça oturaýyn - diýip, Muhammet mylaýym ýylgyryp geçip oturdy. Terken hatyn ilki gepi saglyk-salamatlykdan başlap, soñunda: - Muhammet, wezir Bahreddin äl Harawy bilen arañyzda näme gep boldy? - diýip sorady. Muhammet "Eýýäm muña ýetiripdirler-ow. Oturanlaryñ arasynda ejemiziñ añtawçysy hem bar eken-dä" diýip goýdy içinden. Hakykatdan hem Terken hatynyñ tagt eýwanynda bolýan ähli meşweretlerde, duşuşyklarda bolýan gep-gürrüñleri özüne ýetirip durýan köşk hadymlaryndan añtawçysy bardy. - Wezir bilen aramyzda bolan gepi Size ýetiren adam gepiñ başyny aýdyp, soñuny aýtman goýan däldir. Eşidensiñiz hemmesinem. - Eşitdim. Şonuñ üçinem soradym. Men seniñ at-abraýyñy, mertebäñi alada edýän, oglum. Her ýeten patyşanyñ ýüzüne gelse, hormatyny berjaý etmese nähili bolar?! Aýyr ony işinden! Özüm saña başga gowy wezir tapyp berýän. Muhammet ejesiniñ pursatdan peýdalanyp, onuñ gapdalyna öz adamyny sokjak bolýanyny añdy. -Ol diýeniñiz gypjaklardan bolsa gerek - diýdi Muhammet ýylgyryp. -Gypjaklardan bolsa ýamanmy? Seni dogran ejeñem gypjaklardan-a. Arkañda dag ýaly direg bolup duranlaram gypjaklar-a, oglum. -Käbäm, men gypjaklar ýaman diýmedim. Ýöne horezminlileriñ arasynda-da gowy wezir boljak dana kişiler ýok däldir. Onsoñam men häzir Harawyny işinden aýyrsam bolmaz. Sebäbi ol meniñ ýüzüme gelmedi, ýerinden turup, tagzym edip, hak sözi aýtdy. Dogry, dikiräk sözledi. Muña ilki meniñem gaharym geldi. Soñ oýlanyp, hak söze gahar etmeli däldigimi duýdym. - Hak bolsun, nähak bolsun hiç kimiñ patyşanyñ garşysyna söz aýtmaga haky ýok. Bu öñden gelýän düzgün. Sen munuñ ýaly ýagdaýa ýol bermeli dälsiñ, oglum. -Käbäm, patyşa-da perişde däl, käbir işlerde hata goýbermegi mümkin. Eger hiç kim patyşanyñ hatasyny aýtmasa, hatalar köpelip, döwlete uly zyýan ýetmezmi? -Hatany aýtmak bilen aýtmagyñ tapawudy bar. Al Harawy ýaly köpçüligiñ içinde dikdüşdilik edene köşkde ýer bolmaly däl. Meniñ aýdanymy edip, ony häzir işinden aýyrsañ beýlekilere-de sapak bolar. Muhammet ejesi bilen mundan artyk çekişip oturmagy islemedi-de geplemedi. Terken hatyn "Dymmak razylyk alamaty" diýip düşünip: -Indi gidip, dem-dynjyñy alaý. oglum. Galanyny soñ gepleşeris - diýdi. Terken hatynyñ "soñ gepleşeris" diýeni onuñ isleýşi ýaly tiz arada bolmady. Horezmşa weziri Al Harawyny derhal boşatmady. Emma Terken hatyn hem ol gepiñ yzyndan galmady. Biraz wagt geçip, aýdanyny gögertdi: Bahreddin äl Harawy wezipesinden boşadyldy. Onuñ ýerine Terken hatynyñ ynamdar adamy Nasyreddin Muhammet ibn Salyh baş wezir edip bellendi. * * * Horezmşanyñ emir Çakyr at Türkiniñ baştutanlygynda Hindu hanyñ garşysyna goýberen goşuny Merwe golaýlap barýardy. Üstüne Horezmden goşun gelýändiginiñ habaryny eşiden Hindu han, ilki ýaş ýüregiñ hyjuwy bilen söweşe girmek kararyna geldi, özüniñ toplan leşgerine baş bolup gelýän goşunyñ öñüne çykdy. Emma gözýetimde peýda bolan onuñ çak edişinden has uly, agyr goşuna gözi düşenden at başyny dönderip, zut gaçdy, şäherden maşgalasyny almaga-da ýetişmedi. Emir Çakyr goragsyz galan şähere hiç bir garşylyksyz girdi. Ol Hinduhanyñ maşgalasyny tapyp, Gürgenje goýberdi. Hinduhan bolsa şol gidişine horezmşalaryñ ezeli bäsdeşi gurlylaryñ soltany Gyýasetdin al Gurlynyñ huzuryna bardy. Al Gulry ony güler ýüz bilen garşy aldy, hemme taraplaýyn ýardam berermen boldy. Ol beren sözüne muwapyk özüniñ tabynlygyndaky Talakanyñ hökümdary Muhammet Jarbege, Merwiñ üstüne goşun çekmegi buýurdy. Jarbek uly goşun bilen gelip, Merwi gabady. Hinduhan gaçandan soñ, Merwi eýelän Horezmşanyñ emiri Çakyr ät Türki ahmal galdy. Jarbek oña dynçlyk bilen şäherden çykyp gitmegi teklip etdi, ýogsa gandöküşlik boljagyny duýdurdy. Emir Çakyr garşylyk görkezmäge güýjiniñ ýeterlidigi üçin Jarbegiñ teklibini ret etdi. Şundan soñ soltan Gyýasetdin al Gurlynyñ özi has güýçli goşun bilen Merwe geldi. Galanyñ depesinde duran emir Çakyryñ serbazlary bilen merwliler soltan Gyýasetdiniñ agyr leşgeri bilen pillerini görüp, teslim boldular. Ýesir düşen emir Çakyry soltanyñ huzuryna alyp geldiler. Çakyr soltanyñ ýanynda oturan Hinduhany görüp "Gurlylary alyp gelen ol eken-dä" diýip oýlandy. Soltan Gyýasetdin Çakyra kinaýaly seredip: -Seni Horezmşa Merwe näme tabşyryk bilen iberdi? Hindu hany tutup, öldürmegi buýurdymy? - diýdi. -Ýok. Maşgalasy bilen Gürgenje ibermegimi tabşyrdy. -Maşgalasyny ibereniñi Hinduhan şähere giren badymyza anyklady. Nähili ýagdaýda ibereniñi aýt. -Tagtyrowanly arabada ýol harajadyny berip, ýeterli gorag bilen ugratdym. -Şu gepiñ dogry bolsa adamçylyk edipsiñ. Seniñ günäñi geçdik. Ýöne Merwden gidýäñ, Gürgenje däl, Hyrada alyp giderler seni. Goşunyñ Hinduhanyñ ygtyýaryna geçer - diýip, soltan Çakyry çykaryp goýberdi. Soñra Hinduhana garap diýdi: - Indi, seniñ hökümdarlygyñy jar çekdirsek bolar. Şol günüñ özünde soltan Gyýasetdin al Gurlynyñ buýrugy bilen Merwiñ bazarlarynda jarçylar: "Döwür Hinduhanyñ döwri boldy. Ýurduñ ähli ilaty täze hökümdara etagat etmeli!" diýip, bokurdagyna sygdygyndan gygyryp, jar etdiler. Şeýlelikde Hinduhan Merwde häkimiýeti ýene ele aldy. Ýöne onuñ bu ýerde näçe wagt hökümdarlyk etjegi özüne-de belli däldi. Şeýle-de onuñ ýüreginde maşgalasynyñ ykbalynyñ bellisini bilmändigi üçin howatyry-da ýok däldi. Soltan Gyýasetdin äl Gurlynyñ howatyry Horezmşadandy. Ol iru-giç haçanam bolsa onuñ bilen bir garpyşmaly boljagyny bilýärdi. Şu günlerde Horezmşanyñ Horezmiñ özünde häkimiýetini berkitmek bilen gümra bolup ýöreninden peýdalanyp, ol Horezmiñ tabynlygyndaky birnäçe galalary basyp aldy. Nobat Horasanyñ baş şäheri - Nyşapura geldi. Äl Gulry Horasanyñ walysy Horezmşanyñ inisi Täjetdin Alyşaga nama iberip, gandöküşikligi islemese goşuny bilen Nyşapurdan çykyp gitmegi teklip etdi. Alyşa güýjiniñ ýeterlidigini nazara alyp, onuñ teklibini ret etdi. Şundan soñ 597-nji hijriniñ rejep aýynyñ başynda Äl Gurlynyñ goşuny Nyşapury gabady. Alyşa ilki güýçli garşylyk görkezdi. Galanyñ depesinden ýagylan peýkamlar, daşlar, al-ýaşyl bulaýlanyp inýän ot-ýalyn tokgalary hem duşmanyñ leşgerini yzyna serpikdirip bilmedi. Täjetdin Alyşa wezir-wekillerini, serkerdelerini ýygyp maslahat etdi: -Jenaplar, görüp otursak, duşmanyñ goşuny biziñkä garanda bäş esse dagy köp, munuñ üstesine urşujy pilleri hem bar. Bu goşun bilen söweşe girip, abraý aljak gümanyñ ýok. Gabalyp oturyp, garşylyk görkezmegi dowam etdirsek, munuñam soñy gowy bolmaz. Sebäbi: gurlylar güýçli hüjüme geçip, şäheri güýç bilen basyp, alsalar hiç kime aman bermezler. Şonuñ üçin özümiz aman diläp, şäheri tabşyraýsak nähili görýäñiz? Her kimiñ jany özüne süýji. Şonuñ üçin Alyşanyñ pikirine garşy çykan bolmady: - Eger aman berseler tabşyraýaly şäheri - diýdiler. Şondan soñ Alyşa bir serkerdesi bilen bir aksakgal geñeşdaryny ak baýdak göterdip, Gyýasetdin äl Gurlynyñ huzuryna wekil edip iberdi. Äl Gulry wekilleri juda bir güler ýüz bilen garşy almady. Wekiller ýaşy bir çene baran bolsa-da, entek daýaw, giñ peşeneli, gür tegelek, ak sakgally, garaýagyz adamyñ garşysynda edep saklap, gol gowşuryp durdylar. Äl Gulry olara kinaýaly nazar bilen seredýärkä: -Şazadañyz ilki şeýtse bolýar-a. Guluñ akly giç gelýär diýeni çyn bolmaga çemeli. Asly gul-da - diýip ajy ýylgyrdy. - Biziñ aman diläne aman bermedik wagtymyz ýok. Size-de aman berdik. Baryñ, derwezeleri açyñ! - diýdi soñunda. Wekiller gaýdyp barandan derwezeler açyldy. Şähere giren leşger ýañy talaña başlandan Äl Gulry talañy gadagan etdi. Munuñ bilen ol şäher ilatynyñ özüne hoşallygyny gazandy. Nyşapurlylar gizlenen horezminlileri hem gurlylara tutup berdiler. Täjetdin Alyşany eýýäm Nyşapuryñ köşgünde ýerleşen Gyýasetdin äl Gurlynyñ öñüne getirip dyza çökerdiler. Äl Gurly onuñ elinden tutup turuzdy-da, ýanynda oturtdy: - Şazada, saña iberen namamdaky teklibimi ret etmedik bolsañ, goşunyñ bilen ýurduña giderdiñ. Indi saña beýle mümkinçilik bermen - diýdi Äl Gurly. - Näme üçindigini bilýänsiñ. Seniñ galanyñ depesinden atdyran peýkamlaryñ, okladan daşlaryñ diñe galkanlarymyza degmedi, okladan alawly tokgalaryñ manjalyklarymyzyñ ikisini ýandyryp goýberdi. Şeýle-de bolsa men size aman berdim. Ýöne ýurduña goýbermen, ähli töweregiñdäki emeldarlaryñ bilen Hyrata alyp giderler. Ýeñijiniñ emrine ýeñileniñ kaýyl bolmakdan başga alajy barmy! Alyşa geplemän, kellesini aşak saldy. Soltan Gyýasetdin äl Gurly aýdanyny etdi. Nyşapurda ýeñişini bir gün toýlap, paýtagtyna gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |