12:14 Gürgenç / 3-nji kitap -13 | |
XIII BAP
Taryhy proza
Tekeş soltan uzak ýoluň hem-de söweşe girip, ýarym günüň dowamynda at üstünde gylyç çapmagyň ýadawlygy sebäpli Reýde biraz dynç almakçy bolup Hemedany, Yspyhany araplardan arassalamak üçin Maýaçugy ibermegi makul gördi. Ony huzuryna çagyrtdy. - Şemseddin, araplar Gökçe bilen üstüñe baranda Yspyhany taşlap gaçdyň. Indi seni olaryň üstüne ibersem, özüňiň gaçyşyň ýaly olary-da gaçyryp bilermikäň?-diýip, Tekeş soltan Maýaçuga degişme bilen gyjalat berdi. -Aly hezret, özüňiz bir wagt: "Özüňden güýçli bilen garpyşmak batyrlyk däl, özüňi gurban etmek” diýipdiňiz. Men hem Siziň şu pendiňize eýerip, “Assa gaçan namart” diýilişi ýaly duşmandan arany açdym-diýip, Maýaçuk hem jogabyny tapyp aýtdy. Horezmşa güldi: -Assa gaçan namart diýeni boldy diýsene. Indi sen olardan has güýçli bolup bararsyň. Men saňa uly goşunyň uly bölegini bererin. Mundan başga-da ýesirleri-de, içinde emiri barmy, serkerdesi barmy baryny ýönekeý serbaz hökmünde goşup alyp git. Hemedan Reýden daş däl, maňa tizräk habaryňy ýetir-diýdi. Maýaçuk bildirilen ynam üçin yzly-yzyna iki gezek tagzym edip, Horezmşanyň huzuryndan wagty hoş bolup çykdy. Şol günüň ertesi özüne berlen goşuna baş bolup, Hemedana tarap ýola düşdi. Hemedan Maýaçuga derwezesini açmady. Päli azyp başlan Maýaçuk Horezmşanyň ýoklugyndan peýdalanyp, goşundaky özüne ynamly serkerdeleri baş edip, ikuç topar serbazlary Hemedanyň alys-ýakyn obalaryna iberip, talaň saldy. Indi onuň hyýaly şähere girip, oljadan ýüküni tutjakdy. Derwezeleri açdyrmak maksadynda ol Horezmşanyň goşunyna garşylyk görkezilse, soňunyň ýaman boljagyny düşündirip ýazylan haty peýkama dolap, derwezeden aňry atdy. Biraz wagtdan soň aňyrdan hem peýkama dolanan hat gelip düşdi. Hatda şäheriň derwezeleri diňe Horezmşaga açyljakdygy, eger Horezmşanyň özüni görmeseler, näçe wagt gabawda bolsa-da şäheriň teslim bolmajakdygy ýazylypdy. Maýaçuk bu habary Reýe Tekeş soltana ýetirmeli boldy. Bu habar Horezmşanyň kalbynda bir ýakymly buýsanja meňzeş duýgy döretdi: “Tekeş, Tekeş soltan, adamlar, ýurtlar saňa jeňsiz, jedelsiz, boýun egýärler. Bu seniň Horezmşa adyñyň has belende çykanyndan bolsa gerek” diýen hyýal serini gaplady. Ol şu hyýalyndan ruhlanyp, dynç almasynam bes edip, Hemedan sary atlandy. Horezmşa Hemedana gelip ýeten badyna özüniň şu ýerdedigini, özüni görmek üçin näçe adam gelse-de kabul etjekdigini şäher ilatyna habar etdirdi. Şundan soň şäheriň derwezesi gyýa açylyp, içerden çykan dört adam leşgeriň düşelgesiniň ortasynda gurlan Horezmşanyň şahana çadyryna tarap geliberdiler. Çadyryň öňünde bu gelýän wekiller tarapa seredip duran Tekeş soltan olary daşrakdan bolsa-da tanady. Olaryň dördüsi-de şäheriň atly kethudalary bolup, Horezmşa Hemedana öňki sapary çagynda bu kişiler bilen söhbetdeş bolupdy. Olar gele-gelmäne dyza çöküp, Horezmşanyň donunyň synyny maňlaýyna degrip, togap etdiler, soňra turup, saglyk-amanlyk soraşdylar. Horezmşa olary çadyra teklip edip, saçak başyna geçirdi. Tekeş soltan olardan "Näme üçin meni görmän derwezäni açmak islemediňiz?" diýip, soranynda wekiller biri-birine seredip, jogap bermäge ýaýdanýan ýaly etdiler. Emma şanyň sowalyna dogry jogap bermeseler bolmajagy üçin wekilleriň başçysy dillendi: -Merhemetli Horezmşa hezretleri, Maýaçuga derwezäni açmanlygymyzyň birinji sebäbi: Ony şähere goýbersek, ilaty talar hem-de şäherdäki halyfyň bir bölüm goşunyna hüjüm edip, gandöküşlik eder diýip gorkduk. Araplar bolsa uruşmakçy däl. Olaryň serkerdesi: “Eger şu gelen hakykatdan hem Horezmşanyň goşuny bolsa, biz sözsüz teslim bolýarys” diýdi Tekeş soltan: “Bu adamlarda Maýaçuk hakynda beýle pikir nirden döredikä” diýip oýlandy. Soňra: -Maýaçuk şeýle eder diýip gorkmagyňyzyň näme sebäbi bar? Nämä esaslanyp beýle diýýäňiz?-diýdi. -Aly hezret, adam ýamanlamak gowy däl bolsa-da, aýdaýyn. Maýaçuk gowy adam däl diýärler-diýip wekilleriñ başçysy "sizem aýdyñ" dien manyda ýoldaşlaryna garady. -Kim diýýär? Nämä esaslanyp diýýär? -Muny bir adam, iki adam diýenok, tutuş ilatda şeýle pikir bar. Ol Yspyhana naýyp edip, goýup gideniňizde adamlara azar berip, talaňçylyk edipmişin. Onsoňam biz beýle adamyň wepasy bolmaz, ol Horezmşaga dönüklik edip, öz başyna goşun bilen gelen bolaýmasyn diýibem pikir etdik. Ine indi Siziň didaryňyzy görmek nesip etdi. Indi şäherem Siziňki-diýdi wekilleriñ baştutany. Bu gepleri diňläp Tekeş soltan oýa çümdi. Öňem bir sapar ol barada özünde şübhe döräninde weziriniň ony öwüp, arşa çykaryp, köňlündäki şübhäni aýrany ýadyna düşdi-de, Maýaçuk baradaky gepleri anyklamagy ýüregine düwüp goýdy. Soňra wekillere ýüzlenip: -Jenaplar, Maýaçukly gürrüňi soň özüm anyklaryn. Eger şu gepler hak bolsa, olam jezasyz galmaz Eger biziň serbazlarymyzdan kimdir biri erbet iş etse, ony öldürmäge-de hakyňyz bar-diýdi. Wekiller Horezmşanyň bu adalatly gepine ýerlerinden turup tagzym etdiler. Wekilleri hormat bilen ugradanyndan soň Tekeş soltan wezir-wekilleri, goragyndaky bir kowçum serbazlary bilen dabaraly ýagdaýda şähere girdi. Derwezeden giren ýerinden tä köşke barýança şäher ilaty ony alkyşlar bilen garşylady. Şäheriň köşkünde ýerleşeninden köşküň hadymlary gelip, özleriniň hyzmata taýyndyklaryny mälim etdiler. Şäheriň kazy-kelany, şeýhulyslamy, başga-da bir näçe kethudalar salama gelip gitdiler. Soňunda araplaryň goşunyndaky emirler baş serkedesi bilen gelip özleriniň teslim bolandyklaryny tassykladylar. Horezmşa hem olara hoş sözüni aýdyp, soňunda şeýle diýdi: -Adatda teslim bolanlar ýesir alynýar. Biz hem külli musulman äleminiň ymamy halyf hezretleriniň guly bolanymyz üçin sizi ýesir edip saklamarys. Siz islän wagtyňyz arkaýyn gidip bilersiňiz. Ýöne ýolda kelläňizdäki arap başgabyňyzy Horezm başgabyna çalşyrsaňyz, yzyňyzdan ýetip, ol başgaby kelläňiz bilen bile aýyrmaly bolar. Meniň gepime düşünýäňiz gerek? -Düşünýäs, Aly hezret. Öň şeýle ýaramaz iş bolupdyr. Biz öz başgabymyzda-da talaň diýen zady etmeris-diýip, araplaryň serkerdesi iki elini gursagyna goýdy. Araplar şol günüň ertesi ýol şaýyny tutup, şäherden çykyp gitdiler. Tekeş soltan Maýaçuk baradaky gepden soň oňa ýakyn adamlaryň birkisini assyrynlyk bilen çagyryp sorag etdi. Emma olardan maglumat alyp bilmedi. Soñra Maýaçugyň özüni çagyrtdy. Maýaçuk özünden öň çagyrlan adamlardan Horezmşanyň gyzyklanýan zadyny bileni üçin soraga taýýarlanyp gelipdi. Ol şanyň huzuryna arkaýyn salam berip girip, tagzymdan soň gol gowşuryp durdy. Tekeş soltan oňa oturmagy teklip edip, ýer görkezdi. Ol jaýlaşyp oturanyndan soň Horezmşa oňa synçy nazaryny dikip: -Şemseddin, senden bir täsin ýagdaý barada soramakçy-diýdi. Ýöne dogry jogap bermeseň diliňi keserin. -Aly hezret, Size dogry jogap bermesem, dilimi o dünýäde-de keserler. Men Size hemişe dogry sözüm, ak ýüregim bilen gulluk edip gelýärin-diýip, Maýaçuk bir elini gursagyna goýup, başyny egdi. -Onda aýt, näme üçin hemedanlylar saňa derwezäni açman, maňa açdylar? Munuň sebäbi näme? -Aly hezret, meniň özüm hem munuň sebäbini bilesim gelip, ahyr anykladym. Siziň eradaňyz bilen meniň belent derejelere ýetenimi görüp bilmeýän duşmanlarym men hakda ýaman pikir ýaýradypdyrlar. Hamala men talaňçymyşym, şähere girsem talañ saljakmyşym - diýip, Maýaçuk bigünä adam dek gözüni gyrpman jogap berdi. Tekeş soltan dymyp, oýa çümdi: "Şeýle bolmagy hem mümkin. "Düýşe näme girmeýär, duşman näme diýmeýär" diýipdirler. Maýaçugyñ hem duşmanlary az bolmasa gerek" diýip, pikir edip, gepi başga tarapa sowdy: - Şemsetdin, görüp dursuñ gerek, Hemedany kimiñ alyp, kimiñ boýun egdirenini. Indi Yspyhany sen gidip boýun egdir. Ol ýerdäki araplaryñ goşunyny söweşsiz teslim etdirjek bol. Gandöküşlik bolmasa gowy. - Emriñiz başym üstüne, Aly hezret. Ýöne Yspyhanda-da Sizi görmeseler, derwezeler açylmaz öýdýän. Onsoñ güýç ulanmaly bolar. - Ýok, mümkingadar güýç ulanma. Güýç ulanmak iñ soñky çäre. Sen Yspyhanyñ kethudalaryny tanaýan Hemedanyñ kethudalaryndan ikisini alyp git. Olar seniñ - meniñ emrim bilen gelendigiñe güwä geçerler. Yspyhany alyp, ol ýeri araplardan arassalynyñdan soñ şu sebitler, Pars Yragy seniñ gol astyñda bolar. Eger sen halk bilen agzybir bolup, adalatly ýolbaşçylyk etseñ, men saña soñ hakyky hökümdarlyk hukugyny berýän perman ibererin Gürgençden. Horezmşa Maýaçuk bilen gürrüñini gutardym eden wagty, daşardan hyzmatdaky serbazlaryñ biri girip, halyf an-Nasyryñ bir ilçisiniñ bäri gaýdandygy barada habar gelenini aýtdy. Garaşylmadyk wagty halyfyñ ilçi ibermegini geñ gören Tekeş soltan: - Halyfymyzyñ näme matlaby, näme talaby barka? Sen näme pikir edýäñ? - diýip, Maýaçuga garady. - Bilmedim, Aly hezret. Ilçi gelensoñ mälim bolar - diýdi ol. - Ýör, onda daşary çykaly. Ilçini dabaraly garşy almagyñ aladasyny etmeli - diýip, Tekeş soltan daşary çykansoñ, ilçiniñ geljek ýoluna taýak atym ýerden köşge çenli atlas bilen parçadan paýandaz düşemegi buýurdy. Halyfyñ ilçisi köp garaşdyrmady. Aradan bir sagat geçip, garagörnümde dört atlysy bilen peýda boldy. Ilçi paýandazyñ başlanan ýerine gelende atdan düşdi. Atynyñ jylawyny şol ýerde ýörite goýlan adamlaryñ birine berip, paýandazyñ üstünden ýöräp köşge tarap gaýtdy. Ilçi Horezmşanyñ huzuryna gireninde Tekeş soltan onuñ hormatyna ýerinden turdy. Salam-helikden soñ ilçi özüni Müjireddin Mahmyt äl Bagdady diýip, tanyşdyrdy. Soñra resmi äheñde söze başlady: - Muhterem Horezmşa Tekeş soltan ibn Il Arslan hezretleri, külli musulman äleminiñ ymamy, halyf an-Nasyr hezretleri Size köp dogaýy salamlar aýdyp, saglyk-salamatlagyñyzy soraýar hem-de Siziñ ata-babalaryñyz hem Bagdadyñ hemaýatyndan bährement bolandyklaryny, Sizden hem hemaýatyny aýamajakdygyny aýtmak bilen özünden birugsat hiç ýere gol uzatmazlygyñyzy, häzirki özüñize degişli ýerler bilen kanagat edip, höküm sürmegiñizi sargyt edýär. Ýogsa, Siziñ garşyñyza ähli musulman ýurtlaryny aýaga galdyrjakdygyny mälim edýär. Tekeş soltan ilçiniñ nutkyny çalarak ýylgyryp diñledi, soñ şeýle jogap berdi: - Muhterem Müjiretdin Mahmyt äl Bagdady jenaplary, häkimiýet, hökümdarlyk halyf hezretlerine degişli. Biz onuñ bir şyhnysy. Biziñ duşmanymyz köp. Emma biz olaryñ ählisinden güýçlidiris. Goşun diwanyndan leşgerimiziñ adam sany bir ýüz ýetmiş müñe ýetendigini bize habar berdiler. Bize bu uly goşuny halyf hezretleriniñ çäklendirmesi bilen saklamak başartmaz. Şonuñ üçin ol hezret sahawatlylyk edip, bize Huzistany berse, leşgerimiziñ maddy üpjünçiligine ýardam etdigi bolardy. Horezmşanyñ gepine ilçiniñ gahary gelip, näme jogap berjegini bilmedi. Belli bir jogap bermänem onuñ huzuryndan çykdy. Biçäräniñ ajaly tartyp gelen ekenmi, ertesi özüne berlen otagdan onuñ ölüsini tapdylar. Merhumy Bagdada alyp gitjek onuñ ýoldaşlaryna Tekeş soltan öñden göwnüne düwüp ýören maksady ýazylan talapnamasy bilen özüniñ hajyby Şyhabetdin Mäsut al Horezmini hem ilçi edip, goşup goýberdi. Onuñ yz ýanyndan Maýaçugy Yspyhana ýollady. * * * - Adam diýilýän mahlukaty Halykul Alla juda düşnüksiz edip ýaradypdyr-diýdi halyf an-Nasyr, Horezmşanyñ talapnamasyny okap bolasoñ ilçisine garap - Kä halatda ol eden işiniñ özüne näme peýdasy bardygyna-da düşünmeýär. Horezmşanyñ talaplary hem şeýle. Biz onuñ talaby boýunça adyny hütbä goşduryp, seljuklaryñ köşgüni onuñ üçin dikeldip goýsak, bu zatlaryñ oña näme peýdasy bar. Munuñ bilen onuñ agramy artýarmy, ömri uzalýarmy ýa-da gaýta ýaşarýarmy? Bir mahal seljuklar hem bizden öñki halyf Mustedi hezretleriniñ döwründe Bagdatda öz atlaryna köşk gurduryp, atlaryny hütbä goşdurypdylar. Hany, soñ näme boldy - köşgem galdy, atlary-da öçüp gitdi. Akylly adam hiç haçan artykmaç şöhrata kowalaşmaly däldir. Halyf şu sözler bilen ilçi Şyhabetdin äl Horezmini sylag-serpaýsyz yzyna ugradyp goýberdi. Halyfyñ "Artykmaç şöhrata kowalaşmasyn" diýip beren jogabyna Tekeş soltanyñ artykmaç gahary geldi. Ol öz ýanyndan "Üstüñe "artykmaç" leşger bilen baryp, aýdanymy etdirerin" diýip, iru-giç Bagdada ýörüş etmegi ýüregine düwüp goýdy. Şu arada ýüregine düwen bu niýeti zerarlymy ýa-da bir syrly sebäp bilenmi, onuñ ýüregini daglan waka ýüze çykdy. Merwde waly bolup, ýurt sorap oturan uly ogly Nasretdin Mälikşa tarpa-taýyn aradan çykdy. Tekeş soltan bu agyr ýitgini näçe mertlik bilen geçirjek bolsa-da, perzent dagy ýüreginden aýrylmady, dürli şübheler geldi göwnüne. Şonda öñüräk Terken hatyn bilen bolan bir gürrüñ ýadyna düşdi. Şol güni agşamlyk nahardan soñ ikiçäk galanlarynda Terken hatyn hemişekisi ýaly mylaýymsyrap: - Soltanym, Siz degişmedenem bolsa "Käte aýalyñ aklynam alaýmaly" diýipdiñiz - diýip, söze başlanyndan Tekeş soltan aýalynyñ maksadyny añdy: - Men Size häzir akyl berjek däl, alsañyz bir maslahatym bar. Tekeş soltan güldi: - Akyl bermek bilen maslahat bermegiñ näme tapawudy bar? - Barmy-ýokmy bilmedim, soltanym. Ýöne "Maslahatly biçilen don gysga bolmaz" diýlişi ýaly... - Sen dony däl-de, meniñ kepenimi biçmekçi ýaly-la - diýip, Tekeş soltan aýalynyñ sözüni böldi. - Men seniñ berjek "maslahatyñy" bilýän. "Sen garrap barýañ, öñräginden Muhammedi mirasdüşer belle" diýjeksiñ, şeýlemi? - Hawa, şeýle. Muña näme gaharyñyz gelýär, soltanym. Mirasdüşer bellemek öñden gelýän däp ahyryn. - Dogry, däp. Ýöne uly ogul duranda kiçisini bellemek hem öñden gelýän däpmi? - Soltanym, gyzybermeseñiz-le, menem Siziñ bilen hut şu hakda gepleşmekçi. Men öz pikirimi aýdaýyn, onsoñ näme etseñiz ygtyýaryñyz. -Ýeri, aýt. Pikiriñi-de diñläýin - diýip, Tekeş soltan aýalyna synçy nazaryny dikdi. Terken hatyn alysdan aýlap söze başlady: - Soltanym, Siz Horezmin döwletini dünýäde öñe çykarmak üçin näler jan çekdiñiz. Siziñ erjelligiñiz, edermenligiñiz, akyl-parasadyñyz, galyberse-de, egsilmez güýç-gaýratyñyz bilen Horezmin häzirki zamanyñ iñ gudratly beýik döwletine öwrüldi. Indi geljekde bu döwletiñ şu derejesini saklamak, belki, ýene-de artdyrmak üçin Siziñ özüñiz kimin adam gerek dälmi? Eger şu sypatlar, häsiýetler Mälikşada bolsa ony mirasdüşer belläýiñ. Mälikşa edepli-ekramly, adamkärçilikli, guş agzyndan çöp almaýan, ýuwaş oglan. Ýöne bu häsiýetler patyşaga dogry gelmeýär, soltanym. Eger patyşa gowşak bolsa, ýurt berbat bolýar. - Hä, hä! Şeý diýsene, hanym! - diýip, Tekeş soltan kinaýaly ýylgyrdy. - Men bu zatlary bilmeýän ekenim-dä. Näme diýsene, eger Ezraýyl bilen arañ ýakyn bolsa, maña ýene bäş-alty ýyl puryja alyp ber. Men entek oglanlaryñ häsiýetlerini synlap ýetişmedim - diýip, Tekeş gürrüñe nokat goýup, ýerinden tursa-da, Terken hatyn: - Muhammediñ häsiýetine men ene bolamsoñ belet. Ol edil Siziñ özüñiz ýaly, soltanym! - diýip suñşuryp galdy. Terken hatyn bilen aralarynda bolan şu gürrüñ Tekeş soltanyñ göwnüne şübhe salypdy. Emma onuñ elinde hiç hili delil ýokdy. Şoña görä Nasretdin Mälikşanyñ ölümi taryh üçinem syr bolup galdy. Wagt geçýärdi. Ol şol geçip barşyna tutuş barlygy özgerdip, üýtgedip, ösdürip, ösdüren zatlaryny ýene-de ýumrup gidip barýardy. Danalar "Wagtyñ bar ýerinde ebedi zat ýok, diñe onuñ özi ebedi" diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Wagtyñ geçmegi bilen Tekeş soltanyñ perzendiniñ ölümi zerarly daglanan ýüregi hem birneme ýerine geldi. Wagt onuñ ýaşyny-da birneme añyry eltenem bolsa, entek gujur-gaýraty egsilmändi. Etjek-goýjak işlerini eglemeýärdi. Şu arada-da eglenmän etmeli bir işi çykyp, ol ýene atlanmaly boldy. Pars Yragyna, Hemedan, Yspyhan ýurtlaryna naýyp edip goýup gaýdan adamy - Şemsetdin Maýaçugyñ ilata zulum edip, talañ salyp başlandygy hakyndaky habar onuñ parahat gününi bozdy. Tekeş Maýaçuk hakynda Hemedanda eşiden gürrüñini ýadyna düşürdi. Şonda Maýaçugyñ şeýle häsiýetiniñ bardygyny öñ duýmandygyna, Maýaçugyñ kowumdaşy hajyp Rehnetdin Alynyñ gepi bilen oña gözegçiligindäki ýurtlara doly hukukly häkim edip bellenendigi baradaky permany iberenine gaty ökündi. Bu perman ýetip barmazyndan öñ, Maýaçugyñ Horezmiñ tabynlygyndan çykyp, özbaşdak ýurt eýesi bolmak pikiri hem ýok däldi. Şonuñ üçinem ol halyf an-Nasyryñ, Horezmşanyñ garşysyna özi bilen birleşmek baradaky teklibini ret etmändi. Halyfyñ ony Rüstem Zala deñäp, jahan pehlewany, musulmanlar emiriniñ naýyby diýip, Arşa göterip, iberen namasyna ol monça bolupdy. Şol wagt Horezmşanyñ oña doly ygtyýarly häkimlik hukugyny berýän permanynyñ ýetip gelmegi, ony dönüklik etmekden saklady. Emma dönüklikden hem beter zalymlyga baş urdy. Ol Horezmşanyñ permany esasynda özüni doly ygtyýarly hökümdar hasaplap, islän zadyny, göwnüne gelenini edip başlady. Göwnüne gelýäni bolsa haýyr däl-de, diñe şer işlerdi. Onuñ adamlary tutuş Pars Yragynda - Hemedandan, Abhar Zanjana çenli aralykda ilata talañ salyp, adamlaryñ mallaryny-da sürüp alyp gidýärdiler. Arz etmek üçin bir adam onuñ golaýyna baryp bilmezdi, hiç kim demini çykaryp bilmezdi. "Hatda gatyrak gygyran horazlaryñ hem kellesi giderdi" diýip, adamlar ýurtda dörän ýagdaýy düşündirýärdiler. Ýagdaýyñ jikme-jikligini bolsa, añyrdan gelen Horezmşanyñ gizlin añtawçysy aýdyp berip, oña gazap donuny geýdirdi. Tekeş soltan, Maýaçugyñ beýle zalymlyga ýüz urmagynyñ sebäbine, näçe oýlansa-da, düşünip bilmedi. Ol Maýaçugyñ kowumdaşy hajyp Rehneddin Alyny çagyrdy. - Jenap Rehneddin, Maýaçugyñ Pars Yragyny nähili "adalatly" dolandyrýanlygyndan habaryñ barmy? - diýip, Horezmşa hajybyñ ýüzüne gaharly garady. -Eşitdim, Aly hezret. Ýöne meniñ bu geplere ynanasym gelenok. -Sen näme, bu habary ynanylýan adamyñ getirenini bilmeýärmiñ? - Bilýän, Aly hezret. -Onda sen biziñ ynanýan adamymyza ynanmajak bolýarmyñ?! Hajyp äm-säm boldy. Näme diýjegini bilmän aljyrap dymdy. -Näme, diliñ damagyña dykyldymy? Geple, oña öz ygtyýarly hökümdarlyk hukugyny berýän perman bermäge meni yranyñda ony öwüp, aýdanlaryñy gaýtala! -Aly hezret, men bilmändirin. Bir çemçe ganymdan geçiñ. Men günäkär - diýip, hajyp Horezmşanyñ aýagyna ýykyldy. -Tur, ýeriñden! Ýol şaýyñy tut, biziñ bilen Maýaçugyñ üstüne gidýäñ. Ol ýurdy onuñ zulmundan gutarmak gerek - diýip, Tekeş soltan hajyba gitmäge rugsat berdi. Horezmşanyñ huzuryndan ýüzi ak esgä dönüp çykan hajyp Rehnetdin Aly ýol şaýyny tutmaga öýüne gitdi. * * * Jenaýatlarynyñ jezasyndan bihabar Şemseddin Maýaçugyñ sapaly günleriniñ soñuna sogan ekildi. Üstüne Horezmşanyñ agyr goşun çekip gelýäniniñ habaryny eşidip, uly howsala düşdi. Goşunynyñ serkerdelerini maslahata çagyranda özüne has ýakynlaryndan, has dogrusy, şäriklerinden başgasyny tapmady. Her kimiñ jany özüne şirin. Olar Horezminden üstlerine goşun gelýändigini Maýaçukdan hem öñ eşidip, ökjäni göteripdiler. Goşunsyz galan Maýaçuga syçanyñ hini müñ tylla döndi. Girmäge deşik gözläp, şärikleri bilen gaçyp, Ardahy galasyna bardy. Horezmşa onuñ gizlenen ýerini añsat tapdy. Çünki, Maýaçugyñ zulumyndan jebirlenen ýurduñ ilaty Horezmşa nirä barsa, halasgärleri hökmünde onuñ öñünden çykyp, Maýaçugyñ gaçan ugruny salgy berýärdiler. Galany uzak gabap ýatmaly bolmady. Gaçyp gutulmagyñ mümkin däldigini añan Maýaçuk galadan şärikleri bilen çykyp, Horezmşanyñ aýagyna ýykyldy. Tekeş soltan oña ýigrenç bilen seretdi-de, ony şärikleri bilen ellerini arkasyna dañyp, Reýe pyýada sürüp gitmegi buýurdy. Horezmşanyñ özi-de Reýe gelip, köşkde ýerleşdi. Onuñ Maýaçuga bolan gazabyny uzak ýoluñ ýadawlygy-da kiparladanokdy. Ardahydan pyýada sürüp gaýdylanlar gelenden olaryñ arasyndan diñe Maýaçugy huzuryna aldyrdy. Onuñ ýany bilen hajyp Rehnetdin Alyny hem çagyrtdy. - Köp wagtlap görüşmedik iki gadyrdany duşurmak hem sogap diýýärler - diýip, Horezmşa kinaýaly söze başlady. - Menem sogap gazanjak bolup, ikiñizi duşuryp otyryn. Jenap Rehnetdin hajyp, meniñ size eden şu hyzmatym haky dogryñy aýt, sen näme üçin hemişe şu kezzabyñ arkasyny çaldyñ? Muña doly hökümdarlyk hukugyny berýän permany berdirenem sen. Näme üçin şeýtdiñ? Ýa, bu saña talañ salyp alan zatlaryndan paýyñy iberýärmi?! -Aly hezret, men mundan hiç haçan hiç zat alamok. Beräýeninde-de men onuñ ýaly haram zady almaryn ahyry! - diýip, Rehnetdin hajyp ant içip, awy ýalady. Häliden bäri janyndan umydyny üzüp oturan Maýaçuk kellesine bir pikir gelip, "Ýatyp galandan - atyp gal" diýlenini edip, Tekeş soltana ýüzlendi: -Merhemetli beýik soltanym, men guluñyzy hem diñlemegiñizi towakga edýän... -Men seni Hemedanda diñläp, aldandym. Saña derwezäni açmadyk hemedanlylar seniñ kimdigiñi menden öñ bilen ekenler. Men indi bildim. Bilsemem diñläýin, hany aýt, agzyñdan ýene niçik ýalanlar çykar eken. -Beýik soltanym, men Siziñ öñüñizde bimöçber günäkär. Günämi aýtsam, men Siziñ ajaýyp, öwgüli sözler ýazylan permanyñyzy alanymdan soñ begenjime hetden aşa joşup gidip, meý bilen eşrete berlip, goşuna gözegçiligimi gowşadypdyryn. Goşunyñ serkerdeleri meniñ serhoşlygymdan peýdalanyp, baýamak maksadynda ilata talañ salyp, bolmajysy bolupdyrlar. Görüp durşuñyz ýaly, olar ýok. Eden işlerine Sizden gorkup, gaçyp gidipdirler. Horezmşa ajy ýylgyrdy: -Gorkusyna gaçypdyrlar diýsene. Sen nä gorkman gaçdyñmy? Senem gaçdyñ-a! Gaçmak bilenem günäñi özüñ subut etdiñ! -Aly hezret, men gözegçiligi gowşadyp, talaña ýol berenim üçin gorkup gaçdym. -Ýalan! Talaña özüñ baş bolupsyñ! Indi saña soñky soragym bar, şoña dogry jogap berseñ jezañy ýeñillederin. Eger ýalan jogap berseñ, özüñden gör. Hany aýt, seniñ Rehnetdin hajyp bilen näme gatnaşygyñ bar? Maýaçuk bir salym dymdy. Sowalyñ haýsy manyda berlenine ol düşünýärdi. Düşünmedik bolup, ýöne jogap berse şanyñ gaharyny getirmekden gorkup, dogry emma biraz üsti basyrlan terzde: -Aly hezret, käýarym Gürgenje gidýän kerwen bilen Rehnetdin hajyba salam goýberýärdim - diýip jogap berdi. Horezmşa: -Ine muny dogurladyñ. Diñe salamyñ özi däldigi düşnükli - diýdi. Maýaçuk geplemän ýere bakdy. Rehnetdin hajybyñ ýüzi ak tama döndi. Ol "Aly hezret" diýip, bir zatlar aýtmakçy boldy. Tekeş soltan "Besdir!" diýen manyda elini siltäp, ony gepletmedi. Soñra gapyda duran ýasawullara "Alyp çykyñ!" diýip, hajyp bilen Maýaçugy görkezdi. Ýasawullar olary alyp çykyp gidenlerinden soñ ýasawulbaşyny çagyrdy: -Hajyby Gürgenje barýançak tussaglykda saklañ. Maýaçugyñ adamlary näçe? On ikimi? On ikisine-de uzyn dar gurup asyñ! Maýaçugyñ özüni dirileý başaşak aýagyndan asyp goýuñ, näçe günde ölse - öler. Goý, bulardan zulum gören ilatyñ içi sowasyn. Reýiñ uly bazarynyñ golaýyndaky meýdanda gurlan darda iki hepdeläp asylyp duranlary görmedik adam galmady. Halka zulum edenlere şeýle jeza berenligi üçin Horezmşadan ilat minnetdar boldy. Horezmşa Reýde birnäçe gün bolup, ilatyñ arzy-halyny diñläp, arza gelenleriñ haýyşlaryny kanagatlandyrdy. Şu arada Horezmşanyñ huzuryna Reýiñ günorta tarapynda 150 parsah daşda ýerleşen Kerman ülkesiniñ Burdeşir şäherinden ilçiler geldi. Horezmşa şeýle daşdan, uzak ýoly söküp gelmekleriniñ möhüm sebäpleri bardygyny duýup, olary hormat-ehtiram bilen kabul etdi. Ilçiler bäş adamdy. Adatdaky tagzym bilen salam-helikden soñ olaryñ baştutany söze başlady: -Merhemetli, muhterem Horezmşa Tekeş soltan hezretleri, Kerman ülkesiniñ adalatly, zeberdest hökümdary Dinarşa hezretleriniñ wepatyndan soñ tagta çykan ogly Farruhşa ýurdy bulaşdyrdy. Ýurtda tertip-düzgün galmady. Biz şäherimiz Burdeşirden Farruhşanyñ emeldarlaryny çykaryp kowduk. Siziñ adyñyzy hütbä goşup, gaýybana hökümdarymyz edip saýladyk. Siziñ adyñyzyñ özi şäherimizde tertip-düzgüni ýola goýdy. Indi Sizden towakgamyz: Kermanyñ häzirki nalajedeýin häkimiýetini aýryp, ýurdumyzda tertip-düzgüni berkarar edip bermegiñizi towakga edip geldik.. Tekeş soltan ýurduny öz elleri bilen tabşyrmaga gelen bu adamlara hoşamaý seredip durşuna, adynyñ-owazasynyñ Kerman kimin uzak ülkelere-de baryp ýetenine kalbynda buýsanja meñzeş bir ýakymly duýgy döredi. Emma ol bu duýgyny daşyna çykarman ilçilere resmi äheñde jogap berdi: -Jenaplar, siziñ towakgañyzy kanagatlandyrmak añsat iş däl. Sebäbi ýol uzak, Horezmin hem ýakyn däl. Daşdan gelip ýene daş ýere gitmek goşun üçin añsat däl. Şeýle-de bolsa biz Kermanda halkyñ asuda durmuşyny dikeldip bermek hem-de ýurdy adalatly dolandyrjak adam bilen goşun goýbereris. Ilçiler Kermanyñ halkynyñ Horezmşanyñ özüniñ gelmegini isleýändigini hernäçe diýseler-de, Tekeş soltan bu ýerde işleriniñ köpdügini bahana edip, Kermana gitmedi. Ol ýere emir Nusreddin Unaryñ başçylygynda goşun hem-de ýurdy dolandyrmak üçin şyhny edip, emir Husametdin Omary iberdi. Şeýlelikde Horezmiñ tabynlygyna ýene bir ülke geçdi. Horezmşa indi Watana-Horezme dolansa hem bolardy. Emma ol weziri agzam Nyzamylmülk Masud ibn Alynyñ bir gepi bilen ýene ýörüşe şaýlandy. Wezir: - Aly hezret, bu bidin ysmaýylylar barha hetdinden aşyp halkara katyllara öwrülip barýarlar. Beýleki ýurtlara baryp, syýasy garşydaşlaryñ buýurmasyny ýerine ýetirýärler. Olaryñ jylawyny çekip goýmak gerekmikä diýýän - diýdi. - Hak aýtdyñyz, tagsyr. Meniñ özüm hem olary jylawlamak pikirindedim - diýip, Tekeş soltan weziriniñ gepini makullady. Şundan soñ ara wagt salman Horezmşa ysmaýylylaryñ Kahyra atly uly galasyny gabady. Galanyñ goragçylarynyñ garşylygy bir aýdan geçmedi, aman diläp, teslim boldular. Paýtagt Alamutyñ gabawy hem uzaga çekmedi. Bu berkden berk galanyñ goragçylary köp ýitgi çekip, garşylygy gowşatdylar. Emma Horezmşa ýene bir hüjüm bilen alynjak bolup duran galanyñ gabawuny aýryp, Reýe gaýtdy. Onuñ köpden bäri ýüregine düwüp goýan uly bir niýeti bardy. Şonuñ üçin bolsa gerek, Reýde-de eglenmän, ogly Täjetdin Alyşany Pars Yragyna häkim belläp, Horezme dolandy. Tekeş soltan her sapar ýörüşlerden göbek gany daman ata Watanyna gaýdyp geleninde kalby begençlere dolardy. Bu gezek beýle bolmady. Ol göýä bir ýumuş bilen wagtlaýynça gelen adam ýaly duýdy özüni. Bu duýgy bisebäp däldi. Ol şol göwnüne düwen niýetini amala aşyrmak üçin goşunyny güýçlendirmäge gelipdi. Ol ýurduñ içinden, töwerekdäki taýpalardan serbazlyga adam alyp, uly goşun toplady. Indi ýola çykybermelidi. Emma şu arada garaşylmadyk bir pajyga ýüze çykyp, ony ýoldan saklady. Weziri agzam Nyzamylmülk Şemsetdin Masud ibn Aly al Harawy öldürildi. Katyllar özleriniñ kimdigini gizläp hem oturman, "Horezmşaga ýamanlap, ýurdumyzda gan dökdüreni üçin kasas" diýen ýazgy galdyrypdyrlar. Tekeş soltan dergazap bolup, katyllygy eden ysmaýylylary tapmak üçin Gürgenjiñ çar tarapyna adam, şäherden daşardaky ýollara kowgy iberdi. Emma katyllary tapmak başartmady. Tekeş soltan şeýle parasatly, dana, tedbirkär wezirinden aýrylanyna örän gynandy. Merhumyñ hatyrasyny belende tutup, onuñ on bäş ýaşly ogluny ýerine wezir edip belledi. Elbetde, oglana kämillik ýaşyna ýetýänçä işi alyp barýan kömekçiler hem bellendi. Horezmşa weziriniñ gandarlaryndan ar almak üçin ysmaýylylaryñ üstüne bu sapar özi gitmän, ogly Muhammedi iberdi. Hemişe saparlara gidilende äriniñ ýanynda bolýan Terken hatyn bu gezek oña hemra bolmakçy däldi. Köp zatdan başy çykýan bu mekir aýal äriniñ bu gezekki ýörüşini öz ýanyndan makullamady, ýöne päsgel hem bermedi. Ol bu ýörüşden sag-aman gaýdyp gelmese-de piñine däldi, çünki ogly Muhammede tagtyñ ýoly açykdy. Tekeş soltan Terken hatynyñ özi bilen bu saparky ýörüşe gitmek meýliniñ ýokdugyny bilip: -Sen näme, hanym, Bagdady hem-de ol ýerdäki biziñ adymyza geçjek köşgi göresiñ gelenokmy? - diýip gaharlyrak äheñde sorady. Terken hatyn ýaşyna gelişmedik näz bilen: -Soltanym, men yzy üzülmeýän saparlardan ýadadym. Şu gezek maña ejaza beriñ, paýtagtda galyp, Siz ýeñiş bilen gelýänçäñiz döwletiñ işlerine seredeýin - diýdi. -Döwletiñ işlerine seredýän adam bar. Seniñ bu ýerde geregiñ ýok. Onsoñam bu uzak saparda men sensiz oñmaryn. Ýol ugruna Muhammedi hem, ysmaýylylar bilen bir ýüzli eden bolsa, alyp gideris. Onuñ elindäki goşun hem gerek - diýip, Tekeş soltan aýalyny özi bilen gitmeklige razy etdi. Has dogrusy, mejbur etdi. * * * Gürgençden Bagdady nazarlap, ýola düşen agyr goşun Şahristana ýetende eglenmeli boldy. Sebäbi Horezmşa Tekeş soltan nähoşlap, at üstünden düşege geçdi. Özüniñ hemişe ýanyndaky iki has tebipleri hökümdaryñ derdi ýürekdedigini anyklap, dürli däri-dermanlar bilen em edip, bejeriş usullarynyñ iñ täsirlisini ulanýardylar. Muña garamazdan bimaryñ dem almasy barha kynlaşýardy. Onuñ arkasyna, kellesiniñ aşagyna ýassyklary goşadan goýup, göwresini biraz galdyryp goýdular. Bu biraz peýda etdi. Terken hatyn her sagatda tebiplerden soltanyñ ýagdaýyny soraýardy. Özü-de hassanyñ ýanyna tiz-tiz girip, görüp çykýardy. Tebipler umyt bildirseler-de, ol soltanyñ güni tükenip barýanyny duýup, ogly Muhammede gyssagly çapar iberdi. Bu wagt Muhammet ysmaýylylaryñ Tursiz galasyny üç aý bäri gabap, gabawdakylaryñ halyny teñ edipdi. Galanyñ kethudalary näçe diýse olja berjekdiklerini aýdyp, ýaraşyk etmegi teklip edipdiler. Şo mahalda-da ejesiniñ iberen çapary ýetip bardy. Çaparyñ getiren habaryny eşidenden Muhammet ysmaýylylardan on müñ dinar alyp, gabawy aýyrdy. Muhammet Şähristana ýetip gelende Tekeş soltanyñ entek jany bardy. Muhammet kakasynyñ ýatan ýerine girip, çök düşüp, onuñ ellerini ogşady, halyny sorady. Tekeş soltan mejalsyz ýagdaýda Muhammede nazaryny aýlap: - Wagtynda ýetişdiñ oglum, seniñ bilen ikiçäk gürrüñim bar. Başgalar çyksyn - diýdi. Tebipler iki epilip, yzyna basyp çykdylar. Terken hatyn "Menem çykaýynmy?" diýen manyda eli bilen özüni görkezip, ärine seretdi. Tekeş soltan: - Men diñe tebipler çyksyn diýmedim - diýdi. Terken hatyn närazy görnüşde ýüzüni bürüşdirip çykyp gitdi. - Muhammet,oglum..Men amanady tabşyrýan boldum - diýip Tekeş soltan bir dem demini dürsäp, soñ dowam etdi. - Indi tagtymyñ eýesi sen bolýan bolduñ. Men saña iñ uly atamyz, nesilşalygymyzyñ başy Kutbetdin Muhammediñ adyny dakdym. Ol hezret otuz ýyl Horezmşa ady bilen höküm sürdi. Seniñ özüñe ondanam köp höküm sürmek nesip etsin. "Seniñ özüñe" diýenime düşündiñmi?! Hökümdarlygy ejeñ bilen paýlaşma! Ýurtda hökümdar bir bolmaly. Ejeñden habardar bol, ol hökümdarlygy gowy görýär - diýip, Tekeş soltan ýene demini dürsemek üçin sägindi. - Indi ýurt-Watan hakyndaky pentlerimi diñle. Hökümdarlykda iñ esasy zat - adalat! Adalatly şanyñ ýurdy abat bolýar, halk ony ezizleýär. Emeldarlaryñdan hem adalatly bolmagy talap et. Kanuny bozanlary bolsa, gaýgyrma, jezasyny ber. Indi seniñ öñüñde duran iñ uly wezipe hakynda aýtsam, bu Watany beýgeltmekdir! Men Horezmin atly ýurdy dünýäniñ iñ gudratly beýik döwletine öwürmek üçin ömrüm boýy çalyşdym. Bu ugurda az-owlak netije hem gazandym. Horasan, Pars Yragy, Yspyhan, Jend, Mangyşlak Horezminiñ tabynlygyna geçdi. Nobat Arap Yragyna gelipdi. Bagdada ýörüşim, görüp durşyñ ýaly, ýary ýolda galdy. Ony almak maña nesip etmedi. Belki, saña nesip eder. Indi Mawerennahr meselesi. Ony gara hytaýlaryñ elinden almaly. Gara hytaýlaryñ özüni hem syndyryp, paç töleginden dynmaly... Ol ýene säginip, demini dürsedi: - Indi iñ soñky nesihatym: garyndaşlaryñ bilen arany bozma, gowy gatnaşykda bol. Olardan kimdir biri tagtyña dawa edip, göz dikse-de, onuñ ganyny dökme. Özüñden çykan duşmany - dosta öwürjek bol... Bu babatda sen menden görelde al. Inim Soltanşa meniñ iñ ganym duşmanym bolup, garşyma göreşdi. Men ony islän wagtym ýok edip bilýärdim. Çünki, men ondan on esse güýçlidim. Ýöne men onuñ ölümini islemedim. Ol öz ajalyna öldi, namazyna bardym, soñky ýoluna ugratdym. Ine, indi bize-de nobat ýetdi, soñky ýoluma sen... - diýip, soñuny aýdyp bilmän,Tekeş soltan bu gowgaly dünýäni terk etdi. Sene 596-njy hijriniñ remezan aýynyñ 19-dy. (3.07.1200ý). Merhumyñ meýdini tomsuñ yssysynda zaýalanmazlygy üçin balzamirläp Gürgenje alyp geldiler. Ine şunda Tekeş soltanyñ halka özüni aldyrany has ýüze çykdy. Tutuş Gürgenç aýaga galyp, ýas tutdy. Merhumy özüniñ gurdyran medresesiniñ ýanynda jaýladylar. Şundan soñ hem ýas bir aý dowam etdi. Durmuşda geçmejek zat ýok. Baýramlaram, ýaslaram geçýär. Tekeş soltanyñ ýasy-da geçdi. Halk täze Horezmşaga garaşýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |