09:26 Gürgenç / 3-nji kitap -18 | |
XVIII BAP
Taryhy proza
Älemi ýaşardýan ýazyñ gelmegi ýaş-ýeleñleriñ ýüreginde inçe duýgulary joşa getirse, patyşalaryñ ýüreginde täze ýörüşlere, jeñ-jedellere hyjuw döredýär. Şyhabetdin äl Gury hem gursagyna ýaz şemaly degenden Horezme ýörüş etmäge hyjuwlandy. Emma onuñ bu niýetini Alla hoş görmedimi, goşuny bilen Tusa ýetende yzyndan agasy soltan Gyýasetdin äl Gurynyñ dünýäsini täzeländigi barada habar geldi. Ol indi Horezme däl-de, Hyrata agasyny jaýlamaga gaýtmaly boldy. Tusda emir Jarbegi galdyryp, Hyrada geldi. Käte durmuşda ylahydanmy bir bagtsyzlyk, şowsuzlyk bolsa yzly-yzyna bolýar. Şyhabetdin agasyny ýañy jaýlap, ýedisi geçmänkä-de, Hindistandan gurlylara garşy gozgalañ başlanandygy hakynda habar geldi. Indi ol Hyrady ýegeni Alp Gaza tabşyryp, özi gozgalañy ýatyrmak üçin Hindistana ugrady. Bu wakalardan habardar edilen Horezmşa Alaweddin Muhammet şa pursatdan peýdalanyp, Horasana leşger çekdi. Leşgeriñ öñi Tusa golaýlap baranynda şäherden on çakrym bäri-de gurlylaryñ uly goşunyna duş geldi. Bu emir Jarbegiñ başçylygyndaky emir Zeñginiñki hem goşulan uly goşundy. Şeýle bolsa-da, horezmlileriñ garaşylmadyk wagtda peýda bolmagy gurlylary birneme aljyratdy. Duşmanyñ bu ýagdaýyndan peýdalanan horezminliler birden hüjüme geçip, üstünligi ele aldylar, jeñ uzaga gitmän gurlylar derbi-dagyn boldy. Ýesir düşen emir Jarbegiñ kellesi kesildi. Emir Zeñgi gaçyp gutuldy.Horezmşa bu ýeñişinden ruhlanyp, goşuny Hyrada çekdi. 600-nji hijriniñ rejep aýynyñ başynda Hyrat gabaldy. Şyhabetdin äl Gurynyñ Hyrada häkim edip goýup giden ýegeni Alp Gazy şäheriñ goragyna bütin güýjini ugrukdyrdy. Emma güýçler deñ däldi. Horezmliler şäheri bir aýlap manjalyklardan atdylar. Şäheriñ diwarynyñ köp ýeri manjalyklaryñ zarbyndan opurlyp ýykyldy, köp adam pidalary çekildi. Şundan soñ Alp Gazy garşylygy bes edip, teslim bolmaga mejbur boldy. Horezmşa ak baýdak göterip, aman diläp gelenleri Alp Gazynyñ özüniñ gelmegini talap edip, yzyna gaýtaryp goýberdi. Alp Gazy ýanynda iki nedimi bilen geldi. Horezmşa onuñ ýaşy özünden uly bolany üçinmi, oña "sen" diýmän "Siz" diýip ýüzlendi: - Jenap Alp Gazy, Siz garşylygyñ peýdasyzdygyny öñünden bileniñizde munça pida berilmezdi, şäheriñ diwary-da bozulmazdy. - Muhterem Horezmşa hezretleri, men Siziñ aýdyşyñyz ýaly geleniñizden şäheri iki elläp tabşyrsam, daýym Şyhabetdin äl Gurly hezretleriniñ nazarynda kim bolardym? Elbetde, dönük bolardym. - Daýyñyzyñ nazarynda indi kim bolduñyz? Gahryman boldum diýip pikir edýärsiñizmi? Alp Gazy aşak bakyp geplemedi. Dagy näme etsin! Ýeñijiniñ öñüne ýeñlenini boýun alyp gelensoñ ol näme diýse-de götermeli bolýar. Horezmşa oña özüniñ mundan iki ýyl öñki Hyrada ýörüşini, şonda-da onuñ kyrk gün garşylyk görkezip ýeñlenini, duşuşmaga gorkup, bir torba altyn dinar bilen ugradyp goýberenini ýatlatmakçy boldy, emma duşmanyñam bolsa kişä gyjalat bermek gowy däl öýdüp, häzirki çözülmeli meselä geçdi: - Jenap Alp Gazy, biz Size aman berdik. Uruşyñ kanunyna görä aman diläne aman berlende mugtuna berilmeýär. Bir aý dowam eden gabawda diñe siz tarapdan däl, biz tarapdan hem pidalar boldy, az zyýan çekilmedi. Beýle seredende berlen pidalaryñ, çekilen zyýanyñ öwezini hiç zat bilen hem dolup bolmaýar. Şeýle bolsa-da, "Zyýanyñ ýarysyndan gaýdanam peýda" diýenlerine görä, sizden otuz müñ altyn dinar talap etmäge hakymyz bar. Alp Gazy kellesini galdyryp, Horezmşaga naýynjar seretdi-de: - Häzir hazynada munça pul ýok, Aly hezret - diýdi. - Onuñ ýaly bolsa biz leşgeri şähere goýbereris, ilatdan hakyny özi alar. - Ýok, ýok. Beýtmäñ, Aly hezret! Ilat özi häzir juda egbar ýagdaýda. Men baraýyn, baryndan jemleşdirip bereris. Siz bir-iki gün sabyr ediñ - diýip, Alp Gazy özelendi. Horezmşa razy boldy. Alp Gazy gitdi. Aradan bir gün geçip, ikinji gün elleri düwünçekli dört aksakgal ulama kişiler geldi. Olar tagzym edip, düwünçekleri Horezmşanyñ öñünde goýdular, soñundan onuñ adyna hämdu-sena aýdyp başladylar. Muhammet şa öñündäki iki sany düwünçege garap:"Bular dinarlara derek, şujagaz sylag-serpaý bilen gutulmakçy bolsalar gerek" diýip, pikirlenip oturşyna aýdylýan hämdu-senalara kän bir üns bermedi. Ulamalar sözlerine dyngy berenden Horezmşa: - Ýaşulylar, sizler tölenmeli dinarlaryñ ýerine bize hämdu-sena getiren bolmaga çemeli - diýdi. Ulamalaryñ biri: - Gadymkylar "Altyn alma, alkyş al. Alkyş altyn ermesmi" diýipdirler. Altyn-kümüş Horezmin döwletiniñ hazynasynda dolup-daşyp ýatyr diýip eşidýäris. Biz şäheriñ ilatynyñ adyndan şu almaly pajyñyzy geçmegiñizi dilemäge geldik hem-de şu getiren serpaýlarymyzy kabul etmegiñizi towakga edýäris - diýdi. - Näme serpaý bularyñyz? - Siziñ belent mertebäñize laýyk zerbap don hem-de kamar telpek. Açyp geýdirmäge ejaza etseñiz... - Gerek däl geýdirmek - diýip, Horezmşa onuñ sözüni böldi. - Diýmek, altyn-kümüş hazynasynda dolup-daşyp ýatsa-da, geýmäge dony bilen telpegi ýokdur diýip, getiräýipsiñiz-dä bulary - diýip, kinaýaly ýylgyrdy. Horezmşanyñ kinaýaly bolsa-da ýylgyrmagy ýaşulylaryñ köñlünde dilegleriniñ kabul boljagyna umyt oýardy. Olar Horezmşaga ýene-de doga-dilegler etdiler. Horezmşa: - Ýagşy dilegleriñiz üçin teşekkür size. Biz siziñ Hyradyñ ilatynyñ adyndan eden towakgañyzy kabul edeli. Ýöne Alp Gazynyñ "Baryndan jemleşdirip bereris" diýip, özi-de gelmän sizleri iberenini nähili düşünmeli? - diýdi. - Ol aýdanyny jemläp bilmän gaty heläk boldy. Şonuñ üçin Siziñ ýanyñyza gelmäge ýüzi bolman, bizi ýollady. Onuñam ýagdaýyna düşünseñiz gerek, Aly hezret - diýip, ulamalaryñ biri aýtdy. Horezmşa: - Haý, bolýa-da. Öz ygtyýary bilen bermedikden basyp alynýan düzgün hem bar weli, muny size söz berenimizden soñ indi ulanyp bilmän gitmeli bolduk - diýdi. Ulamalar gaýta-gaýta minnetdarlyk bildirip, alkyş baryny aýdyp, "Ýoluñyz ak bolsun!" diýdiler. Bu dünýäde, diýseñ, täsin ýagdaýlar kän. Adam pahyr jany üçin, maly üçin duşmanyna-da tagzym edip, alkyşlar aýdýar. Alkyş diýilýän mukaddes söz tüýs ýürekden dostana ýardam üçin aýdylsa gelişýär. Emma, gorkusyna duşmanyna aýdylýan alkyş, gargyşa barabardyr. Bu zatlary Alawetdin Muhammet şa bilýärmikä? Bilse-de-bilmese-de adyna aýdylan alkyşlaryñ gulagyna ýakany ýüzünden bildirip durdy. * * * Horezmşa Alawetdin Muhammediñ Hyrada ýörüşinden, ony teslim edeninden özüne-de, goşuna-da hiç hili peýda bolmady. Käte şalar şunuñ ýaly peýdasyz ýörüşleri güýjüni äleme äşgär etmek üçinem edýärler. Horezmşanyñ Hyrada ýörüşi hem şu kysmy ýörüş bolsa-da, soñunda uly gandöküşleriñ sebäplerinden biri boldy. Şyhabetdin äl Gurly Hindistandan gaýdyp gelýärkä, oña Hyradyñ teslim edileni, şunuñ bilen baglylykda namysa çydaman Alp Gazynyñ tarpa-taýyn ölümi, ýesir düşen emir Jarbegiñ öldürilenligi hakyndaky habarlar ýary ýolda mahaly baryp ýetip, onuñ gazabyny gaýnadyp goýberdi. Ol Horezme goşun çekip, Horezmşany ýurdy bilen goşup külüni Göge sowraryn diýip äht etdi. Bu wagt Horezmşa Badgis taraplara aýlanyp, goşunyny kanagatlandyrar ýaly olja baryny alyp, Merwe tarap barýarka, Hindistandan Şyhabetdin äl Gurynyñ ýetip gelýändigini eşidip, onuñ ar almak üçin Horezme goşun çekmeginiñ ahmaldygy barada oýlandy. Ol uruşyñ öñüni almak maksadynda oña iki hili mazmunda: birinjisi jeñ-jedeli bes edip, parahatçylykda ýaşaşmak, ikinjisi eger ol parahatçylykdan uruşy eý görýän bolsa, özüniñ ýene-de Hyrada, ondan geçip paýtagty Gazna ýörüş etjekdigi barada nama iberdi. Äl Gurlydan bolsa: "Meniñ ýoklugymda eden işleriñi bagyşlap, men parahat oturyp bilmerin. Seni derbi-dagyn edip, Horezminiñ külüni göge sowraryn!" diýen jogap geldi. Şundan soñ Horezmşa Merwe-de sowulman Horezme ugrady. Gürgenje üç günlük ýol galanda, ýol ugrundaky menzillerde habarçylar goýup gaýdyldy. Olar duşmanyñ nirä gelip ýetenini menzilden-menzile ýetirip, wagtynda paýtagty habarly etmelidi. Ol bu sapar paýtagtyna öñki ýaly kernaý-surnaý bilen dabaraly ýagdaýda däl-de, göni girip geldi-de, ýanyndaky serkerdebaşa köşke ähli döwlet işgärlerini, ulamalary, kethudalary ýygnamagy buýuryp, özi käbesiniñ huzuryna gitdi. Terken hatyn uzak sapardan gaýdan oglunyñ garşysyna gujak açyp çykdy, emma Muhammediñ keýpiniñ bozukdygyny görüp, salam-hälekdenem öñürti howatyrly sorady: - Şükür, sag-aman gelipsiñ, oglum. Ýöne näme beýle aladaly görünýärsiñ? - Alada ýok däl, käbäm. Üstümize agyr goşun bilen gurlylaryñ soltany Şyhabetdin äl Gurly gelýär. Men oña "Jeñ-jedeli indi bes edeli. Senem raýyñdan gaýdaý!" diýen manyda nama gönderdim. Ol "Men Horezminiñ külüni göge sowrup, onsoñ raýymdan gaýdaryn" diýip jogap berdi. Terken hatyn ulumsylyk bilen gözlerini ýokary dikip: - Horezminiñ külüni hiç kim göge sowrup bilmez! Gerek bolsa, bir günde bihasap ilat ýaşaýan diñe paýtagtymyzyñ özünden Äl Gurlynyñ goşunyna deñ geljek at-ýaragly serbaz taparys - diýdi. Ejesiniñ sözi Muhammet şanyñ göwnünden turdy: -Käbäm, siz bir işiñ ugruna çyksañyz onuñ hökman bitjegine ynanýan - diýip, Muhammet şa kabulhanasyna geldi. Kabulhana ýygnanan adamlar patyşany ör turup, tagzym bilen garşy aldylar. Muhammet şa adamlaryñ sustundan ýygnanyşygyñ sebäbinden habarlydyklaryny añdy. Ol tagtyna-da geçip oturman, duran ýerinde salam-hälikden soñ söze başlady: -Muhterem watandaşlar! Ýygnanyşygymyzyñ sebäbini serkerdebaşydan eşiden bolsañyz Watanymyz howp astynda. Gurlylar örän agyr goşun bilen üstümize gelýär. Häzir birinji etmeli işimiz derýanyñ bentlerini açyp, duşmanyñ geljek ýoluny suwa basdyrmaly. Şäheriñ içinden, daşyndan at-ýaragly urşyjylary alyp, goşunymyzy güýçlendirmeli. Onsoñam şäheriñ ilatyny duşmanyñ garşysyna aýaga galdyrmak gerek. Bu çäre duşman şäheri gaban ýagdaýda garşylygy güýçlendirmek üçin zerurdyr. Biziñ goşunymyz gurlylary Garasuw arnanyñ añyry tarapynda garşy alar, Alla medet berip ýeñiş biziñki bolsa duşman şol ýerden yzyna gaýtmaly bolar, gabaw bolmaz. Bar gep şu, indi işe girişibermeli - diýip, Muhammet şa sözüne dyngy berenden ulamalaryñ, kethudalaryñ arasyndan "Duşmana şäheri aldyrmarys! Gurlylar Gürgenjiñ derwezesinden ätläp bilmez! Şäheri goramak üçin näçe serişde gerek bolsa ýygarys!", "Tutuş ilaty aýaga galdyrarys! Enşalla, ýeñiş biz tarapda bolar!" diýen sesler ýañlandy. Muhammet şa seslenmeler üçin minnetdarlyk bildirip: - Sag boluñ, ýaşulylar, salamat boluñ! Siziñ aýdanyñyz bolar. Indi sizlere jogap, gaýdyberiñ. Serkedeler, döwlet işgärleri galsyn - diýdi. Muhammet şanyñ aýdan adamlaryndan başgalary çykyp gitdiler, şanyñ özi tagtyna geçip oturdy. Uludan demini alyp, ilki bilen weziri Muhammet Salyha ýüzlendi: - Jenap, weziri agzam, siziñem kalbyñyzda watanperwerlik duýgusy ýok däldir. Şäherdäki at-ýaragly ýigitleri goşunyñ hataryna çekmäge, ilaty Watan goragy üçin aýaga galdyrmaga käbäme kömekçi boluñ! Adyny aýdanyndan ýerinden turup duran wezir goluny gursagyna goýup, başyny egip, ýerinde oturdy. - Bu işe pirimiz Hywaky hezretlerini hem goşsañyz, ol hezretiñ ilata ýüzlenmegi bilen iş has tiz biter. Horezmşanyñ wezire aýdan sözleriniñ äheñinden ony halamaýandygyny oturanlar duýup, biri-birine manyly seredişip goýdular. Horezmşa serkerdebaşa ýolda goýup gaýdylan adamlardan habar geldigi derýanyñ bentlerini açyp goýbermegi tabşyrdy. Soñra: - Jenaplar, mende bir pikir bar - diýdi. - Ony diñläp, sizem pikiriñizi aýdarsyñyz. Eger güýçli duşmany güýç bilen ýeñip bolmasa, bir hile işledip ýeñip bolar diýen pikir kelläme geldi. Biz öñ aýdyşym ýaly duşmany Garasuw arnanyñ añyrsynda garşy alyp, söweşe gireris. Eger duşman bizden üstün gelip başlasa, köp pida bermän ýeñilen kişi bolup, söweş meýdanyny taşlap gaçmaly. Gaçanda-da derýa tarapa däl, giñ meýdan ileri tarapa gaçmaly. Derýa tarapa gaçylsa gabawa düşmegimiz mümkin. Ileri gaçylsa, uzak ýere duşman kowgy etmän, Gürgenji almak üçin ony gabar. Bir aý gabar, ondanam köpüräk gabar, garşylyk güýçli bolansoñ alyp bilmez. Şu müddetde biz ýurtdan ýene esger ýygyp, güýçli goşun bilen şäheri gabap ýatan leşgeriñ ýeñsesinden dararys. Ine şunda ýeñiş biziñki bolar, enşalla. Horezmşanyñ pikirini oturanlar bir agyzdan makullap, "Örän dogry tedbir, Aly hezret!" diýişdiler. Ýöne serkerdeleriñ biri ýerinden turdy-da, bir elini gursagyna goýup: - Aly hezret, eger söweşde biz üstün çykyp başlasak, onda nätmeli? - diýdi. Muhammet şa bir hili ýylgyryp, serkerdebaşa seretdi: - Hany, serkerdäñe sen jogap ber, nätmeli? - diýdi. .Serkerdebaşy: - Eý, sen samsyk, berýän sowalyñ nähili! Sen şu akylyñ bilen nädip müñbaşy bolup ýörsiñ - diýip, sowal berene ajysyny pürküp başlady. Muhammet şa ony saklap: - Dur, dur! Sen oña samsyk dagy diýiberme. Onuñ sowalynyñ añyrsynda başga many bara meñzeýär. Hany, ýigit, seniñ özüñ aýt. Nätmeli? Näme diýjek bolýarsyñ? - diýdi. - Aly hezret, biz söweşde üstün çykyp başlasak, olar biziñ etjegimiz ýaly söweş meýdanyny taşlap gaçmazlar, ahyryna çenli söweşerler. Şonda bizdenem gaty kän adam gurban bolar. Şonuñ üçin beýle köp pida bermän, söweşi togtadyp, gurlylary yzyna gaýtaryp goýbermegiñ alajy ýokmy diýjek boldum. - Ine, gördüñmi? - diýip, Muhammet şa serkerdebaşa garady- Sen oña "Şu akylyñ bilen nädip, müñbaşy bolup ýörsüñ" diýýäñ, onuñ akyly müñbaşy däl, serkerdebaşy bolmagada ýetjek ekeni. Serkerdebaşy geplemän, ýere bakdy. Patyşanyñ öwgüsine monça bolan müñbaşy ýylgyryp, tagzym edip, ýerinde oturdy. Horezmşa oña garap: - Ýigit, seniñ aýdanyñ dogry. Eger biz üstün çykyp başlasak, "Goşunyñy soñuna çenli gyrgyna berme" diýip, Äl Gurla ýaraşyk teklip edip göreris - diýdi. Soñra bir zadyñ pikirini edýän ýaly bir dem dymyp oturdy-da: - Jenaplar mende ýene bir pikir bar - diýdi. - Eger şu sapar gara hytaýlary ýardama çagyrsak, bu gurlylardan bütinleý dynardyk. Horezmşanyñ bu pikiri hem köpçülik tarapyndan makullandy. Ýöne ertirden bäri lal-jim oturan wezir Muhammet Salyh dil açdy: - Aly hezret, gurlylar ýardama gelse mugtuna gelmeýär. Ýardamy üçin ýyllyk pajynyñ üstüne goşmaça pul bermeli bolýar. Bulam hazyna agyr düşer. - Olar ýaly bolsa goşmaçasyny siziñ sandygyñyzdan alyp beräýeris. Horezmşanyñ bu gepine weziriñ ýüzi ak tam boldy. Ýöne geplemedi. Muhammet şa onuñ bolşuna ünsem bermän, sözüni dowam etdirdi: - Mawerannahyrda gara hytaýlaryñ uly goşuny bar. Olaryñ Samarkantdaky dikmesi soltan Osmana hem-de Gür hanyñ özüne çapar iberip ýüz tutmaly - diýip, kätip Abul Kasym Omara haýyşnamalar taýýarlamagy tabşyrdy. Şunuñ bilen uly meseleler çözülen kiçijik maslahat tamam boldy. * * * Şyhabetdin äl Gury agyr goşun bilen Horezmiñ serhedinden geçdi. Nirde sen Gürgenç diýip, haýdap barşyna iki günden soñ öñlerinde uç-gyraksyz meýdany tutup ýatan deñiz kimin suwa duş gelip, atynyñ başyny çekdi. "Horezminlileriñ ata-babalaryndan gelýän şeýle emeliniñ bardygyny eşidipdim" diýip, hyrçyny dişläp, kellesini ýaýkady. Hyrçyñy dişläp, kelläñi ýaýkanyñ bilen suw çekilýämi näme! Güýz Güneşiniñ ýylysyna bil baglan gurlylar ýer gurap, ýol açylýança bir aýa golaý şu ýerde garaşmaly boldular. Bir aýlyk dynçdan soñ gaýrata galyp, Gürgenji nazarlap barýan goşun günortana golaý Garasuw arnanyñ golaýynda "myhmany garşylamak" üçin öñünden çykyp duran Horezmiñ leşgerine gabat geldi. Ine, şu ýerde-de aldym-berdimli söweş başlandy. Gurlylar ilki bilen pillerini öñe sürdüler. Muny öñünden duýan Muhammet şa naýzalarynyñ ujuna ýagly letde dañylan pyýadalary öñ hatara goýupdy. Piller hüjüme geçenden naýzalylar letdelere ot berip, pilleri serpikdirdiler. Şundan soñ atlylar, pyýadalar gatym-garym bolup ala gopgun turuzan jeñ giç öýläne gabatlap horezmlileriñ söweş meýdanyny taşlap gaçmaklary sebäpli dyngy aldy. Gurlylaryñ soltany Şyhabetdin äl Gurly Horezmin leşgerini şeýle tiz derbi-dagyn edenine begenip, goşunyna ertire çenli dynç berdi, ertesi Gürgenje tarap çekdi. Barybam şäheri gabady. Emma Gürgenjiñ şeýle beýik, berk galasyny, galanyñ daşyndaky giñ, çukur händegi, depesindäki san-sajaksyz ýaragly adamlary görüp, äl Gurlynyñ birneme hörpi basyldy. Galanyñ içersinde bolsa Terken hatynyñ buýrugy, piri büzrük Şyhabetdin al Hywaky hezretleriniñ wagyz-ündewi bilen tutuş şäher ilaty duşmanyñ garşysyna aýaga galypdy. Bardy-geldi gurlylar şähere girmegi başaran ýagdaýynda-da toplanan bu ägirt uly güýji ýeñip, paýtagty eýeläp bilmejekleri şübhesizdi. Emma gurlylar gabawdan el çekmegi islemeýärdiler, iru-giç şäheri aljakdyklaryna ynamlary güýçlidi. Olar galany zabt edende ulanylýan dabbabat, matarys, salalym ýaly enjamlaryny ulanyp, hüjüme geçip başladylar. Galanyñ üstündäki goragçylar bolsa hüjümçileriñ üstüne peýkamlary, uly-uly daşlary, alawly tokgalary ýagdyrýardylar. Şeýlelikde hüjümleri her sapar hem berk gaýtawula sezewar bolup, netijesiz galýardy. Gabaw bir aýa golaý dowam etdi. Onýança Horezmşa ýurtdan urşujy toplap, ýetmiş müñ adamly leşger bilen gurlylaryñ ýeñsesinden geldi. Beýle uly güýje garaşmadyk Şyhabeddin äl Gurly gabawy aýryp, goşuny yzyna aýlady. Horezminliler hüjüme geçdiler. Entek güýji egsilmedik gurlylaryñ goşuny hüjüme gaýtawul berip, söweşe girdi. Aldym-berdimli jeñ gidip duran mahaly Samarkandyñ hökümdary Osman soltan Tarazyñ häkimi gara hytaý Taýangy dagylaryñ başçylygynda gara hytaýlaryñ leşgeri ýetip geldi. Iki güýçli goşuna bäs gelip bilmejegine gözi ýeten Şyhabetdin äl Gurly leşgerini yzyna tirkäp gaçmak bilen boldy. Horezmşa olaryñ ýükli ulaglaryny olja alyp, ýeñişi toýlamak üçin bir günlik ýoldan yzyna Gürgenje gaýtdy. Gara hytaýlar bolsa kowgyny dowam etdirdiler. "Gorkagy köp kowsañ batyr bolar" diýilişi ýaly Şyhabetdin äl Gury Andhud galasyna golaýlap baranda goşuny yzyna aýlap, gara hytaýlar bilen söweşe girdi. 601-nji hijriniñ sapar aýynyñ başynda iki günläp dowam eden gandöküşikli bu söweş gurlylaryñ derbi-dagyn edilmegi bilen tamam boldy. Äl Gurlynyñ birnäçe emirleri, köp sanly urşujylary ýesir düşdi. Dört pili öldürildi, ikisi alyndy. Şyhabeddiniñ özi bolsa goragyndaky esgerleri bilen Andhud galasynda beklendi. Gara hytaýlar galany gabap, gurlylary ele salmak üçin herekete geçenlerinde Osman soltan, musulman hökümdarynyñ bidinleriñ eline düşmegini islemän, gepleşik geçirip, köp tölegiñ öwezine olary boşadyp goýberdi. Şyhabeddin äl Gurly ýurduna geleninde bir giden baş-başdaklygyñ üstüne bardy. Onuñ söweşde ölenligi hakynda gürrüñ ýaýrap, gaznasy talanypdyr, tabynlygyndaky ülkeler özbaşdaklyk yglan edipdirler, ýurduñ özünde-de tertipsizlik möwç alyp, ýagdaý ýaramazlaşan eken. Ýurtda tertip düzgüni we öz häkimiýetini berkitmek üçin oña köp wagt gerekdi. Ol şonuñ üçin Horezmşa bilen parahatçylyk hakynda şertnama baglaşmaklygy teklip edip, Gürgenje ilçilerini iberdi. Bu wagtda Muhammet şa gurlylaryñ üstünden, gara hytaýlaryñ kömegi bilen bolsa-da, gazanylan ýeñişi uly dabara bilen toýlaýardy. Toýuñ üstüne dostluk diläp gelen duşmanynyñ üç adamdan ybarat ilçilerini resmi ýagdaýda kabul etdi. Adatdaky tagzym-tazzarudan soñ ilçileriñ baştutany tagtynda özlerine synçy nazaryny dikip oturan Muhammet şaga ýüzlendi: - Merhemetli, muhterem Horezmşa hezretleri! Biz Size soltanymyz Şyhabeddin äl Gurly hezretleriniñ salamlary bilen parahatçylyk, dostluk hakyndaky teklibini alyp geldik. Siz soltanymyzyñ bu teklibini kabul etseñiz bizi, diñe bizi däl tutuş gur halkyny hoşnut edersiñiz. Horezmşa başyny çalaja atyp, kinaýaly ýylgyrdy: - Jenaplar, gowy niýet, gowy teklip bilen gelipsiñiz. Uruşdan parahatçylygyñ, duşmanlykdan dostlugyñ gowudygyny bilmeýän adam ýok. Emma, soltanyñyz muny bilse-de, tersine iş etdi. Ol Horezmine ýörüş edip, müñ-müñläp esgerlerini gyrgyna bermezinden, maly-mülkünden aýrylmazyndan, ýeñlişe sezewar bolup, masgara bolmazyndan öñ, siziñ getiren teklibiñizi oña men etdim. Ol men-menlik edip, biziñ teklibimizi kabul etmedi. "Men-mene zowal" diýen hikmedi unudyp zowal tapdy. Horezmşa sözüne dyngy berýänçä ilçiler başyny aşak egip durdylar: - Aly hezret, "Geçeni geçdi bil" diýipdirler. Ykbalyñ işini hiç kim öñünden bilmeýär. Soltanymyz hem ykbala ýazylanyny gördi. Puşeýman edýändir. Indi Siziñ merhemetiñize garaşýar ol - diýip, ilçileriñ başçysy Muhammet şaga umyt bilen garady: - Biz hiç haçan gowy tekliplerden ýüz öwürmedik, indem öwürmeris. Biz şertnamany käbir şertler bilen taýýarlap, ertir siziñ bilen bile gitjek ilçilerimizden berip goýbereris. Soltanyñyz ony tassyklap, möhrüni bassa boldy. Häzir baryp, ertire çenli dem-dynjyñyzy alyñ, biziñ myhmandarçylygymyzy görüñ - diýip, Horezmşa hyzmatda duran köşk hadymyny çagyryp, ilçileri oña goşup goýberdi. Gurlylaryñ ilçileri bilen olaryñ paýtagty Gazna giden Horezmşanyñ ilçileri şertnamany soltan Şyhabeddine tassykladyp, möhrüni basdyryp geldiler. Şertnama laýyklykda ol Horasanda alan ýerlerini gaýtaryp bermäge, Horezmşa soran wagty goşunyny onuñ ygtyýaryna ibermäge borçlandy. Horezmşanyñ özüne-de bir azrak dynçlyk, söweşlerde ýitiren güýjini dikeltmek, goşunyñ üstüni dolmak üçin şeýle şertnama gerekdi. Emma "Antym şahyma" diýlişi ýaly iki aý geçip-geçmän Guryñ emirleri Horasandaky Horezmine degişli ýerlere çapawulçylyk çozuşlary edip başladylar. 601-nji hijriniñ şaban aýynda (aprel 1205) emir Täjeddin Zeñginiñ başçylygyndaky goşun Merweruda hüjüm edip, basyp alýar. Emeldarlar öldürilýär, halk talanýar. Bu gurlylaryň etmişlerine dergazap bolan Horezmşa olaryñ garşysyna Abuwertdäki inisi Alyşany, Sarahsdaky emir Çakyry iberýär. Emir Zeñginiñ goşuny derbi-dagyn edilýär, Zeñginiñ özi on serkerdesi bilen ýesir düşýär. Ýesirler katl edilip, olaryñ kelleleri Merwde birnäçe günläp asyp goýulýar. Bu bolan ýagdaýy soltan Şyhabeddin nähili görerkä diýip, bir habara garaşýan Horezmşaga başga habar, ony gije ýatanynda bir hindiniñ öldürendigi hakyndaky habar geldi. Aýtmaklaryna görä, soltan Şyhabeddin Hindistandaky gozgalañy ýatyrmaga baranynda ol hindiniñ iki agasy gozgalañçylaryñ hatarynda öldürilen eken. Niçikdir bir ýol bilen agalarynyñ ganyny almak üçin Gazna gelen hindi ýigit 602-nji hijriniñ şaban aýynyñ birinji gijesi maksadyny amala aşyrýar. Soltan Şyhabeddiniñ öldürilmegi hakyndaky habaryñ ýaýramagy bilen Guruñ tabynlygyndaky Hindistan welaýatlarynda özbaşdaklyk yglan edildi. Döwletiñ içinde-de şäherdir, etraplarynda baş-başdaklyk başlandy. Hiç bolmasa, döwletiñ bitewüligini saklap galmak üçin ikinji paýtagt hasaplanýan Firuzkuhda ulamalar soltan Gyýasetdiniñ ogly Mahmydyñ adyny hütbä goşup, ony soltan diýip yglan etdiler. Bu hakda ýurduñ ähli şäherlerine namalar ýollandy. Hyradyñ walysy Izzetdin Huseýin ibn Hurmil Fizurkuhdan nama gelenden öñ Horezmşaga ilçiler iberip, özüniñ oña tabynlygyny mälim edýär we Hyrady saklamak üçin goşun bermegini towakga edýär. Horezmşa ilçileriñ getiren habaryny diñläp, Ibn Hurmil diýen adamyñ Hyradyñ öñki wepat bolan walysynyñ ýerine bellenen adamdygyny ilçilerden sorap anyklaýar. Iki ýyl bäri soltan Şyhabetdiniñ dikmesi bolup oturan bu adamyñ indi näme maksatda öz gurlylaryna dönüklik edip, Hyrady Horezminiñ tabynlygyna geçirmekçi bolýandygyny Horezmşa oýlanyp gördi: Ibn Hurmil Horezmşanyñ Gury iru-giç doly feth etjegini, şonda Hyrady hem basyp alsa özüniñ aman galmajagyny, eger öz ygtyýary bilen häzir tabyn bolsa, öz ýerinde ýene-de waly bolup galjagyny oýlanyp, ilçiler iberenini añlady. Ol bu adam juda mekir bolmaly, onuñ bize soñuna çenli sadyk bolup galjagy gümana diýen netijä geldi. Şonuñ üçin ol ilçilere şeýle diýdi: - Jenaplar, eger walyñyz bize ahyryna çenli sadyk bolup galjak bolsa, bir ogluny girew hökmünde Gürgenje ibersin. Şuña razy bolsa biz oña goşunam bereris, özünem permanymyz bilen ömürlik waly edip belläris. Horezmşanyñ sözüne ilçiler näme üçindir bir hili bolup, aşak bakdylar. Olaryñ başçysy çekinibräk: - Aly hezret, jenap ibn Hurmil Siziñ bu talabyñyzy berjaý edip bilmeýär, onuñ perzendi ýok - diýdi. Horezmşa geñirgenen ýaly: - Ol näçe ýaşynda? - diýip sorady. - Elliden birki geçen bolmaly. Ýaşyrak wagtynda perzent görjek bolup, aýal üstüne aýal alypdyr, emma peýdasy bolmandyr. - Biçäre - diýip, Horezmşa rehimi inen kimin dillenip, bir dem sägindi-de, soñra - Walyñyzyñ teklibini kabul edýäs. Goşun diýen haýyşyna goşun bilen özüm bararyn, galan meseleleri şol ýeriñ özünde gepleşeris. Indi sizler dem-dynjyñyzy alanyñyzdan soñ gaýdyberiñ - diýdi. Ilçiler Horezmşadan hoşal bolup hoşlaşdylar. Ilçiler gideninden soñ bir hepde geçip-geçmän, ýol şaýyny tutan Horezmşa nirde sen Hyrat diýip, agyr goşun bilen ýola düşdi. Ýol söküp, menzile ýeten Horezmşanyñ agyr goşuny Hyrady alkymlap goş taşlady. Indi Guryñ täze soltany Mahmyt ibn Gyýasetdiniñ etjek alajy ýokdy. Goragyndaky nökerleri, wezir-wekilleri bilen şäheriñ derwezesine tarap ýönelen Horezmşany derwezäniñ öñünde waly Izzetdin Huseýin ibn Hurmil ähli emeldarlary bilen dabaraly garşy aldy. Emma şäheri öñ iki gezek gabap, ony gorky astynda saklan adamy ilat şadyýanlyk bilen garşy almady. Ilatyñ Horezmşa geldi-gelmedi göwni bir ýalydy. Hatda bilesigelijiler hem görünmeýärdi. Köçelerde öz işi bilen ýören adamlardan başga artykmaç adam ýokdy. Şäheriñ derwezesinden başlap tä, köşge gelýänçä Horezmşa hiç hili üýtgeşik ýagdaýa duş gelmedi. Şundan soñ ol özüniñ ilat tarapyndan halanmaýanyny duýdy. Köşge gelip ýerleşenlerinden soñ hem Ibn Hurmiliñ ýüzündäki ýaranjañlyk alamaty diýäýmeseñ, beýleki emeldarlaryñ ýüzlerinde-de begenç alamatlary ýalpyldap duranokdy. Aýratyn-da Ibn Hurmiliñ weziri Sadeddin Rindi oña aşaklygyna sowuk nazar bilen seredýärdi. Horezmşa bu ýagdaýlara känbir üns berip oturmady. Esasy zat - Hyrat ele salyndy. Ilat nirä barýar. Indi Ibn Hurmil bilen emeldarlarynyñ gatnaşmagynda käbir meseleleri çözüşmelidi. Munuñ üçin köşgüñ kabulhanasyna geçildi. Horezmşany hormatlap, tagt pisint kürside oturtdylar. - Jenaplar - diýip, Horezmşa garşysynda oturanlara ýüzlenip söze başlady: - Biz siziñ Horezmine birikmek baradaky teklibiñizi kabul edip, çakylygyñyz boýunça geldik. Biz indi Hyrady, Hyrada degişli sebitleri öz penamyza alýarys. Mundan beýläk hiç bir kes bu ýurda göz dikip bilmez. Biz jenap Izzetdin Huseýin ibn Hurmili Horezm döwleti tarapyndan Hyradyñ walysy edip perman bilen belleýäris. Hyradyñ goragy üçin bir bölek goşun hem berýäris. Hyradyñ Horezmine birigeniniñ nyşany hökmünde biziñ adymyz ähli metjitlerde hütbä goşulyp okalmalydyr, adymyzdan pul zikgelenmelidir. Şeýlede ýyllyk tölenmeli paç bellenilen mukdarda, öz wagtynda iberilmegi gerek. Ine şu meseleler barada münşülerimiz bilelikde şertnama taýýarlasynlar. Horezmşanyñ bu gysga nutky we talaby oturanlaryñ hemmesine hem bir meñzeş täsir eden däldir, elbetde. Ýöne zamana zoruñky bolansoñ, islense-islenmese-de, ejiziñkä garanda zoruñ tabynlygynda bolmaklygyñ bähbitlidigini ten almaly boldylar. Horezmşa Hyratda bir hepde boldy. Şu arada şertnamadyr, Ibn Hurmil hakyndaky perman möhürlendi. Goşun hem dem-dynjyny aldy. Indi gözlenýän beýleki maksatlar sary ýola düşülse-de boljakdy. Göz öñünde tutulan maksat kiçi-girim däldi: Balh, Termiz, Talakan, Meýhene, Andhud we beýleki welaýatlar şu ýörüşde alynmalydy, Horezmiñ tabynlygyna geçirilmelidi. Munuñ üçin bir goşmaça güýç bolsa ýardamy degerdi diýen pikir bilen Samarkandyñ hökümdary soltan Osman ibn Ybrahymy çagyrmagy makul görüp, oña häzir özüniñ Hyratdadygyny, ondan Balha, soñ Termize barmakçydygyny, onuñ hem Termize gelmegini towakga edip, nama ýollady. Goşuny bolsa Balha çekdi. Çünki gara hytaýlar bilen serhetdeş bu sebiti gurlylaryñ synanyndan peýdalanyp, olaryñ basyp almagy ahmaldy. Şonuñ üçin gara hytaýlardan öňürtilemelidi. Balhyň ýolunyň ugrundaky gurlylaryň bir näçe galalary Hyradyň Horezmiň tabynlygyna geçmeginiň täsiri bilenmi Horezmşaga garşylyksyz tabyn boldular. Emma Balhyň walysy Imadeddin Omar Horezmiň goşunynyñ şazada Täjeddin Alyşanyň başçylygyndaky öňdäki bölümine berk garşylyk görkezdi. Soňunda-da galanyň derwezesini berkidip, beklendi. Ol öz çakylygy boýunça Bamyýandan ýardama garaşýardy. Şu arada Hyratda garaşylmadyk ýagdaý döredi. Imadeddin Omaryň Horezm goşunyna berk garşylyk görkezip, Balhy bermänliginiň täsiri ýetip, käbir ulamalar we emirler Hyrady hem tabynlykdan aýyrmak üçin Guryň soltany Mahmyt ibn Gyýasetdinden goşun sorap, adam iberýärler. Waly Ibn Hurmil elinde Horezmşanyň beren goşun bölüminiň barlygyna garamazdan pitneçileriň ýoguna ýanmagy başarman Muhammet şaga habar berýär. Muhammet şa gelip, pitnäniň başynda duranlary anyklaýar. Olardan fakyh Zyýad bilen kady Säýidi tussag edip, fakihiň gözüne mil çekdirdi, kadyny bolsa Hyratdan çykaryp kowdy. Pitnä raýdaş bolan emirler gaçyp gutuldylar. Ine şunda Muhammet şanyň göwnüne bir müňkürlik aralaşdy: "Näme üçin Ibn Hurmil elinde güýç-goşun bolup, bary-ýogy on-onbäş pitneçini özi tutup, jezalandyrman, maňa habar etdikä? Munuň bir sebäbi bolmaly" diýen şübhe bilen sebäbini Ibn Hurmilden sorady: - Jenap Izzetdin, bu pitneçiler seniň ygtyýaryňdaky goşunyň müňden biri çenlem ýok eken-ä. Şeýle güýç bilenem özüň olaryň ýoguna ýanyp bilmediňmi? Näme üçin maňa habar edip ýörsüň? -Aly hezret, men, elbetde, olaryň ýoguna ýanyp bilerdim, ýöne olaryň garyndaş-doganlary, tarapdarlary juda köp. Olar menden ar almak üçin janyma kast etmekleri ikuçsyzdyr. Horezmşa Ibn Hurmiliň delilinde mantyk ýok däl bolsa-da, şübhesi aýrylmady. Ol: - Gorkdum diýsene. Sen tabynlyk teklip edip, ilçi ibereniňde gorkmadyňmy? -Aly hezret, Size ilçi ibermezimden öň men hemme ulamalar, emirler bilen maslahatlaşdym. “Horezme tabyn bolsak arkamyzy daga beren ýaly bolarys" diýip aýdanymda hemmeleri makulladylar. Indi olaryň käbirleriniň üýtgänine özümem haýran. Ibn Hurmiliň bu gepinde-de mantyk barlygyna garamazdan, oňa barybir ynanmady. Emma elinde degerli delil bolmanyndan soň ony günäkärläp bilmedi. Horezmşa Balha gaýdyp geleninde Imadeddin Omar Bamyýandan garaşýan ýardamy gelmäninden soň bialaç teslim bolan ekeni Alyşa ony elini arkasyna daňyp, agasynyň öňüne getirip, dyza çökerdi. Horezmşa ýaş jehetden özünden has uly, sakgal-murtyna ak aralan ýaşuly adamyň eli daňylgy, kellesini aşak salyp oturşyna rehimi indimi “elini çözüň!” diýip buýurdy. Çözdüler. Şundan soň onuň özüne “sizläp” söz gatdy: - Kelläňizi galdyryp, meniň gözüme serediň! Ýesir aýdylany etdi. Horezmşa onuň gözlerine seredip, ondaky manyny okamaga çalyşdy. Bu adam sada, wadasyna wepaly, Watany üçin janyny gaýgyrmaýanlaryň hilindendigini aňdy. Muhammet şa duşmany-da bolsa beýle adamlaryň günäsini geçýärdi. Şeýle-de bolsa oňa degip gepläsi geldi: -Jenap Imadeddin, eger siz ýaş ýigit bolanyňyzda, ýaşlygyň ýürekdäki göçgüni kelledäki akyl-parasada boýun egmändir-de diýerdim. Siz ýaşyňyz bir çene baran, durmuşdan tejribeli, duýgularyna erk edip bilýän adam bolubam Horezminiň gudratly goşunyna bäs gelip bilmejegiňize aklyňyz ýetmedimi? Imadeddin Omar Horezmşanyň sowalyna jogaba derek: - Bir çemçe ganymdan geçiň, Aly hezret-diýdi. - Günäňizi geçsek, onsoň siz näme iş etmekçi? -Aly hezret, men bir çemçe ganymdan geçiň diýdim, günämi geçiň diýmedim. Çünki meniň günäm ýok. Öz ýurdyňy, öz ojagyňy goramak üçin duşmanyň garşysyna göreşmeklik günä hasap edilmeýär ahbetin. Horezmşa ajy ýylgyrdy: -Şeýlemi, biz muny bilmeýän ekenik-de. Ýöne, jenap Imadeddin, akyl bilen däl-de akmaklyk bilen edilen iş jenaýata, günä eltýär. Ýurdymy, ojagymy gorajak diýip, näçe adamy göz-görtele gylyjyň demine berdiň. Bu günä dälmi? Onsoňam, “Her nä bela gelse, diliňden geler” diýipdirler. Sen hökümdaryň öňünde diliňe erk edip bilmeýän bolsaň, Horezmde saňa edep ekram öwrederler - diýip, Horezmşa onuň ýüzüne-de seretmän, “alyp gidiň” diýen yşaraty etdi. Muhammet şanyň “Horezmde saňa edep-ekram öwrederler” diýeni basyp alnan ýurtlaryñ käbirleriniň Gürgençde girew hökmünde saklanýan baştutanlarynyñ hataryna onuňam goşulmalydygyny aňladýardy. Balh welaýatyna emir Çakyr waly bellendi. Ähli metjitlerde Horezmşanyň ady hütbä goşuldy, onuň adyndan pul zikkelenip başlandy. Balhdaky işleri tükelläp, Muhammet şa goşuny Termize çekdi. Horezmşanyň çakylygyny alan soltan Osman hem on müň atly goşun bilen Termize tarap ýola düşdi. Horezmliler menzile samarkandlylardan sähel öňräk geldiler. Horezmşa Osmany gujak açyp garşy aldy. “Bir ýagşylyk, bir ýamanlyk unudylmaýar” diýýärler weli, ýagşylar ýamanlygy unutsalaram, ýagşylygy unutmaýarlar. Gürgenji gaban Şyhabetdin al Gurlynyň goşunyny derbi-dagyn etmekde ezberlik bilen gatnaşan bu ýaş hökümdara Horezmşanyň minnetdarlygy çäksizdi. Termiziň walysy İmadeddin Omaryň ogly Bahramşa ilki Horezmşanyň goşunyna garşylyk görkezmekçi bolup, bir hyjuwlandy-da, ýene kakasynyň düşen ýagdaýy göz öňüne gelip, peseldi. Şäheri horezmliler bilen samarkantlylar gabanyndan ol aman diläp, galadan çykdy. Ony Muhammet şanyň huzuryna alyp geldiler. Uzyn boýly, ak ýüzli, sakgal-murty ýaňy taban ýaş ýigide gözi düşenden Horezmşa onuň kakasyna meňzeşdigini görüp: -Pederiň bilen keşpleriňiz çalymdaş eken, ykbalyňyzy hem çalymdaş edäýsek bizden gaty görmezmiň?-diýip ýylgyrdy. Häliden bäri elini gursagyna goýup duran ýigit: -Aly hezret, biziň ykbalymyz Siziň eliňzde, näme etseňiz ygtyýaryňyz bar. Şeýle-de “Gaty görmezmiň?” diýip ýaňsylap aýdan sözüňizi-de gaty görmäge hakym ýok-diýdi. Horezmşa bir hili boldy, özüni ejize ganym bolan ýaly duýdy. Indi aýdan sözüniň täsirini ýumşatmak üçin: -Sen ýigit, degişmäni ýaňsy öýdüp, nädogry düşünipsiň-diýip, Horezmşa mylakatly ýylgyrdy. Bahramşa patyşanyň birden başga äheňe geçip, sözüniň täsirini ýumarlamaga çalyşmagy ony ýaňsylanyna öküneni üçin däl-de, kişini ýaňsylamagyň özüniň mertebesine gelişmeýänligini duýany üçindigine düşünse-de, ejiziň zoruň öňünde egilmekden başga alajynyñ ýokdygy üçin uzur sorady. -Aly hezret, nädogry düşünen bolsam bagyşlamagyňyzy haýyş edýän. Ýene bir haýyşym bar, Aly hezret, ejaza berseňiz aýdaýyn. -Aýdaý, aýt. -Aly hezret, Siz pederimi gördüňiz. Ol ýaşy bir çene baran adam. Men onuň Gürgenje iberilýändigini eşidip, gaty gaýgyrdym. Uzak ýolda juda gynanar. Şonuň üçin onuň ýerine meni iberäýiň. Ol Balhda Siziň ýönekeý bir raýatyňyz bolup ýaşaberer. -Ol seniň aýdyşyň ýaly, ýönekeý bir raýat bolup ýaşamaz. Biz gidenimizden soň hökman töweregine adam toplap, gozgalaň turuzar, biziň goýup giden adamlarymyzy öldürip, ýene özi hökümdarlygy ele almaga çalyşar. Biz tabynlygymyza alan ýerlerimiziň baştutanlaryny häsiýetine görä girew hökmünde Gürgençde saklaýarys. Pederiňiň häsiýetinem biz birinji gepleşenimizde bildik. Indi seniň haýyşyňa gelsek, hakykatdanam garry adam uzak ýolda gynanar, sen muny dogry aýtdyň. Emma onuň ýanynda çaý-suwuna seredip, gerek ýerinde medet berýän bir kömekçi-höwri bolsa känbir kynçylyk çekmez. Şeýle höwrem öz ogly bolsa, hasam gowy bolar. Äm-säm bolan Bahramşa: “Aly hezret...” diýip bir zatlar aýtmakçy bolanyndan Horezmşa onuň sözüni bölüp: - Gep tamam!-diýdi-de eli bilen “Alyp gidiň” diýen yşaraty etdi. Iki serbaz iki çigininden tutup, ony alyp gitdiler. Horezmşanyň Bahramşa bilen söhbetini diňläp oturan Osman soltan: -Aly hezret, Bahramşany oňaraýdyňyz. Onuň bilen gowy gepleşip oturanyňyza, ýaman ýigit däl ýaly, ony azat edip goýberse gerek diýip otyrdym-diýdi. Horezmşa kellesini ýaýkap güldi: -Siz onuň mönsiräp oturanyna garamaň, onuň bileni içinde, kakasy ýaly köňlündäki dilinde däl-de, duýgularyny gizläp, diline erk edip bilýän bolmaly. Aslynda bolsa şol atanyň ogly dälmi, azatlyga goýberip, şu ýerde galdyrsaň, biz gidenden soň hökman bir hokga çykarjagy ikuçsyzdyr. Osman soltan Horezmşanyň adam tanamakda tejribesiniň ýetikdigine ynanyp: -Aly hezret, onuň içki dünýäsini dyrnagyňyzda gören ýaly aýtdyňyz-diýdi. Muhammetşa başyny atyp ýylgyrdy-da: -Indiki mesele, hezreti Osman, Termiziň geljegi hakynda-diýdi. Pygamberimizden soň ýurdy dolandyran dört çaryýaryň iň adalatlysy Siziň atdaşyňyz hezreti Osman bolupdyr. Termizi hem Siziň adyňyzdan adalatly dolandyrýan adam goýsaňyz, ilat sizden razy bolar. -Aly hezret, Termezi maña berýäňizmi?-diýip, Osman soltan geň galyp sorady. -Şonuň üçinem çagyrdym-da Sizi Termize. -Teşekkür, Aly hezret, teşekkür!-diýip, Osman soltan elini gursagyna goýup, minnetdarlygyny bildirdi. Horezmşanyň bu sahawatynyň soňy gowy bolmady. Termiziň ilaty şäheriň bidin gara hytaýlaryň dikmesine berlenligine närazylyk bildirip, Osmanyň goýup giden adamlarynyň üstüne hüjüm edip, gozgalaň turuzdylar. Munuň habary Osman soltana ýetirlende entek gaty daşa gitmedik goşunyň bir bölümini yzyna gaýtaryp, gozgalaňy gan döküp ýatyrdy. Emma güýç bilen edilen tabynlygyň näçe wagta çekçekdigini Alla bilýär. Çünki başga ýerlerde-de bugün alnan galalar ertesi tabynlygyny ret edýärler. Şeýlelikde Horezmşa Hyrady üç gezek aldy. Entegem bellisi ýok, dördünji gezegem almaly bolaýmasa. Termizden soň Muhammet şa Talakany, Meýheni, Andhuny, Sijistany boýun egdirdi. Biraz soňrak Tabarstany hem alyp, oňa inisi Tajeddin Alyşany waly belledi. Bu ülkelerde hem onuň ady hütbä goşulyp, adyndan pul zikkelenip başlandy. Bir puhara adamyň başlan işi oňuna bolup, yzly-yzyna üstünlikler gazanyberse öňki puhardygyny unudyp, göwni howalanyp başlaýar. Ýörüşleri ýeňişlere beslenen patyşalaryň göwni bolsa has göterilip, arşa ýetse gerek. By saparky ýörüşinde bir näçe ülkeleri tabynlygyna geçirip, baştutanlaryny ýesir alyp gelşine Muhammet şanyň hem özüne bolan ynamy, buýsanjy has artdy. Ol indi özüniň Horezmşa Alawetdin Muhammet adyny äleme doldy hasaplaýardy. Ol soňky eýelän ýeri Andhunda saklanyp, goşuna biraz dynç berýärkä nobatdaky alynmaly sebitleriň pikirini edýärdi. Bu barada maslahatlaşmak üçin wezir-wekillerini, serkerdelerini çagyryp, maslahat geçirdi. -Jenaplar! Allanyň eradasy hem-de bizi goldamagy bilen Horezminiň serhetleri barha giñelip barýar-diýip Horezmşa söze başlady. –Ýöne entek Horezminiň tabynlygyna geçirmeli sebitler kän. Olar hem iru-giç biziň garamagymyza geçer enşalla. Ine şonda biziň ata-babalarymyzyň arzuw eden beýik Horezmin soltanaty emele geler. Biziň maksadymyz hem şu. Bu maksady amala aşyrmak üçin biz diňe gylyç ýalaňaçlap däl, parahatçylyk ýoly bilen hem ýurt almagyň hötdesinden gelmegimiz gerek. Öz döwründe Iskender Zulkarnaýynyň äleme dolan adynyň ýeten ýerinde oňa tabyn bolupdyrlar. Biziň adymyzdan hem tabynlyga geçmek barada edilen teklibi janyndan umydy bolan hökümdarlar ret edip bilmez, diýip pikir edýärin. Sizleriň pikiriňiz nähili? -Dogry, Aly hezret! Hak gep aýtdyňyz-diýişip oturanlar patyşaga ýaranjaňlyk etdiler. -Hany, onda muny kimden başlasak bolar?-diýip, Muhammet şa emeldarlaryna sala-saldy. Her kim bir ýeri teklip etdi. Soňunda Horezmşa köpçüligiň makul göreni - Guryň soltany Mahmyda Horezmiň tabynlygyna geçmegi teklip edip, ilçi iberdi. Soltan Mahmyt iru-giç Horezmşanyň üstüne goşun çekjegine garaşýardy. Ol üstüne goşun gelmän, ilçi gelenine begendi. Ilçi bolup gelen Horezmşanyň ynamdar hajyby Allam al Kermanyny uly hormat bilen garşylady. Köpi gören Allam al Kermany kabul wagty ýaş soltanyň özüni alyp baryşyndan, gep-sözünden onuň birneme göçgünliräk, biraz ýeňilkelleräkdigini syzdy. -Muhterem Allam al Kermany jenaplary, biz Size atamyz deňi salyhatly ýaşuly adam bolanyňyz üçin uly hormat goýmak bilen näme teklibiňiz bolsa diňlemäge taýýardyrys - diýip, Muhammet soltan dilewarlyk bilen ilçä söz gatdy. Al Kermany çalarak ýylgyryp, çalarak baş egdi-de, kellesini galdyryp. -Merhemetli Mahmyt soltan hezretleri, meniň özümiň Size hiç hili teklibim ýok. Men Size Horezmşa hezretleriniň teklibini alyp geldim-diýdi. –Siz maňa goýan uly hormatyňyzy ol hezrete goýup, teklibini kabul etseňiz älem gülüstan. -Hä, hä. Horezmşa hezretlerine biziň hormatymyz çäksizdir. Şeýle bolansoň ol hezretiň tekliplerini ret etmäge hakymyz ýokdyr. Hany, aýdyp oturyň. Gowy teklip bolsa biziň depämiz göge ýeter. -Dünýäde parahatçylykdan gowy zat ýokdyr. Horezmşa hezretleriniň teklibi hem parahatçylyk. -Meni juda begendirdiňiz, jenap ilçi. Biziň islegimiz hem parahatçylyk, parahatçylykda ýaşaşmak. -Ine şu parahatçylygyň berkarar bolmagyny isleseňiz ýurduňyzdaky ähli metjitlerde Horezmşa hezretleriniň adyny hütbä goşduryp, ol hezretiň adyndan pul zikkeletmegiñiz gerek.. Ine şunda Siz ýurduňyzyň beýik Horezmin döwletiniň düzümine goşulmak bagtyna miýesser bolarsyňyz. Mahmyt soltan iru-giç şeýle “bagta” miýesser boljagyny bilse-de, ýurt elinden gidip barýan ýaly bir bada aljyrady. -Hä, hä. Düşündim jenap ilçi. Onsoň näme? -Onsoň, Siz paýtagtyňyz Firuzkuhda Horezmşa hezretleriniň naýyby bolup ýurdy dolandyrmak bilen merkezi gazna pajy wagtynda iberip oturarsyňyz. -Paç hem tölemelimi?! -Elbetde. Tutuş ýurdy şol sanda Sizi hem goraýan Horezmşanyň goşunyny saklamak üçin beýleki tabynlykdaky ýurtlar bilen bir hatarda Sizem öz goşandyňyzy goşmaly bolarsyňyz. Köpem däl, Size bellenileni ýylda ýigrimi müň dinar. -Hä, hä. Muňa-da düşündim, jenap ilçi-diýip, Mahmyt soltan mundan beýläk Horezmşaga ýaranyp ýaşamalydygyna hem düşündi-de, indi onuň özüne hoşallygyny gazanmagyň aladasyny edip ilçä ýüzlendi: -Jenap Allam al Kermany, siz bile gelen adamlaryňyz bilen birki gün biziň myhmandarçylygymyzy görüň. Onýança bizem Horezmşa hezretlerine sowgat-salamlarymyzy taýýar ederis. Mahmyt soltan soňky sözi bilen Guryň Horezminiň tabynlygyna geçenligini öňki “düşündimlerinden” soň ýene bir gezek tassyklady. Mahmyt soltan ilçini bir serpaý ýapyp, ýöne ugradyp goýbermedi. Ol Firuzkuhyň köşgüniň öňünde ugradyş dabarasyny gurady. Bu ýere ýygnanan jemagatyň öňünde Horezm bilen byradarlaşylandygy, mundan beýläk parahatçylykda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny edip, ýaşaljakdygy hakynda nutk sözledi. Soňra onuň yşaraty bilen meýdança bir ak pil idip getirildi. Piliň ýüpi ilçi Allam al Kermanynyň eline berilýärkä egnine-de gymmat bahaly don ýapyldy. -Muhterem Allam al Kermany jenaplary, bu ak pil bilen onuň üstündäki gymmatdan-gymmat sowgatlarymyzy hem-de dogaýy salamymyzy Horezmşa hezretlerine gowşurmagyňyzy towakga edýäris-diýdi. Şeýdip, ilçi Allam al Kermany dabara bilen ugradyldy. Firuzkuhdan ilçiniñ getiren hoş habary bilen sowgatlar Horezmşanyň wagtyny hoşlady. Şeýlelikde gurlylar hem syndyryldy, ýurdy Horezme tabyn boldy. Horasan doly boýun egdirildi. Bu üstünlikler Muhammet şanyň ýüregine aýratyn buýsanç bolup doldy. Ol sowgat berlen pili synlaýarka onuň üstüne tagtyrowan gurdurmagy we Gürgenje şol tagtyrowanda oturyp, dabara bilen girip barmagy ýüregine düwüp goýdy. Muhammet şanyň ýüreginde bu kiçijik höwesden başga maksatlary kändi. Olaryň iň ulusy, iň arzylysy Mawerannahyrdy. Jeýhunyň bärisindäki sebitler eýelenenden soň Jeýhunyň aňyrsyndaky baý we gözel manzarly ýurdy ele salmaga bolan höwes ýörüşe ündeýärdi. Muhammet şa Mawerennahra ýörüşden öň Horasanda asudalygy berkitmekligiň aladasyny edip, ýene-de ol ýurda bir gezek aýlanyp çykdy. Nyşapur, Jam, Zanzan, Merw, Sarahs we beýleki şäherleriň walylaryna bir bölümden goşun berip, olaryň içerki we daşarky duşmandan goragyny güýçlendirdi. Şundan soň ol Mawerannahra ýörüşe taýýarlanmak üçin Horzme tarap ýola düşdi. Edil şu pillede Hyradyň walysy Izzetdin ibn Hurmiliň dönüklik edip, ol ýerde goýup gaýdylan goşunyň serbazlarynyñ köpüsini tussag edeni, galanyny dargadyp goýbereni hakynda habar geldi. Habary-da dagadylan goşunyň serbazlary getirdi. Horezmşa Ibn Hurmil diýen adama ynanyp ýalňyşanyny duýdy. Ol öz ýanyndan “Bu ýalňyşymyzy basym düzederis” diýip, Jamyň walysy emir Jyldaga Ibn Hurmili tutup, özüni ýa-da kellesini Gürgenje ibermek hakynda buýruk goýberdi-de, Horezme tarap ýoluny dowam etdirdi. Emir Jyldak buýrugy ýerine ýetirmek üçin iki müň atly bilen Hyrada geldi. Şäheriň derwezeleri bekli, gala diwarlary beýik, ondan guş uçup geçäýmese, adam üçin içeri girmäge hiç hili mümkinçilik ýokdy, iki müň esger bilenem galany alyp bolanokdy. Emir Jyldaga şähere girmek hökman däldi. Oňa şäher däl-de, Ibn Hurmil gerekdi. Şonuň üçin ol ýaýyň okuna baglap, derwezäniň aňyrsyna şeýle mazmunda hat oklady: “Jenap Izzetdin Huseýin ibn Hurmil, Horezmşa hezretleri siziň näme üçin horezminli serbazlary tussag edeniňiziň sebäbini bilip gaýtmagy maňa tabşyrdy. Şonuň üçin şäherden çykyp gelseňiz we maňa düşündirip, yzyma ugratsaňyz Aly hezrete sadyklygyňyzy subut etdigiňiz bolardy. Emir Jyldak". Oklanan haty Ibn Hürmila eltip berenlerinde onuň ýanynda weziri Sagdeddin Rindi bardy. Eden etmişi üçin Horezmaşanyň jezasyndan gorkup ýören Ibn Hurmil jezadan sypmagyň ýoluny tapan ýaly begenip, wezirine diýdi: -Jenap Sagdeddin, biziň Mahmyt soltana ynanyp, Horezminiň tabynlygyndan çykmak baradaky işimiz ugruna bolmady. Indi öňküligimize galyp, parahat ýaşasak şükür etmeli bolýar. Şonuň üçin men emir Jyldaga, horezminli serbazlar ilata talaň salyp, adamlara azar ýamanyny berenleri sebäpli adalatyň hatyrasyna olaryň bir näçesini tussag etdim, galanlary gaçyp gitdi, diýip düşündireýin. Ibn Hurmiliň sözüni ýüzüni açman diňlän wezir kellesini ýaýkap: -Muhterem waly jenaplary, Siz şu düşündirişiňiz bilen beladan syparyn diýip ynanýaňyzmy? Siz başga-da ýüz dürli düşündiriş berseňizem emir Jyldak Sizi ýeriňizde goýup gitmez, eltip, Horezmşaga tabşyrar. Şonuň üçin, meniň maslahatymy alsaňyz, şäherden çykmaň. Jyldak şäheri zabt edip alyp bilmejegini düşünip gider, köp saklanmaz. -Ol gitse, Horezmşanyň özi geler. -Özi gelse-de alyp bilmez, şäheriň gala diwarlary juda berk. -Ýok, jenap Sagdeddin, Horezmşanyň emirini düşündiriş bermän gaýtarsak, onuň gazabyny gozgarys. Gowusy men çykaýyn-diýip, Ibn Hurmil weziriň soňam aýdan maslahatyny diňlemän, ýanyna iki adam alyp, şäherden çykdy. Emir Jyldak ony özüniň çadyrynda kabul etdi. Ibn Hurmil salam-helikden soň emir Jyldaga ýüzlenip, wezirine aýdan sözlerini gaýtalap, düşündiren boldy. Jyldak syr bildirmän, oňa ynanan bolup: -Onuň ýaly bolsa, ol serbazlaryň jezasyny Horezmşanyň özi berer. Şonuň üçin olary häzir tussaglykdan boşadyp, at-ýaragyny gaýtaryp bermeli. -Bolýar, emir jenaplary, men häzir baryp, olary boşadaryn, at-ýaragyny berip, şäherden çykaryp goýbererin. -Ýok, jenap Izzeddin, Siziň barmagyňyz gerek däl. Ýanyňyzda gelenler baryp, Siziň adyňyzdan weziriňize aýdarlar. Tussaglar gelýänçe Siz şu ýerde oturmaly bolarsyňyz. Ibn Hurmiliň ýüzi üýtgäp gitdi: -Siz näme maňa ynanmaýarsyňyzmy, jenap emir?-diýip, Ibn Hurmil Jyldaga naýynjar garady. -Horezmşa hezretleri Size ynanyp, waly belledi, ýylyna 250 müň dynar berýän ykta ýerler berdi. Patyşamyzyň özi şeýle sylap, ynam bildiren adamyna meniň ynanmazlyga hakym ýok. Ýöne tussaglary şu ýerde ikimiz bile garşy alsak gowy. Şonuň üçin adamlaryñyza tabşyrygyňyzy aýdyp, yzyna ugradyň. Ibn Hurmil emiriň kakdyryp aýdan sözlerinden rejäniň düzüw däldigini aňsa-da, nalaç onuñ aýdanyny etmeli boldy. Walynyň buýrugyny diňlän wezir Sagdeddin tussaglary boşadyp, at-ýaragy bilen şäherden çykaryp goýberdi-de, indi Ibn Hurmiliň gaýdyp gelmejegini bilip, galanyň derwezesini gaýym bekletdi. Tussaglykdan boşan serbazlar emir Jyldaga minnetdarlyk bildirip onuň goşunynyň hataryna goşuldylar. -Emir jenaplary, indi men gaýdybersem bolýarmy?-diýip, gaýtmakdan umydyny bütinleý üzmedik Ibn Hurmil emir Jyldaga ýüzlendi. Emir Jyldak çalarak ýylgyryp: -Siz, näme “Gaýdybersem bolýamy” diýip, ýeke özüňiz gaýtmakçymy? Myhmana mürehet ýokmy? Mürehet etseňiz şähere bile gireli-diýdi. Ibn Hurmil Jyldagyň şäheri gaýtadan alyp, tabynlygy dikeltmek üçin şäher häkimiýetini täzeläp, oňa öz adamlaryny goýmakçydygyny düşündi-de, nalaç "mürehet”etmeli boldy. Emir Jyldak bir bölüm leşger bilen Ibn Hurmili öňe düşürip, şäheriň derwezesiniň öňüne bardy. Ibn Hurmil gala diwarynyň depesinde duran serbazlara derwezäni açmagy buýurdy. Emma derweze açylmady. Ibn Hurmil buýrugyny gaýtalap gygyranynda depeden: "Weziri agzam Sagdeddin Rindi jenaplary şäheri indi horezmlilere-de, dönük Ibn Hurmile-de bermeris, ol gurlylara degişlidir diýýär” diýen jogap geldi. Berkden-berk galaly şäheri öz güýji bilen alyp bilmejegine gözi ýeten emir Jyldak bu ýagdaý barada Horezmşaga çapar bilen nama iberdi. Ibn Hurmili bolsa Sulamyd galasyna iberdi. Birnäçe günden soň onuň kellesi Gürgenje goýberildi. Emir Jyldagyň çapary Horezmşanyň yzyndan Hazarasp galasynyň golaýynda ýetip, namany gowşurdy. Haty okap, dergazap bolan Muhammet şa Nyşapuryň Walysy Kezlik han bilen Jawzanyň walysy Emineddin Abubekre Hyrada goşun çekip, ony zabt etmek hakynda çapar bilen buýruk goýberdi. Emirler on müň atly bilen baryp Hyrady gabadylar. Daşyny agyr goşunyň gabanyna garamazdan wezir Sagdeddin Rindi Horezmşanyň emirleriniň şäheri tabşyrmak hakyndaky teklibini ret etdi. Wezir ýaýyň oky bilen oklan jogap hatynda: “Men şäheri Horezmşanyň özi gelse bermegim mümkin. Ýöne size bermen. Näçe müň leşgeriňiz bolsa-da, şäheri güýç bilen alyp bilmersiňiz. Dört hatar aýlanan gala diwarlaryndan, onuňam daşyndan aýlanan suwly çuňňur garymdan uçup geçmeseňiz, ýerden ýöräp geçip bilmersiňiz...” diýen ýazgy bardy. Hakykatdan hem şeýledi. Şonuň üçin emirler bu ýerdäki ýagdaýy düşündirip, Horezmşaga hat iberdiler. Indi ondan jogap ýa-da özi gelýänçä garaşmaly boldular. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |