03:43 Gürgenç / 3-nji kitabyñ soñy -24 | |
XXIV BAP
Taryhy proza
Horezmşa Muhammet atabeg Sad ibn Zaňgyny ýurdyna-Parsa ugradanyndan soň wezir-wekillerini, serkerdeleri çagyryp, indiki ediljek işler, indiki ýörüşler hakda maslahat salyp, şeýle diýdi: - Jenaplar, ine meniň elimde Muhammet Nejip Bakranyň dünýä ýurtlarynyň ýerleşýän ýerleriniň çyzgysy bilen oňa düşündirişler ýazylan “Jahannama” kitaby bar. Bu kitaba görä biziň duran ýerimiz Yspyhanyň günorta gündogarynda birnäçe baý, gözel tebigatly ýurtlar bar. Pars aýlagyny ýakalap oturan Mekran, onuň gaýrasynda Kerman, gündogarda bolsa Belujistan, Sijistan, Bamýan. Ine şu ýurtlaram beýik Horezmin soltanlygynyň düzümine girmäge mynasypdyrlar. Bu ýurtlara Jawzandaky naýybymyz Emineddin Abu Bekir juda belet bolmaly. Şonuň üçin oňa elli müň atly goşun berip, şol ýurtlary aýlanyp çykmagy buýurýarys. Biziň pikirimizçe goşunymyzyň bu ýörüşiniň dowamynda bir ýerde-de gan dökülmez, goşunymyzyň agramynyň özi ol ýurtlaryň jeň-jedelsiz tabyn bolmagyna getirer. Goşunyň galan elli müňüni men özüm Gürjüstana çekerin, Gürjüstan alnandan soň bölnen goşunlary jemläp, Anadola, Şama, ýörüş ederis. Şamdan Müsürem daş däl, nesip bolsa ol ýerde Iskender Zülkarnaýyň adyna gurlan Iskenderiýe şäheriniň depesinde Horezminiň baýdagyny-da pasyrdadarys... Muhammet şanyň joşup sözlän bu nutgy şol günüň özünde köşgüň içine, ertesi tutuş şähere ýaýrady. Üýtgeşik habarlaryň ganaty bolýar diýýärler. Horezmşanyň bu nutgynyň mazmuny hem Yspyhandan uzaklara nutkda agzalan ýurtlara-da baryp ýetip, ol ýerlerde-de, biraz howsala-da döretdi. Şu arada Gürjüstanyň patyşasynyň ilçilerinden berip goýberen gymmat bahaly sowgat-serpaýlary bilen dostluk, sadyklyk baradaky namasy Horezmşany Gürjüstana goşun çekmek niýetinden gaýtardy. Indi ol beýle tarapa iberen goşunyna garaşýardy. Ol goşun hem özüniň aýdýan ýurtlaryny jeň-jedelsiz, goşunyň agramynyň güýji bilen Horezmiñ tabynlygyna geçirdi. Hatda barylmadyk ýurt-Ommanda hem Horezmşanyň ady hütbä goşulyp okalyp başlandy. Şeýlelikde goşun tabşyrylan wezipäni amala aşyryp, dolanyp geldi. Diýmek, goşunyň gylyjy bilen däl-de, agramynyň güýji bilen hem ýurt alyp boljak ekeni. Bu gansyz ýeňişler Muhammet şany ýene şeýle ýeňişlere höweslendirdi. Onuň nazary indi eýle-beýle ýere däl-de, külli musulmanlaryň ymamy halyfyň paýtagty Bagdada dikildi. Çünki Bagdat diňe özüniň däl, pederi Tekeş soltanyň hem köňlündäki maksadydy. Indi ol pederinden miras galan maksady amala aşyrmak üçin pederiniň halyfdan eden talabyny tekrarlap Bagdada ilçi iberdi. Halyf Tekeş soltanyň goşunynyň agramy uly däldigini bileni üçin onuň diňe Bagdatda adynyň hütbä goşulmagy we adyna bir köşk bolmagy hakyndaky talabyny ret edipdi. Indi özüniň uly agramly goşuna eýe bolany üçin pederiniňkiden hem ötüren, ýagny ony tutuş musulman äleminiň hökümdary diýip, ykrar etmek bilen halyfyň özi diňe dini rehnema bolup galmak hakyndaky talabyny hem ret edip bilmejegine ynanýardy. Emma beýle gödek talaba juda gahary gelen halyf an Nasyr onuň ilçisiniň yzyna it salyp kowup goýberdi. Lapy keç bolan Muhammet şa Bagdady goşunynyň agramy bilen alyp bilmejegine gözi ýetip, gylyjynyň güýji bilen almagy ýüregine düwdi. Ýöne bir sebäp bolmasa, musulman äleminiň paýtagty hasaplanýan Bagdada gönüden-göni gylyç ýalaňaçlap baryp bolmaýardy. Degerli sebäp bolmasa, bahana tapmalydy. Çünki maksadyny sebäpden ileri tutýany üçin islendik bahana sebäbiň ýerine geçjekdi. Tapyldy. Bir däl, birnäçesi tapyldy. Ine şu bahanadyr sebäpleri delil hökmünde Horezmiň ulamalarynyň öňünde goýup, Bagdada ýörüşe fetwa almak üçin Muhammet şa Gürgenje barmalydy. Diňe fetwa üçin däl, Bagdatdan soň Anadola, Şama, Müsüre ýörüş üçinem häzirki goşunynyň üstüne ýene şunça, belki ondanam köpräk goşun toplamalydy. Şu niýet bilen ol goşunyny Bagdada has ýakyn ýer-Hemedanda goýup, özi wezir-wekillerini alyp, müň atly bilen Horezme ugrady. Ol ýol ugruna özüne tabyn galalarda düşlese-de, ol ýerlerde köp eglenmän Nyşapura geleninde şäherde, Kezlik hanyň ýerine goýan walysynyň gowşaklygyndanmy, tertip-düzgün gowşap, ogurlyk, zorluk ýaly ýagdaýlar döräp başlan eken. Bu ýagdaýlaryň sebäbini anyklamak, tertip-düzgüni berkitmek üçin Muhammet şa bir hepdä golaý bu ýerde eglenmeli boldy. Şu arada Muhammet şaga, ýedi ýyl bäri edip bilmän ýören işini etdiren ýagdaý ýüze çykdy. Wezir Nasreddin ibn Salyh Nyşapurda dörän bu ýagdaýdan peýdalanyp galmak üçin maýyny tapyp Muhammet şaga ýüzlendi. -Aly hezret, şäherde tertip-düzgüniň gowşamagyna Nyşapuryň kazysy Rukneddin al Mugusynyň gowşaklygy hem sebäp. Şoniň üçin, ejaza berseňiz, goşunyň kazysy Sedreddin al Jendi bilen ikisiniň ýerlerini çalşyraýjak bolýan. Şol wagt kellesinde başga pikir-alada bilen oturan şa weziriniň gepine kän bir üns bermän: -Oňa meniň permanym gerek däl-ä. Ol siziň ygtyýaryňyzdaky mesele-diýdi. Wezir ýerinden ýeňil gopup tagzym bilen şanyň huzuryndan çykdy. Şol günüň ertesi Muhammet şaga weziriň Sedreddin al Jendiden Nyşapura kazy belläni üçin dört müň dinar alandygy mälim boldy. Muhammet şa özüne bu habary ýetiren weziriň hyzmatyndaky jansyzyna şol puly wezire bildirmän goýan ýerinden alyp, getirip bermegi buýurýar. Ertesi wezir-wekiller bilen nobatdaky ýygnagyň soňunda patyşa Sedreddin al Jendiniň ýüzüne nazaryny dikip: -Jenap täze bellenen kazy, şu wezipäňiz üçin wezire näçe dinar berdiňiz?-diýip soraýar. -Aly hezret, diýýäniňiz näme, bir dinar hem bermedim-diýip Sedreddin al Jendi ör-gökden gelýär. -Şu bermedik bir dinaryňyza üç müň döküz ýüz togsan dokuz dinary goşsaňyz dört müň bolýar dälmi?! Patyşanyň bu sözünden syryň paş bolanyny aňan Sedreddin üýtgäp giden ýüzüni aşak salyp, lal-jim boldy. -Sedreddin, seniň pederiň biziň pederimiz Tekeş soltanyň ýakyn adamlarynyň biri bolany üçin seni sarpalaýardym. Bu etmişiňden soň meniň özüňe bolan hormatymy ýitirdiň. Me al puluňy!-diýip Muhammet şa hemýany onuň öňüne oklady-da. -Indi, mundan beýläk meniň gözüme görünme - diýdi. Sedreddin al Jendi iki epilip yzyna basyp çykyp gitdi. Şundan soň patyşa Rukneddin al Mugusyga ýüzlenip: -Jenap Rukneddin, Siz öňki işiňizde işläberiň. Biz goşuna başga kazy belläris-diýdi. Gezek ýüzi ak tam bolup oturan wezir Nasreddin ibn Salyha geldi. Muhammet şa oňa ýigrenç bilen seredip: -Eý, sen haramhor! Seniň puldan doýmaýan gözleriňi oýup alyp, özüňe iýdirmeli boljak-diýeninden wezir emedekläp gelip, patyşanyň aýagyny gujaklady: -Aly hezret, günämi geçiň! Şeýtanyň päline gitdim-diýip aglamjyrap özelendi. “Nätmeli, näme jeza bermeli?” diýen pikir serinden geçýärkä ejesi Terken hatynyň ýowuz keşbi göz öňüne geldi. Dünýäniň ýarysyna golaýyny zabt edip alan, nijeme hökümdarlary dyza çökeren Horezmşa Alaweddin Muhammet özüniň şu birje gulamyna, näme etse-de, jeza bermekden ejiz gelýärdi. Munuňam sebäbi hemmelere mälimdi. -Tur, ýeriňden!-diýip, ol gazap bilen buýurdy. Ýerinden turup, başyny aşak salyp duran wezire: -Goş-golamyňy al-da, ustadyňyň gapysyna güm bol!-diýdi. Wezir hem iki epilip, yzyna tesip çykdy. Horezmşa uludan demini alyp, oturanlara ýüzlendi: -Jenaplar, hemme meseledenem soňky sereden bu meselämiz peýdaly boldy dälmi?-diýdi. Emeldarlaryň biri: -Aly hezret, şu wezirden dynanyňyz döwlet üçinem, özüňiz üçinem juda peýdaly boldy-diýdi. Onuň sözüni hemmeler makulladylar. Şunuň bilen ýygnak tamam bol. *** Wezire aýtjagyny aýdyp, ony ejesi Terken hatynyň ýanyna ugradan Muhammet şa şol ikisini göresi gelmäni üçinmi ilki Gürgenji niýetläp ýola çykan bolsa-da, ugruny ikinji paýtagty Samarkanda tarap üýtgetdi. Wezir Nasyreddin bolsa Nyşapurdan çykanyndan tä Hazaraspa çenli yzymdan kowgy gelip kellämi alar diýen gorky bilen geldi. Nyşapurdaky gepden habarsyz hazarasplylar weziri agzamy häkim başlyklaýyn ähli emeldarlar, kethudalar uly hormat bilen garşy aldylar. Wezir adamlary bilen myhmanlar üçin bezelip, düşelip goýlan jaýlarda ýerleşdiler. Wezir şu ýerde oturyp, Terken hatyna aşakdaky mazmunda hat ýazdy: “Hudawendi jahan hanym, beýik melikämiz! Meni ogluňyz Muhammet şa Nyşapurda parahorlukda aýyplap: “Eý haramhor, bar, ustadyñyň gapysyna gümiňi çek” diýip, köpçüligiň içinde masgaralap, kowup goýberdi. Men özümiň beýle horlananymdan beter şanyň Size dil ýetirenine gaty gynandym. Meni haramhor diýip, Sizi-de haramhoryň ustady diýmek bilen köpçüligiň içinde Size bolan garaýşyny mälim etdi. Men indi Siziň bosagaňyzdan başga nirä gideýin. Ejaza berseňiz, baryp gije-gündiz hyzmatyňyzda bolaýyn. Siziň sadyk guluňyz Nasyreddin Muhammet ibn Salyh”. Weziriň haty menzillerden menzillere ýetirilýän ýörite çaparlar arkaly bir günde Terken hatynyň eline gowşup, onuñ gazabyny hetdinden aşyryp goýberdi. Ol dişini gysyp şeýle bir gyjyndy weli gaharyna çydaman sandyrady. “Sen juda hetdiňden aşdyň, saňa ejeňiň kimiň ustadydygyny görkezerin” diýip, içini gepleden Terken hatyn Muhammediň içini ýakmak üçin kowlan weziri tutuş Gürgenjiň ilatyny onuň öňüne çykaryp, kernaý-surnaýlaryň sedasy astynda örän uly dabara bilen garşylady. Soňra ony Horezm, Horasan, Mazandaran ülkeleri mülk edip, berlen mirasdüşer şazada Uzlagşanyň weziri edip belledi. Elbetde, bu ýurtlary entek kämillik ýaşyna ýetmedik Uzlagşa däl-de, Terken hatynyň özi dolandyrýardy. Şonlukda wezir Nasreddin ibn Salyhyň hem buýruklary bu ülkelerde sözsüz berjaý edilýärdi. Özüniň garşysyna edilen bu işlere Muhammet şanyň içi ýansa, ol hem içini sowatmagyň ugruna çyksa gerek. Aýdyşymyz ýaly, wezir hakyndaky habarlar Samarkanda ýetip gelenden Mawerannahrdan goşun toplamaga başlan Muhammet şa weziriň ýoguna ýanmagyň ugruna çykdy. Ol şeýle “işlere” ukyply, asly gürgençli tanymal beglerden Izzetdin Togrul atly özüne ýakyn nedimini ýanyna çagyrdy: -Jenap Izzetdin, saňa bir inçe tabşyrygym bar, hötdesinden gelermikäň?-diýip, Muhammet şa onuň ýüzüne soragly nazar bilen seretdi. -Aýdyň tabşyrygyňyzy, Aly hezret. Bir adamyň elinden gelýän iş bolsa, menem onuň hötdesinden gelerin-diýip, Izzetdin Togrul bir elini gusagyna goýdy. -Onda Gürgenje git. Maňa Nasreddin ibn Salyh diýen nejisiň kellesini getirip berseň, saňa kellesiniň agramyna deň altyn bererin. -Aly hezret, altyn gerek däl. Bir agyz sözüňize bir däl, iki kelle-de getirip bereýin-diýdi Togrul beg. -Saňa başga-da bir ýumuş bar. Ol Gürgenje barmagyňa bahana hem bolar. Gürgençden Şyhabeddin Hywaky, Nejmeddin Kubra hezretlerinden başga ýedi ulama tapyp, bäri Samarkanda iber. Sebäbini, Horezmşa täze paýtagtynyň düşümli bolmagy üçin dileg-pata almagy isleýär diýäý. Bagdada ýörüş üçin fetwa hakynda agzyňy açma. Gelenlerinden soň göreris. Samarkandyň ulamalaryny bu işe aralaşdyrmakçy däl. Olara ynam ýok. Özümiziňkilerden alarys fetwany. Ulamalaryň at-ulagynyň, ýol harajadynyň puluny bu ýerden hazynadan alyp gidersiň. Seniň bilen Diwan al ardyň üç işgäri, on bäş serkerde-de, goşuna serbazlyga adam almaga giderler. Olar işi Hazaraspdan başlarlar, senem aňry Gürgenje geçip, öz işiňi edersiň diýip ynanýaryn. -Enşalla, ynamyňyzy ödärin, Aly hezret. Şu bolan gürrüňden soň Izzetdin Togrul bir gün ýol şaýyny tutup, patyşanyň aýdan adamlary, özüniň bäş atlysy bilen Horezme tarap ýola düşdi *** Terken hatyn işinden kowlan wezire beýle hormat, ynam görkezip, ýene-de mertebeli wezipe berendigi ogluny biçak gazaplandyrandygyny çak edýärdi. Şanyň gazaby pukaranyň gazaby ýaly içine ýudulman ezraýyla öwrülýändigini hem bilýärdi. Şoňa görä ol Samarkantdan gelen adam bolsa onuň kimdigini, näme maksatda gelendigini anyklamak üçin ýörite topar döredipdi. Izzetdin Togrul Gürgenje gelen badyna şübheli adam hökmünde adamlary bilen şu topar tarapyndan saklandy. Ol özüniň kimdigini, Horezmşanyň tabşyrygy boýunça Gürgenjiň ulamalaryndan ýedi kişini Samarkanda ibermek üçin gelendigini mälim etdi. Toparyň başlygy Izzetdin Togrulyň gepini Terken hatyna ýetireninde ol ony özüniň huzuryna getirmeklerini buýurdy. Getirdiler. -Hoş geldiňiz Gürgenji azyma, Izzetdin Togrul beg!-diýip, Terken hatyn garşysynda baş egip, salam berip duran orta ýaşlaryndaky, gytyk gara sakgal-murtly adama synçy nazaryny dikdi. -Hoş sözüňiz üçin teşekkür, Hudawendi jahan hanym!-diýip, Izzetdin bir elini gursagyna goýdy. -Jenap Togrul beg!-diýip, Terken hatyn oňa ötgür nazaryny dikdi. -Siziň maňa aýdyşlary ýaly diňe ulamalar üçin gelmändigiňizi bilýän. Ulamalaryň Muhammede näme üçin gerekdigini hem bilýän. Ulamalardan başga şanyň size esasy tabşyrygyny-da bilýän. Ýöne biz size ol tabşyrygy ýerine ýetirmekligiňize ýol bermeris. Nädip diýseňiz, bir adamy öldürmäge gelen adamyň özi öldürilse ol iş fikh kanunynda gorag üçin edilen hereket hökmünde saýylyp, ýazgarylmaýar. Izzetdin Togrulyň ýüzi üýtgäp gitdi: “Bu kempir hemme zady dyrnagynda görüp oturana meňzeýär. Men indi her näçe ret etsemem ynanmajagy görnüp dur. Ýöne dymyp durybersem, onuň aýdanyny boýun aldygym bolar. “Ýatyp galandan atyp gal” diýenleri ýaly ret etjek bolup göreýin” diýip, içini gepleden Izzetdin Togrul: -Hudawendi jahan hanym, men özümiň siziň guman edýän onuñ ýaly ýumuş bilen gelmändigimi nädip subut edeýin...-diýeninden dowamyny aýtmaga maý bermän, Terken hatyn sözüni dowam etdirdi: -Subut etmek gerek däl, ol subut talap etmeýän hakykat. Indi size ýeke täk bir çykalga bar. Ertir irden wezir Nasyreddin ibn Salyh döwlet işgärleri, mähelleleriň kethudalary bilen gündelik işler barada ýygnak geçirýär. Şol ýygnakda siz, eger fikihiň kanunynyň şol ýazgarylmaýan bendinden sypjak bolsaňyz, Horezmşanyň Nasyreddin Muhammet ibn Salyhy Uzlagşanyň baş weziri edip, perman bilen bellendigi barada aýtmaly bolarsyňyz. -Hudawendi jahan hanym, fikihiň kanunlarynda bolmadyk zady boldy diýip, ýalan sözläne jeza bellenmänmi? -Bellenipdir. Ýöne ol jeza size degişli däl. Allatagala iki ýagdaýda ýalan sözläni bagyşlaýar. Biri arasy bozulan iki dosty ýaraşdyrmak üçin, ýene biri başyny ölümden gutarmak üçin. Alla bagyşlaýan bu iki ýalana fikihde-de jeza ýok. -Onuň ýaly bolsa, ýok günäm üçin ölümden galjak bolup däl-de, siziň sözüňizi syndyrmazlyk üçin aýt diýeniňizi aýdaýyn. Terken hatyn “Ýok günäm üçin” diýeniňe ynanmaýan diýen manyda kellesini ýaýkap kinaýaly gülümjiredi-de: -Şeýdiň. Şundan soň size ulamalary ýygnap, olar bilen bile Samarkanda gitmäge rugsat bereris-diýdi. Onuň bu gepi “Gürgençde galma, Samarkanda git” diýen buýrukdy. Ol bäride bolan gürrüňleri Izzetdin Togrul bilen tizräk Samarkanda ýetirip, oglunyň içini ýene bir gezek ýakmak bilen özi lezzetlenmekçidi. Izzetdin Togruly Terken hatynyň ol wezirsumagy näme üçin beýle gujak gerip goraýanlygynyň sebäbine bolan bilesigelijiligi soratman goýmady: -Merhemetli Hudawendi jahan hanym, Men siziň aýdanyňyza boýun boldum, aýt diýen zadyňyzy aýdarynam, ýöne men siziň ogluňyzyň ýaman görýän adamyny gowy görýänligiňize düşünemok. Terken hatyn Togrul begiň ejaza soraman göni beýle gödegräk sowal berenine birneme gahary gelse-de, perzendiniň enäniň öňündäki borjuny unudandygyny Togrul beg arkaly Muhammede ýatlatmagyň maýy gelendigini pähimläp, sowala jogap berdi. -Ol adamy menem gowy göremok. Ýöne men ony Muhammediň etdigine jogap hökmünde götergiläp saklaýaryn. Ol soňky wagtda ene hökmünde meni hasap edenok. Ilki tagta çykan döwründe hemme zady meniň bilen maslahatlaşýardy. Soň kem-kemden üýtgedi. Indi onuň maslahatçysy aýaly Aýçeçekmikä diýän. Aýalyny enesinden ileri tutýan perzende gaharyň gelmezmi... Ol ýene bir zatlar diýmekçidi, ýöne aýtman elini siltäp goýberdi-de: -Düşünmedik zadyňa indi düşündiňmi?-diýdi. Izzetdin Togrul başyny iküç gezek atdy. Şunuň bilen aralaryndaky söhbetdeşlik tamam boldy. Şol güni Izzetdin Togruly Terken hatynyň adamlary bir jaýda ýerleşdirip, ertire çenli gözegçilikde sakladylar. Ertesi irdenem aýdylan ýygnaga alyp bardylar. Ol gijesi bilen kirpiklerini kaklyşdyrman, düşen ýagdaýy barada oý sürüp çykypdy. Kellesine dürli pikirler gelip geçdi: “Eger men ýygnakda Terken hatynyň aýdanynyň tersini aýdyp, weziriň masgarasyny çykarsam, kelle alyp barmasamam, içi sowardy Muhammet şanyň. Ýöne patyşanyň bu iç sowatmasy biziň kelläniň hasabyna bolardy. Onsoň muny onuň özi oňlarmyka? Ol meni gowy görýän bolsa oňlamaz. Gowsy ulamalary alyp, tizräk Samarkanda baraýyn...” diýen gijeki pikirlerini ýene bir gezek kellesinde aýlap, ýygnak bolup duran eýwanyň öňündäki kabulhanada oturan Togrul begi içeri çagyrdylar. Içeri girip, jemagata salam berýärkä nazaryny aýlanynda gözi boş duran tagta, onuň aşagynda aýbogdaşyny gurup oturan wezir Nasyreddin ibn Salyha düşdi. “Ýagşy, hetdini bilip, tagta çykman, aşakda otyr” diýdi içinden. Ony alyp giren hadym oturan jemagata ýüzlenip: -Muhterem beýik Horezminiň döwlet hadymlary, muhterem kethudalar. Meniň alyp giren bu jenabym Izzetdin Togrul beg Horezmşa soltan Muhammet hezretleriniň Samarkantdan bir hoş habar bilen iberen çapary. Getiren hoş habaryny özi aýdar. Söz size jenap Togrul beg!-diýdi. Izzetdin Togrulyň göz öňüne gara kellesi geldi. Aýtmasa başga alajy ýok. Aýtdy. Terken hatynyň aýdyşy ýaly edip aýtdy. Şundan soň ony öz erkine goýberdiler. Izzetdin Togrul ýygnakdan çykyp, özüni juda erbet duýdy. Indi Samarkanda ne ýüz bilen barar, Muhammet şanyň ýüzüne nädip garar... Köp oýlandy. Ahyr soňunda “Müň gaýgy bir iş bitirmez” diýen nakyly ýadyna salyp, şanyň ikinji ýumuşynyň ugruna çykdy. Bu işiň aňsat hem tiz bitmeginiň ýoluny isläp, Şyhabeddin Hywaky hezretleriniň huzuryna bardy. Ýöne Piriň ýanyna girmek aňsat däl ekeni. Onuň gapysynda dört-bäş mertebeli adamlar piriň kabul etmegine garaşyp duran ekenler. Ol şu ýerde girip-çykyp ýören sopularyň birini çeträkde saklap, özüniň Horezmşanyñ adamydygyny, pire ol hezretden salam getirenini aýdanynda sopy: “Siz ertir irden geläýiň. Pir nobatsyz hiç kimi kabul etmeýär-diýdi. Togrul beg aýdylany etmeli boldy. Ertesi irden geleninde piriň kabulyna miýesser boldy. Ol giň otagyň töründe gat-gat halynyň üstünde oturan gar ýaly ak selleli, saryýagyz nurana ýüzli, ak sakgaly döşüni ýapyp duran pir bilen görüşýärkä onuň elini maňlaýyna üç gezek degirdi. Soňra piriň ejazasy bilen garşysynda dyzyny epip, aýaklaryny aşagyna basyp oturdy. -Hoş gördük, Togrul beg!-diýip, Pir ony diňlemäge derek, özi gep başlady. -Düýn siziň gelip gideniňizi sopumyz aýtdy. Ondan öň siziň Samarkantdan Horezmşa hezretleriniň täze paýtagtynyň düşümli bolmagy üçin doga-dileg almak üçin Gürgençden ýedi ulama alyp gelmek baradaky tabşyrygy bilen gaýdyp, bu ýere gelensoň patyşanyň tabşyrmadyk işini edeniňizi hem aýtdylar. Siziň köşkdäki ýygnakda Samarkantdan getiren “hoş habaryňyz” bilen eden çykyşyňyza ýygnakdakylar ynansa ynanandyrlar, emma men ynanmadym. Çünki Horezmşa hezretleriniñ özüniň kowup goýberen wezirini gaýtadan perman bilen wezir bellemegi galat gep. Sisiñem şol ýygnakda ýalan sözlemegiňiz günahy kebirdir. Izzetdin Togrul piriň gepini diňleýärkä "Muňa-da bolan-bolýan wakaly ýetirýän ekenler-ow” diýip içinden haýran galdy. Piriň gepine jogap bermelidi. Köşkde ýalan sözlän bolsa, piriň huzurynda dogrusyny aýtmalydy. -Pir hezretleri, siz hak. Ýalan sözlänim dogry. Ýöne meniň ýalanym günahy kebir däl. Sebäbi Allatagala iki ýagdaýda ýalan sözläni bagyşlaýar. Şonuň biri-de ýalan söz bilen başyny ölümden alyp galjak bolsa. Eger-de, men şol ýalan sözi aýtmadyk bolsam, bu wagt siziň huzuryňyzda oturmazdym, läşim gör nirä gömülerdi. Piriň ak aralan ösgün gaşlary çytyldy: -Beh! Kim ol size beýle zorluk ulanan? -Gürgenjiň zorlarynyň zory. -Düşnükli. Bu aýal näme üçin Ibn Salyhy beýle gowy görýärkä? -Ol Ibn Salyhy gowy görenok, pirim. Terken hatynyň ony götergileýäniniň başga sebäbi bar-diýip, Togrul beg Terken hatyn bilen söhbetdeşliginde bu hakda onuň aýdanlaryny pire gürrüň berdi. -Ýurdy dolandyrýan eneli-ogluň arasyna şeýle tow düşen bolsa, döwletiň binýadynyň gowşanlygy bu-diýip, pir kellesini ýaýkady. Soňra uludan demini alyp: -Togrul beg, indi sizi diňläli, biziň huzurymyza ýöne ýere gelen dälsiňiz, näme işiňiz bolsa aýdyp oturyň-diýdi. Piriň özüne gülümjiräp garaýşyndan Togrul beg onuň näme işdigini bilip oturanyny aňdy. -Pirim, işim bolsun, bolmasyn Gürgenje gelsem Siziň bilen Nejmeddin Kubra hezretlerini zyýarat etmän gitmen men. Indi iş meselesini men aýtmasam-da özüňiz bilip otyrsyňyz-diýip Togrul beg ýylgyrdy. -Biziň bilip oturan işimiz bolsa kömek ederis, Togrul beg-diýip, pir hem ýylgyrdy. Söhbetdeşlik çagynda, ýüzlerde ýylgyryşlar şöhlelenip dursa, bu hoşnutlyk alamaty köňüllerden ýer alyp, ruhyňyzy belende göterýär. Piriň hemaýatly ýylgyryşy Togrul begiñ hem ruhuny göterip goýberdi. Ol bir elini gursagyna goýup: -Teşekkür pirim! Teşekkür-diýdi. -Men onda ulamalaryň, at-ulagyny ýol harajadyny taýýarlaberjek. -Taýýarlaberiň, onýança bizem ulamalar bilen gepleşip, olary ýola taýýarlarys. Olaryň içinde Samarkandy görmäge höweslileri hem az däldir-diýip, pir Togrul bege gitmäge ejaza berenden ol ýeňil gopup, gapydan çykdy-da, “Hudaýa şükür” diýdi. Onuň bu şüküriniň sebäbi bardy. Ol bu ýere geleli bäri pir: “Horezmşanyň ulamalara siziň aýdanyňyzdan başga ýumuş ýokmy?” diýip soraýsa näderin diýen howatyryndan dynypdy. Eger pir bu sowaly beräýse ol “ýok” diýip, bilýän zadyny aýtman piri aldamaga het edip bilmezdi. Eger başga-da ýumuşy bar, Bagdada ýörüş etmek üçin fetwa hem almakçy diýse, piriň fetwa meselesine garşy boljagy ikuçsyzdy. Onsoň ol Samarkanda ulamalarsyz gitmeli bolardy. Izzetdin Togrul beg bir piriň huzuryndan çykyp, ikinji piriň huzuryna bardy. Nejmeddin Kubra hezretlerini togap edip, onuň ak patasyny aldy. Şundan soň ol ýigitlerini jemläp, ýola taýýarlyk işlerine girişdi. Bir hepdede iki tarap hem taýýar boldy. Şyhabeddin Hywaky hezretleriniň özi olary, ak ýol diläp, ugradyp goýberdi. Togrul beg uzak ýoluň dowamynda manydan dok ulamalaryň hikmete ýigrulan söhbetlerini diňläp, Samarkanda gelip ýetenlerini hem duýman galdy. Horezmşa Muhammet ulamalary uly hormat bilen aýaklarynyň aşagyna parçadyr atlasdan paýandoz düşedip, garşy aldy. Hadymlaryna olary öňden taýýarlap goýlan jaýlara ýerleşdirip, hezzetini ýetirmeklerini tabşyrdy. Soňra Togrul beg bilen ikiçäk galan şa: -Jenap Izzetdin, men wada beren altynlary taýýarlap goýdum. Getiren kelläňi ölçäp göreli-diýip gülümjiredi. Togrul beg Muhammet şanyň buýrulan iş bitendir diýen ynam bilen degişip gülümjiränine berjek jogabynyň başyna näme bela getirjegini bilmän, howatyrly dillendi: -Aly hezret, men onuň kellesiniň ýerine özümiň kellämi getirdim. Ynamyňyzy ödäp bilmedim, jelladyňyza buýuraýyň... Horezmşa ör-gökden geldi: -Bu näme diýdigiň?! Jellatlyk näme iş boldy? Togrul beg Gürgenje baryp gireninden çykyp gaýdýança bolan wakalary jikme-jikligi bilen gürrüň berdi. -Beh! Ýörite topary hem döredipdir diýdiňmi. Gör, onuň mekirligini! Hemme zady dyrnagynda görüp oturan ýaly. Saňa aýtmasa-da, bilýän onuň menden öýkelidigini. Goý öýkelese öýkelesin, haçana çenli onuň çyzan çyzygyndan çykman ýörmeli-diýdi Muhammet şa. -Bir bada men kellämi bersemem ýygnaga baryp, onuň aýdanynyň tersini aýdyp, Ibn Salyhyň masgarasyny çykaraýyn diýen hyýala-da mündüm. Ýöne şeýitsem ulamalar meselesi galyp giderdi. Siziň bu ýumuşyňyzyň hem bitmän galjagy, belki, jan şirinligi üçindir aýdylany etmeli boldym. -Dogry edipsiňiz. Bize häzir onuň kellesinden ulamalar zerur-diýip, Muhammet şa Togrul begiň kellesi hakyndaky howatyryny dargatdy. *** Muhammet şa horezmli ulamalar dem-dynjyny alyp, uzak ýoluň ýadawlygyny çykaranlaryndan soň olary ertesi köşgüň tagtly eýwanyna çagyryp, resmi duşuşyk gurady. -Muhterem eziz Watandaş ulamalar!-diýip, tagtyň garşysynda ýerleşen ulamalara ýüzlenip söze başlady.-Biz “Samarkand şaýkaly roýy zaminast” diýip adygan bu gözel şäheri ikinji paýtagtymyz edinmegi makul gördük. Çünki bidin gara hytaýlara tabynlykdan, olaryň zulumyndan halas edenimizden soň Mawerannahr hem baş şäheri Samarkand bilen Horezmin döwletiniň düzümine girdi. Indi bu ýurtda asudalyk, adalat höküm sürer. Biz bu şäheri ýene-de abadanlaşdyrarys, Gürgençdäki ýaly beýik, gözel ymaratlar gurarys. Muhterem ulamalar biziň şu ýagşy niýetlerimiziň rowaç tapmagy täze paýtagtymyzyň düşümli bolmagy üçin doga-dilegler edip, ak pata bermegiňizi towakga edýärin. Horezmşa sözüne dyngy berenden ulamalaryň ýaş jähetden iň ulusy Ymam Nyzameddin al Horezmi: -Aly hezret, Siziň Mawerannahr musulmanlaryny bidinleriň zulumyndan azat edeniňiz biçak sogaply işdir. Bu sogaply işiňiz üçin Allatagala Sizi ýarlykasyn. Bu şähri azymy paýtagt edinmek bilen ony ýene-de abadanlaşdyrmak, gurluşyklar etmek baradaky niýetiňiz oň bolsun. Täze paýtagtyňyz düşümli bolup, onda adalatyň, ynsanperwerligiň iň ýokary nusgasyny görkezmek bilen adyňyz äleme dolsun!-diýip Gurhandan bir aýat okady. Aýatdan soňky doga-dilegleriniň omynyna ulamalaryň hemmesi goşuldy. Soňra ulamalaryň her biri bir aýat okap, doga-dilegler bilen ak pata berdiler. Doga-dilegleri üçin Horezmşa ulamalara minnetdarlyk bildirip, gymmat bahaly serpaýlar ýapdyrdy. Şundan soň ol esasy meselä geçdi. -Eziz watandaşlar! Sizler Din-Horezmin diýip atlandyrylýan beýik ýurdyň sarpaly ulamalarysyňyz. Sizler dinimiziň peşwalary hökmünde halkymyzyň yktykadynyň egsilmezligi üçin ony imansyz adamlardan gorap geldiňiz. Mundan soňam gorajakdygyňyza ynanýaryn. Şonuň üçin men size bir hakykaty açyp görkezmekçi bolýaryn. Bu hakykat şeýle: Külli musulman äleminiň ymamy bolup, Bagdadyň tagtynda oturan An Nasyr diýen päk däl adam dinimiziň şanyna ysnad getirip otyr. Şanyň soňky sözi agzyndan çykandan ulamalaryň arasyna ýeňil gowur düşdi. “Aý ýog-a!”, “Halyfam napäk bolarmy?” diýen sözler eşidildi. Horezmşa: -Muhterem ulamalar!-diýip, gatrak seslenip, gowry basdy. -Meni soňuna çenli diňläň, soň näme pikiriňiz bolsa aýdarsyňyz. Men halyf hakyndaky sözümi ýöne ýere aýtmadym. Onuň eden etmişleriniň musulmançylyga-da, adamçylyga-da sygmaýany üçin aýtdym. Ol Guruň soltanlaryna, gara hytaýlaryň hanyna Horezmi basyp almak, Horezmşany ýok etmekligi ündeýän hatlar ýazyp, biziň garşymyza öjükdirip gelipdir. Bize eden bu ýamanlygy, onuň başga eden aýylganç jenaýatlarynyň ýanynda hiç zat. Ol özüne ýaramadyk ýa-da aýdanyny etmedik adam katyl iberip öldürtmegi eşekden palan alança-da görmeýär. Pars Yragynda adalatly hökümdarlyk edip oturan dostumyz Seýfeddin Ogulmyşy biziň adymyzy hütbå goşdurandygy üçin ysmaýylylaryň baştutany Jelaleddin Hasan bilen gepleşip, olardan bir fidaýy iberip öldürdýär. Şeýle-de Mekgäniň Aly ibn Abu Talybyň neslinden bolan şerifini özbaşdaklyga meýli bar diýip, ýene ysmaýylylardan katyl iberýär. Emma katyl ýalňyşyp şerifiň ýerine onuň agasyny öldürýär. Onuň bu jenaýatlaryndan başga-da, has ulurak gandöküşiklige el gatan pursatlary hem az däl. Ol Pars Yragyndaky özara uruşlara gatyşyp, taraplaryň özüne boýun egjegine goşun berip, basyp alnan ýeri paýlaşyp otyr. Onuň esasy maksady dini-Yslamyň berkararlygy däl-de, basybalyjylykdan paýyny alyp baýamak. Ony tagtyndan agdarmak üçin bu delillerden başga bir esasy sebäp bar. Halyfalyk tagty aslynda Aly ibn Abu Talybyň nesline degişli bolmaly. Taryhdan habaryňyz bolsa, dört çaryýaryň soňkusy halyf Aly ibn Abu Talybyň namaz okap duran wagty öldürilmeginde hem Abbasylaryň eliniň bardygy şübhesiz. Çünki şundan soň halyfalyk tagtyny Abbasylar eýelediler. Ine şu sebäplere görä biz Allanyň haky, adalatyň hatyrasy üçin halyfalyk tagtyny bikanun eýeläp oturan jenaýatçy an Nasyry aýryp, ýerine Aly ibn Abu Talybyň neslinden bolan kişini goýmaklygy maksat edindik. Şonuň üçin Bagdada jihat hökmündäki ýörüşimize fetwa bermegiňizi towakga etmek bilen biziň hökümdarlyk sözümizi syndyrmarsyňyz diýip ynanýarys. Ulamalaryň gulagyna Horezmşanyň towakgasyndan soňky sözi buýruk bolup eşidildi. Horezmşanyň towakgasymy, buýrugymy, tapawudy ýok, sözsüz ýerine ýetirildi. Ulamalar özleriniň eden işiniň hakdygyny ýa-da nähakdygyny bilmän alasarmyk ýagdaýda Gürgenje gaýtdylar. Indi Bagdada tarap ýol açyldy hasap eden Muhammet şa Mawerannahrdan, Horezmden, hatda gara hytaýlardan hem jemlän iki ýüz müň urşujyly goşuny bilen ýola düşdi. Uzak ýoly söküp, Hemedana ýetip gelen iki ýüz müň adamly goşun bu ýerde goýup gidilen ýüz müň adamly goşuna goşulansoň Muhammet şanyň göwnüni has howalandyran üç ýüz müň sňweşijili ägirt leşger emele geldi. Halyf an Nasyr Bagdada agyr goşun çekip gelýän Horezmşanyň eýýäm Hemedana ýetenini eşidip, ony saklamak üçin öňüne öňem ilçi bolup baran, oňa tanyş şeýh Şyhabeddin Suhrawerdini töwellaçy edip iberdi. Şeýh Horezmşanyň Hemedandaky karargähine baranynda ol ýerdäki dabarabazlygy görüp haýran galdy: Gymmat bahaly zerbap matalar bilen atlazdyr parçadan bejerlen äpet haýmanyň (basyrmanyň) uzyndan-uzyn däliziniň uzaboýuna basyp alman ülkeleriň hökümdarlary aralary on-onbäş ädimden dikeldip goýlupdyr. Şeýh Şyhabeddin bu biçäreleriň deňinden geçip, daliziň soňundaky üýtgeşik bezelen belent çadra girdi. Gara gytyk sakgal-murtly, entek ýigitliginiň möwsümi sowulmadyk Horezmşa ýönekeý tagtda, ýönekeý geýimde oturdy. Karargähiniň beýle pajarlylygyna garamazdan, özüniň beýle ýönekeý geýnişine haýran galan şeýh salam berip, tagzym etdi. Muhammet şa ony öňki kabul edişi ýaly güler ýüz bilen garşy almady. Başyny atyp salamyny alan boldy, oturmagyna ýerem görkezmedi. Şeýh duran ýerinde söze başlamaly boldy: -Muhterem Horezmşa Alaweddin hezretleri, bu sapar men huzuryňyza diňe ilçi däl, töwellaçy bolup geldim. Şeýhiň bu sözüni terjimesiz düşünen Muhammet şa: -Töwella gerek däl, başga aýtjak sözüňiz bolsa diňläýin-diýdi. -Başga aýtjak sözüm hem bar. Siz döwrümiziň beýik soltany hökmünde yklymyň ýarysyny özüňize tabyn etdiňiz. Siziň soltanatyňyzyň bir tarapy Çyn-Maçyn, beýleki tarapy Hindistan bilen serhetleşýär. Siziň gol astyňyzdaky Jend, Maňgyşlak, Mawerannahr, Horasan, Pars Yragy, Kerman, Fars, Keş, Bamýan, Gur, Sijistan, Mazandaran, Tabarystan, Jurjan, Azerbaýjan, Arran, Şirwan ýaly ülkelerdäki metjitlerde bäş wagtyna hütbede adyňyz ýaňlanyp dur. Mundan artyk ýer-ýurda şan-şöhrada dalaş etmekligiň soňy haýyrly bolmaz, Aly hezret. Şeýhiň gysga bolmadyk bu dilewarlygyny terjimeçiden diňläp: -Näme üçin bolmaz-diýdi. -Çünki halyfymyz an Nasyr hezretleriniň-diýip, başlan Şeýh halyfyň aslynyň ýagşyzadalardygyny, özüniň adalatperwer, sahawatly, Dini-Yslamyň diregidigini, garaz kemini goýman taryplady. Soňunda-da şeýle diýdi: -Ine şeýle asylly häsiýetleri üçin ol Allatagallanyň penasyndaky adamdyr. Allanyň goraýan adamyna bendesi zyýan ýetirip bilmez. Ýetirjek bolýan adamyň özüne zyýan ýeter. Şonuň üçin Siz raýyňyzdan gaýdyp, ýörüşi bes etseňiz, özüňize ýetjek zyýanyň öňüni aldygyňyz bolar. Horezmşa şeýhiň sözleriniň terjimesini takat edip diňlese-de, manysyny pisint etmedi. -Jenap Şyhabeddin, siziň taryp eden adamyňyz biz Bagdada baranymyzdan soň bolar, häzir ol ýerde onuň ýaly adam ýok-diýip, Muhammet şa terjimeçä düşündir diýen yşaraty etdi. Şeýh onuň sözüne terjime etmezinden öňem düşünip, kellesini ýaýkady. Ol mundan soň näme aýtsa-da, gepiniň ýer tutmajagyny bilip, başga geplemedi. Horezmşa: -Jenap Şyhabeddin, Bagdada bile bararys, şonda hemmesini öz gözüňiz bilen görersiňiz-diýdi. Şeýdip, duşuşyk tamam boldy. Ertesi irden çadyrlar, goş-golamlar ýygnanyp, ýörüşden habar berýän kernaý, surnaýlaryň owazy ýaňlandy. Bagdada ýörüş başlandy. Gözýetimdäki meýdana hem sygman ýer süýşen kimin ilerleýän ägirt goşunyny synlap barýan Muhammet şanyň buýsanjy hetdinden hem aşypdy. Ol eýýäm özüni Bagdatda dünýewi häkimiýetini ornadan musulman äleminiň soltany saýyp barýardy. Emma goşun Asadabad belentligine ýetip, düşlemek üçin goş ýazdyranynda, Allanyň emri bilenmi, asman şeýle bir gara tutdurdy weli, leşgeriň bar goş-golamy üç günläp göz açdyrman ýagan garyň aşagynda galdy. Düýeler öldi, köp urşujylar ýogaldy, köpleri elini, aýagyny şatlama sowuga aldyryp, maýyp boldular. Bu aýylganç hadysany Allanyň gazaby saýan Muhammet şa toba edip, yzyna gaýtmaly boldy. Ol “Bagdady alyşymy öz gözüňiz bilen görersiňiz” diýip, alyp galany - ilçi şeýh Şyhabeddin Suhrawerdini Bagdada ugradanlarynda görünmedi. Çünki şeýhiň söz bilen aýtmasa-da, "Men size şeýle ýagdaýyň boljagyny öňünden duýdurypdym-a" diýen manydaky nazar bilen seretjegini bilýärdi. Beterinden beteri bar diýleni ýaly agyr ýagdaýda gaýdyp barýan goşuna ýolda Parça taýpalary bilen kürtler darap, uly ýitgi ýetirdiler. Şeýlelikde Muhammet şanyň sansyz leşgeri halyfyň goşuny bilen söweşe girmän derbi-dagyn boldy. Halkymyzda “Her kim öz hetdini bilse ýagşy” diýen parasatly aýtgy bar. Muhammet şa hetdini bilmän başyna bela ýagdyrdy. Bizem hetdimizden kän aşybermän, mundan soňky pajygaly wakalary taryhyň sahypalarynda galdyryp, kyssamyza şu ýerde nokat goýmagy makul gördük. S Ö Z S O Ň Y Gadymyýetde yklymyň ýaryny özüne tabyn edip, beýik soltanat bolan biziň dogduk mekanymyz Horezmiň geçmiş taryhy bilen orta asyrlardan başlap, dünýäniň köp alymlary gyzyklanypdyrlar. Orta asyr taryhçylaryndan Ibn al Asyr, An Nesewi, Jüweýni, Rawandy, Äwfi, Juzjany we beýlekileriň eserleri esasynda ýigriminji asyra gelip, Ýewropada, Rusyýada, Türkiýede Horezmiň taryhyna bagyşlanan ylmy işler peýda bolup başlaýar. Olardan rus akademikleri W.W.Bartoldyň, A.P.Tolstowyň, Azerbaýjan alymy Z.M.Bunýadowyň, turk alymy Ibrahym Kesefoglynyň gadymy Horezmiň taryhyndan söhbet açýan ylmy eserleri döwürdeşlerimizi ýurdumyzyň geçmişi bilen tanyşdyrmakda, käbir nätakyklyklaryň bolmagyna garamazdan, uly ähmiýete eýedir. Şeýle beýik geçmişi bolan ýurdumyzyň taryhyna degişli ylmy işleriň az däldigine garamazdan, çeper edebiýatda onuň taryhyna bagyşlanan düýpli eseriň ýokdugy sebäpli hem-de şu ýurduň perzendi hökmünde şeýle eseri döretmekligi özümiziň borjumyz hasap edip, gijem bolsa, segsen ýaşyň üstünde elimize galam aldyk. Alla ömür berip, ýedi ýylyň dowamynda üç kitapdan ybarat, Horezmiň dünýä ýaň salan paýtagty Gürgenjiň ady goýlan romanlar ýazyldy. Ýurdumyzyň beýik geçmişine bagyşlanan bu eserimiziň çeperçilik derejesiniň beýikligine dawamyz ýok, ony okanlar kesgitlär. Ýöne üçünji kitaba degişli wakalar soňuna çenli dowam etdirilmän, irräk nokat goýulmagy bir hili görülmegi mümkin. Beýle edenimiziň bir sebäbi Asadabad pajygasyndan soňky wakalar W.Ýanyň “Çingiz han” romanynda bar. Elbetde, bu bahana bolup bilmeýär. Çünki bir mowzugy her ýazyjy özüçe, öz nukdaýy nazaryndan gelip çykyp teswirleýär. Dogrusyny aýdanda, şeýle beýik soltanatyň soňunda aýylganç pajygalar girdabyna düşüp, derbi-dagyn bolanyny, halkynyň çeken jebri-jepalaryny teswir etmäge ýüregimiz ýukalyk eden bolsa gerek, galamymyz hiç ýöremedi. Şonuň üçinem şol ýerde nokat goýuldy. Beýik Horezmiň şeýle beýiklikden ýykylmagynda taryh Horezmşa Muhammedi günäkärleýär. Çünki onuň ilki Çingiz han bilen kerwenler arkaly söwda-satyk işlerini gowy ýola goýmak bilen Çingiz handan gymmat bahaly sowgatlar, şol sanda düýäniň örküji ýaly altyn hem hedýe alan bolsa-da, soňunda onuň kerwenlerini talap, adamlaryny, ilçilerini öldürip, Çingiz hany Horezme ýörüş etmäge mejbur edendigi, şundan soň iň bir geçirimsiz işi-elinde Çingiz hanyň goşunyna garanda iki esse güýçli goşunyň bolmagyna garamazdan, hiç kimiň aýdanyny etmän, başa-baş söweşden gaçyp, goşuny goranmak maksady bilen şäherlere bölüp goýbermegi Horezmine, diňe Horezmine däl dünýäniň köp ýurtlaryna mongol ýörüşine ýol açyp, taryhda görlüp-eşidilmedik weýrançylyklara sebäp boldy. Şol döwürden bäri näçe asyr geçse-de, bu wakalary öwrenen alymlar Muhammet şanyň bu namartlygyny ahmyr bilen ýazgarýarlar. Hatda Karl Marks hem: “Eger horezmliler başda mongollaryň garşysyna bir aýgytly söweşe girenlerinde taryhda mongol ýörüşi diýen zat bolmazdy” diýip bir ýazgysynda belläpdir. Şol döwrüň taryhçysy An Nesewi bolsa bu hakda “Päl azman bela gelmez” diýip ýazypdyr. 2018-2020 ýý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |