03:37 Gürgenç / 3-nji kitap -23 | |
XXIII BAP
Taryhy proza
Pars Yragyndan ýetip gelen ýakymsyz habarlar täze paýtagty Samarkantda ýaňy asudalyk ornadyp, nobatdaky işlerini meýilleşdirip oturan Muhammet şanyň dynçlygyny bozdy. Pederi Tekeş Soltanyň döwründen bäri Horezmiň tabynlygynda bolan Pars Yragyny Azerbaýjan atabekleriniň gulamlary, tarapyndan edilen ýörüşlerde elden-ele geçip, iň soňunda-da Azerbaýjanyň atabegi Özbek bilen Parsyň atabegi Sad ibn Zangy tarapyndan bölüp alynýar. Olardan öň bu ýerde hökümdarlyk eden Seýfeddin Ogulmyşyň hütbä girizen Horezmşanyň adyny aýyryp, tabynlykdan ýüz dönderýärler. Elbetde, bu ýagdaý özüni Iskenderi sany, Sanjary sany saýýan Horezmşanyň degnasyna degmän bilmeýärdi. Ol şu ýeriň özünde ýüz müň zeberdest urşujylardan ybarat atly goşun düzüp, Samarkantdan göni Pars Yragyna tarap ýola düşdi. Allanyň eradasy bilen adamyň işi oňuna boljak bolsa, kyn işler hem ýagdan gyl sogran ýaly aňsatlyk bilen amala aşyberýär. Horezmşanyň goşunynyň öňi Pars Yragyna girip baranynda garşyda peýda bolan bir nämälim goşun birden hüjüme geçip, söweşe girdi. Ýöne “Pişigiň ýüwrekligi samanhana çenli” diýenleri dek birdenem söweşi togdadyp, teslim boldy. Bu ahwalata haýran bolan horezmliler goşunyň ýesir düşen serkerdesini Horezmşanyň çadyryna eltdiler. Ine şonda kimiň kimdigi, nämäniň nämedigi belli boldy. Horezmşanyň öňünde dyza çökerlen ýesir: -Merhemetli, muhterem Muhammet Horezmşa hezretleri, men atabeg Sad ibn Zangy-diýip, özüni tanatmak bilen Muhammet şaga ýüzlendi. -Biz Siziň goşunyňyzy atabek Özbegiň bize degişli sebiti hem basyp almaga gelen goşunydyr öýdüp, söweşe girdik. Birdenem gözüm yzrakda parlap duran baýdagyňyza düşüp, ýalňyşyma düşündim. Söweşi togtadyp, teslim bolduk. Aly hezret, meniň bu ýalňyşymy bagyşlamagyňyzy haýyş edýärin. -Seniň ýalňyşyp, söweşe gireniňi bagyşlasa bolar. Emma Özbek ikiňiziň biziň tabynlygymyzdaky ýurdy paýlaşyp alyp, adymyzy hütbeden aýranyňyzy bagyşlap bolmaz, jenap Sad ibn Zangy. Horezm şanyň soňky sözi ýesiriň kellesini has aşak egdi. Ol: -Beýikler geçirimli bolýarlar, Aly hezret. Geçirseňiz ol hatamy-da düzederin. Adyňyzy hütbä goşduryp, adyňyzdan pul zikkelederin. -Bu işleri öň etseňiz bolardy. Indi bu işler sizsiz ediler-diýip, Muhammet şa ony getirenlere garap: -Alyp gidiň, bendilikde saklaň-diýdi-de, nämedir ýadyna düşen ýaly. -Duruň! Entek munuň bilen gepleşmeli gepler bar eken-diýdi. Ýesiri iki çigininden tutup, ýaňy ýerinden turuzan nökerler ony ýene dyza çökerdiler. -Jenap Sad, özüňizden öňki bu ýeriň hökümdary, biziň adamymyz Seýfeddin Ogulmyşy näme etdiňiz?-diýip Muhammet şa çalarak eşiden zadyny anyklamak üçin sowal berdi. -Aly hezret, biz Ogulmyşy hiç zat etmedik. Onuň Siziň adyňyzy ýurtda hütbä goşduryp okadyp başlany halyf an Nasyra ýokmadyk bolmaga çemeli, ol Ysmaýylylardan fidaýy iberip, ony öldürtdi. Ogulmyş haj zyýaratyndan gelen adamlaryny garşylamaga çykan mahaly fidaýy ýeňsesinden baryp, pyçak urup öldüripdir. Sad gürrüňiniň şu ýerine geleninde, soňuny aýtmaga çekinýän ýaly sägindi. Muhammet şa bolsa halyfyň eden bu ganhorlygyna gazaby kalbyna sygman: -Ýa Alla! Şeýle adamy külli musulmanyň ymamy, hökümdary diýip bolarmy?!-diýip goýberenini özi-de bilmän galdy. Soňra öz ýanyndan: “Ýok. Bu adam halyflyga mynasyp, däl. Iru-giç men ony tagtyndan agdararyn" diýip goýdy. Soňundan Sada garap: -Näme, sägindiň? Bu ýanyny hem ýurdy Özbek bilen nädip paýlaşanyňyzy-da aýt ahyry-diýdi. Sad uludan demini alyp, sözüni dowam etdi: -Aly hezret, ýurt eýesiz galansoň Özbek Yspyhany, Hemedany degişli ýerleri bilen eýeledi. Menem Reýi, Kazwini, Hwary we Semnany aldym. Dogrusyny aýtsam, adyňyzy hütbede okatmaga halyfdan gorkdum. Onuň meni-de fidaýy iberip, öldürtmegi mümkindi. Muhammet şa Sadyň gürrüňini diňleýärkä, onuň syratly, ýakymly keşbine seredip oturşyna oňa rehimi indimi ýa Alla kalbyna şepagat inderdimi tas ony ýesirlikden azat edipdi. Ýöne saklandy. Öz ýanyndan “Sakawyň soňuna seredeli” diýip, bu meseläni soňa galdyrdy. Ol şu ýerde duran ýasawulbaşa garap: -Jenap Sad ibn Zangyny Yspyhana çenli hor etmän saklaň. Ol ýerde onuň ykbalyny çözeris-diýdi. Ýesiri alyp çykyp gitdiler. Şundan soň Muhammet şa bolup geçen gysga jeňiň yzyny ýygnadyp, Reýe bardy. Birki gün dynç almak üçin wezir-wekilleri bilen şäheriň köşgünde ýerleşdi. Ýurda täze eýe-ady äleme dolan beýik patyşa Alaweddin Muhammet Horezmşanyň gelmegi adamlary biparh goýmady. Şol günüň özünde şäher häkimi başlyklaýyn häkimligiň işgärleri, beýleki emeldarlar, ulamalar, kethudalar Muhammet şaga salama geldiler. Horezmşa gelenleri güler ýüz bilen garşylady, hormat edip, salama gelenleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Soňunda gelenleriň hoşamadyny ýetirip, şeýle diýdi: -Muhterem ulamalar, kethudalar, şäheriň ýolbaşçylary! Biz ata miras ýurdumyz bolan Pars Yragynda özara ganly uruşlaryň netijesinde dynçlygyny ýitirip, jebirlenen halkyň parahatçylykda ýaşamagyny, ýurduň asudalygyny üpjün etmek üçin geldik. Siziňem biziň huzurymyza ýurduň parahatçylygynyň aladasy bilen geleniňizi bilýän. Şeýlelikde, biziň hem, siziň hem maksadymyzyň birligi mundan beýläk ýurduň ilatynyň asuda durmuşda ýaşajakdygynyň kepilidir. Asudalygyň, adalatyň berkarar bolmagynyň kepili hökmünde biz ýurduň welaýatlaryna ynamdar hadymlarymyzdan häkimler belläris. Sizlerem özüňize-Reýe bellenen waly bilen ýakyn gatnaşykda bolup, onuň işine ýakyndan ýardam berersiňiz diýip ynanýan. Şu sözlerden soň Muhammet şa nutguny uzaldyp oturmady. Gelenlere ýene bir gezek özüniň hoşallygyny bildirip, olary hoşamaýlyk bilen ugradyp goýberdi. Şu günden başlap, Horezmşanyň ady Pars Yragynyň Hemedana çenli ähli metjitlerinde hütbä goşuldy. Horezmşanyň agyr goşun bilen Pars Yragyna aralaşandygy, Sad ibn Zangynyň ýesir alnandygy baradaky habarlar Yspyhanda oturan atabeg Özbege ýetip baranynda oňa syçanyň hini müň tylla döndi. Nirä gaçyp, nirede jan saklajagyny bilmän aljyrady. Weziri Rabybeddin Dandan oňa Farrazyn galasynyň juda berkdigini aýdyp, şol ýere barmagy maslahat berdi. Özbek weziriniň maslahatyny makul görmedi. Ol özüniň tabynlygyndaky Aharyň häkimi Nusreddin Riştegine goşuny bilen hazynasyny tabşyryp, Töwrize çekinmegi buýurdy. Özi bolsa iki ýüz adamy bilen Azerbaýjanyň belent daglarynyň birinde gizlendi. Bu wagt Horezmşa Muhammet Hemedana ýetip barypdy. Oňa Özbegiň Yspyhandan Töwrize tarap gaçandygy barada habar gelenden gaçanyň yzyndan kowgy iberdi. Töwriz Yspyhana garanda Hemedana has ýakyn bolany üçin Hemedandan çykan goşun Yspyhandan çykan goşuny Töwrize ýetirmän, derbi-dagyn edip, wezir Rabybeddin Dandany, Nasreddin Riştegini ýesir alyp, Özbegiň hazynasy bilen Hemedana - Horezmşanyň karargähine getirdiler. Bu wagt Muhammet şa hemedanyň emeldarlaryny ýygnap, özüniň täze bellän häkimi bilen agzybirlikde işlemek tertip-düzgüni, asudalygy saklamak barada gürrüň edip otyrdy. Oňa Özbegiň yzyndan iberen kowgusynyň gaýdyp gelendigini habar berenlerinde şäher emeldarlaryna jogap berip, kowgunyň serkerdesini getiren ýesirleri bilen kabul etdi. Kowgunyň serkerdesi Muhammet şaga goşunda atabeg Özbegiň ýokdugyny, hazynasynyň bolsa ele alnandygyny, bu iki ýesiriň kimlerdigini düşündirdi. Şundan soň Muhammet şa ýesirlere ýüzlendi: -Jenaplar, biziň size hiç hili ýamanlygymyz ýok. Çünki siziň biziň garşymyza eden işiňiz bolmasa gerek. Şonuň üçin sizi diňe biziň garşydaşymyz atabeg Özbegiň buýrugy bilen hereket edýän hadymlar bolanyňyz üçin jezalasak adalatdan bolmaz. Indi sizem adalatyň karar tapmagy üçin biziň atabek Özbek bilen hasaplaşmagymyza kömek etmelisiňiz. -Merhemetli Alaweddin Muhammet şa hezretleri, adalat edip, bizi jezadan halas edeniňiz üçin Size müň kerem teşekkür! Ýöne Özbek bilen hasaplaşmagyňyza biz niçik kömek edip bileris?-diýip, wezir Rabybeddin Dandan bir elini gursagyna goýup, Horezmşaga ýüzlendi. -Siz biziň wekilimiz bilen gidip, atabegi şu ýere getirmelisiňiz-diýip, Horezmşa wezire seredeninde, ol goluny gursagyna goýup, ýaňy agzyny açanynda onuň näme diýjegini bileni üçin oňa maý bermän sözüni dowam etdirdi. -Eger “Men onuň nirededigini bilmeýän" diýip, ýalan sözleseňiz, jeza meselesine gaýtadan serederis. Muhammet şanyň: “Jeza meselesine gaýtadan serederis” diýenine zähresi ýarylan wezir Dandan howlugyp: -Çakdan bilýän, Aly hezret. Taparys ony!-diýdi. -Tapjagyňyzy bilenim üçin size buýurdym. Eger atabeg Özbek biziň wekilimiziň teklibini ret etmän, huzurymyza gelse, onuň günäsini geçmegimiz mümkin. Kesirlik edip gelmese, ýene başga ýere gaçsa, biz ony iru-giç tapyp, jezasyny bereris-diýdi. Soňra wekil edip iberjek emiri Nasreddin Döwletýara garap: -Bu gün dem-dynjyňyzy alyň, ertir irden ýola düşersiňiz-diýip, Muhammet şa huzuryndaky adamlaryň hemmesine jogap berdi. Ýeke özi galan Horezmşa oýa çümdi: “Duşmanyňy öldürenden, ony dostuňa öwürmek peýdaly” diýen pähim ýöne ýere aýdylan däldir. Men Sad ibn Zaňgy bilen Özbegi jezalanymdan olardan peýdalananym gowy. Elbetde, olar meniň dostuma däl, gulamyma öwrülerler. Meniň güýjümi, gudratymy görüp duranlaryndan soň başga etjek alaçlary ýok” Muhammet şa bu pikiriniň soňunda olar bilen bagly meseläni Yspyhanda çözmek kararyna geldi. Seljuklaryň gadymy gözel paýtagty Yspyhan Horezmşany hiç bir garşylyksyz, derwezelerini giňden açyp garşy aldy. Yspyhanyň ulamalary, kethudalary, döwlet işgärlerinden ybarat wekiller topary Horezmşanyň hatyrasyny tutup, öňünden çykdylar. Elbetde, oňa goýlan bu hormat-sarpa ony gowy görenleri üçin däl-de, ondan gorkanlary üçindigini onuň özi-de bilýärdi. Bilse-de nätsin, halka gowy görnüp hökmürowanlyk edenden gorkuzyp hökmürowanlyk eden aňsat hem ygtybarly. Çünki halk tarapyndan söýülýän hökümdar bir ýamanlyk etse, oňa garşy närazylyk bildirilmegi, gozgalañ turmagy mümkin. Emma gorkulýan hökümdar müň ýamanlyk etse-de halk jyňkyny çykaryp bilmeýär. Ine şu ýagdaýda söýgiden gorky güýçli bolup durýar. Muňa gowy düşünýän Alaweddin Muhammet şa güýçlisinden peýdalanmagy makul görýärdi. -Yspyhanyň muhterem ýagşyzadalary!-diýip, Horezmşa garşysynda gol gowşuryp duran wekillere ýüzlendi.–Size mälimki, Yspyhan biziň pederimiz Tekeş soltanyň döwründe Horezminiň tabynlygyndady. Soňky wagtda bu ýurt özara söweşleriň netijesinde elden-ele geçip, halkyň asuda durmuşy bozulypdyr, ilat horlanypdyr. Biz şu ýagdaýlaryň soňuna çykmak üçin goşun çekip gelmeli bolduk. Bu ýurda soňky eýe çykan atabeg Özbek biziň gelýänimiziň habaryny eşidip, garşylyk görkezmäge bogny ysman, zut gaçypdyr. Elbetde, biziň bu gudratly güýjümiziň - diýip, ol entek goş ýazdyrman sapda duran goşunyna yşarat etdi. –Öňünde her kes durup bilmez. Biz şu güýjümiz, şu gudratymyz bilen tutuş Pars Yragynda, şol sanda Yspyhanda hem tertip-düzgün, asudalyk ornadarys. Horezmşa sözüne dyngy berenden wekilleriň baştutany şeýhulyslam: -Merhemetli Horezmşa hezretleri, iň esasy zat häzir Siziň aýdan asudalygyňyz. Ýurtda parahatçylyk, asudalyk bolsa başga hemme zat hem bolýar. Siziň şeýle ýagşy niýet bilen geleniňiz üçin Size Yspyhanyň halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirýäris. Indi goşunyňyz şu ýerde goş ýazdyrsa, özüňiz wezir-wekilleriňiz bilen şähere girip, köşkde ýerleşseňiz, Yspyhanlylar goşunyňyza-da, özüňize-de myhmandarçylyk etmäge taýyn-diýdi. Horezmşa şeýhulyslamyň sözünden olaryň talaň howpunyň öňüne almaga gelendiklerini aňdy. -Muhterem jenaplar!-diýip, Horezmşa mylakatly äheň bilen dillendi. -Sizler halka horezmliler tarapdan ilata hiç bir ýamanlygyň ýokdugyny, mundan beýläk ýurtda asudalygyň, adalatyň berkarar boljagyny, ilatyň hem täze häkimiýete ytagatly bolmagyny düşündirmelisiňiz. Meniň täze häkimiýet diýenime ýurdyň ähli ýolbaşçylary täzelenjek diýip düşünmeli däl. Biz waly bilen onuň wezir- wekillerini belläris, bu ýerde duran emeldarlar öz işlerini dowam etdiribererler. Muhammet şa şu gysga sözünden soň leşgere goş ýazdyrmaga buýruk berip, özi nedimleri, hadymlary, goragyndaky nökerleri bilen wekillere goşulyp, şähere girdi. Ol özüniň adamlary bilen seljuklaryň döwründen galan kaşaň köşkde ýerleşdi. Wekiller bolsa onuň tabşyrygy boýunça wagyz-ündew etmek üçin ilatyň arasyna aralaşdylar. Horezmşa Yspyhanda atabeg Özbegi alyp gelýänçäler dynç almakçydy. Ol dynç alýan günlerinde käte top oýny bilen meşgullanýardy. Yspyhanda-da her gün irden nedimleri bilen köşgüň öňündäki meýdançada top oýnyna başlady. Ol bu öz boluşly top oýnundan aýratyn lezzet alýardy. Şonuň üçin gara dere batyp, ýadaýança oýnaýardy. Aradan iki hepdä golaý wagt geçip, atabeg Özbegi iki ýüz nökeri bilen alyp geldiler. Dogrusy, ol öz ygtyýary bilen geldi. Onuň ýanyna wekil bolup baran Döwletýaryň aýdan “Gelse günäsini geçýän” diýen Horezmşanyň sözüne juda bir ynanmasa-da, ondan gaçyp gutulyp bilmejegine gözi ýetensoň töwekgel edip geldi. Horezmşa ony gelen güni kabul etmedi. Ertesi irden top oýnamaga çykanynda Sad ibn Zangy bilen ol ikisini meýdançanyň bir çetine getirip, dikilgazyk edip goýmagy buýurdy. Sad ibn Zangy bilen atabek Özbek Horezmşa oýny soňlaýança şanyň top oýnaýşyna seredip, aýak üstünde durmaly boldular. Muhammet şa olary bu ýere getirdip, oýny görkezmek bilen olara “Sizler meniň elimdäki şu top ýaly adamlar. Sizleri şu top ýaly islän ýerime atyp hem islesem aýagymyň aşagyna taşlap hem bilýän” diýmekçidi. Horezmşa Sad ibn Zangy bilen atabeg Özbegi, bir gün top oýny tomaşa etdireninden soň, ertesi kabul etdi. -Ho-op, jenaplar, indi sizi näme etmeli? Günäňize laýyk jeza bermelimi ýa-da sylag-serpaý etmelimi?-diýip, Muhammet şa entegem tagzymdan başlaryny galdyrman duranlara kinaýa bilen söz gatdy. -Ýalkasaňyzam, ýazgarsaňyzam ygtyýar Sizde Aly hezret-diýip, kellesini galdyran atabeg Özbek dillendi. -Eger siz ýurdy bölüşip alanyňyzdan soň biziň adymyzy hütbeden aýyrmadyk bolsaňyz ýalkanardyňyz. Siz munuň tersine Ogulmyşyň döwründe hütbede okalyp duran adymyzy halyf an Nasyra ýaranjak bolup, aýyrmagyňyz, elbetde, ýazgarylmaga degişli - diÿdi Horezmşa. Atabek Özbek : -Aly hezret, men adyňyzy halyfa ýaranjak bolup däl, meni-de Ogulmyş ýaly fidaýy iberip, öldürder diýip, ätýaçdan aýyrtdym - diýip, ýüzüni aşak saldy. -Gorkanymdan diýjek bolýaňmy? Bu gepi maňa ýanyňda duranam aýdypdy. Indi sizlere “Gorkaklar” diýip, lakam daksa-da gelişmän dürjak däl-diýip, Muhammet şa kinaýaly ýylgyrdy. Soň olara oturmaga ejaza berip, ýer görkezdi. Şanyň ýylgyryşy kinaýaly bolsa-da, onuň ýumşanyny duýan Sad ibn Zangy wäşilige salyp: -Aly hezret, bu zamanda özüňden ejizi gorkuzyp, özüñden zordan gorkup ýaşamaly bolýar. Başga ýol ýok-diýdi. Horezmşa güldi. Özüniň sözüne Muhammet şanyň gülenine Sad ibn Zangynyň ýüregindäki howp bütinleý aýrylyp, jany aram tapdy. Emma şalaryň gülüp görüşip, soňundan ölüme höküm eden wagtlary-da bolandygyny bilýän atabeg Özbek Horezmşanyň gülküsini ýaňsy alamaty bolaýmasyn diýip müňkürlik etdi. Atabegleriň ýüzüne seredip, içgi dünýäsini okap oturan Horezmşa: -Jenap atabeg Özbek, atabeg Sada seret, gül ýaly açylyp otyr. Seniň nä ýüzüň gamaşyk, ýa henizem halyfdan gorkyň aýrylanokmy? Ýa-da menden gorkup otyrmyň-diýdi. -Ýok. Aly hezret, halyfdan indi gorkym ýok. -Onda menden gorkyň bolsa, ol esassyz. Men ýanyňa baran Döwletýardan “Baş egip gelse, günäsini geçýän” diýip aýdyp goýberdim ahyry. Şanyň sözi bir bolýandyr. -Bilýän, Aly hezret. Günämi geçeniňiz üçin Size alkyşlarymyň çägi ýok. Indi meni bir gulamyňyz hökmünde kabul etseňiz, hyzmatyňyzy ediberjek. -Bize hyzmat etjek bolsaň öz ýurdyňda Azerbaýjanda edersiň. Biz ata-babadan galan “Ýamanlyga ýamanlyk her kişiniň işi. Ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işi” diýen pähimleriň soňkusyna eýerip, ikiňize-de ýagşylyk etmekçi. Elbetde sizem edilen ýagşylygyň gadyryny bilersiňiz diýip tama edýän. Eger bilmeseňiz bu saparky ötülen jezany hem goşup, aýylganç jezaga höküm edilersiňiz. Muhammet şanyň sözüniň soňky jümlesi atabegleriň ikisiniňem inlerini tisgindirip goýberdi. Horezmşa garşydaşlary bilen müň mylakatly bolsa-da, soňunda özüniň “Gorkuzyp höküm sürmek ygtybarly” diýen ýörelgesini ýatdan çykarmaýardy. Ol atabeg Özbege ýüzlenip, sözüni dowam etdirdi: -Seni Azerbaýjana iberýärin. Baryp häkimiýetiňi güýçlendir, dargan goşunyňy jemle, Arrany, Şirwany, Derbende çenli bolan sebiti gol astyňa al. Azerbaýjandan başlap, şol ýerlerde-de biziň adymyz hütbede okalsyn, adymyzdan pul zikkelensin. Hazynaň biziň elimize düşeni üçin seni iki ýyl paç tölemekden azat edýärin. Atabeg Özbek minnetdarlyk hökmünde bir elini gursagyna goýup başyny egdi. Soňundan: -Aly hezret, ejaza berseňiz, bir haýyşymy aýtmakçy-diýdi. -Aýt, näme haýyş? -Bi, gürjülere haý-küş diýilmese, çeträkdäki obalarymyza gün berenoklar. Boş wagt tapdyklary gelip, çapawulçylyk edip gidýärler. -Şeýlemi?! Biz olara diňe “Haý-küş” diýip goýmarys. Gerek bolsa elli müň atly leşger iberip, ýurduny başyna ýumrarys! Ilki bir ilçi iberip, duýduryş berip göreli. Gürjüstanyň patyşasy akylly, parasatly adam diýip eşidýäris. Belki onuň özi alamançylaryny ýygnar. Atabeg Özbek Muhammet şanyň “Elli müň atly leşger” diýenine gyzygyp: -Aly hezret, şu aýdan leşgeriňizi maňa berseňiz, gürjüler bilen özüm hasaplaşardym-diýdi. Horezmşa Özbegiň haýyşyny bir salym oýlanyp gördi-de: -Ýok, sen ilki özüňe tabşyrlan işleri et. Gürjüler meselesini özümiz çözeris. Indi ýol şaýyňy tutup, ýigitleriň bilen ýola düşüber. Saňa ak ýol arzuw edýärin. Horezmşa sözüni soňlanyndan atabeg Özbek minnetdarlyk hökmünde iki epilip, tagzym etdi-de, yzyna basyp çykyp gitdi. Horezmşa bilen ikiçäk galan atabek Sadyň “Indi meni näme ederkä” diýen pikir ýüregini heýjana saldy. Sadyň heýjany ertire çenli dowam edýän boldy. Çünki Muhammet şa oňa: -Jenap atabeg, sen häzir gaýdyber. Seniň ykbalyňy ertir çözeris. Bu gün sen barada gepleşmeli gepler bar-diýdi. Atabeg Sady şanyň soňky sözi beter howsala saldy. “Men barada kim bilen näme gepleşjekkä? Maňa näme jeza bermelisini gepleşjekmikä?” diýen pikir ony halys ynjalykdan gaçyrdy. Sad gidensoň Muhammet şa baş weziri, serkerdebaşyny, hajyplaryny, kätibini çagyrdy: -Jenaplar, sizi çagyranymyň sebäbi: Gürjüstana ilçi ibermeli. Gürjüleriň käbir toparlary Azerbaýjana çozup girip, çapawulçylyk edýärmişler. Eger-de alamançylaryny özi ýygnamasa, üstüne elli müň atly goşun barjakdygyny patyşasyna duýdurmaly. Muhammet şanyň sözünden soň onuň aýdanlary hata geçirlip, ertesi Gürjüstana ilçiler iberildi. Ilçileri ugradyp, Horezmşa atabek Sady çagyrtdy. Howsalasy özüne ýetik atabeg gelip, tagzym bilen salam berdi. Sadyň tolgunyp duranyny duýan Muhammet şa oňa dykgat bilen garap: -Jenap atabeg, näçe aýalyň bar?-diýdi. Sad oslanmadyk bu sowala haýran galyp: -Aly hezret, birje aýalym bar-diýdi. -Näme üçin birje, ýa gaýratyň ýokmy?-diýip, Muhammet şa ýylgyryp diýdi. -Gaýratym ýeterlik-le, Aly hezret. Ýöne bu bir nesibiň işi-dä... -Özüň ymtylmasaň nesip getirip, goýnuňa bir janany salmaz. Näme üçin hökümdarlaryñ köp aýal alýanynyñ sebäbini bilmeýärmiñ? Köp nesil galdyrmak üçin. Nesliň köp bolsa yzyň ýitmez, adyň asyrlar aşa ýaşar. -Dogry, dogry aýdýaňyz, Aly hezret. -Men dogry aýdýan bolsam, senem dogryňy aýt! Meniň bilen baja boljakmy? Atabeg Sad Muhammet şanyň gülümjiräp beren bu sowalyna “Meni oýnaýarmyka” diýip düşünip, näme diýjegini bilmän ýalym-ýulum etdi. Horezmşa gepine Sadyň ynankyraman duranyny aňyp: -Atabeg, men oýun edemok, çynymy aýdýan-diýdi. -Wah, Aly hezret, eger çynyňyz bolsa, Siziň bilen baja bolmak meniň üçin elýetmez belent merteb-ä - diýen Sad begenjine sesine bat bereninem duýman galdy. -Meniň bilen baja bolmagy senem çynyň bilen özüňe mertebe bilýän bolsaň kiçi aýalymyň bir dogany bar, şony saňa alyp berýän. Ýöne ol senden dört-bäş ýaş uluragam bolmagy mümkin. Atabeg Sada bu gep kän ýokmady. “Ol şanyň aýalynyň özünden kiçi däl-de uly dogany bolmaly” diýen pikir geçdi serinden. -Sen häzir näçe ýaşyňda? -Otuzdan iki geçdim, Aly hezret. -Men-ä seni kyrkdan geçendir öýdüpdim. Onuň ýaly bolsa ol senden has uly bolýa. Ol indi kyrk bäş ýaşlaryň töwereginde bolmaly. Sadyň ýüzündäki öňki şatlyk alamaty zym-zyýat boldy.“Men ony aýalynyň uly doganydyr diýsem, ejesi bolaýmasa ýagşy” diýip içinden hüňürdedi. -Jenap Sad, sen ýaşy has uly eken diýip kemsinme, Pygamberimiz Muhammet Eleýhisselam hem ýaşlygynda özünden ýigrimi ýaş uly Hatyja diýen söwdegär aýala öýlenipdir. Şundan soňam Pygamberlik mertebesine ýetipdir. Senem öz aýdyşyň ýaly Horezmşa bilen baja bolmak mertebesine eýe boljak bolsaň, aljak gelniňiň ýaşyndanam başga-da käbir kemçiliklerine göz ýummaly bolarsyň. -Başga näme kemçiligi bar, Aly hezret-diýip, bütinleý keýpi gaçan Sad zordan garyljak ses bilen dillendi. -Aý, Alla tarapyndyr-da, bir gözi dogabitdi ýumuk, ýüzüni-de, birneme mama dişlän. Kakyn-silkindenmi agzy bir ýana sähel gyşaran. Bu gepden soň Sadyň tas özüniň agzy gyşarypdy. "Horezmşa meni şeýdip jezalajak bolýarmyka" diýip, içini gepleden ýigidiň nurly ýüzünde nur galmady. -Atabeg!-diýip, Horezmşa çynlakaý äheňde sözüni dowam etdi. –Sen şu kemçiliklerine boýun bolup, gyzy alsaň baja bolýas. “Ýok, Horezmşa bilen baja bolman geçeýin” diýip, gaýtmyşym etseň hem ygtyýaryň. Aýt, haýsyny etjek! Atabeg Sad indi bütinleý aljyrady. “Nätmeli? Gaýtmyşym etsem, “Meniň bilen baja bolmakdan ýüz dönderdi” diýip, gör meni näme eder” diýen gorkusy ony boýun etdi: -Aly hezret, nesibäniň işidir-dä, gaýtmyşym edip bolmaz-diýdi. -Onda seni gelin bilen tanyşdyraýaly-diýip, Muhammet şa elini iki gezek çarpdy. Gapynyň aňyrsynda duran sakçylaryň biri girip baş egdi. Muhammet şa oňa: -Aýläle melikäniň otagyna baryp aýt, düýnki gepleşilen gep boýunça doganyny alyp gelsin!-diýdi. Sakçy yzyna tesip çykyp gitdi. Horezmşa gapdalynda duran bir kitaby alyp waraklaýarka gözüniň astyndan Sadyň bolup oturşyny synlaýardy. Atabeg Sad bolsa diňe ruhdan däl tapdanam düşen kimin kellesini aşak salyp otyrdy. Muhammet şa dymyşlygy bozmak üçinmi ýene Sada söz gatdy: -Atabeg, nesibäniň bu işine kän bir gysynyp oturma, meniň aýalymam seniň aljagyňdan idili däl. Ikisi-de bir ata-enäniň gyzlary-da - diýdi. Bu mahal Sadyň aňy ýerinde bolanda bu gepden soň patyşanyň onuň ýaly betnyşany aýal edinmejegine düşünerdi we özüniň häliden bäri oýnalyp oturlanyny bilerdi. Muny soň çagyrlan zenanlar gapydan girip gelende bildi. Biri-birinden owadan iki gözel gapydan giren ýerlerinde aýak çekip, Horezmşaga tagzym etdiler. Olara seredip aňalyp galan atabeg Sad ine şunda Horezmşanyň top oýnundan başga-da, oýunlarynyň bardygyny bildi. Zenanlaryň ulusynyň Muhammet şanyň aýalydygyny, onuň ýanyndaky on ýedi ýa on sekiz ýaşly sahypjemal gyzyň özüne aýdylan gelinlikdigini aňyp, Horezmşaga seredeninde onuň gülüp oturanyny gördi. Muhammet şa özüne gülümjiräp garap duran Sada: -Neneň, gelinlik göwnüňe ýaraýamy?-diýdi. Sad geplemän ýerinden turup, iki epilip tagzym etdi. Soňra patyşa aýalynyň doganyna göz aýlady. Syratly, görmegeý ýigide ogryn-ogryn seredýän gyzyň ýüzi gül ýaly açylypdy. -Düýn ejekeň ikiňize aýdan ýigidim ine şu. Razymyň oňa durmuşa çykmaga?-diýip, şanyň beren sowalyna gyz hem çuňňur tagzym bilen jogap berdi. Şunuň bilen "tanyşdyryş dabarasy" tamam boldy. Muhammet şa zenanlara elini salgap “Gaýdyberiň” diýen yşaraty etdi. Zenanlar çykyp gideninden soň Muhammet şa Sada seredip: -Atabeg, bir salym degişdik, gülüşdik. Indi mundan beýläkki işleri gepleşeli-diýdi. -Gelinligiňi saňa şu ýerde nikalap berip goýberýäs. Toýy öz ýurdyňda Parsda edersiň, etseň. Ýöne baranyňdan Parsyň ähli metjitlerinde biziň adymyzy hütbä goşdurarsyň. Mundan beýläk zikgelenjek pullar biziň adymyzdan bolmaly. Şonuň ýaly-da ýurtdan ýygylýan harajyň bäşden birini Horezmiň hazynasyna ibermeli. Düşnüklimi, atabeg? -Gaty düşnükli Aly hezret. -Şu şertlere razymyň? -Müňde bir razy. -Onda başga aýtjak-goýjagyň bolmasa... -Aýtjagym bar, Aly hezret! -Ýeri, näme aýtjak, aýt! -Aly hezret, Siz meni ýesirlikden azat edip, şeýle sahypjemal gyzy berip otyrsyňyz. Bularyň öwezine menem bir zatlar bermeli ahyryn. -Şeýlemi? Nämeler berjek, hany aýt. -Maňa bagyş eden azatlygyňyz üçin Parsyň ajaýyp galalarynyň biri bolan Istahr galasyny, gyzyň galyňy üçin Aşkanawan galasyny Size hedýe edýärin. -Şeýitjekmi?-diýip Muhammet şa kinaýaly ýylgyrdy. -Bu aýdýan galalaryň Parsa degişli, Parsyň çäginde dälmi? -Hawa, Aly hezret, Parsa degişli. -Parsyň özi näme, bize degişli dälmi? -Parsyň özi-de Size degişli, Aly hezret. Onda sen biziň öz zadymyzy özümize hedýe etjek-dä, şeýlemi? Atabeg Sad ilki aň-taň boldy, soň aňyrsyny oýlanman joşup goýberenine düşündi. -Bagyşlaň, Aly hezret. Men oýlanman aýdaýypdyryn-diýip Sad müýnli ýylgyrdy. -Ata-babadan galan: “Seresap gep daşa gala, biseresap gep başa bela” diýen nakyl bar. Senem şu biseresap gepiň bilen meniň ýadymda ýok galyň diýen zady ýadyma saldyň. Sen gyzyň galyňyna Aşkanakan galasyny berjekdiň. Ol gala-da seniň öz hususy mülküň bolmany üçin berip bilmeýärsiň. Indi galanyň bahasyna deň pul bermeli bolarsyň-diýip, Muhammet şanyň gatyrganybrak aýdan sözüne Sadyň ýüzi üýtgäp gitdi: -Aly hezret, men galanyň bahasynyň näçe bolýanyny bilmeýärin. -Adatda galalar satylmaýar. Eger satylaýsa ummasyz pul bolýar. Sen beýle puly bir ömür töläp bilmersiň. Şonuň üçin men ony-da geçäýeýin-diýip, Muhammet şa ýylgyrdy. Bu sözden soň ýüzi ýerine gelen atabeg Sad ýerinden turup, tagzym edip, ýene ýerine geçdi. -Atabeg, meniň gyzyň galyňyny geçenimiň başga sebäbi bar. Belki özüňem bilýänsiň. Yslamda galyň gadagan. Diňe gelniň özüne gerek-ýaragyna sowar ýaly “Mähr” diýip atlandyrylýan azrak pul bermeli. -Bä... Aly hezret dinimiz gadagan eden bolsa-da, näme üçin bu adat halkyň arasynda juda ýörgünli? -Näme üçindigi belli, atabeg. Allatagala adamzadyň kalbyna mähr-muhabet, rehim-şepagat, haýru-sahawat ýaly ýagşy duýgular bilen bile nebis-nebisjeňlik diýen belany hem salypdyr. Gyz satyp, galyň almak hem ana şol nebis diýen zadyň etdirýäni. Dogrusyny aýtsak, seniňem, meniňem goşun çekip bu ýerlere gelmegimiziň sebäpçisi hem şol zat. Meniň gepim dogrumy, atabeg? -Dogry, dogry, Aly hezret. Hemmämizem nebis bendesi-diýip, Sad sözüni tassyklanyndan Horezmşa gülüp goýberdi: -Atabeg, ýene-de bir dogrusyny aýtsak, dünýäniň gyzygy hem şonuň bilen-dä! Ol adamy herekete getirýär, hyjuwlandyrýar. Nämenidir almak, eýelemek islegi hem nebisden gelip çykmaýarmy näme? -Bu gepiňiz hem dogry, Aly hezret-diýip, Sad başyny atdy. -Men näme diýsem häzir “Dogry, dogry” diýip dursyň. Emma bilip goý, atabeg, şu “Dogryňdan” sähelçe egrelseň, näçe daşda bolsaňam elim uzyndyr. Jezaň aýylganç bolar-diýip, Muhammet şa özüniň “Gorkuzyp höküm sürmek, ygtybarly” diýen ýörelgesini Sada hem ulanyp goýdy. Şunuň bilen kabul tamam boldy. Şeýle gowy söhbetdeşlikden soň şanyň aýdan soňky sözi atabeg Sada, elbetde, gowy täsir etmedi. Şanyň özüne bolsa ol söz tabynlygyň mizemezligini üpjün etmek üçin gerekdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |