17:04 Gurujy ýoldaşyñ ölen güni | |
GURUJY ÝOLDAŞYÑ ÖLEN GÜNI
Publisistika
Leninizm diñe ömürleri däl, wagty-da boş harçlady 21-nji ýanwarda Wladimir Iliç Leniniñ aradan çykanyna ýüz ýyl doldy. Hamana dünýä bu adamyñ XX asyrda dünýäni çepbesine çöwrüp taşlandygyny ýatdan çykaran ýalydy. Bir asyra ýeteñkirlän dünýäni bölen mirasy 1991-nji ýylda hiç hili garşylyksyz soñlandy. Leniniñ öñki kommunist ýurtlardaky ýadygärlikleri we heýkelleri ýykyldy, onlarça ýyllap gapysyna gulp urlan metjitler we buthanalar täzeden işläp başlady. "Din halk üçin tirýekdir". Lenin agressiýanyñ durnukly we ahyrky çözgütdigini aýdýardy. Ol syýasat we dolandyryş dünýäsinde birnäçe emel oýlap tapdy. Diktatorlar beýleki jemgyýetleri öldürip, ýok edýärdiler. Onuñ yzyndan gelen Staliniñem ösdüren, halky we tarapdarlaryny öldürme pikirini oýlap tapdy. Millionlarça adam Patyşa Russiýasynda däl, hut şu romantiki häkimiýetiñ golastyndaky Sowet Russiýasynda öldürildi we ýer-ýurdundan jyda düşürildi. Dünýäde, aýratynam biziñ sebitimizde köp ýurduñ peýdalanýan häkimiýetdäki partiýa pikirini ilkinji gezek Lenin orta atypdy. Lenin öz wagtyny-da, başgalaryñ wagtyny-da biderek harçlamakdan gaça durýan, "duşmanymy boýun egdirenimden ýok edenim gowy", "ýagşylyk etmän, gatnaşyk saklaman gorky bilen dolandyrmak gerek" we "konserwatiwlige ýeke-täk jogap: ýüzüne şarpyk çalmakdyr" diýýän açyk sözli adamdy. Partiýalar bilen dolandyrylýan ýurtlarda häkimiýetdäki partiýa agza bolmagyñ iñ gowy ýeñillikleri döredýändigi mälim. Lenin üçin hyýaly-da bolsa, hatda partiýanyñ geregi bolmasa-da, şübheli adamlary ele salmak üçin partiýa iñ gowy duzakdy. Lenin agressiýany ýola goýanda Beýik Fransuz rewolýusiýasyndaky ýakobinçilerden täsirlendi. Russiýany zyýanly hapa-haşallardan, siñeklerden, mör-möjeklerden, baý-kulaklardan we baýlara meñzejek bolýanlardan arassalamak üçin rehimsizlik bilen oka düzdüler. Ýalñyş bolandygy üçin çagalara rehim etmekden, merhemetden gaça durmagyñ öwredilmegini ündedi. "Wyždan" sözüniñ ýerine "parhlylyk" sözi girizildi. Ýurtda birinji gurlan edara Döwlet Howpsuzlyk Komiteti (KGB) boldy. Bu gullugyñ bölüm başlyklarynyñ müñlerçesi öz janyna kast edýärdi, çünki olar has soñra nämelerde aýyplanjakdyklaryny gowy bilýärdiler. "Her dönügiñ" maşgalasy-da "watan dönügi" hasaplanýardy. Beýleki oýlap tapan zatlarynyñ ýany bilen birlikde gurujy ýoldaş garşydaşlaryny aklyndan azaşmakda aýyplap, olary dälihanalara dykmagyñ başyny başlapdy. Dälihana salynan ilkinji adam Daşary işler Halk komissariatynyñ komissary (Daşary işler ministri) Georgiý Çiçerin boldy: "Ony derrew dälihana salmasak, özümiz däliräris" Leninizm diñe ömürleri däl, wagty-da boş harçlady. Sowet Soýuzy çekişmeler bilen geçen ýetmiş ýylynyñ ahyrynda Leniniñ taryhyñ zibil ýaşşigine atmaga söz beren kapitalist Amerikasyndan bugdaý satyn alýar. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Sişenbe, 30.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |