23:25 Gutarmaýan uruşlar we dowamy ýok parahatçylyk | |
GUTARMAÝAN URUŞLAR we DOWAMY ÝOK PARAHATÇYLYK
Publisistika
Taryh zol gaýtalanyp dur, gutarmaýan uruşlardan we dowamsyz parahatçylykdan başga zat ýok. Illýustrasiýa: Selman Design Tradision harby teoriýa goşunlar ruhybelent boldugysaýy uruşlar has köp tapawutlanýandygyny öñe sürýär. Ruhubelentligiñ ýeke-täk düşündirişi bar: maddy üpjünçilik. Emma subutnamalar aýratynam gazaply uruşlarda garyp goşunlaryñ ýeñýändigini görkezýär. Mysal üçin, beýik serkerde Aleksandr Makedonskiý ýeñişlerini ummasyz hazynasy bolan pers patyşasy Dariý III-iñ goşunlaryny çym-pytrak eden garyp makedon goşunyna baş bolup gazanypdy. Keçe çadyrdan çykan Çingiz han ýeñiýoluk mongollara baş bolup, hytaýlylary we türkmenleri derbi-dagyn edip bilipdi. ABŞ-nyñ birinji prezidenti Jorj Waşington iñlisleri ýeñende, esgerleriniñ köpüsi ýyrtyk-ýyrtyk eşikdedi. Şeýle-de, dünýäniñ iñ garyp ýurdy wagttnda wýetnamlylar dünýäniñ iñ baý we güýçli ýurdy ABŞ-ny ýerlerinden çykmaga mejbur edipdiler. Şol bir ýagdaýy ABŞ-nyñ Owganystandaky ýeñlişi we olar bilen birlikde Sowet Soýuzynyñ iñ soñky kysymly ýaraglar bilen ýaraglandyrylan goşunlarynyñ ýeñlişi babatda-da aýdyp bolar. Warwarlar Rim imperiýasynyñ güýçlerine çozup, dünýäniñ iñ baý imperiýasyny boýun egdiripdiler. Rowaýata görä, Lidiýanyñ hökümdary Kroisos altynlary bilen öwünip, Afinynyñ hökümdary Solona haýbat atanda, Solon oña uruşyñ altyn bilen däl-de, demir bilen gazanylýandygyny aýdypdyr. Makiawelliniñ aýdyşy ýaly, tehnologiýa ýa-da ösen ýaraglar bilen adam üpjünçiligi bolmasa, uruşlarda netije gazanmak mümkin däl. Afrikanyñ ýarym-ýalañaç eşikli zulu taýpasy 1879-njy ýylda dişine çenli ýaraglanan iñlis goşunyny kül-peýkun edipdir, çünki olar watan söýgüsine beslenip söweşipdir. Taryha ser salynanda, uruşlar diñe ýaraşyk şertnamalary, käwagtam bileleşikler bilen soñlanypdyr. Hiç bir ýeñiş uzak dowam etmändir. Mysal üçin, Napoleon Bonapart iñ köp ýeñiş gazanan serkerde bolup taryha girenem bolsa, Waterlu söweşinde it masgarasy bolup ýeñlişe uçrapdyr. Germaniýa we Fransiýa ýüzlerçe ýyllap uruşlardyr agressiýalar bilen biri-birlerine duşmançylyk edip gelenem bolsa, häzir biri-birine iñ ýakyn durýan ýurtlaryñ birine öwrüldi. Ine, häzir ABŞ-lylar Wýetnamy, wýetnamlylaram ABŞ-ny doldurýar. Taryhda iñ köp uruş gören ýurt Fransiýa, onuñ yzyndanam Angliýa bolan bolsa, şindizler bu iki ýurduñ gorkusy daşardan däl-de, içerden. Taryh zol gaýtalanyp dur, gutarmaýan uruşlardan we dowamsyz parahatçylykdan başga zat ýok. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Ýekşenbe, 30.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |