22:20 Guýrukly doglan adamlaryñ syry | |
GUÝRUKLY DOGLAN ADAMLARYÑ SYRY Materialistleriñ ewolýusion taglymatyna ynansañ-a, adam ogly maýmyndan döräpdir we ol entek doly adam sypatyna girip ýetişmänkä, ýagny, maýmynlaryñ jynsyndaka olaryñam edil häzirki maýmynlar ýaly guýrugy bolan bolmaly. Gep bu taglymata ynanyp ynanmazlykda däl. Gep häzirem guýrukly adamlaryñ gabat gelýänligi. Bu gadymdan gelýän genetiki nesil yzarlamamy ýa kesel? Aýtmaklaryna görä 1884-nji ýylda häzirki wagta çenli ýigrimi üç ýerde şeýle ýagdaýa duş gelnipdir. Seýrek duş gelinýänem bolsa, käbir adamlarda guýruk süñküniñ on santimetre çenli uzaýan guýrugy emele getirýändigi we onda adam organizminiñ beýleki bölegindäki damarlar ýaly damarlaryñ bardygy gabat gelinýär. Medisinada "meningosele" diýip bilinýän bu gorkunç kesel deriniñ astyna gizlenen üç ýa-da dört oñurga süñküniñ ösüp, biri-birine çaknyşmagy bilen ýüze çykýar. ■ Guýrukly adamlar Bu kesel bilen dünýä inen hindistanly 12 ýaşly Arşid Aly Han täsin durmuşda ýaşaýar. Hindistanda "adamlaryñ arasynda ýaşaýan hudaý" yglan edilen Arşide "Balaji" diýip at dakan halk köpçüligi ýurtdaky maýmynlaryñ hudaýy Hannumanyñ bu çaganyñ bedeni arkaly dünýäde gaýtadan peýda bolandygyna ynanýar. Indus ynanjyna uýýan on müñlerçe adam guýrukly çagany begendirmek we ondan teperrik almak üçin nobata durýar. ■ Guýrukly aýdymçy Keşa (KeSha) Guýrukly dünýä inenleriñ arasynda ABŞ-ly aýdymçy hem bar. Belli aýdymçy we repçi Keşa: "Guýrukly doguldym, kiçijik ýaşymda geçiren onlarça operasiýanyñ netijesinde guýrukdan halas boldum" diýipdi. ■ Guýrukly adamlar başga-da barmy? Geçirilen barlaglar häzir dünýä boýunça kyrk sany guýrukly adamyñ barlygyny anyklady. Medisinanyñ ösmegi biziñ döwrümizde bular ýaly ýaramaz keselleri bejerip bilýänem bolsa, geçmişde köpsanly adamyñ guýrukly doglandygy sebäpli "şeýtan" hasaplanyp ýa-ha jemgyýetden çetleşdirilipdir, ýa-da ony dogran ejesi bilen birlikde öldürilipdir. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||