ATAKAMA GUMANOIDLERINIÑ SYRY
2003-nji ýylyñ 19-njy oktýabrynda Oskar Munosyñ Çiliniñ Atakama çölünden tapan 13 sm ululykdaky kiçijik bedenli, uly kelleli adampisint ystyhany (skleti) gyzgyn jedelleriñ döremegine sebäp boldy. "Ata" ady berilen nämälim jandara degişli ystyhanyñ kosmosly jandaryñky bolup çykaýma ähtimallygy öñe sürüldi, käbirleri bolsa munuñ ýöne bir süñk bölegidigini öñe sürýär. Başga bir topar bolsa onuñ kosmosdan gelen başga bir jandaryñ mumyýalaşan görnüşidigini orta atýar.
Tapylan Atakama gumanoidiniñ biologiki taýdan hakykatdanam ýaşap geçen jandardygy inkär edip bolmajak hakykatdyr. Onuñ ölüm sebäbi kellesiniñ ýeñseçukuryna alan urgudan bolandygy çaklanylýar.
Ufolog we lukman Stiwen Grir bu täsin jandaryñ kosmoslydygyna tüýs ýüregi bilen ynanýar. Galyberse-de, Atakama çölünde gapbarçanaklylara we kinniwanja adamlara köp duşulýandygy barada habarnamalar köp gelip gowuşýar. Ol duş gelinýän gapbarçanaklylar bilen bu nämälim jandarlaryñ arasynda ýakynlygynyñ bardygyna ynanýar.
"Sirius" atly dokumental filmde hem agzalýan kinniwanja jandaryñ DNK-sy boýunça geçirilen seljermeler bu jandaryñ hakykatdanam biologiki jynsdygyna güwä geçdi. Filmde çykyş eden alymyñ pikirine görä, 13 sm-lik bu täsin jandar aslynda adamyñ bir görnüşi. Stanford uniwersitetiniñ medisina kafedrasynyñ kök öýjükler (стволовая клетка) boýunça biology Garri Nolan hem kiçijik jandaryñ adamdygyny aýdýar.
"Huffington Post" gazetinde çykan makalada Nolan şeýle diýdi:
"Munuñ maýmyn däldigi görnüp duran zat. Bu jyns adamdan başga hiç zat däl, şimpanzeden adama has köp çalym edýär. Alty ýa sekiz ýaşynda-da ölüpdir. Dogrusy, bu ýöne mysal. Ol birwagtlar iýip-içendir, metaboliki hereketler edendir. Bärde bir sorag döreýär: ol doglanda boýy näçeräkkä?.."
Jandar boýunça DNK seljermelerini geçiren Nolan: "DNK-sy we hasaba alnan hususlar bize munuñ adam bolup çykaýmagynyñ mümkinligini görkezdi" diýdi.
Adaty adamlarda sag we çep gapyrga süñkleriniñ sany 12 sany bolsa, bu ystyhanda 10 sany gapyrga süñki bar. Häzire çenli geçirilen seljermeler onuñ DNK-synyñ 90% adam bilen deñ gelýändigini, diñe 10% kysmynyñ adama meñzemeýändigini görkezdi.
Geçirilen genetiki barlaglar bu jandaryñ adam dal primat jynsyna däl-de, biziñ jynsymyz bolan homo sapiense (человек разумный) juda ýakynlygyny ýüze çykardy. Galyberse-de bu jandar ahyrynda näme bolup çyksa-da, adama beden gurluşy taýdan juda meñzeş we megerem, adamyñ añ derejesiçe añy hem bolaýmaly. Genetiki barlaglar we ystyhan gurluşynyñ barlagy dürli dokumalar we onuñ süñküniñ ýiligi boýunça geçirildi.
Beden gurap gidendigine garamazda, içki goşlarynyñ gurluşy duran-duran ýerinde galypdyr. Jandaryñ iki öñki sag gapyrgasynyñ distal uç böleginden hirurgiki diseksion usul bilen DNK barlagy üçin owuntyklar alyndy. Süñk ýiliginden we kelleçanakdan alynan başga-da eksperimentlee steril hirurgiki proseduralara alyndy hem-de gönüden-göni Nolan tarapyndan taýýarlanan steril gaplara salyndy.
Doktor Nolan "antik" DNK-ny öwrenmek üçin ýerine ýetirmeli işleri usullyk bilen taýýarlady. Bu barlaglaryñ iñ soñky derejede spesifik tarapydyr we bu ugurda dünýäniñ iñ öñdebaryjy hünärmen alymlary Nolan bilen pikir alyşdy. Beden gurap gidenem bolsa, bozulman saklanypdyr. CAT seljermesi onuñ kükreginiñ iç tarapyny aýdyñ görkezýär.
Kelleçanagyñ ýokarky bölegi adaty adamlaryñ kellesine garanda gaty uly görünýär. Äñ süñkünde hem dişleri ýerbe-ýer. Sag golunyñ süñkünde döwük bar, şeýle-de kelleçanagyñ arka tarapynda çat açmabar, megerem, onuñ ölmüniñ sebäbi hem kellä düşen şol çat açma bolan bolmaly. Nolanyñ geçiren barlaglary onda genetiki taýdan hiç hili girdeneklik alamaty ýok. Başgaça aýdylanda bu jandar girdeneklik (boýy ösmezlik) keseline duçar bolan adam däl. Hususanam Laçmanyñ barlaglary onuñ süñk gurluşynda hem hiç hili mesele ýokdugyny we adamdan tapawutlyklaryny nazara almanyñda, süñk bilen baglanyşykly keseliñ bolmandygyny görkezdi. Ilkibaşda bu gumanoidiñ ýöne bir düwünçek (плод) bolup çykaýmagynyñ mümkinligi ýazylypdy. Emma Mançon Radiologiýa merkezinden doktor Mançin hem X-Raýlary öwrenip, bu eksperimentiñ düwünçek däldigini, onuñ bir ýyl ýa-da birnäçe ýyl ýaşap ölendigini öñe sürdi.
Nolan öýjükleriñ energiýa çeşmesi mitokondriýadan alan DNK-syndan kinniwanja jandaryñ erkek jynsyndandygyby we enesiniñ Çilide ýaşaýan ýerli taýpalardandygyny aýdýar.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Geň-taňsy wakalar