15:05 Adam bilen haýwandan gibrid jandar döretmek mümkinmi? | |
ADAM BILEN HAÝWANDAN GIBRID (GARYŞYK) JANDAR DÖRETMEK MÜMKINMI?
Geň-taňsy wakalar
"Toba ediñ, gözüm bir ýaman gördi..." Magtymguly Pyragy. Meşhur iñlis ýazyjysy Gerbert Jorj Uells tarapyndan XIX asyryñ ahyrky ýyllarynda ýazylan we birnäçe gezek ekranlaşdyrylan "Lukman Moronyñ adasy" romanyndaky ýapa degmez hyýaly sýužetler hakyky durmuşda-da bolup geçäýjege meñzeýär. Alymlar adam bilen haýwanyñ garyşygyndan dörän gibrid jandarlaryñ hereket edýän romanyndaky ýaly adam öýjüklerini doñuzyñ ýumurtgasy bilen döllendirip gibrid embriony emele getirdiler. Iñ soñky gezek Merlon Brendonyñ oýnan "Lukman Moronyñ adasy" kinofilminde adam-haýwan sypatly jandarlarda haýwanpisint häsiýetler has artdyrylypdy we çygyrdan çykylypdy. ABŞ-nyñ Kaliforniýa ştatyndaky Salk institutynyñ laboratoriýalarynda birtopar geñsi haýwanlar iýdirilip-içirilip we jübütleşdirilip ýörite kapasalarda saklanýar. Olar ýanlaryna golaýlaşan adamlardan ürküp gaçmaga başlaýar. Göräýmäge syçanlara çalym edýän bu haýwanlar tebigy ýollar bilen doglan garyndaşlarynda bolmadyk gizlin aýratynlyklary özünde saklaýar. Bu aýratynlyk olaryñ beýnisiniñ içinde görmäge, duýmaga we pikirlenmäge kömek edýän adamyñ janly neýronlarynyñ bolmagydyr. Salk institutynyñ biology Fred Geýg alzheýmer, parkinson ýaly beýni ölümi bilen baglanyşykly kesellere uçran adamlarda neýronlaryñ nähili degenerasiýalaşýandygyny we ölýändigini bilmek üçin bu ýarym adam-ýarym haýwan jandarlary döredipdir. Tebigy taýdan adam beýnisinde amaly synaglary geçirmek mümkin däldigi üçin az mukdarly bolsa-da, adam beýnisiniñ öýjüklerini göterýän haýwanlaryñ adam anatomiýasy boýunça geçirilýän barlaglaryñ öwezini dolduryp biljegi aýdylýar. Angliýanyñ obşinalar palatasy eýýäm kök öýjük (стволовая клетка) boýunça geçiriljek barlaglar üçin adam-haýwan gatyşygyndan gibrid embriom döredilmegine kanuny taýdan rugsat berdi. Düzgünnamada görkezilen tertibe laýyklykda adam öýjüginiñ mañyzy, genetiki aýratynlyklary aýrylyp, sygyr ýa towşan ýumurtgasy bilen döllendirilmeli. Embrion laboratoriýa şertlerinde on dört günde ulaldylmaly. Onuñ 99,9%-i adam, 0,1 %-i towşan, doñuz, sygyr, geçi ýa-da goýun bolan bu embrionlardan kök öýjük emele gelmeli. Düzgünnamada adam-haýwan gatyşykly gibridlerden zenanyñ ýa-da haýwanyñ ýatgysyna goýulmagy bolsa gadagan. Beýleki organlara öwrülme ukyply kök öýjükler ähli öýjükleriñ enesi hasaplanýar. Angliýany Nesil öndürijilik we embriologiýa guramasy tarapyndan berilen ygtyýarnama esasynda adam-haýwan gibridiniñ emrbrionlaryny öndüriji ýeke-täk ýurt bolan Angliýanyñ bu başlangyjy garşylyklaýyn tankydyny hem öz ýany bilen getirdi. Iñlis alymlary geçirilen synaglaryñ adam we haýwan görnüşlerinde islenmeýän netijelere alyp barjakdygyny duýdurdy. Katolik buthanasy hem "Frankşteýn gibridleri" diýip at berilen bu ylmy barlaglaryñ garşysynda ýer aldy. Şotlandiýanyñ katolik buthanasynyñ baş ruhanysy Kardinal Keýt O'Braýn gibrid embrionlar boýunça barlaglara ýigrenç bildirdi. Bu düzgünnama dini taýdanam, etiki we hukuk nukdaýnazardanam garşy çykanlar az däl. Adam-haýwan gatyşykly gibridleriñ öndürilmegine garşy çykanlar etikanyñ çygryndan çykandyklaryny aýdyp, embrionlary "tebigatyñ işine goşulmak" hasaplaýar. ■ Medisina tutaryklary Alymlar birnäçe ýyl bäri adama ätiýaçlyk beden agzalaryny öndürmegiñ ýollaryny gözleýär. Munuñ üçin olar iki ýola baş urdular. Birinjisi, klonlamak usuly bilen embrionlardan alynan kök öýjükler arkaly ätiýaçlyk organizm we syna döretmek. Ikinjisi bolsa içki beden agzalary adama iñ köp çalym edýän doñuzdan peýdalanmak. Emma adamyñ immunitet sistemasynyñ doñuzyñ organlaryny kabul etmezlik ähtimallygy gaty uly. Galyberse-de kanunlar adam embrionlary boýunça synaglary geçirmegi çäklendirýär. Ynha, şonuñ üçinem alymlar indi adam öýjügini doñuz ýumurtgalary bilen döllendirip bu gadagançylygy aşmaga çalyşýar. Alymlar ýarym adam haýwanlara "Kimera" diýip at dakdylar. Grek mifologiýasynda Kimera ýolbars kelleli, geçi bedenli, aždarha guýrukly fantastiki jandaryñ adydyr. Gresiýalylar kimeralara "mahluk" sypatyny berýär, çünki bu jandarlar her jynsyñ spesifik we ýeke-täk kategoriýadan döreýändigi hakyndaky tebigat kanunynyñ çygryndan çykýar. Kimeralar müñlerçe ýyllap diñe mifiki jandar hasap edilenem bolsa, 1984-nji ýylda "Nature" atly ylmy žurnalda çykan bir makala bu tebigy kanunyñ bozulmagyna sebäp boldy. Žurnalyñ sahabynda-da şol güne çenli görlüp-eşdilmedik haýwanyñ suraty bardy. Daniýaly embriolog Stin Willadsen goýnuñ embrionyndan alan öýjükleri bilen geçiniñ embrionyndan alan öýjüklerini ýörite gapda birleşdirdi. Netijede "Gip" ("Geep" ~ "goat" we "sheep" sözlerinden ýasalan) ady berilen geçi kelleli we goýun bedenli haýwan orta çykdy. Gip ylym dünýäsinde gyzgyn seslenme döretdi. Bu bolýan ähli üýtgeşmeler şu gutulgysyz soragy aklymyza getirýär: Alymlaryñ kimera synaglarynda hetden aşmalarynyñ öñüne haçan böwet basylarka? Bu soraga bir sözde jogap bermek kyn. Bir tarapda bu synaglaryñ biotipiki gözleglere we adam saglygyna getirjek peýdalary bar. Başga bir tarapda bolsa adamlaryñ haýwanlar bilen garyşdylmagy pikirine we synag üçin döredilen bu haýwanlaryñ adam kategoriýasyna dahylly edilip, adamlaryñ hak-hukuklaryna talaş etme ähtimallygyna garşy janagyryly protest bar. Gibrid önümçiligindäki iñ uly howp bular ýaly gibridlere bolan kontrollygyñ elden giden ýagdaýynda agyr netijeleriniñ öñünden bilip bolmazlygydyr. Çünki gäbazan gibridler elden çyksa adam iýjekmi, başga zat etjekmi, belli däl. Şeýle-de bolsa kimera synaglary babatda hemmeleriñ oñlaýan bir pikiri-de bar. Olam: organ çalyşmak üçin ätiýaçlyk organ öndürmek işidir. Hünärmenler haýwan plodlaryna (düwünçeklerine) ýa-da embrionlaryna adamyñ kök öýjüklerini (ýetuşen organizme öwrüläge ukyply öýjükler) ýerleşdirip, böwrek ýa-da bagyr ýaly adam organlaryny göterýän haýwanlary saklamagy meýilleşdirýär. ■ Gibrid embrionlar nähili öndürilýär? Embrionlar adam spermasynyñ haýwanyñ ýatgysyny döllendirmegi netijesinde emele getirilýär. Dürli kesellerde ulanmak üçin öndürilen adam-haýwan gatyşykly embrionlar 99,9 % adam, 1% haýwan birikmesinden emele gelýär. Adam öýjüginiñ düýp birikmesi bolan özeni özünde saklaýan ähli genetiki geçmişli DNK-sy bilen bile urkaçy haýwanyñ ýatgysyna sanjym ýoly arkaly ýerleşdirilýär. Sanjymyñ yzyndan urkaçy haýwanyñ ýatgysynyñ ähli genetiki aýratynlygy ýok edilýär. Bu işleriñ dowamynda haýwanyñ ýatgysy adamyñ DNK-synyñ düşelgesi bolup hyzmat edýär. Düşelgä öwrülen haýwanyñ ýatgysy şol wagtdan başlap organizmiñ hromosomlarynda tapawutlylyk bildirip, iki aýry jynsa degişli aýratynlyklary görkezýän embrion ýagdaýyna gelýär. Bu prosesiñ dowamynda urkaçy haýwanyñ ýatgysy 99,9 % adam öýjükleriniñ aýratynlygyny görkezýär. Embriona elektrik tolkuny berilip, emeli taýdan mitoz bölünmä getirilýär we laboratoriýa şertlerinde saklanylýar. Şeýmek bilen organizmiñ kemala gelmegine mümkinçilik berýän kök öýjükler döredilýär. Hereket edýän kanunlar öndürilen gibrid embrionyñ on günüñ içinde otluçöpüñ kükürdinden uly bolmazlyk şerti bilen ýok edilmegini isleýär. Şol sanda öndürilen embrionyñ zenan ýatgysyna ýerleşdirilmegi-de gadagan edýär. ■ Gibrid synaglary 2002-nji ýylda Filadelfiýanyñ "Children’s Hospital" çagalar hassahanasyndan Alan Fleýk we Newada uniwersitetinden Ysmaýyl Zenjany adamyñ kök öýjüklerini enesiniñ ýatgysynda ösýän wagtyndan öñki goýun düwünçekleri bilen birikdirdiler. Dünýä inen guzujygyñ ganynda, kekirdeginde, bogunlarynda we ýüreginde 40% çemesi adam gany bardy. Emma onuñ daşky sypaty tutuşlygyna haýwana meñzeýärdi. 2003-nji ýylda Weýzmann institutyndan Ýaýr Reýsner adam böwreginiñ kök öýjüklerini syçanlara birikdirdi we öýjükleri tutuşlygyna funksional, emma kinniwanja adam böwrekleri şekline getirmek üçin ýörite usullary ulandy. Netijede böwrekler peşew işläp çykardy. Bular ýaly synaglardan alynan netijeler we beýleki barlaglar kimeralary döretmegiñ arkasyndaky tutarygy funksional adam bagyry, böwregi we ýüregi ýaly organlary öndürmekden ybaratdyr. Iñlis alymlary laboratoriýa şertlerinde adam-haýwan gatyşykly 155 sany janly gibrid döretdi. Aýdylmagyna görä üç ýyla çeken gizlin maksatnamanyñ çäginde öndürilen ýarym adam-ýarym haýwan embrionlar näsaglaryñ bejergisinde ulanyljakmyş. Göz öñünde tutulan maksatnama baradaky açyklaýjy çykyşlar alymlaryñ adam we haýwan genleri boýunça geçiren barlaglary mundan beýlägem dowam etdirilse "Maýmynlar saýýarasy" ("Планета обезьян") çeper-fantastiki kinofilmindäkä meñzeş ýagdaýlaryñ ýûze çykma ähtimallygynyñ barlygy hakynda berilen duýduryşlardan soñ edildi. Medisina tutaryklaryny bahana edinip adam we haýwan genlerini göterýän embrionlaryñ döredilmegi netijesinde maýmynlaryñ adamlar ýaly pikirlenip we gepläp bilme ukybyna eýe bolup biljek ýagdaýlaryñ dörejekdigi barada duýduryşy beren alymlar, eger gürrüñi edilýän zatlar amala aşsa şol kinofilmdäki ýaly elleri ýaragly maýmynlaryñ köçelerde gezmeleşip ýörjek günleriniñ daşda däldigini duýdurdylar. ABŞ-nyñ Wiskonsin unisersitetiniñ hünärmenleri adam embriony öýjükleriniñ syçanyñ beýnsine ýerleşdirip başga bir açyş etdiler. Geçirilen öýjükler ulalmaga başlap syçanlary öñküsinden akylly ýagdaýa getirdi. Bu syçanlar operasiýa wagtynda labirint çykyşyny has çalt tapýar we şertli signallary has çalt özleşdirýär. "Daily Mail" gazetiniñ habar bermegine görä Britaniýanyñ laboratoriýalarynda adam-haýwan genlerini göterýän 150-ä golaý embrion bar. "Adam tohumlandyrma we embriologiýa hakyndaky" kanunyñ britan parlamenti tarapyndan 2008-nji ýylda güýje girmeginden bäri alnyp barylan bu maksatnamanyñ çäginde adam spermasy bilen döllenen haýwan ýumurtgalary (hybrids), adam öýjüginuñ özenine haýwan öýjügini ýerleşdirmek arkaly öndürilen embrionlar (cybrids), adam öýjügi we haýwan embrionynyñ gatyşygyndan öndürilen embrionlar (chimeras) saklanýar. Nýukasl uniwersitetiniñ barlagçylary tarapyndan geçirilen barlaglarda sygryñ genetiki aýratynlygy aýrylan boş ýumurtgalygyna adamyñ DNK-sy goýlup, adam we sygyr genleri gatyşykly embrion öndürdi. Ysmaýyl Zenjany bolsa göwreliliginiñ ýarpy döwründe goýun embrionlaryna adamyñ kök öýjüklerini ýerleşdirdi. Netijede orta çykan goýunlaryñ hemmesi adam öýjüklidi we käbir organlaryñ 40%-i adam öýjüklerinden ybaratdy. Başga bir synagda alymlar adam öýjüklerini doñzuñ ýumurtgalygy bilen döllendirip gibrid embrion öndürmegiñ hötdesinden geldiler. Eger embrionlar ýerleşdirilen ýatgysynda ulaldylyp doglan bolsalar 97%-i adamyñ, galan 3%-i doñzuñ aýratynlyklaryny özünde saklaýan jandar dünýä inmelidi. "The Sunday Times" iñlis gazetiniñ habar bermegine görä, Awstaliýanyñ Kök öýjüklerini öwrenýän instituty we ABŞ-nyñ "Biotransplant" şereketi adam-doñuz gibridiniñ embrionyny ýetişdirmek üçin adam plodyndan (düwünçeginden) öýjügiñ özenini aldylar. Soñra ş öýjügiñ özenini ýumurtalygyñ öýjügi bilen klonladylar. Bir hepdäniñ içinde embrionlar 32 öýjüge baryp ýetdi. Biotehnologiýa boýunça öñdebaryjy hasaplanýan bu iki şereket soñra barlag geçirmegiñ ygtyýarnamasyny almak üçin Ýewropa Patent guramasyna ýüz tutdy. Alymlar nusgalanan bu embrionlaryñ teoretiki taýdan adamyñ ýa-da doñzuñ ýatgysyna ýerleşdirip boljakdygyny mälim etdi. Eger bu jandarlar ýaşasa olaryñ 97%-i adam, 3%-i doñuz häsiýetlerini özünde saklar. Çünki genetiki aýratynlyklary bolan DNK-nyñ 97%-i öýjügiñ özeninde ýer tutýar. Maks-Plank institutynyñ adamdan alan embrioniki kök öýjüklerini maýmynyñ beýnisine oturtmaklary gyzgyn jedeliñ döremegine getirdi. "Spiegel" žurnalynda çap edilen bir makalada Maks-Plank instititynyñ alymlarynyñ maýmynlara oturdan (adama degişli) embrioniki kök öýjükleriniñ bölekleýin añ öýjüklerine öwrülendigi, emma primatlaryñ beýnisinde çiş (опухоль) döräp ölendigi aýdylýar. Maks-Planly barlagçylar üýtgeşmeden geçirilen embrioniki kök öýjükleri ilki syçanlara-da geçirip görüpdiler. Syçanlardan alnan netijeleriñ primatlarda nähili bolýany görjek bolup, has soñra öýjükleri maýmynlaryñ başga bir görnüşiniñ (Oбыкновенная игрунка - Callithrix jacchus) beýnisine oturdylypdyr. Maks-Plan institutynyñ mälim etmegine görä, öýjükleriñ transplantasiýasyndan soñ orta çykan we embrioniki kök öýjükleriniñ üýtgeşmeden geçirilmegine esaslanan ýekeje säwlik çiş döremegine getirip bilýär. Käbir alymlaryñ adam geni göterýän syçan öndürmek işini meýilleşdirmegi ylym dünýäsine "adam beýnili syçanlaryñ" döreme howpuny abandyrýar. Adamyñ kök öýjügi sanjym edilen syçanlaryñ döremegi gaty mümkin we bu ýagdaýda gibrid haýwanda hem adam, hemem syçan geni bolar. Belki-de synaglaryñ netijesinde beýnisiniñ ähli bölegi adam öýjüklerindem ybarat syçanlar dünýä iner. Stenford uniwersitetinden Irwing Weýssman adam genini göterýän syçan döretmegiñ "iññän ýtgeşik açyş" boljakdygyny nygtasa-da, "seresapsyzlyk bilen geçirilen synagyñ gorkunç netijelere alyp barjakdygyny" gizläp durmady. ■ Adam gulakly syçan Ýaponiýanyñ Tokio we Kýoto uniwersitetleri tarapyndan bilelikde geçirilen bir synagda arkasy adam gulakly syçan öndürildi. Dogabitdi synalary kemis bolan kişiler üçin, heläkçilige uçrap ýa-da uruşdan gulagyny ýitiren adamlar üçin umyt döreden by synag arkaly syçanda iki aýyñ dowamynda 5 sm ululykdaky gulak ösüp çykýar. Gapyrga kekirdeginden öndürilen bu gulaklaryñ öñümizdäki bäş ýylda ulanyşa giriziljekdigi mälim edildi. ■ Ýeke-täk maksat bejergimikä? Geçirilýän barlaglaryñ düýp maksady bejerip bolmaýan kesellere garşy täze bejergileri oýlap tapmakdan ybarat diýilse-de, halkyñ şübhesi gitdigiçe artýar. Bu boýunça Garward uniwersitetinden Žosef Fletçeriñ eden çykyşyna üns bermezlik mümkin däl. Fletçer şeýle diýýär: "Adam-haýwan gatyşykly gibridler ýa-da adampisint janawerler howply we ýykgynçylykly işlerii etdirmek üçin ulanylyp bilner. Galyberse-de edil häzirem pes derejeli işleri gözegçiliksiz köpelmegiñ pidasy bolan akyl taýdan yzagalak adamlar ýerine ýetirýär. Bular ýaly özüñe hossa boljak işçilere iş etdireniñden näme diýseñ edip duran gibridlere ýumuş buýranymyz has amatly dälmi näme?.." Fletçeriñ bu çykyşy genetiki synaglaryñ medisina zerurlygyndan daşgaryn hem geçiriljekdigini we bu synaglaryñ täze - has ýokary derejeli milletleri döretmek üçin ýa-da düýbünden tersine: adam we haýwan genlerini garyşdyryp adam sypatyny ýitiren mahluklary döretmek maksady bilenem amala aşyrylyp bilinjekdigini görkezýär. Megerem, howply işleri ýerine ýetirmegi üçin ýa-da ýokary derejeli adamlara dürli ýagdaýlarda hyzmat etmegi üçin pes derejeli adam görnüşini taýýarlamak has añsat bolar öýdýändirler... Kim bilýär?... Eýsemde bolsa XVII asyrda "Pragaly bilgiç" ady bilen ýaşap geçen aýal bilgijiñ aýdyp giden sözleri biziñ dünýämize salynmaga çalşylýan gibrid mahluklara aýdyldymyka? Ýa-da şol gibrid mahluklary döretmäge synanyşýan gibrid janawerden bireýýäm ozduran alymsumaklara degişlimikä?: "Hudaý bilen oýun edip başlarlar, olaryñ günäleri Hudaýda ýigrenç döreder. Sebäbi olar adam ýaratmaga synanşarlar (klonlama). Şeýle adamlaryñ ruhy ikijahan owarrasy, beýnisi kiçi, emma güýçli we berk bedenli sagdyn bolar. Täze gulçulyk döwri başlar"... Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|