19:04 Guýynyñ düýbi | |
GUÝYNYÑ DÜÝBI
Maliýe we ykdysadyýet
Aly Fethi Okýar (1880-1943)… Harby gullukçy. Ittihatçy. Halk deputaty. Ilçi. Mondros wagtlaýyn ýaraşyk şertnamasynyñ dowam edýän döwründe Dahiliýe naziri (Içeri işler ministri) boldy. Azatlyksöýüji obşinalar palatasyny ("Hürriyetperver Avam Fırkası") gurup, oña ýolbaşçylyk etdi. Mustapa Kemal bilen bilelikde “Minber” gazetini çykardy. 1919-njy ýylyñ martybda basybalyjy iñlisler tarapyndan Malta adasyna sürgün edidi… Jon Meýnards Keýns (1883-1946)… Iñlis ykdysatçy. Karl Marksdan we Adam Smitden soñ dünýäde iñ köp tanalýan ekonomist. Ol Marksyñam, Smitiñem ýolundan ýöremedi; ykdysadyýet ylmynda "ortalyk ýoly" tapdy. Ykdysadyýetde haçan durgunlyk dörese ilkinji nobatda "kapitalizmiñ ussasy" Keýns ýada düşýär… Aly Fethi beý Maltadaky sürgünlik döwründe Keýnsiñ 1915-nji ýylda ýazan “The Economics of War in Germany” atly kitabyny terjime etdi. Milli azat-edijilik urşuna gatnaşmak üçin Ankara gelende bu kitap “Versay Sulhu'nun Netâyic-i İktisadiyesi” ady bilen çap edildi. Mustapa Kemal we onuñ ýanyndakylar her täze maglumata zerurluk duýdular, ellerine näme ilse terjime edýärdiler-etdirýärdiler, okaýardylar… Eýse ondan soñky döwür? Keýnsiñ 1936-njy ýylda ýazan we dünýäde giñden ýaýran “The General Theory of Employment, Interest and Money” türk diline otuz üç ýyl geçensoñ 1969-njy ýylda terjime edildi: “Genel Teori: İstihdam, Faiz ve Paranın Genel Teorisi”… Şeýle-de, modern ykdysadyýetiñ binýadyny tutan A.Smitiñ 1776-njy ýylda ýazan “The Wealth of Nations” ("Milletlerin Zenginliği") eseri dilimize 170 ýyldan 1946-njy ýylda terjime edildi! Şuny düşündirjek bolýaryn: • ILKINJI KITAP 1885-nji ÝYLDA Düşünje durmuşymyza ykdysady kada-kanunlar, ykdysady teoriýalar haçan aralaşdy? Osmanly münewweri (intelligensiýasy, ylmy jemgyýetçiligi) Günbataryñ ykdysady düşünjesi bilen Tanzimatdan soñ tanyş boldy. Ykdysadyýet ylmyñ bir pudagy hökmünde ilkinji gezek "Mektebi Mülkiýe"-de okadyldy. Talyplaryñ añyna Günbataryñ liberalizmi sepildi. - Osmanly ykdysadyýetiniñ yzagalak gurluşyny diñe liberal syýasat bilen aradan aýryp bolar. - Howandarçy "hemaýatkär" formulasy düşünjesi ösüşiñ ýoluna böwetdir. - Erkin daşary söwda üçin gümrük paçlary azaldylmaly, Günbatar bilen gümrük bileleşigi şertnamasyny baglaşmaly. Bu liberal garaýşyñ awtory Mülkiýe mekdebiniñ mugallymy Sakyzly Ohannes paşanyñ 1885-nji ýylda ýazan “Mebâdi-i ilm-i Servet-i Milel” ("Milletlerin Zenginleşmesi Bilimin Kaynakları") eseri ykdysadyýet boýunça ýazylan ilkinji kitaplarymyzyñ biri hasaplansa bolar… Birmeñzeş liberal garaýyşdaky Portakal Mikael paşa bolaa talyplaryny erkin söwdanyñ artykmaçlyklaryna imrindirdi... (Munuñ syýasata aralaşman galmagy mümkin däldi, meselem 1913-nji ýylda mejlisde senagaty ösdürmek hakyndaky kanun "bu barypýatan hemaýatkärlik" diýip liberallaryñ gazaply garşylygyna uçrady.) Respublika döwründe ykdysadyýet fakulteti gurulýança Osmanlyda ykdysadyýet ylmy boýunça ýazylan kitaplar ondan geçmedi. Atatürküñ özem taryh, antropologiýa ýaly ugurlara garanda, Şarl Žid, Şarl Rist ýaly barmak büküp sanaýmaly ykdysatçynyñ eserlerini okady. Soñky ýyllarda marksistik ugur hasaplanylandygy üçin ykdysady binýatly düşünhe türk syýasy durmuşynda onçakly ýer tutup bilmedi! Ýogsam bolmasa, Atatürküñ Mahmut Esat Bozkurt bilen marksizm pikir alşandygyny bilýäris… • ÖZ ÝALANYNA ÖZI YNANÝAR Ykdysady düşünje geçen asyryñ ellinji ýyllaryndan soñ türk syýasy durmuşynda düýp-teýkaryndan üzñeleşdi. Gündelik peýdakeş-demagogik-populist çykyşlardan el üzüp bilmediler. Bugün… uly ykdysasy krizis bilen ýüzbe-ýüz ýagdaýda durus. "Başdansowmalygy" tilsim edinen, oýlanmagy-agtarmagy-mynasyplygy äwmeýän AKP häkimiýetiniñ problemalar bilen ýüzleşip bilmezliginiñ sebäbi, olaryñ ykdysady ylymdan daşda bolmalary dälmi? "Habertürk" teleýaýlymynda "DEVA" partiýasynyñ başlygy Aly Babajany diñlänimde, ynha, şulary serimden geçirdim. Babajan şeýle diýdi: " - Köpçülikleýin ýokanç keseliñ ýaýramagy bilen birlikde problemalarymyz artdy. Öñümizdw iññän ýalñyş ýoldan barýan döwlet apparaty bar. Problemalarymyzyñ bardygyny inkär edýärler, boýun alanoklar, kynçylyklary düzetmegiñ deregne üstüni örtýärler. Türkiýedäki ykdysady kynçylygyñ bardygyny inkär edýärler. "Ykdysadyýetimiz iñ ýokary sepgitde" diýip nutuk sözleýärler." Asyl howp şu - häkimiýet öz sözleýän ýalanyna özi ynanýar! AKP-niñ ýagdaýy şeýle. Eýse, Babajan näderkä? Babajan bize liberalizmiñ "zäk ýaly ajy gerdejiklerini" ýuwutdyrjakmyka? Turgut Özaldan Kemal Derwişe miras galan "kemer gysma" mejburlygyny getiräýjekmikä? Munuñ başga ýoly ýokmuka? Mustapa Kemaly Harbiýe mekdebinde (harby uçilişe) ykdysadyýetden okadan we halas bolmak üçin “azade-i tijaret”-i (erkin söwda) däl-de, “usul-i himaýe”-ni (hemaýatkärlik) teklip eden Musa Akýigitzada barada häzir näme üçin aramyzda az-az kişi bilýär? Galyberse-de, ykdysady düşünje bugünki gün mundan beýläk liberal Günbatar merkezlerinden Gündogara sary ýüzüni öwürdi. Hemmeler hemaýatçy-jemgyýetçi hytaý mugjyzasyndan sapak alýar. A bizde bolsa hytaý ykdysadyýeti barada ýazýan ýekeje türk alymy bar. Gysyrlyk dowam edýär... Şol sanda anti imperialist, doly garaşsyzlyga goldanýan Atatürk döwründen daşgaryn, iki ýüz ýyl bäri liberalizme gepsiz-gürrüñsiz garaşlylyk bizi hemişe şol bir duran ýerimize getirýär: ykdysady krizis!" Hiç sapak edinme netimiz ýok, ýurdy eññere etdik. Guýynyñ düýbünden agzyna baksañ, näme görüner öýdýärsiñiz? - guýynyñ agzynyñ ululygy ýaly "gök ýüzi"! Guýudan çykmak lazym we munuñ üçin ilkinji nobatda Atatürk ýaly hakykatçy bolmak we problemalar bilen ýüzleşmek şert… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 17.09.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |