08:42 Gybatçy saýlaw | |
GYBATÇY SAÝLAW
Publisistika
Bäş günden soñ saýlaw sandyklarynyñ başynda duşuşarys. Bu saýlawyñ beýleki saýlawlardan tapawutly taraplary bar. Meselem, gep-gybat, myş-myş, ýalan-ýaşryk toslama habarlar hiç wagtam şumatky ýaly giñden ýaýramandy! Nirden çykandygy näbelli ýoguna ýanyp bolmaýan gep-gybatlar soñky döwürde syýasatyñ esasy ugruna öwrüldi. Gep-gybat partiýalaryñ-syýasy bileleşikleriñ ýekirme ýaragyna öwrüldi. Partiýanyñ ýokary wezipeli ýolbaşçylary şeýtse, jadygöýlügiñ ekwiwalenti gep-gybaty "hüjüm ediji ýarag" hökmünde ulanan jahylyýet nämeleri etmez? Hakykata däl-de, garşydaşyny güýçden gaçyrmaga mätäçligi bar bu jemendeleriñ... Şu döwürde "azatlyk" serişdesi diýilýän sosial mediýa ýalan-ýaşrygy ýaýratmagyñ serişdesine öwrüldi. Meselem, soñky döwürde "uzakdan dolandyrylýan" ýerasty dünýäsine deguşli käbir adamlar ahlak taýdan problemaly hemme gep-gybaty gürrüñ berýär. Muña ynanasy gelýän her "mähelle" öz peýdasyna bolan gep-gybatlary dogry hasaplap, myş-myşlaryñ ýaýramagyna göwünjeñ bolýar... * * * Gürrüñsiz, "ejizler" "güýçlilere" garşy hemişe her dürli samsyklaçlygy edýär. Beýtmegiñ özi passiw agressiwlikdir we diñe kiçi informal-resmi däl toparlary gyzyklandyrýar. Emma: Gep-gybat syýasatda propoganda tehnikasyna öwrülse, "filmiñ" lentasy şo ýerde üzülip, prowokasiýalara sebäp bolýar. Iñ soñky hezek Imamogluna garşy Erzurum agressiýasynda gördük muny... "Gyzylbaşlar metjide bomba zyñdylar" ýalany bilen Çorum prowokasiýasy bolup geçmedimi? Siwasda, Maraşda bolanlaryñ şondan näme tapawudy bardy... Hawa, gep-gybaty syýasatyñ esasy serişdesine öwürmek juda howpludyr, pöwhe ytagatkärler ýurdy ilki romantiki, soñra fiziki taýdan bölýär... Syýasatçylar şu meselede jogapkärçilik duýmalydygyny ýatlasalar gowy bolardy. * * * "Barak Obama musulman eken!" Toslama, özüñden goşma belli bir döwürlerde syýasatyñ çig maly boldy. Emma hiç bir saýlawda 2023-nji ýylyñ 14-nji maýyndaky ýaly köp bolmady... Tehnologiýanyñ kömegi bilen ýyldyrym çaltlygynda ýaýran geñsi gep-gybatlar syýasaty-ýurdy ýesir aldy. Şeýle myş-myşlaryñ orta atylmaýan, jedeli edilmeýän ýeke günümiz, ýeke sagadymyz galmady! Aýratynam, häkimiýetiñ saýlaw kampaniýasyny şeýle zäherli gep-gybatlaryñ üstünde gurýandygyny görmek bolýar: Hemmeler duşman, bir özleri watansöýüji! Saýlawda öñe saýlanmak üçin sowukganlylyk gurban edildi... Eýsem-de bolsa: Gep-gybaty syýasatyñ esasy serişdesine öwürmegi we gotjamagy kim hökmürowan syýasy medeniýet derejesine ýetirdi? Bu wirisy ýurdumyza FETO getirdi we çaltlyk bilen giñden ýaýratdy. Erbetlikleri döredýän pyrryldaklary eýýäm ýatdan çykardykmy? FETÖ nijeme adama kesek atdy, hapa sürtedi! Netijede hapa elleri bilen ile peçan boldular, olaryñ ahlaksyzlyklaryny eşitmedik-bilmedik galmady... Ýöne serediñ: FETÖ garşy göreş diñe günäkärleri gözenegiñ añyrsyna dykma bilen gutarmaly däl, jemgyýeti hapalaýan gep-gybat ýaly zir-zibiller medeniýetdenem saplanjak bolmaly... Görlen FETÖ-nyñ syýasy-jemgyýetçikik durmuşymyza sepelän "şum tohumlary" bu saýlawlarda-da "şinelemegini" dowam etdirýär! Şahsy durmuş syýasatyñ şular ýaly derejede baş temasyna öwrülmändi: Wideoýazgy bar.... Diñleme kassetasy bar... Fotosurat bar... Bular FETÖ pyrryldaklarynyñ hüjüm ediji ýaragydy, 2011-nji ýylyñ saýlawynda MHP seks kassetalaryny ýada salyñ! AKP neneñsi suwsan eken toslama tärler bilen garşydaşlaryny hatardan çykarmaga! * * * Saýlaw taryhymyzda her bir saýlawyñ ady bar. Mysal üçin, 1912-nji ýylyñ saýlawlary - taryhymyzyñ ilkinji referendumy "İttihat ve Terakki" bilen "Hürriyet ve İtilaf"-yñ arasynda diýseñ gazaply geçdi. "Hürriyet ve İtilaf"-yñ Edirne mebuslygyna (deputatlygyna) talaşgär Ryza Tewfikiñ urulmagy bilen bu saýlawa "taýakly saýlaw" ady berildi! 2023-nji ýylyñ 14-nji maýynda geçiriljek saýlawa näme at bersek bolarka: Gybatçy saýlaw... Hezreti Muhammet (s.a.w) näme diýipdi: "Gybat edýän bilen gybaty diñleýäniñ günäsi birdir". Geliñ-de, muny biziñ ýurdumyzda aýdyñ görüñ, hany!.. Jemlär bolsam: Özgeleriñ eden günäleri siz ezizleşdirip bilmez! Psihologik problemaly gep-gybat çaltlyk bilen türk syýasatynda ýykgynçylyga öwrülýär. Bu bolsa soñy petige direýän ýoldur, demokratiýa ýetirjek zyýanynyñ öwezini hiç kimem dolup bilmez. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 09.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |