23:42 Gylyç Müllä | |
GYLYÇ MÜLLÄ
Goşgular
1946-nji ýylda partiýanyň Mary obkomynyň instruktory Gylyç Mülli Magtymguly Pyragynyň öň mälim bolmadyk diwanyndan iki ýüzden gowrak goşgyny iline hödürledi. Ilki baý, soň öý-öwzarsyz öten bar, Ilki garyp, soň baý bolup ýatan bar. Kim iripdir çarhy pelek oýnundan, Munda adam, seniň, meniň hatam bar. Diýmen: ”Magtymguly ýalňyşan däldir!” Ýalňyşandyr, däldir bir-iki, kändir. Ýalňyşmasa, ýanyp ýazmazdy beýle, “Parasatly adam ýalňyşmaz” diýme. Ýangyndan döreýär goşgy diýen zat, Goşga biparh bolmak, bigänelik ýat. Ýere, göge, dünýä sygman Pyragy, Türkmeniň halyna ýyglan Pyragy. Döredip alawly goşgularyny, Garamaýaklara paýlap gidipdir. “Çoh garaşdym ajap eýýam gelmedi”. Ýürek namalary ýaýrap gidipdir. Sähralardan geçip, daglardan aşyp, Iller aşyp, iller bolupdyr aşyk. Seni ýatlaýan bar, ýatlamaýan bar, Seniň guburyňa gatnamaýan bar. Saňa syrtmak atýan hem atmaýan bar. Barybir sen – Gylyç Mülli! Är ýigidi türkmeniň, Hem wepadar şägirdi — Magtymguly Türkmeniň! 15.05.—19.06.2021. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |