23:54 Gyrmyzy / hekaýa | |
GYRMYZY
Hekaýalar
Tüm garaňky. Gözedürtme gijelik. Töwerek şeýle bir garaňkylyk weli, gijeden hem has gara. Beýle-de bir gijelik bolar oguşýa. Ýogsam guýynyň düýbüne düşmänkäm hem Aýyň goýy şöhlesi düşüp, ýagtylyk berýärdi. A häzir weli, beýle däl. Men şuş-şu wagt garaňkylygyň gijeden-de garaňky bolýandygyna göz ýetirdim. Dagy nä, gymyldara ýer ýok. Hiç zat görnenok. Guk gapdalyňdan ýene-de bir düýpsüz çukur çykaýjak ýaly, doňňaradaş bolup durun. Ses-seda ýok. Biriniň hykylap assaja dem alýandygy bildirýär. Onuň hem öz sesimdigini çak edýärin. Bu düýpsüz gorpa gaçmazymdan öňinçä, Gün hem ýaşsam-ýaşsamdady. Indi weli, hiç zat ýok: ne yşyk görünýär, ne-de yş. Böwrüme her hili pikirler sanjylyp ugrady: «Guýa haýsy kelläň bilen girdiň?! Bu ýerde nä körüň bardy?! Ýeri, şol gurşunly kenegiň gaçdy, taň etdi, bir çüýrük süňk sebäpli, özüňi «gurruk guýa» ataýmak bolarmy?! Girdiňem-dä, eliňde gülçyraňam-a ýok. Bu garaňkylykda indi nirä ýörärsiň, nirä gidersiň?! Otur indi kakylan gazyk ýaly sömel-de». Çala gymyldyma endamymyň soka salnan ýaly zer-zawdygyny bildim. Çala iňňildedim. Göýä iňňildime daş-töwerek hem iňlän ýaly boldy. Gözüm hanasyndan çykara geldi: «Ýylan!». Atamyň aýtmagyna görä, ulanyşdan galyp, suwy kesilen köne guýularda ýylan mesgen tutarmyş. Olar şol ýerde ýaşap, wagtyň geçmegi bilen ulalyp, ýuwdarha öwrülýärmiş. Guýa girilmezinden öň, oňa çebiş ýa-da bir janly sallaýarmyşlar. Guýuda hiç zadyň ýokdugyna magat göz ýetirensoňlar, oňa girmäge rugsat berilýärmiş. Men bolsa özümi bir çebişçe-de görmedim. Guýa girdim oturyberdim. Töwerek gözedürtme garaňkylyk. Endamymyň agyrysyna çydap bilmesem-de, sesimi çykaryp bilemokdym. Hiç hili gymyldy bolmansoň, töwerek hem ýüregedüşgünç dymýardy. Bu bolsa halys gorkuzýardy. Esli «dymyşlykdan» soň, bu guýuda hiç hili ýylanyň ýokdugy äşgär boldy. Bu diňe meniň çaklamamdy. Ýylpyldaýan gözler, birgeňsi «haşşyldy» eşidilmedi. Guýynyň düýbi durşy bilen çägedi. Ýokardan dökülip gaýdan çägeler bu ýerde depe döredipdir. Dyzym bilen süýşenekläp, emedekläp ugradym. Çägäniň üstünde «ýüzüp» ýörşüme, ahyry kelläm bir gaty zada degdi. Guýynyň diwary bolara çemeli. Diwardan ala-tütün bolup, tozan gübürdäp gaýtdy. Ýene-de yza garşy emedekläp ugradym. Guýyň düýbi çäge bolansoň, öňe ýöremek ýeňildi. Onuň düýbi onçakly uly däl eken. Sebäbi her on-on bäş ädimden kelläm gütüläp diwara degýärdi. Şol aralykda elime ilen zatlar—gaty süňkler, ululy-irili daşlar hem iki sany kenek boldy. Ol kenekleriň biri dostum Bezirgeniňkidi. Ol hem kenegini şu guýa gaçyrypdy. Onuň agzy agaç bölekleri bilen ýapylyp, üsti basyrylyp goýlan bolsa-da, bir ýeri açyk galan eken. Syçan hinini ýatladyp duran bu deşijege, gel-gel, meniň eý görýän kenegim gaçmalymy diýsene. Günä bizde. Oglanlar bilen şol guýynyň başynda «aşyk oýnuny» oýnamaly däldik. Ine, şonda-da meniň hem-de Bezirgeniň kenegi şol deşijege sümülipdi. Guýynyň agzyny açyp barlasak-da, ol eýýäm garaňkylyga sumat bolan eken. Indi-indi onuň töwereginde «aşyk oýnuny» oýnamagymyz sapak boldam welin, giç-dä. Men batyrlyk görkezjek boldummy ýa-da Bezirgeni begendirmek isledimmi, garaz, şol guýa girip, keneklerimizi «halas» etmeli diýen karara geldim. Ýalňyşan ýerim, guýynyň düýbüniň çuňlugy hakynda pikir etmänligimdi. Biziň gazygyna towsup duran mele, dor atymyz bardy. Ady Gyrmyzydy. Teni gyrmyzy öwsüp, Günüň şöhlesine öwşün atyp duransoň, kakam oňa şeýle at goýupdy. Ol gyrmyzy diýseň gyrmyzydy. Ýaşym on dörde—at müner ýaşa ýetemsoň, kakam ony maňa-da münmäge rugsat bererdi. Gyrmyzy bilen owadan sähralyklara, baýyrlara giderdig-ä. Baý, şonda hezil bolar-da. Göwün guşum al-asmanda pel-pelläp, bulutlaryň arasynda gözden gaýyp bolardy. Meniň pirimim—Gyrmyzynyň kömegi bilen şol guýa girmekdi. Gaýdanymy kakama duýdurmandym. Bilse, gör, nähili sözleri eşitjekdigimi bilipjik durun. Gün ýaşar çaglary Gyrmyzy bilen guýynyň başyna geldim. Uly tanapyň bir ujuny Gyrmyzynyň biline daňdym. Töwerekde ösüp oturan agaç, çöp-çalam görünmänsoň, şeýle etmeli bolupdym. Guýa girip, kenekleri alyp çykmak hakyndaky batyrgaý pikirlerim mende hiç hili gorky döretmeýärdi. Nädip garaňkylyga sümülenimi bilemok. Tanapyň bir ujuny gysymymda saklap, guýa girip ugradym. Onuň agzy çäge bolansoň, içine aldygyna gum sowrulýardy. Girip barýarkam, agzym-burnum çägeden doldy. Ýöne, näme üçindir, guýynyň düýbüne ýetiberemokdym. Aýaklarymy zol süýndürip, ýere degirjek bolýaryn. Şol barmana aýagym bir zada ilişdi. Inçejik şaha-şaha bolup, dürterişip duran çybyk bolara çemeli. — Wa-aý, ýylan! Tanapyň elimden nädip sypanyny-da bilemok. Güpürdäp, aşaklygyna gaýtdym. ... Gözüm mazaly garaňkylyga öwrenişdi. Iki dyzymy gujaklap, çugutdyryp otyryn. Dik depäme seredýän. Guýyň agzy görnenok. Guýyň düýbi çuň bolara çemeli. Hiç hili yşyk ýokdy. Ulylim bilen möňňürip goýberdim. Gulagyma düşnüksiz dükürdi eşidilýärdi. Ýyldyrym çaltlygynda bir pikir peýda boldy: «Gyrmyzy niredekä?». Umyt uçgunlary ýylpyldap giden ýaly boldy. «Ol meniň sesimi eşideninden öýe garşy ýelk ýasandyr. Kakam hökman meni bu garaňkylykdan çykarar». Dünýäme ýylylyk ornap başlady. Ýene-de guýynyň içi dymyp ugrady. Henizem hiç zat saýgaryp bolanok. Ýokardan düşnüksiz dükürdi sesleri eşidilýär. «Ýa Gyrmyzy şu töwerekde alakjap ýörmükä?! Men indi şu guýynyň düýbünde galarmykam?! Meni halas edermikäler?!». Kän pikirlenmezlige çalyşdym. Pikir geldigiçe, ýüregiňe dowul düşýärdi. Şol wagt kellämiň üstünde bir zadyň hallan atýandygyny aňşyrdym. Başymy galdyrmazdan, onuň «bokurdagyndan» ýapyşdym. «Ýylan» juda inçe gelýärdi. Ne hamy bardy, ne-de «haşşyldysy». Görüp otursam, ol hälki meniň guýa sallan ýüpüm bolup çykdy. Ýöne onuň bir ujy Gyrmyzynyň bilindedi ahyry. Şol bada ýylgyranymy duýman galdym: «Kakam!». Pişik çalasynlygyny edip, ýokary dyrmaşyp ugradym. Tanapam ýuwaşlyk bilen çekilýärdi. Guýynyň agzyna ýetenimden doňup galdym. Gyrmyzy tanapyň bir ujyny dişi bilen çekýärdi hem-de yzlygyna dyzaýardy. Yzky iki aýagy eplenip, öňki aýaklary sütün ýaly topraga direnip durdy. Ol boýnuny ýolaýjak bolup, ýüpi çekýärdi. Aýaklary bilen ýer peşeýärdi. Bu ahwalata haýran bolup durdum. Garaňkylykdan halas bolamsoňam, Gyrmyza gözümi aýyrman seredip durdum. Ol bilindäki tanapy bilen meni garaňky gorpdan çykaran bolsa nätjek?! Esli wagtdan soň özüme geldim. Gyrmyzynyň golaýyna baryp, ilkinji gezek görýän ýaly onuň gözlerine bakdym. Onuň gözleri şatlykdan ýaňa balkyldaýardy, birgeňsi kişňeýärdi. Gün ýaşypdy. Töwerek garaňkylyga gaplandy. Ýöne guýudaky ýaly garaňky däldi. Guýuda ne Aý bardy, ne-de ýyldyzlar. Hüýt garalyk. Häzir bolsa beýle däl. Depämde Aý şuglasyny saçyp, petreşip ugran ýyldyzlar maňa göz gypýardylar. Bu gijelige garaňky diýmäge-de diliň barar ýaly däldi. Bu agşamdy. Ýöne «garaňky» däldi. Meni şeýle gijelikden mahrum eden kenekleri bolsa düýpsüz guýa — garaňkylygyň goýnuna okladym. Olar, goý, şol guýuda ýatybersinler. Barybir, olaryň indi maňa geregi ýok. Meniň indi hakyky altyn kenegim—Gyrmyzym bar. Ol meni halas edipdi. Ýagty jahana çykarypdy... Şol günki bolan wakany öýdäkilere aýtmadym. Ol hakykatyň gapdalynda meniň hem syrym açyljakdy. Ýöne meni halas edenligi üçin Gyrmyza söýgim has-da goşalanan ýaly boldy... Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. | |
|
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |