13:36 Gyş nagmalary / goşgular çemeni | |
GYŞ NAGMALARY
Goşgular
• Gyşa ýüzlenme Men seni söýýärin eý owadan gyş, Ezizleýäñ meni enem mysaly. Sen kalbyma çaýsaň bir şuglaly yşk, Menem eräp dursam şemiň mysaly. Ýyl paýawlap ýerler ýatyr saň-gaty, Ýyl aýagy gyşyň başy dekabr. Wagt duranok, şapak eräp, daň atyp, Onsaň maňa gussa çekmek derkarmy. Ömür geçse, ötägitsem ýel deýin, Özge gapylary kakmasa ýeter. Ýürekdeş dostuma sowgat elteýin, Goý, ol bir begensin çagadan beter. Gyňyr däl, mähirli, kiçigöwün gyş, Dünýä aşyk bolup, asmandan gaýyp, Ak gülli ýaýlada ýaza çalymdaş, Ak garlaryň ýagyp durşam ajaýyp. • Gar Gök ýüzüni bezäp, asmany bezäp, Gaýmalap gelýän gar, gaýyp gelýän gar. Çagagöwündir ol, bermez hiç azap, Özüni ýaş juwan saýyp gelýän gar. Onda tämizlik hem terlik bark urýar, Ýagypbilse giň äleme görk berýär, Ylham guşuna hem uç diýp erk berýär, Parlap, uçup, ganat ýaýyp gelýän gar. Tapyp bolar ondan müň bir tymsaly, Nazaryny güýmäp, güýmäp ynsany, Gök ýüzünden erän simap mysaly, Tutuş dünýä kümüş çaýyp gelýän gar. Ýüregi ýangynly “Tahyra” melhem, Gollary galamly şahyra ylham, Görküňi gaýtalap bilenok gül hem, Hut melul köňlüme laýyk gelýän gar. • Gargalar Ak garyň üstünde gara gargalar, Göýä syýa bilen çekilen surat. Dünýäni dolduryp «gak-gak» nagmadan, Gyşyň syratyna goşýarlar sungat. Pasyllar içinde paýhasly pasyl, Oý-pikirli hatda Günüň dogmasy. Gyş otyr ak geýip, pikirie batyp, Hüşgär gargalar hem gyşyň dogmasy. Gargalar üç ýüz ýyl uzyn ömrüni, Hut ajaýyp gyşdan alan deý peşgeş. Gagyldaýar giň tutup guş göwnüni, Şeýdip gyşa alkyş aýdýana meňzeş. * * * Men nämüçin seni gowy görýän gyş?! Belki has çigrekli dañlaryñ üçin. Baglaryñ yşgyndan tapman ýaraşyk, Belki biraz gussa batmagym mümkin. Gyş meni söýýärmi Ya-da men gyşy, Yaz ýaly men oglanlaryñ içinde. Belki meniñ duýgularmyñ çür başy Bir ak gyşda doglanlygym üçindir. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Söýüň çagaňyzy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |