11:27 Gysgajyk miniatýuralar | |
GYSGA MINIATÝURALAR
Sözler
Oňa "Ýorganyňa görä aýak uzatgyn" diýdiler. Ol ýorganyny gözläp tapyp bilmedi. *** Tüpeňiň nili gönükdirilende, ok göçmänkä ol ýere ýazyldy. *** Ýazyjy indi ýazjak eserlerine ýene-de okyjylaryň "ýüz ýyldan" soň düşünip biljekdiklerine ynanýardy. Onuň eserleri ýene-de ýüz ýyl ýaşap bilse bolany, hawa, bary-ýogy ýüz ýyl... *** Durmuşyny, gör, näçenji gezek täzeden başlady. Emma durmuşa bolan pikir-garaýyşlaryny, düşünjelerini welin täzelemedi... *** Ýüz görülýän aýnanyň öňünde durka, kimdir biriniň özüne ýakymsyz, gaharly seredip durandygyny gördi... *** Näçe ösdügiçe adamyň aňy, Durmuşymyz şonça çylşyrymlaşar. *** Oglan "söýgi" sözlerine aýtmak üçin gyzyň gözlerine bakanda, ol gözlerden başga bir ýigdiň keşbini gördi... *** Oňa "sen çaga ýaly" diýdiler. Ol muňa hasam ynandy, ulalyp oňalmadyk! *** Ony şahyr diýip öwdüler, kitabyny çykardylar... Ol entek hiç zadam ýazmandy... *** Dünýä inende, onuň hiç hili ene-atasy ýok eken... *** Münmek üçin, ulaga tarap ýönelende, geň galdy, ulagyň gapysy ýokdy. "Gapysyz hem ulag bolarmy?" diýip pikirlenip durka, birdenkä çöwrülgi duran kisesine gözi düşdi... *** Ýassygyny goltuklap, o jaýa geçdi, soň beýleki otaglara aýlandy, ol ýerlerden hem tapmady. "Beh, uky nirä ýitirim bolduka?!". *** Ol şunça ýazsa-da, köp eser döretse-de, täze çap edilen kitabynyň sahypalary boş çykdy... *** Oňa Adam bolmagy beýik adamlar öwretmändi... *** Öýüne girjek bolanda, açary öýüň gapysyny açmady... Asyl, gapysyny däl, onuň öýüni "ogurlan" ekenler... *** Sürüji ulagyny bejertmek üçin ulagyny satmaly diýen karara geldi... *** Seýilgähe ýarym sagat gijä galyp gelen oglan gyzyň başga bir ýigit bilen gürleşip durandygyny gördi. Oglan hernä wagtynda gelip ýetişdi, ýogsam gyz tas ol oglana yryljak ekeni. Hawa, wagtynda ýetişäýdi... *** Ol ýok zatlaryň pikirini edip, pikirlerini ýoga çykardy... *** Oňa "aýagyňy ters basýaň" diýip igendiler. Ol munuň üçin köwşüni çalyşmagy ýüregine düwdi... Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. 06.10.20 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |