09:56 Gyz garaşýardy / oýlanma | |
GYZ GARAŞÝARDY
Oýlanmalar
Ynha-da tylla güýzüñ bir güni. Ýodajyklar şemalyñ zarbyna gacan sary ýapyraklardan doludy. Dym-dyrslyk. Göwnüme bolmasa bu töwerekde hic kim ýok ýalydy. Ýöne bu ýer adamsyz däldi. Ýodajga düşen sary ýapyraklaryñ üstünde jübüt-jübüt aýak yzlaryny çala saýgarmak bolyardy. Ynha-da şol yzlaryñ biri, bu şol baglaryñ arasynda duran ýeketäk oturgyjyñ ÿanyna tarap uzap gidýär. Ol ýerde bir gyz otyr. Ol daş töweregine seretyär. Hamala bir zadyny ýitiren ÿaly. Ýok ol hic zat ýitirenok. Ol garaşýar. Meger ol köpden bäri garaşÿan bolsa gerek. Gözleri ýola tarap bakýar. Hamana garaşýan ýigdi bir ýerlerden çykaýjak ýaly. Iñrigem garalyp baslady. Ýap-ýañam öwsüp duran myýmyk şemal güyjäp başlady. Gaçman galan ýapraklara gahar etýän ýaly, ol baglaryñ şahalaryny barha silkeleýär. Gyz bolsa garaşýar. Ýel barha güýjeýär. Ol gyzyñ uzyn gara saçlarynyñ tarlaryny ýüzüne seçeleýär. Ol göwünsizlik bilen saçlaryny ýüzünden aýyryar. Asman ýüzüni gara bulutlar gaplap aldy. Soñra bolsa çalajadan ýagyş damjalary ýagyp başlady. Gyz şonda-da garaşýardy. Ýöne ol gelenokdy. Gyz umytsyzlyk bilen yola seretdi. Kirpiklerine düşen ýagyş damjalaryny eli bilen ahmyrly syldy. Gözlerini ýola dikdi we ýerinden turup ýuwaşlyk bilen üsti sary ýapyraklar bilen örtülen ýodajykdan ýöremäge başlady. Gyz gidip barýar. Ýagyş bolsa güyjäp başlady. Şu wagt ol diñe bir zat barada pikir etýärdi. Ýagyş tiz diñse gerek. Ertir howa gowy bolar. Gün ýene öz şöhlesini zemine saçar, gyz ýöräp barşyna ähli zady unudypdy. Ol diñe ertirki güniñ gözelligi barada oýlanýardy. Onuñ bagtly günleriñ biri bolup dogjagyna ýüregi bilen ynanýardy. Selbinýaz Durdyýewa. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |