09:58 Mähribanym, azajygam bolsa sen hakda ýazasym geldi | |
MÄHRIBANYM, AZAJYGAM BOLSA SEN HAKDA ÝAZASYM GELDI
Oýlanmalar
Käbäm sen meniñ üçin dünýäde juda üýtgeşik ene. Dünýede her bir adama öz ejesinden mähriban hem mukaddes ynsan ýok bolsa gerek. Şonuñ ücin sen barada näçe öwgüli sözleri aýtsañ hem az bolar. Men-ä şeýle pikirde. Howwa mähriban käbäñ ýanyñdaka ýylaryn, aýlaryn aýlanşy üýtgeşik, günleriñem gadyr gymmaty hem başgaça bolýar. Mähribanym ejemjan seniñ maña bagyş eden barlygyñ üçin saña çäksiz alkyş okaýaryn. Käbäm seniñ behişdi ýyly gujagyñy beýan edere ömürboýy söz mülkiniñ jöwherini saýlasamda azlyk eder. Çünki sen meniñ ömrümde, kalbymda mydamalyk ýaşaýarsyñ. Men senden hiç aýrylyp bilmerin. Senem menden hiç aýrylma Kábâm! Sen meniñ ömrümiñ baky diregi, Seniñ mährem gözleriñe döneýin. Sen meniñ ýüregimiñ birje bölegi, Seniñ şirin sözlerine döneÿin. Sen gözleñde hiç bir ünji bolmasyn, Elmydama güler ýüzüñ solmasyn, Hiç wagyt gyzyñy ýeke goýma sen, Seniñ ýyly gujagyña döneýin. Selbinýaz Durdyýewa. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |