11:05 Hoş geldiñ kalbyma söýgim | |
HOŞ GELDIÑ KALBYMA SÖÝGIM!
Oýlanmalar
Söýgi! Sen meniñ ýüregime soragsyz girjek bolýarmyñ? Gör seniñ kalplaryñ gapysyny kakyp, hemişe özüñe ýaran gözläp ýörenine näçe mahal bolupdyr. Men bolsa seniñ gelmegine garaşyp ýördim. Söýgi sen geldiñ. Sen gelip, meni öz gutarnyksyz dünýäñe alyp gitdiñ. Men bolsa gözlerimden ýaş paýrap ýüregimden bir zat sökülip gidendir öýtdüm. Danalaryñ biri: "Ýürek sözlemäne başlanda, aklyñ dili tutular" diýipdir. Hawa sen gürle söýgim! Sen hemmeler üçin deñlik. Men bolsa dymyp seni diñläýin. Bilýäñmi söýgim, sen gürleseñ men dünýämi gurşap alan agyrlyklary, kynçylyklary ýeñip geçen ýaly bolýaryn. Sen maña ruh berýäñ welin, men hemme zatdan hoşal bolyaryn. Hatda öñki ýürege düşgünç günleri undup, özümi ajaýyp howaly daglaryñ arasynda ýaly duýyaryn. Öz ýanymdan seniñ maña beren ählije zatlaryñy ýatlaýaryn. Söýgim bilýäñmi? Sen bolmasañ bu güýz gijelerniñ şemaly hem beýle ýakymly bolmazdy. Bilbiliñ owazynda yşk bolmasa säher bilen iller ukysyndan oýanmaka seniñ owazyñ gulagyma dolmazdy. Sen gelmedik bolsañ[u] meniñ hyýallarym hyruçlanmazdy. Söýgi, söýgi gör seniñ sözleriñ kimlere derman, kimlere bolsa arman ekeni. Bagt badasyny söýgi bilen püre-pür dolduran bu güýz hic kimiñ ýadyndan çykmajak gözelligini bagş edende ýüregiñ aşyklyga uçranlygy gözlere mälim bolup gider. Ýogsada men saña duşan günim öñkim ýaly bolsamam bolardy. Ýöne indi meni ajaýyp duýgylar basýar. Men duýgylaryn ýanyndan başymy tutup özümi şeýlebir oýlara çümüpdirin weli, dünýäniñ hiç wagt maña beýle lezzet berenini bilemok. Bu söýgi meñ ýüregime baglanan ilkinji we baky söýgimdir. Selbinýaz D. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |