11:40 Ahwalat | |
AHWALAT
Goşgular
Ýene güýz sowulup geldi gara gyş, Çig çeken tebigat gysdyrýar egin. Ýagýan ak damjalar çekipler nagyş, Kalbymyn aýnasyn bezeýär agyn. Kalbymda yz goýan şol pursat welin, Edil ýany ýaly ýüregmi ezýär. Ýetmedik arzuwym gyzyl ot Kimin öwsüp ykbalyma ýol çyzýar. Pelegiñ oýnunda utulan duýgym, Göýä goragçysyz galan hüjümçi. Goldaw gözläp älemi sermän söýgüm Menzäp galdy ýol ýitiren göçümça. Näçe gyş geçse-de ýazlar aýlanyp, Duýgym öz güýjünden özi basylyp. Sämär dur pikirden bilmän aýñalyp, Ykbalymdan aýrylmaýar kesilip. Selbinýaz DURDYÝEWA. | |
|
√ Arassadyr / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Bolarmy / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Okanyma öýkünme / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Gatmaga geldim / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |