13:21 Gyz ýüregi / hekaýa | |
GYZ ÝÜREGI
Hekaýalar
"Yşk derdiniň bolmaz eken dermany" diýleni dogry eken. Maýa ýaly gyz, hut bäşje günüň içinde mazalyja sykylaýdy. Muňa Altynyň özi-de geň galyp, aňyrsyna çykyp bilmedi. Ýogsam ol ýigidi ömründe ilkinji gezek gördi ahyryn! Onuň söýmäge-de, söýülmäge-de näçe diýseň mümkinçiligi bolupdy. Onuň okan institutynda ýuwaň seçegi ýaly jahyllar gyt däldi. Altynyň ugrunda sergezdan bolup, onuň kölegesi ýaly yzyndan aýrylman gezen ýigitler hem ahyrynda paltasy daşa degip, bu gyzdan irişdesini üzerdiler. Altyn şu geçen 23 ýaşynyň içinde bir adama-da göwün bermändi. Emma... Altynyň bütin süňňüni lagşadan ýürek taryny göwşadan şu emma dälmi näme? Ol obada wraçlyga täzeräk başlapdy. Öňki wraç Ýefim aga (obada ony şeýle atlandyrýardylar) garrap pensiýa çykypdyr. Ol ş wraça gaýrat edip kömek berdi. Ýaşuly wraç bu gyzyň paýhasyny, ötgür zehinini, işiniň üstünde ölüp ýatandygyny, iň esasysy-da öz ýanyna delalat isläp gelýän adamlary diýseň oňat görýändigini tüýs ýürekden halady. Başda Altyn üçin wraçlyk ýeňil düşmedi. Wagtal-wagtal näderini bilmän ikibaka zowzullardy. Syrkawa adamlary derrew gutuldyrasy gelýärdi. ol dert dermanyny gözläp, uzyn gije oturyp, kitap gatlaryny açyşdyrýardy, Ýefim aganyň ýanyna ylgardy, raýona til kakardy. Ýöne welin şol kyn pursatlarda hem şu bäş günüň içindäkisi ýaly horlanmandy. Insi, ol ýigidiň oba keselhanasynda ýatyp giden palatasy-da Altyn üçin mukaddes bolup galdy. Onuň şol günki yzyna garaman gidip barşy şindi-şindiler hem Altynyň göz öňünde dur. ...Ýazlyny Altynyň ýanyna huşsuz ýagdaýda getirdiler. Altyn ony şol sapar ilkinji gezek görüp durşudy. Ýazly koýkanyň üstünde al gana boýalyp ýatyrdy. Altyn onuň agzyna syrygan ganlaryny pagta bilen syýryp aýyrdy. Kellesinden bolsa şol bir gan akyp durdy. Ony wraça getirýänçler ep-esli gan gidenligi üçin Ýazlynyň ýüzünde gan-pet galmandy. Der çykyp öl-suw bolan gök köýnegi öl myžžykdy. Gan akmasynyň öňi alynmasa, ýaş ýigidiň jany howp astyndady. Ine şonda ýaş wraç Altyn Mämmedowa kolhoz şofýory Ýazly Soltanmyradowy bu beladan halas etdi. Gan duruzyldy. Ýazlyny ona keselhanasynda galdyrdylar. Ýigit huşuna geleninden soň ýarym sagat geçip-geçmänkä süýji uka gitdi. Bir haýukdan suwsuzlykdan tebsiräp gözüni açsa, ýanynda Altyn ýatyrdy. - Ýagdaýyňyz niçik? - Heý, bir suw ýokmykan? Altyn grafinden bir stakan suw guýup Ýazla uzatdy. ýazly tirsegine galdy-da, Altynyň elidnen stakany alyp, şol bada başyna çekdi. - Köp sag boluň!.. Ýazly şeýle diýdi-de uly minnetdarlyk bilen ýylgyryp wraça garady. Ine, ähli bolan zat şudy. Ýöne welin, edil şu dilýarma, şu garaýyş hem Altynyň şu çaka çenli ýüreginde basyrlyp ýatan duýgusyny oýandyrdy. "Bu näme boldugykan! beýle mähirli gözleri heniz düýşümde-de görmändim ahyryn! Ýa-da bu ýigit jadylymykan? Waý, doganjan, bu oglanyň sesi-de iliňkä meňzänok". Altyn aljyrady. Yşk ataşynyň nähili ötgür zatdygyny Altyn häzir ilkinji gezek duýdy. Altyn şondan soň ýigdiň ýüzüne bakyp bilmedi. Onuň iki ýaňagyna al reňk çaýyldy. Ýazlynyň söz açmagy Altyny begendirdi. - Emgek göz bilen gaşyň arasynda diýleni-dä. Beýle-beýle bolar öýdüp kimiň kellesine gelýär. - Nähili bolup ýykyldyňyz? Ol taýy daş-paşyňam boljak ýeri däl. - Wah, şony diýsene. Bary özümden boldy. Bir çaka baranda durybermeli welin, bolýarmy näme! Maşynyň ýüki ýogsam ýetjek ýerine ýetipdi-le. Hut dag ýaly bolup gitdi. Menem aý, şularam galmasyn diýdim-de, galan üç ganar pagtany-da maşynyň depesine basdym. Näbileýin nähili bolandygyny, şol ýerden aýagym taýdy-da dik başşak gaýtdym. Ýeri, kellämiň baryň kerpije degişini diýsene. Şondan soň özümi bilmändirin. maşynymy kimiň baza sürüp äkidenini-de bilemok. Altyn ýigdiň gürrüňini üns bilen diňledi. Ýazlynyň öz işine yhlaslydygyny, hyjuwlydygyny aňlady. - Kelläňiziň agyrsy niçik? - Ganymat, ýöne başym aýlanýar. - Köp gan gidenligindendir. Tiz aýrylar. Ýaňy kolhozyň başlygy teklip etdi. Ol seni saglygyňy sorady. "Basymrak gutuldyraweriň. Ol biziň iň oňat şofýorymyzdyr" diýip tabşyrdy. Siz ukuda bolanlygyňyz üçin ony siziň ýanyňyza goýbermedik. Wraç gyz beýleki syrkawlara aýlanmaga gitdi. Ýazly bu gyz hakynda uzak wagtlap pikir etdi. Onuň mylaýymlygy, çalasynlygy, aň-düşünjesi Ýazlyny haýran etdi. Ol öz içinden: - Ýefim aga-da zor doktordy diýýärler welin, şu gyzam her kimçe bar" diýen netijä geldi. O dünýäň ak guşy diýilýän zat bar bolsa şu hem şonuň biridir. bu gyzyň diňe bir eli däl, onuň dili-de, özi-de jana tenekar ahyryn! Tüýs "bagtly bendäniň paýy gözel sen" diýilýändä. Özä-hä durmuşa çykmadyk gyz bolara çemeli"... Emma Ýazly tiz wagtdan bu pikirini unutdy. Şol günüň ertesi eýýäm keselhana onuň ýüregini gysdyryp başlady. Onuň basymrak işe - öz ýoldaşlarynyň arasyna barasy gelýärdi. Altyn welin Ýazlyny unudyp bilmeýärdi. öz bolşuna özi-de haýrandy. Ýazly bar ýigitden üýtgeşik göründi. Altyn, ähli gören gözleriniň arasyndan özüniň agtaryp tapyp bilmedik gözlerini Ýazlyda tapdy. Ýazlynyň gözleri, ýylgyrşy, ýylgyranynda iki ýaňagynda emele gelýän çukanaklar - başga kişi üçin däl-de, hut Altyn üçin buýrulan ýalydy. Altyn her hili agyr operasiýalarda hem sandyramandy. Ol batyrdy hem-de töwekgeldi. Emma ýazla gezek galanynda welin, onuň diňe sarysyny täzeläninde hem eli sandyraýardy. Altynyň näme üçindçir Ýazlynyň gaşynda oturasy gelýärdi. Onuň diňe bir ýüzüne seredip otursa-da gozgalaň tapan jany arama geläýjek ýalydy. Ýöne welin gyzlyk utanjy ony bu zatlardan saklanmaga mejbur edýärdi. Ol indi her gün işden gaýdanynda öz ýüregini-de goýup gidýärdi. Altyn öýlerindekä-de ýüregi keselhanadady. Altylanjy gün diýlende Ýazly keselhanadan çykdy. Ol bu ýerdäki adamlar bilen hoşlaşdy. Gezek Altyna ýetdi. Ýazly Altynyň elini tüýs ýürekden gysdy. - Sag boluň, ýaşyňyz uzak bolsun! Men indi gutuldym. - Hoş wagtyňyz... Altyn Ýazlynyň yzyndan esli salym seredip durdy. - Hawa, sen-ä sag-aman gutulyp gitdiň. Emma men ýüregmiň derdini nähili gutuldyryp bilerkäm?! Ýazly muny eşitmedi. Ol gidip barýardy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly gaňrylybam bakmady. Şol gidip barşyna-da gözden ýitdi. Ýazly şol gözden ýitip gidişine öz ýany bilen gyzyň ýüregini hem alyp gitdi... Ýazly ony syzmady. Wah, ol ony nireden bilsin? Gyzyň ýüregini bilip bolýarmy näme? Arap GURBANOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1958 ý. | |
|
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |