10:56 Gyzyl sakally lider: Lenin | |
Taryhyñ akymyny üýtgedenler
Taryhy şahslar
GYZYL SAKALLY LIDER: LENIN Lenin 47 ýaşyndady, kelte boýludy, çokga gyzyl sakgaly bardy, ýöne ol ýaşyndan juda garry görünýärdi Geçen asyr Wladimir Iliç Ulýanowyñ ýeñşi bilen başlady we Nikolaý Leniniñ ýeñlişi bilen soñlandy. Ýalñyş düşünmäñ, bularyñ ikisi-de bir adam. Leniniñ ady markistik rewolýusioner toparlar tarapyndan özlerini tapawutlandyrmak üçin ýygy-ýygydan ulanylýan at. Hernäme-de bolanda, rewolýusionerler ony kakasynyñ dakan ady bilen-ä ýatlarly däl. Leniniñ kakasy Ilýa Simbirsk şäherinde ýaşaýan sowatly adamdy, ejesi Mariýa baý lukmanyñ gyzydy. Wladimir Iliç bir gün irden agasy Aleksandryñ patyşa Aleksandr III-e garşy gurnalan dildüwşüge gatnaşmakda aýyplanyp ölüm jezasyna höküm edilendiginiñ hanaryny aldy. Agasynyñ patyşa garşy şowsu kast edilşik gurnan toparyñ arasyndaky şertli ady "Lenindi". Wladimir "Lenin" adyny halady we patyşadan ar almaga ant içdi. Uniwersitetde hukuk ugrundan bilim aldy, emma onuñ bir ýany hemişe rewolýusionerdi. Kanunlar "ýatdan bilinmäge" degişlidi, Karl Marksyñ pelsepesi bolsa "durmuşa geçirilmelidi". Şeýlelik bilen ol Sankt-Peterburgda "rewolýusioner propoganda işlerine" başlady. Peterburgda bolup geçen Oktýabr rewolýusiýasyndan soñ onuñ adyny şöhratlandyrmak üçin şäheriñ ady Leningrad edildi. Sowet Soýuzynyñ dargamagy bilen birlikde bu köne paýtagta gadymy ady gaýdyp berilsi. Lenin patyşa režiminiñ yzly-yzyna goýberýän ýalñyşlyklarynyñ agramy bilen çöküp barýandygyny görüpdi. XIX asyryñ soñlarynda Russiýada diñe patyşa we açlyk bardy. Elbetde, birem ýokary gatlak bilen Rasputin ýaly çapraz jemendeleri emele getiren şertlerem göze ilip durdy. Lenin birinji gezek ýigrimi ýedi ýaşyndaka tussag edildi, bir ýyl türmede ýatdy, yzyndan Sibire üç ýyllyk sürgüne ýollandy. Ol sürgünde başga bir rewolýusioner Nadežda Krupskaýa bilen tanyşdy we şoña öýlendi. Şol wagtlar ol "Russiýada kapitalizmiñ ösüşi" atly kitabyny ýazdy. Peterburgda dolanyp gelensoñ ýene tussag edildi. Azatlyga çykarylanda Şweýsariýa gitdi. Ol bu ýerde "Искра" žurnalyny çykardy, žurnalyñ "Ýagtylykdan uçguna" diýen şygary bolupdyr. Lenin 17 ýyllap Ýewropada sürgün durmuşynda ýaşady, juda garypdy, egin-eşikleri horaşaja, köne, iýmiti ýönekeýdi. "Искра" žurnalyny 1902-nji ýylda Londonda çykaryp başlanda, onuñ ýanyna Lew Troskiý hem gelip goşuldy. Munuñ özi diýseñ möhüm we meşhur ýaranlykdy, bir ýyl geçip-geçmänkä kommunistik öwrülişik bolup geçdi. Şol ikiarada Russiýa çöküp barýardy. Lenin ýurda gaýdyp baryp, halky aýaga galmaklary üçin agitasiýa geçirdi. Emma patyşa Duma ady berilen Mejlis gurup, halky gozgalañdan el çekdirdi. Lenin bu gezek Şwesiýa gaçdy. Indi ony iki belli şahsyýet goldaýardy: Maksim Gorkiý we Iosif Stalin! Şwesiýadan Pariže, Parižden Polşa, Polşadanam Awstriýa gitdi. Birinji jahan urşunyñ soñlarynda Germaniýanyñ üstünden Peterburga geldi. Ýulian kalendaryna görä 1917-nji ýylyñ 25-nji oktýabrynda Bolşewik rewolýusiýasy bolup geçdi. Wladimir Lenin Kommunistik partiýanyñ Merkezi komiteti tarapyndan başlyklyga saýlandy. Komitetiñ agzalarynyñ birem Stalindi. Lenin 47 ýaşyndady, kelte boýludy, çokga gyzyl sakgaly bardy, ýöne ol ýaşyndan juda uly görünýärdi. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Çarşenbe, 29.04.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |