18:01 "Gyzyl Ýarymaýa" gaharyñyz gelmesin | |
"GYZYL ÝARYMAÝA" GAHARYÑYZ GELMESIN
Publisistika
"Gyzyl Ýarymaý" jemgyýetiniñ adyny Atatürk goýdy. 1935-nji ýyl. Taryhy ir döwürlerden gaýdýardy: 1868-nji ýylyñ 11-nji iýunynda "Osmanly ýaraly we näsag esgerlere kömek jemgyýeti" ady bilen guruldy. Ady soñra: 1877-nji ýylda “Osmanly Ýarymaýy Ahmer jemgyýeti", 1923-nji ýylda "Türkiýe Ýarymaýy-ahmer jemgyýeti", 1935-nji ýylda "Türkiýe Gyzyl Ýarymaý" jemgyýeti, 1947-nji ýylda "Türkiýe Gyzyl Ýarymaý gurnagy" boldy. Ady näçe üýtgedilse-de, düýp prinsipi üýtgemedi: ala seretmezden adamlaryñ çekýäm horluklaryny ýeñledibilmek. "Gyzyl Ýarymaý" bitarapdy, garaşsyzdy, hiç bir ýagdaýda bähbide kowalaşmaýan meýletin haýyr-sahawat guramasydy. Maddy binýady esasan gelýän haýyr-sahawat pullaryna esaslanýardy. Birem Atatürküñ bagyşlan mineral suw çykaryjy kärhanasy bardy. Emma: Bu haýyr-sahawat guramasy "Gyzyl Ýarymaý" soñky ýyllarda guran şereketleri bilen holdinge öwrüldi. Şol şereketleriñ biri-de häzir gepi edilýän "Çadır Tekstil AŞ"… Şereket Ankaradaky, Malatýadaky, Erzinjandaky kärhanalarynda çykarýan çadyrlaryny ýurduñ içine we daşyna satýar. Kelleler şu ýerde bulaşdy: Kahramanmaraş episentrli uly ýer yranmasynda çadyra ýiti mätäçlik barka, "Gyzyl Ýarymaý" nämüçin çadyrlaryny mugtuna paýlaman, "AHBAP" atly haýyr-sahawat guramasyna pula satdy? Hem "asyryñ heläkçiligi" diýen bolýañyz, hemem eliñizdäki çadyrlary mugtuna paýlaman, pula satýañyz! * * * "Gyzyl Ýarymaý" - haýyr-sahawat guramasy. Düýp maksady - birek-biregi goldamak, raýdaşlyk bildirmek, arkalaşmak. Eýsem başymyzdan geçen şular ýaly adatdan daşary döwürde "Gyzyl Ýarymaýyñ" söwda etme-pul gazanma hereketine kanuny bolaýanda-da, ahlak taýdan nähili baha berip bolar? 155 ýaşly "Gyzyl Ýarymaýyñ" adama gönükdirilen ahlak gymmaty haçan pul gazanma maksadyna öwrüldi? Jemgyýetçiligiñ peýdasyna işleýän gurama girdeji üçin döwürleýinligi, sebäpleýinligi piñine almaýan ýagdaýa nädip geldi? Ýurt taryhynyñ iñ uly tebigy betbagtlygyna garşy bir ýürek-bir ýumruga öwrülen wagty "Gyzyl ýarymaý" nädip çadyr, hatda gan satmagy pikir edibildi? Gurama ähli baryny-ýoguny jemläp betbagtlygyñ bolan ýerlerjne ugratmaly dälmidi? Haýyrsöýüji "Gyzyl Ýarymaý" nämüçin şeýle reaksiýany görkezmegiñ deregine söwda-satuw etmegiñ kül-külüne düşdi? Sowallarymyzyñ jogabyny şahsy çarçuwada "öz islegi bilen işden gitsin" diýen ýaly başdansowma-palliatiw çözgütler bilen bermäge öwrenişipdiris. Ýogsam bolmasa, düýpli çözgütleri tapmak üçin meseläni siññin öwrenip, diagnozyny goýmak gerek. Ýadyñyza salyñ: Hususy teleýaýlymlar durmuşymyza aralaşanda efire çykarylan (Mehmet Altan, Asaf Sawaş Akat dagy) ykdysatçylaryñ gaýtalaýan ýeke jümlesi bardy: - Döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalar, guramalar girdeji getirenok, ýurduñ ykdysadyýetine aýakbagy bolýar, olaryñ satuwa çykarylmagy, hususylaşdyrylmagy gerek... "O nädip ilata hyzmat etmek maksatly döwlet edarasynyñ maksady girdeji etmek bolýarmyş?" diýip soran bolmady. Çünki döwür neoliberalizmiñ azgynlaşan döwrüdi. Hiç zadyñ gymmaty ýok, hemme zadyñ bahasy bardy! Girdeji-pul gazanmak arzuwy kapitalistik önümçiligiñ ýeke-täk maksadydy. Bazar merkezli şeýle sistemanyñ özeni adamdan däl-de, kapitaldan düzülendi. Pul - hudaýdy we oña çokunmak mukaddes borçdy. * * * Hawa, mesele diñe "Gyzyl Ýarymaýda" däl. Düýp mesele döwlet eýeçiliginiñ öldürilmegi, hyýanat edilmegi. Ýaşap ýören wagşy neoliberal sistemamyzda ynsanperwerlik, wyždan, ahlak ýok. Gaýtam tersine, ynsanperwerlik bazar ösüşiniñ öñündäki iñ uly päsgelçilik. Neoliberalizmiñ esaslandyryjy atasy Fridrih Haýek şonuñ üçin sosial döwlete garşydy! Türkiýede-de Haýekiñ "okuwçylary" Özal, Çiller, Erdogan ýaly syýasatçylaryñ ýa-da sosialist görnüşli liboş ykdysatçylaryñ eli bilen döwlet edaralary ynsanperwerlikden daşlaşdyryldy. "Yza galanyñ garagy aksyn" diýýän bu wagşy kapitalistik sistemada ýeke-täk prinsip bardy: Näme bolsa bolsun, girdeji gazanmaly! Hawa, diñe "Gyzyl Ýarymaýa" däl, girdeji nebisjeñligi bilen adamy ýok edýän sistema gaharyñyz gelsin. Ýer yranmasynda öñdenem gowşak gurlan müñlerçe binanyñ dyr-pytrak bolup gitmeginiñ düýp sebäbini nämedir öýdýäñiz? Elli müñe golaý raýatymyzyñ ölüp gitmeginiñ düýp sebäbini nämedir öýdýäñiz? "Nirede bu döwlet?" soragynyñ düýp sebäbini nämedir öýdýäñiz? Siz bu düzgüni üýtgediñ, "Gyzyl Ýarymaýy" gaýtadan Atatürküñ guramasyna öwürmek añsat... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 28.02.2023 ý. | |
|