13:49 Hablemitogly ýadyma düşdi | |
HABLEMITOGLY ÝADYMA DÜŞDI
Publisistika
Wiktor Gýugonyñ "93-nji ýyl" romany Angliýa başlyklaýyn, Ýewropanyñ ähli korollyklarynyñ 1789-njy ýylyñ rewolýusiýasyny bogmak üçin nähili herekete geçendigini gürrïñ berýär... Romanyñ wakalary Ýewropadan goldaw alýan Fransiýadaky korolçy güýçleriñ Pariži eýelemek üçin oba ýerlerinde toparlanan 1793-nji ýylyñ maý aýynyñ soñky günlerinden başlanýar. Munuñ yzysüre bolup geçen Wandeýa söweşinde Pariž diñe Fransiýanyñ galan bölegine däl, bütin konrrewolýusioner Ýewropa garşy göreşipdir. Wiktor Gýugo romanynda şu kesgitlemäni berýär: "Ýerli düşünjäniñ köpgyrañly düşünje bilen dawasy. Ýurtdaşa garşy korolçy dindar obalylar..." Başgaça aýdanda, progressiwler bilen yzagalaklaryñ söweşidi... Wandeýa söweşi, ýagny ýaragly-ýaragsyz kontrrewolýusion agitasiýa hiç gutarmady. Rewolýusion göreşlerinde sarpalanan adalgalaryñ içiniñ köwülip, hersi aýry-aýry "upakowka serişdesine” öwrülip, köpçülikleýin gatlaklary aldamaklaryny dowam etdirýärler. Aldanan gatlaklar progressiwlige garşy küşgürilýär... Munuñ iñ soñky mysaly Serbiýada bolup geçýär. (Wenesuelada saýlawlarda ýeñiş gazanan Maduronyñ garşysyna edilenem şondan üýtgeşik däl). Imperializmiñ meçew berijileri "azatlyk", "demokratiýa" we "ýaşyly goralyñ" ýaly aldawa salyjy talaplar bilen bitewi nasional döwletleri-milli häkimiýetleri ýykmaga synanyşýar. Wandeýa söweşi dowam edýär... * * * Kontrrewolýusion taryhy ugur hiç üýtgemeýär: Serbiýada şu gün bolup geçenleriñ meñzeşi düýnem bolup geçipdi. "Ergenekon-Balýoz" pyrryldaklary başlanda "Hürriyet" gazetinde ýazypdym: "Başga "Ergenekony" ýazdym, hiç kimse özüne çekmesin!” (2008). Serbiýadaky, Ukrainadaky, Horwatiýadaky, Belarusdaky, Gürjüstandaky we beýleki ýurtlardaky kontrrewolýusion hereketleriñ global mediýanyñ eli bilen nähili durmuşa geçirilýändigini ýazdym. Bu ýurtlarda bolup geçen "reñkli rewolýusiýa" aldawlarynyñ Türkiýedäki pyrryldaklardan tapawudy ýokdy. Käbirleri bularyñ oýnatgysy bolmaga meýiljeñ boldy... Bulary oýnap oturanyñ maksady şobir zatdy: "Raýat jemgyýetçilik" - "öz hukugyny gorap bilmeýänleriñ wekilçiligini etmeklik" (“wesaýetçilik”) we ş.m.-ler bilen milli bazarlary imperialistik eksplutasiýa açmak... Bularyñ "demokratiýa" aldawaçlary demonstrasiýalardyr topalañlar bilen graždanlyk urşuna sebäp boldy. Türkiýede 15-nji iýul döwlet agdarylyşygyna synanyşygy munuñ iñ tipiki subutnamasy boldy... Türkiýede “FETÖ” bardy. A beýlekilerde? Belarusda “Zubr”, Gürjüstanda “Kmara”, Kosowada “Mjaft”, Ukrainada “Pora”, Müsürde “Kifaýe”... we gaýrylar. Serbiýadaky üýtgeşmeleriñ entek gyzgyny ýatmandygy üçin "amerikan ekdileri" "Otpor" ("Gaýtawul") ýaşlar toparyny ýatladaýyn. Ady wagtyñ geçmegi bilen hapalanandygy üçin "Otpor" "Kanwasa" öwrüldi. * * * "Otpor" Jorj Sorosyñ Açyk Jemgyýetçilik institutynyñ Balkanlardaky şahamçasydy. Ol şu ýerden dünýä ýaýrady... Bu "Bäşinji şaha" hereketleriniñ aýratynam Russiýa, Hytaý bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan ýurtlaryñ häkimiýetlerini nyşanalamagy tötänlik däldi. Toparyñ resmi saýtynda berlen maglumatlara görä, Eýran, Zimbabwe, Birma, Wenesuela, Ukraina, Gürjüstan, Palestina, Günbatar Sahara, Günbatar Papua, Eritreýa, Belarus, Azerbaýjan, Tonga, Liwan, Tunis, Türkiýe, Müsür ýaly ellidenem gowraj ýurtdan demokratiýanyñ tarapdarlygyny edýän aktiwistler bilen işleşýändiklerini, olary diñe okadýandyklaryny aýtdylar. Ine... Iñ soñky gezegem serb lideri A.Wuçiç 2024-nji ýylyñ 9-njy awgustynda beren beýanatynda "Rus kontrrazwedkasynyñ ýurtda Günbatarly güýçleriñ goldawy bilen döwlet agdarylyşygynyñ bolup biljekdigi" barada özüne ägä bolmagy duýdurandygyny aýtdy... Krym we Ukraina meselesinde Russiýa garşy sanskiýalara goşulmakdan ýüz öwren we "Taýwan Hytaýyñkydyr" diýen Wuçiçe garşy jemgyýetçilige meçew berýän demonstrasiýalar şindizem dowam edýär. (Atasy Antelko Wuçiç ýalu birgiden ýakyn hossarlary horwat faşistler ("Ustase") tarapyndan öldürilen prezident Wuçiçe demonstratlar "ultrasagçy" diýýär!). Serbiýadaky Germaniýa merkezli litiý magdanyna garşy "daşky gurşaw jogapkärçiligi" demonstrasiýalary ýadyma merhum Nejip Hablemitoglyny düşürdi: Ol "Nemes fondlary we Bergama komprabukjasy" kitabynda Türkiýede "daşky gurşawçylyk" ady bilen iş alyp baran toparlaryñ nemeslerden alan pullary barada ýazdy... Häkimiýet mediýasynyñ Özel, Imamogly, Kylyçdarogly ýalylara hüjüm etmekden başga ýeke suwytly zat ýazmaýandyklaryna nähili baha bermek gerek? Heý, Wiktor Gýugony dagy okamaýarlarmyka? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 13.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |