19:56 Haklaşyk / powest | |
HAKLAŞYK
Powestler
Nejep Hanmämmedowiç öýünde, belent sekiniň üstünde, gat-gat bürenip, äpet per ýassyga ýaplanyp otyrdy. Ol bagtyýardy. Neneň ol bagtyýar bolmasyn, neneň. Ömri, tutuş ömri döwletiň ýumşak kürsüsinde geçdi. Aýagy täzeje maşyndan düşmedi. Il ony öýüne çagyryp, öňüne tabak, egnine serpaý ýapyp bilse, özüni bagtly saýdy. Ine, indem dynç alyşda. Ol ýaş wagty Soçi şäherinde dynç alyp ýörkä bir garry sigan aýaly onuň öýine seredipdi. Şonda: – Seniň ömriň üçünji bölegi jebirli bolar – diýipdi. – Haklaşyk bolar şonda... – Hak, pohuny iýen eken, haram ganjyk. «Siganlara ynanmaly däl» diýýärdiler. Şol dogry eken. Pal diýeni biderek zat eken. Men welin gorkan boldum ýördim. Men nämeden gorkaýyn, aýt nämeden?! Indem onuň gorkara zady ýokdy. Öýde onuň işlemeýän bir özidi. Aýaly Akja wraç. Ol özünden ýigrimi üç ýaşyrak kiçem bolsa, aralary gowydy. Ogly Sergeý, hon-a moskwada, bir zawodda gül ýaly işläp ýör. Aýaly Marina, oguljygy Spartak bagtly ýaşaýardy. Kiçi ogullary Murat bir enaýy. Ogly Amanmyrat gelni Çeper bilen allanäme. Gyzy Galinanyň kem zady ýok. Özbaşyna jaýy bar, gowy işi bar. Ýokary sudyň kadrlar bölüminiň müdiri. Pul, maşyn, jaý meselesi baryp, ellinji ýyllarda çözilen. Ol obadaky garyndaşlarynyň adyna iki maşyn, iki jaý alyp goýdy. Maşynlarynyň ikisini, jaýlarynyň ikisini kreýne berdi. Ine şolaryň özem duran pul-a. Mal diýseň, obadaky sygyrlarynyň özi kyrk-elli bolmaly, anyk bilmese-de. Onsoň näme? Onsoň Näme?! Nejep Hammämmedowiç özi üçin bagtyň nämedigini Aşgabada gelip bildi. Onuň özi Gyzylarbadyň Goç obasyndan Hanmämmet Garajanyň ogludy. Şu wagt ol oba gitmänini hasaplap görse, elli ýyla golaý bolandyr. Dogry, obadan gelýärdiler. Onda-da nähili geldi. Baý, gelendirin-ä. Hemmesem, ýumuş bilen. Öňlerem, ýumuşy bitýänçä «dogan-da», «oglum» ýumşy bitensoňam, tanamazlaram. Ol şonuň üçin obadaşlarynam, obanam ýigrendi. Şolar ýumuş salsa, bitirmedi. Olary öýüne-de goýmady. Kakasy Hanmämmet Garajanyň haçan ýogalanyny hem ol bilenokdy. – Aý, diri gezip ýörse-de ýörendir kim bilýä. – Ol soramagy birhili görýädi birden bar diýäýseler näme. Ol gorkup gitdi. – Bolmawersin, hernä. – Ol kakasyny halamaýardy. Ony ýaňra, hapysa hasaplaýardy. Bir sapar ol komsomolyň şäher komitetinde başlyk bolup ýaňy geçende gelipdem. Özem oglunyň işine bardy. Sekretar gyz goýbermejegem bolupdyr. Emma ol kürsäp içeri giripdir. Soramandyram. Salam nire, zat nire. Tomsuň jokrama güni başynda köne gulakjyn, aýagynda köne ädik. Egninde horjun ýüzi-gözi gara ýanyk. Girdi depberilip. – Sen, binamys haramzada, meniň dölüm dälsiň. Men saňa «senden geçdim» diýmäge gelendirin. Soň eşitdim-eşitmedim diýme – diýip çykyp gidipdi. Nejep Hanmämmedowiç şonda kakasyny gaty ýigrendi. Iller ogly munyň ýaly işe geçende, başyna täç edýär. Emma şondan şuňa gelip, ogluna diýýän zadyna sered-ä. «Wah, seniň bir haram gedaý-eý» , «kim seni kaka edinjek bolup dur diýsene, kim». Ogly ogul edinmek üçin oňa pul kömegini, dil kömegini bermeli. Ö[üne düşmeli. Ony-muny görüp okuwa ýerleşdirmeli. «Ol-a ýok olardan, olardan. Gaýta, nähililik bilen, ne günler bilen wezipä geçip, aýagy ýaňy ýer tutanda-da, gelip «sen meniň oglum dälsiň» diýen bolýar. Bolman geçsin. Bolmanlar geçeýin...» Nejep Hanmämmedowiç şonda kakasy üçin töweregindäkilerden baý utan-da. Asyl beýlekileň-ä däl, öz sekretarynyň ýüzine-de iki günläp seredip bilmedi. Üçünji gün ony ýanyna çagyrdy. – Şol ýaşuly näme üçin gelipdi. Sen ony näme üçin saklamadyň – diýip osmykladyp sorady. Sekretar gyz täze başlygy ony işden boşadar öýdüp gorkdy-da, özüni aklady. – Dälimi, nämemi. «Hanmämmedow şu ýerdemi ?» diýdi-de, depberilip, geçiberdi. «Dur sögýä, bir sögýä ýolboýy porsap gitdi. Başlyk berk görkezme berdi. – Şeýle adamlary indi ýanyna goýberse[, sylaman. Özüň görüpsiň-ä, dälidigini. Näme beýdibä. Sen men arkaýyn işlesin diýip goýulýaň-a ... Şodur-da şodur, ol ýaşulyrak adamy kabulam etmedi, onuň ýumşunam bitirmedi. Onuň öz kakasy bardy. Şageldi Pöçgarow diýerdiler. Onuň öz ejesi bardy, Oňa Rano hanym diýerdiler. Nejep Hanmämmedowiç ýedinji klasy gutaryp, çagalar öýüne giripdi. Çagalar öýi Bäherdendedi. Ol şahsy hatynda: «Ejem, kakam» ölen diýip görkezýärdi. Ol wagtlar oňa kän bir üns berýänem ýokdy. Çagalar öýleri başlady. Şoňa adam çekip bilseler işgärleriňem armany ýokdy. Şonuň üçin Nejebem öz sözi ýazmaça görkezmesi bilen çagalar öýüne kabul etdiler. Bu çagalar öýüniň direktoryna Şageldi aga diýerdiler. Ol Nejebi gowy gördi. Ony ytygsatman saklady. Onuň sebäbi ol bendäniň öz çagasy ýokdy. Aslynda-da ol bir hudaýhon adam bolany üçin «Ýetim çagalara garaşyk etsem, belki ahyrýetimi gazanaryn» diýip çagalar öýüne işe gelendi. Ol bu ýerde hiç wagt «men – direktordyryn» diýip oturmazdy. Bir görseň pejiň külini aýryp ýörendir, bir görseňem daşarlary depip agdaryp ýörendir. Ony gören oglanjyklar hem ýaşulynyň işini elinden alyp, onuň ugrunda togarlanardylar. Nejebe Allatagala zehin bermändir, görk=görmegem bermändir. Oňa üýtgeşik ümüklilik beripdir. Ol çagalar öýünde her bir işe öz gözi bilen däl-de mekdep direktorynyň gözi bilen seretmegi öwrendi. Ine, onuň üýtgeşik zehini. Ony ine, şu zehin goldapdy soň-soňlar hem. Ol çagalar öýünde Şageldi mugallymyň halaýjak, göwün isläýjek zadyny edipdi. Töweregi arassalap, hapasyny üýşürip goýsalar, Nejep ony ýadaman-ýaltanman zibilhana çekerdi. – Muny kim etdi, Nejep etdi. Çagalar öýüniň kiçeňräk melleginiň gurap ýatan mellegi depilip, oňa suw goýberilendir. – Muny kim etdi Nejep etdi? Nejep etdi! Gyşyň güni çapylan odunlar tamça basylýardy. Okuwçylar gezek – gezegine odun çapardy. Şol odun küme ýaly bolup ýatardy. Ertir görseň, ýokdy. Direktoryň –janynda mydar galmaz, biri ogurlarmyka diýip. Baryp görse, tamça bar odun örülip goýlandyr. – Muny kim etdi, Nejep etdi. Nejep okuwda-da şeýledi. Onuň okuw bilen seri ýokdur. Mugallym geler. Tagta arassajadyr, mel, esgi taýýardyr. – Muny kim etdi. Nejep etdi! Ol şeýdip, tä okuwyny gutarýança tutuş çagalar öýüniň läligi boldy. Ol dokuzy gutaranda agany işe çekdiler. Ýöne Şageldi aga ony unutman eken. Ol onunjy klasy tamamlajak bolup ýörkä Bäherdene geldi. Şonda Nejebem idedi. – Nejep şeýtdi. Ol çagalar öýüni tamamlan badyna Goça däl-de Aşgabada geldi. Görkezilen köçäni, jaýy tapdy. Şageldi aga Graşdan köçesinden howly alan eken. Howly könedi, onda öňden galan kerpiçmi, odunmy, bary bulaşyp ýatyrdy. Hajathana könelip, deşiklerinden içinde kimiň bardygy görnüp durdy. Diňe daşky haýat, öýüň sudury oňat bejerilipdir. Mellek gurap daş ýaly bolup ýatyrdy. Üzümler, alma, erik garrapdyr, gurapdyr. Pellerde gurap ýykylan agaçlaryň töňňeleri betgelşik bolup ýatyrdy. Öýde hiç kim ýokdy. Nejep gijäniň bir wagtyna çenli köneje çemedanyny goltuklap, daşarda garaşdy. Ýaşuly giç geldi. – Ah, bala wah, bala. Şol garaşyp otyrmyň. Haýatdan aşyp giräýmeli ekeniň-da. Wah, sen ony etmersiň-le. Bilýänä men seniň edebiňi. Olar öýe girip, çaý-çörek iýdiler. – Howlam satyn aldym. Saňa gelnejede satyn aldym. Gelse, görersiň, ol häzir jorasy bilen kurorta gitdi. – Ertesi ýaşuly irden turup, çaý içdi-de, işine gitdi. Ol gitmänkä Nejebe ep-esli pul berdi. – Aşgabada aýlan, öwreniş. Morožny iý, gyzyl suw iç. Soň okuwa gireňsoň nire-niredigini bilmän oturma. – Bolar. Nejep gezelenje-de, baga-da gitmedi. Hars urup işledi. Ýerleri depip, krandan pellege suw düzdi. Odunlary çapyp, bir ýere üýşürdi. Kerpiçleri hajathananyň aňyrsyna tertiplije edip basdy. Ýandaklary, otlary orup, zibilhana taşlady. Şeýdip, howlyny günorta çenli gül ýaly etdi. Öýlan oňa täzeden, has päkize, has yhlas edip arassalady. Soňra tutuş howlyny süpürdi. Süplükleri, töňňeleri zibilhana eltdi. Guran erikleri çapyp aýyrdy. Töňňeleri gopardy. Indi bu howlyny şu gün ertirki howly diýsek, adam ogly tanajak däldi. Diňe krant galypdy. Onuň akabasy gömlensoň, suw gitmän, daşyna dökülip durdy. Nejep onuň hem ugruny tapdy. Akaba çenli gazdy-da, kerpiç ördi. Indi kranyň howdanjygynda ýeke damjada galanokdy. Ol ýuwundy. Gowja eşiklerini geýdi. Tüýs onuň göwün isläni boldy. Ýaşulam bu gün irräk geldi. Ol öz howlusyny görüp, tanamady. – Muny nädäýipsiň, balam – diýip, Nejebi garşa gujaklady. - Gelnejeň gelip görse, aglar. – Şu howly arassalanmasa men girmerin diýip gidipdi. – Aý, bu hiç-le . Ýaşuly pelleri gördi. – Nesip bolsa, dynç güni depip, mekge ekeli. Göm – gök bolsun dursun. Men dersem getirerin. Soňam, ine şol ýere tapjan ederis. Güýzde oturar ýaly. Nejep ýaşulynyň bozuk tamçasynda on – on bäş halta sementiň, ownuk çägäniň, hekiň bardygyny görüpdi. Ol ertesi hajathananyň daşyndan diwar ördi. Öň bu howluda ýaşanlar hajathananyň düýplirak bolmagy üçin alada edip, oňa hek guýupdyrlar ýöne ony taşlapdyrlar. Nejep şol esasyň üstüne kerpiç ördi. Ony suwady. Basyrdy. Hajathana gül ýaly boldy. Döwlet ekzamenlerine çenli ol oňat tapjanam gurdy. Jaýyň ýeňsesinden goýy kelteräk, o diýen kaşaň bolmadyk tamça gurmaga-da ussalara kömek etdi. Howlynyň daşky diwarlaryny suwap, aklady. Derweze täzelendi, oňa reňk çalyndy. Indi bu howly şäherdäki kaşaň howlularyň biri boldy. – Gelnejeň şu gün gelýä, köşek. Bilet bolman onuň aý ýarym egleneni bähbit boldy. Ekilen mekge dyzdan geçýärdi. Işigiň agzyndaky üzüm ekilensoň, düýbi depilip, suwarylyp hyzmat bary edilensoň, göm-gökdi. Köne, guraşan bägüller hem parç bolup, akly-gyzylly güllere basyrynyp otyrdy. Ýaşuly düýn getiren goýnuny soýdurdy-da, çekdirme atardy. Çişligiň etini taýýarlap, odunyny ojagyň içinde otlaýmaly edip goýdy. Stoluň üsti dürli-dümen iýmitler bilen bezeldi. Howa yssy bolansoň, şampan şeraby, içgiler, suwlar sowutgyja salyndy. Gelneje günbatar ara geldi. Ony ýaşulynyň özi gül bilen garşylamana gitdi. – Eý, waý, janym, ezizim, sen meni nirä getirdiň. Gelneje bu bolaýan özgerişleri görüp, gözüne ýaş aýlady. – Şu meniň howlymmy? Şu meniň öýümmi. Öýjagazymdan aýlanaýyn. Ärimden aýlanaýyn-eý. Ýaşuly çemedany, torlary elinden kakyp alyp, içerde ot elek bolup ýörenje ýetginjegi görkezýär. Şularyň baryny, ine şujagaz kömek etdi. Gelneje gelip ýetginjek bilen salamlaşdy. – Köşejikden aýlanaýyn. Gelneje diýseň mähriban, diýseň adamkärçilikli eken. Ol ýaşulyny özüniň hudaýy saýýardy. Onuň göwni üçin Nejebem ogly ýaly eziz gördi. Nejep irden turup, ýaşulynyň, gelnejesiniň köwşüni gül ýaly edip süpürýärdi. Gerek bolsa ýaşulynyň köýnegini, jalbaryny, elýaglygyny ütükleýärdi. Irden turup, howlyny süpürýärdi, suwlaýardy. Bazardan öýe näme gerek bolsa getirýärdi. Dynç günleriniň birinde Şageldi aga aýaly bilen tapjanyň üstünde çaý içip rahat gürleşip otyrdy. Nejep, olara gerek zatlary alyp bermek üçin gyrada, aýagyny ýere sallap otyrdy. – Indi, mähribanym, bu kömegi okuwa ýerleşdirmegiň aladasyny hem etmeli. Bu bir ýetim oglan ahyryn. Gelneje ýylgyrdy. – Janym, jigerim bilen ezizim. Heý, sen bir zat aýdarsyň-da, onuň gürrüňi barmy. Ýaşuly ýene aýalyna sala saldy. – Sen nirede, nämäni okasa oňat bolar diýýärsiň, mähriban. Rano hanym adamsynyň, soň Nejebiň ýüzine garady. – Ony köşejigimizden soraly. Özi aýtsyn hany. Nejep eginlerini gysdy. – Onda bir zat edeli. Politehniki institutyň gurluşyk bölümi näder. – Bolarmy? – Bolar . – Nejep hezil edip ýylgyrdy. Ekzamen başlanmanka Rano hanym bilen Şageldi Goçgarowiç ministriň özüni, institutyň rektoryny öýe çagyrdylar. Olara hyzmat etdiler. Olar Nejebi gowy gördiler. – Hiç zadyň aladasyny etme. Rano hanym bilen Şageldi aga üçin janymyzy bereris – diýip, rektor oglany köşeşdirdi. Ekzamenler üstünlikli gutardy. Nejep, şeýdip, politehniki institutyň talyby hemem kubsuň komsomol ýolbaşçysy boldy. Rektor ony ýadynda saklaýardy «Öýdäkilere salam aýt» diýýärdi. Ol okuwy gutaranda-da Aşgabadyň gurluşyk ministrliginiň garamagyna iberilipdi. Ol ýerden ony «Türkmensentrostroýyň» komsomol komitetiniň başlyklygyna iberipdiler. Soňra Aşgabat şäheriniň komsomol guramasynyň ikinji sekretary, birinji ýokary partiýa mekdebine okuwa gidýäni üçinem, basym birinji sekretar bolupdy. * * * Nejep aga şol günleri ýatlanda arkasyna şemal çalan ýaly bolupdy. Ol eziz adamlaryň ikisem bu ýalançy dünýäde ýokdy. Ýöne Şageldi aga Nejepden ýekeje zady haýyş edipdi. – Çagalaryňa adymyzdan. Ýylda bir sapar aýat-töwir et. Ol şonuň üçin Nejebe oňat howly, oňat maşyn alyp berdi. Köp pul, baýlyk goýup gitdi. Rano hanym bolsa oňa ýekeje haýyş etdi. – Köşegim, eger razy bolsaň Akjany alyp bereýin. Men haýyş edýän... Rano hanym dünýädäki iň mähirli, görmegeý zenandy. Ol Çärjewiň mugallymçylyk institutyny gyzyl diplom bilen tamamlapdy. Döwlet ekzamenine ministr aýalyň özi barypdy. Ol Ranonyň görküne, özüni alyp barşyna, pähim-paýhasyna, salyhatlylygyna haýran galypdy. Ony gürletmek üçin myhmanhana çagyrdy. – Rano ýaşdy. Göwni belent asmana, gözýetimiňň aňyrsyndaky ummana telwas edýärdi. Onuň Aşgabada, ministrlige baryp işläp gelýärdi. – Näme diýsen-e – diýip, ministr daşy çolaransoň, onuň bilen söhbete başlady.–Men seni haladym. Seniň ýeriň çärjew däl, sen Aşgabada gitmeli. – Wah, ýoldaş mugallymjan. Ministr gyssanmady. Ol gyzyň özüni gepledesi gelýärdi. – Meni Aşgabada alyp gidiň. Iş bolsa, jaý bolsa men siziň guluňyz. Men soň näme diýseňiz, siziň diýeniňizi ederin. Ministr aýal ýylgyrdy. – Ýok, sen ol ýerde gul bolmarsyň. Şagyzy ýaly ýaşarsyň. Ýöne söziň söz bolsun. Ikimiziň şertnamamyzy adam ogly bilmesin. Yzyňdan telegramma geler. Aýdylyşy ýaly, ony Aşgabada işe çagyrýan telegramma geldi. Rano gitdi. Ministrlikde işe ýerleşdi. Onuň dabarasy iň ýokary basgançaklara ýetdi. Ony ministr çagyrdy. – Janym, bir haýyş bar. Maňa käbir adamlary işe alypsyň. Ýokary okuw jaýlarynyň ekzameni adalatly bolmandyr. Mekdepleriň bejerilişi eýle, beýle diýip gaty azar berýärler. Şolardan bir arkadagymyz bar. Şony gaýrat edip sowup ber. Geljek hepde – de meni býuro saljaklar. – Bolar. Näme etmeli bolsa, aýdaýyň. Ministr oňa bir konwert doly pul berdi. – Ertir işe gelme. Öýüňi tertiple. Bazara bar. Üç adamlyk dört nahar taýýarla. Gerek bolsa restorandan al ýöne diňe özüň köçä çykyp taksy tut. Taksyçam haýsy öýe, haýsy otaga girýäniňi bilmesin. Salady köpräk taýýarla. Uniwermaga baryp, elli altynjy razmerdäki öý kostýumyny al. Ýöne, biziň ulgamymyzdan ýeke adam bilmeli däldir. Sen çakylyk edeňok. Sen özüň üçin edýäň. Özüňem gowja haladyňy al. Ýüzüňe-gözüňe timar ber Galany gül ýaly bolar. Rano az-kem aýlandy. Ýöne ol mertdi. Beren sözünde tapylmalydy. Tapyldam. Diýlen güni gije sagat dokuz bolanda ministr geldi. Howsalaly: – Taýýarmy?! – diýdi. – Taýýar. Ol gitdi-de, bir salymdan epeý ýaşulyny alyp geldi. Rano ol adamy tanamasa-da bilýärdi. Ol Türkmenistanyň iň uly adamydy. Özem diýseň sypaýy, medeniýetlidi. Ol gelip Ranonyň elini ogşady. – Ministr seni öwdi. Öwmezçe-de däl ekeniň. Indi nesip bolsa seni hor etmeris. Senem bizi hor etmersiň, şeýle dälmi. Ol içerä bir laý seretdi-de, öý eşigine girdi. Ýere taşlanan ýassyga gyşardy. Olar nahara başladylar. Myhman bulgury beýlä süýşürdi-de, suw üçin ullakan fuşeri alyp, ony araldan pürepürledi. – Geliň içeliň. Gülden gözel gelin-gyzlarymyz üçin içeliň. Olar kän oturdylar. Ministr turdy. Ol adam galdy. Düşege geçip, ýatyp galdy. Sagat dörtlerde oýandy. Rano gap-gaçlary ýygnap, näme etjegini bilmän, stol gyrasyny ýakyp, haýsydyr bir kitaba güýmenip otyrdy. Krowat jygyldady. Ol ýerinden turdy. – Suwmy, çaýmy? – Ýok, bir çüýşe arak getiräý. Gyz onuň diýen zatlaryny eltdi. Gel özüňem. Ýaşulynyň özi ony düşege eltdi. Eşiklerini çykardy. Öpdi, ysgady. Daňa golaý içerden Ranonyň «wa-aý» diýen sesi otaglary ýaňlandyryp gitdi. Ol ertesi-de, birigüne-de işe ýaramady. Ýöne býuro maslahatynda ministrligiň işine ýokary baha berildi. Ministriň özi «at gazanan magaryf işgäri» boldy. Ine, şondan soň Rano ministriň haýyşyny köp ýerine ýetirdi ýöne başga ýana urunmady. Şonuň üçin ministr ony gowy gördi. Basym, ýanyndaky oglanlaryň birine durmuşa çykardy. Uly toý tutdy. Hut, ýaşulynyň özi olara üç otagly jaý berdi. * * * Ranonyň baran ýigidi hem ösdi. Ol obkomoj bölüm müdiri boldy. Ýöne Rano bilen gepsiz, gürrüňsiz aýrylyşdy. Şolarada ministrem, ýaşulam kürsülerini goýup-goýup gitdiler. Rano şäher bilim bölüminiň müdiridi. Ony orunbasar etdiler. Soň mugallymlary kämilleşdiriş institutyna prorektor etdiler. Ol häzirem şol ýerdedi. Ýöne ýaşdy, dogumlydy. Aýagyny gyşyk basmaýardy. Ol Şageldi aga bilenem institutda tanyşypdy. Ýaşuly bäherdende direktor mahaly hünarini kämilleşdirmäne gelerdi. Şonda ony Rano okadardy. Ýaşuly oňa «gyzym» diýýärdi. Aşgabada gelse, obadan gök, ir-iýmişler alar gelerdi. Bäherdeniň fabriginden iki halyny onuň kyrk ýaşyna sowgat edipdi. Bazara gidip, semiz öweji satyn alyp, öldüripdi. Rano ýaşulyny söýüpdi. Ýöne «gyzym, gyzym» diýip ýörensoň, sesini çykaryp bilenokdy. Şageldi agany Aşgabada, Türkmenistan SSR ministrler sowetiniň iş dolandyryş uprawleniýesiniň hojalyk bölümine müdir edip işe alypdylar. Ol ministrler sowetiniň botaniki bagyndaky kotemleriniň birinde bolýardy. Şonda Rano jaň etdi. – Men-ä saňa goňşy bolandyryn. – Düşünmedim. – Men Aşgabada işe geldim. Ýarym aý bäri işläp ýörin. Jaý gözleýän. Rano tolgundy. – Ine, seniň jaýyň, saňa garaşyp ýöreniň bar ahyryn. Seni bu ýere meniň yhlasym getirendir, ezizim. Çaltyrak öýüňe gel eýe bol. Şageldi aga beýle öwrülişige hiç haçan garaşmandy. Bu barada oýlanmandam. * * * Rano hanymyň Şageldi agany gowy görşüne uly il haýrandy welin Nejebiň özi ondan hem beter haýrandy. Sähel görmese ýüregi üzülip barýady. Bu owadandan nazik aýalyň özünden ýigrimi ýigrimi bäş ýaş uly, lagar düşen erkek adamy beýdip ezizlemesini her kim birhili ýarardy. Ýöne olaryň köpüsi: «Aý, sürmäge öwrenişen haram ganjyk, ýaşulynyň gözüni-başyny aýlaýar öýdýän, ýalynjyran bolup» diýýärdi. Emma bu söýginiň hakdygyna Nejep, şol wagtam kepildi, ine indi syrty ýere degip, ýaşy gaýdyşansoň hem kepildi. Rano hanymyň Nejep üçin çeken dertlerem birki ogullyk dert bardy. Ol garyndaşlyk, dostluk, tanyş-bilişlik hormatynyň ählisini Nejep üçin harç etdi. –Ine, ata-ene diýip, şolara aýtsaň, şolara. Nejep Hanmämmedowiç Rano hanymy, Şageldi agany, olaryň özi üçin eden azap, aladalarynyýatlanda, öz ejesiniň, kakasynyň azaplary zerrejik bolup görünýärdi. Gaýta... Ol gaýta olary indi halamaýardy. Ejesini bir sapar erbet ýigrenipdi. Ol komsomolda ikinji wagty bir obadaşy ýanyna geldi. Onuň elinde köne gazete dolangy zat bardy. – Ejeň iberdi. Ol obadaşyny Nejep sowuk kabul etdi. Ol gidensoň gazeti açdy. Gazetiň içinde haltajyk bardy. Haltany açdy. Nejebiň aňyrsy bäri geldi. Ejesi oňa şondan şoňa gurt iberipdir. Ine, atam asyrynda, adamlar indi kommunizme golaýlap ýörkä, döwrüň depesine çykan ogluna kirli haltada, kirli gurt iberýan enä näme diýjek, näme aýtjak. Özüniň şeýle äsgerilmezligi Nejebe erbet täsir etdi. Ol obadan öýkelidi. Gaty öýkelidi. Hatda, hatda, ejesi ýogalanda – da gitmedi Aýaly bilen maslahatlaşdy. – Sen bir wezipeli adam-a. Soň, şenbe, ýekşenbe günleri baraýarlar. Ol aýalynyň sözüni makul tapdy. Soňam Moskwa gitdi, uly ýygnaga. Aýalyna «git» diýdi. Aýalam ýaramandyr. Şeýdibem, ol oba meselesini ýapdy. Indi onuň üçin oba ýok. Ýöne ýene bir ýagdaý onuň gaharyny getirdi. Gurbandurdymy, Gurbansähetmi öz-ä bir Gurbanmy «Ýazyjy» «Ýazmasy agyr düşen goşgy» diýip bir zat ýazypdyr. Ol telewizorda okady, şonusyny. Şonda ol bu goşgynyň kime kakdyrylýandygyna düşündi. Ýöne sesini çykarmady. Bu ýerde onuň kakasumagynyň eli bolmalydy. Ol ýörite gelip, ýazdyran bolmalydy. Nejep Hanmämmedowiç hem aryny köýdürmedi. Şol «Ýazyjysumagyň»adyny belläp aldy. Şonuň ady onuň öňünden geçen däldir. Birki gaýta, köprägem bolsa bolar, «Oňa jaý bermeli» diýlip ýalandan görkezme-de boldy. Emma jaý alan däldir. Asyl-ha Nejep Hanmämmedowiç döwletiň, partiýanyň garşysyna gidip, tanyşparaz, garyndaşparazlyk, eden däldir. Onuň ýüregi, onuň duýgusy partiýanyň ýüregi, duýgusydy. Ony Aşgabat şäher ispolkomynyň başlyklygyna bellediler. Şonda ol türkmen diýen halky baý ýigrenipd-ä. «Bular ne kanunyňy bilýär, ne döwletiňi bilýär, ne derejäňi bilýär. Ne bularda medeniýet bar, ne bularda salyhat bar. Hemmesine jaý gerek. Hemmesine maşyn gerek. Meniň jaý nobatym, meniň maşyn nobatym.» başga zadyny bilmez. Aýagy ýer tutan seniň üstüňdedir. – Meniň jaýym ýok. Ýedi çagam bilen köçede otyryn! Jaý ber! – Aý, men inwalid. Maňa jaý gerek. Maňa maşyn gerek. Aýal-a göwreli garnyny, ýedi – sekiz sany burny boklusyny güjeňläp geler. Erkegem inwalidligini güjeňläp geler. Inçekesellisem inçekeselini güjeňläp geler. – Men göwreli! – Meniň on çagam bar. – Men inwalid, men maýyp! – Men inçekesel, ine hatym. Özlerem, biri bir zat etse, barysy eder. Biri «inçekesel» diýip hat alsa, tutuş ýurduň inçekesel haty bardyr. – Aý, bularmy, aý bularmy. Ýigrenjidir-ow. Onsoň beriber, näçe jaýyň, näçe maşynyň bolsa. Emma Nejep Hanmammedowiç olaryň biriniňem agzyny ýagjardan däldir. Düzgünmi-düzgün! Tertipmi-tertip. Onuň özem döwlet zadyna el gatan däldir. Rano hanym bilen Şageldi aganyň alyp beren howlusy bilen oňuşyk etdi. Ol kem galmady. Ol halyny gidermedi. Oňardam. Nejep Hanmämmedowiç şu ömründe eden üç işine begenýärdi. Ýöne şol işleri guuda pynhan sallaýardy. Birinjisi Jemaldy. Jemal onuň öňki sekretarydy. Özi oňa ýapyşypdy. Özi gününe goýmandy. Näme, Nejep hem men diýen ýigitdi. Onuň bir otaglyja jaýyna pynhandan-pynhan barardy. Ýöne jemal göwreli boldy oturyberdi. – Düşürt, ýok et – diýip kän aýtdy. Emma Jemal etmedi. Soň ol jemalyň ýüzüne garamady. Ýöne bütin ömri gorkuda geçdi. Bir sapar onuň kabulhanasyna bir ýaş gelin gelipdir. Ýanynda bir gowja oglan hem bar eken. Sekretar gyz ylgap gelip, habaryny aýtdy. – Görmegeý gelin, «Jemal diýseň özi tanar» diýipdir. – Meniň jemal diýen tanşym bolmaz. Ol gelin şondan soňam ep-esli gatnapdy. Soňky gelende bir hat goýupdyr. Ol okady. «Salam. Naýynsap. Sen meni göresiň gelmese, gül ýaljak ogluň bar-a. Şony gör. Heý, bolmanynda az-kem kömek et. Halys ýetirinip bilemok. Jemal.» Ol haty jyrym-jyrym edip, soň öz hajathanasyna geçip otlady-da, suwa akdyryp goýberdi. Şondan soň ne Jemaly ne-de ogluny gördi. Ýöne gorkusy az däldi. Ikinjisi üç otagly jaýdy. Uly ýaşaýyş jaýy gurlup, ulanmaga berlipdi. Elli dört jaýdy. Şonuň on bäşisi gurluşyk guramasynyň özüne degişlidi. Ol bir jaýy kemeltdi. Gurluşyk guramasy dawa edip bilmedi. Ýöne başga bir ýagdaý ýüze çykdy. Bu gurama «bize degişlisi on bäş kwartira» diýip, on bäş maşgalanyň arzasyny dokumentleşdirip, ispolkoma geçiripdi. Şolaryň on dördüsine order ýazyldy. On bäşinji Hanmämmedow Amanmyradyň adynady. Jaýlar paýlandy. Bir gün onuň kabul edýän güni bir ýaş çatynja geldi. Gelin dolup otyrdy. Bu gün – ertedi. Ýoldaşy hor, halsyz görünýärdi. – Hawa. Ol oglan müýnli gürledi. – Aga, men 15-nji gurluşyk-montaž uprawleniýesinden. Biz Gagariniň ugrunda jaý gurduk. On bäş jaý biziň uprawleniýämize berilmeli eken. Şol on bäşiň arasynda menem bardym. Nämüçindir, meniň adyma aýrypdyrlar. Nejep Hanmämmedow jaý paýlaýyş bölüminiň başlygynyň ýüzüne seretdi. – Ol näme üçin beýle? Jaý paýlaýyş bölüminiň müdiri munuň ýaly haýbata düşüşdi. – Hawa, şol jaý tabşyryldy. Şonuň otuz prosenti, şertnama boýunça, şol uprawleniýä degişli. Emma dört kwartira. Emma olar ýalňyş hasaplapdylar. Olara on bäş däl-de, on dört jaý degişli. Özleri prosent çykaryp bilmän adamlary gepe goýýarlar. Nejep Hanmämmedowiç geň galan bolup, ellerini serdi. – Bu jaýdan bolmasa, indikiden bererler, onda. Näme beýle darygýaň, ýaş ýigit. Ýaş ýigit elini-aýagyny ýitirdi. – Indi, men, men, bäş ýyl bäri agyr gurluşykda işläp ýörin, jaý diýip. Men, men, öňki saparam ät galdym. – Ol aýalyny görkezdi – Jaý beriljek diýip, kireýine oturýan jaýymdanam çykdym. Indi men nirä gideýin. Ol gelin hem gözüniň ýaşyny saçdy. – Jan agam, siziň ýanyňyza adalat bardyr diýip geldik. Gaýrat ediň. Bize jaýymyzy almaga kömek ediň. Jaý biziňki bolmaly. Başlygyň gahary geldi. – Gelin, sen ýaş başyňa, garnyňy irseňläp ýörmäge utanaňokmy? Aýyp bolar, aýyp bolar. Baryň, ugraň. Öz edaraňyzda çözlüşiň. Olar yzlaryna ugradylar. Gelin yzyna örüldi. – Hudaýym, seniň öz gyzyň hem umytly wagty meniň ýaly elewresin. Şeýtmese, Alladan razy däldirin. – Bu söz Nejep Hanmämmedowiçe kän bir ýokmady. Ýöne onuň ärinden soň bir gün hat geldi. Ol kömekçisiniň getiren gazetlerini görmek üçin poçtany eline alanda bir bukja elinden gaçdy. Hat «elin gowşurmaly» diýip ýazylypdyr. Ol hatyň gyrasyny gaýçy bilen kesdi – de, onuň gatlaryny düzedişdirdi. «Salam Nejep Hanmämmedowiç! Men jaý diýip siziň kabul edýän güniňize gelni bilen baran oglan. Siz maňa öz jaýymy bermediňiz. Soň anyklap görsem, ony öz kiçi ogluňyz Amanmyrat Hanmammedowyň adyna alan ekeniňiz. Bolup bilýär. Ine, indi maňa jaý derkar däl. Gelnim, şol güniň ertesi ýaş üstünden ýogaldy. Oguljyk öli dogdy. Jaýlary jennet bolsun. Özümiň hem güýçli inçekeselim bardy. Jaý alynjak diýip, gelnime-de bildirmän ýördüm. Sag öýkenimi kesdiler. Ýöne, men indi ýaşamajagymy bilýän. Meniň ýagşy umytlarym bardy. Sen olaryň baryny weýran etdiň, baryny. Nesip bolsa, bu dünýäde haklaşyk bardyr. Meniň arymy Alla üzlüşer. Siz görersiňiz. Men şony size ýazaýyn diýdim. Görmäne janyňyz sag bolsun...» Nejep Hanmämmedowiç gaty erbet boldy. Ol nämüçindir trubka ýapyşdy. – Ýaşuly! Onuň kömekçisi boýnuny uzatdy. – Inçekesel institutynyň direktoryny alyp ber. Ol köp garaşmaly bolmady. – Gurgunmysyňyz. Direktormy. Men Pajykow Juma diýen bir ýigidi sorajakdym. Telefon ep-esli dymdy. – Ýaşuly, şol oglan-a operasiýadan çykmady. Bir öýkenini aýyrdyk. Gyzgyny galyp başlady. Öte geçipdir, öte. Ikinji sapar operasiýa edildi. Operasiýadan çykmady. Garyndaşlary alyp gitdi. – Haçan öldi. – Üç gün boldy. – Bolýar, bagyşlaň. Ol trubkany taşlady. – Ölen bolsa, owarrasyna gitsin. Haramzada – diýip haty ýyrtyp, bukja saldy. Soňra hajathana baryp otlady-da suwa akdyrdy. Bu hat onuň gaharyny getirdi. Şondan soň ep-esli aýlap adamlary özi kabul etmedi. Orunbasarlarynyň bölüm müdirleriniň üstüne ýükledi. Üçinjisi Senem Aýlyýewady. «Ol Senemi söýdi. Onuň bilen Moskwanyň ýokary partiýa mekdebinde bile okaýardy. Olar her ýylda iki sapar bile Moskwa okuwa giderdiler. Senem önümçilikde işleýärdi. Ol tikin fabriginiň partiýa guramasynyň sekretarydy. Aşgabat şäher sowetiniň deputatydy Senem ýaşdy. Görmegeýdi. Adamsy « Türkmenistanyň XX ýyllary» zawodynda tokary bolup işleýärdi. Gazanjy gowudy. Adamkärçiligi ondanam gowudy. – Aýaly daňyp saklap bolmaz. Adamkärçilik, ar – namys her kişiniň özüne gerek. Git, işle, abraýyňy sakla. Ýöne aýagyňy gyşyk basan güniň men bilerin. Soň puşman etme. Ine, adamsynyň oňa aýdan sözi. Senem fabrige tikinçi bolup geçende aýdylan söz bu. Senem bäş ýyl tikinçi bolup işledi. – Aý, gara ýer ýaly garyp gyz-la, şundan zyýan gelmez – diýip, ony partiýa çlenmrgine kandidatlyga kabul etdipdi. Soňra çlen boldy. Ol başyny galdyrmady. Senemi bütinsonz konferensiýa delegat saýladylar. Ýaş gelin aýal-gyzlaryň arasynda boýnuny sallapjyk, göze ilmän, olar gitse gidip, gelse gelip ýördi. Konferensiýada gelenden soň ony telewizora çykardylar. – Meniň kommunistligimem, meniň partiýa konwerensiýasyna iberilmegimem diňe gowy işlesin, gowulykda görelde bolsun, adamkärçilikli bolsun diýip edilýän zat diýip düşünýän. – Işde nusga bolmaly-da – diýip, habarçy sowal berýärdi. – Elbetde, işde-de görelde bolmaly. Iň esasy zat, ahlakly, ynsaply, dogruçyl bolmaly. Şolar bolmasa sen işde iň öňde baranyňda näme. Ýa-da adamyň, çagalaryň bilen oňşuksuz bolup, işde gowy işläniň näme haýry bar. Işdem ýoldaşlaryň, goňşylaryň, tanyş – bilişleriň seni sylamasa saňa hormat goýmasa, diňe gowy işläp abraý alyp bolmaz. Şonuň üçin bir taraplaýyn däl-de tutuş görelde bolmaly. – Işde soň maşgalada işlere ýetişýäňiz-le. Ol ýylgyrdy. – Heý, ýetişip bolarmy. Meniň ýoldaşym işden aryp gelende oňa rahatlyk, eşret döretsem diýýär. Onuň halaýan süýjüje tagamlaryny taýýarlasam – diýýär. Çagajyklarymy artyk okatsam, artyk iýdirsem-geýdirsem diýýär. Emma işleseň göwnüňdäki ýaly edip bolmaýar. Onsoň aýal hökmünde, zenan hökmünde, ene hökmünde öz ýanyňdan kiçelýärsiň, kemsinýärsiň. Başaryp bolsa aýallary işletmeli däl. Sebäbi dünýäniň edebi, düzügliligi, bozuklugy aýala bagly. Aýal bozulsa dünýäni Allanyň özem sallap bilmez. – Näçe çagaňyz bar? – Iki oglum, iki gyzym bar? Şolar, adamym meniň iki gözümiň nury. Ömrümiň manysy... Bu gepleşigi ýokarlarda-da görüpdiler. Ideologiýa boýunça sekretar-a ony halamandy. – Ol nirä sokulýar. Aýallaryň işläni işlemäni, bilen näme işi bar. Otursun sokulyp öz fabrigine. Emma birinji başgaça düşünipdir. – Şonuň ýaly, pikirini açyk aýdyp bilýän zenanlary köpräk ýokary çekmeli... Ony bada – bat partiýa guramasynyň başga işlerden boşadylan sekretarlygyna saýladylar. Soň şäher sowetiniň deputaty. Moskwanyň ýokary partiýa mekdebiniň gaýbana diňleýjisi. Senem şonda-da başyny galdyrmady. Ýöne ol Nejep Hanmämmedowiçi halady. Onuň medeniýetliligine, agraslygyna hormat goýýardy. Kätä iş bilen onuň ýanyna gelerdi. Bir käse çaý içişerdi. Ondan okuwy üçin işleri alardy. Ol başlyk bolansoň ýazyp berýärdiler. Nejep Hanmämmedowiç onuň işleriniňem ýazyp, taýýar edip, goluny çekdirip iberýärdi. Nejep Hanmämmedowiç ondan hiç zat talap etmeýärdi. Beýleki, saýlawçylaryň sargytlary boýunça ýumuşlarynam bitirýärdi. Ol Moskwa gidilende-de Senemiň üstünden barardy. Onuň ýüklerini howlukman maşyna ýükledýärdi. Özem, deputatlaryň otagyndan geçirýärdi. Ýükleri barlamaýardylar. Olary özleri ýükleýärdiler. «Moskwada-da şeýledi. Wekilhananyň ýolbaşçylary maşyny samomtyň trapyna eltýärdiler. Maşynlyja eltip, ýokary partiýa mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýyna düşürýärdiler. Çemedanlary, ýükleri ýokarky gata çykarýardylar. Bu hormat Senemiň ömrüne gören zady däldi. Ol bu adamy görende, onuň öňünde özüni ýazykly hasap edýärdi. Ikinji kursyň gyşky sesiýasydy. Senem leksiýadan gelip, otag eşigine girdi – de çaý goýdy. Daşary sowukdy. Nejep Hanmämmedowiç henizem ýokdy. Ol agşamara geldi. – Nirede bolduňyz. Men-ä Moskwaly gelinleriň biri gözüňi-başyňy aýlap alyp gidiberdimikä-de – diýdim – diýip, Senem degşen boldy. – Ýok, SSKP MK çagyrdylar. – Senem käsesini elinde saklap durşuna, doňup galdy. – Käýedilermi? Nejep Hanmämmedow penjireden daşardaky burjy baglan baglara seretdi. – Ýok, käýemediler. Wezipe hödürleýärler. – O nähili wezipe? – Prezidiumyñ başlyklygyny Senem herekete geldi – de, gelip onuň elini gysdy. Soň öz myhmanyny çaýlady, suwlady. Agşam Senemi Nejep Hanmämmedowiçiň özi çagyrdy. Olar gijäniň bir wagtyna çenli ikiçäk oturdylar. Ýerde, türkmen halysynyň üstüne ýazylan saçagyň üstünde adyny tutan azygyň bardy. Senem käte owurtlap, şampan içen bolýardy. Emma soň – soň onuň başy aýlandy. Az – kem konýak içdi. Soň garym – gatym boldy. Ol oýananda Nejep Hanmämmedowyň gujagynda ýatanyny bildi. – Gara bagtym! – diýip, bir düýrükdi. Ýöne Nejep Hanmämmedowiç oýanandan soň, onuň meýline – de garşy gidip bilmedi. Duşuşyk, pynhan gatnaşyk Aşgabatda-da dowam etdi. Tomus bolsa olar edil är-aýal ýaly bolup ýaşadylar. Bu ýagdaý Senemiň aňyna-da, ynsabyna-da sygmaýardy. Adamsy hiç zat duýanokdy. Çagalar öňkisi ýaly, ejelerini gowy görýärdiler. – Men indi beýdip ýaşap biljek däl, Nejep. Näme etjegimi bilemok. Nejep Hanmämmedowiç loh-loh güldi. – Näme, ýaşaman. Gezýän bir sen däl-ä. Ýaşaber. Näzik göwüsbendini dakynyp durşuna, gözlerine ýaş aýlady. – Men beýle ýaşap biljek däl, düşünýäňmi. Eger, söýseň, ýygna meni. Eger söýseň, bolmasa indi goýaly şuny. Ol dözüm bilen: – Gäor, goýsak goýaýarys. Näme, meniň aýalymyň, çagalarymyň barlygyny bileňokmy? Men häzir aýrylyşyp seni alaýsam, meni nätjeklerine düşüneňokmy. – Wah, bilýän-le. Özüm-özümi oda okladym-da wah. Ol Ol dynç güni çagalarynyň hersini bir ýere iberdi-de, oňa bolan işleriň baryny gürrüň berdi. – Ine, indem seniň halal öýüňde beýdip, hapa, masgara halyma, aldap iki ýüzli bolup ýaşap biljek däl. Adamsy bu habary parahat diňlese-de, kem-kemden oda dümdi, gahar – gazaba mündi. – Beýtme, gaharlanma. Aýt jogabyňy. Özüň çöz. Adamsy agşam işden gelmedi. Ertesi agşam jaň etdi. – Sen, özüňe näme gerek bolsa al – da, öýden git. Senem razy boldy. Pasportyny, diplomlaryny, gyzyl şaýlaryny, pul kitapçasyny alyp, fabrigiň myhmanhanasyna gitdi. Ejem, Moskwa, ýygnaga gitdi – diýip, çagalary kakalaryna aýtdylar. Şondan soň Nejep Hanmämmedowiç hem Senemi idemedi. Ýöne üç-dört ýyldan soň oňa eplengi haty gowşurdylar. «Öýüň ýykylsyn, hudaýym. Meniň öýümi ýykyp bagtymy gara etdiň.» Nejep Hanmämmedowiçiň gahary geldi. – Jelep! Özüň guýruk buladyň. Gamyjy özüň iý! – diýip, haty mynjyradyp, urna oklady. Ýöne soň urnanyň görüläýmeginden ätiýaç edip, ony ony hajathana eltip ýakdy – da, külini suwa akdyrdy. Soňam ol gepi – gürrüňi ýadyndan çykardy. Ýaşap ýörse, adamyň başyndan her zat gelýän eken. Onda-da Nejep Hanmämmedowiç ýaly uly wezipeli köp ýyllap işlän adamyň başyndan köp waka geçýän eken. Nejep Hanmämmedowiç hem ilki ýaş boldy. Soň kämillige ýetişdi. Emma elli ýaşdan soň nämüçindir, ony oý – pikir basmarlaýardy. Ylaýta – da şol üç waka onuň hiç ýadyndan çykanokdy. Käte, dünýä, Alla, iman agzalanda, onuňam gapyrgalary syzylap gidýärdi. Ol bir sapar ýanyna bir iş bilen gelen Durdygylyç mollany öýüne çagyrdy. Giň saçagyň başynda iýildi – içildi. Molla tebärek dogasyny okady. Bu öý beýle owazy hiç wagt eşitmäni üçin bu sesden öýdäkiler üýşendiler. – Ene, kim öldi – diýip, Amanmyradyň ogly gorkup sorady. Enesi ony köşeşdirdi. – Mollo omyn edýär – dä - diýdi. Nejep Hanmämmedowiç öz matlabyny açdy. – Durdygylyç aga, sen meni gowy tanaýaň. Oglanlykdan bäri wezipede, onda – da köpüň gözüniň, diliniň ýetýän ýerinde otyryn. Näme, Döwlet işi – dä, her zadyň öz kada – kanuny bar. Ýagşylyk edeýin diýseň, şol kada – kanundan çykyp bolanok. Kanuna seretseň. Köpüň dilegi bitmän galýar. Şonuň üçin, näme, alkyşam alyndy. Garganlar ondanam köp boldy. Ine, indi elliden geçdik. Men nähili bolmaly, näme etmeli. Durdygylyç aga şerigatyň kanunlaryny düýpli bilenokdy. Şonuň üçin öý eýesiniň ýakaryna gürledi. – Sen, inim bir hyzmatkär. Eliňde wezipe bolsa-da, adamlaryň ählisiniň göwnüni alyp bilmersiň. Sebäp diýende, döwlet saňa wezipe berip ony nähili ýöretmegiňem kada – kanunyny berdi. Sen şol kada-kanuny bozsaň, günä bolar. Sen şol kada kanuny bozjak adam däl. Men saňa bele – dä . Ol jübüsinden bir topar gap çykaryp derman atdy. – Ownuk uşak günäň bolandyr, oňa toba et, sadakajyk ber. Eger eliňden gelse, haç zyýaratyny et. – Peýdasy degýänmidir?! – Wäh sen bir haç zyýaratyny et. Sen günä sogapda dünýä ýaňy inen bäbek ýaly bolarsyň. Günä galmaz... – Onsaň – diýip, ol ene-de umydygär bolup, saçakdaşynyň ýüzüne garady. Durdygylyç molla – da oňa garşy birki gaýta omzady – da: – Onsaň, üç sapar toba et, bolany. Hä bolany biz – ä öwredişleri şeýle. Nejep Hanmämmedowiç arkaýynlyk bilen uludan dem aldy. – Ol – a aňsat eken. OL – a – diýdi. – Ol – a Mekge ¬– medine, Men ýersalymyňa – da zyýarat edip bereýin . Ol mollany sylaglap, serpaýlap, gijäniň bir wagty ugratdy. Nejep Hanmämmedowiçi Arap ýurtlarya gidýän delegasiýa ýolbaşçy etdiler. Mazaly bu ýurtlaryň ilçihanasynda türkmen ýok eken. Bir özbek ýigdi bar eken. Olam bir zady ýogalyp, yzyna gaýdypdyr. – Mekgä zyýarat etme hyýalyň barmy? – diýip, Saud Arabystanynyň ilçisi ondan sorady: – Dynç güni, nirä gitsek, hakymyz bar. Nejep Hanmämmedowiç bu ukrain ýigidine tilki sapalagyny gurdy. – Aý, ýok – la. Men atýemst. – Ol birden janlanyp boldy. – Ýöne, şunça adam « mekge – medine» diýip heläk bolup ýör. Men şoňa geň galýan. Şol ýerleri görsem – ä, gowy boljak. Indi ikibaşdan gelipdiris – ä. Onuň ýüregi gürsüldedi. – Onda – da rugsat berseň. Bolmaýan bolsa, soňy gepli gürrüňli boljak bolsa... – Ýok, ýok. Hiç kim görmezem, bilmezem.Ýöne tutuş delegasiýa bolmaz. Nejep Hanmämmedowiçiň özem « tutuş delegasiýa gitsin» diýilse, «ýok» diýjekdi. – Ol bolmaz. Ilçi sözünde tapyldy. Ol arap ýigidini ýanyna çagyrdy – da, onuň bilen rusça gürleşdi. – Agaý Mekgäni, Medinäni görkez. Ýöne, ýöne zyýarat bolmasyn. Onuň gowy işi bar. Diýseň, diýmeseň Sowet Soýuzydyr. – Ol araby saklady. – Dur, onuň eşiklerini çalşyryň, soň gidiň. Özem, gije sagat on ikä çenli dolanmak şerti bilen... – Lepbeý. Ol myhmanhananyň özünde uzyn arap köýnegini geýdi. Başyna gyzyl çarşow matasyndan atdy – da, insizje gara parawuzy saýlady welin, ony ejesi – hä däl, aýaly – da tanap biljek däldi. Ine, bir arabyň bar, elinde tesbi, gözünde äýnek. Ilçiniň özem ony guman etmedi. Nejep Hanmämmedowiç mekgä baryp yhram eşigine girdi. Zyýarat etdi, bir ymamyň ýolbaşçylygynda namaz okady. Abyzemzem suwundan içdi. Sapa – şerwe arasynda ylgady. Ýene-de zyýarat etdi. Onda Arafat dagyna, minä jülgesine bardy. Şeýtana daş atdy. Soň Medinä baryp, doga – dileg etdi. Şeýdibem, gijäniň bir wagty gaýdyp geldi. Onuň nirede bolanyny, näme edenini ilçiniň özem duýmady. Soň ony bir sapar Izraile on günlik gidýän delegasiýa goşdular. Ol ýerde onuň «towguna tok» diýýän adam ýokdy. Gaýta, onuň zyýaratyna begenýärdiler. – Ýersalime zyýarat edipsiň-dä! – diýip, onuň bilen hezil edýärdi. – Zyýarat nire, oňat bina, haýran galdym. Başga nirä gideýin. Ol Eýranda bolanda ymam yrzanyň mazaryna-da bardy. Synlady, ýöne daşyndan el galdyrmady. Myhmanhana baransoň, Durdygylyç mollanyň öwredenlerni içinden gaýtalap, omyn etdi. | |
|
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |