20:05 Haklaşyk / powestiñ dowamy | |
* * *
Powestler
Nejep Hanmämmedow tabçanyň üstünde, äpet ýassyga gyşaryp, arkaýyn dynç alýardy. Ol indi öz möwritini geçiripdi. – Bäý-bä, kyrk ýyl işläýipdirin. Kyrk ýyl. Şol kyrk ýylda onuň iş ugrundan armany galan däldir. Özi özünden däl, döwletem ondan razy bolandyr. Lenin ordeniniň ikisini, «Halklaryň dostlugy» ordenini aldy. Tas, geroýam bolýady. Ýöne... Ol şu döwürde ýaşama kemini goýmady. Ýaşady, sürdi. Dünýäniň köp ýurduny gördi. Köp seýiller etdi. Köp kurorta gitdi. Ol şu döwürde, şu ýaşynda döwlet maşynyndan düşen däldir. Ol deputatlygynam gördi. Iki sapar soýuza, ýedi gezek respuplika deputat boldy. Jaýy, puly özi paýlady. Şu ýaşan ýaşynda ol işde döwletiň düzgün – nyzamyny bozmady. Ol şu ömründe Mekge – Medinä – de, Ýersalime – de, Ymam Yrza – da telim gaýta zyýarat etdi. – Indi, hudaýa şükür, aýaly Akja gül ýaly işläp ýör. Ogly Sergeý Moskwada, gyzy Galina, kiçi ogly Amanmyrat gül ýaly işläp ýörler. Kem zatlary ýok. Onuň şu ömründe gormedik zady ölüm, ajy habar, maşgala hasratydy. Ol bu belalar adam başyna inende, haýran galýardy. «Adamlar nädip şeýle betbagtlyga ýol berýärkäler? Nädip, maşgalany dargadyp bilýärkäler» diýip, howsala bilen oýlanýardy. – Beýle zat bolma-za, how. Bolmaz. Ýol berip bolmaz beýle-beýle eden etdilige. Ol öz aýalyna guwandy. Akja kliniki institutda wraç bolup işleýärdi. Özünden ýigrimi ýaş töweregi kiçidi. Ýöne, eýýam ylymlaryň kandidatydy. Häzir doktorlyk derejesiniň üstünde işleýärdi. Nejep Hanmämmedowiç tertibi gowy görerdi.Ýöne öýünde ýumşakdy. Öýde bar zat aýalynyň elindedi. Dogrusy, häzir onuň özi çaý işjegem bolsa, şu öýdäki hyzmatkär aýal bolmadyk bolsa, oturybermelidi. Ot nirede, ojak nirede çäýnek nirede, atymlyk çaý, duz, çörek nirede biljek gumany ýokdy. Oňa bilmegem gerek däldi. Işde, onuň agzyna tutýardylar çaýy, kofeni, nahary. Ol üç wagtyna iýmäni gowy görýärdi. Nahar iýip, iki sagat ýatýardy. Soň duşa düşünip, çaý içip, soň stoluň başyna geçýärdi. Ine, indi Akja bilen ýigrimi ýedi ýyl bäri bile ýaşaşyp ýör. Şu döwürde ol «adamym azar berdi» , «puly nämä sowanymy sorady», «nirä gitdiň» diýip hasabat sorady diýip aýdyp bilmez. Nejep Hanmämmedowiç irden turup, sagat ýedi bolmanka işine gider. Agşam sagat dokuzlara işden geler. «Wremýany» görübem ýatar. Bolmasa öýe gelen myhmanlary kabul eder. Soňam öz otagyna gidip ýatar. Şenbe, ýekşenbe günleri Pöwrizä gider. Akjanyň öz güni, öz durmuşydyr. Ol Nejep Hanmämmedowiçden kem däldir. Çagalaryny hyzmatkär ýaly ekländir. Bu gün meniň konferensiýam bar. Bu gün meniň kitaphana gitmeli günüm. Bu gün ylmy işimi ara alyp maslahatlaşjaklar... Olam äriniň öz ýany bir ýerlerden tapylyba gelýärdi. Äri Moskwa, beýleki ýerlere komandirowka gitse-hä ol hem komandirowka giden ýalydyr. Iki, käte üç günläp ol käwlenmez. Bir ýerlerden jaň eder. – Tete, Olýa, çagalar nähili? Bizem başagaý. Men bararyn. Ýesli, çego, özüň jogap berersiň. Hyzmatkär aýal bu öýüň düzgününe düşünmeýärdi. Gyzlary Galina ýanyna bir ýigidi alyp gelip, haçan görseň haha – haýda, waha – haý bolup oturandyr. Olar aragam bolsa gaýtmaz şerabam bolsa. Uly otaglary Sergeý-ä Moskwanyň Bauman adyndaky ýokary tehniki yçilijesini tamamlap, Türkmenistana ýekeje sapar gelipdi. Onam tanar ýaly däldi. Jylk sary, tirýeki ýaly bolup, hiç kim bilen gepleşmedi. Ol indi türkmençä – de kän bir düşünip baranokdy. Soň ol Moskwada toý tutdy. Marina diýip bir gyza öýlendi. Ogullary boldy. Olar bir saparam Aşgabada köwlenenokdylar. Kiçileri Amanmyrat şikeslidi. Bir eli çagalygyndan bäri ösmeýärdi. Doglanda elinden çekip, bir şikest ýetirilipdi. Bir ganymady şolardy. Olar hem dört otagly jaýda aýaly Merýem bilen bile ýaşaýardylar. Alişir diýip, allanäme ogullary bardy. Ýöne hyzmatkär aýal bularyň gyzyny hiç halamaýardy. Ol uniwersitetiň ýuritiki fakultetini tamamlapdy. Kakasy ony ýokary suda, kadrlar bölümine işe ýerleşdiripdi. Bu öý yrsgally öýdi. Azyk näçe diýseň bardy. Emma tertip ýokdy. Haýyp ýeri, muny Nejep Hanmämmedowiç bilmeýärdi. Ol bilibem biljek däldi. Ol ylym bilen işleşýän adama şeýle köp wagt gerekdir öýdýärdi. Çagalarynyň, aýalyny terbiýeliligiň, medeniýetliligiň baş nusgasy hasap edýärdi. Ol ine, şoňa ynanýardy. Akja alňasap öýe girdi. – Öýde kim bar? – Onuň gözi öýde goýlan sekiniň üstündebagtyýarlyk bilen gyşaryp ýatan adamsyna düşdi. – Geldiňmi?! – diýip, Nejep Hanmämmedowiç, ýassygy gapdala süýşürdi – de, ýerinden turdy. Akjanyň ýüzi kölegelidi. – Näme aladaň bar-a. Akja elindäki owadan sumkajygynysekiniň üstünde goýdy, ýöne onuň bagyny elinden sypdyrmady. – Galýa keselhana düşüpdir. Işe jaň etdiler. Nejep Hanmämmedowiçiň giň, owadan ýüzündäki gür gaşlary hüşşeren ýaly boldy. Onuň alma ýaly ullakan owadan gözlerine howsala indi. Ol henizem gap – gara saçyny gaýta – gaýta yzyna daraklady. Gyşygrak alpy dodaklaryny müňküldetdi. – Özi, eýgilikmi? – Ol jübisinden döwlet edaralarynyň telefony çap edilen kitapjajygyny çykaryp, içeri bakan «şol telefony getiriň» diýip gygyrmaga taýýarlandy. Emma Akjanyň ýüzüne garany gowy boldy. Akja pugta reňklenen dodaklaryny berk gyzyp: «Dur, sen hiç zada düşüneňok. Howlukma...» diýen manyda ýumrugyny oňa, soňam içerä tarap galgytdy. – Eýgilikmi, özi? Akja ähli zady birden aýdyp bilenokdy. Ol adamsyny bu gürrüňe taýýarlamalydy. Şonuň üçin ony öýe çagyrdy. Olar ýaşulynyň otagyna gelensoňlar, Akja işigi ýapdy – da, tapyrdap başlady. – Bu gyzmy, ony öldürseňem azdyr... Ýaşuly düşünmedi. – Haýsy? Haýsy gyzy. Akja ýüz – gözüni çytyp, elini bulady. – Öz gyzyňy. Galýany... Ýaşulynyň gözleriniň hanasy giseldi. – Hä, hä? – «Mamoçkaoglan gowy.» «Mamoçga bul oglan gowy». Mamoçga ol oglan has gowy». Ine, indem şol gowulygyň rezustaty. – Näme ahyryn? – diýip, ýaşuly özelendi. Akja dyzyny urdy. – Göwreli çagasy boljak. – Kimden. Akja buruljyrady. – Şony bilenok-da. Bir Ýuradan, diýýär. Bir Sergeýden. Sergeýi guran. Ýaşuly haýran galdy. –Akja, çanym, ol heniz äre baranog – a. Biriniň başyny tutman, o nähili Sergeýden, Ýuradan... Akja oýa batdy. – Gepem şonda – da. Men ýogsa nämä ýanýan. Ýaşuly oturgyjyň aýagyna uran boldy. – Ol nähili? Ol bolmaz. Il – gün näme diýer. «Nejep Hanmämmedowyň gyzy äre barman, oýnaşyndan köle dogrupdyr» diýmezlermi? Hany namys. Ýaşuly erbet titredi. Emma Akja gazap bilen ýerinden galdy. – Goý. Bar, git sen, aryň – namysyň bolsa. Ol yzyny aýtmady – Saňa ar – namys gaýgy. Maňaçagamyň jany gaýgy. Ýaşuly gazap bilen ýerinden turdy. – Sen, sen ejesi ahyryn. Näme üçin seretmediň. Näme üçin maöa aýtmadyň?! – Ine – de, ine, saňa bir zat diýseň. Derrew gan – da – pyçak boluşmaly aýtsaň. Sen näme aýalynyň, çagasynyň derdini diňleýän doňuzmy. Ýaşuly gazaba mündi. – Maňa doňuz diýmersiň. Özüň esgi. Küntüden bolan künti, men doňuz bolýan bolsam. Senem, kölekeş gyzyňam ýok ederin. Akja ýüzüni sallap oturdy – da, birden ýumşak gepläp başlady. – Soň gygyrşaly. Häzir meseläni çöz. Çaga ulumyş. Kesip alaly diýýärler. Sen näme diýýäň. Ömrüňde bir gezek öz çagaň ykbalyna gatyş. Näm – me diý – ýä – äň, aýt! Nejep Hanmammedowiç elini silkip, otagyndan çykyp gitdi. Şol gün çaga doguldy. Üç günden soň Galinany öýe getirdiler. Ýöne bu waka ýaşulynyň ýüreginde berç baglady. Ony agraltdy. Ol birhili, garran ýaly boldy. * * * Ondan bäri üç aý töweregi geçipdi. Ýaşulyny prokrotura çagyrdylar. – Ýaşuly, bagyşlaň! – diýip, saryýagyz türkmen ýigidi, oňa oturmaga ýer görkezdi. – Bagyşlaň, ýokary arza düşüpdir – Ol ýigit ýokary diýende, başam barmagyny görkezip: «birinjä» diýen manyny berdi. – Arza gomuz. Ýöne faktlar dogry barladyk. Nejep Hanmämmedowiç geleli bäri özüni mazamlap, it ýylgyryşyny edip otyrdy. Ol Senemi göz öňünde tutýardy «Şol ogly bar» diýer öýdýärdi. Oňa sözi taýýardy. «Özi aslyşdy çaga meniňki däl.» Diýmelidi. Şonuň üçin ol ýaş ýigide ýüzlendi. – O nämäniň arzasy? Tanşyp bolmazmyka? Ýaş ýigit onuň öňüne bir kagyzlyk haty oklap göýberdi. Hat ýokary ýazylypdyr. «Nejep Hanmämmedow Aşgabat şäher ispolkpmynyň başlygy wagty eden – etdilik baryny etdi. Ol ogullarynyň, gelinleriniň, gyzynyň adyna jemi alty kwartira aldy. Adamlar ýaşanaga jaý tapman kösenip ýör. Emma onuň alan jaýlary boş dur. Birinji jaý, Moskwadaky olunyň adyna. Kemine – 135, kb 32. Buýruk 123. 197... ý. Ikinji jaý, Moskwadaky gelniniň adyna. Şaumýan, 215, kb. 2. Buýruk 336. 197... ý. Üçünji jaý gyzynyň adyna, Mir – 1, g. 5, kb. 36. Buýruk 13. 197... Dördünji jaý, kiçi oglunyň adyna, Mir – 2/2, dom 34. Kb. 5. Buýruk 412. 198... ý. Bäşinji jaý, gelniniň adyna «Gaudan» B. Dom 18. Kb 18. Buýruk 67. 198... ý. Altynjy jaý, aýalynyň adyna. Mir 2/2,dom 1. Kb 118 –119, bäş otagly, iki kwartira. Häzirki wagtda şu jaýlaryň dördüsinde adam ýaşanok. Özi goşalandyrylan howluda ýaşaýar. Şeýle adamlaryň jaýy türme. Jaýlary elinde alyp, halka paýlamasaňyz, biz «Prawda» gazetine, SSKP MK arz ederis. Işçileriň bir topary... Ýaşuly sesini çykarmady. – Dogrumy? – Dogru – la. Ýöne olar hem SSSR – iň graždanlary ahyryn. Olaryň hem jaý almaga kanun tarapyndan, konstitutsiýa tarapyndan haklary bar. Olaryň öz emlägi. Ony ellemäge hiç kimiň haky ýok. – Onda, Moskwada ýaşaýan, Türkmenistanyň garasyny görmedik gelniň jaýy näme? Oglyň jaýy näme? Olaryň moskwada gül ýaly jaýlary bar Şoňa – da ýazylan. – Olar, olar... Ýaş ýigit onuň öňüni aldy. – Aýalyňyzyň adana iki kwartirany bir order bilen alypsyňyz. Ilki bilen – ä oňa jaý almak bolanok. Siziň howlyňyz şu adamlaryň ählisine ýeterlik. Ol jaý hem segsen kwadrat metr – ä. Bir adama onça meýdançany bermek bolanog – a şeýle «Susagyň sapy elime geldi» diýip, munyň ýaly dargadybermeli dälmikä diýýän. Ýöne kanuny şu menden gowrak bilýän bolmaly.Ýaşuly ýüzüni sallady – da, hümür – sümür etdi. Soň gepledi. Ýaş ýigit sürnüp başlady. – Jaýlary gowluk bilen tabşyrmaly, ýaşuly. – Kime? – Ol gözüni mölertdi. – Döwlete. Gowulyk bilen. Bolmasa sud etmeli. Suduňam size abraý bolmajagy belli. Ýaşuly dymdy. – Ertir orderleri alyp geliň. Delolňyza çatarys. Özüňizem, arza ýazyň. «Men şol jaýlary meýletinlik bilen döwlete tabşyrýan» diýip. Ýaşulynyň üstüne dünýä düňrerilen ýaly boldy. Indi onuň guran binasynyň iki sütüni opyrlypdy. Ol oglunyň, gyzynyň ýaşaýan jaýlaryndan beýleki kwartiralaryň orderini prokrotura eltip berdi. Onuň bar begenji şu jaýlardy. Kyrk ýyla işlän döwrüni göz öňüne getirende «Oglanlary okatdym. Özler – ä däl, çagalary hem jaýly bolar ýaly etdim» diýip oýlanýardy. Onuň bar begenji şoldy. Emma... Bela bir depäňden inse, goşa geler eken. Nejep Hanmämmedowiç iki sany uly belany başyndan geçirip, birden garrap galdy. Onuň gara saçlary jaýy alnan gijesi birden agardy. Alkymy sallandy. Arkasyna agyr daşly horjun ýüklenen ýaly boldy. Bu uly hasratlar Akja – da erbet täsir etdi. Onuň indi öýe gelesi gelmeýän ýalydy. Öýe gelse – de, telefonyň ýanyndan aýrylanokdy. Telefon aldygyna jyrlaýardy. Hyzmatkär aýal alsa – da, ýaşuy alsa – da edil bir lal alan ýalydy. Emma Akjany görse, bilbil ýaly saýraýardy. – Näme, how, mydy – mydy edip, kän gürleşýäň. Bes edäý – diýip, güni bilen ýekesiräp oturan ýaşuly aýalyna iňirdäp başlady. Nejep Hanmämmedowiçiň hakykatdan hem içi gysýardy. Ol şäher ispolnitel komitetinden ýaşy birneme ötüşip, pensiýä çykmanka «Oňa giderin, muňa giderin» diýip pikir edipdi. Agşamara aýaly bilen sallanyp teatra gitjekdi. Myhmançylyga barjakdy. Özüne ýar – y – ýaran gazanjakdy. Emma ol ýalňyşýan eken. Indi ondan dost, ýar diýen – ä däl, öz ogly, gyzam , hatda aýalam bizardy. Ol gyzyny öýden kowan ýaly etdi. Oňa ýüz bermedi. Neresse çaganyň ýüzüne – de seretmedi. Indi bu öý gyzy üçin zyndandy. Onda garyndaş diýen zat ýokdy. Dost bolup, dost hem ýokdy. Öň wezipe boýunça dostsyran adamlar hem ony görselerem görmedik bolup geçýärdiler. Onuň hümürdeş, gürrüňdeş nireden bolsun. Aýalam, näme, göreniň Akja. Bir görseň sag ýaly, bir görseň däli ýaly. Ýaşuly şonuň üçin güni bilen içini hümledip oturýardy. Ony, hatda, toý edýän goňşularam ýatlaýanokdylar. Gyzy ärsiz çaga dogrup, jaýlary prokroturanyň üsti bilen zorlanyp elinden alnansoň –a, ol çökdi. Hatda, gelnine – de görnesi gelenokdy. Şolam bir zat diýäýjek ýalydy. Telefon jyňňyrdady. Hyzmatkär aýal trubkany galdyrdy. – Bar, bar – Ol apparaty göterip sekiniň üstüne getirdi. – Sizi soraýarlar. – Kimkä? – Ol trubkany ýerinde goýdy. – Men indi nirä gideýin. Nämäniň maslahaty çykdy, ýene... Hyzmatkär aýal ylgaşlap geldi. – Maňa bir zat buýurduňyzmy, hojaýyn. – Telefony äkit. Hyzmatkär aýal «görsen-e ýadymdan çykaryşymy» diýen manyda, eli bilen kellesini görkezdi-de, apparaty göterip gitdi. * * * Akja giç geldi. Üstünden bir mytar ys gelýärdi. – Dogtara bardym, öý işigine girip sekä çykdy. Soň hyzmatkär aýal agşamlyk getirip, saçagyň üstüne goýýança sesini çykarmady. Ýaşuly aýalynyň ýüzüne garady. «Ýaş, zaňňaryň heleýi. Şu mahal basan ýerinden ot çykýan döwri». Ol ene bir zadyň pikirini etdi. Adam nähili jandar. Ol raketada adamy aýa çykardy. Dünýäniň ol ujy bilen telefonda gepleşip otyr. Telewizory ýasady. Emma ýanynda oturan aýalynyň näme pikir edýänini bilip bilenok. Munyň beýle bolaýşyny. Aýak ýygnandy. Akja gepläp başlady. – Amanmyradyň gelnem – ä ene syrtyny bulap başlady. Nejep Hanmämmedowiçiň arkaýyn ýeri Amanmyrat bilen gelnidi. Onuň bar begenji, buýsanjy şulardy. Ol aýalynyň ýüzüne howsalaly bakdy. – Näme gep tapýarka, Mütrük ýaly bolup. Öýi öwzary bar. Gül ýaly äri, çagasy gowy işi bar. Akja nahara güýmenen boldy. – Bilmedim – dä, bilmedim. Ýaşuly çemçesini çorbaly tabagyň içine atyp goýberdi – de başyny gaharly göterdi, dogumlylyk bilen garady. – Nejep, sen şeýtme, sen çagalaryň gürrüňini etmeli bolsa, guduz açana dönýäň. Gel, ýuwaş, ýumşak gürleşeli. Emma ýaşuly hem diliniň ujuna gelen ajysyny süýjedip ýetişmedi. ¬– Sen, en – ä, sen bilmel – ä, köçe – köçe syryp ýörmän. – Men köçe syrýan däldirin. Ýaşulynyň gahary bokurdagyndan çykdy. ¬– Sen, sen, heleý, köçe syrýaň, telefonda mydy – mydy eden bolup. Men seniň haýsy köçäni syrýanyňy bilerin. Sen pikir etme, «Nejep bir lagar düşen göhertdirl – ä» diýip. – Ine – dw, seniň bilen çagalar barada gürrüň etseň. Ine – de... – Ol tasanjyrap, tapjandan düşüp gitdi. Soň, saçak ýygnalyp, garaňky mazaly düşenden soň ene geldi. – Ogluň bilenem, gelniň bilenem özýň gürleş. Sen diýlen adam doň ene meni gara donly edersiň. Özüň gürleş, şonuň üçin. * * * Nejep Hanmämmedowiç Amanmyrat bilen gelnini ýörite jaý edip, öýe çagyrdy. Emma üç gün garaşsa – da, ne gelin geldi, ne – de ogul. Onsaň «aý şular – a işden gelendirler – ow» diýip, agşamara olara bardy. Ine, dört ogly oňat öý. Içi gül ýaly. Iň soňky derejelerde bejerilen. Şu döwrüň iň gowy mebelleri, tutulary bilen bezelen. Içi durşuna türkmen haly. Radio, telewizor hem täp – täzeje. Hatda, lýustralaryna çenli daşary ýurduň iň gymmat önümleri. Aşhanasy, hammam jaýy ýedi ýyldyzly otelleriňkiden zyýat bolmasa pes däl. Ol gelnini tanamajak boldy. Öňki oba gyzy, indi saçyny kesdiripdir, gaşyny ütdüripdir. Ýüzi, gözi durşuna reňk. Öýüň içinde ýarym – ýalaňaç. Gaýynatasy geldimi, gelmedimi azaryna däldi. Ogly bilen gürleşen bolup, ogluna käýýän bolup ýördi. Orta saçak ýazylmady. Çaý gelmedi. Ýaşuly Amanmyrat geler öýdüp garaşdy. Emma ol tamasy çykmady. – Amanmyrat gelmezmikä? Gelin tasanjyrap gepledi. – Bar, ony özünden soraň. Men näbileýin. – Näme beýe? Gelin gözigatyjady. Näme sorasaň şart – şart sözläp başlady. – Her kimiň öz durmuşy. Onuň öz durmuşy, oglum ikimiziň öz durmuşymyz. Ýaşuly gelniniň äheňini halamady – da, oňa gatyrak ýüzlendi. – Gelin, sen maňa gödek – gödek jogap berme. Meniň ýaşymy syla. Gel, şu ýerde oturyp gürleş, meniň bilen. Oturma nire? Gelin, çykdy – da, ýaşulynyň otagyna soň gaýdyp girmedem. Ýaşuly ýene adamçylyk etdi. Aşhana, gelniniň gapdalyna baryp oturdy. Gelin aglaýardy. – Ýeri, näme boldy. Ýeri... Gül ýaly durmuşyňyz bar, gül ýaly öýüňiz bar. Gelin boýnuny ýaşulydan ters öwürdi. – Men, mundan artyk ýekeje minidem ýaşajak däl, ýekeje minidem. – Ol gözüni halatynyň syny bilen süpürdi. Şonda halaty serpilip, butlaryna çenli görnüp gitdi. Emma ol oňa ünsem bermedi. – Maýyp meýit bilen ýaşajak bolup gül ömrümi kül etdim. Şunça ýyl çydadym. Indi, görmeg – ä däl, ýadyma düşse-de ýüregim bulanýar. Ýaşajak däl. – Bu içerini gurmak üçin... Gelin ony gürletmedi. – Han – a içeri, islän zadyny alyp gidibersin. Wah, diýmegin. Nejep hanmämmedowiç soňky «topuny» atdy. – Gül ýaly oguljygyňyz bar, gül ýaly, ony ýetim goýmak, ony... Gelin onuň sözüni agzyndan kakyp aldy. – Çaga ondan däl. Ogluňyz tök. Oglanyň atasy bar. Onuň bilen işiňiz bolmasyn. Ýaşuly köp adamlary görüpdi. Olaryň arasynda gowularam kändi, erbetlerem. Emma beýle gözigaty, beýle zulum adamy, görmändi. Şonuň üçin «indi gelin gidenime görä, inini bir tisgindireýin – le» diýip, gaharly gepledi. – Sen gelin, beýlesiň öýtmändim, beýlesiň... Sen, sen, gatyja gitýäň, «ogul başga birinden, ogluň tök» diýen bolup. Aýrylyş, aýrylyş. Ýöne, men jaýdan gümüňi çekerin. Köçä taşladaryn. Geliniň gözi gazaply ýandy. – Jaý, öz adyma. Jaýyň golaýyna bir geliň. – Ol ýerinden turdy-da, göni garaçygyna seretdi. – Pikir etmäň. Öňki wezipede wagtyňyzdaky ýaly, edeniňi edip ýörmelidir öýdüp. Tumşugyňyza öňki kakylanyny az görseňiz, ýene-de kakylar. Siziň şol arzada görkezenleriňizden başga – da pohuňyz kändir. Sähel, hytdy – pytdy etseňiz, ol sim açylar. Ýaşuly tisgindi. – Haýsy arzada, haýsy arzada?!. – Özüňiz gowy bilýänsiňiz, haýsy arzadygyny. Ýaşulynyň bir zat ýadyna düşen ýaly boldy. – Hä, indi boldy, gaty belet adamyň işi diýdim – le, gaty belet adamyň. Ganym öz aramyzdan dörän eken. Öz aramyzdan... Ol bir salym ýaýdanyp durdy – da, işige ýöneldi. – Men, men saňa uly döwlet gurup berdim. Sen ony weýran etdiň, gelin. Sen ony oýnaşhana öwürdim diý. Sen, sen haram kelçin, döwletimiň bir sütünini syndyrdyp. Sen haram köläň bilen, haram köläň bilen, jähenneme git, tf-u-uw. Ol gazabyna bäs gelip bilmän işikdäki poly depdi. – Goser, aýalyňy oňarsan – aý – Gelin ol çykyp çykmanka, işigi batly ýapyp goýberdi. Ýaşuly onuň şu sözleri, şu sözleri agyr degdi. Şu sözler onygarratdy, lagşatdy. Gelniň öz äri bardy. Gyzyň öz durmuşy bardy. Emma aýal onuňkydy. Aýaly ol ele getirip, uýanyny, elinde saklamalydy. Emma, emma... – Wah, wah... Ýaşuly bir gysym bolup, ulaga – da münmän, gözüniň gören ugruna gitdi. – Gör, kim eken, meniň aýagymy gazan. Gör, kim eken. Wah, wah, goltugymda ýylanlar saklapdyryn. Ömrümi puç geçiripdirin. Ony der basdy. Howa ýetmeýän ýaly boldy – da. Entirekledi. Soň baryp ýoluň gyrasyndaky salmajyga aýagyny sallap, ýan ýoluň gyrasynda oturdy. Gelniniň «bar, öz aýalyňy oňar» diýen sözi Nejep Hanmämmedowiçiň gulagynda indi bir aýdan hem gowrak wagt bäri ýaňlanyp durdy. Özi bolsa Akja bilen gpleşmeýär diýen ýalydy. Arada-da aýaly bilen erbet sögüşdi. Şonda aýalyna diýmeli sözlerem diýdi, diýmesizinem. Ahyr soňunda, öz ýanyndan ähli günäni aýalynyň üstüne jemledi. – Mende – de günä bolandyr. Emma munuň Mekkge – medinesine goýmadym, munyň ýersalymyny goýmadym. Ymam yrzasyny goýmadym. Baryny ýuwdum ahyryn. Emma, diýmäýin diýsem, bu haram ganjyk, meniň işlidigimden peýdalanyp, öýümem, döwletimem weýran edipdir, weýran. Ol gygyryşan gününiň ertesi hyzmatkär aýalyň – da rugsadyny berdi. – Gykylyk – galmagalyň şaýady bolmakdan başga edýän işi ýok. Özüň bişirersiň naharam, beýlekinem. Akja sesini çykarmady. Ol elliniň birisinde başyna inen bu beladan öý hyzmatkärini aýyrmak bilen dynsa, müňdebir razy boljakdy. Ýaşuly ýörite adam çagyrdyp öz kabinetine, papjana telefon linýasyny çekdirdi. Oňa ses – selemsiz apparat goýdurdy. Onuňam üstüni hemişe ýassygy bilen basyryp goýýardy. Akja näm üçindir, soňky günler telefonyň ýanyna baranokdy. Ýöne günde üç – dört gaýta jaň edýäniň erkek adamdygy belli boldy. Bir sapar Akja ýokga telefon jyrlady. Ýaşuly trubkany göterdi. – Akjam, janym, mähribanym, sendigiňi bilýän. Ezizim, beýtme. Beýtme. Men seniň bilen ýigrimi bäş ýyl ýaşadym. Ýigrimi bäş ýyl. Oglumyzyň hormatyna. Düşünýäňmi? Amanmyratjanyň hormatyna sen meni bagyşla, janym... Aşyr onuň öz adam eden oglanydy. Özüne orunbasar edipdi. Soňra ösdürip goýberipdi. Häzir ol Ministrler Sowetiniň başlygynyň orunbasarydy. «Ýigrimi bäş ýyl ýaşaşýar, ýigrimi bäş ýyl!» – Wah, men aýalymyň oýnaşyna «oglum» diýip ýörüpdirin. Wah, men, haram çaga. Bir salymdan Akja taksiden düşdi-de, şol jaýa sümülip gitdi. Ýaşuly yzyna-da bir gaýtjak boldy. Emma namysly gabanjaňlyk onuň ädimlerini yza ätmedi. Ýarym sagatlardan soň ol hem şol jaýa tarap ugrady. Işigi batly – batly kakdy. – Açyň, işigi ýadan – Ol Işik bäş minutlardan jarka açyldy. Işigiň aňyrsynda Aşyr Nuryýewiçiň ýylmanak, derlänmi, ýaglymy, ýüzi ýalpyldap gitdi. Ol «oh-o-o!» diýdi – de bir owsunyp, soň nämedendir bir zatdan heder edýän ýaly, erbet düýrugip, işigi ýapjak boldy. Ýaşulynyň bir aýagy eýýam daşardady. Ýere düşelen ullakan el halynyň üstünde iki sany ýassyk gözgyny halda mymjaryp ýatyrdy. Ýaşuly içerini gözleri bilen eledi. – Hany, ol? Aşyr Nuryýewiçden ses çykmady. Nejep Hanmämmedowiç wannanyň gapysyny itdi. Gapy açylmady. Ýaşuly iner ýaly göwresi bilen gapyny bir depende, gapy şakyrdap gitdi. Onuň içinde Akja: köýnegi, beýleki içgi geýimleriniň toplumyny göwsüne uýat ýerine tutup doňup durdy. Nejep Hanmämmedow alalynyň ýüzüne ähli ýigrenji bilen seretdi – de, tüýkürip goýberdi. – Ine, indiň dälmi, öz kimligiňi. Özüni, ojagyny, bagtyny, döwletini, yrsgalyny kimiň haram edendigini, indi bildiň dälmi, eý, sen ýurt jelebi, tf-uw, seniň bir emjegiňe s... Ol yzyna öwrüldi. Aşyr Nuryýewiç ýüzüni sallap, iki işigiň arasynda sör – söbe bolup durdy. Ýaşuly ol adamyň ýüzüne nebsagyryjylyk bilen seretdi. – Men seni öldürerdim. Ýöne şol künti jelep üçin elimi gana urasym gelenok. Sen kim, ol jelep kim? Kim saňa çörek berdi. Kim seni adam etdi. Sen, lolynyň dogrup taşlany. Özüňi bokuň içinden çekip alyp beýik adam edeniň aýalyny azdyrdyňmy? Meniň namysymy, arymy sen goramaly dälmidiň, aý haramzada. Bary haram bolsun. Ikiňize – de. Bary, bary, bary, tf-uu-w! Ol dälirän ýaly bolup, amrap işigi batly ýapyp gitdi. * * * Öňki hyzmatkär aýal öýe jaň etdi. – Ýaşuly salam. – Ol jogaba-da garaşmady. – Aýalyňyz, Akja hanym keselhana düşüpdir. Gyzyňyz öýünde sirkemi, kislatamy, zähermi, bir zat içipdir. – Galina, gyzyňyz aglap jaň etdi. Agyrmyş. Sizi soraýarmyş. Ýaşulynyň gany depesine urdy. – Jähenneme gitsin. Gaýdyp maňa jaň etme. Wraçlary aladalarynyň ählisini puç eýläp, Akja amanadyny tabşyrdy. Ony gijäniň bir wagty öýüne getirdiler. Ýaşuly gaharlydy. Akjanyň kakasy, doganlary gözlerini ýaşardyp, sekiniň gyrasynda aýaklaryny sallap otyrdylar. Olaryň ähliniň başy gaplydy. Öýde aýallar aglaşýardylar. – Moskwa habar edildimikä? – diýip, Akjanyň uly agasy ýaşulynyň ýanyna gelip sorady. – Sergeý ýegene habar etmeli. Akja ony gowy görýärdi. – Bilmedim-dä. – Ýaşuly şu geleňsiz sözi aýtsa-da, öz otagyna gidip adres ýazýan bloknotyny alyp geldi. Telefon apparaty tabçanyň üstüne getirildi. Ýaşuly oglunyň Moskwadaky öýüniň telefonyny aýtdy. – Kod bilenem ediň, zakazsim beriň – diýip doganlaryň biri aýtdy. – Bar bolsa, şu günki samalýota ýetişiň. Bolmasa garaşmaly bolar. Moskwa, diýilýän nomere çykyldy. Kimdir biri trubkany göterdi. – Sergeý Nejepowiçiň öýümi. – Da – Trubkany alan çaga seslidi. – Kakaňy çagyr. – Ýa neznaýu. – Ejeňi çagyr. Trubkany aýal adam aldy. – Da, alo, da. – Biz Aşgabatdan. – Da, da! – Sergeý Nepesowyň ejesi, Akja ýogaldy. Ertir jaýlanýar. Gyssagly gelsin. Ol aýal ep-esli wagtlap jogap bermedi. Soň: – Men bu habary oňa nähili ýetirmelidigini bilemok. Ol indi bu ýerde ýaşanok. – Siz aýaly dälmi? – Öňki aýaly. Ol bu ýerde ýaşanok. – Nirede, nirede ýaşaýar. Gyssagly gerek. – Bilemok. Indi bäri telefon etmäň. Bir gyrada bu habary diňläp oturan Nejep Hanmämmedowyň dünýäsinde ahyrzaman gopdy. Onuň bu dünýäde ýekeje sütüni, ýekeje ynanjy galypdy. Ol sütün hem onuň depesinden inipdi. Bu horluk, bu zulum oňa hemmesinden agyr degipdi. Şondan bir ýyl soň şäheriň ortasyndaky uly howlynyň ortasyndaky sekiniň üstünde bir goja bükrelik, titreýän hor, kirli elleri bilen tutup duran ak kagyzlaryna çöňňelen görejini dikip bir adam otyrdy. Ol şol ýaňy gelip giden adamlaryň: «Ýaşuly, ýol düşeni üçin howlyňyz ýykyljak ine, şäher häkimliginiň karary» diýen sözleriniň bu kagyza nädip ýerleşip bilýändigine akyl ýetirip bilmän otyrdy. Onuň üsti başy oda atsaň tütejek däldi. Eşikleri kirländi. Goçak gözleriniň gyralarynyň hanasy, ony has betnyşan görkezýärdi. Ol Nejep Hanmämmedowiçdi. Soñy. 29.09-02.10.2001 ý. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Baga bagşy -5: Halypa-şägirt - 07.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||