00:17 Hakykat | |
HAKYKAT
Goşgular
Alaja deý işilipdir bu durmuş, Biri taryplasa onuň agyny, Biri garasyny yzarlap ýörmüş, Tapjak bolup olaň araçägini. Durmuşda çatyryk gabat gelende, Durmuş ýoly bölünýändir çar ýana. Bölünip gidýändir ýeke salymda, Hakykat bir ýana, hyýal bir ýana. Ýol tapmak özüňe baglydyr diňe, Isleseň saga git, isleseň sola. Ýollar öwürilip birleşýär ýene, Hakykat adyny göterýän ýola. Hakykatyň ýoly aýdyň hem açyk, Anyk görkezip dur agy, garany. Kän kynçylyk duşar ýeňersiň geçip, Salgymlar aldamaz ondan ýöräni. Hakykatdan gaçyp gutulma ýokdur, Arzuw-hyýallaryň ýoluny saýlap. Ahyr hakykatyň üstünden elter, Hyýallar, gözüňi başyňy aýlap. Ýöne ol hakykat has ýowuz,ajy, Has haýbatly seniň öňüňden çykar. Çünki hyýallaryň ýetmeýär güýji, Durmuş seň islegiň tersine akar. Eý, adam, ýene bir hakykaty bil, Hakykat baş egmez serhoş hyýala. Hala sen garyp bol, hala sen baý bol, Hakykat ugradar iň soňky ýola. Durmuş işilendir alaja ýaly, Garasy hakykat,agy hakykat. Ondan deňlik gözlemeklik hyýaly, Onda adalatyň ýogy hakykat. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||