10:57 Hakykatyñ jarçysy | |
HAKYKATYŇ JARÇYSY
Edebi makalalar
Bu jümläni ýöne ýere almadym. Bu 1989-njy ýylda «Magaryf» neşirýaty tarapyndan çap edilen «Ýüregiň emri bilen» atly kitaby okap, onuň awtory barada kesgitli gelen netijäm boldy. Şu kitaby boýdan-başa okap çykan islendik okyjy-da meniň bu pikirim bilen ylalaşda gerek. Kitabyň ilkinji sahypalaryny okap ugranyňda okyjy ýarym asyr mundan ozal halkymyzyň başyna bela bolup inen tutha-tutluk sebäpli nähak töhmetiň pidasy bolan müňlerçe bigünä adamlaryň arasyna çümüp gidenini duýman galýar. Bu kitap tolgundyryjy we baý arhiw materiallary, şeýle hem aramyzda heniz diri gezip ýören şaýatlaryň beren gürrüňleri esasynda ýazylypdyr. Ol şol ýowuz ýyllar hakynda bilmek isleýän okyjylar üçin özboluşly mekdep. Bu kitabyň awtory şahyr hem-de žurnalist Allaýar Çüriýew. Dogry, Allaýar Çüriýewiň bu kitabynda ýerleşdirilen eserleriniň köpüsi gazet-žurnallarda çap edilipdi, radioda okalypdy. Ýöne, meniň özüm-ä şol kitaby her gezek elime alanymda ilkibaşdakym ýaly tolgunman okap bilemok. Biz kitapda ady tutulan, gürrüňi berilýän adamlary, nähak töhmetler ýüklenilip Sibirde atylan atalarymyzy, doganlarymyzy, uýalarymyzy mydama-da ýatlamalydyrys. A.Çüriýewiň bu temadan ýazan publisistik makalalary, taryhy hronologiki wakalary okyjynyň öňünde giden bir dünýäni açyp goýýar. Şol sebäpli-de awtor şol pajygaly döwrüň gapma-garşylyklaryny, eden-etdiliklerini öz akyl eleginden geçirip, oňa zehin baryny siňdiripdir. Kitap diňe bir uly ýaşlylar üçin niýetlenilmän, eýsem onuň mekdep okyjylarynyň hem elden düşürmän okajak kitabyna öwrüljekdigi şübhesizdir. Okuwçylar, öz geçmişi bilen gyzyklanýan ýaşlar bu kitapdan köp peýdaly zatlary alyp bilerler. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty B.Ussaýewiň kitaba ýazan sözbaşysynda nygtaýşy ýaly, eseriň ideýa-mazmuny okyjylarda – sowet watançylygyny, doganlyk-dostlugy terbiýelemek, ösdürmek işinde uly hyzmat eder. Kitapda, esasan Gaýgysyz Atabaýew, Halmyrat Sähetmyradow, Garry Kulyýew, Bäşim Gulbeşerow, Öwezgeldi hem-de Hajy Atabaýewler, Çary Wellekow, Ýakow Popok ýaly «halk duşmany» saýylyp, ellinji ýyllarda bolsa aklanylan adamlaryň ykballary yzarlanylýar. Biz bu adamlaryň köpüsiniň atlary bilen öňdenem tanyşdyk, ýöne welin olaryň bitiren işlerinden onçakly habarly däldik. A.Çüriýew bolsa taryhy oçerkleriniň üsti bilen şol adamlaryň käbiriniň (agyr töhmetiň pidasy bolanlar sanardan kän, bize hiç mahalam olaryň sanyny doly anyklamak başartmasa gerek) respublikanyň oba hojalygyny, senagatyny, medeniýetini, magaryfyny döretmekde ummasyz hyzmatlaryny beýan etmegi başarypdyr. Partiýanyň wepaly esgerleriniň işini köpçülige ýetirmekde awtor köp iş edipdir. Biz graždanlyk urşunyň gahrymany Sergeý Şerbakow hakynda nämeler bilýärdik? Ujypsyz, juda ujypsyz zat bilýärdik. Ýöne A.Çüriýewiň oçerkinde welin bu şahsyýetiň ömri we geçen ýoly, gaýduwsyzlyk görkezilişiniň näderejededigi şu wagta çenli bize mälim bolmadyk ştrihleriň üsti bilen beýan edilýär. Arman, Sergeý Şerbakowly meseläniň, onuň maşgalasynyň soňky ykbaly neneňsi-niçiksi ahwalat bilen gutarandygy mälim bolman galýar. Bu baradaky pikir gynansak-da awtor tarapyndan hem jemlenilmän goýlupdyr. Hut şu mesele barasynda gyzyklanyp, awtora sowal berdim. «Men ýene-de Şerbakowly meselä gaýdyp gelermikäm diýýärin, onuň soňky ykbaly meni has gyzyklandyrýar» diýdi. Makalada ady tutulan Allanazar Towy diýilýän ýüz ýaşa ser uran goja. Allanazar aga häzir Garrygala raýonynyň Könekesir obasynda ýaşaýar. A.Çüriýew bu ýatkeş adam bilen megerem, onlarça gezek duşuşandyr, söhbetdeş bolandyr. Şonuň üçin bolsa gerek, awtoryň her bir getirýän faktlary durmuş taýdan ynandyryjy. Her bir gozgalan meseläni degişli faktlar bilen delillendirmek barada awtoryň öňde goýan maksady amala aşypdyr. Munuň üçin onda ýeterlik delil hem bar. Ol delilleri ele salmak üçin awtor döwlet arhiwlerinde telim günläp oturmaly bolupdy, ömürboýy gaty açylmadyk «delolary» birin-birin gözden geçirip, ondaky ýazgylar bilen tanyşmaly bolupdy. Her şahsyýetiň ykbalyna dahylly şaýat gözläp, respublikamyzyň dürli ýerlerine aýlanypdy. Meniň özümem dogduk obam bolan Könekesirde ýigriminji, otuzynjy ýyllarda täze durmuş ugrundaky göreşler, Türkmenistan respublikasyny döretmekde ilkinji ädimler we ş. m. hakynda şu kitabyň üsti bilen köp zatlary öwrendim. Şunda meniň ünsümi aýratyn çeken zat hem kitabyň ahyrynda «Hakyda» diýlip atlandyrylan oçerk boldy. Oçerkde ýigriminji ýyllarda döwlet serhedini goramakda köp hyzmatlar bitiren we rus lakamyny alan Goçy Durdyhanow, onuň doganlary, kolhoz gurluşygynyň aktiwistleri Baýramsähet hem-de Gurbansähet Durdyhanowlar barada gürrüň berilýär. Goçy Durdyhanow diýilýäni meniň atam. Onuň Baýramsähet, Gurbansähet diýen doganlaram döwrüň şol ýowuz şarpygyny dadan adamlar bolmaly. Awtor bu gerçekler hakyndaky materialy 1989-njy ýylyň 10-njy martynda «Edebiýat we sungat» gazetinde özüniň «Keç ykballar» ady bilen çap edilen makalasynda dowam etdirip, şeýle ýazýar: «Saýwan» sowhozynyň direktory Baýramsähedi (ol TSSR halk magatyf ministri, TSSR YA-nyň habarçy çleni, filosofiýa ylymlarynyň doktory Nursähet Baýramsähedowyň kakasy – G.A.) 1938-nji ýylyň 1-nji aprelinde ýygnapdyrlar. Ol öýünden çykyp barýarka yzyndakylara «Meni gaýgy etmäň. Bu bir düşnüksizlik. Ine, birküç günden sag-aman gaýdyp gelerin» diýipdir. Ýöne onuň şo gidişi-gidişi boldy. Gaýdyp gelmedi. On ýyllyklardan soň onuň çagalary öz kakalarynyň 1938-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda atylandygyny bildiler. NKWD işgärleri toslama günäni onuň boýnuna dakjak bolupdyrlar. Baýramsähediň uly dogany Goçy hem nähak töhmetiň pidasy bolupdy. Goçyny gapydan süýräp getirenlerinde, Baýramsähet öz doganyny tanamandyr. Onuň bir aýdyp ýetişen zady şu bolupdy: – Gardaş, taýak gaty, et ýumşak. Meň-ä boljagym boldy. Sen bir özüňi horlatma. Gol çekäý bolmasa. Kän wagt geçmänkä-de ol türmede amanadyny tabşyrypdyr. Baýramsähede welin ýadyňa-oýuňa düşmejek agyr töhmetler atylýardy. Onuň «halk duşmany» diýlip atylanda, bary-ýogy 28 ýaşy bardy». Men bu sitatany dolulygyna getirmegimiň öz sebäbi bar. Urlup, her näçe horluklara sezewar edilseler-de bu gerçekler il-gününe, Watanyna, dost-ýarlaryna dönüklik etmändirler, ajalyň öňünde müzzermändirler. Awtor şu gahrymançylykdan özüçe many çykaryp, ine şu pikiri orta atýar. «Durdyhanowlar hakda-da obanyň okuwçylarynyň hiç hili habary ýok». Elbetde, şeýle hakykatdan dogduk obasynyň ýaşlarynyň bihabar galmagy gelşiksiz. Ýöne bu meselede ýaşlary günäkärlemek bolmaz. Ozaly bilen, uly ýaşly adamlaryň, mekdep mugallymlarynyň galkynmagy gerek, ýaşlar her bir işde özlerinden ululara eýerýärler ahyryn. Aslynda, bu uly obada diňe bir taryhy däl, eýsem medeni ýadygärlik-de ýok. Ýogsam, şu oba Şaly Kekilow, Amandurdy Alamyşow, Şaja Batyrow ýaly tanymal adamlaryň hem ýaşap, ilkinji zähmet ýoluna başlan ýeri bolmaly. Üstesine-de şu obada Owganystan respublikasynda özüniň internasional borjuny ýerine ýetirip ýörkä gahrymanlarça wepat bolan esgerler Muhammet Aşyrmyradowyň, Hanmuhammet Ökdirowyň mazary ýatyr. Ýeri gelende, Allaýar Çüriýewiň N.Aýtakow, G.Sähedow, G.Weselkow, A.Muhammedow, D.Mämmedow, B.Pereňliýew, O.Täçnazarow ýaly sowet hem-de döwlet işgärleriniň onlarçasy hakyndaky (bu kitaba girizilmedik) taryhy oçerkleriň hem awtorydygyny bellemek gerek. Ýazyjynyň bu kitaby üçin Türkmenistan Lenin komsomoly baýragyna hödürlenilendigini eşidip, bu teklibi ikelläp goldadym. Bu bahanyň özem ýazyjyny mundan beýläk-de taryhyň çuň gatynda syr bolup galan wakalary susup almakda, olary gaýtadan işläp, halka ýetirmekde oňa egsilmez güýç-kuwwat berer. Goçy ANNASÄHEDOW, SSSR Žurnalistler soýuzynyň çleni. «Mugallymlar gazeti», 5.05.1991 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |