HAKYKY BAŞLYK
Be, göwnüme bolmasa gün şo bir duran ýerinde duran ýaly. Ýa tomsuñ güni sutkanyñ dowamlylygy uzaýamykan?! Işden çykyp öýe gelemde, gün ýañy öýleden agypdy. Kelläme taýak degen ýaly, men ýöne ir gaýdyberen däldirin-dä işden. Ýok, sagada seretseñ-ä gaýtam artykmajyragam işläpdirin.
- Bi yssy halys añkamyzy aşyrjagaý, sekiniñ üstüne keçe-peçe atyşdyraweriñ - diýip, men öýe girdim. Tomsuñ güni sowuk suwuñ höziri bir başga bolaýýar, mazaly ýuwunyp-ardynyp, salkyn saýada ýazylan gülli keçäñ üstüne geçdim. Walla, lap edip aýtdygym däl, edil täzeden dünýä inen ýaly boldum. Öýdäkilerem meniñ häsiýetime beletdiler, çaý-suwdan öñürti gazet-žurnallara göz gezdirmesem bir zadym ýetmeýän ýaly.
- Gazet-žurnal bolsa saña başga zat gerek däl, ähli gazanjyñ şu kagyza gidýä - diýip, ýanýoldaşym, dogrusy, käte iñirdeýärem.
Nätjek, öwrenilen endik-dä. Bu günem şo däbime eýerip, gazetleri gözden geçirip otyrdym. Edil ýerden zompa çykan ýaly bolup bir ýaşuly ýanyma geldi. Salamlaşdyk.
- Ýaşuly mürähed-ä däl, düşegiñ üstüne geçiñ, ynha, bir käse togsan bäşlik çaýam bereýin - diýip, men gapdalymda ýatan ýassygy oña tarap okladym.
Ýaşuly sesini çykarman, inçeden uzyn barmaklary bilen sakgalyny daraklady. Ardynjyrady.
- Aý, inimn meñ geçibem bir ullakan mazam bolmazmykan öýdýän, biriniñ öýüni soraýjakdym welin...
- Sorañ, sorañ - diýip, men onuñ sözüni böldüm.
- Dogrymy aýtsam, men şo bendäñ çagasynyñ adynam bilemok. Ýöne şu töwerekde ýaşaýa diýdiler, özem raýonyñ medeniýet ugrunyñ başlygy bolmaly. Ho, zok-zogy çalýanlaram şoña degişli bolmaly - diýip, ýaşuly ýaýdanjyrady.
Düşnükli. Görýän welin, gürrüñ meniñ özüm hakynda barýan ýaly-la. Näme, bu ýaşuly toý-dagy etjek bolýamyka? Ýa bagşylarymyzyñ üstünden arz etjek bolaýmasyn. Näme bolsa görübermelk bor-da.
- Ýaşuly, o diýýän başlygyñyzyñ öýün-ä bilýän welin, ýöne bir käse çaý içmeseñiz salgy berip biljek däl - diýip, men onuñ heñini añmakçy boldum.
Ýaşuly gülli keçäniñ üstüne geçip, ýassygy tirsekledi. Telpegini çykaryp, gapdalynda goýdy. Meniñ öñümdäki üýşüşip ýatan gazet-žurnallara geñ galyjylyk bilen seretdi.
- Bi zatlañ hemmesini okaýañmy, inim? Onsoñ gazet-žurnallarda näme ýazýalar? - diýip, ol çaýly käsä elini ýetirdi.
- Aý, dünýede gep-gürrüñ kän, ýaşuly...
Ol myssa ýylgyrdy. Be, güler ýaly men üýtgeşik zadam-a aýtmadym. Ýa meniñ bolup oturşyma pisindi oturmadymyka? Belki, ýaşulyñ özi nemeräkdir.
- Dünýede gep-gürrüñ kän diýeñde bir zat ýadyma düşdi. - Ol gözüni güldürip maña seretdi. Gürrüñiñ näme bilen gutarjagyny bilmesemem ýaşulynyñ göwni üçin menem ýylgyran boldum. - Hawa, irki döwürde obamyzda Sapar sowatly diýip bir adam bardy. Görgüliniñ ýazyp-pozup bilýän zady bolmasa-da ýany mydama gazetlidi. "Sowatly" lakamam oña şondan galypdyr. Bir gün ondan "Sapar aga, dünýäde näme gep-gürrüñ bar, sen sen bir gazet okap ýören adam, hany aýtsana" diýip soranlarynda: "Aý, dünýede waka köp, oglanlar. Ynha, bir ýerde otlam agdarylypdyr" diýip, gazetdäki suraty görkezipdir. Görüp otursalar, o görgüli asyl gazeti başaşak tutup oturan bolsa nätjek - diýip, ýaşuly hezil edinip güldi.
Dogrusy, onuñ gürrüñine menem güldüm. Ýöne bu gürrüñiñ bu ýerik näme üçin gelenine düşünmedim. Öñküligim bolmady. Ýaşulynyñ näme üçin gelenini anyklamak isledim.
- Agam, siziñ şu sorap ýören başlygyñyz-a men bolmaly, adyma-da Sapaly diýýärler, näme arzy-halyñyz bsa aýdyp oturyñ.
Ýaşuly gözlerine ynanmaýan ýaly elini kölegeledip meniñ ýüzüme seretdi. Ol durşy bilen sorag alamatyna öwrüldi.
- Be, be-e, sizem başlykmy?! - diýip, ol geñ galyjylyk bilen meni synlady.
Ýaşulynyñ soragyna, dogrusy, birhili kemsinjek boldum. Näme, başlyklaryñ depesinde şahy bolmalymyka? Ol meniñ oñaýsyz ýagdaýa düşenimi añdy öýdýän.
- Başlyk diýseler men-ä garny honda ýatan bir epeý adam görjekdim. Siz-ä gaty çepiksije oglan ekeniñiz - diýip, ol gürrüñiniñ üstüni ýetirdi.
- Aý, menem şu işe başlyk bolup täzeräk geçdim. Entek semräris-dä - diýip, men gürrüñi degişmä ýazdyrdym.
Ol özüniñ näme üçin gelendigini aýtdy.
- Ýer bilen gögüñ arasynda ýekeje dogmamyz bar. Olam sizde işleýär. Men ho, Annaly aýdymçyñ kakasy-da. Obadan geldim. Keýwany günüme goýman iberdi. Geljek diýen günleri gelmänsoñ, maşynly bolansoñ hasam gaýgy edýäs.
Olary goñşy raýona medeni hyzmat etmek üçin iberen özümdim. Ýöne ýalñyşmaýan bolsam olar düýn däl-de, şu gün gelmelidirler.
- Agam, siz arkaýyn gaýdyberiñ. Ogluñyzy şu gün öýüñize barar ýaly ederis - diýip, men ýaşulyny ýola saldym.
Hoşlaşyp aýrylyşanymyzam şoldy welin, ilerden gelen "Žiguli" deñäme gelip saklandy. Rulda oturan Annaly aýdymçy:
- Başlyk, hemme zatlar gül. Sag-aman geldok - diýip, başam barmagyny çommaltdy.
Men ýaşulynyñ yzyndan seretdim, hernä uzaga gitmän eken. Signal berip ony sakladyk.
- Agam, ogluñyzy alyp gidip bilersiñiz, ine - diýip, men hile bir iş bitiren ýaly gopbamsyradym.
Ýaşuly begenjinden hamsykjak boldy. Öwran-öwran ogluna seretdi. Onuñ sesi sandyrap çykdy.
- Ynha, başlyk diýibem şular ýalaka diýäýseñ. Söz berip sözünde tapylýa. Sen, inim, hortabam bolsañ hakyky başlyk ekeniñ. Berekella! - diýil, ol alkyş baryny okady.
Ýaşulynyñ aýdan sözlerine minnetdarlyk bilen baş atdym. Hakyky başlyk bolmak üçin semränim gowumyka ýa-da... Aý, ony wagtyñ özi görkezer-dä. Onsoñam meseläni çözýän garyn däl-de, kelle ahyryn diýip, men eýýäm honda barýan "Žiguliniñ" yzyndan uly buýsanç bilen seretdim.
Täçmämmet JÜRDEKOW.
Satiriki hekaýalar