14:03 Halal-haram kim baka | |
HALAL-HARAM KIM BAKA
Goşgular
![]() Hiç kese wepasy bolmagan dünýä, Raýyňda ejiz men aň pikrin çeke. Adyl hakny yzlaý tapmadym her nä, Halal, haram baryn bir jamga döke. Kysmat takdyr işi Alladan ýazylan, Bu ömür owalda hasabyň düzülen, Görüplik, ýamanlyk höwesde bezelen, Aklym, serim, pikirim jan ede ýaka. Gardaş, syrdaş, dostyň bolunar mähriban, Badak atmaz, ýöne nüçün nebis iman, Boýun edip, duşman deýin zähriman, Duzyň iýip ojak nanyňy boka. Erkekde lebiz bor, aýalda haýa, Ynsapda durum bor, nebisde saýa, Dogryny egri edýär töhmetçi zaýa, Egri akyl satýar, göz göze dike. Imanym zikirde hamd ede şygrym, Kime many çeker söz söze pyglym, Bu bäş gün ömürde hasaply tigirim, Namart gapysyny kakdyrma söke. Kadyr Allam saňa arzym şykaýam, Ejiz men aň pikirim sargaryp saýam, Ne üçin bozugyň dökülmiş paýam, Jogabyn yzlaýyp kalbymy ýaka. Halmyrat şygyr etdi ynsap imandan, Biwepalyk meýli tapylar gümandan, Erkege haramdyr şer gybat nandan, Halal küje, haram küje kim baka. 28.03.23 ýyl. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |