HALKYÑ BEREN KEPEN PULUNY IÝIP, JESET TORBASYNDA GÖMÝÄRLER. BIZIÑ METBUGATYMYZ BOLSA HÄZIREM AWTODURALGALARY GÖRKEZÝÄR!
Beýsbol şypyrtmaly bir kemançy (skripkaçy) irden işe gidilýän wagtda Waşingtonyñ metro duralgasynda Bahdan parçalar çalýardy.
Sadaka toplamak üçin ýerde, edil öñünde kemanynyñ gabyny açyp goýupdy, kyrk bäş minutlap alty sany klassyky eseri seslendirdi.
Öñünden bir müñ togsan ýedi adam geçdi.
Diñe ýedi adam sägindi, olaram diñe bary-ýogy birküç minut diñläp, öz ýoly bilen boldular.
Sadaka üçin ýere serilen keman gabynyñ içinde 5-3 sent bilen zordan 32 dolar toplanypdy.
Ol pullary toplady, kisesine saldy, kemanyny gabyna saldy, basgançaklardan köçä çykdy, birinji duşan taksä mündi.
Waşingtonyñ iñ belli konsert merkezine gitdi.
Sahna çykdy.
Petekleriñ iñ arzany 100 dollara durýardy, emma konsert zalynyñ içinde märekeden ýaña aýak basmaga ýer ýokdy.
Çünki ol kemança "Gremmi" baýragynyñ laureaty Joşua Bell diýýärdiler.
Gabyna 5-3 sent oklanan kemany bolsa, üç asyrlyk taryhy we 3,5 million dollar gymmaty bolan "Stradivarius"-dy.
Kabul ediş (algı/восприятие) diýip, ine, şuña diýilýär.
Hakyky maglumat hakyky manysyndan, hakyky bolşundan daşlaşdyrylsa, gatlaklaryñ duýgy-düşünje mantygyny göz öñünde tutulan tarapa gönükdirip bolýar.
Dünýäniñ iñ köp tiražly belli gazetlerinden "The Washington Post" tarapyndan geçirilen bu durmuşy synag... Aslynda näme bolanynyñ däl-de, nähili görünýändiginiñ möhümdigini subut edýär.
Edil siziñ ýadaman-ýaltanman sms ýollap soraýşyñyz ýaly…
Hakyky waka mälim edildimi?
Hakyky ölüm sany mälim edildimi?
Geliñ, dogry jogaby tapmagyñyz üçin biraz "habar" okalyñ…
Magdan gazylýan ýerde heläkçilik bolup geçýär.
Hassahanadan göni ýaýlymda gepleşik berýärler, ýaralylaryñ saglyk ýagdaýyny aýdýarlar.
Otly heläkçiligi bolup geçýär.
Hassahanadan göni ýaýlymda gepleşik berýärler.
Ýer titreýär.
Hassahanadan göni ýaýlymda gepleşik berýärler.
Terrorçylykly hadysa bolup geçýär.
Hassahanadan göni ýaýlymda gepleşik berýärler.
Köpçülikleýin kesel ýaýrapdyr...
Hassahanadan göni ýaýlymda gepleşik berýän barmy?
Näme görkezýärler size?...
Zol-zol awtoduralgalardan alyp, göni ýaýlymdan gepleşik berilýär.
Zol-zol boşap galan seýilgählerden alyp, göni ýaýlymdan gepleşik berilýär.
Zol-zol köçe-ýol hereketiniñ gözegçiliginden alyp, göni ýaýlymdan gepleşik berilýär.
Hassahanadan alyp näme üçin gepleşik berlenok?
Gadyrdan metbugatymyz awtoduralgada petek aljak bolýanlary alada edýär-de, näme üçin hassahanada demini sanap ýatanlary alada edenok?
Köçe-ýol hereketiniñ gözegçiliginde awtoulagdakylaryñ alnyna gyzgyn ölçeýji gural uzadyşlaryny her habarlar gepleşiginde görkezýärler, bu hakykatdanam möhüm zat, hökman görkezsinler, emma.. Kyrk gradus gyzgyny galyp, hassahananyñ howlusynda üsgüre- üsgüre özüne seredilmegine garaşyp ýatanlary näme üçin görkezenoklar?
Häzir dünýäde hassahananyñ öñünde gepleşik bermeýän ýeke-täk metbugat bar, olam - biziñ metbugatymyz!
(Analizi pozitiw çykan ildeşlerimizi öýlerine goýberýärler… Wirus bardygyna garamazdan, özünde wirus bardygyny aýtman, maşgala lukmanyna görnen näsaglar bar.
E-döwletden gözegçilik edilende, garşysynda oturan näsagyñ aslynda koronawirus pozitiwlidigini gören maşgala lukmanlary bar.
Maşgala lukmanlaryna bary-ýogy bäş sany maska ýolladylar, bäş maska bolsa zordan bir güne ýetýär, elsüpürgiç ýollamadylar, başgap ýollamadylar, sellofan aýakgap ýollamadylar, demirçilerden kebşirleýjileriñ maskasyny satyn alyp, näsaglara seretjek bolan maşgala lukmanlary bar.
Garaşylýan zala eşik serilýän ýüpi gerip, neýlon brendalar bilen goranmaga çalşan maşgala lukmanlary bar.
Gadyrdan metbugatymyz bolsa häzirem awtoduralgalardan gepleşik berýär).
(Koronawirus diagnozy goýlan ildeşlerimiziñ eline resept ýazgyly kagyzlary tutduryp, öýlerine gaýtarýarlar… Adamlar dermanhanadan dermanhana gatnaý-gatnaý kesel ýolukdyrýarlar.
Haýsy dermanlardygyny aýdyp oturmaýyn, "şu-şu dermanlar gerek" diýip gelinse, şol raýatyñ aslynda koronawirusdan keselländigini dermanhanalaryñ ählisem bilýär.
Dermanhanalary aýlanyp ýörendigine garamazdan, e-döwletde “ýatan näsag” hökmünde hasaba alynan ildeşlerimiz bar!
Gadyrdan metbugatymyz bolsa häzirem köçe-ýol ulaglarynyñ gözegçiliginden gepleşik berýär).
Efirde ýigrimi dört sagatlap professorlary gürledýärler, günüñ-güni gaýtalanyp duran şol bir soraglary berýärler, geplemek üçin mikrofon uzadylan näsagyñ ýeke hossary ýok.
Angliýanyñ halyndan habar alýarlar, Italiýanyñ düşen gününi görkezýärler, ABŞ-dan habar getirýär, şol ýerlerdäki soñky ýagdaýlar bilen gyzyklanýarlar, bärde geplemek üçin mikrofon uzadylan merhunyñ ýeke hossary ýok.
Germaniýa, Angliýa, Italiýa, Gollandiýa ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly mälim edip durandyklary üçin şol ýerlerde aradan çykan türk raýatlarynyñ kimdigini habarlardan bilip bolýar, wagtly-wagtynda aýdyp durlar… Eýse näme üçin bizde aradan çykan ildeşlerimiziñ kimdigini biljek bolanoklar?
Iñ soñky habarlary edinmek üçin Merkezi bankyñ öñünde göni ýaýlymdan gepleşik taýýarlaýarlar.
Merkezi bank halkyñ beren kepen puluny iýip, olary jeset torbasy bilen gömýärler, üstüne daş-damana oklaýarlar… Kilyosda, Beýkozda ekskowatorlar bilen gazylan mazarlardaky iñ soñky habarlar bilen näme üçin gyzyklananoklar?
Men-ä bilmedim welin…
Hakykatlar boýunça beren soragyñyzyñ jogabyny berip bildimmikä?
Eger hakyky maglumat hakyky manysyndan, hakyky bolşundan daşlaşdyrylsa, gatlaklaryñ duýgy-düşünje mantygyny göz öñünde tutulan tarapa gönükdirip bolýar.
Keman şol bir keman…
Eýse mekan?
Ýylmaz ÖZDIL.
31.03.2020 ý, "Sözcü" gazeti.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.
Jemgyýetçilik tankydy