08:32 Halys ýadatdy | |
HALYS ÝADATDY
Publisistika
Şol bir zatlary telim gezek başdan geçirmek ýadadýar: Erdoganyñ aýdyşyndan, Ýewropa bileleşigi (ÝB) Türkiýäniñ agzalygyny kabul etmäge söz berendigi üçin Şwesiýanyñ NATO guramasyna girmegine razylyk berlenmiş... 167 ýyllyk ýalan bu! Angliýa, Fransiýa ýaly Ýewropa döwletleri Russiýa garşy uruşdyrjak bolup, Osmanlyny şol wagtky ady bilen "Ýewropa döwletleri kongresine" aljakdyklaryna söz berdiler. Osmanly Russiýa garşy uruş yglan etdi: Krym urşy (1853-1856). (Edil häzir bolşy ýaly Baltika deñzi, Kawkaz, Balkan ýarymadasynyñ geostrategiýasy birinji orunda durýardy). Urşuñ çykdajysy ummasyz boldy - 175 müñ adam pidasy az bolýan ýaly, osmanly taryhynda ilkinji gezek Ýewropadan pul karz alyndy. Karz pul almak üçin her gezeginde syýasy eglişiklere gidildi. Daşarky bergä şeýle bir garaşly ýagdaýa gelindi welin, Kipri bermäge-de kaýyl bolundy. Serbiýa, Garadag, Rumyniýa Bolgariýa, Krit, Bosniýa-Gersegowina ýaly nijeme ýerleri berdik! Şol döwrüñ syýasy ruhuny bir mysal bermek arkaly ýazmaga synanşaýyn: * * * Şu günüñ metbugatynda - sosial mediýasynda bolşy ýaly, "Tanzimat" ("Üýtgedip gurmak" reformalary) bilen birlikde osmanly ýazuw-pozuwçylarynda, býurokratlarynda, intelligensiýasynda "zaluwat ýewropalylaryñ gaharyny getirmäliñ" düşünjesi bardy. Sadrazamlar (baş wezirler) ýewropa ilçihanalarynyñ kredit berip bilme ýagdaýyna seredilip bellendi. Birinji berginiñ edilen 1854-nji ýylyndan soñ-a sadrazamlar dolulygyna "pul karz alma ukybyna" görä wezipä oturdyldy! Nätdi, şu güne meñzeýär gerek? Mehmet Şimşek ikilenç öñki wezipesine nämüçin oturdylandyr öýdýäñiz? ÝB agzalygy ýaly gözboýagçylyk 167 ýyl öñki wagtyñ ýagdaýyna meñzeýär gerek? Hiç biri tötänlik däl. Edilen syýasy eglişiklere üns bermeli bolýarys: Ukraina urşy we Şwesiýa boýunça durýan pozisiýamyzyñ üýtgemegi geñ däl. Erdogany güpbasdy etdiler! * * * Soñky kyrk ýyla ser salyñ: Turgut Özala, Tansu Çillere, Kemal Derwişe bil baglandy... Ali Babajana, Mehmet Şimşege bil baglandy... Häzir ýene Mehmet Şimşege mañlaýlaryny dirediler! Şu soragy bermek hiç kimiñ kellesine gelenokmy: "Şu bil baglama-umyt senarisini kim ýazýarka?", "Döwletiñ bary-ýogy kyrk ýylda satylyp gutaryldy, ýöne näme sebäpden bir ädim öñe gidilmedi? Halk ýene näme üçin gününi dolap bilenok?", "Bu dowamly bergi etme syýasatyndan ýeke nep gazanýanlar nämüçin diñe kese ýerliler we olaryñ wekilleri bolýar?" Ýurduñ soñuny getiren we adyna "umyt oýny" diýilýän bergä batma aldawajyny Osmanly hem başyndan geçirdi. Eýse ýene şony edip başgaça netijä garaşmagyñ samsyklykdygyna hiç kim düşünenokmy? Ilki milli ykdysadyýet, doly garaşsyzlyk prinsiplerini öñe tutan Atatürke hüjüm etdiler. Soñ şu prinsiplere eýeren çepçilere "faşist" diýdiler. Olar bu ýoly hiç kimiñ halamazlygyny, dillenmezligini, ýazmazlygyny islediler. Mehmet Şimşek operasiýasynyñ görkezişi ýaly muny üstünlikli amala aşyrdylaram! Pop-ykdysatçylaryñ kimlerdigini sosial mediýadan bilmän duran dälsiñiz. * * * Şwesiýanyñ NATO agzalygyna razylyk bersek, ÝB-niñ agzasy bolýarmyşyk, şeýlemi? Hemişe şuña meñzeş aldawaç: Turgut Özal bilenem ÝB-ne agzalyk üçin ýüz tutupdyk. Tansu Çiller bilenem ÝB-ne agza bolmanka, "Gümrük bileleşigine alyndyk" diýip gündiziñ günortany salýut atypdyk. Erdogan bilenem 2005-nji ýylda agzalyga kabul edilmek üçin gepleşiklere başlapdyk. Netije? Erdogan "bizi güýmemäñ!" diýen bolýar. 167 ýyllyk ýalan-a bu, göreñzokmy? Özüñizimi ýa bizi aldaýarsyñyz? Gördüg-ä - umyt paýlaýan ýalan-ýaşrygyñ deregne öz bähbitleri üçin "ýöne reformalar geçirmeleri borsuñyz" diýip öz talaplaryny boýnumyza dakýarlar. "Tanzimatdan" "Yslahat permanyna" (Reformalar permany) çenli... A soñ? Respublika döwründäki ÝB/ÝYJ-ne ýüz tutulan ýyl 1963-nji ýyldy. Şu ýyl altmyş ýyl dolýar! Näme üýtgedi - hiç zat... Aýtjak bolýanym: Mehmet Şimşek bilen Şwesiýanyñ NATO agzalygynyñ arasyndaky paralleligi görüñ. Biziñ taryhymyz bulary ýazyp dur. Hem biziñ taryhymyz Atatürküñ kapitulýasiýalary we syýasy boýna dakmalary ýyrtyp zyñandygyny-da ýazýar. Şu ýoldan ýöräp biljek syýasy liderler gerek... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 12.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||