10:18

"Hamasyñ" sýurprizi: Soñ näme bolarka?

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 383 | Добавил: Gökböri | Теги: Mişari Zeýdi | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
0
1 dovletmyratnurmedov  
496
Şu uruş başlany bäri näme pikir etjegimem bilemok dogrymy aýtsam. Ýöne bir zady bilýän olam Gazzelilere gynanýan, ysraillileri ýazgarýan. Ysrayllylar ýaly iki ýüzli, ynsanlygyň duşmany ýaly millet ýok bolaýmasa dünýäde. Radikal fanatik ýewreýler ozlerini Hz Adam atanyň neslinden hasaplanoklar ozlerini. Olar özlerini şeýtan bilen Lilitiň nesli hasaplaýalar. Rowaýata görä Lilit How enemizden öň ýaradylan zenanmyş. Şol sebäpden biz adamogullary pes, özlerini üstün gorýäler, bize garşy ýürek awama, gynanma ýaly duýgy beslänoklarmyş. Soňky ýazan maglumatym nä derejede dogrylygyny bilemok. Ýöne taryha ser salsaňam, bolýan zatlaram, edýän zalymlyklaryny we wagşylyklaryny görseň adamogullaryndan däldiklerine ynanasyň gelip dur.

0
3 Narcissus  
1589
"Näme pikir etjegimi bilemok" diýip Ysraýyla ýigrenç pürkmek biraz ironiki garaýyş.

Bu ýerde giňişleýin pikir edip bilmek-de peýda bar, we hemme günäni Ysraýylyň boýnuna atmak bilen, has dogry netije çykardygymyz bolmaz. Bu uruş hem edil Rus-Ukrain urşy ýaly köp baglanyşygy bolan, derrew döwletleriň topar-topara bölünip biljek bir urşudyr, eýýäm teoriýa söýerler "3-nji jahan urşy" barada hemme sosial ulgamlar-da zyr-zebir bolup makaladyr wideolar paýlaşýarlar.
Hamasyň duýdansyz ýagdaýda çozmagy we paraşýutly düşüp-düşmänkä nyşanalaryny halka tarap öwürmegi goýberilen birinji ýalňyşdy.

Hiç döwletem beýle güpbasdyny goldamaz, gep Ýakyn Gündogar bolsa hijem goldamazlar, Müsür hem (halky arap bolsa-da) Gazzedäki iň soňky çykyş meýdançasyny göz-görtele açyp biläýenok. Hatda Müsüriň her hereketine müňlerçe adam ýaňsylaýjy (Piramidalary size geýdirerler, siz bir goşulmaň we ş.m) teswirler ýazdylar. Türkiýe diýseň öň 2019-20-de 10-15 Palestinalyny taýakly kowalan polisiýalar üçin "Terrorçy döwlet Ysraýyl" diýip duran hökümet, Gazze sebitinde gan sil bolup akýarka kän ýiti tankytlanok, hatda sözüň doly manysynda tankytlamakdan çekinýär, bähbit syýasaty. Katar, Saud Arabystan we beýlekiler diýseň şeýle-de belli, şol öňki pozisiýa, Eýran diýseň "küşt" diýdi oýun başlady, indem çykdy. Halkyň ýeke özi alyp çykmasa, daşyndan geljek kömek diňe islegden aňyryk geçmäýmese.

Ysraýylyň ganhor hereketlerine sebäp, Hamasyň gözýetimi pes syýasatyndan başga hiç zat däl. Ýaňyrak "bizem beýle başarjaň bolar öýtmeýärdik, Alla kömek etdi" diýip paýlaşýarlar, aradan çykan adam sanynyň 1500-i geçendigine we olaryň aglabasynyň çaga-bäbek bolmagyna garamazdan. Bular hakykatdanam sözüň doly manysynda bahyl. Her sözleri internet äleminde ýagtylyk tizligi bilen ýaýraýar we her sözi ýaňsylaýjy jogaplara sezewar bolýar. Şäherde bolsa günäsiz halk perýat edýär. Tarapgöý Amerika bolsa gämi iberip ýangyna odun atmaga dowam edýär, Ysraýylyň gyrgynçylygy dowam edýär. Bu ýerde ýekeje ejir çekýän tarap, diňe parahat, asuda oturan günäsiz halk, çagalar, eneler, atalar.

0
5 dovletmyratnurmedov  
496
"Näme pikir etjegimi bilemok" diýen sozümi aýdynlaşdyraýyn. Mundan kasdym: hamas dogry etdimi ýalňys etdimi (sebäbi ysrail şeýlede palistinlylary gyryp ýör), bize görkezilýän maglumatlar nä derejede obýektiw we şuna meňzeş zatlar bilen baglansykly.

0
6 dovletmyratnurmedov  
496
Bu zatlaryň taryhy 1948-nji ýyldan bäri gaýdýar. Diýjek bolýanym dawalaryň başlangyjy sondan bäri. Diňe soňkyja wakany alyp Hamas başlady diýmek ýalňyşmyka diýýän. Olar ýaly bolsa ysrayl sany sajagy ýok özi başlan uruslaryň, edil palestinlara garşy. Palestinadan 5000lerçe bigünä ölýändir welin, ýöne olar hamas uruş başlamasada ölerdiler, sebäbi ysrayl üşürip öldürmesede her ýyl epeslisini alyp görerýär.

0
7 dovletmyratnurmedov  
496
Garaz Allajan iki tarapada parahatçylyk nesip etsin. Palestinada garaşsyzlyk nesip etsin. Gynansagam öz ýurtlaryny ýewreýlere aldyrdylar. Indem garaşsyzlygy solardan almaly bolýa.

0
8 Narcissus  
1589
Hamas Gazzeni almanka bir terrorçy topar diýip tanalýardy. Ol ýerdäki çagalar ýaşlykdan ýetişdirilýär, ýaşlykdan aňyna guýulyp, gaty berk taýýarlanýar. Bulam hukuga we ahlaga ters zat, wagtynda YŞYD çagalary ogurlap, gorkuzyp alyp olar bilen harby taýýarlyk geçýärdi, şuwagt içgin ýazmaýyn sebäbi öwredýän zatlary bir çaganyň psihologiýasynyň, logikasynyň göterip biljek zady däl.

Hamas serhetleri ýykyp, 10-a golaý nokatdan çozuşa geçip, paraşýutly Ysraýyl topraklaryna girende ilki bilen eden zatlary akyla sygmajak hereket bilen başlandy. Käbir çaslary, polisiýa öýlerini basandan soň bir festiwaly basyp, kürsäp girip öňünden çykan hemme kişä ot açyp ugradylar. Wideolaryny görmediňiz öýdýän, tans edip durkalar ýokardan Kassam esgerleri gelýär. Soň 3-4 minut geçenden soň gaçyşyp başlaýar ynsanlar jan howluna. Esasy gyrgynçylyklaryny şu günäsiz adamlaryň içinde edýär we ýesirleriň aglabasyny (100-e ýakyn) şu ýerden alýar, 250-den gowrak günäsiz halky gyrýarlar.
Şeýle-de Şani Louk hadysasy, söweşiň esasy ýatda galan gaty aýylganç pursaty boldy.

Mahlasy (wideosy bar) men bärde ol gyza näme edilendigini doly aýdyp biljek däl, görmeli zady görenler düşünendir diýip pikir edýärin. Urşuňam ahlagy bardyr, düzgüni, kadasy bardyr. Öldüren adamyň kellesini ezip bilmersiň, ýakyp bilmersiň, kösäp bilmersiň, wagşy hereketleri edip bilmersiň, propaganda hökmünde şäherde sergiläp aýlamarsyň, esasanam bu günäsiz halk boljak bolsa. Alnan polisiýa merkezlerindäki ölen esgerleriň üstünden üýşüp böküp, gülüp ony wideo düşürmersiň, eger biraz akylyň bar bolsa tutuş bu hereketleriň YŞYD-dan tapawutly däldigine göz ýetirersiň.

Şolar ýaly edilensoň, adamlara, bütinleý dünýä görkezjek zatlaryny görkezensoň "biz bir aýaly we 2 çagasyny azat etdik" diýeniň peýdasy ýok. Şolar ýaly hereketlerden soň, sähel garşylykda 3-4 kişini öldürip bilýän tarapyň nähili aýylganç hereket etjegi köre mälim. Hatda Palestinany goldaýanlaryňam aglabasy şolar ýaly hadysalardan soň tarap tutmazlygy saýlap aldy. Köp Hindi wekilleri, Aziýa halklary muňa uly garşylyk görkezdi, Hindistanyň halky şeýle-de bular ýaly hereketlerden sabyr käsesi dolup ýören. Ýa-da Tanju Özjan ýaly gönimel syýasatçylar "Ysraýylyň hereketlerini hijem goldamadyk, emma bir ölen gyzyň üstünde bökmek näme diýdi, soňam "yaziklar olsun" diýdi. AKP tarapynyň ýokary wekilleri hem Ärdoganyň sözüne garaşdylar we olam goldamady. Hatda Palestina doly goldaw beren Kiliçdarogly hem "eğer sivilleri öldürürseniz bu sizin hakli davaniza gölge düşürür" diýip beýan etdi. Şular ýaly hereketlerden soň Hamasy öňem terrorçy diýip tanaýan ýurtlara täzeleri goşuldy, ÝB Hamasy terrorçy diýip yglan etdi.

Hamas Palestina halkyny satdy, şol sebäplem musulmanlaryňam aglabasynyň goldawyndan mahrum boldy. Olar ýerasty geçelgelerde gizlenip, gerek wagty söweşip bilýär, emma halky açyk nyşana goýdular. Eli zynjyrly bir haýwany çözdüler, sözüň doly manysynda. Meniň-ä indi täzelikleri görmäge ýüregim edenok, gaty gynanýaryn. Bu uruş gaty tiz wagtda tamamlanar diýip umyt edýärin, adamlara, halka sabyr-takat dileýän.

0
2 Narcissus  
1589
"Hamas" doly ýok bolaýmasa şu gezek, iň soňky demlerine çenli uruşsalar ne ýagşy welin, ony başararlar öýdemok.

0
4 Shahrukhkhan  
1607
Uruşda zyyan çekyan dine halk. Mysal uçin Hamas Ysrayyla garşy ok atan bolsa Ysrayyl name un Hamasa ok atman gunasiz halky bombalaya. Ya bolmasa Rossiya 9 yyllap Donbasda Luganskda bizin halkymyzy ezdiler milletparazlyk etdiler diyip Ukrainanyñ Prezidenti bilen meselani çözman günäsiz halkyn yurdyndan gacmagyna megine sebapkär boldylar. Name uçin Ors ya bolmssa Ysrayyl goni duşmanlarynyñ köşgune bomba goyberman halka goyberyaler. Bardaki maksat yokarkylaryñ düşünishmezlikleri sebapli halky gyrmakmyka diyyan. Ilat sanyny azaltmakmyka diyyan. Näçe uruş boldy, hiç hacan yokarky wezipedakileri ölmän günasiz halk öldi.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]