19:55 Hanym maýmyn / satiriki hekaýa | |
HANYM MAÝMYN
Satiriki hekaýalar
Demir kapasanyň içinde ondan gowrak maýmyn bardy. Höwürtgäñ çyrpysynyñ üstünde oýnaýan sirk akrobatlary ýaly her dürli oýun edýärdiler. Diňe içlerinden biri Rodeniň “Oýlanýan adam” heýkeliniň durşy ýaly sarsman-gymyldaman oýlanyp otyrdy. Içimden “edil adam-da!” diýip pikir öwürdim, "edil adam"! Bu, şimpanzeden uly, meniň bilmeýän maýmynlarymyň bir görnüşindendi. Biz biri-birimize seredip, kän durduk: – Bir bärik seredäýiň-dä? Kapasanyň öňünden aýrylanymsoň, ikilenç gygyranda yzyma öwrüldim: – Size diýýärin, jenabym. Birje minut meni diňläp bilmersiňizmi? Dem alman oýlanyp oturan maýmyn indi gepläp otyrdy. – Sizmi gepleýän? – Ýuwaşrak bolaweriň, maýmyn terbiýeçisi göräýmesin, ol meni gürlemäge goýmaýar. – Emma siz adam ýaly gürläp dursuňyz-a. – Hawa… Çünki men adam-da. – O nähili? Adammy näme siz? Onda bu kapasanyň içinde näme işläp ýörsüňiz? – Kapasa giren adam diňe men däl-ä… Kimsi maşgala guransoň kapasa girýär, kimsi ondan öñ girýär. Siz, heý, kapasa girip görmediňizmi? – Sen maña seretme. Men, hem ýazyjy, hem satirik. Şeýle bolansoň, “Kapasa-da ýolbars gerek” diýip, menem kämahal içeri ataýýarlar. – Jenap satirik ýazyjy, sizden bir haýyşym bar. – Baş üstüne, jenap maýmyn… – Men jenap däl, hanym… – Gulak asýaryn, hanym maýmyn. – Maýmyn däl men diýýän size, men adam... – Bärde näme işiňiz bar onda, düşünmedim-le… – Menem size şony aýtjak bolýan-da. Men kinonyň muşdagy. Birmahallar Greta Garbonyň janköýeridim. Onuñ deý täsin durmuşda ýaşamaga başladym. Saçymy Greta Garbo ýaly eginlerimiň üstüne ýaýyp goýberýärdim. Wah, meni şol wagt bir gören bolsadyňyz... Soňra meni Marlen Ditrih özüne çekdi. Gaşymy jüptek bilen ütdüm, özümi şoňa meňzetdim. Ýüzüme Marlen Ditrih kimin sarymtyl pudra çaldym. Edil şonuň ýaly owurtlarymy içine çekerdim. Birdenem Sara Leander orta çykdy. Menem oňa öýkünmäge başladym. Şoň oturşy ýaly hajathana oturyp, soň sesi ýaly sesimi bogup aýdym aýdardym. – Hanym, haýyş edýärin, siz bärik nämüçin geldiñiz? – Menem size şony aýdýan-da. Sara Leanderden soň meniň üçin idol Klara Bou boldy. Saçymy goýy gara reňke boýadym. Dolmuşlaşdym. Şoh-şahandaz aýala öwrüldim. Emma Jin Harlouny göremsoň, meň üçin, bu açyk sary saçly ýyldyz model boldy. Saçymy platina sary reňke boýadym. Bilimi inçeltjek bolup korsetli gezdim. Gaşymy gyl ýaly inçeltdim. Gynansak-da, Jin Harlou uçar heläkçiligine uçrap aradan çykansoň, meniň modelim Weronika Leýk boldy. Edil Weronika ýaly, saçym bir gözümiň üstüni ýapýardy. Dodagymy onuň edişi ýaly galyň, dolmuş, gyp-gyzyl edip boýaýardym. – Haýyş edýärin, hanym, menden näme isleýärsiňiz? – Sabyr edip meni bäş minut diňleseň, näme isleýändigimi bilersiňiz. Weronikanyň modasy çalt geçdi. Elizabet Teýloryň ýyldyzy parlady. Menem onuň ýaly boýanmaga başladym. Onuň ýaly gaşymy alabeder etdim. Gören maña “ýerli Elizabet” diýýärdi. Emma Rita Haýwort Aga Hana äre çykdy welin, saçymy gyzyla boýadym. Ýüzüme laýyklap oñky ýaly menek goýdurdym. Soňabaka Merilin Monro tapawutlanyp başlady welin, menem ýüzümiň we tenimiň şekilini üýtgedip, Meriline meňzedim. Kim görse “Biziň Merilin Monromyz” diyýýärdi. – Bagyşlaň, gyssagly işim bar, maňa rugsat beräýseňiz. – Boldy, boldy, soňuna ýetiberdik indi. Bir ýagşylyk etmek isläňzokmy? – Haýyş, näme aýtjak bolsaňyz çaltrak aýdaýyň-da. – Odri Hepbýorn orta çykanda meni bir gören bolsadyňyz. Erkegiňki ýaly gysgajyk saçymdan başlap bar zadym Odriñki ýaly boldy. Emma Jina Lollobrijida bar zady üýtgetdi oturyberdi. – Düşündim. Jina meňzediňiz. Soňam Sofiýa Lorene öýkündiňiz. – Hawa, nädip bildiňiz? Aýdyşyňyz ýaly-da!.. Iň soňky gezek özümi Greýsi Kellä meňzedipdim. Onuň ýaly uly şlýapalary geýýärdim, onuň ýaly boýanýardym. Ele düşýänçäm durmuşym şeýdip geçdi. – Näme diýdiňiz, ele düşýänçä diýýäňizmi? – Hawa. Bir gün köçeden ýöräp barýarkam saklap şu taýyk getirdiler. “Beýtmäň, men adam ahyryn!” diýip, zaryn-zaryn gygyrsamam, diňlän bolmady. – Suda arz etmeli ekeniňiz. – Etdim. Meni ekspertiza ugratdylar. Eskpertlerem maýmyn diýip güwänama berdiler. Şindi sizden etjek haýyşym: iň soňky meşhur ýyldyz kim, aýdyp bilersiňizmi? Nähiliräk geýinýär, nähiliräk boýanýar, saçlary neneň? Pozasy, gürleýşi nähili? Edil şol wagtam haýwanlara esewan edýän gözegçi geldi. Ol meniň bile gürleşip duran maýmyna: – Ýene öñki heňiňe başladyňmy? – diýip gygyrdy. – Häzirem maýmyn däldigiňe ynandyrjak bolup samyrdap otyrsyňmy? Ol elindäki taýak bilen biçäre haýwany ýenjip başlady. Men haýwan seredijiň elinden tutdum: – Seň bu edýäniň adam hukuklaryna ters gelýär – diýdim. – Adamy nädip beýle urup bilýärsiň? Haýwan gözegçisi: – Jenap, siz şu maýmynyň sözüne ynanýarsyňyzmy? – diýdi. – Haýyş edýärin, şuñ tüýsüne serediň! Gaşyna, gözüne syn ediň. Maýmyndan tapawutlanýan ýeri barmy? Munda heý adam sypaty barmy? Munuň adamzat bilen galtaşýan ýeri galypdyrmy özi? Kapasadaky aýaly ünsli synladym. Hakykatdanam haýwan gözegçisi dogry aýdýardy. – Hawa, maýmynam ýaly-la... – Elbetde, maýmyn! Ähli professorlar, lukmanlar gözden geçirip onuň maýmyndygyna güwä geçdiler. Men uzaklaşyp barýarkam, hanym maýmyn maňa: – Ah, jan dogan, şindi haýsy ýyldyzyň owazasy güýçli, aýdaýyñ-da?.. – diýip özelenýärdi. Eziz NESIN. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |