HARÇAÑLAŞMANY BAŞARMALY
- Bagyşlañ, şu ýeri kadrlar bölümimi?
- Hawa, şu ýer-ä kadrlar bölümi. Näme etsem-petsemiñ bar?!
- Işe ýerleşäýsem diýýän.
- Bilimiñ.
- Ýokary, özem gurluşyk ugrundan.
- O-ho-how. Öz-ä tüýs bize gerek adam ekeniñ.
- Menem size işgär gerekmiş diýip eşitdim.
- Bilimi nirede aldyñ?
- Merkezde. Gurluşyk institutyny gutardym.
- O-ho-how, gaty gowy!
- Özem zybrym bäşlik bilen.
- O-how-how, gaty gowy. Diýmek, sen prorab bolmakçy-da, şeýlemi?
- Hawa.
- Ýogsa-da, sen harçañlaşmany başarýañmy?
- Nämäni başarýañmy?
- Harçañlaşmany. Sesiñi gataldyp, sögmäni, gygyrmany, heñkirmäni...
- Ýok, o zatlardan-a başym çykanok. Onsoñam onuñ gurluşykça näne derkar ýeri bar?!
- Baý-ba-ow, diplomdan öñürti şo zatlar gerek bize. Adamlañ üstüne gygyrmany başarmasañ, nädip işlejek gurluşykda.
- Olar ýaly zady bize öwretmediler-ä, institutda.
- Wah, içimi ýakmasana. Institutda öwredilýän zat barmy?! Ýalan sözlemäni, ogurlyk etmäni näme, instututda öwredýärlermi?
- Be, onda men näme etsemkäm?!
- Sen git-de, harçañlaşmany bir öwren, galan zatlary bu ýerde özümiz öwrederis. Düşnüklimi?
- (Gygyryp) Düşnüksiz. Siz baryp ýatan býurokrat...
- Be, gygyryşman-a derrew öwrenjek ekeniñiz. Hany, getir dokumentleriñi.
Täçmämmet JÜRDEKOW.
Satiriki hekaýalar