16:59 Harper Nell Li | |
HARPER NELL LI
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Harper Nell Li, (1926-njy ýylyň 28-nji apreli – 2016-njy ýylyň 19-njy fewraly) ABŞ-nyň Alabama ştatynyň Monrowill okrugynda, Amasa Koleman Li bilen Frensez Finç Liniň maşgalasynda, dört çaganyň körpesi bolup dünýä inýär. Harper Liniň çagalyk ýyllary geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda ABŞ-da bolup geçen Beýik Çökgünçilik döwrüne gabat gelýär we şol döwür hem onuň döredijiliginde öz beýanyny tapypdyr. Heniz mekdepde okap ýörkä Harper Li, soň meşhur ýazyjy bolan Trumen Kapote bilen tanşypdyr we bütin ömrüne onuň bilen dostlukly gatnaşyk saklapdyr. Ýazyjy zenan, Trumen Kapotäni özüniň dünýä belli “Şygşygyny öldürmek” atly romanynda Dill Harris ady bilen çeper şekillendiripdir. 1944-1945-nji ýyllarda Harper Li Hantington kollejinde okaýar, soňra 1945-1949-njy ýyllarda Alabamanyň uniwersitetinde hukuk öwreniş hünärini özleşdirýär, soňra bolsa bir ýyllap Beýik Britaniýanyň Oksford uniwersitetinde okaýar. Ol 1950-nji ýylda, Nýu-Ýork şäherinde “Gündogar howaýollary”, BOAC “British Overseas Airways Corporation” awiakompaniýalarynda petekleriň deslapky satuwy boýunça wekil bolup işleýär. Soňra ýazyjylyk bilen çynlakaý meşgullanmagy maksat edinip Harper Li hemişelik işini taşlaýar-da, kireý tölegi arzan bolan nýu-ýork öýünde ornaşýar. Şol ýerde-de ol “Şygşygyny öldürmek” (“To Kill a Mockingbird”) atly kitabynyň üstünde işläp başlaýar. Ilkibada bu kitap, umumy gahrymanlary bolan kiçijik hekaýalaryň ençemesiniň yzygiderli toplumy görnüşinde ýazylypdyr. Ýöne 1957-nji ýylda ýazyjy zenan golýazmasyny “Lippinkott” neşirýatyna görkezende, ondan şol hekaýajyklaryň toplumyny bir bütewi romana öwürmegi haýyş edipdirler. Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Harper Li öz golýazmasyny gaýtadan göçüripdir hem-de onuň üstüni ýetiripdir, oňa bu işinde redaktor Teý Hohow kömek edipdir. 1959-njy ýylda roman ýazylyp gutarylypdyr, 1960-njy ýylda bolsa neşir edilipdir, dessine-de ol ABŞ-da iň köp okalýan hem-de iň meşhur eserleriň birine öwrülipdir. Gaty bahym kitap Beýik Britaniýada, Fransiýada, Germaniýada, Italiýada, Ispaniýada, Daniýada, Gollandiýada, Norwegiýada, Şwesiýada, Finlýandiýada, biraz soňrak bolsa, dünýäniň beýleki köp ýurtlarynda-da neşir edilipdir. 1961-nji ýylda roman Pulitser baýragyny alypdyr. 1964-nji ýylda bolsa ol rus diline-de terjime edilipdir. 1966-njy ýylda ABŞ-nyň Prezidenti Lindon Jonson Harper Lini sungat meseleleri boýunça milli geňeşçi edip belläpdir. Harper Li soňam birnäçe gezek täze romanlaryň üstünde işläpdir, ýöne her gezek öz işiniň netijesinden närazy bolup, olary çap etmekden ýüz dönderipdir. Netijede Harper Liniň “Şygşygyny öldürmek” atly romanyndan başga diňe birnäçe gysgajyk essesi çap edilipdir. “Şygşygyny öldürmek” ýazyjy zenanyň çagalyk ýatlamalarynyň esasynda döredilen awtobiografik roman diýseňem boljak. Tutuş roman, gahrymanyň özüniň gürrüň bermegi görnüşinde düzülip, wakalar Gözlüje lakamly bezzat gyzjagazyň adyndan beýan edilýär. Ol gyzjagaz Beýik Çökgünçilik döwründe, ýurduň gyrak-bujagyndaky şäherleriň birinde ýaşaýar. Romanyň sahypalarynda ol ulaldygysaýy ynsan kalbynyň dürli röwüşlerine göz ýetirýär. Ol hem-de onuň dogany Jim, uly adamlaryň milletparazçylykly köre-kör düşünjeleriniň, ýalançylygynyň, nadanlygynyň, dar düşünjeliliginiň hem-de ýigrençleriniň dünýäsine biygtyýar goşulmaly bolýarlar. 1962-nji ýylda režissýor Robert Malligan bu romanyň esasynda “Şygşygyny öldürmek” ady bilen kinofilmi surata düşürýär. Romanyň baş gahrymanynyň kakasy Attikus Finçiň keşbini filmde, meşhur aktýor Gregori Pek janlandyrýar, şol keşbi üçinem ol ABŞ-nyň kino akademiýasynyň “Oskar” baýragyny we “Altyn globus” baýragyny alypdyr. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |