18:04 Şygşygyny öldürmek -21/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
Ýöne kakam bilen, aslyýetind-ä erkekleriň arasynda men özümi has oňat duýýaryn. Sebäbi jenap Gek Teýt hiç bir ýagdaýda seni bigünäje sowallar bilen aldap duzaga getirmez, soňam üstüňden gülmez. Jim, hatda şol hem eger-de bir barypýatan akmaklygy gepläp goýberäýmeseň üstüňden gereginden artyk gülmez. Hanymlar bolsa, meniň pikirimçe, erkeklerden biraz eýmenmänem durmaýarlar we olaryň boluşlaryny beýlebir goldabam barmaýarlar. Meniň bolsa erkek kişileriň boluşlary göwnümden turýar. Goý olar näçe isleseler hapa-paýyş geplesinler, içsinlerem, humarly oýunlaram oýnasynlar, temmäkem çeýnesinler, barybir olarda nähilidir birhili özüneçekijilik bar, hatda olar erbedem bolaýsynlar, meniň welin barybir olaryň bolşy göwnümden turýar… Olar… -Ikiýüzli, hanym Perkins, dogabitdi ikiýüzli,-diýip hanym Merriuzer joşýardy:-Biz bärde, Günortada, iň bolmanda şeýle hereketde-hä günäkär däl. Ol ýerde bolsa özler-ä olara erkinlik berdiler, özlerem olar bilen bir saçagyň başynda-da oturmaýarlar. Biz iň bolmanda olary aldamaýarys, olara: “siz bizden dyrnak ýalyjagam erbet däl, ýöne onda-da siz bizden daşrakda geziň” diýmeýäris. Biz diňe diýýäris: “Siz özüňizçe ýaşaň, bizem özümizçe ýaşarys” diýýäris. Bu, neme bar-a, hanym Ruzwelt megerem, aklyndan azaşan bolsa gerek, sebäbi Birmingeme gidip, ol ýerde olar bilen bilelikde maslahat geçirmek üçin aklyňdan azaşmasaň boljak däl ahyry…Eger-de men Birmingemiň meri bolan bolsamdym, onda men… Biziň hiç haýsymyz hem Birmingemiň meri däldik, ýöne ine eger-de men welin ýekeje günlük Alabama ştatynyň gubernatory bolup bilsemdim, onda men dessine Tom Robinsony azatlyga goýbererdim – haýyr-sahawat jemgyýeti hatda ah çekmäge-de ýetişmezdi. Golaýda Kelpurniýa hanym Reýçeliň aşpezine Tomuň indi düýpgöter lapynyň keçdigi barada gürrüň beripdi, haçan-da men aşhana girenimde bolsa ol dymypdy. Ýöne men barybir Kelpurniýanyň jorasyna türmede Tomuň ýagdaýynyň agyrdygy, ol ýerde eýýäm Attikusyň oňa hiç zat bilen kömek edip bilmeýändigi, Tomy alyp gitmezlerinden öň onuň Attikusa: “Hoş galyň, jenap Finç, siz indi maňa hiç hili kömek edip bilmersiňiz, şonuň üçinem bihuda ýere jepa-da çekmäň” diýendigi barada aýdyp berýänini eşidip galdym. Kelpurniýa ýene-de aýtdy, hamana oňa Attikus aýdanmyşyn, Tomy türmä alyp giden günleri ol bada-bat umydyny ýitirenmişin. Ol ýene-de aýtdy, hamana Attikus Toma “çyda, bolanja güýç-gaýratyňy bir ýere çugdamlap çydajak bol, ruhdan düşme” diýip höre-köşe edenmişin, Attikusyň özi bolsa ony ýagny, Tomy azat etdirjek bolup elinden gelenini edýärmişin. Şonda hanym Reýçeliň aşpezi – Kelpurniýanyň jorasy: “a näme üçin Attikus Toma: “seni hökmany ýagdaýda goýbererler” diýip aýdaýmandyr, bu sözler Tom üçin ullakan goltgy bolardy ahyry” diýip ondan sorady. Kelpurniýa bolsa jogap berdi: “sen şeýle diýýärsiň, sebäbi kanuny bilmeýärsiň. Ine senem meniňkiçeräk kanunçynyň öýünde ýaşap gör, onsoň ilkinji nobatda bilersiň, hiç bir sowala gönüden-göni “hawa” ýa-da “ýok” diýip jogap bermeli däldigine endik edersiň. Jenap Finç bolsa onuň boşadyljakdygyny özi anyk bilmän ony ynandyryp bilmez ahyry. Daşky gapy açylyp-ýapyldy welin, men daşky otagda Attikusyň aýak seslerini eşitdim. Be, bu wagt sagat näçekä? Ol öň-ä hiç haçan beýle ir dolanyp gelmeýärdi. Ejekemiňkä tutuş haýyr-sahawat jemgyýeti gelende bolsa ol şäherde gijäniň birwagtyna çenli eglenýärdi. Ol bosagada saklandy. Ol sypal başgabyny elinde saklap durdy, ýüzi bolsa üç ýuwlan ak esgi ýaly ap-akdy. Ol: -Bagyşlamagyňyzy haýyş edýän, hanymlar,-diýdi:-Haýyş edýän, dowam ediberiň, men size päsgel bermek islemeýärin. Aleksandra, sen sähel salymlyk aşhana çykyp bilmersiňmi? Maňa biraz wagtlyk Kelpurniýa gerekdi. Ol otagy kesip geçdi-de, däliziň ugry bilen yzky gapydan aşhana bardy. Biz ejekem bilen eýýäm oňa garaşyp durdyk. Bada-badam aşhananyň işigi açyldy-da hanym Modi hem girdi. Kelpurniýa oturan ýerinden birneme dikeldi. Attikus: -Kel,-diýdi:-sen maňa häzir gerek boljak, biz häzir Elen Robinsonyň ýanyna gideris… -Näme boldy?-diýip Aleksandra ejem ondan gözlerini aýyrman gorkuly sorady. -Tom aradan çykypdyr. Aleksandra ejem iki eli bilen agzyny ýapdy. -Ony atypdyrlar,-diýip Attikus aýtdy:-Ol gaçmak isläpdir. Seýil edip ýörkäler. Aýdyşlaryna görä, ol edil dälirän ýaly bolup, diwara tarap okdurylypdyr-da, oňa dyrmaşyp başlapdyr. Hemmeleriň gözüniň alnynda. -Heý ony saklajak bolup synanyşmandyrlarmy? Heý ony duýduryşsyz atyp goýberipdirlermi?-diýende Aleksandra ejemiň sesi sandyrap çykdy. -Ýok, elbetde, sakçylar onuň yzyna dolanmagyny talap edip gygyrypdyrlar. Birnäçe gezek ýokarygam atypdyrlar, diňe şondan soň onuň özüni. Ony ol eýýäm haýadyň çürbaşyna çykanda öldüripdirler. Aýtmaklaryna görä, eger-de onuň eli maýyp bolmadyk bolsady, ol gaçybam biljek ekeni, ähli zat şeýlebir çalt bolup geçipdir. Oňa on ýedi sany degipdir. Ony şonça gezek atmagyň düýbünden geregi ýok ahyry. Ýör, Kel, sen maňa bu habary Elene ýetirmäge ýardam berersiň. -Hawa, jenap,-diýip Kel hümürdedi, onuň elleri titräp durandygy sebäpli, ol öňlügini wagty bilen aýryp bilmedi. Hanym Modi ýakyn bardy-da oňa kömek etdi. Aleksandra ejem: -Bu soňky damja, Attikus,-diýdi. Ol: -Bu muňa haýsy nukdaýnazardan garaýşyňa bagly,-diýdi:-Şol ýerde olar ýene-de iki ýüz sany garaýagyzy saklaýarlar, onsoň olar üçin biri artyk boldy ýa-da kem boldy barybir dälmi. Olar üçin ol Tom däl-de, gaçmakçy bolýan tussag. Attikus ýahdana ýaplandy-da, äýnegini maňlaýyna süýşürip, gözlerini süpürişdirdi. Ol: -Biziň işi utmaga ähli mümkinçiligimiz bardy,-diýdi:-Men oňa muny aýdypdym, ýöne men päk ynsap bilen aýtsam munuň şeýle boljakdygyny oňa anyk wada berip bilmedim. Tom indi akýagyzlardan hiç hili gowulyga garaşmaýardy, ine şonuň üçinem şeýle gaýduwsyz hereket eden bolmaly. Taýynmy, Kel? -Hawa, jenap, jenap Finç. -Onda gideli. Aleksandra ejem ýaňyja Kelpurniýanyň oturan oturgyjyna özüni goýberdi-de, elleri bilen ýüzüni ýapdy. Ol gymyldamaýardy, ýuwaşja otyrdy, men hatda pikirem etdim, häzir huşundan gidäýmese diýip. Hanym Modi bolsa edil şuş-şu wagtjyk uzyn basgançak bilen ýokaryk galan ýaly sojap dem alýardy, gapdalky otagda myhman zenanlar şadyýana gepleşýärdiler. Men Aleksandra ejem aglaýandyr öýdüp oýlandym, emma ol elini ýüzünden aýranda onuň gözleri gury ekeni. Diňe ýüzi argynlykdan dolup durdy. Ol hiç hili duýgusyz kadaly ses bilen gepläp ugrady: -Men onuň edýän ähli zatlaryny goldaýardym diýib-ä biljek däl, Modi, ýöne ol meniň doganym, şonuň üçinem meniň diňe bir zady bilesim gelýär: haçan bu zatlaryň barysy gutararka? Ol sesini gataltdy: -Onuň ýüregi çat açyp gelýär ahyry. Ol hiç kime syr bildirmejek bolýar, ýöne onuň ýüregi darka ýarylyp barýar ahbetin. Onuň ýüzi şeýlebir erbetdi, haçan-da ol…Olara ondan ýene-de näme gerek ahyry, Modi, olara ýene-de näme gerek? -Kime, Aleksandra?-diýip hanym Modi sorady. -Ine şu şähere. Olar örän uly lezzet bilen ony özleriniň edesleri gelmeýän zatlaryny etmäge mejbur edýärler, sebäbi olar ony goldaýsalar özleriniň bäş şaýylaryny ýitireris öýdüp elheder alýarlar. Olar özleriniň etmekden çekinýän zatlaryny etmeklige ägirt uly keýpihonluk bilen ony itekleýärler, goý, onsoň ol bu işi etjek bolubam öz saglygyny ýitirsin, ömrüni köýdürsin, olar üçin welin bary gara şaýy…olar… Hanym Modi: -Ýuwaş, Aleksandra, eşiderler,-diýdi:- A sen hiç wagt bu zatlar barada başgaça oýlanyp görmediňmi? Bilemok, biziň Meýkombymyzda muňa düşünýärlermi ýa-da düşünmeýärlermi, biz oňa ynsanyň mynasyp bolup biljek iň ýokary pajyny töleýäris ahyry. Biz oňa adalaty goramagy, adalaty dikeltmegi ynanýarys. -Kim “biz”? Aleksandra ejem hanym Modä öz on iki ýaşly jigisi ýaly sorag berýändigini asla gümanam etmeýärdi. -Hakykatyň diňe akýagyzlar üçin däldigine ynanýan adamlaryň sähelçe toparjygy, kazyýetiň diňe bir biziň üçin däl-de hemmeler üçinem adyl bolmalydygyna ynanýan adamlaryň sähelçe toparjygy, garaýagyz adama seredenlerinde: “eger-de Haktagalanyň rehimi bolmadyk bolsa onuň ornuna men bolup bilerdim” diýmäge pespälligi ýetýän adamlaryň sähelçe toparjygy,-diýende hanym Modiniň sesi ýene-de aýgytly ýaňlanyp ugrady:-Oňat maşgalalardan bolan meýkomblylaryň sähelçe toparjygy, ine kimler! Eger-de men has ünsliräk diňlän bolsam, onda men häzirki wagtda Jimiň oňat gelip çykyş barada aýdanlaryna biraz gowurak düşünerdim, ýöne men birdenkä gagşap başladym, özümem hiç özümi ele alyp bilmän başagaý boldum. Men bir gezek şol türme hojalygyny görüpdim, Attikus maňa tussaglaryň seýil edýän howlusyny hem görkezipdi. Ol edil futbol meýdany deýin äpetdi. -Saňňyldamagyňy bes et,-diýip hanym Modi buýurdy welin, men birhili el bilen aýrylan ýaly bes edäýdim:-Ýeriňden tut, Aleksandra, biz şeýle-de olaryň ýeke özlerini örän kän wagtlyk goýup gaýtdyk. Aleksandra ejem örboýuna galdy-da, köýnegini düzetdi. Gaty hem ýasy bilbagynyň aňyrsyndan elýaglygyny sogrup, burnuny süpürdi. Soňra eli bilen saçlaryna timar berişdirdi-de sorady: -Meniň ýüzümden, daş keşbimden nämedir bir zat gopandygy bildirýärmi? Hanym Modi: -Hiç zat,-diýdi:-Sen özüňi ele aldyňmy, Jin Luiza? -Hawa, hanym. -Onda biziň hanymlarymyzyň ýanyna ýörüň,-diýip ol gaşyny çytdy. Ol işigi açdy welin sesler has gataldy. Aleksandra ejem meniň öňümden ýöräp barýardy, ol bosagadan ätlende ol başyny belent tutdy-da: -Siziň bulgurçaňyz boşapdyr, hanym Perkins,-diýdi:-Rugsat beriň, men size ýene-de kofe guýup bereýin. Hanym Modi: -Kelpurniýany, biraz wagtlyk iş bilen Greýsiň ýanyna ugratdylar,-diýdi:-Size böwürslenli kökejik hödürlemäge rugsat ediň. Siz meniň doganoglanymyň, şol balykçylyk bilen gyzyklanýanynyň eden işini eşitdiňizmi?... Olar şeýle halda, gülüp oturan bir myhmandan beýleki myhmana geçip, olara kofe guýup berip, süýji tagamlar bilen hödür-kerem edip, edil bar gaýgylary Kelpurniýasyz özleriniň hyzmat etmeli bolýandyklary ýaly, ap-arkaýyn bütin otaga aýlanyp çykdylar. Bütin otag bolsa birhaýukdan soň ýene-de öňküsi ýaly wyzzyldydan dolup durdy. -Hawa-a, hanym Perkins, bu Graýms Ewerett, hakyky güzaphon ýagşyzada…Durmuş gurmaly ekenler welin, olar bolsa gaçyp gidipdirler…Her şenbede ýüz-keşbe bezeg berilýän otagda…Edil gün ýaşyp barýarka…Ol ýatmak üçin ýerine geçýär…towuklar bilen aýrylmaz dost olar, towuklar bilen, Fred aýdýar: “hemme zat şondanam başlady” diýýär. Fred aýdýar… Aleksandra ejem maňa ortadaky saçagyň üstaşyry seretdi-de ýylgyryp, kökeli tabaga tarap baş atyp görkezdi. Men seresaplylyk bilen tabagy galdyrdym-da ýuwaşjadan hanym Merriuzere tarap ýöredim. Başardygymça salyhatly ondan köke iýmek isleýändigini soradym. Dogry-da walla, eger-de şeýle pursatda, şeýle ýagdaýda ejekem hakyky hanym bolup saklanyp galmagy başarýan bolsa, onda menem başararyn. xxxxx -Gerek däl, Gözlüje. Ony bosagadan aňryk äkidip geläýsene. -Jim, sen näme aklyňdan azaşdyňmy? -Saňa aýdyldy ahyry, ony bosagadan aňryk äkit diýlip. Men uludan demimi aldym-da ýerden tutan gurçugymy jaýymyzyň ýeňse tarapyndaky basgançaga eltip, yzyma öz ýatan ýygnama sekime dolandym. Eýýäm sentýabrdy, ýöne heniz gijelerine ýylydy, şonuň üçinem biz öňkümiz ýaly jaýymyzyň ýeňse tarapyndaky eýwanda ýatýardyk. Heniz ýaldyrawuk tomzajyklar hem-de beýleki gijeki mör-möjekler gaýyp bolmandylar, entek gijelerine özlerini penjirelere tutulgy hasa gözenege urýan kebelekler hem hemişe güýzde edişleri ýaly nirädir bir ýerlere göçüp gitmändiler. Ýaňky gurçuk bolsa, megerem ilk-ä eýwanyň basgançalaryna süýşenekläp münendir, soňam işiginiň bosagasynyň aşagyndan geçendir. Men özümiň ýatan ýygnama ýatyş sekimiň ýanynda kitabymy goýmakçy bolanymda ony gördüm. Ol gurçugyň uzynlygy tas ýarym garyşrak bardy, oňa barmagyňy degirseňem ol mäkäm, çal ýumaga öwrülip düwülýärdi. Men garnymyň üstünde ýatdym-da gurçuga barmagymy dürtdüm. Ol düwüldi. Soň megerem, üstünden abanýan howp sowuldy diýip hasap eden bolara çemeli, haýaljakdan ýazyldy. Onuň ýüz aýagynyň ählisi-de birden herekete girdi, ol birazajyk süýşdi welin, men ýene-de oňa degdim. Ol ýene-de düwüldi. Meniň ukym tutýardy, şonuň üçinem men ony basypm mynjyratmak isledim. Men eýýäm oňa tarap elimi-de uzadypdym welin, şol pille meni Jim saklady. Ol gaharly seredýärdi. Megerem, onuň bu bolşy, bu mahal onuň durmuşynda şunuň ýaly zolagyň başlanýanlygy sebäpli bolsa gerek. Hudaý jan-eý, ol tizräk bir şu zolakdan geçip gitsedi, ýogsa maňa gün ýamanyny görkezýärdi. Elbetde, Jim hiç wagt haýwanlary gynamaýardy, ýöne onuň mör-möjeklere-de rehiminiň inýändiginden meniň jinnek ýalyjak-da habarym ýokdy. -Näme üçin ony mynjyratmak bolmaýar?-diýip men soradym. -Onuň saňa päsgel bermeýändigi üçin,-diýip garaňkyda Jim jogap berdi. Ol eýýäm öz çyrasyny öçüripdi. Men: -Diýmek sen indi siňekleri, çybynlary hem öldürmeýärsiň-dä, onda, diýmek häzir seniň zolagyň şol hili-dä, şeýlemi?!-diýdim:-Haçan-da pikiriňi üýtgeden wagtyň maňa gaýrat edip aýdaweri. Ýöne sen bilip goýaýgyn, men özümi garynjalar-a dişledip ap-arkaýyn gezip ýörmerin, şuny bil-de goýaý. -Äý, sem bolsana…-diýip ukuly ses bilen Jim jogap gaýtardy. Jim her näme diýse-de men däl-de onuň özi gün-günden gyzjagaza meňzäp barýardy. Men arkanlygyna jaýlaşykly ýatdym-da uklamaga taýýarlandym, ymyzganýançam bolsa men Dill barada oýlanyp ugradym. Ol birinji sentýabrda gaýdypdy we dynç alyş rugsady başlan pusadyndan dolanyp gelmegi wada beripdi, göwnüme bolmasa onuň tomsuny Meýkombda geçirmegi halaýandygy ahbetin onuň ýakynlarynyň aňyna ýetdi öýdýän. Hanym Reýçel kireý edýän ulagda bizi demir ýol menziline alyp gitdi, Dill bolsa tä gözümizden ýitip gidýänçä bize wagonyň penjiresinden elini galgatdy bardy. Soňam ol gözümden ýitip gitdi, ýöne ýüregimden welin zym-zyýat bolmady, meniň onsuz içim gysýardy. Soňky iki günde Jim oňa-da ýüzmegi öwredipdi… Oňa ýüzmegi öwredipdi. Men şonda Dilliň özüme aýdyp beren gürrüňini ýadyma saldym welin, ukym ýanaýdy. Derýanyň saý ýerine kän gatnawsyz ýol eltýärdi, ol Meridian şaýolyndan takmynan şäherden bir mil daşlykda sowlup gidýärdi. Şaýolda hemişe-de barjak ýeriňe çenli alyp gidýärmişler, ýa pagtaly üsti ýapyk araba gabat gelýärmiş ýa-da başga bir ulag, soňky gatnawsyz ýolda-da derýanyň saý ýerine çenli beýlebir kän ýöremeli dälmiş. Ýöne eger-de suwa düşmeklige kelläňi gyzdyryp iňrik garalyberende öýe dolansaň welin kynmyş, şaýolda-da ulag galmaýar diýen ýalymyş, onsoň tutuş ýoly paýu-pyýada geçmeli bolýarmyş, bu bolsa beýlebir ýakymly dälmiş, şonuň üçinem suwa düşýänler kän gijä galmazlyga çalyşýarmyşlar. Dill aýdyp berýärdi: olar şaýola ýaňybir çykypmyşlar welin, birdenkä görüpdirler olaryň öňünden Attikus gelýärmiş. Ol ilki göräýmäge olary saýgarmadyk ýaly bolupdyr, şonda olar oňa ellerini galgadyp başlapdyrlar. Onsoň ol ulagyny saklapdyr. Olar ylgaşyp onuň ýanyna barypdyrlar welin, ol diýipmiş: -Siz, iň gowusy, şähere barýan haýsy-da bolsa başga bir ulaga garaşyň. Men entek çalt dolanmaryn. Ulagyň yzynda bolsa Kelpurniýa otyrmyş. Jim ilk-ä jedelleşip ugrapdyr, soňra ýalbaryp başlapdyr welin, Attikus: -Ýeri bolýar, biz bilen gidiberiň, ýöne geliň öňünden şertleşeliň: ulagdan çykmaly däl. Tom Robinsonyň öýüne barýançalar, ýolda Attikus nämeleriň bolup geçendigini gürrüň beripdir. Soňra olar şaýoldan sowlupdyrlar we ilki zibilhananyň, soňra Ýuelleriň deňesinden ýuwaşjadan garaýagyzlaryň şäherçesine geçip gidipdirler. Tomuň howlusynda garaýagyz çagajyklaryň uly topary daşjagaz oýnap oturan ekenler. Attikus ulagyny saklap, düşüpdir. Kelpurniýa-da onuň yzyndan howla giripdir. Dill Attikus oýnap oturan oglanjyklaryň birinden: -Seniň ejeň nirede, Sem?-diýip sorandygyny eşidipdir. Sem jogap beripdir: -Ol Stiwensleriňki-de, jenap Finç. Onuň yzyndan ylgaýynmy? Attikus birbada nähili hereket etjekdigini bilmändir, soňra bolsa: “bolýar-da” diýipdir welin, Sem aýagaldygyna ylgap gidipdir. Attikus bolsa çagalara: -Oýnaberiň, oýnaberiň, oglanjyklar,-diýipdir. Şol pursat öýden bir halys kiçijek gyzjagaz çykypdyr-da, Attikusa gözlerini petredip tiňkesini dikipdir. Onuň kellesinde çar tarapa inçejik zülpleri somalyşyp duran ekeni, her zülpünem ýiti reňkli mata saçbag bezeýärmiş. Ol ernini gulagyna ýetiräýjek bolup ýylgyrypdyr-da, Attikusa tarap moýmudyklap ugrapdyr, emma ol öte körpeje bolandygy zerarly basgançakdan düşüp bilmändir. Onsoň Dilliň aýtmagyna görä, Attikus onuň ýanyna barypdyr-da, sypal başgabyny çykaryp, oňa barmagyny uzadypdyr. Gyzjagazam onuň barmagyndan ýapyşypdyr welin, Attikus oňa basgançakdan aşak düşmäge kömek edipdir. Soňra ony Kelpurniýanyň ýanyna eltipdir. Şol wagtam Elen gelipdir, onuň yzyndan bolsa bökjekläp Sem gelýän ekeni. Elen: -Agşamyňyz haýyrly bolsun, jenap Finç. Belki dyzyňyzy epersiňiz?-diýipdir-de birdenem lam-jim bolup dymypdyr. Attikusam dik duran ýerinden agzyna suw alan ýaly kelam agyz geplemändir. Dill: -Birdenem Elen diň arkan gaýtdy, Gözlüje,-diýdi:-Edil duran duran ýerinden arkanlygyna gaýdyberdi, edil onuň üstünden nähilidir bir gara döw ýaly pilmahmyt basagetdin, ony mynjyradan ýaly bolaýdy. Ine şunuň ýaly – tarp! Dill aýagyny ýere tarpyldadyp urdy: -Ediljek bir möjejik ýaly. Kelpurniýa Attikus bilen bilelikde Eleni ýerden galdyrypdyrlar we ony öýe tarap alyp gidip ugrapdyrlar, onuň bolsa aýaklary diýen etmeýän ýaly hiç ýöräp bilmänmiş. Soňra olar ep-esli wagtlap daşary çykmandyrlar, birhaýukdan soň Attikusyň ýeke özi çykypdyr. Haçan-da yzlaryna zibilhananyň deňesinden geçip barýarkalar Ýuelleriň haýsydyr biri nämedir bir zat diýip yzlaryndan gygyrypdyr, ýöne Dill onuň näme diýendigini aňşyryp bilmändir. Tomuň ölümi barada Meýkombda iki günläp gürlediler, iki günüň içinde bolup geçen waka barada tutuş okrug bilmäge ýetişdi. “Eşitdiňizmi?...Ýokmy?...Aýdýarlar, ol birdenkä duran-duran ýerinden ümdüzine tutduryberenmiş…”. Meýkombyň ýaşaýjylaryny Tomuň ölümi jinnek ýaly-da geň galdyrmady. Olaryň pikiriçe bu düşnükli zatdy, akmaklygy zerarly, ökjäni göteripdir. Şar-garakirliler – olaryň ählisi akmak ahyry, olar geljek hakda nireden oýlanyp bilsinler, ine şonuň üçinem kellesini etegine salyp gaçmaga synanyşypdyr, şeýle edibem öz başyna özi ýetipdir. Özem iň gülkünç ýeri, Attikus Finç, megerem ony alyp çyksa-da alyp çykardy, ýöne olar garaşyp bilýärlermi diýsene?...Ömralla etjekmi olar beýle zady. Olar sabyrly bolup bilýän bolsalar adam bolardylar-da. Olarda hiç hili oňyn zat ýok ahyry. Özi-de şol Robinson kanuny nikaly hem eken-ä, aýdyşlaryna görä özüni arassa-da saklaýan ekeni, ybadathanada gatnaýan ekeni, onuň hemme zadam ile meňzeş ekeni, a ýöne başyna jygba-jyg iş düşüpdirem welin, seredip görseň ol zatlaryň ählisi ýöne bary-ýogy bir howaýy öýkünjeňlik ekeni-le. Äý hawa-da, şar-garakirli, şar-garakirliligine-de galýar-da. Söhbetdeşi hem öz gezeginde käbir jikme-jiklikleri habar berýärdi, soňra bolsa eýýäm tä penşenbä çenli “Meýkomb tribýun” gazeti çykýança gybat edere-de zat galmady. Gazetiň tenleri başga reňklilere bagyşlanan zolagynda merhum hakynda gysgaça habarjyk bar ekeni, ýöne welin gazetiň ondan başga-da entek ilkinji zolagy hem bardy. Ol zolakdaky makalada jenap B. Anderwud kesgitli sözleri gypynç etmän, gaýgyrman ulanypdyr, özem onuň ýazýan zatlary ol öz gazetine ýazylýanlary we gazetinde bildiriş berýänleri ýitirmekden we şonuň netijesinde-de girdejisiniň esli kemelmeginden heder edýäne meňzemeýärdi. (Äý, onsoňam, umuman Meýkombyň ýaşaýjylary beýlebir gepe-söze, ýazuw-pozuwa kän bir üns berip ýören jemende-de däl ahyry. Jenap Anderwud sesi gyrylýança bokurdagyny ýyrtybersin, kellesine gelen zadyny ýazybersin, gazete ýazylýanlaryň hem-de bildiriş berýänleriň ýekeje biri-de ondan ýüz öwürmez. Sen bolsa gazetiň eýesi bolup özüňi we öz zadyňy gülki ýassygyna öwürmek isleýärmiň – baş üstüne, merhemet ediberiň). Jenap Anderwud kazyýet ýalňyşlyklary barada akyl satmaga kellesini gyzdyrmaýardy. Ol şeýlebir düşnükli ýazýardy welin, onuň ýazýanlaryna hatda çagajyk hem akyl ýetirjekdi. Ol diňe sada dilde maýyplar duran ýerlerinde duran bolsunlar, oturan bolsunlar ýa-da gaçyp barýan bolsunlar, barybir olary öldürmegiň günädigini düşündirýärdi. Ol Tomuň ölümini awçylaryň we çagalaryň gyrýan saýrak guşlarynyň – bilbilleriň manysyz öldürilmegi bilen deňeýärdi. Meýkomb: “şahyrçylyga baş goşmakçy bolýan ýaly özi. Megerem onuň ilkinji zolagyny “Montgomeri edwertaýzer” gazeti gaýtalap çap eder diýen umyt bilen şeýle edýän bolaýmasa” diýen netijä geldi. “O nähili beýle bolýar-a?” diýip men jenap Anderwudyň gazetiniň ilkinji zolagyny okap oturyşyma oýlanýardym. Manysyz ganhorluk?...Soňky pursadyna çenli Tomuň işi kanunalaýyklykda alnyp barylýardy, onuň işini açyk kazyýet mejlisinde seljerdiler, oňa höküm çykaranlar hem on iki sany oňat hem dogruçyl, päkize adamlar, meniň kakam onuň hukuklaryny goramak üçin elinden gelenini etdi. Indi bolsa, bu zatlaryň barysy “manysyz ganhorluk” bolýar…Düşnüksiz…Ýöne az-owlak soň men jenap Anderwudyň aýtmakçy bolýan zadyna akyl ýetirdim: Attikus bar güýji bilen Tom Robinsony halas etmäge dyrjaşdy, ol adamlaryň hemmesine Tomuň bigünädigini subut etmäge çalyşdy, ýöne hemmese bihuda boldy, sebäbi olaryň her biri öz kalplarynyň iň pynhan künjünde Toma aýyplaw hökümini çykaryp goýupdy. Meýella Ýuel gykylyk turzan pursaty eýýäm Tomuň bagty ýatypdy. Bada-badam tutuş Meýkomba Tomuň aradan çykmagy babatda jenap Ýueliň pikiri aýan boldy. Ol habar hemme gybatlaryň hiç hili päsgelçiliksiz we bökdençsiz ýaýraýan ýaýlymy bolan hanym Stiweni Krouforduň üsti bilen biziň gulagymyza-da gelip ýetdi. Jim ýanlaryndaka (bolgusyzlyk, ol eýýäm ullakan, goý diňläbersin!) hanym Stiweni Aleksandra ejeme jenap Ýueliň: “bir-ä taýyn, ýene-de ikisi galdy” diýendigini gürrüň beripdir. Jim: “men biderek ýere gorkýaryn, bu Ýuel bolgusyz ýaňra” diýdi. Özem Jim maňa berkden-berk tabşyrdy. Eger-de men Attikusyň ýanynda bu sözler babatda dilimi salajyn goýberäýsem, eger-de nädibem bolsa oňa özümiň ol zatlar barada bilýänimi bildiräýsem, onda ol Jim meniň bilen galan ömrüne hiç haçan gepleşmejekmiş. xxxxx Ýene-de okuwymyz başlandy, şonuň bilen bilelikde-de biziň Redlileriň jaýynyň deňesinden gündelik ýörişlerimiz hem. Jim indi ýedinji synpdady we başga mekdepde okaýardy, men bolsa üçünji synpdadym, biziň sapaklarymyzyň tertibi düýpgöter üýtgeşikdi, şonuň üçinem biz diňe irden mekdebe bile gidýärdik, onsoňam mekdepde nahar iýenimizde gabatlaşýardyk. Ol futbola gatnaýardy, ýöne entek onuň köp ylgamaga güýji, çydamlylygy hem ýaşy ýetmeýärdi, şol sebäpli-de ol häzirlikçe pökgüçileriň toparyna setil bilen suw daşaýardy. Ol muny uly höwes bilen edýärdi hem-de her gün tä gün ýaşýança şol ýerde ýitirim bolýardy. Redlileriň jaýy bolsa şol öňküsi ýaly garaňky, tutuksy hem üýşendirýän keşpde äpet dub agaçlarynyň astynda durdy, ýöne men indi ondan gorkmaýardym. Howanyň maýyl günleri jenap Natan Redli hemişekisi ýaly şähere gidip gelýärdi. Betnyşan bolsa elbetde, henizem şol ýerde, özüniňki-de oturan bolmalydy, sebäbi häzirki güne çenl-ä ony jaýlaryndan alyp çykanlaryny hiç kim görmändi. Käwagt, köne jaýyň deňinden geçip barýarkam meni ynsabym horlap başlaýardy, megerem biz şol wagtlar Artur Redlä gaty kän ezýet beren bolmalydyk. Sebäbi çagalar penjiresinden yşyklaşyp, çeňňek bilen hat oklaşyp, gijelerine-de eken kelemini depeleşip, ýüregine düşüp ýörseler haýsy ýekemene ýarar? Muňa garamazdanam ol bize şonça zady – ýabany hindi kelleli iki sany şaýyny, sakgyç, sabyndan gurjak, medal, zynjyrlyja döwük sagat peşgeş berdi. Jim megerem ol zatlaryň baryny nirededir bir ýerde ýygşyran bolsa gerek. Men bir gezek az-kem aýak çekdim-de, şol bagy synladym, şol köwegiň ýapylan sement dykysynyň daşynda agajyň sütüni biraz ýognapdyr. Dykynyň özi bolsa sementiň reňkini ýitirip sap-sary bolupdyr. Her gezegem men olaryň jaýlarynyň deňesinden ötenimde ony görerin diýip tama edýärdim. Belki, haçanam bolsa bir wagt biz ony göreris. Maňa örän gyzykly, bu hadysa nähili bolarka? Belki-de şeýle bolar: Ine men-ä geçip barýaryn, ol bolsa ine hamana şol hiňňildikde oturanmyş: Men, edil onuň bilen bütin ömrüme günde-günaşa salamlaşyp duran ýaly: -Salam, jenap Artur,-diýerin. Ol hem edil meniň bilen bütin ömrüme günde-günaşa salamlaşyp duran ýaly: -Agşamyň haýyrly bolsun, Jin Luiza,-diýer:-Bu gün howanyň ajaýypdygyny, dogrumy? Menem: -Hawa, jenap, örän ajaýyp,-diýerin-de öz ýolum bilen bolaryn. Ýöne welin, bu zatlaryň barysy adaty arzuw bolmagyna galýardy. Biz ony hiç haçan görmeris. Ol megerem, hakykatdan hem diňe aý ýaşanda öýünden çykyp, hanym Stiweni Krouforduň penjiresinden yşyklaýan bolmaly. Onuň ýerine özüm bolsam-a kime-de bolsa başga birine serederdim, ýöne kimdir birine seredip seretmezlik onuň öz işi. Ine bize welin ol hiç haçanam seretmez. -Sen ýene-de öňki edähetiňe başlan bolaýma, birden?-diýip Attikus bir gezek agşam men oslagsyz ýerden men heniz dirikäm iň bolmanda ýekeje saparam bolsa, iň bolmanda birje gözümiň çetjagazy bilenem bolsa Betnyşan Redlini synlap görmeli bolaryn ahyry diýenimde menden sorady. Soňam dowam etdi:-Eger-de şeýle bolsa, onda men saňa bada-bat aýdýaryn: bes etginiň. Men indi seni her gün onlarça gezek olaryň howlusyndan jyrraldyp kowalap ýörerden öte garradym. Onsoňam olaryň howlusyna sümülip ýörmegiň özüne ýetik howpy-da bar. Seni atyp goýbermekleri-de ähtimal. Sen bilýärsiň ahyry, jenap Natan, her bir kölegä gözi düşen badyna tüpeňini towhuldadyp goýberýär ahyry, ol hatda ýerde otuzynjy ölçegli aýak yzlaryny galdyryp gidýän aýakýalaňaç kölegeleri-de sylap goýar öýdemok. Biler bolsaň, şol sapar seniň maňlaýyň işläpdir, sen diri galypsyň. Men şol bada dilimi dişledim-de içimden pikir öwürdim: Attikus nähili gowy. Ol özüniň käbir zatlar barada biziň çak edişimizden has köpräk hem jikme-jikräk bilýändigini şu geçen döwrüň içinde ilkinji gezek görkezýärdi. Ýogsa bu zatlar tas ýüz ýyldanam gowrak wagt mundan ozal bolup geçipdi ahyry. Ýok, ýok, ýogsa-da diňe geçen tomusdady ahyry…ýok, geçen tomusda, haçan-da…Bäh, görýän welin, meniň kellämde bar zat bulam-bujar bolupdyr öýdýän. Jimden sorap görmeli. Şondan bäri biziň bilen şeýlebir köp zatlar bolup geçipdir welin, görlüp otursa, Betnyşan Redli iň gorkunç zadam däl ekeni. Attikus bolsa özüniň ýene-de nämedir bir zatlar bolup geçer öýtmeýändigini, durmuşyň çaltlyk bilen öňki hanasyna girýändigini aýtdy. Biraz wagt geçer, onsoň haçanam bolsa bir mahal, ýeriň ýüzünde Tom Robinson atly şunça gep-gürrüňiň ýüze çykmagyna sebäpkär bolan bendäniň ýaşandygyny-da hemmeler unudarlar. Belki-de Attikusyň aýdýanlary dogrudyr, ýöne geçen tomusda bolup geçen wakalardan soň biz edil özümizi dymyk hem çilimiň tüssesinden doly otagda ýaly duýup, hiç erkana dem alyp bilmeýärdik. Meýkombyň ýaşaýjylary Jim ikimiz bilen Tomuň täleýi barada gepleşmeýärdiler, megerem olar ol hakynda öz çagalary bilen gepleşýän bolmaklary ahmal, özlerem bolup geçen zatlara megerem: “Attikus biziň kakamyz bolsa-da biziň bolan wakalarda hiç hili günämiz ýok, şonuň üçinem Attikusa garamazdan goý çagalar bir biz babatda geçirimli bolsunlar” diýen düşünje bilen garaýan bolara çemelidi. Çagalaryň diňe özleriniň bu zatlar hiç haçan ýadyna-oýuna-da düşjek däldi. Eger-de ulular biziň deň-duşlarymyzyň ugur-utgalaryny ýitirer ýaly derejede aňkalaryny aşyrmadyk bolsadylar, onda Jim ikimiziň her haýsymyzyň olaryň haýsy-da bolsa biri bilen birdir-ýarymdyr gezek urşardyk-da, şonluk bilenem ähli zat tamamlanardy. Indi bolsa biz hemişe başymyzy belent tutup özümizi hakyky erkek kişi we hakyky asylly hanym ýaly alyp barmaga mejbur bolýardyk. Bu zatlaryň barysy-da hanym Genri Lafaýet Dýubozyň eýýamyny ýadymyza salýardy, ýöne ol döwürden tapawutlylykda biziň üstümize hiç kim bokurdagyny ýyrtmaýardy. Ýöne ýene-de bir täsin hem düşnüksiz ýagdaý: Meýkombyň pikiriçe Attikus erbet kaka bolsa-da ştatyň kanunçykaryjy ýygnagyna hemmeleriň biragyzdan ses bermegi bilen ýene-de şony saýladylar. Ýok-la, her näme diýseňem, görýän welin, bu adamlar birhili öte täsin jandarlar. Şonuň üçinem men olardan gaçarak gezenimi we mümkin boldugyndan olar hakynda pikirlenmänimi kem görmedim. Ýöne bir gezek welin, men islesem-islemesem olar hakda oýlanmaly boldum. Mekdepde, hepdede bir gezek bizde gündelik bolup geçýän wakalaryň sapagy geçirilýärdi. Her kim gazetden bir makalany gyrkyp alyp, sapakda ünsli okap bermelidi we özüçe onuň mazmunyny aýdyp bermelidi. Bu sapak çagalary köp bela-beterden gorap saklar diýlip çak edilýärdi, sebäbi öz okan zadyny gürrüň berýärkä, okuwçy hemmeleriň gözüniň alnynda durmaly boljakdy, ol owadan durmaga çalşar, şonuň netijesinde-de göwresine oňat erk etmegi öwrener, ol okan zadyny gysgajyk aýdyp bermeli bolar, şonuň netijesinde-de gepläninde söz saýlamagy öwrener, ol gündelik bolup geçýän wakalary ýat tutmagy öwrenmäge-de mejbur bolar, bu bolsa onuň ýatkeşligini artdyrar, onuň tenha özi köpçüligiň öňünde durmaly bolar, bu bolsa onuň ýene-de hemmeleriň arasynda bolmaga islegini güýçlendirer diýip bu tükeniksiz ezýeti oýlap tapan mugallymlar çaklaýardylar. Elbetde, örän uly açyş hem biçak çuňňur pikir, ýöne adatça bolşy ýaly Meýkombda ondan derekli zat çykmady. Birinjiden-ä, mülkdar daýhanlaryň çagalary hiç haçan diýen ýaly gazet diýilýän zadyň gyrasynam görmeýärdiler, şonuň üçinem gündelik bolup geçýän wakalar diňe şäherli çagalaryň gerşindäki aýrylmaz ýüke öwrüldi, bu ýagdaý bolsa şäheriň daşynda ýaşaýanlary mugallymlaryň diňe şäherli çagalara üns berýändiklerine ynandyrdy. Şäheriň daşynda ýaşaýanlardan ellerine kämahal gazet ilýänleri bolsa adatça “Radikal sahypa” atly gazetden makalalary saýlap alýardylar, ol gazeti bolsa biziň mugallymamyz hanym Geýts gazet diýibem haspa etmeýärdi. Men, dogrusy onuň kimdir biri “Radikal sahypadan” makalany aýdyp berýän wagty näme üçin gaşlaryny bürüşdirip oturýandygyny-ha bilmeýärin, ýöne göwnüme bolmasa, onuň gözüne bu gazeti okamak, edil hiç zat işlemän bikär çapak çalyp oturan ýaly, ertirlikde tagamlyja, myssyjak kökeleri iýen ýaly, aýnanyň öňünde pyrlanyp duran ýaly ýa-da “Eşegiň aýdymy şeýlebir hoşowaz” diýen aýdyma gygyryp ýören ýaly – umuman mugallymlaryň bize etmezligi öwredýän we şonuň üçinem zähmet hakyny alýan, ähli biderekliklerini eden ýaly bir zat bolaýmasa. Onsoňam biziň içimizde iki-ýekesi bolaýmasa kän bir gündelik bolup geçýän wakalar diýilýän zada düşünýänimiz hem ýokdy diýen ýalydy. Kelteje – sygyrlaryň hem-de olaryň endikleriniň iň beýik bilermeni eýýäm Netçel daýyjyk baradaky hekaýatjygyň ortasyna dagy ýetipdi welin, birdenkä hanym Geýts ony saklady: -Bu gündelik bolup geçýän wakalar däl, Çarlz. Bu mahabat. Ine Sesil Jeýkobs welin, gündelik bolup geçýän wakalaryň nämedigini bilýän ekeni. Haçan-da onuň jogap bermek nobaty ýetende ol tagtanyň öňüne çykdy-da, başlady: -Goja Gitler… -Adolf Gitler, Sesil,-diýip hanym Geýts düzediş berdi:-Haçan-da kimdir biri barada gepläniňde ony “goja” diýip atlandyrmak gelşiksiz bolýar. Sesil: -Hawa, hanym,-diýdi:-Hawa, onsoň, goja Adolf Gitler ýehudylary derňeýär… -Yzarlaýar, Sesil… -Ýok, hanym, hanym Geýts, ine şu hut şeýle diýibem ýazylgy…Hawa, onsoň, goja Adolf Gitler ýehudylary kowalaýar, olary türmä basýar, olaryň elinden olara degişli bolan ähli goş-golamlaryny, mata-marlaklaryny alýar, olaryň ýekeje ýartysyny hem serhetden daşyna goýbermeýär we ol akly kemleriň ählisini ýuwýar. -Akly kemleri ýuwýar? Ýeriň ýüzünden ýok edýär diýen manyda aýdýarsyňmy? -Ýok-la-how, hanym, hanym Geýts, olaryň akly kem bolandygy sebäpli olaryň özleriniň ýuwunmaga-da eşiklerini ýuwmaga-da akly çatýan däl bolmaly, sebäbi ýarym däli näme özüni tämiz saklap bilermi dagy? Hawa, onsoň, ine Gitlerem hemme ýarym ýehudylary bir ýere jemläkgetdin, olaryň haýsydyr bir hokga goparmaklaryndan çekinip, olardan gözüni aýyrmazlygy ýüregine düwüpdir, meniň pikirimçe-de bu işleriň hemmesi erbet, ine meniň gündelik bolup geçýän wakam-a şu hili. Hanym Geýts: -Berekella, Sesil,-diýdi. Öz-özünden göwnühoş halda Sesil ornuna tarap ýöneldi. Şol wagt has yzrakdan bir ýerden kimdir biri elini galdyrdy. -Ol nähili beýle edip bilýär-ä? -Kim nähili we näme edip bilýär?-diýip hanym Geýts sabyrlylyk bilen sorady. -Ýaňky Gitler-le, ol nädip şonça adamy alakgetdin gözenegiň aňyrsyna dykyp bilýärkä, hany hökümet, olar näme üçin ony togtatmaýarlarka? Hanym Geýts: -Gitleriň özi hökümet,-diýdi-de bada-badam sapagy işjeň sorag-jogap alyşmaga öwürmek mümkinçiliginden peýdalandy. Ol tagtanyň ýanyna bardy-da, uly basma harplar bilen “DEMOKRATIÝA” diýip ýazdy. -Demokratiýa,-diýip ol okady:-Munuň nämedigini kim bilýär? Men Attikusyň saýlawlar döwründe düşündirýän şygaryny ýadyma saldym-da, elimi galdyrdym. -Hawa, hawa, seniň pikiriňçe bu näme, Jin Luiza? -Hemmeler üçin deň hukuklaryň bolmagy we hiç kim üçin hiç hili artykmaçlyklaryň bolmazlygy,-diýip men ýat tutan sözlerini tatyrdadyp goýberdim. -Berekella, Jin Luiza, berekella,-diýip hanym Geýts ýylgyrdy. Soňra “demokratiýa” diýen sözüň öňünde şonuň ýaly uly basma harplar bilen “BIZDE” diýip ýazdy. -Indi bolsa geliň hemmämiz bile aýdalyň: bizde demokratiýa. Biz gaýtaladyk. Hanym Geýts: -Ine şu hem Amerika bilen Germaniýanyň arasyndaky tapawut,-diýdi:-Bizde demokratiýa, Germaniýada bolsa diktatura. Diktatura. Biz öz ýurdumyzda hiç kimi ýazgarmaýarys, yzarlamaýarys. Özgeleri bolsa diňe ters ynançlar bilen keselläp, olara köre-kör ynanýan adamlar yzarlaýarlar. Te-e-ers y-na-a-anç,-diýip ol süýkdürip aýtdy:-Ýehudylar hem edil beýleki halklar ýaly halk, ýöne men Gitleriň näme üçin başgaça pikir edýändigine hiç düşünip bilmeýärin. Öňdäki hatarda oturan haýsydyr bir bilesigeliji sorady: -Siziň pikiriňizçe, hanym Geýts, näme üçin ýehudylary halamaýarlar? -Men-ä dogrusy, bilmeýärin, Genri. Olar islendik ýurtda-da jemgyýetiň peýdaly agzalary, galyberse-de olar örän dindar, takwa halk. Gitler bolsa dini köki-damary bilen ýok etmekçi bolýar, belki-de hut şonuň üçinem olary halaýan däldir. -Men, elbetde, bilemok,-diýip Sesil çasly aýtdy:-ýöne olar eşidişime görä pul çalyşmakmy ýa-da şoňa meňzeş bir zat bilenmi meşgul bolýarlar ýaly, ýöne barybir munuň üçin olary yzarlap bolmaz ahyry! Olar akýagyzlar ahbetin, dogrumy? Hanym Geýts: -Ine sen ýedinji synpa geçersiň, Sesil,-diýdi:-şonda sen ýehudylary gadym döwürlerden bäri yzarlap gelýändiklerini, olary hatda öz ýurtlaryndanam kowandyklaryny bilersiň. Bu waka adamzadyň taryhyndaky iň gynançly sahypalaryň biridir…Indi bolsa geliň arifmetika bilen meşgullanalyň çagalar. Men hiç haçanam arifmetikany halamaýardym, şonuň üçinem sapakdan ünsümi sowup penjirä seretmäge başladym. Men diňe ýekeje sapar Attikusy hakykatdan hem gaharly ýagdaýda görüpdim, haçan-da Elmer Deýwis radioda Gitler barada gürrüň berýärkä. Şonda Attikus tarsa turdy-da radiony öçürip: “Owf-f!” diýdi. Soň bir gezek onuň näme üçin Gitlere gaharlanýandygyny soranymda Attikus: -Sebäbi ol guduzlapdyr,-diýdi. “Ýok, beýle bolsa-ha gowy boljak däl” diýip men tutuş synp bolup deňleme işläp otyrkalar oýlanýardym. Guduzlan-a ýekeje, nemesler bolsa millionlarça. Meniň pikirimç-ä olaryň özleri ony gözenegiň aňyrsyna dykyp, oňa özlerini gözenegiň aňyrsyndan garatmaga mümkinçilik bermän biläýjekler ýaly. Bä-ä, bu ýerde näme-de bolsa bir zad-a bolmalysy ýaly däl…Attikusdan sorap görmeli. Agşam men ondan soradym, ol bolsa, özüniň hiç hili jogap berip bilmejekdigini, sebäbi özüniň hem nämäniň nämedigine göz ýetirip bilmeýändigini aýdyp jogap berdi. -Ýöne Gitleri ýigrenmek – bu gowy zatmy? -Kimdir birini ýigrenmäge mejbur bolmak-da jinnek ýalyjak-da gowulyk ýokdur. Men: -Attikus,-diýdim:-barybir men düşünmeýärin. Hanym Geýts aýdýar: “Gitleriň edýän işi aýylgançlyk” diýýär, ol hatda şu zatlary aýdyp berýärkä jym-gyzyl bolubam gitdi… -Men ondan başga zada garaşmaýardym hem. -Onda näme… -Näme “onda näme”? -Hiç zat, jenap. Men sesimi çykarman gitdim, sebäbi kellämdäki pikirleri, özümiň bulaşyk duýgularymy Attikusa nädip düşündirjekdigimi bilmeýärdim. Belki-de Jim maňa düşündirip berer. Mekdepde bolup geçýän zatlarda Attikusdan Jimiň başy gowy çykýar. Jim uzakly günläp suw daşapdyr we halys ýadapdyr ekeni. Onuň ýatyş sekisiniň gapdalynda, ýerde süýtden boşan çüýşe hem-de azyndan on sany bananyň-a gabygy çaşyp ýatan ekeni. -Sen näme şunça zady symyşlaýdyňmy?-diýip men soradym. Ol: -Tälimçim eger-de men ýene-de bir ýyldan ýigrimi bäş funt semresem, meniň pökgi oýnap biljekdigimi aýdýar,-diýdi:-Şeýle iýip-içseň bolsa bahym semreýärsiň. Men: -Eger-de seniň ýüregiň bulanyp gaýtarmasaň,-diýdim:-Jim, men senden käbir zatlary soramaly. -Bol döküber etegiňdäki daşlaryňy,-diýdi-de ol kitabyny bir gapdala goýup, aýagyny uzyn saldy. -Hanym Geýts oňat ahyry, dogrumy? -Oňat. Biz onuň elinde okadyk, ol hiç neneň däl. -Ol bilýäňmi, Gitleri şeýlebir ýigrenýär… -Ýeri bolanda näme? -Düşünýäňmi, şu gün ol onuň ýehudylara şeýle erbet çemeleşýändigi juda erbet diýip aýtdy. Jim, hiç kimi yzarlamak bolmaýar ahyry, bu adalatsyz gerek, şeýle dälmi? Hatda kimdir biri barada nejis oýlanmak hem gadagan, dogrumy? -Hawa, elbetde, Gözlüje, gadagan. Ýöne bu gün seni haýsy siňek dişledi? -Düşünýäňmi, biz şol gezek kazyýetiň binasyndan çykanymyzda hanym Geýts…ol basgançakda biziň öňümizden ýöräp gelýärdi…sen, megerem, ony görenem dälsiň…ol hanym Stiweni Krouford bilen gepleşip gelýärdi. Ine onsoň ol şonda diýdi: “olara mazaly sapak bermegiň wagty gelip ýetdi, olar halys depämize çykdylar, bahym, görýän welin, bizi aýal edinip almagy isläp başlarlar” diýdi. O nähili beýle bolýar ahyry, Jim, öz-ä Gitleri ýigrenýär, özi bolsa biziň bärdäki garaýagyzlarymyz barada şeýle ýürekbulanjy gepleýär… Jim birdenkä guduzlana dönäýdi. Ol ýatyş sekisinden böküp turdy-da, meniň ýakamdan ebşitläp tutaga-da meni şeýlebir silkip goýberdi: -Şol kazyýet mejlisi barada eşidesimem gelmeýär, eşidýäňmi, eşidesim gelmeýär! Düşündiňmi? Indem mundan beýläk senden şol mejlis hakda ýeke söz eşidäýmäýin, düşündiňmi? Indi bolsa ýok bol şu taýdan! Men onuň bolşuna şeýlebir haýran galdym welin, hatda aglamak-da ýadymdan çykaýpdyr. Men daraklygyma basyp otagdan çykdym-da, birden Jim gapynyň jygyldysyny eşidip öňküsindenem beter beleň alyp galaýmasyn diýen pikir bilen işigi başardygymça ýuwaşja ýapdym. Men edil bir pursadyň içinde şeýlebir ýadadym welin, tizräk Attikusyň ýanyna barasym geldi. Ol myhman otagyndady, men oňa ýakynladym-da dyzyna münmek isledim. Attikus ýylgyrdy. -Sen indi şeýlebir ullakan bolupsyň welin, gyzym, indi hatda meniň gujagyma-da sygmajak bolýarsyň. Ol meni has mäkämräk bagryna basdy-da, pessaýja pyşyrdady: -Sen Jimiň bolşy üçin gynanmagyn, Gözlüjäm. Bu wagt onuň durmuşynda iň kyn döwürleriň biri. Men onuň saňa gygyrandygyny eşitdim. Attikus ýene-de: “Jim nämedir bir zady hakydasyndan çykarjak bolup elinden gelenini edýär, ýöne ol ýadyndan çykaryp bilmez, ol diňe belli bir wagta çenli şol zat barada oýlanman biler. Biraz wagt geçenden soň bolsa ol şol zat hakda pikir etmegi-de başarar, ine şonda-da özi üçin hemme zady aýyl-saýyl eder. Şondan soňam ol öňküsi ýaly bolar” diýdi. Dowamy bar. | |
|
√ Dirilik suwy -20: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -17: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy - 22.07.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýazlagda - 07.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |