17:51 Şygşygyny öldürmek -14/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
-Goý gitse gitsin-dä-diýip Jim gaharlysyrap jogap gaýtardy. Biz pessejik haýatdan aşdyk-da, hanym Reýçeliň howlusyna geçip, Dilliň penjiresiniň öňüne bardyk. Jim bedenäniňkä çalymdaş ses etdi. Penjiräniň aňyrsynda Dilliň ýüzi göründi-de, bada-badam sumat boldy, sähel pursat geçip-geçmänkä-de ol penjiräni açdy-da, daşaryk aşdy. Köpi gören adam hökmünde ol tä biz köçä çykýançak bizden hiç zat soramady. -Näme boldy? -Jimiň ykmandalyk tutgaýy tutýar. Kelpurniýa: „Jimiň ýaşyndaka hemme oglanjyklara sergezdanlyk keseli ýokuşýar“ diýýärdi. Jim: -Ýöne şeýle,-diýdi:-ýöne şeýle. Biz hanym Dýubozyň öýüniň deňesinden geçdik, ol boşdy, penjireleriniň gabsalary ýapykdy, onuň söýgüli gülleri bolsa pajarlap ösen çitçitidir-ýowşanyň arasyndan zordan görünýärdi. Köçäniň künjüne, poçta çenli ýene-de sekiz jaý bardy. Şäheriň baş meýdanynyň günorta tarapy gum-guklukdy. Meýdanyň her çüňkünde äpet araukariýalar ýapraklaryny syh-syh edip durdylar, olaryň arasyndan bolsa köçe çyralarynyň ýagtysyna at daňylýan demir ýylpyldap görünýärdi. Jemgyýetçilik hajathanasynda henizem çyra ýanyp durdy, ýöne kazyýetiň binasynyň şu tarapynda şonda başga ýekeje-de ýylpyldy ýokdy. Kazyýetiň binasynyň öňündäki meýdança inedördül dörtburçlukdy, onuň çar tarapyny bolsa dükanlar gallaýardylar, olaryň niresindedir hol içinde-de ysgynsyzja yşyjaklar görünýärdi. Haçan-da Attikus aklawjy bolup işläp başlanda onuň edarasy kazyýetiň binasynda ýerleşipdir, emma birnäçe ýyldan soň ol şäher bankynyň binasyna göçüpdir, sebäbi ol ýerde kazyýete garanyňda ümsüm we rahat bolupdyr. Biz köçäniň künjünden aýlanan dessimize bankyň öňünde „şewrole“ ulagynyň durandygyny gördük. Jim: -Ol şu ýerde,-diýdi. Ýöne bärde Attikus ýok ekeni. Onuň edarasyna uzyn däliz eltýärdi. Eger-de onuň gapysynyň aňyrsynda çyra ýanyp duran bolsady, onda biz gaty uly bolmadyk, düşnükli harplar bilen „ATTIKUS FINÇ, AKLAWJY“ diýen ýazgyly tagtajygy görerdik. Ýöne häzir ol ýerde tümlükdi. Jim ýene-de bir gezek bankyň aýna gapysynyň aňyrsyndaky garaňkylyga siňe-siňe seretdi. Işigiň tutawajyny aşak basdy. Gulplydy. -Hany köçäniň ugry bilen gidip göreliň. Belki ol jenap Anderwudyň ýanyna barandyr. Jenap Anderwud diňe bir „Meýkomb tribýun“ gazetini neşir etmän, eýsem gazetiň redaksiýasynda ýaşaýardy hem. Has takygy redaksiýanyň ýokarsynda. Kazyýetde we türmede nämeleriň bolup geçýändigi bilmek üçin oňa diňe özüniň ikinji gatdaky otagynyň penjiresinden garamak ýeterlikdi. Onuň öýi meýdançanyň demirgazyk-günbatar burçunda ýerleşýärdi, onuň öýüne barmak üçin bolsa türmäniň deňesinden geçmelidi. Türme tutuş Meýkombda iň köne we iň betnyşan ymaratdy. Attikus hemişe: „beýle ymaraty diňe dolananymyz Joşua Sent-Kleriň oýlap tapyp bilmegi mümkin“ diýýärdi. Hakykatdanam ol ymarat edil gara basmaly düýşde görlüp gurlan ýalydy. Şäherde hemme jaýlar ýönekeý we adaty jaýlardy, öň taraplary göni hem giňdi, üçekleri eşekgeriş ýapgytdy, birdenem hiç bir sebäp ýok ýerden olaryň arasynda boýy inine iki esselik, somalyp öňe zomap duran çykgytlar hem-de diş-diş bezeg minarajyklary bilen diwarlarynyň üsti ýetirilen gotik şekilinde salnan keşişjik zompa çykýar. Türmäniň penjireleri diňe ybadathanalarda ulanylýan gyzyl kerpiç bilen haşamlanandygy sebäpli ýogyn polat gözenekleri göze dürtülip duran penjireler bolsa birhili hasam alasarmyk düýş duýgusyny döredýärdi. Bolanyna görä, bu alasarmyklyk özbaşyna, haýsydyr bir ýalňyz depäniň üstünde dikeldilen bolsady, garaz ýene-de elhal gelişjekdi, ýöne ol Tindeliň „Ownuk demir haryt önümleriniň“ we „Meýkomb tribýunyň“ redaksiýasynyň arasyna dykylyp salnypdy. Meýkombda türme hemişe üznüksiz jedelleri döredýärdi, ýazgaryjylar: „ol şa zenany Wiktoriýanyň döwründäki hajathana edil bir almany iki bölen ýaly meňzeş“ diýýärdiler, olaryň garşydaşlary bolsa: „şeýle ymarat şäheriň keşbine has asylly, azmly görk berýär, özge ýerden gelen adam bolsa hiç haçanam onuň içiniň garaýagyzlardan dos-doludygyny bilip bilmez“ diýip ynandyrmaga çalyşýardylar. Biz pyýada ýodasy bilen ýöräp barýardyk welin, birdenkä hol allaowarrada ýalňyz yşyjaga gözümiz kaklyşdy. Jim: -Geň zat,-diýdi:-türmäniň daş ýüzünde çyra ýok ahyry. Dill: -Göwnüme bolmasa bu işigiň üstündäki çyrajyk ýaly-la-diýdi. Ikinji gatyň penjiresiniň gözenekleriniň arasyndan uzyn sim sallanyp durdy. Ýalaňaç, daşy örtüksiz çyrajygyň yşygynda, edil işigiň agzynda Attikus otyrdy. Ol, megerem öz edarasyndan oturgyç getirip, ony türmäniň işigine dirän bolara çemeli. Ol öz depesinde gaýmalaklaýan kebeleklere hem-de gaýry gijeki mör-möjeklere üns bermän nämedir bir zat okap otyrdy. Men oňa tarap ylgamakçy boldum, emma Jim meniň golumdan şapba tutdy-da: -Onuň ýanyna barma,-diýdi:-gaharyny getirersiň. Ol bärde, diýmek hemme gülala-güllük, ýörüň öýe gaýdalyň. Men diňe onuň nirededigini görmek isledim. Biz meýdançany gytaklap kesip geçip başladyk, şol pille-de Meridian ýolunyň ugry bilen haýaljakdan, biri-biriniň yzyndan dört sany ulag çykdy. Olar meýdançanyň daşyndan aýlandylar-da, bankyň deňesinden ötüp, türmäniň gabat-garşysynda togtadylar. Ulaglardan hiç kim düşmedi. Attikus okap oturan gazetinden başyny galdyrdy. Ony emaý bilen epläp, dyzynda goýdy, sypal başgabyny ýeňsesine süýşürdi. Megerem, ol şu ulaglaryň gelerine öňden garaşyp duran bolara çemeli. -Ýörüň-diýip Jim pyşyrdady. Biz meýdançany kesip yzymyza ylgadyk, badymyza köçedenem geçdik-de, dükançanyň arkasynda gizlendik. Jim seresaplylyk bilen jyklap: -Ýene-de has golaýraga süýşüp bilýäris-diýdi. Biz Tindeliň dükanynyň ýanyna ylgadyk, ol ýerden ähli zat eliň aýasynda ýalydy, biziň özümiz bolsa hiç kime görünmeýärdik. Gelenler bir-birden ulaglaryndan düşüp başladylar. Olar ilki kölegeler ýalydy, ýüzlerini saýgaryp bolmaýardy, soňra olar türmäniň işigine tarap ýöneldiler welin, çyrajygyň ýagtysyna olaryň ählisiniň äpet we dykyz göwrelidikleri göründi. Attikus ýerindenem mizemedi. Gelenleriň mähnet arkalary onuň öňüni ýapdylar. -Ol şu ýerdemi, jenap Finç?-diýip kimdir biri sorady. -Şu ýerde,-diýip Attikus ses berdi:-Ol uklap ýatyr, ony oýaraýmaň. Şol wakadan kän wagt soň men şol oýundan-degişmeden juda daşdaky şol ýagdaýlarda kakamyň sözleriniň nähili aýylganç hem gülkünç ekenidigine düşündim, ýöne şonda welin, soňky gelenler kakama „gulak asyp“ seslerini biraz peseltdiler. -Siz biziň näme üçin gelendigimizi bilýärsiňiz,-diýip kimdir başga biri gepledi:-Işikden aýrylyň, jenap Finç. -Öýňüze gaýdyň, Uolter,-diýip Attikus sypaýyçylyk bilen jogap berdi:-Gek Teýt hem şu ýakynlar-da bolmaly. -Göwnüň küýseýändir!-diýip ýene-de başga biri goşuldy:-Gek özüniň ýalýagylary tokaýda pelesaň kakyp ýör, ertir irdene çenlem ol ýerden çykmasa gerek. -Aý goý-a! O näme beýlekä? -Meýdanda şemaly gözleýär-diýip gysgajyk jogap eşidildi:-Siz bu barada oýlanyp görmediňizmi, jenap Finç? -Oýlanyp gördüm, ýöne ynanmaýardym. Kakamyň sesi öňküsi ýaly asuda eşidilýärdi:-Ýeri bolýar-da, barybir bu biziň ýagdaýymyza hiç hili täsir etmeýär ahyry, şeýlemi? -Elbetde-diýip ýene-de kimdir biriniň ýogyn sesi ýaňlandy. Garaňkylyk zerarly gepläni aýyl-saýyl eder ýaly däldi. -Siz çyndanam şeýle pikir edýärsiňizmi? Men şu günüň dowamynda eýýäm ikinji gezek Attikusyň bu sowaly berýändigini eşidýärdim, diýmek häzir kimdir biriniň mazalyja eýi ýetirilse gerek. Bu bolsa synlanyňa degýän tomaşa bolmaly! Men towlanjyrap Jimiň elinden sypdym-da, güýjümde baryny edip Attikusa garşy ylgadym. Jim çalaja gygyrdy-da, meniň yzymdan okduryldy, ýöne Dill ikisi meniň yzymdan ýetip bilmediler. Men dürli-dümen dürüşde agyr yslar aňkap duran gara sudurlaryň arasyndan itenek-çomanak bolup, dykyljyrap geçdim-de, ýagty ýere çykdym. -Attikus, salam! Men pikir etdim: „Baý, ol häzir begener-ow!“ diýip, emma onuň ýüzi şeýlebir birhili boldy welin, meniň barça şatlygym göz açyp-ýumasy salymda zym-zyýat boldy. Onuň gözleri edil ýöne wadaryga wehimden dolaýdylar, ýöne bu gorky tupany ýeke pursat towlanyp möwç urdy-da, hümer bolup duranlaryň arasyndan Jim bilen Dill ikisi çykandan soňra dessine-de peýda bolşy ýaly sumat boldy. Aragyň hem-de malýatagyň ysy aňkap durdy, men daş-töweregime göz aýladym welin, çar ýanymyzy gallap duranlaryň hemmesiniň nätanyş kesekilerdigini gördüm. Bu adamlar düýn agşam öýmüze gelenler däldi. Men utanjymdan ýaňa lowlap gyzyp gitdim, gör-ä muny, men şeýlekin bir dabara bilen böküp öňe çykdym, maňa bolsa düýbünden nätanyş adamlar tiňkelerini dikip durlar! Attikus oturgyjyndan turanda ol edil garrap halys tapdan düşen goja ýaly haýaljakdan gymyldaýardy. Ol emaý bilen gazetini öňki epin ýerlerinden epledi-de, usullyk bilen bir gyrada goýdy. Onuň barmaklary assaja sandyraýardy. Ol: -Bar öýe gaýt, Jim,-diýdi:-Uýaňy hem-de Dilli öýe alyp git. Biz Attikus bir zat buýranda tabyn bolmaga endik edipdik, elbetde hemişe höwesek bolmasagam tizlik bilen onuň ähli aýdanlaryny berjaý edýärdik, bu ýerde welin, Jim edil ýerinden butnaýynam diýmän doňdy duruberdi. -Öýe gaýt diýdim, men saňa. Jim başyny ýaýkady. Attikus ellerini böwrüne diredi, Jimem onuň hereketini gaýtalady. Şeýdibem olar biri-biriniň garşysynda biri-birinden düýpgöter üýtgeşik iki adam bolup doňňara-daşa öwrülip duruberdiler. Ýumşajyk melemtil saçly, goňrumtyl gözli, gulaklary kellesine gaýym ýelmeşip duran, tutuşlygyna ejemize meňzeýän oglanjyk – Jim we çal sepip ugran gara saçly, açyk, agajet ýüzli erkek kişi – Attikus. Ýöne meniň göwnüme bolmasa şol pursat olaryň ikisi-de biri-birine juda çalymdaş ýaly bolup göründiler. Megerem bu olaryň ikisiniň hem biri-birine tekepbir, hötjet garadangaýtmazlyk bilen tiňkelerini dikip duranlary sebäpli bolaýmasa. -Ogul, men aýdýan, öýe gaýt. Jim ýene-de kelam agyz geplemän, başyny ýaýkady. -Ine men häzir ony öýüne ugradaryn,-diýip haýsydyr bir pöňlek, syryk ýaly uzyn pyýada Jimiň ýeňsesinden ebşitläp tutdy-da, ony südenekledip goýberdi welin, ol zordan ýykylman aýak üstünde saklandy. -Ol eliňi degirme!-diýdim-de men ýaňky pöňlek daýa aýagym bilen gütüledip goýberdim. Men aýakýalaňaçdym, şonuň üçinem ol pöňlek pyýada iki eplenip, „wah-wahlap“ yza tesende juda geň galdym. Men ony şeýle gaty depäýdimmikäm! Dogrusy men onuň dyzyna depmek isläpdim, ýöne megerem dogry depip bilmän onuň satanlarynyň arasy bilen gereginden has ýokarraga gonduraýan bolara çemelim. -Besdir, Gözlüje,-diýip Attikus meniň egnimden ýapyşdy:-Depirjikleme-de, patanaklama-da. Ýuwaş.-diýip ol men özümi aklamak üçin nämedir bir zatlar diýmekçi bolanymda agzymy ýumdurdy. Emma men barybir: -Goý olar Jime ellerini degirmesinler!-diýmäge ýetişdim. -Ýeri bolýar, jenap Finç, olary bärden alyp gidiň,-diýip kimdir biri hüňürdedi:-Biz size munuň üçin on bäş sekunt wagt berýäris. Attikus birtopar düşnüksiz adamlaryň arasynda durup, Jimi gulak asmaga mejbur etjek bolup dyrjaşýardy. Ol haýbat atýardy, ony ynandyrmaga çalyşýardy, ahyrynda bolsa hatda: „Men senden haýyş edýän Jim, olary alyp git!“ hem diýdi. Jim bolsa jogap deregine hötjetlik bilen şol bir diýenini gaýtalap durdy: -Gitjek däl. Bu zatlaryň barysy meniň ýüregime düşüp ugrady, ýöne men Jimiň bihuda ýere keçjallyk edýändigini syzýardym, sebäbi ol ählimiz öýe baranymyzdan soň Attikusyň mazaly eýini ýetirjekdigini aňryýany bilen bilýärdi ahyry. Men töweregime garanjaklap ugradym. Ýyly tomus gijesidi, emma çar-töweregimizi gallap duran adamlaryň ählisiniň egninde galyň ýörite iş geýimleri bardy, içinden geýlen gödek nah matadan köýnekleri bolsa äňleriniň aşagynda soňky iligine çenli ildirilgidi. „Megerem olaryň hemmesi dümewlemekden çekinýän bolmaly“ diýip men oýlandym, olaryň ýeňleri welin ählisiniňki çermelgidi. Kimiň sypal başgaby bar bolsa olar başgaplaryny tä gaşlaryna çenli çümrüpdiler. Olaryň ählisi-de nähilidir birhili hyrsyz, tutuksy keşpdediler, edil şeýle giç wagtda aýak üstünde bolmaga endik etmedik ýaly hemmesi-de ukuly garaýardylar. Men olaryň arasynda heý ýekeje bir tanyş ýüzi tapmazmykam diýip olary birlaý synlap çykdym, olar biziň daşymyza ýarym aýlaw şekilinde egele bolup durdylar, birdenem men hümeriň edil merkezinde duran adamy tanadym. -Salam, jenap Kaningem! Ol misli meni eşitmeýän ýalydy. -Salam, jenap Kaningem! Siziň hukuklaryňyzyň kemsidilmegi bilen nämeler boldy? Uolter Kaningem-ulusynyň işleriniň ýagdaýyna men örän beletdim, Attikus birmahal onuň ýagdaýlaryny maňa jikme-jik düşündiripdi. Daýaw, her egninde bir adam oturybermeli äpet pyýada bolan ol birhili aljyraňňy hala düşüp gözlerini çalt-çalt gyrpdy-da, başam barmaklaryny ýörite iş geýiminiň egniniň üstaşyry geçirilen kemerleriniň aşagyna sokdy. Meniň hoşniýetli salamym jogapsyz galdy. Jenap Kaningem sypal başgapsyzdy, onuň maňlaýy çakdan aşa ap-ak bolup görünýärdi, şol sebäpli güne gaýzygan tutuş ýüzi bolsa hasam garalyp durdy. Men: „megerem ol hemişe sypal başgaply gezýär öýdýän“ diýip pikir öwürdim. Ol aýaklaryny gymyldatdy, onuň köwşi mähnet hem gödekdi. -Siz meni tanamadyňyzmy, jenap Kaningem? Men Jin Luiza Finç. Siz bir gezek bize hoz getiripdiňiz, ýadyňyza düşýärmi? Görýän welin men biderek ýere jepa çekýän ýaly-la, haçan-da tötänden tanyş bolan adamyň soň seni tanamasa juda oňaýsyz bolýar ekeni. -Men Uolter bilen bile okaýaryn-diýip täze synanyşyk etdim:-Ol siziň ogluňyz ahyry, şeýlemi? Dogrumy, jenap? Jenap Kaningem çala bildirer ýaly baş atdy. Ahyry ol meni tanady-ow! -Biz Uolter bilen bir klasda,-diýip men dowam etdim:-ol örän gowy okaýar. Onsoňam ol juda gowy,-diýip men üstüne goşdum:-hawa, hawa, çypbakaý çynym ol gowy. Ol bir gezek bize günorta naharyny iýmäge geldi. Belki ol size men barada gürrüň berse berendirem, bir sapar men ony ýençmäge mejbur boldum, ol bolsa muny menden birjigem gaty görmedi, ol hiç neneň däl, ol hakykatdan örän gowuja. Siz oňa meniň adymdan salam aýdyň, bolýarmy? Attikus birmahal maňa eger-de sen edepli adam bolsaň, onda özgeler bilen saňa gyzykly zat barada däl-de olara gyzykly zat barada gürrüň etmeli diýip öwredipdi. Jenap Kaningeme bolsa göwnüme bolmasa öz ogly barada gepleşmek hem diňlemek düýbünden gyzykly däl ýalydy, men bolsa onuň içiniň gysmazlygyny şeýlebir isleýärdim welin, gyssanjyma ony söhbetdeşlige çekmäge iň soňky synanyşygy etdim, belki onuň üçin hukuklaryň kemsidilmegi barada söhbetdeşlik gyzykly bolar. -Kemsidilmek – bu örän ýakymsyz zat,-diýip men oňa düşündirip ugradym. Ine şu ýerde-de, özümiň tutuş mähelläniň öňünde söz sözläp durandygym meniň aňyma ýetdi. Olaryň ählisi maňa aňk bolup seredişip durdylar, käbirleriniň bolsa hatda agyzlary-da öwelip galypdy. Attikusam Jimi çekelemesini goýup, ikisi-de Dilliň ýanynda duran ýerlerinden edil jadylanan ýaly bolup maňa seredýärdiler we meni diňleýärdiler. Attikusyňam agzy öwelip galypdyr, ýogsa onuň özi hemişe bize beýle etmegiň gelşiksizdigini ýanjar ýörerdi. Ýöne biziň nazarlarymyz kaklyşanda ol agzyny ýumdy. -Bilýäňmi, Attikus, ine men bu taýda jenap Kaningeme, elbetde haçan-da hukuklaryň kemsidilse biçak erbet diýip aýdyp berýärin, ýöne sen tolgunmaly däldigini aýtdyň ahyry, sebäbi şeýle işler öte uzaga çekýärmiş...we siz eýdip-beýdip umumy güýçleriňizi birleşdirip, ony öz peýdaňyza alyp çykjakmyşyňyz... Şu sözlerden soň men doly hem gutarnykly dymdym-da: „men nähili samsyk“ diýip oýlandym. Görýän welin, kemsidilmek barada diňe myhman otagynda gürleşseň ýerlikli bolaýjak ýaly. Meniň hatda saçlarymyň düýpleri derläp gitdi, haçan-da maňa birtopar jemende dikanlap dursa men düýbünden bolmaýardym. Hemmeler maňa seredip durdylar we dymýardylar. -Näme boldy?-diýip men soradym. Attikus jogap bermedi. Men jenap Kaningeme tarap garanjakladym, onuňam ýüzi kakamyňky ýaly parahatdy. Soňra ol örän geň hereket etdi. Çommalyp oturdy-da, iki eli bilen meniň eginlerimden tutdy: -Men oňa seniň adyňdan salam aýdaryn, kiçijik hanym!-diýdi. Örboýuna galdy-da, mähnet elini salgap goýberdi. -Gitdik bu ýerde!-diýip ol gygyrdy-Ýörüň, oglanlar! Olar edil gelişleri ýaly, ýeke-ýekeden, iki-ikiden aýaklaryny süýreşip özleriniň waragy çykyp, çamalagy çaşyberen ulaglaryna garşy ýöneldiler. Ulaglaryň işikleri jarkyldady, hereketlendirijileri asgyryp ugrady, ahbetinem olaryň ählisi gitdiler. Men Attikusa tarap öwrüldim, görsem ol biraz yza tesip maňlaýy bilen türmäniň diwaryna ýaplanan ekeni. Men onuň ýanyna bardym-da, ýeňinden çekdim. -Indi biz öýmüze gaýdarysmy? Ol baş atdy-da, elýaglygyny çykaryp, ýüzüni süpürdi, çasly sümgürindi. -Jenap Finç,-diýip niredendir bir ýokardan, tümlügiň arasyndan gyryljak ses geldi:-Olar gitdilermi? Attikus diwardan çekildi-de, başyny galdyrdy. -Gitdiler,-diýdi:-Biraz ukla, Tom. Olar indi gelmezler. Şol pille beýleki tarapdaky tümlükden hem ýene-de bir ses çykdy: -Hymm, gelmejekdiklerine arkaýyn bolaýyň,-diýip ol ses kesgitli gepledi:-Men hälden bäri hatyrjem durandyryn, Attikus. „Meýkomb tribýun“ gazetiniň redaksiýasynyň ýokarsyndaky gatyň penjiresinden eli goşanil tüpeňli jenap Anderwud kellesini çykardy. Wagt giçdi, menem ýadawdym, gözlerim öz-özünden ýumlup gelýärdi, göwnüme bolmasa-da Attikus bilen jenap Anderwud ikisi, biri penjireden kellesini çykaryp, beýlekisi oňa tarap başyny göterip, ertire çenli gepleşip duraýjaklar ýaly bolup görünýärdi. Ahbetin Attikus biziň ýanymyza geldi-de, türmäniň işiginiň ýokarsyndaky çyrany öçürip, oturgyjy eline aldy. -Men götäreýeýin, mümkinmi, jenap Finç?-diýip Dill haýyş etdi. Hälden bäri bu jümle onuň ilkinji sözleridi. -Sag bol, oglum. Biz banka tarap ýöneldik, Attikus Jim bilen öňden, meniň bilen Dill bolsa olaryň yzyndan. Dill oturgyjy süýräp gelýärdi, şonuň üçinem ol haýal ýöreýärdi. Attikus bilen Jim ikisi bizden esli öňe gitdiler, men oňa gaýt diýende öýe gaýtmandygy üçin Attikus ýolboýy käýinip gelýändir öýdüp pikir etdim, emma ýalňyşan ekenim. Olar köçäniň ugrundaky çyranyň deňesine ýetenlerinde Attikusyň elini galdyryp Jimiň saçlaryny mähir bilen buýr-bulaşyk edip goýberendigi görnüp gitdi. Ol mundan artyk suwjaran bolmagy düýbünden halamaýardy. xxxxx Jim meni eşitdi. Ol gapydan kellesini uzatdy. Haçan-da meniň ýatyş sekime golaýlanda bolsa Attikusyň otagynda yşyk ýakyldy. Biz duran ýerimizde doňup galyp, tä çyra öçýänçä gymyldamadyk. Biz Attikusyň düşeginde agdarynjyraýşyna diň salyp esli durup, garaşdyk. Ahbetin ýene-de hemme ýeri ümsüklik gaplap aldy. Jim meni öz otagyna alyp gitdi-de, düşekde ýatyrdy: -Uklamaga synanyş,-diýdi:-Birigün, belki-de bar zat tamamlanar. Biz ejekemizi oýarmazlyk üçin örän assyrynlyk bilen dolanmaly bolduk. Attikus bize öwrülýän ýodajykda ulagy öçürdi-de, ony eli bilen itip ulaghana saldy. Biz jaýymyzyň ýeňse ýüzündäki gapydan girdik-de, ses-selemsiz öz otagly-otagymyza dagadyk. Men öte ýadapdym we eýýäm uklap barýarkam, birdenkä göz öňümde Attikus janlandy, ine ol gazetini epleýär-de, sypal başgabyny ýeňsesine süýşürýär, soňra bolsa Attikus yns-jynssyz boşluk bilen sabyrsyz garaşmakdan dolup doňup duran köçäniň ugrunda äýnegini maňlaýyna galdyrýar. Şol müddetem men edil külüň bilen depäme urlan ýaly boldum, edil şol pursat, diňe şol pille men şu gije nämeleriň bolup geçendigine düşündim we aglap başladym. Jime welin berekella, ol meniň ýarym-ýaş bolup hünibirýan hynçgyrýanymy eşidip dursa-da: „haçan-da adamyň bahym dokuz ýaşy dolup barýarka oňa zörledip ýatmak gelişmeýär“ diýilýäne çalymdaş kelam agzam gyjalat bermedi. Irden hiç kimiň işdäsi ýokdy, diňe Jim üç sany ýumurtgany yzly-yzyna symyşlady. Attikus oňa aç-açan guwanmak bilen seretdi, Aleksandra ejem kinniwanja owurtlar bilen şirpildedip kofe içýärdi, onuň ýüz-gözünden bolsa hazan ýeli öwüsýärdi. Gijelerine ýaşyrynlyk bilen öýden gaçyp gidýän çagalar – bu maşgala üçin wejeralyk! Attikus bolsa: „Şol wejeralygyň jaý wagtynda gelendigine men örän şat!“ diýip jogap berdi, ýöne ejekem: -Bolgusyzlyk, jenap Anderwud ilkinji pursatdan soňky pursada çenli öte hatyrjem durdy-diýdi. Attikus: -Ýogsa-da bilýäňmi, bu örän gülkünç,-diýdi:-Brakston bar-a, hakykatda garaýagyzlary düýbünden jyny almaýar, olary hatda golaýyna-da getirmeýär. Meýkombda jenap Anderwudy düýp-teýkary bilen kapyr diýip hasaplaýardylar, kakasy ogluny Brakston Bregg diýip atlandyryp onuň bilen juda rehimsiz henek edipdir, ol bütin ömrüne şuny daş-töweregindäkileriň ýadyndan çykarmaga dyrjaşyp jepa baryny çekýärdi. Attikus: „Eger-de kim-de-kimi Günorta goşunyň generallarynyň şanyna atlandyran bolsalar, şol ir-u-giç gutaran şeraphor bolýar“ diýip aýdýardy. Kelpurniýa Aleksandra ejeme ýene-de kofe guýup berdi, menem oňa tamakinlik bilen şeýlebir delmuryp garasam-da, barybir bihuda boldy, ol diňe başyny ýaýkady-da oňaýdy. Ol: -Sen entek kofe üçin juda kiçijik,-diýdi:-Haçan-da ulalarsyň, şonda men saňa haýyş etmeseň-de guýup bererin. Men: -Belki-de kofe meniň aşgazanym üçin peýdalydyr-diýdim. -Ýeri bolýar-da,-diýip Kelpurniýa tekjeden bulgur aldy. Oňa bir çaý çemçejik kofe guýup, üstünem gyrpa-gyrp edip süýtden doldurdy. Minnetdarlygymy mälim etmek üçin men bulgura dilimi görkezdim-de, gözlerimi göterdim welin, ejekemiň gaşlarynyň arasynda duýduryş beriji gasynjyga nazarym kaklyşdy. Ýöne ol maňa däl-de Attikusa gaşyny çytýan ekeni. Ol Kelpurniýa aşhana gidýänçä garaşdy-da: -Olaryň ýanynda beýle gepleme-diýdi. -Kimiň ýanynda we nähili?-diýip Attikus sorady. -Kelpurniýa barka. Sen onuň ýanynda Brakston Anderwudyň garaýagyzlary düýpgöter jynynyň almaýandygyny aýtdyň. -Dogrusy muny Keliň özi-de bilýär ahyry. Munuň şeýledigi tutuş Meýkomba belli. Şol günler men kakamda çala bildirýän üýtgeşmeleri duýup ugradym, ol üýtgeşme hasam ol Aleksandra ejem bilen gepleşende syzylýardy. Dogrusy, ol edil ejekem gepläp ugran dessine gaharlanybam başlamaýardy welin, birhili onuň al-petinden alasy gelip durdy. Ine häzirem onuň äheňinde birhili gatyrganma bildirip gitdi. -Biziň saçagymyzyň başynda aýdylyp bolunýan ähli zatlary Kelpurniýanyň ýanynda-da aýdyp bolýar-diýip ol ejekemiň sözüniň arasyny şarpa böldi:-Ol biziň maşgalamyz üçin özüniň näderejede gymmatlydygyny bilýär. -Meniň pikirimçe bu erbet endikmikä diýýän, Attikus. Bu olary eljiredýär, höweslendirýär. Sen olaryň nähili ýaňradyklaryny bir bilsediň. Günüň dowamynda şäherde bolup geçýän ähli zatlar agşama çenli tutuş garaýagyzlaryň ýaşaýyş toplumyna jar bolýar. Kakam nahar pyçajygyny gapdala goýdy. -Men olara gepleşmegi gadagan edýän kanunyň bardygyny bilmeýärin. Belki-de eger biz olara gep-gürrüň üçin şunça sebäp bermesek, olar gybat etmeselerem-etmezdiler. Sen näme üçin kofe içmeýärsiň, Gözlüje? Men çemçämi bulgurymyň içinde aýlaşdyran bolup otyrdym. -Men jenap Kaningem biziň dostumyzdyr öýdüp pikir edýärdim. Birmahal sen maňa şeýle diýip aýdypdyň. -Hawa, ol biziň dostumyz hem. -Ýöne öten agşam ol seni urmak isledi ahyry. Attikus nahar çarşajygyny hem pyçagyň ýanynda goýdy-da, ýalpak tabagyny süýşürip: -Jenap Kaningem, umuman oňat adam,-diýdi:-Ýöne onuňam edil biziň her birimiziňki ýaly gowşak taraplary bar. -Näme bu gowşak tarapmy nä?-diýip Jim oslagsyz gürrüňe goşuldy:-Öten gije, olar gelen batlaryna ol seni öldürmäge taýýardy. -Dogrudanam onuň maňa gaýym degmegi ahmaldy-diýip Attikus ylalaşdy:-Ýöne, düşünýäňmi ogul, haçan-da sen biraz ulalanyňdan soň sen adamlara az-owlak gowurak düşünip ugrarsyň. Her niçik-de bolsa her mähelle adamlardan ybarat bolup durýar. Öten gije bolsa jenap Kaningem mähelläniň bir bölegidi, ýöne ol barybir adamlygyna galýardy. Günortadaky kiçijik şäherdäki her bir mähellede biziň tanaýan adamlarymyzdan, iň adaty adamlardan ybarat, bu hem olar üçin beýlebir ýakymly däl bolsa gerek, şeýlemi? Jim: -Şeýle bolaýmasa...-diýip hümürdedi. -Ine şonuň üçinem olaryň akyllaryna aýlanmaklary üçin aramyza sekiz ýaşly çagajygyň düşmegi gerek boldy, şeýlemi?-diýip Attikus dowam etdi:-Bu bolsa eger-de wagşy ýyrtyjylaryň sürüsini saklamak mümkin bolýan bolsa, onda näme-de bolsa bir zatlary aňladýar, sebäbi ahyrynda olaram adam ahyry. Hymm, hawa, belki bize çaga-poliseýler gerekdir...Öten gije, siz, çagalar Uolter Kaningemi ýeke pursatlygam bolsa meniň hamyma girip görmäge mejbur etdiňiz. Şol hem ýeterlik boldy. Bilemok, belki-de Jim haçan-da biraz ulalandan soň adamlara hakykatdanam oňadrak düşünip ugrar, ýöne men-ä olara düşünjegem bolmaryn. Muny men anyk bilýärin. -Hany bakaly bir Uolter mekdebe bir gelsin, ol menden diriligine sypmaz-diýip men wada berdim. -Sen oňa barmagyňam degirmersiň,-diýip Attikus kesgin aýtdy:-Nämeler bolup geçende-de, düýnki ýagdaýdan soň men Jim ikiňiziň kimdir birine içiňizde kituw saklamagyňyzy islemeýärin. Aleksandra ejem: -Ine görýäňmi, bu zatlaryň barynyň nämelere eltýändigini,-diýdi:-Ýadyňda sakla, men saňa duýdurypdym. Attikus özüniň ýadynda saklajakdygyny aýtdy-da, oturgyjy gaharly süýşürip, ýerinden turdy. -Bu gün meniň üçin öte agyr gün bolar, şonuň üçinem meni bagyşlamagyňyzy haýyş edýän. Jim, men şu gün Gözlüje ikiňiziň şähere gitmezligiňizi örän isleýändirin. Attikus gidip-gitmänkä biziň naharhanamyza bökjekläp Dill girdi. -Şu gün bütin şäher bu barada gürrüň edýär!-diýip ol gele-gelmäşe yglan etdi:-Hemmeler biziň elimiz hiç zatsyz tutuşlygyna ýüz adamy dagy ýepbekländigimiz hakda aýdýarlar... Aleksandra ejem oňa şeýlebir äňetdi welin, ol dessine dilini dişläýdi. Ejekem: -Ol ýerde ýüz adam ýok ekeni-diýdi:-Hiç kim hiç kimi hem ýepbeklemedi. Ol ýerde diňe şol lül-gammar hem başyna giden Kaningemleriň bir topbajygy bardy. Jim: -Ejeke, üns bermäňsene, Dill hemişe ulaldyp aýtmaga ökde-diýdi-de bize yzyna düşmegi ümledi. -Howludan hiç ýere gidäýmäň-diýip ejekem biz eýwana çykanymyzdan soň yzymyzdan gygyrdy. Köçä seretseň, göwnüňe bolmasa bu gün şenbe güni ýalydy. Biziň jaýymyzyň deňesinden howlukmaç bolmasa-da üznüksiz akym bolup, Meýkomb okrugynyň günorta böleginiň ýaşaýjylary akyp durdylar. Özüniň tohum alaşasynda halta çalymdaş bolup jenap Dolfus Reýmond deňämizden ötdi. -Düşünemok, ol nädip eýerden gaçman saklanyp bilýärkä,-diýip Jim hümürdedi:-Özem nädip beýdip bilýär, ir säher bilen, heniz sagat sekizem bolanok welin, eýýämem serhoş! Deňämizden ala-şakyrdy bolup yraň-daraň atyp barýan araba geçip gitdi, onuň üstünde ýüzlerini matapisint uly sypal başgaplary bilen günden goraýan, uzyn ýeňli köýnekli aýallar otyrdylar. Arabany bolsa keçe telpekli sakgallak erkek kişi dolandyrýardy. -Seret, mennonitler ,-diýip Dill Jime aýtdy:-Olaryň geýimlerinde ýekejede ilik ýok. Mennonitler tokaýlarda ýaşaýardylar we özlerine gerek ähli zatlary derýanyň beýleki kenarynda satyn alýardylar hem-de satýardylar, Meýkomba bolsa olar düýbünden gelmeýärdiler diýen ýalydy. Dill olary bilesigelijilik bilen synlaýardy. -Olaryň ählisiniň gözleri gök,-diýip Jim düşündirýärdi:-hemme erkek kişileri-de öýleniş toýlaryndan soň sakgallaryny syrmazlyga borçly. Olaryň aýallary haçan-da sakgal zerarly gyjyklary tutsa halaýarmyşlar. Gatyryň üstünde jenap Iks Billaps geçip barşyna bize elini galgatdy. Jim: -Ol şoh adam,-diýdi:-Iks, bu onuň adynyň baş harpy däl, onuň tutuş ady şeýle. Bir gezek ony kazyýet mejlisine şaýat hökmünde çagyrypmyşlar we ondan sorapdyrlar: „Siziň adyňyz näme?“ Olam aýdypmyş: „Iks Billaps“ diýip, kazyýet kätibi bolsa haýyş edýärmiş: „Adyňyzy doly aýdaýyň“ diýip, ol bolsa ýene-de: „Iks“ diýýärmiş, ondan gaýtadan soraýarmyşlar, ol bolsa ýene-de öz diýenini gaýtalaýarmyş. Ahbetin bu sorag-jogap ýüregine düşüp ol kagyzyň ýüzünde ullakan edip „Iks“ harpyny ýazypdyr-da, hemmeler görer ýaly ýazgyny depesine göteripdir. Onsoň ondan ýene-de sorapdyrlar: „bu siziň adyňyz nähili at ahyry?“ olam jogap berýärmiş: „haçan-da dünýä inenimde ejem-kakam şeýle diýip at goýupdyrlar-da, men nädeýin“. Okrugyň ýaşaýjylary biziň deňämizden geçip durdylar, şol geçip durdylar, Jim bolsa Dille iň göze gelimli adamlar barada gürrüň berýärdi, ine jenap Tenson Jons, arak-şerabyň söwdasyny gadagan edýän „gury kanunyň“ kabul edilmegini goldap ses beripdir, hanym Emili Deýwis assyrynlyk bilen özgeleriň gözüne güýdüşip temmäki ysgaýar, jenap Baýron Uolter skripkada saz çalýar, jenap Jeýk Sleýdiň bolsa eýýäm üçünji gezek dişleri çykýar. Köçäniň künjünden ýene-de bir araba göründi, onuň üstündäki ýolagçylaryň ählisi näme üçindir birhili çakdan aşa zabun seredýärdiler. Olar hanym Modi Etkinsonyň jaýynyň deňesine ýetdiler. Onuň bagynda tomus gülleri ýiti reňkleri bilen öwşün atýardylar, şol pille-de eýwana hanym Modiniň özi çykdy. Bu örän geň ýagdaýdy, haçan-da hanym Modi öz eýwanynda duran wagty onuň bilen biziň aramyz ep-esli bardy, hatda onuň ýüzüni-de düzüwli saýgaryp bolmaýardy, emma barybir onuň keýpiniň nähilidigi dessine bildirýärdi. Ine ol ümzügini biraz öňe atyp dur, elleri bykynynda, kellesi az-owlak gyşardylgy, äýnegi güne ýylpyldaýar. Biz eýýäm bilýäris, onuň ýylgyryşjygy barypýatan içýakgyç ýeser. Arabaçy gatyrlary biraz sägindirdi welin, arabada oturan bir aýal şaňňy sesi bilen çirkin gygyrdy: -Şöhratparaz üçin ebedi tümlük taýýar dur! Hanym Modi bolsa jogap berdi: -Kimiň ýüreginde şatlyk joş ursa, şonuň ýüz-keşbi-de nurana bolýar! Megerem, bu aýakýuwujylar: „Şeýtan mukaddes ýazgylara-da özüçe düşündiriş berýär“ diýip oýlanan bolmaklary ähtimal, sebäbi arabaçy bada-bat gatyrlaryny gyssap başlady. Ýeri hanym Modiniň bagy olaryň nä azaryna diýsene? Düşünip, akyl ýetirip aňyrsyna çykyp bolmaýar, sebäbi hanym Modi uzakly gününi ýer dörüp geçýär, mukaddes ýazgylary hem ol ýatdan bilýär ahyry. Biz onuň haýatynyň ýanyna bardyk. -Siz kazyýet mejlisine gidermisiňiz?-diýip Jim sorady. Hanym Modi: -Ýok,-diýdi:-Şu wagt kazyýet mejlisinde meniň işim ýok. -Näme göresiňiz hem gelmeýärmi?-diýip Dill sorady. -Ýok. Bu örän erbet zalymlyk ahyry, ine seredip otursaň şol görgüsi ýamany ölüme buýrarlar. Jemagat bolsa edil baýramçylyk tomaşasyna gelýän ýaly üýşýär. Men: -Şeýle bolmaly hem ahyry, hanym Modi, onuň işi adamlaryň arasynda seljerilmeli ahbetin,-diýdim:-Ýogsa nädogry bolar. Hanym Modi: -Men muny bilýärin,-diýdi:-Hut kazyýet mejlisiniň aç-açanlykda, adamlaryň gözüniň öňünde geçirilýändigi üçinem maňa ol ýere gitmek gerek däl, şeýle dälmi näme? Gapdalymyzdan hanym Stiweni Krouford geçip gitdi. Ol sypal başgaply hem-de elliklidi. Ol: -Hym, hym,-diýdi:-Gör-ä bu märekäni, edil Uilýam Jennings Braýanyň hut özi nutuk sözlejege dönäýpdirler. -A sen nirä şaýlanýarsyň, Stiweni?-diýip hanym Modi oňa habar gatdy. -Äý, oduk-buduk gerek-ýaragymy satyn alyşdyrmaga. Hanym Modi heniz dogup-döräli bäri Stiweniniň oduk-buduk satyn almaga sypal başgaply gidenini görmändigini aýtdy. Hanym Stiweni: -Ýeri bolýar-da, belki-de men ýekeje pursatlyk kazyýete-de gözümi aýlaryn, ol ýerde biziň Attikusymyz nämejik işleýärkä,-diýdi. Hanym Modi: -Seresap bol, birden ol saňa-da kazyýete çakylyk hatyny gowşuraýmasyn-diýdi. Biz düşünmedik we hanym Modiden ýaňky sözlerini düşündirmegini soradyk welin, ol: „hanym Stiweni, görýän welin, bu iş barada şeýlebir köp zatlary bilýär welin, ol şaýat hökmünde görkezme berse-de bolman durmajak ýaly“ diýdi. Biz günortana çenli çydadyk. Attikus öýe nahar iýmäge geldi we ertirden bäri oturdaşlary saýlandyklaryny aýtdy. Günorta naharyndan soň biz Dilliň yzyndan bardyk we şähere ugradyk. Hakykatdanam bu gün üýtgeşikdi. At daňylýan ýere ýene-de birje alaşa hem sygjak däldi, her agajyň aşagynda gatyrlar we arabalar dykynyşyp durdylar. Kazyýetiň edara binasynyň öňündäki meýdança edil dynç güni oturlyşyga üýşülişi ýaly, topbak-topbak adamlardan doludy. Köpler göni ýerde aşaklaryna gazet ýazynyp oturyşlaryna bally köke iýýärdiler, golçalardan güne gyzan süýt içýärdiler. Käbirleri bolsa bişen towugy ýa-da doňuz etini sowuklygyna iýýärdiler. Puly köpräkler bolsa dermanhanadan satyn alnan bulgurjyklardaky koka-kolany ýarna edinip naharlanýardylar. Çyr-çyrşak çagalar mähelläniň içinde başagaýlyk döredip biri-birlerini kowalaýardylar, bäbeklerini emdirýän eneler hem görünýärdi. Meýdançanyň alys künjünde bolsa garaýagyzlar güneşläp, ümsüm otyrdylar, olaryň günortanlyk nahary gowrulan takgaz balygyndan, guraksy kökeden ybaratdy, özlerem ysly nihi-kola içýärdiler. Jenap Dolfus Reýmond hem olar bilen otyrdy. Dill: -Jim,-diýdi:-ol kagyz haltajykdan içýär! Hakykatdanam jenap Dolfus Reýmond agzynda dermanhanada şerbetli içgileri içmek üçin berilýän iki sany çeýnelýän sypaljygy saklap durdy, sypaljyklaryň beýleki ujy goňur kagyz haltajygyň içine girip gidýärdi. -Ilkinji gezek şeýle zady görýärin,-diýip Dill hümürdedi:-Haltajygynyň içinde näme barka? Özem ol nädip dökülmeýärkä? Jim pyňkyrdy. -Onuň kagyz haltajygynda koka-kolanyň çüýşesi däl-de bir çüýşe şerap bar. Ol muny aýallaryň tolgunmazlygy üçin şeýle edýär. Ine görersiň, ol uzakly günläp şeýle edip haltajygyndan şerap süzer otyrar, soňra çete çekiler-de ýene-de çüýşesini doldurar-da, ýene-de içmäge başlar. -O näme üçin reňkliler bilen otyr? -Ol hemişe şeýle. Megerem olar oňa bizden has oňat ýaraýan bolmaly. Ol bir çetde, biziň okrugymyzyň iň gyrak-bujagynda ýaşaýar. Onuň bilen reňkli zenan hem-de mulat -çagajyklaryň tutuş bir topbagy ýaşaýar. Eger-de olar bärik gelseler men saňa görkezerin. Dill: -Daşyndan-a ol näkeslere çalym etmeýär-diýdi. -Ol näkes däl, onuň öz ýer mülki bar, kenaryň ugrunda uly bölek, ol örän oňat maşgaladan gelip çykýar. -Onda näme üçin beýle ýaşaýar? Jim: -Sebäbi oňa şeýle ýaşamak has oňat ýaraýar-diýdi:-Aýdyşlaryna görä, ol öz öýleniş toýundan bäri hiç serini durlap bilmeýärmiş. Ol Spenderleriň maşgalasyndan haýsydyr birine öýlenmeli ekeni...Toýlaryny hem örän dabaraly, şagalaňly etmek isläpdirler, emma bolmandyr. Olar är-aýal diýlip yglan edilenlerinden soň gelni öz otagyna galypdyr-da, aw tüpeňinden özüni atypmyş. Mäşesini ýalaňaç aýagynyň barmagy bilen gysanmyş. -A näme üçin, bilip bilmändirlermi? Jim: -Ýok,-diýdi:-jenap Dolfusdan özge hiç kim anyk bir zat aýtmaýar. Aýdyşlaryna görä, ol jenap Dolfusyň şol garaýagyz aýaly barada eşidipmiş diýýärler. Ol bir wagtyň özünde garaýagyz zenany özünde galdyryp, onuň üstesine-de ýene-de öýlenmegem isläpdir. Ine şondan bäri-de ol hemişe serhoş ýagdaýda gezip ýör. Çagalar bilen bolsa ol juda rehimli... -Jim,-diýip men soradym:-bi mulat diýýäniň näme? -Ýarym ak ýarym reňkli adam. Sen olary gördüň ahyry, Gözlüje. Dermanhanadaky haryt paýlaýjyny tanaýaňmy, şeýle çypar, saçy-da burum-burum bolup duran. Ine şol ýarym akýagyz. Olaryň hemmesi-de betbagt. -Näme üçin? -Äý olar birhili ne balyk ne-de et ýaly, ne eýläk ne beýläk bir zat-da. Reňkliler-ä olary ýarym akýagyz bolanlary üçin özleriniňki diýip hasaplamaýarlar, akýagyzlar bolsa olar reňkli bolandyklary üçin öz aralaryna goşmaýarlar, ine şonuň üçinem olar olara-da beýlekilere-de gatyşyp-garyşyp bilmän sermisal bolup ýörler. Jenap Dolfus bolsa iki çagasyny dagy demirgazyga ugradypmyş diýýärler. Demirgazykda adamlar reňkliler bilen edil bärdäki ýaly jet däl. Serediň, ine ýene-de şeýleleriň biri. Bize tarap garaýagyz aýal maşgala ýöräp gelýärdi, onuň elinden bolsa kiçijik oglanjyk aslyşýardy. Ol maňa hakyky garaýagyzja çagajyk bolup göründi, doly şokolad reňkli, burnunyň deşikleri giňdi, dişlerem lowurdap durdylar. Ol her ädiminde şadyýana bökjekleýärdi, garaýagyz zenan bolsa ony bes etdirmek üçin aram-aram silterläp goýberýärdi. Jim olar deňämizden ötýänçäler garaşdy-da: -Ine şujagaz oglanjyk hem garnuwly mulatlardan-diýdi. -A sen nireden bilýärsiň?-diýip Dill sorady:-Meniň pikirimçä ol sap garaýagyz. -Kähalatlarda daşky keşbinden aýdyp bolmaýar, onuň kimdigini-de bilmek gerek. Ýöne ýaňky welin, ýarym gany boýunça Reýmond, hak sözi aýdýan. -Ýeri sen nireden bilýärsiň-ä?-diýip men soradym. -Men saňa aýdýan ahyry, Gözlüje, ýöne bilýän. -Sen onda belki bilýän dälsiň, belki-de bizem garaýagyzdyrys? -Jek Finç kakam şeýle diýibem aýdýar, biz muny gutarnykly bilibem bilmeris. Ol aýdýar, onuň bilşine görä biziň ata-babalarymyz akýagyz bolupdyrlar, aslyýetinde bolsa gadym döwürlerde biziň ata-babalarymyzyň ählisi hem Hebeşistandan gelip çykanmyşlar. -Hymm, eger-de gadym döwürler bolsa onda ol zamanalar şeýlebir uzak bolýar welin, olary asla hasaba almagam gerek däl. Jim: -Meniň pikirimçe hem şeýle,-diýdi:-Meýkombda bolsa eger-de seniň damarlaryňda ýekeje damja garaýagyz gany bar bolsa, onda diýmek sen barybir garaýagyz diýip hasaplaýarlar. Eý, serediň hany!... Edil kimdir biri pynhan yşarat eden ýaly meýdançadaky adamlar güsürre ýerlerinden galdylar-da, gazetlerini, iýmitden boşan kagyz hem sellofan dolaklaryny taşlaşdyrdylar. Çagajyklar ejeleriniň ýanlaryna ylgaşyp bardylar, eneler bäbeklerini ellerine aldylar, gara-der bolan sypal başgaplaryny tegeläp erkek kişiler edil çopanlar ýaly öz maşgalalaryny bir ýere jemläp, olary öňlerine salyp, kazyýetiň binasynyň gapysynyň agzyna eltdiler. Meýdançanyň alysdaky künjünde garaýagyzlar we jenap Dolfus Reýmond hem örboýlaryna galyp, jalbarlarynyň çaňynyn kakýardylar. Olaryň arasynda aýallar we çagalar düýbünden ýok diýen ýalydy, şol sebäpli-de göwnüňe bolmasa olar hem edil beýlekiler dek haýsydyr bir baýramçylyk şowhunyna tomaşa etmäge üýşen ýalydylar. Olar tä akýagyzlar öz maşgalalary bilen geçip gutarýançalar gapynyň agzynda sabyrlylyk bilen garaşyp durdylar. Dill: -Ýörüň şol ýere-diýdi. Jim: -Ýok, gowusy hemmeler girýänçä garaşalyň-diýdi:-Attikus, megerem bizi görse närazy bolmagy ähtimal. Okrug kazyýetiniň binasy az-kem Arlingtonyň radioýaýlymynyň jaýyny ýatladýardy: binanyň günorta tarapynyň üçegini direýän sütünler öz ýeňiljek ýükleri bilen deňeşdireniňde çakdan aşa äpetdi. Kazyýetiň 1856-njy ýylda ýanan köne binasynyň diňe sütünleri abat galypdy. Ýangyndan soňra ol sütünleriň üstüne täze bina gurupdylar. Has takygy täze binany köne sütünleri nazara almazdan gurupdylar. Binanyň haşamly girelgeli günorta tarapyny hasaba almanyňda meýkombyň okrug kazyýetiniň binasy demirgazyk tarapyndan irki wiktoriýa döwrüniň nysagyna laýyklykda gurlandy we beýlebir çygyryp duran gözdençykgynç däldi. Ýöne welin, eger-de onuň günorta tarapyndan barsaň ýunanlaryň edähetine eýerilip gurlan sütünleri gözüňe dürtuip durdy, olar poslan, hemişe ters wagt görkezip ýalan sözleýän uly sagatly XIX asyryň minarajygy bilen biri-birine öte gabat gelmeýärdiler. Ýöne olaryň ählisi Meýkombyň ýaşaýjylarynyň geçmişiň her bir gyýkyndyjygyny mukaddeslik hökmünde saklamaga biçak döwtalapdyklaryna şaýatlyk edýärdiler. Kazyýetiň mejlisler otagynyň ikinji gatyna geçmek üçin dürli garaňky künjeklerden we hinlerden geçip gitmelidi, okrugyň salgyt gözegçisi, salgyt ýygnaýjysy, okrugyň dolandyryş müdirliginiň kätibi, okrug prokurory, göçme kätip, miras işleri boýunça kazy gün görünmeýän, çyg çeken kagyzyň, hajathananyň we çyglylygyň ysy aňkap duran sowuk otagçajyklarda dykynyşyp otyrdylar. Bu ýerde hatda gündizlerine-de çyrany ýakmalydy, otaglaryň astyny bolsa hemişe galyň tozan basyp durdy. Ol hinlerde bolýanlar hem öz daşlaryny gurşaýan zatlara kybapdaşdylar, ol solgun reňkli çalkeşp adamjyklara garanyňda göwnüňe bolmasa olary ömürboýy hiç haçan güneş gyzdyryp, şemal çalmadyk ýaly bolýardy. Dowam bar. | |
|
√ Bäşgyzyl -9: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -32: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -3: romanyň dowamy - 06.07.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -5: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Dirilik suwy -6: romanyň dowamy - 30.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -34: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Duman daganda: Baýguşyň rysgy agzyna gelermiş - 10.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |