18:08 Şygşygyny öldürmek -24/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
-Ol kimdi? -Ine ahyry ol, jenap Teýt, goý onuň özi size öz adyny aýtsyn. Men tasdanam çüňkde duran şol adama barmagymy çommaldýardym, ýöne Attikusyň gahary gelmänkä bahymrak elimi aşak goýberdim. Sebäbi adama barmagyňy çommaltmak edepsizlik ahyry. Ol adam bolsa henizem diwaryň ýanynda durdy. Ol men otaga girelim bäri şol ýerde diwara ýaplanyp, ellerini döşünde çilşirip gymyldaman durdy. Haçan-da men ony görkezip ugranymda ol ellerini aşak goýberdi-de, diwara galtaşdy. Onuň elleri edil olar hiç haçan günüň aşagyna çykmadyk ýaly ap-akdylar. Jimiň otagy gowy garaňkydy, diwaryň reňki bolsa sarymtyldy, şonuň üçinem onuň ýüzünde bu akdanam ak elleriň mese-mälim tapawutlanyp bildirip durşy geňdi. Onuň ellerini synlap bolanymdan soň men onuň goňrumtyl-sary reňkli jalbaryna üns berdim, onuň balagy guma bulaşypdyr, gödek nah matadan köýnegi hem ýyrtylypdyr. Ol örän arrykdy, ýüzi hem edil elleri ýaly duw-akdy, diňe eňegi ýüzüne görä sähel gararakdy. Hor ýaňaklary içine çöküp durdy, agzy uly, çekgeleri çökgündi hem-de olarda çukanajylar bar ýalydy, ala gözleri bolsa şeýlebir ýagtydylar, şeýlebir ýagtydylar welin, meniň göwnüme bolmasa ol kör ýaly bolup göründi. Onuň süýr depesinde-de seýrek, reňksiz saçlary bardy, özlerem ýaňy etenelikden saýlanyp ugran jüýjejigiň ýelegi ýaly ýumşak bolup görünýärdi. Haçan-da men oňa barmagymy çommaldyp ugranymda onuň elleri diwaryň ýüzünden tyrpyp aşak gaýtdylar welin, diwaryň ýüzünde tegmiller galdy. Sebäbi onuň aýalary gaty derläpdir ekeni. Ol başam barmaklaryny guşagyna gysdyrdy. Özi-de birhili edil kimdir biri pyçak bilen aýnanyň ýüzüni çyzan ýaly tisginip, dartylyp gitdi. Men bolsa oňa henizem agzymy öweldip aňkaryp durdum. Ahyrsoňy onuň ýüzi öňküsi dek agaçdan çapylana çalym etmesini bes etdi. Ol ysgynsyzja ýylgyrdy welin, näme üçindir meniň owalarym gözýaşdan doldy-da, birdenkä biziň goňşymyzyň ýüzi bulaşyp gitdi. Men: -Salam, Betnyşan!-diýdim. xxxxx -Jenap Artur diýmeli, körpeje,-diýip Attikus ýumşaklyk bilen düzediş berdi:-Jin Luiza, bu jenap Artur Redli. Pikir edýän, sen-ä ol eýýäm tanaýan bolmaly. Eger-de şunuň ýaly pursatda Attikus ähli adatlara hem dessurlara laýyklykda meni Betnyşan Redli bilen tanyş etmegi başarýan bolsa, onda…äý hawa-da, şonuň üçinem ol Attikus-da. Men biygtyýar Jimiň düşegine tarap okduryldym. Betnyşan bolsa maňa seretdi-de, ýene-de mylaýym gowuşgynsyzlyk bilen ýylgyrdy. Utanjymdan ýaňa men yssylap gitdim, ýöne şonda-da sepimi açmazlykdan ötri, diňe Jimiň üstündäki ýorganyny düzetmek islän kişi bolan boldum. Attikus: -Ýok, ýok, oňa degme!-diýdi. Jenap Gek Teýt, özüniň buýnuzdan äýneginiň içinden Betnyşana göni dikilip äňetdi. Ol ýaňybir nämedir bir zat diýmek isläpdi welin, daşky otagdan lukman Reýnoldsyň aýak sesleri eşidildi. -Siziň ähliňiz bärdemi,-diýip ol bosagadan ätläp-ätlemän gepledi:-Agşamyň haýyrly bolsun, Artur, ilkinji gezek gelenimde men size aňam salmandyryn. Täsin galaýmaly, onuň gepleýşi hem edil ýöreýşi ýaly öňküsi dek adaty hem erkin, ol edil ine şeýle edip, Betnyşan bilen ömürboýy her gün salamlaşyp ýören ýaly. Bu, görýän welin, Betnyşanyň ine şu ýerde, biziň otagymyzda oturandygyndan hem geňräk ýaly…ýogsa-da…äý hawa-la, şeýledir-le…Betnyşan Redli hem megerem, käwagtlar keselleýändir. Belki-de kesellemeýän bolmagy-da ähtimal. Lukman Reýnolds ýany bilen nähilidir birhili uly, gazette dolangy zady alyp gelipdir. Ol şol zadyny Jimiň tekjesiniň üstünde goýdy-da, penjegini çykardy. Lukman Reýnolds maňa: -Näme, hanha, indi özüň onuň diridigini gördüňmi?-diýdi:-Men häzir özümiň nädip onuň diridigini bilendigimi aýdaýyn. Haçan-da men onuň endamyny barlaşdyryp başlanymda ol meni gowuja edip depip goýberdi. Onsoň ony mäkäm uklatmaga mejbur bolduk, ýogsa ol özüne hatda barmagyňy batyrmaga-da ýol bermeýärdi. Hany, sumat boluň hany şu ýerde! -Hym-m…-diýip söze başlan Attikus Betnyşana tarap gözüniň gyýtagyny aýlady:-Ýörüň eýwana gideliň, Gek. Ol ýerde näçe diýseň oturgyç bar, onsoňam entek daşary beýlebir çigreklije-de däl. Näme üçin Attikus bizi myhman otagyna däl-de eýwana çagyrýarka? Hä, düşnükli, myhman otagynyň çyralary öte ýiti. Biz hümer bolup otagdan çykdyk-da, jenap Teýtiň yzyna eýerdik. Attikus oňa gapynyň agzynda garaşyp durdy, ol ilki birinji çykmak isledi, emma soň pikirini üýtgetdimi nämemi, ony öňe goýberdi. Şu adamlaryň endiklerine haýran galaýmaly – iň bir adatdan daşary täsin ýagdaýlarda-da özlerini edil hiç zat bolmadyk ýaly alyp barýarlar. Görüp otursam meniň özümem şeýle ekenim. -Ýörüň, jenap Artur,-diýip men oslagsyz dillendim:-Ýogsa birden siz biziň öýümizde azaşaýmaň. Sebäbi siz ýoly gaty bir gowy bilýänem dälsiňiz. Häzir meniň özüm sizi eýwana ugradaýyn, jenap. Ol maňa ýokardan aşak garady-da, baş atdy. Men ony daşky otagdan alyp gitdim-de, myhman otagynyň deňesinden eýwana çykardym. -Belki-de siz oturarsyňyz, jenap Artur? Bu hiňňildik kürsi oturmaga örän ynjalykly. Birmahallar bu duşuşygy men hut şunuň ýaly edip göz öňüme-de getirýärdim, ine ol eýwanda otyr…bu howanyň ajaýypdygyny, şeýlemi, jenap Artur? Hawa, howa diýseň ajaýyp. Men edil alasarmyk düýşdäki ýaly hereketler bilen ony Attikusdan we jenap Teýtden uzagrakda duran hiňňildik kürsä eltdim. Ol eýwanyň iň garaňky künjünde durdy. Şol garaňkylykda Betnyşan has rahat oturar. Attikus hiňňildikde oturdy, jenap Teýt onuň ýanyndaky kürsä geçdi. Olaryň üstüne myhman otagynyň penjiresinden ýiti ýagtylyk düşýärdi. Men Betnyşanyň ýanynda oturdym. -Ine onsoň, Gek,-diýip Attikus söze başlady:-meniň göwnüme bolmasa, ilkinji nobatda zerur…Eý Hudaý-eý, men pikirlerimi hiç bir ýere çugdamlap bilmeýärin…-Attikus äýnegini maňlaýyna galdyrdy-da, barmaklary bilen gözüniň üstünden basdy:-Jimiň heniz on üç ýaşy dolmadyk…ýa-da eýýäm doldumyka…hiç ýadyma salyp bilmeýärin. Ýöne her niçik-de bolsa, bu iş bilen okrug kazyýeti meşgullanar… -Näme bilen meşgullanar, jenap Finç?-diýip jenap Teýt öz kürsüsinde biraz öňe ümzük atdy. -Elbetde, öz-özünden düşnükli bolşy ýaly, bu arassa zerur goranyş, öz-özüňi goramak, ýöne barybir maňa iş ýerime gidip, degişli maddany gaýtadan okap çykmak gerek… -Jenap Finç, size näme bolýar-a? Näme siziň pikiriňizçe Bob Ýueli Jim öldürdimi? Näme size şeýledir öýdýärsiňizmi? -Gözlüjäniň näme aýdýandygyny siziň özüňiz eşitdiňiz ahyry, bu ýerde hiç hili şek-şübhe bolup bilmez. Ol: “Jim kömege ýetişdi we öz üstünde Ýueli dartyp aýyrdy” diýip aýdýar…megerem, ol tümlükde eýdip-beýdip Ýueliň elinden pyçagyny alandyr-da…ertir biz munuň anygyna ýeteris. Jenap Teýt: -Duruň, jenap Finç,-diýdi:-Bob Ýueli pyçak bilen düýbünden Jim urmady. Attikus birsellem dymyp oturdy. Ol jenap Teýte edil onuň sözlerini terezide ölçäp görýän ýaly dikanlap seretdi. Soňra kellesini ýaýkady. -Bu siziň tarapyňyzdan örän oňat teklip, Gek, men hatda size düşünýänem, bu mahal siziň aňyňyz däl-de rehimdar ýüregiňiz gepleýändir, ýöne şuňa meňzeş bir zatlar, bir zatlar oýlap tapmaga miltem edäýmäň. Jenap Teýt örboýuna galdy-da, germewiň ýanyna bardy. Aşakdaky nahallaryň arasyna tüýkürdi, soňra ellerini jalbarynyň kiselerine sokdy-da, Attikusa tarap öwrüldi. -Nämäni oýlap tapmaga?-diýip ol sorady. -Meniň kesgitliligimi bagyşlaň,-diýip Attikus adaty äheňinde aýtdy:-ýöne men bu wakanyň üstüniň bassyr-ýussur edilmegine ýol bermerin. Meniň üçin bu mümkin däl. -Hiç kim hiç zady bassyr-ýussur etmekçi bolmaýar, jenap Finç. Jenap Teýt parahat äheňde gepleýärdi, ýöne ol aýaklarynyň arasyny giň açyp, şeýlebir keçjallyk bilen dim-dik bolup gönelip durdy welin, ol göwnüňe bolmasa, edil aýaklary bilen eýwanyň agaç astyna gögeren ýalydy. Meniň kakam bilen şerifiň arasynda nähilidir birhili düşnüksiz ýekme-ýek garpyşyk bolup geçýärdi. Indi Attikusyň ýerinden turup, germewiň ýanyna barmak nobaty gelipdi. Ol: “ähhüm” etdi-de, howla tüýkürdi. Ellerini jübüsine salyp jenap Teýte tarap öwrüldi. -Siz muny daşyňyzdan aýtmadyňyz, Gek, ýöne men siziň näme pikir edýändigiňizi bilýärin. Munuň üçinem size taňryýalkasyn, Jin Luiza…-diýip ol maňa tarap gaňryldy:-Sen öz üstüňde jenap Ýueli Jim çekip aýyrdy diýýärsiňmi? -Hawa, jenap, men şonda şeýledir öýdüp pikir etdim…men… -Ine görýärsiňizmi, Gek? Size munuň üçin ullakan taňryýalkasyn, ýöne men öz oglumyň ynsaby şunuň çökder agyr ýükli durmuşa gadam basmagyny islämok. Iň gowusy – ähli zady aç-açan etmek. Goý adamlar hemme zady bolşy-bolşy ýaly bilsinler, goý kazyýet mejlisi hem geçirilsin. Men bütin ömrüne onuň arkasyndan hyşy-wyşy etmeklerini hem-de kimidr biriniň ol barada: “Hä, bi Jim Finçmi…Ony şol ýaramaz wakadan alyp çykmak üçin onuň kakajygy jübüsini çöwürmeli bolan bolsa gerek” diýip bilmegini islemeýärin. Biz bu zatlar näçe bahym başymyzdan sowsak şonça-da oňat bolar. Jenap Teýt kakamyň aýdanlaryna jinnek ýalyjak-da myzaýyk etmän: -Jenap Finç,-diýdi:-Bob Ýuel öz pyçagynyň ujuna gabat gelipdir. Ol öz-özüni pyçaklapdyr. Attikus eýwanyň çetki burçuna süýşdi. Ol glisiniýa gülüniň şahasyna dikildi. Bäh, bularyň kesirdiklerini diýsene, her haýsy hem özboluşly! Hany, olaryň haýsy biri ilkinji bolup ýan bererkä. Attikusyň hötjetlig-ä birhili ümsüm hötjetlik, hiç haçan diýen ýaly onuň hatda keçjallyk edýändigini-de aňşyryp bolmaýar, ýöne ol barybir käte-käte Kaningemlerden beterrägem kesire öwrüläýýär. Jenap Teýt bolsa özüne beýle erk edip bilmeýär, alýar-da kejeňeklik gürzüsini garşydaşynyň depesinden inderip goýberýär, ýöne ol hem meniň kakam ýaly tutanýerli. Attikus, henizem bize arkasyny öwrüp duran ýerinden: -Gek,-diýdi:-bu işi bassyr-ýussur etmek – diýmek Jim üçin meniň ony yhlas bilen taýynlaýan ýolumy ýapmagy aňladýar. Käbir ýagdaýlarda meniň göwnüme bolmasa, belki men derde ýaramaýan kaka ýaly bolup hem görünýändirin hem, ýöne olaryň menden başga hiç kimsi ýok. Kimdir birinden görelde almazyndan öňürti, ilki bilen Jim maňa seredýär, şonuň üçinem men hemişe onuň göni gözüne seredip bilerim ýaly ýaşamaga çalyşýan…Ýöne eger-de, men şeýle bassyr-ýussurlyga, ejizlige ýol bersem, men şondan soň öňküm ýaly onuň göni gözüne garap bilmerin, şol pursatdan başlabam men ony ýitirerin. Meniň bolsa ony we Gözlüjäni ýitiresim gelmeýär, sebäbi olardan başga meniň hiç zadym ýok. Barja zadym diňe şolar. -Jenap Finç,-diýende jenap Teýt henizem şol bir durşy bilen aýaklarynyň arasyny giň açyp, edil aýaklary bilen eýwanyň agaç astyna gögeren ýaly bolup durdy:-Bob Ýuel ýykylypdyr we öz pyçagynyň ujuna gabat gelipdir. Men muny subudam edip biljek. Attikus hyrra yzyna aýlandy-da, ellerini jübüsine has çuňrak sokdy. -Gek, siz heý maňa düşünip bilmeýärsiňizmi? Siziň özüňizde-de çaga bar, ýone men sizden uly ahyry. Haçan-da çagalarym ulalandan soňra men eýýäm gojalyp giderin, eger-de aslyýetinde şol günlere çenli ýaşym ýetse, ýöne häzir welin, men…eger-de olar maňa ynanmaklaryny bes etseler, olar soň düýbünden hiç kime ynanyp bilmezler. Jim bilen Gözlüje ähli zadyň hakykatda nähili bolandygyny bilýärler. Eger-de olar meniň hemmelere bolan zatlaryň başgaça bolandygyny aýdyp ýörendigimi eşitseler…men olary hemişelik ýitirerin, Gek. Düşüniň ahyry, men öýümd-ä birhili adam köpçülikde-de başga hili adam bolup bilemok. Jenap Teýt daraklygyna galdy-da, ýene-de öňki kaddyna gaýdyp gelip, sabyrlylyk bilen aýtdy: -Ol Jimi ýere oklap goýberipdir, soňra oňa garşy topulmakçy bolanda-da dub agajynyň ýerden çykyp duran köküne büdräpdir, ine serediň, men size görkezeýin. Jenap Teýt gapdal jübüsinden uzyn eplenýän pyçagy çykardy. Şol pursadam eýwana lukman Reýnolds çykdy. -Ol köpeý ogl…merhum şol dub agajynyň aşagyndadyr, lukman, siz mekdebiň howlusyna giren dessiňize görersiňiz,-diýip jenap Teýt oňa habar berdi:-Siziň elçyraňyz barmy? Ine, gowusy meniňkini alyň. -Men mekdebiň howlusyna ulagym bilen baryp, onuň çyralaryny-da ýakyp bilerdim,-diýse-de lukman Reýnolds barybir jenap Teýtden elçyrasyny aldy:-Jimiň ýagdaýy oňat. Irdene çenli, ol oýanmazmyka diýip pikir edýärin, şonuň üçinem siz ynjalykdan gaçmaň. Bu şonuň öldürilen pyçagymy, Gek? -Ýok, jenap, ol pyçak onuň özünde somalyp dur. Ol pyçagyň sapyndan çen tutsaň-a ol adaty aş pyçagy bolmaly. Ken, özüniň itleri bilen, eýýäm şol ýerde bolsa gerek, lukman, şonuň üçinem ýene-de görüşýänçäk. Jenap Teýt duýdansyz pyçagy tygyny çykardy. -Ine nähili bolan bolmaly,-diýip ol büdreýän kişi boldy, soňra aşak egildi, onuň pyçakly çep öňe, ondanam aşaklygyna dartyldy:-Ine şeýle, görýärsiňizmi? Onuň özi pyçagyny özüniň gapyrgalarynyň arasyndan sokupdyr. Soňra bolsa onuň üstüne özüniň ähli agramy bilen ýykylyp sapyna çenli gidiripdir. Jenap Teýt pyçagyň tygyny epledi-de, ony kisesine saldy. Ol: -Gözlüjäniň ýaňy sekiz ýaşy doldy,-diýdi:-Özem ol gaty gorkan bolmaly, nämeleriň bolup geçýändigine-de doly düşünen däldir. -Siz entek onuň nähilidigini bilmeýärsiňiz,-diýip Attikus tutuksy hüňürdedi. -Men ol ähli zady toslap tapypdyr, özünden düzüpdir diýmeýärin, men diňe ol gaty gorkupdyr we daş-töwereginde nämeleriň bolup geçýändigine anyk düşünip bilmändir diýýärin. Onsoňam şol wagtky tümlükde hiç zat saýgarar ýaly däl. Bu ýerde bolsa şaýat hökmünde diňe tümlüge endik eden we garaňkylykda pişik ýaly görüp bilýän adam çykyş edip biler… -Men muňa ýol bermen,-diýip Attikus pessaý pyşyrdady. -Wah, al kakmyş-a, diýmäýin diýsem, men Jimiň aladasyny edemok-how! Jenap Teýt aýagyny şeýlebir bat bilen ýere urdy welin, hanym Modiniň ýatýat otagynyň çyrasy ýanaýdy. Soň hanym Stiweni Krouforduň çyrasy hem ýandy. Attikus bilen jenap Teýt ilki ýoluň aňyrsyna, soňra biri-birine seredişdiler. Dymyşdylar. Soňra jenap Teýt pessaýdan-pessaý pyşyrdap ugrady: -Jenap Finç, maňa siziň bilen jedelleşmek juda ýaramaýar, hasam siz şunuň ýaly ýagdaýdakaňyz. Şu gijeki ýaly wakany başyňdan geçirmegi hiç kese Hudaý görkezmesin. Men hatda siziň nädip henizem aýak üstünde gezip ýörendigiňize-de haýran. Ýöne men bir zady welin anyk bilýärin, ine şunuň ýaly ýagdaý dörändigi seäplimi nämemi siz iň bir ýönekeýje zatlara-da göz ýetirip bilmeýärsiňiz, emma welin biziň wagtymyz ýok, biz şu zatlary bilen hut şu gün, hut şu pursat gutarnykly anyklaşdyrmaly, çünki ertir eýýäm giç bolar. Şonuň üçinem men diňe bir zady bilýärin: Bob Ýuel öz pyçagynyň üstüne ýykylypdyr. Onsoň jenap Teýt Attikusyň Jim ýaly boýly hem beden gurluşly oglanjygyň, üstesine-de eli döwükkä, şonuň ýaly gözedürtme tümlükde, ullakan erkek kişiniň hötdesinden gelip, ony öldürmäge güýjüniň ýetjekdigini bihuda ýere aýdýandygyny aýtdy. -Gek,-diýip Attikus birdenkä onuň sözüni böldi:-bu sizdäki tygy eplenýän pyçak näme? Siz ony nireden aldyňyz? -Bir lül-gammar serhoşyň elinden aldym,-diýip jenap Teýt sowukganlylyk bilen jogap gaýtardy. Men bar güýjüm ýadyma salmaga çytraşdym. Jenap Ýuel meniň üstüme topuldy, soň ýykyldy…megerem, her niçik-de bolsa şonda Jim maňa kömege gelip ýetişendir. Iň bolmanda şol pursed-a men hut şeýle pikir edipdim… -Gek? -Men aýtdym ahyry, men bu pyçagy şu gün, şäheriň içinde entäp ýören bir lül-gammar serhoşyň elinden gaňryp aldym. Ol aş pyçagyny bolsa, Ýuel megerem, zibilhananyň niresindendir bir ýerinden gözläp tapandyr. Ony mazaly ýiteldibem amatly ýagdaýy peýläp ýörendir…hawa, hawa, hut şeýle bolmaly, amadyny peýläp ýören bolmaly. Attikus haýallyk bilen hiňňildige dolandy-da oturdy. Onuň elleri ysgynsyzlyk bilen dyzlarynyň arasynda sallandylar. Ol başyny aşak salyp, ýere seretdi. Ol şol gije, türmäniň gapysynyň öňünde-de ine şunuň ýaly haýaljakdan hereket edipdi, şonda meniň göwnüme bolmasa ol tutuş bir müdimilige barabar wagtlap gazetini epleýän ýaly bolup görnüpdi. Jenap Teýt tagaşyksyz ümsümlik bilen eýwanda gezmeleýärdi. -Onsoňam muny siz çözmeýärsiňiz, jenap Finç, men çözýärin. Men çözýärinem, jogabam berýärin. Nätjek, şunuň ýaly ýagdaý ýüze çykypdyr-da, siz meniň bilen ylalaşmaýan bolsaňyzam, barybir bu ýerde hiç zat edip bilmersiňiz. Eger-de nämedir bir zatlar etjek bolup synanyşaýsaňyzam, men siz ýalan sözleýärsiňiz diýip siziň ýüzüňize aýdaryn – ine-de bar bolany. Siziň Jimiňiz Bob Ýueli pyçak bilen urmagy kellesine-de getirmändir, ol taýda hatda şoňa meňzeş hereketem bolmandyr, şuny hem bilip goýaýyň. Jim diňe öz uýajygy bilen sag-aman öýlerine gowuşmak isläpdir. Şu ýerde jenap Teýt eýläk-beýläk gatnamagyny bes etdi-de, Attikusyň öňünde, bize tarap arkasyny öwrüp saklandy. -Men bilýän, men beýlebir gowy adam däl, jenap, ýöne men Meykomb okrugynyň şerifi. Men bu şäherde ömürboýy ýaşap ýörün, meniň bolsa bahym kyrk üç ýaşym dolýar. Men bu şäherde bütin ömrüme näme bolan bolsa, hatda özüm dogulmazymdan öň bolup geçen wakalary-da ýekän-ýekän bilýärin. Ýakynda, biziň şäherimizde hiç bir sebäpsiz ýerden bir garaýagyz wepat boldy, onuň şeýle bolmagyna günäkär adam hem ýogaldy. Şonuň üçinem, goý şu gezek, ölüler ölüleri jaýlasynlar-la, jenap Finç. Goý, ölüler ölüleri jaýlasynlar. Jenap Teýt hiňňildige tarap ätdi-de özüniň sypal başgabyny aldy. Ol Attikusyň gapdalynda ýatyrdy. Jenap Teýt alyn saçlaryny yzyna gaňtardy-da sypal başgabyny geýdi. -Men hiç haçan, şunuň, ýagny jenaýatyň amala aşyrylmazlygy üçin ynsanyň güýjüniň ýetýän ähli zadyny etmegiň kanuna garşydygy barada hiç zat eşitmedim, ol bolsa hut şeýle-de hereket etdi. Belki-de siz, bu barada dymman ähli zady tutuş şähere gürrüň bermek meniň borjum diýersiňiz. A siz bilýärsiňizmi şonda nämeler bolar? Biziň ähli asylly hanymlarymyz, olar Meýkombda näçe bolsalar-da olaryň hemmesi, şol sanda meniň aýalym hem onuň öýüne girjek bolup süsdürilip başlarlar, özleriniň ajaýyp kökeleridir-dürli-dümenleri bilen onuň üstüni gömerler. Men şeýle düşünýän, jenap Finç, adam size hem-de bütin şähere örän beýik hyzmat edip berdi, onsoň ony, ine şeýle ýygra ýuwaşjany, alaga-da hemmeleriň öňüne sereşlemek üçin süýräp çykarmak, meniň pikirimç-ä günä bolýar. Bu günä, menem şol ýazygyň öz wyždanymyň üstüne labyryny atmagyny islemeýärin. Eger-de ondan başga kim bolsa bolaýsyn – men başgaça hereket ederdim. Ýöne bu adam bilen welin, beýle etmek düýbünden bolmaýar, jenap Finç. Jenap Teýt biziň eýwanyň agaç astyny köwşüniň ökjesi bilen deşjek bolup yhlas baryny siňdirýärdi. Şol bolup durşuna-da ol öz burnundan çekişdirip gördi. -Belki-de meniň baham gara şaýydyr, jenap Finç, ýöne häzirlikçe men Meýkomb okrugynyň şerifi, Bob Ýuel bolsa ýykylyp, öz pyçagy onuň özüne sünjüldi. Gijäňiz rahat bolsun, jenap! Jenap Teýt eýwanymyzy tarpyldap kesip geçdi-de, howlymyzdan çykdy. Ulagyň gapysy açylyp-ýapyldy. Ol gitdi. Attikus ýene-de ep-esli wagtlap öz aýaklarynyň astyna seredip otyrdy. Ahyrsoňy ol başyny göterdi-de: -Gözlüje,-diýdi:-jenap Ýuel büdredi hem-de öz pyçagy onuň özüne sünjüldi. Sen şuňa düşünýärsiňmi? Attikusyň ýüz-keşbi şeýlebir birhilidi welin, men bada-bat düşündim, oňa biraz göwünlik bermelidi. Men onuň ýanyna ylgap bardym-da, ony bar güýjüm bilen gujaklap, ogşadym. -Elbetde, elbetde, düşünýän,-diýip men ony köşeşdirdim:-Jenap Teýt ähli zady dogry aýtdy. Attikus meniň gujagymdan sypdy-da, gözlerime garady. -Sen munuň bilen näme diýmekçi bolýarsyň? -Neme-le…bu bar-a edil Şygşygyny öldürmek ýaly bir zat-da, dogry dälmi? Attikus ýaňagyny meniň kelläme süýkedi. Soňra ýerinden turdy-da, tutuş eýwanymyzy kesip geçip, eýwanyň garaňky künjegine ýöneldi, ýöräp barýarka-da onuň gadam urşy ýene-de juwan hem ýeňil bolup göründi. Ol ilkibada öýe girmekçi boldy, emma birdenkä Betnyşan Redliniň öňünde sägindi-de: -Meniň çagalarym üçin size taňryýalkasyn, Artur,-diýdi. xxxxx Betnyşan Redli aýaklaryny süýräp alyp, haýaljakdan dikeldi, myhman otagynyň penjiresinden düşýän ýagtylyk onuň maňlaýynda ýyldyrady. Ol birhili, edil eli ýa-da aýagy bilen başga bir zatlara degerin öýdüp gorkýan ýaly, ynamsyz hem gowuşgynsyz hereket edýärdi. Ol jübüsini barlady-da, elýaglygyny çykardy. Ony agzyna tutup üsgürdi, soňra maňlaýyny süpürdi. Men onuň hiç ýerde görünmezligine şeýlebir öwrenişipdim, ol bolsa, hälden bäri meniň gapdaljygymda otyrdy – ynanar ýaly hem däl. Hatda ýekeje sapar gymyldamady hem. Ine-de ol aýaga galdy. Maňa tarap öwrüldi-de, gapa garşy baş atdy. -Siz Jim bilen hoşlaşmak isleýärsiňizmi, hawamy, jenap Artur? Ýörüň. Men ony daşky otagdan alyp geçdim. Jimiň düşeginiň ýanynda Aleksandra ejem oturan ekeni. Ol: -Giriberiň, Artur,-diýdi:-Ol henizem ýatyr. Lukman Reýnolds oňa örän güýçli uky dermanyny berdi. Kakaň myhman otagyndamy, Jin Luiza? -Hawa, hanym, megerem, şol ýerdedir. -Gideýin-de oňa bir zat aýdyp gaýdaýyn. Lukman Reýnolds käbir zatlary goýup gitdi…-ejekemiň sesi dälizde uzaklaşyp ýitip gitdi. Betnyşan ýene-de künjege ýöneldi, ol ýere baryp durdy-da, boýnuny süýndürip, hol uzakdan Jimiň ýüz-keşbini synlamaga çytraşdy. Men onuň elinden tutdum, geň galaýmaly, onuň eliniň akdygyny, özem mylaýymja gyzgyn. Men ony ýuwaşjadan çekip ugradym, ol aýak diräp durmady welin, men ony Jimiň ýatyş sekisiniň gapdalyna getirdim. Lukman Reýnolds Jimiň eliniň üstünde bassyrma çalymdaş bir zat gurnapdyr, megerem onuň ýaraly eline ýorganyň degmezligi üçin bolsa gerek. Betnyşan egildi-de, şol bassyrmajygyň üstaşyr garady. Onuň ýüzi hem şol pursat bilesigelijilikden hem wehimden şeýlebir dolup durdy welin, ol edil dogup-döräli bäri diri oglanjygy görmedik ýalydy. Ol hatda agzyny-da öweldip galyşyna, Jim dabanyndan depesine çenli birlaý synlaýardy. Soň ol elini galdyrdy-da, dessine-de aşak goýberdi. -Siz ony sypalabam bilersiňiz, jenap Artur, ol uklap ýatyr. Ine eger-de ol uklap ýatmadyk bolsady, onda hiç haçanam maý bermezdi,-diýip men özümem bilemok, näme üçin Betnyşana düşündirdim:-Siz gorkmaň ahyry! Onuň eli ikirjiňlenip Jimiň kellesiniň ýokary ýanynda doňup galdy. -Bu hiç-le, jenap, gorkmaň, ol ýatyr. Betnyşan emaý bilen Jimiň başyny sypady. Men eýýäm oňa hiç hili sözsüz düşünip ugrapdym. Beýleki eli bilen ol meniň elimi berkräk gysdy-da baş atdy, diýmek gidesi gelýär. Men ony eýwana çykardym, ol öňküsi ýaly gowuşgynsyz ýöreýärdi, bärde bolsa düýpgöter togtady. Şol durşuna ol entegem meniň elimi goýbermeýärdi. -Sen meni öýmüze äkidersiňmi? Ol şeýlebir ýuwaş gepleýärdi, edil pyşyrdaýan ýaly, edil garaňkylykdan gorkýan körpeje ýaly. Men birbada bökjekläp basgançakdan düşübem ugradym, ýöne ilkinji basgançakda saklandym. Biziň öýümiziň içinde men ony isledigiçe elinden tutup idip bilerin, ýöne köçe-de welin, bolaýmaz! -Jenap Artur, hany eliňizi epiň, ine şeýle. Ine indi oňat boldy, jenap. Men onuň tirseginden elimi geçirdim. Maňa ynjalyklyrak bolar ýaly ol birneme egilmeli boldy, ýöne eger-de hanym Stiweni Krouford penjiresinden yşyklap duran bolsa, onda ol, goý görsün, Artur Redli meni ýoluň ugry bilen edil hakyky asylly erkek kişi kimin alyp barýar. Biz köçäniň burçundaky çyra sütüniniň deňesine ýetdik. Gör näçe gezek Dill şu ýerde çyra sütüni bilen gujaklaşyp durupdy, garawullapdy, garaşypdy hem-de umyt edipdi. Gör näçe sapar, Jim ikimiz şu ýol bilen geçipdik, ýöne köçeden Redlileriň howlusyna welin men ömrümde ikinji gezek girip görýärdim. Biz Betnyşan bilen eýwanyň basgançagyndan ýokaryk galdyk. Ol gapynyň tutawajyny sermeläp tapdy. Ýuwaşjadan meniň elimi goýberdi-de, öýe girip, yzyndan gapyny ýapdy. Şondan soň men ony hiç haçan görmedim. Eger-de siziň öýüňizde kimdir biri aradan çyksa goňşularyňyz size iýer ýaly hödür-kerem getirýär, eger-de kimdir biri kesellese, gül getirýärler, kämahal bolsa hiç bir sebäpsiz size nämedir bir zat sowgat berýärler. Betnyşanam biziň goňşymyzdy. Ol bize sabyndan ýasalan iki sany gurjajyk, zynjyrlyja döwük sagat, şowlulyk üçin iki penni şaýy sowgat berdi, ýene-de ol bize biziň janymyzy peşgeş berdi. Ynsanlaryň arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hem bir ýazylmadyk, ata-baba dowam edip gelýän dessury bar: goňşularyň sowgadyna sowgat, hödürine süýjülik, hormatyna sarpa, hyzmatyna hyzmat, ýakymyna mylaýymlyk bilen jogap bermeli. Biz bolsa şol jadyly köwekden diňe alýardyk, ýekeje saparam ol ýere hiç zat goýmadyk, biz oňa hiç zat sowgat bermedik, ine şu hem öte gussaly. Men yzyma öwrüldim-de, öýmüze tarap gaýtmak isledim. Biziň köçämiz, hol allaowarra, şäheriň merkezine çenli uzalyp gidýärdi, onuň tutuş boýunda-da çyralar gyrpyldaşýardylar. Men öz ýaşaýan toplumymyzy şu tarapdan ilkinji gezek synlap görýärdim. Ine hanym Modiniň öýi, ine hanym Stiweniňki, ine bu bolsa biziňki, hanha biziň eýwanymyzdaky hiňňildik, ol jaýlaryň aňyrsynda bolsa hanym Reýçeliň jaýy oňat görünýär. Men hatda onuň daşky şekilini hem saýgaryp bildim. Men yzyma gaňryldym. Işigiň çep tarapynda gabsalary ýapyk penjire bardy. Men ol ýere bardym-da, penjiräniň öňünde durup, daş-töweregi synlap ugradym. Gündiz, megerem, bu penjireden poçtanyň ýerleşýän künji görünýän bolsa gerek. Gündiz…Birdenkä meniň göz öňüme geldi – çar-töwerek ýap-ýagty. Daşarda gündizlik, hemme goňşular hem öz işleri bilen gümra. Hanym Stiweni soňky täzelikleri paýlaşmak üçin hanym Reýçeliň ýanyna garşy, dazyrdyklap köçäni kesip barýar. Hanym Modi howlusynda öz söýgüli gülleriniň üstüne eglip dur. Tomus, iki sany çaga bökjekläp pyýada ýodasy bilen ylgaşyp barýarlar, ep-esli daşlykdan bolsa olara garşy bir adam ýöräp gelýär. Ol elini galgadýar, çagalar biri-biri bilen ýaryşyp, oňa tarap at salýarlar. Henizem tomus, şol iki çaga has ýakynraga gelýärler. Oglanjyk ýüzüni sallap, yzyndan çeňňegiň sapyny süýräp, pyýada ýodasy bilen mytdyldap barýar. Kakasy bolsa ellerini bykynyna diräp garaşyp dur. Tomus, ýaňky çagalar öz dostlary bilen howlularyndaky baglykda nähilidir bir täze, düşnüksiz oýny oýlap tapyp, oýnamak bilen başagaý. Güýz, şol iki sany çaga hanym Dýubozyň jaýynyň öňünde, pyýada ýodasynda gyzyl-gyran bolşup uruşýarlar. Oglanjyk gyz jigisine ýerinden turmaga kömek edýär-de, olaryň ikisi hem öýlerine gaýdýarlar. Güýz, ýaňky iki çaga mekdebe howlugýarlar, köçäniň burçundan aýlanyp gözden ýitýärler, soňra öýlerine dolanyp gelýärler, olaryň ýüzlerinden olar üçin bu günüň begençli ýa-da gaýgyly bolandygy mese-mälim bildirip dur. Olar wirgin dubynyň öňünde säginýärler, olaryň ýüzlerinde-de haýran galmak, begenç hem gorky. Gyş, onuň çagalary derwezäniň agzynda, ýanyp duran jaýyň ýalkymyna hüýt-gara bolşup, sowukdan ýaňa titreşip durlar. Gyş, adam köçä çykýar-da, äýnegini gaçyrýar, soňam iti atýar. Tomus, ol öz çagalarynyň ýürekleriniň para-para bolýandygyny görýär. Ýene-de güýz, indi Betnyşanyň çagalaryna onuň kömegi gerek, olary halas etmeseň bir näkes olary ýok etmekçi bolýar. Attikus dogry aýdýar. Bir gezek ol: “adama diňe haçan-da onuň hamyna girip, onda birsalym gezeniňden soň hakykatdan hem düşünip, oňa akyl ýetirip bolýar” diýipdi. Men bolsa Redlileriň diňe penjiresiniň öňünde az-owlak durup gördüm, ýöne şu hem meniň üçin ýeterlik boldy. Ysgynsyz ýagyş çisňäp başlady welin, köçe çyralarynyň ýagtysy edil ümür-dumana beslenen dek buýr-bulaşyk bolup galaýdy. Men öýe barýaryn, özümem özümiň biçak garrydygymy duýýaryn, soňra gözümi çaşardýan-da öz burnumyň ujuna seredýärin, onuň üstünde ýagyş damjajyklary bar, soň bolsa meniň başym aýlanyp başlaýar welin, men gözümi çaşardmagymy bes edýärin. Men öýmüze barýaryn, özümem: “Jime gürrüň berere birneme zad-a bar” diýip pikir edýärin. Munuň ýaly gyzykly ähli zatlardan galyp aňňalak gapanyna baý, gahary geler-ow, megerem meniň bilen tutuş bir hepdeläp dagy gepleşmese gerek. Men öýmüze barýaryn, özümem: “Jim ikimiz ýene-de ulalarys, ýöne indi biz bu başymyzdan geçiren wakalarymyzdan soň juda az zatlary öwrenmeli bolaýmasak, diňe şu algebrany diýäýmeseň” diýip oýlanýaryn. Men eýwanymyza ylgap çykdym-da, içerik girdim. Aleksandra ejem eýýäm ýatypdyr, Attikusyň otagy hem garaňky. Belki-de Jim eýýäm özüne gelendir? Jimiň düşeginiň ýanynda Attikus otyrdy. Ol haýsydyr bir kitaby okaýardy. -Näme Jim entek oýanmadymy? -Gaty mäkäm ýatyr. Ol ertire çenli oýanmaz. -Hä-ä. Senem onuň ýanynda oturarsyňmy? -Bir sagatjyk oturaýaýyn diýdim. Bar, Gözlüjäm, git-de ýat. Bu gün seniň üçin örän kyn gün boldy. -Menem birazajyk seniň bilen oturaýsammykam?! Attikus: -Gaýrat edeweri,-diýdi. Megerem eýýäm ýarygijeden geçen bolmalydy, geň galaýmaly, ol nähili çalt razylyk berd-ä. Dogrusy, ol maňa garanyňda öňden görüji ekeni, men aşak oturan dessime gözlerim öz-özünden ýumlup başlady. -Sen näme okaýarsyň?-diýip men soradym. Attikus kitabyň daşyna seretdi. -Bu Jimiň kitaby. “Çal albassy”. Meniň ukym zym-zyýat boldy. -Sen näme üçin ony aldyň? -Özümem bilemok, körpeje. Ýöne elime ileni şu bolaýmasa. Dogrusy men öň munuň ýaly zatlary okabam görmeýärdim,-diýip Attikus maňa jikme-jik jogap berdi. -Ony daşyňdan okap beräýsene. Ol öte gorkunç. Attikus: -Gerek däl,-diýdi:-Häzirlikçe sen gorkma keýpinden çykan bolsaň gerek. Bu öte… -Attikus, men birjigem gorkmadym ahyry. Ol gaşlaryny gerdi. -Hawa, men elbetde gorkdum, ýöne diňe haçan-da ähli zat barada jenap Teýte gürrüň berip başlanymda. Jimem gorkan däl bolmaly. Sen ondan sora, onuň özem saňa şeýle diýip aýdar. Onsoňam hakyky gorkunçlyk diňe kitaplarda bolýar ahyry. Attikus nämedir bir zat aýtmak isläp agzyny açdy, emma ýene-de ýapdy. Kitabyň birinji sahypasyny täzeden açdy. Men onuň golaýragyna süýşüp, kellämi dyzyna goýdum. Attikus: -Ühümm,-etdi-de okap ugrady:-Sekeýteri Houkins. “Çal albassy”. Birinji bap… Men öz-özüme uklamazlyk hakynda buýruk berdim, ýöne penjiräniň aňyrsyndaky ýagyş şeýlebir asuda şybyrdaýardy, otag bolsa şeýlebir ýylydy, Attikusyň sesi bolsa şeýlebir ümsüm hüwdüleýärdi, onuň aýagy bolsa şeýlebir ýumşakdy welin, men nädip uklandygymy hem duýman galdym. Göwnüme bolmasa, göz açyp-ýumasy salymdan kän wagt geçmedik ýaly boldy welin, ol daraklygy bilen meniň böwrüme çalaja hürsekledi. Meni aýak üstüne galdyrdy-da, öz otagyma alyp gitdi. -Men hemmeje-hemmeje zady eşitdim,-diýip men hümürdedim:-Özümem birjigem uklamadym…Bu kitap gämi hakda, onsoňam Üçbarmakly Fred hakda, onsoňam şol oglanjyk Stouner hakda… Attikus meniň egnimdäki ýörite geýmiň egnaşyr kemerini sypdyrdy. Ol bir eli bilen meni saklaýardy, beýleki eli bilen bolsa meniň ýatanymda geýýän eşigime ýetmekçi bolýardy. -Hawa, hawa, olaryň hemmesi şol olaryň öýlerinde ähli zady agdar-düňder edýändir, syýalary döküşdirýändir öýdýärdiler… Ol meni ýatyş sekisiniň ýanyna eltdi-de oturtdy. Aýaklarymy galdyrdy-da, ýorganyň aşagyna saldy. -Şonuň üçinem olar ony tutmak islediler, ýöne hiç tutup bilmediler, sebäbi onuň nähilidigini bilmeýärdiler, onsoňam bilýäňmi, Attikus, ahyrsoňunda olaryň barysy düşündiler, görüp otursalar ol ýaňky bezzatlyklaryň hiç birini-de etmändir eken-ä…Attikus, ol hakykatdan hem gowy… Ol meni eňegime çenli ýorgan bilen örtdi-de, daş-töweregime ýorganyň çetlerini gysdyryşdyryp çykdy. -Hemme adamlar diýen ýaly oňat, Gözlüjäm, haçanam bolsa, ahyrsoňy olara düşünseň. Ol çyrany öçürdi-de, Jimiň ýanyna gitdi. Ol şol ýerde uzakly gijäni çirim etmän oturar, irden Jim oýananda-da şol ýerde bolar. SOŇY | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -6: romanyň dowamy - 30.04.2024 |
√ Duman daganda: Baýguşyň rysgy agzyna gelermiş - 10.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Şam ilinde - 17.08.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -15: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Duman daganda: Serçe-de bolsa, piliň gözüni çokaýan serçe - 06.06.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |