17:58 Şygşygyny öldürmek -17/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
Attikus: - Şeýlelikde, hanym Meýella,-diýdi:-siz işi kazyýetde seljerilýän özüňizi urdy we bogdy diýip görkezme berýärsiňiz…ýöne siz onuň yzyňyzdan assyrynlyk bilen gelip, özüňizi urup huşuňyzdan giderdi diýip aýtmaýarsyňyz, siz aýtdyňyz: “men öwrüldim welin, ol yzymda duran ekeni” diýip…-Attikus öz ornuna tarap süýşdi, indem agajy barmaklary bilen her bir sözüne hörpdeş tyrkyldadyp ugrady:-Belki siz öz görkezmeleriňiz haýsy-da bolsa bir bölegine gaýtadan seredip üýtgetmek isleýänsiňiz? -Siz näme meniň bolmadyk zatlary aýtmagymy isleýärsiňizmi? -Ýok, hanym, men siziň hakykatda nämeleriň bolandygyny aýtmagyňyzy isleýärin. Haýyş edýän, bize ýene-de bir gezek wakanyň nähili bolandygyny aýdyp berseňizläň! -Men eýýäm aýdyp berdim. -Hawa, siz öwrüleniňizi we yzyňyzda ony göreniňizi aýtdyňyz. Şol pille-de ol sizi bogup başladymy? -Hawa. -Soňra bolsa bogmagyny bes edip ýüzüňize urdumy? -Elbetde, men eýýäm aýtdym ahyry. -Urubam siziň sag gözüňizi sag eliniň ýumrugy bilen gögertdimi? -Men egildim welin…welin, onuň ýumrugy birhili tyrpyp gidip sag gözüme degdi, ine waka nähili boldy. Men egildim welin, ýumruk tyrpyp gitdi. Meýella ahbetin nämäniň nämedigine düşündi. -Siz birdenkä bu zatlaryň barysyny anyk ýadyňyza düşüräýdiňiz-le. Sähel salym mundan ozal-a siziň ýatlamalaryňyz beýle jikme-jik hem aýdyň däldi, şeýle dälmi? -Men aýtdym ahyry, ol meni urdy diýip. -Ýeri ýagşy. Ol sizi bogdy, urdy, soňra bolsa zorlady, şeýlemi? -Elbetde! -Siz gujurly gyz, tutuş şol wagtyň dowamynda siz näme işlediňiz ahyry – ümsümje halda dim-dik bolup durdyňyzmy? -Men size aýdyp berdim ahyry, men sesimde baryny edip gygyrdym, däbşenekledim hem, garşylyk görkezdim hem… Attikus haýallyk bilen äýnegini aýyrdy, sagat sag gözüni Meýella dikdi-de ýene-de onuň üstüni sorag bilen gömdi. Ýöne kazy Teýlor onuň saklady. -Her gezek bir sowal beriň, Attikus. Jebir çekene jogap bermäge mümkinçilik beriň ahyry. -Ýagşy. Siz näme üçin gaçmadyňyz? -Men synanyşdym, ýöne… -Synanyşdyňyz? Ýeri size näme päsgel berdi? -Men... ol meniň aýagymdan alyp ýykdy. Ine nähili boldy, ol meni ýykdy we meniň üstüme mündi. -Tutuş şol wagtyň dowamynda-da siz yzyny üzmän gygyrdyňyz ýatdyňyzmy? -Elbetde gygyrdym. -Onda nädip sizi doganlaryňyz hem uýalaryňyz eşitmedikä? Ol niredediler? Zibilhanadamy? Hiç hili jogap bolmady. -Olar nirdediler? Näme üçin siziň gykylygyňyza olar ylgaşyp gelmediler? Siziň jaýyňyzdan zibilhana çenli aralyk tokaýa çenli aralykdan daş däl ahyry? Hiç hili jogap bolmady. -A belki-de siz diňe haçan-da penjirede öz kakaňyzy göreniňizden soň gygyryp başlansyňyz? Şol pursatdan öň bolsa gygyrmak siziň ýadyňyza-oýuňyza düşen däldir, belki, şeýlemi? Hiç hili jogap bolmady. -Belki-de siz Tom Robinson zerarly gygyryp başlaman, öz kakaňyz sebäpli gygyryp ugransyňyz? Waka şeýle boldumy? Hiç hili jogap bolmady. -Kim sizi ýençdi? Tom Robinsonmy ýa-da öz kakaňyz? Hiç hili jogap bolmady. -Penjireden kakaňyz nämeler gördi – siziň jenaýatçylykly zorlanýandygyňyzymy ýa-da ejiz erkek kişiniň jynsy gatnaşyga girmejek bolup çyr-çytyr çytraşmagyny? Belki siz hakykaty aýdarsyňyz, gyzjagaz, näme ýa sizi Bob Ýuel ýençmedimi? Attikus Meýelladan ýüzüni öwürdi, onuň keşbi edil duýdansyz garny sanjyp ugranyň keşbine dönüpdi, Meýellanyň ýüzi bolsa wehimden hem-de gahar-gazapdan ýaňa eňşäp durdy. Attikus öz ornuna geçdi-de äýnegini elýaglygy bilen süpürmäge oturdy. Birdenem Meýella söz ukyby gaýdyp geldi: -Meniň käbir zatlary aýdasym gelýär. Attikus başyny galdyrdy. -Siz bize ähli zadyň hakykat ýüzünde nähili bolandygyny aýtmak isleýärsiňizmi? Ýöne Meýella onuň äheňinde özüne duýgudaşlygy syzmady. -Men käbir zatlary aýtmaly, soň bolsa ýekeje agyzam geplejek däl. Ine şu şar-garakirli meniň hötdämden geldi, eger-de siziň hemmäňiz, asylzada jenaplar, bu işiň onuň öňünden geçmegine ýol berseňiz, onda siziň ähliňiz porsy, nejis züwwetdinler bolarsyňyz, ine-de meniň size aýtjak ähli zadym, nejis ýelýürekler siz, siziň tutuş hümeriňiz bilen! Sizem, jenap Finç, bärde biderek ýere asyllysyran bolduňyz, biderek ýere maňa “hanym” ýa-da “hanym Meýella” diýip, ýene-de birtopar bolgusyzlyklary aýdan bolup, biderek ýere at dakdyňyz… Ine şu ýerde-de ol çyny bilen aglap başlady. Gaharly hem nalajedeýin agydan ýaňa onuň eginleri silkinip-silkinip gidýärdiler. Şondan soň ol ýekeje sowala-da, hatda özünden iň bolmanda birje jümläni çekip çykarmaga çyr-çytyr dyrjaşan jenap Jilmere-de jogap bermedi. Men pikir edýärin, eger-de ol şeýle gutaran mazlum hem nadan bolmadyk bolsady, onda kazy Teýlor ony kazyýeti we oturanlaryň ählisini masgaralandygy üçin tussag ederdi. Attikus, nähili edibem bolsa, men ýöne nädipdigine beýlebir bir oňat düşünmedim, onuň göwnüne örän degen bolmaly, bu hereketi kakamyň özüne-de dynnym ýalyjagam lezzet bermändigi onuň bolup oturyşyndanam mese-mälim bildirýärdi. Ol öz ornundan başyny aşak salyp otyrdy, Meýella bolsa münberden aşak düşdi-de, onuň gapdalyndan öz ýerine geçip barýarka oňa şeýlebir tükeniksiz gahar hem ýigrenç bilen seretdi welin, men bütin ömrüme hiç haçan kimdir biriniň başga birine şeýle seredendigini görmändim, soňam görmedim. Jenap Jilmer kaza özüniň häzirlikçe başga sowalynyň ýokdugyny aýtdy, kazy Teýlor bolsa: -Biziň hemmämize biraz dynç almak gerek. On minutlyk arakesme edeliň-diýdi. Attikus bilen jenap Jilmer kazynyň kürsüsiniň ýanyna bardylar, nämedir bir zatlar barada pyşyrdaşdylar-da, şaýatlaryň münberiniň arka ýüzündäki gapydan çykdylar, olaryň bu hereketi hem biziň hemmämiz üçin biraz aýagymyzy ýazmaga çagyryş bolup hyzmat etdi. Diňe şol pille men ýasy oturgyjyň gyrajygynda oturyşyma aýaklaryň gurşup, gatap gidendigini duýdum. Jim ýerinden turup gerindi, pallady, onuň yzysüre Dill hem şol hereketleri gaýtalady, hormatly ata Saýks bolsa ýüzüni sypal başgaby bilen süpürip ugrady. “Yssa çydar ýaly däl” diýip pessaý hümürdedi. Hälden bäri metbugat wekilleri üçin niýetlenen kürsüsinde parahat oturyp, şaýatlaryň görkezmelerini ýumşak sürtejiň suwy siňdirişi ýaly özüne siňdirýän Jenap Brakston Anderwud bolsa ikinji gatdaky garaýagyzlar üçin eýwanjyga tutuksy nazar aýlanda, nazary meniň nazaryma sataşdy. Ol göwnüýetmezçilik bilen pyňkyrdy-da tersine döndi. Men: -Jim,-diýdim:-jenap Anderwud bizi gördi. -Bu hiç. Ol Attikusa aýtmaz, ol diňe bu barada özüniň “Tribýunynyň” habarlarynda çap eder. Şeýle diýdi-de Jim ýene-de Dille nämedir bir zady düşündirip ugrady, megerem häzirki wagta çenli mejlisiň iň gyzykly ýerleriniň bolandygy barada aýdýan bolsa gerek, men welin bolup geçen zatlarda hiç hili üýtgeşik gyzykly zat görmedim. Attikus bilen jenap Jilmer biri-biri bilen jedelleşmändiler, jenap Jilmer garalawjy hökmünde zoraýakdan çykyş edýän ýalydy, şaýatlar jinnek ýaly-da arkanjaklaman gulakasyjylyk bilen ähli sowallara dogry jogap berýärdiler. Ýöne Attikus birmahal bize şaýatlaryň görkezmelerini özüçe düşündirmäge ýykgyn edýän her bir hukukçy ahyrsoňy kazy Teýlordan zabun duýduryş alýar diýip aýdypdy. Attikus meniň kazy Teýloryň daş keşbi boýunça ýalta hem ukuçyl bolup görünse-de ony aldap bolmaýandygyna düşünmegimi isleýärdi, bu bolsa iň esasy zatdy. Attikus: “ol gowy kazy” diýýärdi. Birhaýukdan soň kazy Teýlor dolanyp geldi we ýene-de özüniň aýlanýan kürsüsine mündi. Penjeginiň keltekçesiniň kisesinden çilim çykardy-da ony oýa batyp synlap ugrady. Men tirsegim bilen Dilliň böwrüne kakdym. Çilimini hemmetaraplaýyn mazaly synlap kazy birhili hyruç bilen onuň ujuny dişledi. -Biz käte ýöriteläp, bilgeşleýinden ony synlamaga gelýäris,-diýip men Dille düşündirdim:-Indi bu çilimi oňa agşama çenli ýeter. Sen diňe ýagşyja seret. Ikinji gatdaky eýwançadan özüniň her bir hereketiniň sypdyrman synlanylýandygyny aňşyrmaýan kazy Teýlor dodaklary bilen çilimiň dişlenen galyndysyny çakgan öňe süýşürdi…birdenem, pü-ü-üw! – çilimiň uçjagazy göni baryp tüfdana düşdi, biz hatda “okuň” nädip tüfdanyň gös-göni orruk-ortarasyna şapylap düşenini hem eşitdik. -Jedel edýän, eger-de mergenlikde bäsleşmeli bolsa hiç kes ondan ökde tüýkürmez,-diýip Dill hümürdedi. Adatça arakesme wagtynda mähelle mejlisler otagyndan çykýardy, emma bu gün welin, hiç kim ýerindenem gozganmady. Hatda Bikärler hem galdylar, ýogsa olara özlerine garanyňda ýaşrak adamlary utandyryp, ýer bermeklige mejbur etmek başartmandygy zerarly olar iş ýörediş başlanaly bäri diwaryň ýanynda aýak üstünde durmaly hem bolupdylar welin. Jemgyýetçilik hajathanasyna bolsa jenap Gek Teýt kazyýetiň işgärlerinden özge ýeke adamy hem goýbermezligi tabşyran ekeni. Attikus jenap Jilmer bilen dolanyp geldiler welin, kazy Teýlor sagadyna seretdi-de: -Bahym dört bolýar,-diýdi. Bu örän düşnüksizdi hem şübhelidi, kazyýetiň binasyndaky sagat bu wagta çenli eýýäm azyndan iki gezeg-ä zaň urmalydylar, emma men olary ýeke saparam eşitmändim. -Şu günüň özünde tamamlamaga synanyşyp görerismi?-diýip kazy Teýlor sorady:-Siziň pikiriňiz nähili, Attikus? Attikus: -Görýän welin, tamamlap bileris öýdýän,-diýdi. -Siziň näçe şaýadyňyz bar? -Bir. -Onda näme, geliň şony diňläliň-dä. xxxxx Tomas Robinson şaýatlaryň münberine geçdi-de, sag eli bilen çep elini galdyrdy. Ol bu jansyz elini Injiliň daşyna goýdy. Ýöne ol sag elini aýran dessine maýyp eli Injilden tyrpyp gaçdy-da kätibiň öňüne patylap düşdi. Tom ýene-de ony galdyryp ugrady, emma kazy Teýloryň hüňürdisi ony saklady: -Şeýle aýtsaňam bolar, Tom. Tom kasam okady-da, şaýatlaryň münberinde ykjamlandy. Attikus çalt-çaltdan oňa sowal yzyna sowal berip ugrady welin, biz ine şu zatlary bildik: Tom ýigrimi bäş ýaşynda, maşgalaly, üç çagasy bar, öň kazyýet tarapyndan jogapkärçiligi çekilen, bir gezek jemgyýetçilik tertibini bozandygy üçin bir aýlyk türmä höküm edilipdir. Attikus: -Diýmek, tertibi bozmak bolupdyr-da,-diýdi:-Seniň ol etmişiň näme-de aňladylypdy? -Bir adam bilen uruşdym, ol meni pyçaklamak isläpdi. -Ol öz islegini amala aşyryp bildimi? -Hawa, jenap, ýöne birazajyk. Siz görýäňizmi men…-diýip Tom oňaýsyzlyk bilen çep egnini gymyldatdy. Attikus: -Görýärin,-diýdi:-Siziň ikiňize-de iş kesdilermi? -Hawa, jenap, men azatlykdan mahrum edildim, sebäbi jerimäni men töläp biljek däldim ahbetin. Ol…beýleki bolsa öz jerimesini töledi. Dill meniň üstaşyrym egildi-de, Jimden bu Attikus näme edýär-ä diýip sorady. Jim bolsa: “Attikus oturdaşlara Tomuň gizlemäge zadynyň ýokdugyny görkezýär” diýdi. -Siz Meýella Waýolet Ýuel bilen tanyşmy?-diýip Attikus sorady. -Hawa, jenap. Men olaryň deňesinden her gün mülk meýdanyna we yzyma geçýärin. -Kimiň mülk meýdanyna? -Men jenap Link Diziňkide pagta ýygýaryn. -Siz noýabrda-da pagta ýygýardyňyzmy? -Ýok, jenap, güýzde hem gyşda men jenap Link Diziň bagynda işleýärin. Men onuňkyda tutuş ýylboýy işleýärin. Onuň bagynda pecan agaçlary we başga-da köp işleri bar. -Siz özüňiziň her gün Ýuelleriň jaýynyň deňesinden işe we yzyňyza geçmeli bolýandygyňyzy aýtdyňyz. Näme şondan başga ýol ýokmy? -Ýok, jenap, men başga ýoly bilmeýärin. -Hanym Ýuel haçanam bolsa bir wagt size lak atypdymy, Tom? -Dagy näme, jenap. Ine men olaryň deňesinden geçip barýandyryn, hemişe baş egýärin, bir gezek ol maňa howla girmegi we geýim asylýan tekjäni çapyp bermegi buýurdy. -Ol size haçan şol…geýim asylýan tekjäni çapyp bermegi buýurdy? -Geçen ýyl, jenap Finç, ýaz aýlarynda. Men muny näme üçin ýadymda sakladym, şol wagt pagtanyň düýbüni gumlamagyň tüýs döwrüdi we meniň ýanymda dyrmygym bardy. Men onsoň oňa aýtdym, meniň ýanymda guralym hem ýok ahyry diýip, diňe dyrmygym bar diýdim, ol bolsa maňa: “men saňa palta bererin” diýdi. Onsoň maňa palta berdi welin, men geýim asylýan tekjäni çapyp berdim. Şondan soň ol aýdýar: “Ýeri näme indi saňa bäş teňňelik şaýy bermeli bolarmy, hä?”, men bolsa aýdýan: “ýok, hanym, maňa hiç zat gerek däl”. Şeýle diýibem öýüme gaýtdym. Geçen baharda bolupdy bu zatlar, jenap Finç, eýýäm bir ýyldanam köpräk wagt geçdi. -Şondan başga siz ol ýere haçanam bolsa bir wagt giripdiňizmi? -Hawa, jenap. -Haçan? -Aý, sany-da ýadymdan çykypdyr. Kazy Teýlor çekijine tarap elini uzatdy, ýöne ony galdyrmady. Oturanlaryň arasynda dörän pessaý gowur öz-özünden ýatdy. -Ol ýere girmekleriňiz nähili ýagdaýda bolup geçipdi? -Düşünmeýärin, jenap. -Siz näme üçin olaryň howlusyna köp gezek girdiňiz? Tom Robinsonyň maňlaýyndaky ýygyrtlar ýazyldy. -Ol meni çagyrdy, jenap. Ine men olaryň deňesinden geçip barýandyryn, onuň bolsa hemişe meniň üçin haýsydyr bir işjagazy bardyr, ýa odun jaýryp bermelidir, ýa çöp çyra üçin ýonuşga çapyp bermelidir, ýa suw daşap bermelidir. Şol gyzyl güller, ol olary her gün diýen ýaly suwarýardy… -Ol size bu hyzmatlaryňyz üçin töleg töleýärdimi? -Ýok jenap, ol şol ilkinji gezek bäş şaýy bermek isläpdi. Ýöne men ol zatlary pul üçin etmeýärdim ahyry. Jenap Ýuel-ä dogrusy oňa beýlebir kömek edip barmaýardy, çagalaram şeýle, onsoň artyk bäş şaýyny ol nireden alsyn. -Şol gezekler beýleki çagalar niredediler? -Olar hem hemişe şol ýerde, howludadylar ahyry. Men isleýärin, olar bolsa gözlerini tegeläpjik seredip durlar, käbirleri ediljek ýanymda, käbirleri bolsa penjireden tumşujaklaryny çykaryşyp durandyrlar. -Hanym Meýella siziň bilen gepleşýärdimi? -Hawa, jenap, gepleşýärdi. Tom Robinson görkezme berip durdy, men bolsa birdenkä “megerem bu Meýella Ýueliň ýagty ýalançyda sopbaş ýeke özi eken-ow” diýip içimden pikir öwrenimi duýman galdym. Betnyşan Redli – hatda şol hem ýigrimi bäş ýyl bäri gulp astynda oturanam bolsa beýle ýalňyz däl. Haçan-da Attikus Meýelladan: “joralaryň barmy?” diýip soranda ol hatda düşünmedi hem, soňra bolsa ol öz üstünden gülýändir öýdüp pikir etdi. Ol şeýlebir nalajedeýin welin, edil Jimiň gürrüň beren garnuwly mulatlary ýaly, akýagyzlar-a onuň bilen ol doňuzlar bilen bilelikde ýaşaýandygy üçin gatnaşmak islemeýärler, garaýagyzlar bolsa onuň akýagyzdygy üçin ony ret edýärler. Ol jenap Dolfus Reýmon ýaly garaýagyzlar bilen tirkeşip bilmeýär, sebäbi onuň kenarda öz mülk ýeri ýok ahbetin, üstesine ol asylly, oňat maşgaladan hem däl. Ýueller babatda hiç kim “bu olaryň tohumyna mahsus” diýmez. Meýkomb olara hemaýat puluny berýär, täze ýylda sowgat gowşurýar, soň bolsa ýeňsesini öwürýär. Megerem, diňe Tom Robinson onuň bilen özüni adam ýaly alyp baran bolsa gerek. Ol bolsa görkezme beren wagty: “ol meniň hötdämden geldi” diýip oňa edil hapanyňam hupasy ýaly bir zat hökmünde seňrigini ýygryp garapdy. Ine şu ýerde-de men Attikusyň sesini eşitdim: -Siz öň haçanam bolsa bir gezek Ýuelleriň ýer şahamçasyna soragsyz girip görüpmidiňiz? Siz haçanam bolsa iň bolmanda birje sapar olaryň howlusyna hojaýynlaryň biriniň çakylygy bolmazdan giripmidiňiz? -Ýok, jenap, hiç haçan, jenap Finç. Heýem bir beýle zady edip bolarmy, jenap! Attikus bize birnäçe gezek şaýadyň dogrusyny aýdýanyny ýa-da ýalan sözleýändigini bilmegiň usullaryny düşündiripdi, beýle ýagdaýda iň esasy zat hatda oňa seretmegem däl-de ony diňlemek zerurdy. Men şeýle hem etdim, bir soraga Tom üç gezek “ýok” diýip jogap berdi, ýöne jogap berende asuda gep urdy, myňňyldamady, bolşundanam beter ejiz bolup görünmäge çalyşmady, şonuň üçinem men hatda ol gereginden artyk köp geplänem bolsa-da oňa bada-bat ynandym. Onuň oňat, arassa garaýagyzdygy göz-görtele görnüp durdy, oňat, arassa garaýagyz bolsa eger-de ony çagyrmasalar hiç haçan kesekiniň howlusyna aýagyny-da sekmez. -Tom, geçen ýigrimi birinji noýabrynyň agşamsy siziň bilen nämeler bolup geçdi? Aşakda oturanlaryň ählisi birden diýen ýaly uludan demlerini aldylar-da ümzüklerini öňe atdylar. Biziň arkamyzdaky garaýagyzlar hem şeýle etdiler. Tomuň hamy hünni garady, ýöne garalykdan ýaňa lowurdap durmaýardy-da, birhili solgun mahmala çalym edýärdi. Şar-gara ýüzünde gözleriniň bäbenegi akjaryp görünýärdi, haçan-da ol geplände bolsa dişleri-de şonuň ýaly lowurdap akjaryp gidýärdi. Eger-de ol golak bolmadyk bolsady, onda edil ýöne gözüň ak ýagyny iýip gelýän owadan erkek kişileriň biri boljakdy. -Men şol agşam öýe barýardym, jenap Finç,-diýip ol söze başlady:-hanym Meýella bolsa öz eýwanlarynda oturan ekeni, ol size şeýle diýibem aýtdy. Olaryňkyda birhili ümsümlikdi, ýöne näme üçindigini men bilmeýärdim. Men gidip barýaryn, özümem geň galýaryn, bi ne beýle ümsümlig-ä diýip, şol pille-de ol meni çagyrdy-da, howla girmegi haýyş etdi. Menem howla girdim-de daş-töweregime garanjakladym, men pikir etdim, hemişekim ýaly odun jaýryp bermelidir öýtdüm, emma howluda çapara odun ýok ekeni, ol bolsa aýdýar: “ýok” diýýär, “seniň üçin öýde iş bar” diýýär. “Işik petlesinden çykypdyr, hä diýmänem gyş ýetip gelýär” diýýär. Menem onsoň hanym Meýelladan: “gapyny bejerer ýaly gural barmy?” diýip soradym, ol bolsa aýdýar: “gural tapylar-la” diýýär. Äý menem onsoň eýwanyň basgançagyna mündüm, ol bolsa aýdýar: “öýe giriber” diýýär. Men içerik girdim, gapa seretdim-de aýdýan: “hanym Meýella” diýýän, “işig-ä göräýmäge abat ýaly-la” diýýän. Gapyny açan boldum, ýapan boldum, petleler-ä ýerinde ekeni. Ol bolsa birdenkä sende ýok, mende ýok, aldy-da gapyny ýapdy duruberdi. Men şol pikir edip gelýärdim, jenap Finç, bi näme beýle ümsümlikkä diýip, a asyl görüp otursam, öýde-de, howluda-da çagajyklaryň biri-de ýok ekeni ahyry, onsoň birhili iňkise gidip soraýaryn: “hanym Meýella” diýýän, “bu hany çagajyklar nirä zym-zyýat boldularka?” diýýän. Tomuň şar-gara ýüzi ýalpyldap başlady welin, ol maňlaý derini eli bilen syldy. -Hawa, onsoň men soraýan ondan: “Bu çagajyklar nirä sumat boldularka?” diýýän,-diýip ol gaýtalady:-ol bolsa birhili erbet edip güldi-de… diýýär: “şähere gitdiler, buzgaýmak iýmäge” diýýär, “men” diýýär, “olara tutuş bir ýyllap ýedi sany bäş şaýylyk toplap berdim, ahyrynda-da topladym. Hemmesi şähere gitdiler” diýýär. Tomuň birhili özüni oňaýsyz duýýandygy köre hasady, özi-de bu oňaýsyzlyk onuň derländigi üçinem däldi. -A siz onuň bu sözlerine näme diýip jogap berdiňiz, Tom?-diýip Attikus sorady. -Men oňa: “siz örän ýeserlik bilen olaryň eminden gelipsiňiz, hanym Meýella” diýen ýaly bir zat diýip jogap berdim. Ol bolsa diýýär: “Sen şeýle pikir edýärsiňmi?” diýýär. Ýöne onuň bu sözleri diýşinden onuň maňa ters düşünendigi görnüp dur…Men hakykatda ol pul toplap bilendigi hem-de çagalary begendirendigi üçin ýeser diýip pikir etdim. Attikus: -Men size düşünýän, Tom,-diýdi:-Dowam ediberiň. -Onsoň bar-a men aýtdym: “Eger-de siziň menlik işiňiz bolmasa, onda men gaýdybereýin-le” diýdim, ol bolsa: “bar” diýýär. Menem: “nähili iş” diýip, ol bolsa buýurdy: “şol oturgyja mün-de, şol çelegi geýim asylýan tekjäniň üstünden aşak düşür” diýdi. -Siziň şol odunlyk hökmünde çapan geýim asylýan tekjäňiziň üstündenmi?-diýip Attikus sorady. Tom ýylgyrdy. -Ýok jenap, ol başgady. Üçegiň edil aşagyna ýetip duran beýikdi. Men çelegi aldym-da aşak düşüp ugradym, ol bolsa…ol birdenkä aldy-da…aldy-da meni gujaklap goýberdi, jenap Finç. Men şeýlebir gorkdum welin, nädip ýere bökenimi hem duýman galdym, şonda-da oturgyç düňderildi…Diňe şol oturgyç hem düňderilipdi, galan zatlaryň ählisi bolsa men gidenimde ýerbe-ýer durdy, jenap Finç. Hudaý şaýat. -Siz oturgyjy agdaranyňyzdan soň näme boldy? Tomuň dili lal açana döndi. Ol ilki Attikusa göz aýlady, soňra oturdaşlara, soňra gabat-garşysynda oturan jenap Anderwuda seretdi. -Tom, siz hakykaty geplemeklige kasam etdiňiz. Biz garaşýarys. Tom aljyraňňylyk bilen dodaklarynyň üstünden elini ýöretdi. -Soň näme boldy ahyry? Kazy Teýlor: -Sowala jogap ber,-diýdi. Ol eýýäm öz çiliminiň üçden birini çeýnäpdi. -Men oturgyçdan böküp düşdüm-de jenap Finç, yzyma öwrüldim welin, ol birdenkä meniň üstüme topuldy… -Üstüňize topuldy? Ýumruklary bilenmi? -Ýok, jenap, ol…ol meni gujaklady. Iki eli bilenem daşymdan dolap aldy. Bu gezek kazy Teýlor çekijini bat bilen urup goýberdi welin, bada-bat mejlisler otagynda çyra ýandy. Heniz gowy garaňky gatlyşmandy, ýöne eýýäm penjirelerden günüň ýagtysy düşmeýärdi. Kazy Teýlor gaty bahym tertip-düzgüni ýola goýdy. -Soň ol näme etdi? Tom özüne zor salyp ýuwdundy. -Ol daraklygyna galdy-da meniň ýaňagymdan öpdi. Özi-de diýýär hamana dogup-döräli bäri hiç kim bilen öpüşmänmiş, iň bolmanda şar-garakirlini bir ogşap görmekçimiş. Soňra kakasynyň özi bilen näme etjekdigi bolsa hiçmiş, näme bolsa şol bolsunmyş. Özem aýdýar: “Senem meni ogşa ahyry, şar-garakirli” diýýär. Menem diýýän: “meni goýberäýiň-dä, hanym Meýella” diýýän, özümem gaçmakçy bolýan, ol bolsa işigiň agzynda dur, onsoň men ony nädip iteýin ahyry. Men ony itmek islemedim, jenap Finç, men diňe aýdýan: “meni geçiräýiň-dä!” diýýän. Edil şol müddet bolsa jenap Ýuel penjireden garady-da, gygyryberdi birdenkä. -Ol näme diýip gygyrdy? Tom Robinson ýene-de ýuwdundy-da gözlerini petretdi. -Men muny aýdyp bilmerin…asyl-asyl aýdyp bilmerin…bu ýerde köpçülik, çagalar hem bar… -Ol näme diýdi, Tom? Siz onuň aýdanlaryny oturdaşlara gaýtalap bermeli. Tom Robinson gözlerini mäkäm ýumdy. -Ol: “Haram jelep, men seni öldürerin” diýdi. -Soň näme boldy? -Men bada-bat gaçyp gitdim, jenap Finç, men soň näme bolandygyny bilmeýärin. -Tom, siz Meýella Ýueli zorladyňyzmy? -Ýok, jenap. -Siz onuň endamyna haýsy-da bolsa bir şikes ýetirdiňizmi? -Ýok, jenap. -Siz onuň özüňize degsinmesine garşy bolduňyzmy? -Men elimden gelenini etdim, jenap Finç. Men elimden gelenini etdim, ýöne men oňa gödeklik bilen daramak islemedim. Men gödeklik etmek islemedim, ony itmek hem islemedim. Ine şu ýerde ýene-de meniň kelläme geldi, Tom biçak edepli adam, edil Attikus ýaly. Diňe soň-soňlar kakam maňa düşündireninden soň men Tomuň nähili kyn, jygba-jyg ýagdaýa düşendigine akyl ýetirdim, her niçik-de bolsa, başyna nähili külpetler düşse-de eger-de ol akýagyz zenany urmaga het edäýen bolsa, onuňkynyň gutardygydy, ine şonuň üçinem ol gaçyp giden ekeni. Hemmeleriň pikiriçe bolsa, eger-de gaçýan bolsa onda diýmek günäkärdir. Attikus: -Geliň, jenap Ýuele dolanyp geleliň, Tom,-diýdi:-Ol size nämedir bir zatlar diýdimi? -Ýok, jenap. Belki-de ol bir zatlar diýse diýendirem, ýöne men eýýäm ol ýerde ýokdum… -Ýeterlik,-diýip Attikus onuň sözüni böldi:-A siziň eşiden zatlaryňyzy ol kime diýdi? -Ol hanym Meýella ýüzlenip diýdi, jenap Finç, ol şol pille diňe şoňa seredýärdi. -Soňam siz gaçdyňyz? -Hawa, jenap. -Näme üçin gaçdyňyz? -Gorkdum, jenap. -Siz näme üçin gorkduňyz? -Eger-de siz garaýagyz bolan bolsaňyz, jenap Finç, sizem elheder alardyňyz. Attikus ornuna geçip oturdy. Şaýatlaryň münberine tarap jenap Jilmer ýöneldi, ýöne şol wagt oturanlaryň arasyndan jenap Link Diz örboýuna galdy-da morta yglan edip goýberdi: -Ine men siziň ähliňize näme aýtmakçy. Bi ýigit eýýäm sekiz ýyl bäri meniň elimde işleýär, şol döwrüň içinde-de men ýeke saparam ony jinnek ýaly erbetlikde görmedim. Ýekeje gezegem. -Diliňizi saklaň, jenap!-diýip kazy Teýlor mejlisler otagyny sarsdyrdy. Häzir ol dynnym ýalyjagam ukuly görünmeýärdi, özem çym-gyzyldy. Özem geň zat, agzyndaky çilime garamazdan ol örän düşnükli hem dogry gepleýärdi:-Link Diz,-diýip ol sesinde baryny edip gygyrdy:-eger-de sizde aýdara bir zatlar bar bolsa, bellenilen wagtda, kasam kabul edeniňizden soň aýtmaga merhemet ediň, häzirlikçe bolsa şu ýerden garaňyzy saýlaň, bejit boluň! Düşnüklimi? Goý meni oturanja ýerimde albassylar kakaýsyn, eger-de men bu wagtyndan öň bişmäge dalaş edýän miwäni diňläp otursam! Kazy Teýlor: “Hany ýekeje söz aýtmaga het edip bir gör hany” diýýän ýaly, gazap bilen Attikusa äňetdi, ýöne başyny aşak salan Attikus diňe burnuna siňdirip bildirer-bildirmez gülümsiräp otyrdy. Attikus birmahallar: “kazy Teýlor kazyýet mejlislerine başlyklyk edende ýyldyrymlar çakdyryp gök gümmürdetmegi gowy görýär, kähalatlarda bolsa hatda öte-de geçäýýär, ýöne aklawjylar onuň haýbatly jümlelerine üns bermän gulaklarynyň duşundan geçirip goýberýärler” diýip aýdyp beripdi. Men Jime tarap garanjakladym, ol bolsa diňe başyny ýaýkaýdy. Ol: -Bu oturdaş ýerinden turaga-da geplän ýaly bir zat däl ahyry,-diýdi:-Eger-de şeýle bolan bolsady ol beýle gazaba münmese-de münmezdi. Jenap Link bolsa tertip-düzgüni bozýar. Kazy Teýlor kätibe “Eger-de siz garaýagyz bolan bolsaňyz, jenap Finç, sizem elheder alardyňyz” diýen sözlerden soňky aýdylanlaryň ählisini teswirnamada çyzmagy buýurdy, oturdaşlara bolsa her bir ýerliksiz gykylyklara üns bermeli däldigini aýtdy. Ol gahar bilen girelgä tarap tiňkesini dikdi oturdy, megerem jenap Link Diziň çykyp, yzyndan gapyny ýaparyna garaşan bolara çemeli. Soňra ol: -Boluň, jenap Jilmer,-diýdi. -Sen jemgyýetçilik tertibini bozandygyň üçin bir aýlyk türmä höküm edilipmidiň, Robinson?-diýip jenap Jilmer sorady. -Hawa, jenap. -Ýeri onsoň sen şol garaýagyzyň nähili, mazaly eýini ýetirdiňmi? -Ol meni ýençdi, jenap Jilmer. -Hawa, ýöne şonda saňa iş kesdiler ahyry, dogrumy? Attikus başyny galdyrdy. -Bu ownuk etmişdi, özem bu eýýäm tesirnamada ýazyldy, siziň merhemetliňiz,-diýdi. Meniň göwnüme bolmasa onuň sesi ähli zatdan juda argyn adamyň sesine çalym edip gitdi. -Barybir goý şaýat jogap bersin,-diýip kazy Teýlor hem ýadaw ses bilen jogap gaýtardy. -Hawa jenap, meni şonda bir aýlyk türmä basdylar. Indi jenap Jilmer oturdaşlary eger-de adamy jemgyýetçilik tertibini bozmak üçin türmä basan bolsalar, diýmek ol Meýella Ýueli zorlamaklygyny hem niýet edinip biler diýip ynandyrmaga başlar, diňe şol maksat bilenem jenap Jilmer sorag etmekligi şu sowal bilen başlapdy. Şeýle deliller hemişe-de ýaramly we peýdaly bolýar. -Robinson, sen bir eliň bilen geýim asylýan tekjeleri çapybam, odun jaýrybam bilýärsiň gerek, dogrumy? -Hawa, jenap, meniň pikirimçe şeýle bolsa gerek. -Zenan maşgalany bogup ony ýere ýykmaga bolsa seniň güýjüň ýetermi? -Men beýle işi hiç haçan etmändim, jenap. -Ýöne seniň şeýle hereketi etmäge güýjüň ýeter ahyry? -Meniň pikirimçe şeýle-de bolsa gerek, jenap. -Seniň öňden bäri oňa göwnüň gidýärdimi, ýigit? -Ýok, jenap, meniň hiç haçanam oňa göwnüm gitmeýärdi. -Onda näme sen diňe sypaýyçylyk üçin oňa odun jaýryp berýärmidiň, goşlaryny daşaýarmydyň, hä, ýigit? -Men oňa ýardam bermäge çalyşýardym, jenap. -Gör-ä sen nähili asylzada ekeniň! Sen mülkde-de işleýärdiň ahyry, üstesine öýüňde-de hemişe saňa iş tapylman duran däldir-ä, hä? -Hawa, jenap. -Onda näme sen öz işleriňi etmän, hanym Ýueliň işlerini edip berýärdiň? -Men öz işlerimi-de edýärdim, jenap. -Diýmek gündelik hysyrdylaryň seniň kekirdegiňe çenli ýetýän ekeni. Ýöne näme üçin, nämäniň hatyrasyna? -Näme “nämäniň hatyrasyna”, jenap? -Sen nämäniň hatyrasyna onuň üçin beýle arrygyňy gynaýardyň? Tom Robinson dessine jogap bermedi. -Hawa, ine, men ýaňy aýtdym ahyry, göräýmäge oňa kömek edere adama ýokdy,-diýip ol öz-özüne ynamsyz jogap gaýtardy. -A jenap Ýuel bilen ýedi sany çaga näme? -Oňa dogrusy hiç haýsy kömek etmeýärdi ahyry… -Onsoň senem ýöne şeýle, çakdan aşa rehimliligiň zerarly oňa odun çapyp berýärdiň we beýleki dürli işlerini edip berýärdiňmi, hä, ýigit? -Hawa, ine, men oňa kömek etmek isledim ahyry… Jenap Jilmer ernini gyşardyp ýyrşardy-da, oturdaşlara garady. -Gör sen nähili rehimdar-a, hä!...Şunça işläpsiň, hemmejesi-de mugtunamy? -Hawa, jenap. Meniň oňa nebsim agyrýardy, onuň ýekeje özi hemmeleriň deregine jepa çekýärdi… -Ah, görüň-ä muny, haýpy gelýän eken-ä munuň? Indi senmi oňa dözmezçilik edýän?-diýip jenap Jilmer tasdanam üçege çenli böküpdi. Işi kazyýetde seljerilýän ters gepländigine düşünip, aýagyny aýagyna basdy. Ýöne eýýäm düzederden giçdi. Aşakda oturanlaryň ählisine Tom Robinsonyň jogaby juda ýaramady. Onuň jogabyny hemmeleriň oňatja ýatlarynda saklamaklary üçin bolsa jenap Jilmer ep-esli wagtlap indiki soragyny bermedi. -Şeýlelik-de,-diýip ol ahbetin dil ýardy:-ýigrimi birinji noýabrda sen hemişekiň ýaly Ýuelleriň jaýynyň deňesinden geçip barýardyň welin, ol seni ýanyna çagyrdy-da, geýim asylýan tekjäni çapyşdyryp bermegi haýyş etdi? -Ýok, jenap. -Sen olaryň jaýynyň deňesinden ötüp barýanyňy inkär edýärsiňmi? -Ýok, jenap…Ol maňa: “öýde seniň üçin iş bar” diýip aýtdy… -Ol senden geýim asylýan tekjäni çapyşdyryp bermegi haýyş edendigini aýdýar, şeýlemi? -Ýok, jenap, beýle däl. -Diýmek onda, sen ol galat aýdýar diýýärsiň-dä? Attikus ýerinden galkyjaklap gitdi, ýöne Tom onuň kömegi bolmazdanam bu “duzakdan” özüni alyp çykdy. -Men: “ol ýalan sözleýär” diýmeýärin, jenap Jilmer, ol ýöne ýalňyşýar. Jenap Jilmer ýene-de ondan gowrak sowal berdi, ol Tomuň Meýellanyň aýdyp berenlerini tassyklamagyny isleýärdi. Ýöne Tom öz diýenini tutdy durdy: “ hanym Meýella ýalňyşýar”. -Ýöne jenap Ýuel seni öýden kowmadymy, ýigit? -Ýok, jenap, men beýle pikir etmeýärin. -Seniň bu “beýle pikir etmeýäriniň” nämäni aňladýar? -Ol meni kowmaga ýetişmedi, meniň özüm bada-bat çykyp gaçdym. -Ine şuňa degişlilikd-ä sen örän açyk göwünli aýdyp berýärsiň. Ýöne, dogrusy, sen aslyýetinde näme üçin beýdip bada-bat gaçyp gitdiň-ä? -Ine şeýle, jenap, men gorkdum. -Sen beýle nämeden gorkduň ahyry, eger-de seniň ynsabyň arassa bolsa? -Men aýtdym ahyry, jenap, garaýagyza jygba-jyg…beýle jygba-jyg ýagdaýa düşmek öte howply diýip. -Ýöne sen jygba-jyg ýagdaýa düşmediň ahyry, seniň özüň hälden bäri hanym Ýueliň öňünde durup bilendigiňi ýanjap-ýanjap aýdyp otyrsyň ahbetin. Ýa-da, belki, sen ol, gowuşgynsyzja gyz, seni – şunuň ýaly göherdi mazalyja ýenjer öýdüp, gorkyňa gaçyp gidensiň, hä? -Ýok, jenap, men jogapkärçilige çekilmekden gorkdum, ine barybirem çekildim. -Seni tussag ederler öýdüp gorkduňmy, eden etmişiň üçin jogap bermeli bolar öýdüp gorkduňmy? -Ýok, jenap, etmedik zadym üçin jogap bermeli bolaryn öýdüp gorkdum. -Sen, näme, ýigit, maňa gep gaýtaran bolýarsyňmy? -Ýok, jenap, siziň aýdýanyňyz näme! Şondan soň men jenap Jilmeriň sowallaryny diňlemedim, Jim maňa Dilli alyp gitmegi tabşyrdy. Dill näme üçindir aglap başlady-da, hiç bes edip bilmedi, ilkibada ol assajadan sojaýardy, soň bolsa barha bat alyp aglap ugrady welin, daş-töwerekde hemmeler eşitdiler. Jim bolsa eger-de men Dilli alyp gitmek islemesem-de özüniň meni barybir mejbur etjekdigini aýtdy, hormatly ata Saýks hem men gidäýsem kem bolmajakdygyny aýtdy welin, men yrlyp, gitdim. Şol gün Dill göräýmäge sagatdy, onuň hiç ýeri hem agyrmaýardy, megerem ol özüniň öýlerinden gaçyp başyndan geçiren ýol hunabalaryndan soň heniz doly özüne gelip ýetişmedik bolara çemeli. -Sen näme syrkawladyňmy?-diýip men aşak düşenimizden soň soradym. Biz basgançakdan aşak ylgap düşdük. Dill bolanja erkini bir ýere jemläp özüni dürsemäge dyrjaşýardy. Basgançagyň öňünde jenap Link Diziň ýeke özi ýalňyz halda otyrdy. -Nämedir bir zat boldumy, Gözlüje?-diýip ol deňesinden geçip barýarkak sorady. -Ýok, jenap,-diýip men ötüp barşyma jogap berdim:-Ine diňe Dill näme üçindir helemege dönäýdi. Men Dille: -Ýör, baglaryň aşagyna gideli,-diýdim:-Megerem sen yssydan şeýle bolansyň. Dill: -Ýok, meniň indi mundan beýläk ony diňlemäge ýagdaýym galmady-diýdi. -Kimi, Tomumy? -Ýok-la-how, bu ýürekbulanjy Jilmeri, ol oňa şeýlebir ezýet berýär. -Bu onuň işi ahyry, Dill. Dagy nätjek. Sebäbi eger-de garalawjylar bolmadyk bolsady, onda megerem aklawjylar hem bolmazdy ahyry. Dill sabyrlylyk bilen uludan demini aldy. -Bilýän, Gözlüje. Ýöne ol şeýlebir yrsaraýar, onuň her bir sözüne şeýlebir aslyşýar welin, meniň ýüregim bulanyp başlaberdi. -Ol şeýle-de etmeli, Dill, ol garşylyklaýyn sorag etmegi alyp barýard… -Ýöne beýlekiler bilen-ä ol özüni beýle alyp barmady… Dowamy bar. | |
|
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Geçä jan gaýgy, gassaba ýag gaýgy - 11.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy -6: romanyň dowamy - 30.04.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |