18:05 Şygşygyny öldürmek -22/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
xxx Edil Attikusyň aýdyşy ýaly, hemme zat ýuwaş-ýuwaşdan düzeldi. Oktýabryň ortasyna çenli Meýkombda hemme zat adatdaky akymyna akyp başlady, diňe şäheriň iki sany ýaşaýjysy bilen kän bir ähmiýetsiz waka bolup geçdi. Ýok, has takyk aýdanyňda üç sanysy bilen, ol hadysajyklar bize – Finçlere gönüden-göni dahyll-a däldiler, ýöne welin az-da-kän-de galtaşyb-a geçýärdiler. Birinjisi: jenap Bob Ýueli işe aldylar we dessine-de diýen ýaly işden çykardylar, otuzynjy ýyllarda bu ýagdaý ýeke-täk ýagdaý boldy, men-ä hiç haçan şol ýyllarda ondan başga kimdir biriniň jemgyýetçilik işlerinden ýaltalyk üçin kowlandygyny eşitmedim. Şan-şöhratyň gysga wagtlyk ýalpyldysy onda edil jyzlanyň ömri ýaly işe höwes gysgajyk möwç urmasyny döretdi, ýöne onuň işe bolan yhlasy onuň meşhurlygyndan uzaga çekmedi, örän bahym edil Tom Robinsony unudyşlary ýaly ony-da ýatdan çykardylar. Ol ýene-de her hepde-de takyklyk bilen kömek puluny almaga baryp başlady, her gezek pul hatyny alanda-da, özlerini şäheri dolandyrýandyrys öýdüp hondanbärsiräp ýören we ynsaply adama güzeran aýlar ýaly gazanç etmäge mümkinçilik bermeýän birtopar çöpdüýbiler barada nämedir bir zatlar gaharly hüňürdeşdirip ugrady. Kömek puluny berýän Rut Jounzyň aýtmagyna görä, jenap Ýuel Attikusyň öz elinden işini gaňryp alandygy hakynda gös-göni aýdýarmyşyn. Ol muňa juda bozulypdyr, hatda Attikusyň iş ýerine hem baryp, oňa ähli zady bolşy-bolşy ýaly gürrüňem beripdir. Attikus bolsa hamana, goý hanym Rut tolgunyp ýörmesin, eger-de Bob Ýuel öz aýdýan zatlaryny onuň bilen çözlüşmek isleýän bolsa, onda onuň edarasyna barýan ýol oňa bellimişin diýip aýdypdyr. Ikinji hadysa bolsa kazy Teýlor bilen bolup geçipdi. Kazy Teýlor ýekşenbe günündäki mynajat okalyşyna barmaýardy, hanym Teýlor bolsa barýardy. Ýekşenbe güni, agşamlaryny kazy Teýlor özüniň äpet jaýynda ýeke özi uly lezzet bilen geçirýärdi, ol iş otagynda ynjalykly ornaşýardy-da, Bob Teýloryň ýazgylaryny okaýardy (ol onuň bilen garyndaşlykda däldi, ýöne eger-de bolan bolsa, onda bu ýagdaýy ägirt uly şatlyk bilen kabul ederdi). Şeýle agşamlaryň birinde kazy aýlawly usulda ýazylan çylşyrymly jümlelerden hem-de ýaz gülleri dek pajarlap açylýan deňeşdirmelerden lezzet alyp otyrka, birdenkä nähilidir birhili iniňi dygladýan dyrnaçaklamany eşidipdir. -Güm bol!-diýip kazy özüniň semräp ýag basyp giden Enn Teýlor atly itine gygyrypdyr. Ýöne şol wagt otagda hiç hili it ýok ekeni we ýaňky dyrnalýan ýaly ýakymsyz jytyrdy niredendir aşhana tarapdan gelýän ekeni. Kazy Teýlor agyr-agyr ädimler bilen Enn Teýloryny içerik goýbermek üçin öýüniň ýeňse ýüzdäki gapysyna tarap ýönelipdir, ýöne baryp görse eýwanyň gapysy edil ýap-ýaňyja kimdir biri tarapyndan serpilip açylan ýaly iki ýana hallan atyp açylyp-ýapylyp duran ekeni. Şol pille-de nähilidir birhili kölege salgym atyp, jaýyň burçundan aýlanyp gözden ýitipdir, emma onuň kimdigini kazy saýgaryp ýetişmändir. Haçan-da hanym Teýlor ybadathanadan dolanyp gelende onuň adamsy kürsüsinde Bob Teýloryň ýazgylaryna çümüp oturan ekeni, onuň aýagynyň ýanynda bolsa jysmygy, ok salyngy, atmaga taýýar edilip goýlupdyr. Üçünji hadysa Elen Robinson, Tomuň dul galan aýaly bilen bolup geçipdi. Eger-de jenap Ýueli edil Tom Robinsony unudyşlary undan bolsalar, onda Tom Robinsony hem edil birmahal Betnyşan Redlini ýatdan çykaryşlary ýaly hakydalaryndan çykarypdylar. Ýöne öň Tom elinde işlän jenap Link Diz welin ony ýatdan çykarmady. Jenap Link Diz Eleni işe aldy. Ol oňa hatda geregem däldi, ol hamana: “Meniň kalbymda edil daş bar ýaly, hemme zat şeýlebir nejis boldy” diýip aýdanmyşyn. Ýöne men asla düşünip bilmedim, Elen öýde ýok wagty onuň çagalaryna kim seredýärkä. Kelpurniýa: “Eleniňki juda kyn, ol her gün Ýuelleriň deňesinden aýlanyp geçmek üçin artykmaç bir millik ýoly geçmeli bolýar” diýip aýdýardy. Birinji gezek ol olaryň öýleriniň deňesinden geçende olar ony ellerine ilen zat bilen daşlanmyşlar. Jenap Link Diz onuň her gün irden başga tarapdan gelýändigine ahbetin üns berenmişin-de ahyrynam onuň näme sebäpden beýle hereket edýändiginiň gyssap-gyssap anygyna ýetenmişin. -Bu hiç-le, jenap, jenap Link, siz, haýyş edýän, alada etmäňsene,-diýip Elen oňa özelenip ýalbaranmyşyn. Jenap Link bolsa: -Meni hut duran ýerimden şeýtanlar jähenneme süýräýsinler, eger-de men muny şu durşuna galdyraýsam!-diýenmişin. Ol Elene işden soň öz dükanyna gelmegi buýrupdyr. Ol gelipdirem welin, jenap Link dükanyny ýapyp, kellesine sypal başgabyny sokupdyr-da, ony ugratmaga gaýdypdyr. Ol Eleni gysga ýol bilen, göni Ýuelleriň deňesinden alyp gidipdir. Yzyna gaýdyp barýarka-da olaryň çagşan derwezeleriniň deňesinde säginipdir-de: -Ýuel,-diýip gygyrypdyr:-Eý Ýuel! Olaryň penjirelerinden hemişe sanýetmez kiçi-Ýueller gözlerini tegeleşip seredişip durandyrlar welin, şol pursad-a olaryň öýünde ynsdan-jynsdan gara bar-a meňzemändir. -Men size belet, bu mahal ähliňiz bukulyşyp-busurylyşyp ýerde ýatansyňyz. Onda, ine şeýle, şuny ýadyňdan çykaraýma, Bob Ýuel, eger-de men ýene-de ýekeje sapar meniň Elenime şu ýol bilen işe gatnamaga mümkinçilik bermeýändigiňi eşidäýsem, sen bar-a göz açyp-ýumasy salymyň içinde gözenegiň aňyrsynda gögerersiň, şuny bilip goýgun!-diýip jenap Link olaryň derwezesiniň agzyna maçyladyp tüýküripdir-de, öýüne gaýdypdyr. Ertesi gün Elen işine öňki gysga ýoly bilen gaýdypdyr. Hiç kim oňa hiç zat zyňmandyr, ýöne haçan-da ol Ýuelleriň öýleriniň deňesinden geçeninden soňra yzyna gaňrylypdyr welin, jenap Ýueliň garaba-gara yzyna düşüp gelýändigini görüpdir. Ol haýdap ugrapdyr, emma jenap Ýuel hem ondan yza galmandyr, şol ökjesini sydyrdyp gelşine-de tä Elen jenap Link Diziň öýüne girip-gidýänçä barypdyr. Bütin ýoluň dowamynda-da ol ýolboýy pessaý ses bilen hapa-paýyş sögünip gelipdir. Elen gaty gorkupdyr we jenap Link Dize, onuň öýünden gatybir uzakda bolmadyk dükana jaň edipdir. Jenap Link dükanyndan çykanda, jenap Ýueliň öz haýatyna ýaplanyp durandygyny görüpdir. -Näme maňa gözüňi petredýärsiň, Link Diz, göýä men palçykda agnap ýatan doňuz ýaly? Men seniň öýüňe sokulmaýaryn… -Birinjiden-ä, meniň haýatymdan asylyp durma, sen, porsy mahluk! Ony täzeden reňklemek üçin meniň artykmaç pulum ýok. Ikinjidenem, meniň aşpezimden daşrakda gez, ýogsa-da zenan maşgalanyň namysyna kast edendigiň üçin kazyýetiň öňünde kel kelläňi ýalaňaçlamaly bolarsyň. -Men oňa barmagymy hem degirmedim, Link Diz. Men şar-garakirlini başyma ýapaýynmy diýsene! -Munuň üçin barmagyňy galtaşdyrmagam gerek däl, seniň ony gorkuzandygyň hem ýetik bolar, eger-de söz bilen masgaralamak üçin gulp astyna dykmaýan bolsalar, onda men seni zenan maşgalany masgaralamak baradaky kanunyň esasynda jogapkärçilige çekdirerin, şonuň üçinem meniň gözümiň öňünden güm bol, bahymrak! Iň gowusy-da sen oňa ýanaşma, bilýänsiň, men özüm bilen oýun edeniň edil iki gözüni akdyryp, ony-da gowrup özüne iýdiräýýändirin! Jenap Ýuel hem, megerem, bu zatlaryň ählisiniň oýun däldigine düşünen bolara çemeli, sebäbi Elen şondan soň onuň özüne azar berýändigi barada zeýrenmändir. -Maňa bu zatlar ýaramaýar, Attikus, biçak ýaramaýar,-diýip bolup geçen hadysalar hakynda Aleksandra ejem dil ýardy:-Bu Ýuel, görýän welin, şol iş bilen bagly hemmeler babatda içinde kituw saklap galan ýaly-la. Şonuň ýaly adamlar, çaksyz içi güjükli bolýarlar, ýöne men düşünmeýärin, ol näme üçin kazyýetiň hökümi çykandan soň köşeşmedikä…ol öz maksadyna ýetdi ahyry? Attikus: -Men-ä, göwnüme bolmasa, düşünýän öýdýärin,-diýdi:-Kalbynyň jümmüşinde ol, megerem, Meýella ikisiniň toslamalaryna Meýkombda örän az adamyň ynanýandygyna akyl ýetirýän bolmaly. Ol şol ýagdaýda gahryman bolasy geldi, a hakykat ýüzünde nähili boldy?...”Ýeri bolýar, garaýagyz-a, biz dogrusy, iş kessek keserisem, ýöne sen welin, han ogul, hany bakaly, yzyňa, zibilhana göterilsene, gowusy” diýlen ýaly boldy. Ýöne ind-ä ol hemmeler bilen hasaplaşan ýaly, şoňa görä-de ol häzirki wagtda kanagatlanan bolmaly. Ine bahym howa üýtgär, onsoň ol hasam rahatlanar. -Ýöne ol näme üçin Jon Teýloryň öýüne giripdir? Ol, megerem, Jonuň öýdedigini bilen däldir, ýogsa girmezdi…Ýekşenbe günleri, agşamlaryna Jonuň öýünde diňe iş otagynda we baş girelgesinde çyra ýanýar… Attikus: -Biz hut Bob Ýueliň Teýloryň öýüne girendigini anyk bilmeýäris ahyry,-diýdi:-Ýöne, dogrusy, men bu ýerde nämäniň bardygyny çaklaýaryn. Men onuň ýalan sözleýändigini ýüze çykardym, Jon bolsa onuň akmakdygyny äşgär edip, ony uly ile peçan etdi. Ýueliň görkezme beren tutuş wagtynda men Jona seretmäge gorkdum, sebäbi gülmän saklanyp biljekdigime ynamym ýokdy. Jon oňa şeýlebir birhili edip gözlerini tegeläp seredýärdi welin, ol göýä üç aýakly jüýjäni ýa-da dörtburç ýumurtgany görýän ýalydy. Şonuň üçinem hamana kazylar oturdaşlara täsir etmezlige düýbünden dyrjaşmaýarlar diýip sen meni ynandyrjagam bolup ýatma,-diýip Attikus gülümsiredi. Oktýabryň aýaklaryna biziň durmuşymyz öňki, adaty akymyna gaýym girdi – mekdep, oýunlar, sapaklar. Jime, megerem, unutmagy isleýän zadyny kellesinden zyňmak başardan bolara çemeli, biziň synypdaşlarymyz bolsa ahbetin ägirt uly rehimdarlyk bilen bize kakamyzyň täsinliklerini ýatdan çykarmaga mümkinçilik berdiler. Diňe birje sapar Sesil Jeýkobs menden sorady – belki-de Attikus çakdanaşa aýgytly hereketleriň tarapdary hem eglişiksiz çepçidir? Biziň ikimiz hem munuň nämedigini bilmeýärdik, Jimem bilmeýän ekeni, onsoň men bu barada Attikusdan: “sen şolmy?” diýip soradym. Bu sorag onuň şeýlebir gülküsini tutdurdy welin, men ol gülüp bolýança ondan hatda iki-üç gezek öýkeläp ýazylmaga-da ýetişdim, ýöne kakam: “men seniň üstüňden gülmeýärin” diýip aýdanyndan soň biraz köşeşmeli boldy. Attikus: -Sen Sesile aýt, menem edil Rimus day ýaly çakdanaşa aýgytly hereketleriň tarapdary hem eglişiksiz çepçi-diýdi. Aleksandra ejem bolsa şu günler gül-gül bolup açylýardy. Hanym Modi, megerem, ýeke zarbada tutuş haýyr-sahawat jemgyýetiniň agzyny ýumduran bolara çemeli, sebäbi ejekem ýene-de ol ýerde hemme zady dolandyrýardy. Onuň tagamlary bolsa şeýlebir süýjäpdiler welin, indi olary iýeniňde gulagyňy kesselerem duýup bolmajak ýalydy. Hanym Merriuzeriň gürrüňlerinden men betbagt mrunlaryň durmuşy hakda hasam köp zatlary bildim: asyl olar maşgala diýlen zadyň nämedigini düýbünden bilmeseler nätjek, olarda asyl tutuş taýpa – bir ullakan maşgala ekeni. Obada näçe erkek kişi bolsa çaganyň şonça-da kakasy, näçe aýal bolsa şonça-da ejesi bar ekeni. Graýms Ewerett bolsa olara akyl-paýhas berjek bolup halys güýçden gaçyp barýarmyş, şonuň üçinem ol biziň özi üçin edýän doga-dileglerimiz bolmasa hiç oňup biljek dälmiş. Meýkomb ýene-de öňküsi ýaly boldy. Ol indi, eger-de iki sany ujypsyzja üýtgeşmäni hasap etmeseň edil geçen ýylkysy we ondan öňki ýylkysy ýaly. Birinjiden-ä, dükanlaryň görnüş aýnasyndan we ulaglaryň aýnalaryndan Senagaty galkyndyrmagyň milli dolandyryş bölüginiň “Biz öz goşandymyzy goşýarys” diýen şygarly mahabat ýazgyjyklary ýom-ýok boldy. Men Attikusdan olary näme üçin aýrandyklaryny soradym welin, ol: “SGMDB amanadyny tabşyrdy” diýip aýtdy. Men ondan: “Ony kim öldürdi” diýip soradym welin, ol: “Dokuz goja” diýdi. Ikinji üýtgeşmäniň bolsa Meýkombda döwlet ähmiýeti ýokdy. Öňler Ähli ýagşyzadalaryň gününiň öňüsyrasyny Meýkombda gabat gelşine görä belleýärdiler. Çagalar ellerinden gelşine görä güýmenýärdiler, eger-de nirädir bir ýere nämedir bir zady oturtmak barada, mysal üçin, ýeňiljek çaga arabasyny şäheriň tölegli athanasynyň üçeginde dikmek hakda kimdir biriniň kellesine garagol pikir gelse, onda ol kömekçileriň ýetmezçiligi diýilýän zad-a düýbünden duçar bolmaýardy. Ýöne, geçen ýyl hanym Tutti bilen hanym Fruttiniň rahatlygy bozulandan soňra ene-atalar suw seňrikden agdy diýip hasap etdiler. Uýalar Barberler hanym Tutti we hanym Frutti ikisi-de ötüşen garry gyzlardy, olar tutuş Meýkombda ýeke-täk ýerzeminli jaýda ýaşaýardylar. Olar barada, hamana olar respublikaçylardanmyş diýip gep edýärdiler, sebäbi olar biziň şäherimize Alabama ştatynyň Klenton okrugyndan 1911-nji ýylda göçüp gelipdiler. Olaryň endikleri biziň hemmämizi geň galdyrýardy, ýerzeminiň olaryň nämesine derkar bolandygyna hiç kes akyl ýetirip bilmeýärdi, ýöne ol olaryň haýsy-da bolsa bir najadyna derkar bolupdy we şonuň üçinem gazylypdy, olar galan ömürlerini bolsa diňe şol ýerzeminden ýaşajyk meýkomblylaryň täze-täze nesillerini kowup çykarmak bilen meşgul bolup geçirýärdiler. Iň beteri-de öz endikleri boýunça hanym Tutti we hanym Frutti (hakykatda olaryň atlary Sara we Frensisdi), ýankilerdi, üstesine-de olar kerdiler hem. Hanym Tutti muny boýun almaýardy we dym-dyrslygyň dünýäsinde ýaşaýardy, emma ine hanym Frutti welin, örän bilesigelijidi, şoňa görä-de ol özüne eşitmäge ýardam berýän tokurtgajygy edinipdi. Ýöne ol şeýlebir mähnetdi welin, Jim: “bu grammofonyň tokurtgasy” diýýärdi. Çagalaryň ählisi bu zatlara beletdiler we hiç haçan ýatlaryndan çykarmaýardylar. Ähli ýagşyzadalaryň güni eýýäm ýetip gelýärdi, ine günlerde bir günem bezzatlaryň birnäçesi hanym Barberler gaýym uka gidýänçäler garaşypdyrlar-da, assyrynlyk bilen olaryň myhman otaglaryna giripdirler (bütin şäherde gijelerine diňe Redliler gapylaryny temmeleýärdiler), soňam ondaky ähli goş-golamlary emaý bilen jaýyň ýerzeminine daşapdyrlar (bu duýdansyz alamana özümiň hem gatnaşygynyň bolandygyny men düýpgöter, doly, aýgytly hem gutarnykly inkär edýärin). -Men olary eşitdim! Bu çykylyk daň atyp-atmanka hanym Tutti bilen hanym Fruttiniň goňşularyny örüzipdir. -Ýük ulagy edil işigiň agzyna gelip durdy! Olar edil at sürüsi ýaly aýaklaryny tarpyldadyp ýere urýardylar. Indi bolsa olar megerem, eýýäm Täze Orleana dagy ýetip barýan bolsalar gerek! Hanym Tutti öz goş-golamlaryny iki gün mundan ozal Meýkombyň içinden geçip giden ykmanda söwdagärleriň ogurlandygyna doly ynanýardy. -Olar şeýlebir ş-a-p-ş-a-r-ga-ra-a,-diýip ol janygýardy:-Megerem siriýalylar bolaýmasa. Onsoň jenap Gek Teýt çagyryldy. Ol hadysanyň bolan ýerine serediş geçirdi-de: -Bu biziň özümiziňkileriň, meýkomblylaryň işi,-diýdi. Hanym Tutti bolsa, meýkomblylary özüniň elmydama-da gepleýişleri boýunça tanajakdygyny, gije bolsa olaryň myhman otaglarynda hiç kimiň meýkombça gepleşmändigini aýtdy. Hanym Tutti yzçy itleriň getirilmegini talap edýärdi we şondan pes çäreleriň hiç birine razylyk bermeýärdi, onsoň jenap Teýt aýagyny süýräp on mil daşlyga ýol söküp gitmeli boldy. Haçan-da jenap Teýt yzçy itleri yzlary görkezip, olara buýruk berip goýberdi welin, itler jaýyň baş girelgesinden bada-bat ýere bökdüler-de jaýyň daşyndan aýlanyp, ýerzemine girilýän gapa tarap üýrüp başladylar. Jenap Teýt olary üç gezek täzeden jaýyň baş girelgesiniň agzyna getirdi, hemme gezeklerde-de olar ýerzeminiň işigine tarap ylgadylar. Onsoň ahbetin onuň aňyna ýetdi. Şol gün günortana çenli, tä itleri alyp gidýänçälär oglanlaryň ýekeje biri-de köçe-de aýakýalaňaç görünmedi we olaryň hiç haýsy köwüşlerini çykarmadylar. Ine şonuň netijesinde-de meýkombyň asylly hanymlary bir çukura tüýkürdiler-de bu ýyl hemme zat başgaça bolar diýen netijä geldiler. Mekdebiň uly dabaralar otagyny açarlar, ulular-a diri şekiller görkeziler, çagalar üçin bolsa “almagapdy”, “ýüptutdy”, “eşegiň guýrugyndan tutdy” ýaly dürli tomaşalar, oýunlar gurnalar. Ondan başga-da dürli nikaply tomaşanyň iň oňat nikaply geýimi üçin ýigrimi bäş sent baýrak hem berler. Jim ikimiz begenjimizden hem sabyrsyzlykdan ýaňa tas uwlaşyp başlaýardyk. Biz elbetde nikaply geýim ýa-da şoňa meňzeş bir hokga goparaly diýip ýörmeýärdik, ýöne bu ýerde hemme zat uýulýan pikiriňden dänmezlikdedi. Jim eýýäm özüni Ähli ýagşyzadalaryň gününi bellärden ullakan diýip hasap edip ýördi, ol: “şol gijä-hä oňa näçe hajyk-hujuk etseler-de ony mekdebe eltip bolmaz” diýdi. Menem öz ýanymdan: “Ýeri bolýar-da, gitmeseň gitmän geç” diýdim, meni Attikus ugradaýar-da. Ýöne bahym men şol gije sahnada nähili oýun goýmakçy bolýandyklaryny eşitdim. Hanym Greýs Merriuzer “Meýkomb okrugy – per aspera ad astra ” atly aklyňy haýran edýän diri şekili oýlap tapypdyr, menem şol diri şekilde bir but etiň şekilini ýerine ýetirmelidim. Ol öz ýanyndan eger-de çagalar dürli eşiklerde biziň okrugymyzyň oba hojalyk önümlerini şekillendirseler örän ajaýyp bolar diýen netijä gelipdir. Sesil Jeýkobs sygry şekillendirmelidi, Egnes Bun örän owadan nohut boljakdy, ýene-de kimdir biri pisse, beýlekileri bolsa tä hanym Merriuzeriň hyýalbentlik gory tükenýänçä ýa-da çagalar gutarýança ýene-de köp-köp zatlary şekillendirmelidiler. Men kynçylyk çekerin öýdüp näçe garaşsam-da, bizden talap edilýän zat diňe, hanym Merriuzer (ol diňe bir diri şekili dörediji däl-de eýsem alypbaryjydy hem) biziň ýerine ýetirýän şekilimiziň adyny tutup çagyran dessine çep tarapdan sahna çykyp, öz ornumyzda durmakdy. Ine ol: “But!” diýip gygyrar welin, şol pille-de men sahna çykmalydym. Iň ahyrynda bolsa biz dabara bilen “Meýkomb, Meýkomb, biz saňa ömürbaky wepadar” diýen aýdyma gygyrmalydyk, hanym Merrriuzerem şol pursat biziň ştatymyzyň baýdagyny giň gerip, galdyrmalydy. Meniň şekilimiň geýmini oýlap tapmak kyn däldi. Şäheriň tikinçisi hanym Krenşonyň hyýalbentligini hanym Merriuzeriňkiden jinnek ýaly-da peslär ýaly däldi. Hanym Krenşo simden gözenegi aldy-da, ony kakadylan buduň şekilinde epleşdirdi. Onuň daşyny bolsa goňur mata bilen örtdi-de, buduň reňki bilen reňkledi. Meniň ony geýşim bolsa şeýleräkdi. Men aşak oturýan, kimdir biri bolsa ony meniň depämden meniň üstüme geýdirýärdi. Ol özboluşly gapyrjak meniň tas dyzyma çenli ýetýärdi diýen ýalydy. Hanym Krenşo aladaçyllyk bilen maňa sereder ýaly iki sany deşik deşip berdi. Ol hemme zady şeýlebir gowy tikip taýýarlapdy welin, Jim: “sen hakyky aýaklyja but” diýdi. Ýöne dogrusy, bu eşigiň käbir oňaýsyzlyklary bardy, onuň içi demiňi tutup gelýäň dymyk hem yssydy, dardy, üstesine burnuňam gaşap bolmaýardy, özge biriniň kömegi bolmasa onuň içinden çykar ýaly hem däldi. Men pikir etdim, haçan-da Ähli ýagşyzadalaryň güni gelip ýetende biziň tutuş maşgalamyz biziň görkezýän sahnamyzy synlamag gelerler öýtdüm, ýöne meniň bu niýetim puç boldy. Attikus meniň göwnüme degmejek bolup juda jan çekdi, ýöne ahyrsoňunda barybir özüniň bu gün öte ýadawdygyny, özüniň häzirki ýagdaýynda diri şekilleri synlamaga gurbunyň çatmajakdygyny aýtdy. Ol tutuş hepdäni Montgomeride geçiripdi we diňe agşamara dolanyp gelipdi. Ýöne onuň pikiriçe, eger-de men Jimden özümi ugratmagy haýyş etsem, ol onuň pikiriçe, meniň towakgamy ýerine ýetirse gerek. Aleksandra ejem bolsa özüne bu gün irräk ýatmak gerekdigini, özüniň uzakly günläp sahnany bezemek bilen başagaý bolandygyny, şonuň üçinem halys sütüniniň süýnendigini aýtdy…Birdenem ol sözüniň ýarysyny aýdyp-aýtman dymyp galdy. Soňra ýene-de nämedir bir zat aýtmak üçin agzyny açdy, emma hiç zat geplemedi. -Ejeke, size näme bolýar?-diýip men soradym. Ol: -Ýok, ýok, hiç-le,-diýdi:-Birhili meniň inim dyglap, endamym sowap gitdi. Men-ä dogrusy, oňa birdenkä, gaýa ýok, gopuz ýok ýerinden näme bolandygyna-da düşünmedim, ýöne ol bada-bat özüni dürsedi-de, myhman otagynda meniň çykyşymy synlap görmegi teklip etdi. Jim meni basyp-büküp ýörite taýýarlanan geýmiň içine dykdy-da, myhman otagynyň bosagasynda durup, “But!” diýip gygyrdy. Özem sesini bilgeşleýinden edil hanym Merriuzeriň sesine meňzetdi. Onsoň men dabara bilen myhman otagynyň ortarasyna çenli ýöredim. Meniň çykyşym Attikus bilen Aleksandra ejemiň tüýs hoşuna geldi. Soňra men aşhana gitdim we Kelpurniýanyň öňünde özümi sereşledim, olam maňa: “Seni görmäge göz gerek” diýdi. Men soňra ylgap gidip hanym Modä-de görünmek isledim, ýöne Jim: “Ol megerem, barybir dabara barar we şol ýerde seni synlap biler” diýdi. Şondan soň özümiziňkileriň dabara barjagynyň-barmajagynyň ähmiýeti ýokdy. Men olaryň hemmesine görnüpdim. Jim bolsa meni ugratjakdygyny aýtdy. Ine şeýle ýagdaýda-da Jim ikimiziň iň uzak syýahatymyz başlandy. xxxxx Şondan öň hiç haçan oktýabryň iň soňky güni beýle ýyly bolmandy. Şonuň üçinem biz hatda ýyly keltekçelerimizi hem geýmedik. Ýel turup başlady welin, Jim: “Yzymyza gaýdanymyzda, görýän welin, biz ýagşyň astynda galaýmasak” diýdi. Gije tüm-garaňkydy, aý görünmeýärdi. Köçäniň künjündäki çyra Redlileriň jaýyna uzyn-uzyn gara kölegeleri düşürýärdi. Jim pessaýja güldi-de: -Jedel edeli, şu gün olary hiç birahat etmez,-diýdi. Jim meniň geýmimi alyp barýardy, demir gözenek zerarly ony götermek juda oňaýsyzdy. Biziň Jimimiz nähili edepli hem salyhatly diýsene. Ýogsa maňa: “özüň göter” diýibem bilýär ahyry. Men: -Barybir bu ýer birhili gorkunç, dogrumy?-diýdim:-Betnyşan, elbetde, hiç kime ýamanlyk islemeýär, ýöne men barybir seniň ýanym bilen gaýdanyňa begenýän. Jim: -Näme, dagy seniň ýeke özüňi Attikus goýberer öýtdüňmi?-diýdi. -A näme üçin goýbermesin? Bu ýerde bary-ýogy-da, köçäniň burçundan mekdebiň howlusyna öwrülýänçäň ýol bar ahyry. -Mekdebiň howlusy öte uly we kiçijik gyzjagazlaryň ýeke özleri garaňkyda gezmeli däl,-diýip Jim meni gižželedi:-Ýa-da sen al-arwahlardan gorkmaýarsyňmy? Biz hahahaýlaşyp gülüşdik. Biz eýýäm birmahaldan bäri ullakan adamlardyk. Salgymlar, howur-powur, jadygöýlük, syrly belgiler – bularyň barysy edil gün doganda duman dagaýşy ýaly dagap gidipdiler. Jim: -Şol wagtlar biziň nähili dogamyz bary-a?-diýdi:- “Diri, öli däl, janyň enweri, bogma, goýber meni”. Men: -Bes etsene,-diýdim. Biz edil şol wagt Redlileriň jaýynyň deňesinden geçip barýardyk. Jim: -Megerem, Betnyşan öýde ýok bolaýmasa. Diňle,-diýdi. Biziň hol depämizdäki tümlükda ýalňyz bilbiljik özüniň ähli mukamjyklaryny bir ujundan saýraýardy, ol özüniň kimiň agajynda oturandygyny asla şübhe-de etmeýärdi, ol birden-ä geçiguş bolup sykylyk atýardy, birdenem gazaba münen garasar ýaly jürküldeýärdi, birdenem gündizkör ýaly ajydan-ajy zeýrenýärdi. Biz köçäniň burçundan öwrülenimizde men ýerden çykyp duran agajyň köküne büdredim. Jim maňa tekge bermek islände meniň eşigimi tozana gaçyrdy. Men barybir ýykyldym, emma bada-bat ýerimden turdum welin, biz ýene-de ýolumyzy dowam etdik. Soňra biz mekdebiň howlusyna öwrüldik. Ol ýeri hasam gözedürtme garaňkylyk ekeni. -Jim, a sen nirä gitmelidigini nireden bilýärsiň?-diýip men bäş-on ädim ädenimizden soň soradym. -Biz häzir şol uly dub agajynyň aşagynda, syzýarsyňmy, bärisi biraz salkynrak? Seret, seresap bol, ýene-de büdräýme. Indi biz agajy süsmezlik üçin haýaljakdan, her basjak ýerimizi barlap diýen ýaly ýöreýärdik . Ol dub agajy ýalňyzdy we garryňam-garrysydy. Biziň ikimiz-ä her näme edenimizde-de onuň daşyndan gujaklamaga elimiz ýetjek däldi. Ol mugallymlardanam, şugulçylardanam, bilesigeliji partadaşlardanam daşdady, elbetde, dogrusy ol Redlileriň gapdaljygynda ösüp otyrdy, ýöne Redliler kesekileriň işlerine burunlaryny sokup ýörmeýärdiler. Onuň kölegeleriniň astynda şeýlebir köp uruşlar we gadagan edilen humar oýnunyň söweşleri bolup geçipdi welin, ol ýerde depgilenip-depgilenip zynç edilen toprak daşa dönüpdi. Öňümizde mekdebiň dabara otagynyň uly penjireleri lowurdap durdy, ýöne olar bize ýol görkezmekden geçen gaýta gözümizi gapýardylar. Jim: -Öňe seretme, Gözlüje,-diýdi:-Aýagyň aşagyna gara, ýogsa ýykylarsyň. Men: -Sen nähak elçyrajygy almadyň, Jim,-diýdim. -Men beýle tümlük bolar öýdüp pikir etmedim. Men pikir etdim, biz barýançak heniz ýolumyzy aýyl-saýyl edil bolar öýtdüm. Bu garaňkylayk bar-a bulutlar sebäpli. Olary, megerem, şemal entek-entekler dagytmasa gerek. Şol pille-de biziň üstümize kimdir biri bökdi. Jim şeýlebir çirkin gygyrdy welin, meniň tas gulagym gapylypdy. Dessine-de biziň ýüzümize ýiti ýagty düşdi, bu Sesil Jeýkobs bize tarap elçyrasy bilen ýagty saçyp, piriminiň paşandygyna begenip, duran ýerinde bökjekleýärdi. -Hä, aldandyňyzmy!-diýip ol sesinde baryny edip gygyrýardy:-Men siz hut şu ýoldan gelersiňiz diýibem garaşdym-da! -Seniň ýeke özüň bu ýerde näme işleýärsiň? Näme sen Betnyşan Redliden gorkmaýarsyňmy? Enet-atasy Sesili sag-aman mekdebe getirip giden ekenler, ol bolsa biziň ýokdugymyzy görüp, dub agajynyň aşagyna eňipdir, ol biziň hut şu ýoldan geljekdigimizi anyk çaklan ekeni. Ýöne ol bizi Attikus ugradar öýdüp pikir edipdir. Jim: -Hymh, munuň diýýän zadyna serediň-ä! Bu ýerde bary-ýogy-da ýöremelisi ynhajykga dälmi, köçäniň burçundan aýlandygyň ýetdigiň,-diýdi:-Ýeri bu ýerde nämeden gorkjak diýsene? Äý, ýöne her näme diýseňem şu gezeg-ä Sesiliň oýny başa bardy. Ol hakykatdanam bizi gaty erbet gorkuzdy, indem bu barada bütin mekdebe jar etmäge onuň doly hukugy bardy. Men: -Diňle,-diýdim:-sen bu gün sygyr ahyry. Hany seniň şekil eşigiň nirede? Ol: -Şol ýerde, sahnanyň aňyrsynda,-diýdi:-Hanym Merriuzer aýdýar: “diri şekil entek beýlebir tiz görkezilmez” diýýär. Senem öz eşigiňi sahnanyň aňyrsynda meniňkiniň ýanynda goý, Gözlüje, ýör, özümem oglanlaryň ýanyna gideliň. Jim begendi. Mundan gowy nädip bolsun, men ýeke bolmaryn, deň-duşlarymyň arasynda gezerin, ol bolsa öz ýaşytdaşlarynyň arasyna gidip biljekdi. Biz mekdebiň dabara otagyna gelenimizde ol ýerde eýýäm diňe Attikusdan, mekdebi bezäp-bezäp halys surnugan zenanlardan, garasöýmezletden hem ýekemenlerden özge tutuş Meýkomb ýygnanan ekeni. Göwnüňe bolmasa, bu ýere tutuş okrug jemlenen ýalydy, binanyň äpet girelge otagy golaý-goltumyň bezenip-beslenen ýaşaýjylaryndan ýaňa hyryn-dykyndy. Birinji gatda, giň däliziň iki tarapynda dürli güýmejneler guranlypdyr, olaryň ählisiniň öňünde-de adamlar hümer bolşup durdylar. -Wah, Jim, men pul almagy ýadymdan çykaraýpdyryn! Jim: -Saňa derek Attikus welin ýadyndan çykarmady,-diýdi:-Ine, me şu otuz senti al, bu alty sany oýun şaýlaryny almaga. Ýeri, bolýar, häzirlikçe! Men özümiň otuz sentimiň we ýanymyň ýoldaşlydygyna göwnühoş halda: -Ýeri bolýar,-diýdim. Sesil ikimiz gapdalky gapydan dabara otagyna girdik, ondanam sahnanyň perdeleriniň aňyrsyna geçdik. Men öz gödeňsiz eşigimi başymdan sowdum-da, özümi hanym Merriuzer görmänkä, ol ýerden ökjäni göterdim, ol şol wagt tomaşaçylaryň orunlarynyň ilkinji hatarynyň öňünde durdy we öz elindäki ýazgylara nämedir bir zatlary çyzyşdyryp ýazyşdyrýardy. -Seniň näçe puluň bar?-diýip men Sesilden soradym. Onda-da otuz sent bar ekeni, diýmek biziň ikimiz deňdik. Biz ilkinji nobatda bäş sentimizi eýmençlikler otagyny synlamaga sarp etdik, ýöne ol bizi dynnym ýalyjagam gorkuzmady, biz ýedinji synpyň tüm-garaňky otagyna girdik welin, şol ýerde wagtlaýyn ýaşap başlan gan sorujy diri merhum bizi diwaryň ugry bilen ýöredip alyp gidip ugrady, ýüzugruna-da ol haýsydyr bir düşnüksiz zatlary elläp görmegi buýurýardy, özem bizi şol galtaşýan zatlarymyzyň böleklere bölünen adam bedeniniň dürli agzalarydygyna ynandyrmaga çalyşýardy. -Ine bu gözleri,-diýip gan sorujy diri merhum haçan-da biz ýalpajyk tabajygyň üstünde goýlan, daşynyň gabygy aýrylan iki sany üzümi ellänimizde aýtdy. -Ine bu ýürek. Bu élan zadymyz galtaşanyňda çig bagry ýatladýardy. -Ine bu bolsa içegeler,-diýip diri merhum buz ýaly bolup sowap giden uzyn aşdan doly ýalpak tabagy biziň elimize tutdurdy. Şondan soň biz ýene-de birnäçe güymänjä aýlanyp çykdyk. Hanym Teýloryň äleme meşhur ajaýyp tagamly kökejiklerinden adama bir haltajygyny satyn aldyk. Men toşapda ýüzüp ýören almany agzym bilen tutup almak babatda öz bagtymy synap görmek isledim, emma Sesil: “bu gi-gi-ýe-na-nyň talaplaryna laýyk gelmeýär” diýdi. Onuň ejesi şeýle etmek bilen haýsy-da bolsa bir kesele duçar bolmak mükin diýen ekeni, sebäbi ol alma men ilkinji bolup agzymy degirmeýärdim ahyry. -Şu mahal biziň Meýkombymyzda hiç hili ýokanç kesel ýok,-diýip men eňek diräp ugradym. Emma Sesil öz ejesiniň: “özgeleriň agzyndan galanyny iýmegiň gi-gi-ýe-na-nyň talaplaryna laýyk gelmeýär” diýip aýdandygyny aýtdy. Men şol wakalardan ep-esli soň bu babatda Aleksandra ejemden soradym we gepiň arasynda Sesiliň ejesiniň haýsy sözleri diýendigini-de aýdan bolup goýberdim welin, ol: “diňe hemişe öňe sokjarylyp ýören geçiniň öň aýaklary ýalylar şeýle pikir edýärler” diýdi. Menem bu jogaba heziller edäýdim. Şol gün biz dodaga çalynýan reňk hem satyn almak isledik, ýöne şol pursat hanym Merriuzeriň çaparlary ylgaşyp geldiler-de biziň sahnanyň aňyrsyna çagyrylýandygymyzy, bahym diri şekiliň görkezilip başlanmalydygyny aýtdylar. Tomaşaçylaryň orunlary adamlardan dolup barýardy, meýkombyň mekdep saz topary sahnanyň öňünde, aşakda eýýäm öz orunlaryna geçipdi, sahnany ýagtylandyrýan yşyklar ýakylypdy, gyzyl mahmaldan perde bolsa arkasynda turzulýan tüpgen zerarly tolkun atyp, iki ýaňa çaýkanýardy. Perdäniň aňyrsynda Sesil ikimiz elde ýasalan üçburçluk başgaplary, konfederatlaryň goşunynyň we ispanlar bilen uruş döwrüniň gulakjynlaryny, jahan urşy döwrüniň kaskalaryny geýen ululardan depilip dykylan ýaly doly darajyk dälize düşdük. Oba hojalygynyň dürli miwelerini şekillendirmeli geýimleri geýen çagalar bolsa kiçijik penjirejigiň ýanynda dykylyşyp durdylar. -Kimdir biri meniň eşigimi ýemşerdipdir-ä!-diýip men naýynjar gygyrdym. Hanym Merriuzer edil çapylýan at ýaly darsyldap geldi-de, meniň geýmimiň gözenegini ýazyşdyryp-epleşdirip öňki şekiline getirdi, soňam meni onuň içine saldy. -Dirimiň, Gözlüje?-diýip Sesil sorady:-Seniň sesiň edil ýerzeminden gelýän ýaly. Men: -Seniňkem şeýle,-diýdim. Saz topary dabaraly senanyň sazyny çalyp ugrady welin, hemmeleriň güpürdeşip ýerlerinden turýandyklary eşidildi. Soňra türk depi kakylyp başlady. Hanym Merriuzer öz ornunda oturan ýerinden yglan etdi: -Meýkomb okrugy – per aspera ad astra. Ýene-de türk depi kakyldy. -Bu bolsa aňladýar,-diýip hanym Merriuzer latynçany bilmeýän nadanlar üçin terjime etdi:-hapa-läbikden ýyldyzlara çenli ýol diýmegi. Soňam näme üçindir üstüne goşup goýberdi: -Diri şekiller. -Şeýdip aýdybermeseň ýogsa düşünmezler-ow, şolar!-diýip Sesil ýaňsyly pyşyrdady, ýöne oňa bada-bat hüşşüldediler. -Munuň diri şekildigini bütin şäher bir aý bäri bilýär,-diýip menem kem galyp barýan dek eşidiler-eşidilmez pyşyrdap galdym. Sesil: -Şäher eteginde ýaşaýanlarammy?-diýdi. -Eý, şol ýerde ýuwaşrak boluň!-diýip bir erkek kişi gygyrdy welin, biz lam-jim bolmaga mejbur bolduk. Ýene-de türk depi gürpüldedi. Onsoň hanym Merriuzer gonamçylykda, mazaryň başujunda çykyş edýän ýaly ses bilen Meýkomb okrugy hakynda gürrüň berip başlady. Ol ştatda iň goja okrug bolup, birmahallar Missisipiniň we Alabamanyň bir bölegi bolupdyr. Akýagyz adamlaryň ilkinjisi bolup bu adam aýagy sekmedik diýen ýaly tokaýlyklara miras işleri boýunça biziň kazymyzyň babadaş garry atasy gelipdir we yzsyz-tozsuz ýitirim bolupdyr. Soňra bu jelegaýlara gaýduwsyz polkownik Meýkomb gelipdir, şonuň hatyrasyna-da biziň okrugymyz şu mahalkysy ýaly atlandyrylypdyr. General Endrýu Jekson oňa häkimlik ygtyýarlyklaryny beripdir, ýöne polkownik Meýkombyň ýerliksiz gopbamlygy hem-de Zeminiň taraplaryny saýrgarmaga ukypsyzlygy onuň bilen bilelikde Derýajyk taýpasynyň hindilerine garşy söweşlere gatnaşanlaryň hemmesiniň başyna betbagtlyk inderipdir. Polkownik Meykomb hiç bir zatdan gaýtman bu ülkäni demokratiýa üçin basyp almak isläpdir, ýöne onuň ilkinji ýörişi onuň üçin iň soňky ýörişe öwrülipdir. Çapar hökmünde dostlukly taýpadan bolan hindiniň üsti bilen oňa günorta tarapa gitmek barada buýruk gowşurylypdyr. Zeminiň günorta tarapynyň nirededigini kesgitlemek üçin polkownik agaçlarda ösýän heňpisint ösümliklerden ugur alypdyr, özüne ýalňyşandygyny aýtmakçy bolan tabynlygyndakylara bolsa agyzlaryny açmaga-da maý bermän, duşmany derbi-dagyn etmegi mäkäm ýüregine düwüp ýörişe ugramaga gyssanypdyr, ýöne duşmanyň üstüni gapyl basmagyň deregine öz goşunlaryny demirgazyk-günbatar tarapa, ilkidurmuş jeňňelliklerine alyp gidipdir. Diňe şondan kän soň olary şol okgeçmez gür tokaýlaryň içinden ýurduň jümmüşine tarap barýan göçüň adamlary alyp çykypdyrlar. Hanym Merriuzer polkownik Meýkombyň edermenlikleri hakynda tutuşlygyna ýarym sagatlap diýen ýaly gürrüň berdi, men bolsa şol wagtyň dowamynda täze bir açyş etdim: eger-de dyzyňy epsem, aýaklarym gödeňsiz eşigimiň aşagyna sygýan ekeni, onsoň şeýle ýagdaýda eýdip-beýdip, birsalym oturyp boljak ekeni. Men oturan ýerimden hanym Merriuzeriň depregiň gümmürdisi bilen gatylyp-garylyp gelýän ýüregedüşgünç wyzzyldysyny diňledim oturdym, ahbetinem munuň nädip beýle bolandygyny özümem duýman irkilip, mäkäm uka gidipdirin. Soňra maňa näme bolandygyny gürrüň berdiler: hanym Merriuzer öz diri şekiliniň aklyňy haýran ediji ahyryna baranmyş-da: “But!” diýip parahat hem ynamly äheňde mylaýymja gepläpdir, sebäbi sosna agaçlary hem-de nohut ol olaryň atlaryny tutan dessine haýal etmän sahnada peýda bolupdyrlar ekeni. Meniň şekilimiň adyny tutup birinji gezek gygyrandan soň ol sähel salym garaşypdyr-da, ýene-de, öňküsine görä az-kem gatyrak ses bilen çagyrypdyr. “But!”. Ýöne sahnada hiç hili but peýda bolmandyr. Ine şonda-da ol bogazyna sygdygyndan bagyryp goýberipdir: “BU-T-T-T!!!”. Megerem men ukynyň arasynda onuň sesini eşidendirin-dä, belki-de meni şol pursat günorta ştatlaryň senasynyň sazyny çalyp ugran saz topary oýarandyr, bilemok, ýöne men özümiň sahnada emele gelmeli pursadym hökmünde hut hanym Merriuzeriň ştatyň baýdagyny dabara bilen giň gerýän pursatyny saýlap alypdyryn. Has takygy saýlap saýlanam däldirin-de, şol pille meniň ýöne, hemmeler bilen bilelikde bolasym gelen bolaýmasa. Soň maňa aýdyp bermeklerine görä, kazy Teýlor tomaşaçylaryň arasyndan atylyp çykyp, arasynda dyzlaryna kakyp şeýlebir hahahaýlap gülüp başlapdyr welin, hatda tä hanym Teýlor oňa suw bilen haýsydyr bir derman gerdejigini getirip berýänçä köşeşip hem bilmänmiş. Dowamy bar. | |
|
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -10: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -15: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -13: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -32: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -17: romanyň dowamy - 23.10.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |