17:59 Şygşygyny öldürmek -18/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
-Olar aklawjynyň däl-de onuň öz şaýatlarydy ahyry. -Ýöne barybir jenap Finç Meýellany hem-de garry Ýueli edil beýle sorag etmedi. Ol bolsa Tomy her gezek diňe “ýigit” diýip ýaňsylap, onuň üstünden gülýär, ol näme diýse-de: “görýärsiňizmi ol nähili çypdyrýar-a” diýýän ýaly, her gezek oturdaşlara tarap öwrülýär. -Sen-ä aldyň-ow, Dill, onsoňam ahyrynda-da, Tom bary-ýogy bir garaýagyz ahyry. -A meniň üçin welin tapawudy ýok. Barybir beýle etmek jyzmak bolýar. Oňa beýle çemeleşmek dogry däl. Adam bilen asla beýle gepleşmeli däl…Mundan ýaňa meniň aňrym-bärime gelip dur. -Hawa, jenap Jilmer aslyýetinde şeýle, ol hemmeler bilen şonuň ýaly-da, Dill. Sen entegem onuň nähili birehim bolýandygyny bilmeýärsiň, bu ýerde bolsa…bilýäňmi, jenap Jilmer, meniň pikirimçe bu işde beýlebir janyny hem ýakyp barmaýar. Ýok, olaryň hemmesi şeýle, hemme hukukçylar. -Jenap Finç beýle däl ahyry. -Ol hasap däl, Dill, ol…-diýip şol bir sapar hanym Modi Etkinsonyň örän jaýdar hem gowy aýdan sözlerini ýadyma salmaga çytraşdym. Hä, ynha:-Ol hemişe birmeňzeş, köçede bolsun, kazyýetde bolsun, tapawudy ýok. Dill: -Men bu barada däl-le,-diýdi. Men düşünýän, seniň näme barada aýtmakçy bolýanyňa, körpeje-diýip biziň arkamyzdan kimdir biri biziň gürrüňimize goşuldy. Birbada biziň göwnümize bolmasa ýeňsämizdäki dub agajy geplän ýaly boldy, emma bu jenap Dolfus Reýmond ekeni. Ol agajyň aňyrsyndan kellesini çykardy. -Sen jögi däl ahyry, seniň diňe bu bolgusyzlyklar sebäpli ýüregiň bulanyp başlapdyr, men dogry aýdýanmy? xxxxx -Hany bärik gel, oglum, mende bir melhem, ondan datsaň seniň derdiň birneme ýeňlese gerek. Jenap Dolfus Reýmond gowy adam däldi, şonuň üçinem onuň çakylygy juda meniň göwnümden turmady, ýöne onda-da men Dilliň yzyndan oňa tarap ýöneldim. Näme üçindir meniň göwnüme bolmasa, eger-de biz jenap Reýmond bilen dostlaşsak Attikus halamajak ýaly bolup göründi, Aleksandra ejem barada aýtmagam gerek däl. -Me,-diýdi-de ol Dille depesinden iki sany sypal tokurtgajyk somalyp çykyp duran kagyz dolagy uzatdy:-Hany bir owurtla bakaly, seniň süňňüň ýeňläp gider. Dill sypaljykdan sordy-da, ýylgyrdy, soňam ýetişibildiginden sorup başlady. Jenap Reýmond: -Hä,-diýdi. Megerem oňa çagany azdyrmak ýaraýan bolara çemeli. -Sen seresabrak bol, Dill,-diýip men duýdurmaga howlukdym. Dill sypaljygy sypdyrdy-da, ýyrşardy. -Bu koka-kola ahyry, Gözlüje. Jenap Reýmond dik oturdy-da, agaja ýaplandy. Öň ol otuň üstünde ýatyrdy. -Ýöne serediň, körpejeler, indi meniň syrymy paş edäýmäň, bolýarmy? Ýogsa meniň asylly adym uly ile wejera bolar. -Wiý, siz, asyl name bu kagyz dolakdan ýönekeý koka-kolany içip ýörsüňizmi? Iň bir adaty koka-kolanymy? Jenap Reýmond: -Hut şeýle, hanym,-diýdi. Ondan eýlenen deriniň, atlaryň, pagta çigdiniň örän oňat ysy gelýärdi. Onuň aýaklarynda gonçlary öte belent ädik bardy, beýle ädigi tutuş Meýkombda başga hiç kim geýmeýärdi:-Men diňe şuny-da içýärin…adatça. -Diýmek onda, siz diňe serhoş bolan bolýars…-Men dilimi dişledim:-Ötünç soraýan, jenap. Men düýbünden gödek bolmak islemänd… Jenap Reýmond pyňkyrdy, ol jinnek ýaly-da gaty görmändi. Men bolsa has sypaýyrak sözleri tapmaga synanyşdym: -Onda näme üçin siz hemme zady bolmalysy ýaly etmeýärsiňiz? -Näme üçin…a sen näme meniň näme üçin serhoşsyran bolýanymy bilesiň gelýärmi?-diýip ol sorady:-Käbirlerine meniň ýaşaýşym ýaramaýar. Elbetde, men olaryň ählisine-de: “gümüňize gidiňsene” diýip bilýärin, ýaramasa ýaraman geçsin, meniň üçin munuň gara şaýy ähmiýeti ýok. Maňa hakykatdan-da olaryň pikiri bir köpük. Ýöne men olara: “gümüňize gidiň” diýmeýärin, düşnüklimi? -Ýok, jenap düşnükli däl,-diýip Dill ikimiz deň diýen ýaly gepledik. -Düşünýäňizmi, men olara biderek ýere sögünmezlige bahana bermäge çalyşýan. Adamlara eger-de olaryň bahanasy bolsa gargynmak has ýakymly. Ine şähere gelýärsiň – men bolsa şähere beýlebir ýygy-ýygydan gelibem durmaýaryn – iki ýaňa çaýkanyp gidip barýansyň, ýok-ýok, käte bir gezegem arasynda ine şu kagyz dolakdan içen bolarsyň welin, onsoň adamlaryň hyşy-wyşysy-da diýip başlar: “ýene-de bu Dolfus Reýmond siňege bulaşmak derejesine ýetipdir-ow, ýeri lül-gammar arakhorda öz bolgusyz edähetlerinden ýüz döndermäge erk nireden bolsun diýsene. Nireden ol özüne erk etsin, ine şonuň üçinem ol adam ýaly ýaşap bilmän ýör-dä” diýşen bolarlar. -Bu öte kezzaplyk ahyry, jenap Reýmond, hakykatda öz bolşuňdan beter erbet bolup görünmäge dyrjaşmak… -Dogry, kezzaplyk, ýöne men şeýle etsem adamlar üçin amatly. Men saňa bir pynhan syry aýdaýyn, hanym Finç, men beýlebir gutaran arakhor hem däl, ýöne olar meniň şu ýaşaýşymça ýaşaýanymyň düýp sebäbiniň maňa şu durmuşymyň ýaraýandygy üçin-de ömürbaky hem düşünmezler. Megerem, maňa bu günägaby bendäni diňlemek uslyp hem däldir, sebäbi onuň garnuwly, mulat çagalary bar hem bolsa ol muňa hatda müýnürgemeýär hem, ýöne maňa onuň bolşy şeýlebir gyzyklydy. Men mundan öň hiç haçan özüne bilgeşleýinden hapa sürtmäge dyzaýan adama sataşyp görmändim. Ýöne näme üçin ol bize özüniň iň ýaşyryn syryny ynandyka? Men şeýle diýibem soradym. Ol: -Sebäbi diňe siz çagalar muňa düşünibem bilersiňiz,-diýdi:-ýene-de bir sebäbi men ine şuny diňläp… Ol Dille tarap baş atdy. -Häzirlikçe ol eger-de kimdir biriniň başyndan erbetlik inse oňa seredip durmagy çekip-çydap bilmeýär, kanagaty ýetmeýär. Ine ulalar, şondan soň beýle zatlar üçin aglamagyny hem, gynanmagyny hem bes eder. Belki-de onuň göwnüne bolmasa nämedir bir zat, aýdaly beýlebir doly adalatly däl ýaly hem bolup görünmegi ähtimal, ýöne munuň üçin ol ýaňkysy ýaly welin, aglamaz, ýene-de birnäçe ýyl geçer, soň beýtmez. -Näme hakda aglamalymyş, jenap Reýmond?-diýip özüniň erkek kişidigini ýadyna salan Dill az-kem hüžžerildi. -Adamlaryň birek-birege ezýet berýändikleri, özleriniň bolsa muny hatda aňşyrmaýandyklary hakda. Akýagyzlaryň garaýagyzlary ezýändikleri hakda, olaryňam adamdygy hakda bolsa hatda pikirem etmeýändikleri barada. -Attikus: “garaýagyzy aldamak akýagyzy aldanyňdan on esse çökder günä” diýýär,-diýip men hümürdedim:-Ol aýdýar: “ Şondan ýaman zat ýeriň ýüzünde ýok” diýýär. Jenap Reýmond: -Hymm, ondan beter zatlaram bolup bilýär,-diýdi:-Hanym Jin Luiza, seniň kakaň beýlekiler ýaly däl, sen häzirlikçe munuň şeýledigine düşünmeýärsiň, sen heniz öz ömürjigiňde juda az gördüň. Sen hatda biziň şäherimize-de entek doly göz ýetirip bilmänsiň, ýöne bu kemçiligi düzetmek üçin saňa diňe kazyýetiň mejlisler otagyna dolanyp barmak ýeterlik bolar. Ine şu ýerde-de meniň güpbe ýadyma düşdi: jenap Jilmer megerem, eýýäm hemmeleri sorag edip bolan bolsa gerek. Men güne garşy seretdim, ol çaltlyk bilen şäher meýdançasynyň günbatar tarapyndaky dükanlaryň üçekleriniň aňyrsynda gizlenip barýardy. Men nämäni saýlajakdygymy bilmän irikgä boldum, haýsy has gyzykly – jenap Reýmondmy ýa-da okrug kazyýetiniň bäşinji maslahatymy? Men: -Ýör, Dill,-diýdim:-Sen nähili, indi gowumy? -Hawa. Siziň bilen tanşanyma örän şat, jenap Reýmond, şerbetiňiz üçin taňryýalkasyn, ol örän oňat kömek edýär ekeni. Biz meýdançadan ylgap geçdik-de kazyýetiň binasynyň eýwanyna uçup mündük, soňam basgançak bilen ikinji gatdaky eýwança sümüldik. Hormatly ata Saýks biziň ýerlerimizi saklap duran ekeni. Mejlisler otagynyň içi şeýlebir ümsümlikdi welin, men ýene-de oýlandym: “bu bäbekler nirä gürüm-jürüm boldularka?”. Kazy Teýloryň agzyndaky çilimiň indi diňe uçjagazy görünýärdi, jenap Jilmer öz ornunda oturyp, sary kagyzlara nämedir bir zatlary ýazýardy, göwnüme bolmasa, ol kätipden ozjak bolýana çalym edýärdi, onuň eli bolsa kagyzyň ýüzünde iki ýaňa ylgaýardy. -Wah, seniň bir!-diýip men hüňürdedim:-Sypdyrypdyrys-a! Attikus eýýäm öz çykyşynyň ýarysyny aýdyp gutaran ekeni. Onuň ornunda nähilidir bir kagyzlar ýatyrdy, megerem, ol olary oturgyjyň ýanynda, ýerde duran sebedinden çykaran bolsa gerek. Ornunda oturan Tom Robinson bolsa şol kagyzlary elleşdirýärdi. -…we gönüden-göni subutnamalaryň ýoklugyna garamazdan bu adam ölüm jezasy göz öňünde tutulan jenaýaty etmekde aýyplanýar hem-de kazyýetiň öňünde kelle ýalaňaçlamaga mejbur edildi… Men Jimiň böwrüne hürsekledim. -Ol köp wagt bäri gepläp durmy? -Ýaňybir subutnamalary ilik-düwme etdi,-diýip Jim pyşyrdady:-Ine görersiň, Gözlüje, biz utarys. Hökman utarys. Ol göz açyp-ýumasy salymyň içinde olaryň ähli dellillerini çym-pytrak edip, ýerinde ýandak gögertdi. Ol ähli zady şeýlebir sada edip düşündirdi, edil…edil bar-a meniň saňa düşündirişim ýaly. Diňlän bolsaň hatda sen hem düşünerdiň. -A jenap Jilmer? -Hüş-ş…Hiç hili täze zat ýok, hemme zat öňki-öňkülik. Indi bolsa gepleme. Biz ýene-de aşak seredip ugradyk. Attikus edil özüniň adatça hat ýazylanda jümleleri aýdyp berşi ýaly parahat hem göwnübir gepleýärdi. Ol äwmezeklik bilen oturdaşlaryň öňlerinde gezmeleýärdi, olar bolsa göräýmäge üns bilen diňleýän ýalydylar, olaryň hemmesi-de, meniň pikirimçe oňa makullaýjy garaýardylar. Megerem, onuň gygyrmaýandygy üçin bolsa gerek. Attikus ýeke pursatlyk dymdy-da, birdenem özüni juda geň alyp baryp başlady. Ol zynjyrlyja sagadyny kagyzlarynyň gapdalynda goýup: -Eger-de rugsat berseňiz, siziň merhemetliňiz…-diýdi. Kazy Teýlor baş atdy welinem, Attikus şondan öňem, soňam, hiç haçan adamlaryň arasynda-da, öýde-de etmeýän işini etdi: penjeginiň keltekçesiniň iliklerini ýazdyrdy, ýakasyny açyp, boýunbagynyň halkasyny aşak dartdy-da, penjegini çykardy. Öýde ol düşege geçmegiň wagty gelip ýetýänçä hemişe ähli ilikleri ildirilgi gezerdi, häzir bolsa Jim ikimiz üçin onuň bolşy edil köpçülikde çüw-ýalaňaç bolan ýalydy. Biz elheder alyp biri-birimize seredişdik. Attikus ellerini kisesine saldy-da, oturdaşlara tarap ýöneldi. Ýagta onuň altyndan bezeg iligi hem-de syýagalamynyň we galamynyň başlygy ýalpyldap gitdi. Ol: -Asylzada jenaplar,-diýdi. Jim ikimiz ýene-de biri-birimize seredişdik, ol öýmüzde diňe: “Gözlüje” diýende onuň äheňi şunuň ýaly bolýardy. Indi onuň sesi ýaňkysy ýaly guraksy hem biparh däldi, ol oturdaşlar bilen edil köçämiziň künjünde tötänden sataşan köne tanyşlary bilen gepleşişi ýaly gürleýärdi. Ol: -Asylzada jenaplar,-diýýärdi:-men gysga sözlemekçi, ýöne men özüme berlen wagtyň galanja bölegini size bu işiň beýlebir çylşyrymly däldigini, size buýr-bulaşyk ýagdaýlara çuňlaşmagyň derkar däldigini, size başga zadyň gerekdigini, işi kazyýetde seljerilýäniň günälidigini bilmegiň gerekdigini ýatlatmak isleýärin. Muny size şeýlebir bilmek gerek welin, edil ýöne hiç zat bilen deňär ýaly däl, siz muny şeýlebir bilmeli welin, bu ýerde şübhelenmäge jinnek ýaly-da esas galmaz ýaly bilmeli bolarsyňyz. Özi-de siz ilkinji nobatda aslyýetinde şu işi kazyýetde seljermek düýbünden geregem däl bolaýmasyn diýen pikirden başlasaňyz dogry bolardy. Bu işiň mazmuny bolsa edil iki-ikiň dört bolýandygy ýaly aý-aýdyň. Aýyplawjy Tom Robinsonyň aýyplanýan jenaýatynyň hakykatdan-da bolup geçendigi hakynda hiç hili lukmançylyk subutnamalaryny bildirmedi. Aýyplawjy diňe jebir çeken bilen onuň kanuny wekiline salgylanýar, olaryň görkezmeleri bolsa garşylyklaýyn soragyň dowamynda mälim bolşy ýaly, çynlakaý şübhe döredýärler, galyberse-de işi kazyýetde seljerilýän olaryň görkezmelerini degerli deliller bilen doly inkär etmegiň hötdesinden geldi. Işi kazyýetde seljerilýän günäkär däl, ýöne bu mejlisler otagynda hakykatdan-da günäkär adam hem bar. Men jebir çekene tüýs durky-düýrmegim bilen duýgudaşlyk bildirýärin, ýöne meniň duýgudaşlygym herniçe çuňňur bolsa-da, onuňam öz çägi bar – haçan-da ol bigünä bendäniň janyndan jyda düşmeginiň ahmaldygyna gözi ýetip durka-da günäni onuň üstüne atjak bolup durmagyny welin men hiç bir ýagdaýda aklap bilmeýärin. Men, asylzada jenaplar: “günä” diýýärin, sebäbi jebir çeken bu ýerde günäli. Ol jenaýat etmedi, ýöne ol jemgyýetiň zabunam bolsa wagt bilen zerurlygy subut edilen kanunyny bozdy, ol kanun şeýlebir eglişiksiz welin, ony bozmaga het eden her bir ynsany nämynasyp nämährem hökmünde biziň aramyzdan kowýarlar. Ol çykgynsyz zerurlygyň hem-de nadanlygyň pidasy, ýöne men oňa dözmezçilik edip bilmeýärin: sebäbi ol akýagyz. Ol özüniň amala aşyrýan zadyna rugsat berilmeýändigini açyk bilýärdi, ýöne islegi-höwesi onuň üçin ýaňky aýdan kanunymdan has wajyp bolup çykypdyr, şol yhlasyny wysal etmegiň höwesinde özdiýenlilik edibem ol şol kanuny bozupdyr. Ol öz isleginiň öňünde ýan beripdir we soňam durmuşynda iň bolmanda ýekeje gezek her bir adamyň edişi edipdir. Ol edil çagalaryň özlerini alyp baryşlary ýaly özüni alyp barypdyr, özüniň eden, etmekçi bolan işini paş edýän subutnamadan dynmaga, ony gizlemäge çytraşyp ugrapdyr. Ýöne biziň öňümizde öýlerinden, soragsyz ogrynça alan kempudyny ýygşyrýan çaga oturanok. Ol öz pidasyna ýer bilen ýegsan ediji zarbany urdy, oňa ähli zady bilýän adamdan dynmak zerurdy. Ol mundan beýläk onuň gözüne görünmeli däl, ol asla ýeriň ýüzünden ýok bolup gitmeli. Ol öz aýbyny açýan subutnamany ýok etmeli. Ol nähili subutnama? Tom Robinson diri adam. Emma ol barybir Tom Robinsondanam dynmaly. Sebäbi Tom Robinson diňe özüniň nirededir bir ýerde ýaşaýandygy bilen hem oňa nämeler goparandygyny hemişe ýatladar ýörer. Ýöne ol näme etdi? Ol garaýagyzy maýyl etmek isledi. Ol – akýagyz – garaýagyzy maýyl etmek isledi. Ol biziň jemgyýetimiziň bagyşlamajak etmişini etdi – garaýagyzy öpdi. Haýsydyr bir garry garaýagyzam däl-de, ýaş, güýç-kuwwaty dyňzap duran erkek kişini hemmelere mälim bolan maksat bilen ogşady. Şol pursada çenli-de onuň üçin meniň ýaňky aýdan kanunym ýok ýalydy, emma ol şonuň üstünden ätlän dessine, zabun kanunyň birehim labyry zalymlyk bilen onuň üstünden paglap gaýtdy. Onuň kakasy onuň edýän zadyny gördi. Onuň bu babatda nämeler diýendigini biz kazyýetde işi seljerilýäniň görkezmelerinden bilýäris. Ýöne şu ýagdaýda onuň kakasy näme etdi ahyry? Biz muny anyk bilmeýäris, ýöne Meýella Ýueliň kimem bolsa esasan çep eli bilen hereket etmäge endik eden kimdir biri tarapyndan wagşylarça ýenjilendigi babatda dahylly, gytaklaýyn subutnamalar bar. Belli bir derejede biz jenap Ýueliň näme edendigini bilýäris. Ol edil onuň ýerine Hudaýdan gorkýan her bir hristianyň, her abraýly akýagyz adamyň etjek işini etdi. Ol degişli görkezmeleri bermek bilen Tom Robinsonyň tussag edilmegini gazandy, öz görkezmelerine bolsa, elbetde hiç bir şübhesiz aýdyp boljak, çep eli bilen gol çekendir, ine-de şonuň üçinem Tom Robinson kazyýetiň öňünde kelle ýalaňaçlamaly boldy, siziň hemmäňiz hem onuň nädip Injilde elini goýup kasam edişini gördüňiz, onuň diňe bir eliniň – sag eliniň hereket edýändigine-de şaýat bolduňyz. Şeýlelikde, özüne akýagyz aýala dözmezçilik etmäge mümkinçilik beren ýuwaş, edepli, salyhatly garaýagyz erkek kişi, iki sany akýagyzyň sözlerini ret edip özüni goramaga mejbur boldy. Men size ol akýagyzlaryň haçan-da görkezme berenlerinde özlerini nähili alyp barandyklaryny we olaryň daş keşpleriniň nähili bolandygyny ýatladyp durmaýyn, siziň özüňizem ol zatlaryň ählisini gördüňiz. Aýyplawjynyň şaýatlarynyň Meýkomb okrugynyň şerifinden başgalary, siziň öňüňizde, asylzada jenaplar, kazyýetiň öňünde, öz görkezmelerine hiç kimiň müňkürlik etmejekdigine utanç-haýasyz ynanyp dikeldiler, olar, adamlaryň şeýle hiline degişli bolan ähli ynsanlara dogabitdi mahsus ynanç bilen sizem, asylzada jenaplar, olaryň özleri ýaly “ähli garaýagyzlar ýalan sözleýärler, ähli garaýagyzlar tebigatlary boýunça ahlaksyz näkesler, biziň zenanlarymyz hem ähli garaýagyzlardan wehim etmeli” diýen ynançlardan ugur alarsyňyz diýen pikire mäkäm uýup kazyýet mejlisine geldiler. Bu bolsa öz özeni boýunça, asylzada jenaplar, ýalandyr, edil Tom Robinsonyň teniniň reňki ýaly şar-gara ýalandyr, siziň özüňizem munuň barypýatan ýalandygyny menden gowy bilýärsiňiz. Şonuň bilen birlikde-de size hakykatam mälim, ine ol: käbir garaýagyzlar ýalan sözleýärler, käbir garaýagyzlar ahlaksyz, biziň zenanlarymyz hem käbir garaýagyzlardan howp etmeli, ýöne bu hakykat diňe garaýagyzlara, saryýagyzlara ýa-da gyzyltenli hindilere degişli däl-de akýagyzlara-da, hemme adamlara-da degişli, ýöne bu zatlaryň baryny haýsydyr bir jyns ýa-da millet barada däl-de tutuş adamzat hakynda-da aýtmak bolar. Hatda ine şu mejlisler otagynda-da öz ömründe ýekeje gezek ýalan sözlemedik, ýekeje sapar ahlaksyz iş etmedik adamy tapyp bolmaz, şonuň ýaly-da jahanyň ýüzünde zenan maşgala hyjuw-höwes bilen seredip görmedik birje-de erkek kişi ýokdur. Attikus dymdy-da, elýaglygyny çykardy. Soňra äýnegini çykaryp, aýnalaryny süpürdi, ine şol pursat Jim ikimiz ýene-de bir açyş etdik, şol müddetden öň biz bir gezegem onuň derländigini görmändik – ol ýüz-keşbinde hiç haçan der damjalaryny görüp bolmaýanlaryň hilindendi, häzirki pursatda welin onuň ýüzi edil gaýym güne ýanan dek lowurdap durdy. -Ýene-de bir zat, asylzada jenaplar, onsoň men tamamlaýan. Tomas Jefferson bir gezek: “ähli adamlar azat hem deňhukukly edilip ýaradylypdyrlar” diýipdir, waşington müdirliklerindäki ýankiler we ahlaksöýerler bize elmydama bu hakykaty hetjikläp-hetjikläp gaýtalap berýärler. Ine şu günlerde, bir müň dokuz ýüz otuz bäşinji ýylda bolsa, bu sözleri ýerlikli bolsun-bolmasyn, islendik sebäp tapsalar gaýtalamaga ýykgyn edýän adamlar bar. Ine size meniň bu aýdanlarymy subut edýän iň akmak mysallaryň biri: mugallymlar ukyply okuwçylar bilen deň hatarda synpdan synpa nadanlary hem ýaltalary geçirýärler we örän çynlakaý keşp bilen, eger-de şeýle etmeseň başgaça bolmaýandygyny düşündirýärler, sebäbi hamana, hemme adamlar deňhukukly edilip ýaradylypmyşlar, ikinji ýyla galdyrylýan çagalar bolsa özleriniň doly hukukly däldikleri, kembahadyklary zerarly çekip-çydar ýaly bolmadyk derejede ejir çekýärmişler. Ýöne biz welin, adamlaryň käbirleriniň bizi ynandyrmak isleýşi ýaly gutarnykly derejede deň edilip ýaradylmandyklaryny bilýäris ahyry: käbirleri akyl-paýhaslary bilen öňe saýlanýarlar, käbirleriniň belli ýagdaýlar sebäpli mümkinçilikleri köpräk bolýar, üçünjileri beýlekilere garanyňda has artygrak gazanç edip bilýärler, aýallaryň käbirleri bolsa süýji kökeleri, gatlaklyny has süýji edip bişirip bilýärler – umuman gysgaça aýdanyňda, käbir adamlar beýlekilere garanyňda doglanlarynda has ukyply hem zehinli bolup dogulýarlar. Ýöne bir zatda welin biziň ýurdumyzda hemme adamlar deň, biziň jemgyýetimizde bir kada, bir institut bar, şonuň öňünde-de hemmeler deň – gedaý bilen Rokfellerem , kütek körzehin bilen Eýnşteýn hem, sowatsyz bilen uniwersitetiň alym rektory hem. Şol Institutam, asylzada jenaplar, başga hiç zadam däl-de kazyýet bolup durýar. Özi-de tapawudy ýok, isle ol Birleşen Ştatlaryň Ýokary kazyýeti bolsun ýa-da haýsy hem bolsa bir, Hudaýyň undan tümündäki, iň bir göze-görünmejek ýerli kazyýet bolsun, ýa-da ine biziň mejlis geçirip oturan şu köp merhemetli kazyýetimiz bolsun, tapawudy ýok, onuň öňünde hemmeler deň. Elbetde biziň kazyýetlerimiziňem edil adamzadyň döreden islendik närsesi ýaly ýetmezçilikleri bar, ýöne bir hakykat welin aýdyň, biziň ýurdumyzda kazyýet jemgyýetdäki iň beýik deňleşdiriji, onuň öňünde-de hakykatdanam hemmeler deň. Men jemgyýetimizde hereket edýän ähli edaralara hem kadalara aşyk bolup ýören, arzuwçyl hukukçy däl, oturdaşlar kazyýetini-de kazyýet ulgamlarynyň görnüşleriniň içinde iň kämili diýibem hasap etmeýärin, meniň üçin bu iň ahyrky nusga-da däl, ýöne bu bar bolan, hereket edýän hakykat. Kazyýet tutuşlygyna, asylzada jenaplar, siz oturdaşlaryň her birinden oňat däl. Kazyýet diňe ony emele getirýän oturdaşlaryň her biriniň we olaryň ählisiniň bütewiligine alanyňdaky paýhasy hem adalaty ýaly parasatly we adyl bolup bilýär. Şoňa görä-de men ynanýan, asylzada jenaplar, siziň bu ýerde eşiden, diňlän görkezmeleriňizi hiç hili tarapgöýlük etmän seljerjekdigiňize we dogry, adyl çözgüt çykaryp, işi kazyýetde seljerilýäniň bigünäligi sebäpli ony öz maşgalasyna gaýtaryp berjekdigiňize janym-tenim bilen ynanýaryn. Hakyň hatyrasyna öz mukaddes borjuňyzy akýürekden berjaý ediň! Soňky sözlerini Attikus eýýäm oturdaşlara arkasyny öwreninden soň çala eşidiler-eşidilmez hümürdäp aýtdy, şondan soňam ol ýene-de bir zatlar gepledi, ýöne men eşitmedim. Edil ol birhili kazyýete däl-de öz-özüne aýdýan ýaly. Men Jimiň böwrüne hürsekledim: -Ol näme diýdi-ä? -Maňa birhili: “Hakyň hatyrasyna oňa ynanaýyň ahyry” diýen ýaly bolup eşidildi. Şol pille-de Dill meniň dyzlarymyň üstünden egildi-de, Jimiň ýeňinden dartyp goýberdi: -Muňa serediň-ä!-diýip ol barmagyny çommaltdy. Biz şol tarapa garadyk welin, edil ýüregimiz ýerinden gopup dabanymyzyň astyna düşen ýaly bolaýdy. Tutuş mejlisler otagyny kesip geçip, ortaky girelgeden, göni Attikusa tarap Kelpurniýa haýdap gelýärdi. xxxxx Ol uýaljaňlyk bilen edil germewiň ýanynda saklandy-da özüni kazy Teýlor görýänçä garaşmaga durdy. Onuň egnindä tämizje öňlük, elinde-de bukja bardy. Birhaýukdan soň kazy Teýloryň oňa gözi düşüp, ol: -Bu näme Kelpurniýa ýaly-la?-diýdi. Ol: -Men, hut özüm, jenap,-diýdi:-Haýyş edýän, jenap, mümkinmi, men jenap Finçe hatjagaz gowşuraýyn-la? Ol hat bu…bu işe hiç hili dahylly däl… Kazy Teýlor baş atdy welin, Attikus Kelpurniýadan haty aldy. Bukjany açyp okady-da: -Siziň merhemetliňiz men…bu uýamdan. Ol maňa meniň çagalarymyň ýitendigini ýazýar, olar sagat on ikiden bäri gürüm-jürüm bolupdyrlar…men…rugsat beriň… -Men olaryň nirededigini bilýärin, Attikus,-diýip jenap Anderwud onuň sözüni böldi:-Hanha olar, garaýagyzlar üçin ikinji gatdaky eýwançada…Olar şol ýerde takyk ikiden ýigrimi minut işläninden bäri otyrlar. Kakam yzyna öwrüldi-de, ýokarylygyna seretdi. -Jim,-diýip ol çagyrdy:-aşak düş! Soňra kaza nämedir bir zatlar aýtdy, emma biz eşitmedik. Biz hormatly ata Saýksyň ýanyndan itinişip geçdik-de, basgançaga garşy ýöneldik. Aşakda bize Attikus bilen Kelpurniýa garaşyp durdy. Kelpurniýanyň ýüzi gaharlydy, Attikusyňky öte argyndy. -Biz utduk ahyry, hawamy?-diýip Jim begenjinden ýaňa bir ýerde durup bilmän bökjekleýärdi. -Bilemok,-diýip Attikus gysgajyk jogap berdi:-Siz mejlis başlandan bäri şu ýerdediňizmi? Baryň, Kelpurniýa bilen gidiň-de agşamlyk naharyny iýip, öýde oturyň. -Attikus jan, gaýrat et, bize yzymyza gelmäge rugsat beräý-dä!-diýip Jim ýalbaryp başlady:-Haýyş edýän, bize hökümi diňlemäge rugsat beräý-dä! Haýyş edýän, jenap! -Munuň haçan boljagy-da belli däl, oturdaşlaryň islendik pursatda öz netijelerini yglan etmek üçin dolanyp gelmekleri mümkin.-Ýöne biz eýýäm Attikusyň biraz ýumşandygyny duýduk:-Äý onsoňam, ýeri bolar-da, siz eýýäm şeýlebir köp zatlary eşitdiňiz welin, ahyryna çenli diňläýseňizem zyýan etmezmikä diýýärin. Onda şeýle ediň, häzir gidiň-de agşamlyk ediniň, onsoň yzyňyza geläýiň. Ýöne howlukman iýiň, hiç hili möhüm zady siz sypdyrmarsyňyz, eger-de siz gelýänçäňiz oturdaşlar ýene-de maslahatlaşyp oturan bolsalar, siz biziň bilen bilelikde olaryň dynaryna garaşyp bilersiňiz. Ýöne men pikir edýärin, ähli zat siz dolanyp gelýänçäňiz tamamlanarmyka diýýärin. -Sen näme ony şeýle çalt aklaýarlar öýdýärsiňmi?-diýip Jim sorady. Attikus nämedir bir zatlar diýmek üçin agzyny açdy, emma näme üçin hiç zat geplemän, yzyna öwrüldi-de gitdi. Men ýaňybir hormatly ata Saýksyň biziň ýerlerimizi saklamagyny diläp Hak Perwerdigäre mynajat edip ugrapdym welin, birdenkä oturdaşlar maslahatlaşmaga giden batlaryna jemagatyň mejlisler otagyndan derýa ýaly dolup-daşyp daşaryk akyp başlaýandygy ýadyma düşdi-de, dileg etmegi goýbolsun etdim, megerem şu wagt agşmalyk naharlaryny ýanlaryna alanlardan galan märeke dermanhananyň, naharhananyň we myhmanhananyň içinde hem öňünde hümer bolup durandyr. Kelpurniýa bolsa bizi öýe alyp barýardy. -…siziň hemmäňizi gaýyş kemer bilen gowja edip saýmaly. Heý, görlüp-eşidilen zatmydyr, şeýle zatlary diňlän bolup oturmak! Jenap Jim, nädip siziň kelläňize geldi, kiçijik uýajygyňyzy ine şunuň wejera kazyýet mejlisine ýanyňyz bilen alyp gitmek? Hanym Aleksandra bilen dessine ol ýüreginden tutup ýykylar. Heýem bir çagalara şeýle-şeýle zatlary diňlemek uslypmydyr?... Köçelerde eýýäm çyralar lowurdap durdy, her çyra hem çyradan çyra çenli Kelpurniýanyň gahar-gazaba münen keşbini ýagtyldýardy. -Men-ä dogrusy pikir edýärdim, siziň egniňizde kelläňiz bardyr öýdüp, jenap Jim! Heý eşidilen zatmydyr, şol ýere uýajygyňyzy süýräp äkitmek! Heý görlüp-eşidilen zatmydyr, jenap! Heý sizi bu eden işiňiz üçin ynsabyňyz horlamaýarmy, heý sizde jinnek ýalyjak-da üşük-düşünje ýokmudyr, hä?! Men guş bolup uçup barýardym. Birje günüň dowamynda şeýlebir köp zatlar bolup geçdi welin, birbada olaryň hemmesine akyl ýetiribem ýetişip boljak däldi, indi bolsa ine Kelpurniýa özüniň tapylgysyz Jiminiň mazaly eýini ýetirip kössekleýärdi – bäý-bä, bu gün bize ýene-de nähili täsinlikler garaşýarka? Jim bolsa diňe kikirdäp gelýärdi. -Kel, a seniň özüňe ol ýerde nämeler bolup geçendigi gyzykly dälmi? -Diliňizi saklaň, jenap! Siz bar-a bu mahal utançdan ýaňa gözüňizi ýerden galdyrmaly däl, a siziň aňyňyzda bolsa diňe kikirdi bilen wakyrdy…-ýaňybir badyny gowşadyp ugran Kelpurniýa ýene-de Jimiň üstünden eňterilip gaýtdy. Ol haýdaşlap barşyna oňa iň agyr jezalar bilen haýbat atýardy, onuň welin piňine-de däldi:-Bahymrak öýe ýöremäge merhemet ediň, jenap! Eger-de jenap Finç siziň eýiňizi ýetirmese meniň hut özüm öz ellerim bilen sizi saýgylaryn,-diýip ol endigine eýerip käýinjini tamamlady-da, eýwanymyza galdy. Jim ernini gyşardyp ýyrşardy-da, içerik girdi. Kelpurniýa Dilliň hem biz bilen agşamlyk edinip biljekdigini aýdýan manyda sessiz baş atdy. -Ýöne häziriň özünde hanym Reýçele jaň et-de bizdedigiňi aýt,-diýip ol Dille buýurdy:-Ol ertirden bäri hemme ýere ylgap seni gözläp halys bolandyr…Ine görersiň, ol irden alar-da seni yzyňa Meridiana ugradar goýberer! Bizi Aleksandra ejem garşy aldy we haçan-da Kelpurniýa biziň nirede bolandygymyzy aýdanymyzda tasdanam huşundan gidýärdi. Biz Attikusyň yzymyza dolanmagymyza rugsat berendigini habar berenimizden soň bolsa ol tutuş agşamlyk naharynyň dowamynda kelam agyz geplemedi, megerem ondan juda gaty gören bolsa gerek. Ol keýpsiz halda öz tabagyna tiňkesini dikip oturyşyna içindäki nahary çarşajygy bilen dörjeledi oturdy. Kelpurniýa bolsa Jime, Dille we maňa jomartlyk bilen aýagaldygyna etli, ýeralmaly işdäaçary guýup berdi, süýt guýdy, özem ýetişibildiginden burnuna siňdirip: “utanmadyňyz nätdiňiz...” diýip hüňürdedi ýördi. -Haýalrakdan iýiň, howlukmaň,-diýip ol ahyry gatyrganyp goýberdi. Hormatly ata Saýks biz üçin ýer saklap oturan ekeni. Geň zat, biz tutuş bir sagatlap diýen ýaly nahar iýipdik, ondanam beter geň zat, kazyýetiň mejlisler otagynda hiç zat üýtgemändir ekeni, diňe oturdaşlaryň orunlary boşdy we işi kazyýetde seljerilýän ýokdy. Kazy Teýloram giden ekeni, ýöne biz ýerimizde oturmakçy bolanymyzda ol hem gaýdyp geldi. Jim: -Hiç kim ýerinden gymyldamandyr diýen ýaly,-diýdi. Hormatly ata Saýks: -Haçan-da oturdaşlar gidenlerinden soň jemagat hem az wagtlyk aýagyny ýazmaga çykdy,-diýdi:-erkek kişiler aýallaryna iýere zat getirdiler, eneler bolsa çagalaryny naharladylar. -Olaryň gidenine kän wagt boldumy?-diýip Jim sorady. -Takmynan ýarym sagat töweregi. Jenap Finç we jenap Jilmer ýene-de biraz geplediler, onsoň kazy Teýlor oturdaşlary maslahatlaşmaga ugratdy. -Ýeri onsoň ol nähili?-diýip Jim sorady. -Ol nämeler aýtdy diýýäňizmi? O-how, ol örän ajaýyp gürledi! Men ondan birjigem gaty görmedim, ol hemme zady örän adalatly aýtdy. Ine edil, eger-de siz bir zada ynanýan bolsaňyz onda şeýle höküm çykarmalysyňyz, eger-de beýleki zada ynanýan bolsaňyz onda beýle höküm çykarmalysyňyz diýen ýaly bir zatlar diýdi. Ýöne birhili meniň göwnüme bolmasa, ol birazajyk, edil iňňäň ujy ýalyjak biziň tarapymyza ýykgyn edýän ýaly boldy durdy… Hormatly ata Saýks ýeňsesini gaşady. Jim ýylgyrdy. -Ol hiç tarapa ýykgyn etmeli däl, siziň merhemetliňiz, ýöne ynjalykdan gaçmaň, biz barybir utduk,-diýip ol hemme zada belet kişiniň keşbi bilen aýtdy:-Oturdaşlaryň hiç bir düzümi hem şunuň ýaly görkezmeleriň esasynda aýyplaw hökümini çykarmaga esas berip bilmez… -Beýle berk ynanmaň, jenap Jim, men öz ömrümde ýeke saparam oturdaşlaryň akýagyz adamyň garşysyna garaýagyz adamyň bolsa peýdasyna çözgüt çykaranlaryny görmedim… Ýöne Jim oňa ýeň bermedi we özüniň zorlamaklyk baradaky kanuna bolan garaýyşlarynyň çäginde ähli görkezmeleri ilik-düwme seljerip ugrady: eger-de Meýellanyň özi garşy bolmadyk bolsa onda bu jynsy taýdan zorlamak däl, ýöne munuň üçin onuň on sekiz ýaşy dolan bolmaly (bu biziň Alabamomyzda şeýle). Meýella bolsa eýýäm hatda on dokuz ýaşabam ýetişipdir. Onsoňam, eger-de, sen garşy bolýan bolsaň onda, merhemet et-de aýaklaryň bilen däbşenekle, bogazyňa sygdygyndan gygyr, ýöne şondan soňam zorlamak diýip maddalaşdyrmak üçin seniň hötdäňden gelmekleri, seni ýeňmekleri hökman, iň gowusy bolsa seni huşuňdan giderer ýaly derejede ýeňseçukuryňa doňduryp goýberseler, has oňat bolýar…A eger-de seniň on sekiziň dolmadyk bolsa, onda ýaňky aýdylanlar bolmasa-da saňa iş keserler. -Jenap Jim,-diýip hormatly ata Saýks birhili az-owlak ýöwselräk onuň sözüni bölmäge het etdi:-kiçijik hanyma beýle-beýle zatlar barada eşitmek gelşikli däl bolaýmasa…meniň pikirimçe… -Äý, goýuňsana, ol barybir näme hakda gürrüň barýandygyna dyrnagyň ujy ýalyjagam düşünmeýär ahyry,-diýip Jim garşy çykmaga howlukdy:-Şeýle dälmi, Gözlüje, bu zatlaryň barysy ulularyň başagaýlygy ahyry? -Hiç hilem beýle däl, men hemme zada sendenem gowy düşünýän. Megerem men bu jümläni gereginden artyk ynamly aýtdym öýdýän, Jim lam-jim boldy-da, dolanybam ýaňky zatlar barada dil ýarmady. -Sagat näçe bolduka, jenap Saýks?-diýip ol sorady. -Bahym sekiz. Dowamy bar. | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -5: romanyñ dowamy - 14.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Dirilik suwy -16: romanyň dowamy - 16.05.2024 |
√ Duman daganda: Gara garga bolsaňam, akja kepderi bolup görün - 24.05.2024 |
√ Dirilik suwy / roman - 23.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -27: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |