18:02 Şygşygyny öldürmek -20/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEk
Romanlar
Attikus özüniň hiňňildik-kürsüsine ornaşykly ýaplandy. Ol näme üçin Jimden örän razydy. Ol: -Men hälden bäri seniň bu zada pikir edip ýeteriňe garaşyp otyrdym,-diýdi:-Munuň örän köp sebäbi bar. Ilkinji nobatda hanym Modi zenan bolandygy üçin ol oturdaş bolup bilmeýär… Men örç alyp galdym. -Näme Alabamada aýallar bolmaly dälmişikmi?... -Hut şeýle. Men güman edýän, bu kada biziň näzijek hanymlarymyzy ine şu Tom Robinsonyň işi dek hapa zatlardan goramak üçin bolaýmasa. Onsoňam,-diýdi-de Attikus gülümsiredi:-zenanlar oturdaş bolan halatynda biz ýekeje kazyýet seljerişini hem ýüzlerçe ýyllabam ahyrlap bilmerismikäk diýip men gorkýan, hanymlarymyz bize maý bermän sowal yzyna sowal ýagdyrarlar oturarmyka diýýärin. Jim ikimiz hahahaýlap başladyk. Hanym Modi – oturdaş, muny birje gezek göräýsedik! Pahyr bolmadyk bolsa, hanym Dýuboz bolsa özüniň tigirçekli kürsüsinde oturan ýerinden: “Bu tükeniksiz tarkyldyňy bes et, Jon Teýlor, men bu adamdan käbir zatlary soramakçy bolýaryn” diýip hüňürdär oturardy. Görýän welin, şu iş-dä biziň ata-babalarymyz örän parasatly hereket edipdirler-ow. -Biziň ýaly adamlar barada aýdanyňda bolsa, bize-de şol hasap boýunça töleg geçmek zerur bolarmyka diýýärin,-diýip Attikus dowam edýärdi:-Biz özümiziň mynasyp bolýan oturdaşlarymyzy hem alýarys. Birinjiden, biziň edermen, gaýduwsyz meýkomblylaryň biçak biperwaý. Ikinjiden, olar gorkýarlar. Onsoňam olar… -Näme üçin gorkýarlar?-diýip Jim sorady. -Hymm…mysal üçin, aýdaly jenap Link Diz, hanym Reýçeliň hanym Modä, aýdaly eger-de ol ony ulag bilen kakdyran bolsa näçe öweztölegini tölemelidigini kesgitlemeli bolýar. Linkiň öz alyjylaryndan hiç haýsy bilen arasyny bozasy gelmez ahyry, dogrumy? Ine onsoň ol şonuň üçinem kazy Teýlora özüniň kazyýet mejlislerine gatnaşyp bilmejekdigini, sebäbi özüniň dükanyny goýmaga adamsynyň ýokdugyny aýdýar welin, kazy Teýloram ony bu borjundan boşadýar. Dogry, ol elbetde kähalatlarda muňa gaharlanýar hem, ýöne barybir köpleri şol borçdan azat edýär. -Ýöne näme üçin jenap Diz hanym Modi ýa-da hanym Reýçel ondan haryt satyn almaklaryny bes ederler diýip pikir edýär?-diýip men soradym. Jim: -Men anyk bilýärin, hanym Reýçelä bes eder welin, hanym Modi bes etmez,-diýdi:-Attikus, ýöne oturdaşlaryň haýsynyň näme üçin ses berýändigi gizlin syr ahbetin. Kakam ýylgyrdy. -Saňa entek köp zada akyl ýetirmek gerek, ogul. Hawa, elbetde, bu syr diýlip hasap edilýär, ýöne oturdaş bolanyndan soň adam belli bir netijelere gelmeli we olary yglan etmeli. Adamlar bolsa beýle etmegi halamaýarlar, sebäbi bu zat elmydama ýakymly bolup durmaýar. -Tom babatda welin, oturdaşlar elbetde, howul-hara netije çykaran bolsalar gerek,-diýip Jim hümürdedi. Attikus sagat salynýan kisejigine elini ýetirdi. -Ýok, olar gyssanmaç däldiler,-diýip ol içinden diýen ýaly pyşyrdady:-Düşünýäňmi, hut şonuň üçinem men pikir etdim: belki-de bu her niçik-de bolsa başlangyçdyr diýip. Oturdaşlar bir ýa-da iki sagat däl-de ep-esli wagtlap maslahatlaşdylar. Hökümiň başgaça däl-de, hut şeýle çykaryljakdygy megerem, öňünden belli bolsa-da bolandyr, ýöne adatça şeýle işler boýunça oturdaşlaryň maslahaty bary-ýogy birnäçe minut dowam edýär. Bu gezek welin…-Attikus ýarym sözde dymdy-da, bize seretdi:-Belki-de size muny bilmek gyzykly bolar, şol ýerde bir oturdaş bar ekeni, beýlekiler ony özleri bilen ylalaşmaga zordanjyk yraýpdyrlar…başda ol Tomuň gepsiz-gürrüňsiz aklanylmagyny talap edipdir. -Be, kimkä ol?-diýip Jim geň galdy. Attikusyň gözleri şadyýanlyk bilen ýylpyldaşyp gitdiler. -Dogrusy size muny aýtmak gereg-ä däldi welin, men onda-da aýdaýaýyn. Bu Köne Saremden siziň bir dostuňyz. -Kaningemlerdenmi?-diýip Jim sesinde baryny edip gygyrdy:-Şolardanmy…men olardan hiç kimi kazyýet mejlisinde görmedim ahyry…Ýok, sen oýun edýänsiň-le!-diýip ol gabak astyndan Attikusa seretdi. -Ol şolaryň ýakyn garyndaşy. Men bar-a edil birhili duýan ýaly şoňa ynam bildirmezlik bildirmedim. Edil bar-a gönüden-göni syzan ýaly. Men oňa ynanmazlyk bidirip bilýärdim, ýöne bildirmedim. -Aklym haýran-a!-diýip Jim geň galdy:-Birden-ä, edil ýap-ýaňyja olar ony tasdanam kazyýetsiz-beýlekisiz eden-etdilik bilen öldürýärdiler, ýeke pursat yz ýanynda bolsa ony erkinlige goýberjek bolup dyzap ýatyrlar…Äý ýok-la, men bu halkyň nähili jemendedigine ömürbaky hem düşünmerin-le! Attikus: “olary diňe mazalyja bilmek gerek” diýdi. Ol ýene-de: “Kaningemler Täze Dünýä göçüp gelen döwürlerinden bäri olar hiç kimden hiç zat diläp almandyrlar, hiç kime öýkünmändirler. Ýene-de bir zat: eger-de kimde-kim olaryň hormatyna mynasyp bolaýsa onda olar şol adam üçin özlerini oda-da, suwa-da urmaga taýýar bolýarlar” diýdi. Attikus onuň göwnüne bolmasa, has dogry aýdanyň-da onuň ujypsyzja çaklamasyna görä, şol gije, olar türmäniň öňünden yzlaryna gaýdanlarynda olaryň Finçlere bolan hormaty megerem bir gez dagy beýgelen bolaýmasa diýdi. Onsoňam diýdi, diňe gudrat Kaningemi niýetinden dänderip bilýär, ol hem beýleki bir Kaningem bilen agyz birikdirip, jübütleşip onuň ýolundan çyksa diýdi. -Eger-de şol düzümde iki sany Kaningem bolan bolsady, onda oturdaşlar hiç haçanam şeýle hökümi çykaryp bilmezdiler. -Onsoň senem oturdaşlaryň arasynda bir-iki gün öň ýanyndan seni öldürmek islän adamyň bolmagyna ýol berip, oňa ynanmazlyk bildirmediňemmi?-diýip haýaljakdan gepledi:-Sen nädip beýle töwekgelçilik edip bildiň ahyry, Attikus sen nädip beýle edip bildiň? -Eger-de ýagşyja pikirlenip görseň, bärde beýlebir ullakan töwekgelçiligem ýok ahyry. Eger-de olaryň ikisi-de işi kazyýetde seljerilýäne aýyplaw hökümini çykarmaga taýýar bolsa olaryň ikisiniň arasynda näme tapawut bar? Ýöne welin, ine aýyplaw hökümini çykarmaga taýýar adam bilen ugur-utgasyny ýitiren adamyň arasynda welin, her niçik-de bolsa tapawut bar ahyry, ylalaşýaňmy? Oturdaşlaryň bütin sanawynda men diňe şol babatda onuň “günäkär” diýip ses berjekdigini ýa-da bermejekdigini anyk bilmeýärdim. -Ol jenap Uolter Kaningemiň nämesi?-diýip men soradym. Attikus ýerinden turdy-da, gerindi, pallady. Heniz hatda biziň ýatar wagtymyz bolmandy, ýöne onuňam ukusy tutsa-da entek birneme gazet okasy gelýärdi. Ol gazeti ýerden göterdi-de, meniň ýeňseçukuryma mähir bilen kakyp goýberdi. -Häzir hasaplap göräýeris,-diýip ol war-war etdi:-Hä, ine. Iki-ikiden iki gezek doganoglan dogany. -O nähili? -Iki uýa iki dogana durmuşa çykypdyr. Men saňa mundan artyk hiç zat aýtmakçy däl, galanyna düşünmek üçin özüň kellejigiňe agram sal. Men oýlandym, oýlandym, şeýlebir köp oýlandym welin, hatda kelläm agyryp gitdi, ahyrynda-da, eger-de men Jime durmuşa çykan bolsam, Dilliň bolsa uýasy bolan bolsa, olam öz uýasyna öýlenen bolsa, onda biziň çagalarymyz iki-ikiden iki gezek doganoglan doganlar bolardylar diýen netijä geldim. -Gör-ä muny, Jim,-diýip men Attikus gideninden soň aýtdym:-Bu Kaningemleriň täsindigini diýsene, sen aýtma! Ejeke, siz eşitdiňizmi? Aleksandra ejem gaňyrçak bilen halyjyk dokaýardy we bize seretmese-de biziň gürrüňimize gulak gabardýardy. Ol özüniň kürsüsinde otyrdy, onuň tikin-çatynly sebetjigi bolsa ýanynda, ýerde durdy, çitýän halyjygy dyzynyň üstünde ýazylgydy. Men hiç wagt näme üçin hakyky asylly hanymlaryň tüp yssyda ýüňden halyjyk örmek bilen meşgul bolýandyklaryna hiç düşünip bilmän geçdim. Ol: -Hawa eşitdim,-diýdi. Şol pille-de şol birmahalky, özümiň Uolter Kaningem-kiçisine kömege topulan şowsuz wakam ýadyma düşdi. Meniň şonda şeýle hereket edenim nähili oňat bolupdyr. -Ine biz mekdebe gideris welin, men Uolteri bize günortanlyk naharyna çagyraryn,-diýip men ilkinji gezek sataşan dessimize ýagşyja edip onuň suwuna degmek barada öz-özüme eden kasamymy düýbünden undup yglan etdim:-Has gowusy bolsa ony biziňkä myhmançylyga sapakdan soň hem çagyryp boljak. Soňra bolsa Attikus ony Köne Sareme alyp gider. Belki-de onuň haçanam bolsa bir wagt bizde agşamlyk ýatmaga-da galmagy mümkin, bolýarmy, Jim? Aleksandra ejem: -Muny soň görübereris,-diýdi. Bu sözler ejekemiň dilinde wadany däl-de haýbaty aňladýardy. Men haýran galdym: -Näme üçin beýle etmeli dälmişik, ejeke? Olar gowy adamlar ahyry. Ol maňa özüniň iş äýneginiň üstaşyr äňetdi. -Men olaryň gowy adamdyklaryna birjik-de şübhelenmeýärin, Jin Luiza. Ýöne olar biziň deňimiz däl. -Ejekem, olar gödeňsi diýmekçi bolýar, Gözlüje,-diýip Jim düşündirdi. -A o näme boldugy, “gödeňsi” diýmek? -Äý gödek diýen ýaly bir zat-da, aýdym-sazy has çasly aýtdyrmagy halaýan we şuňa meňzeş-dä. -Wiý munyň dagy nämejik, menem aýdym-saz gaty aýtdyrmagy halaýan… -Samsyk zatlary gürleme, Jin Luiza,-diýip Aleksandra ejem goşuldy:-Bärde esasy özeni, eger-de hatda Uolter Kaningemi lowurdap duran derejä çenli ýuwup-ardyp, oňa köwüş hem täp-täzeje penjek geýdirseňem, ol barybir Jim ýaly bolmaz. Onsoňam Kaningemleriň ählisi serhoş ediji içgilere çakdan aşa ýykgyn edýärler. Finçleriň kowmunyň zenanlary bolsa beýle adamlar bilen düýbünden gyzyklanmaýarlar. -E-j-e-k-e!-diýip Jim süýndürip goýberdi:-onuň entek dokuz ýaşy hem dolmadyk ahyry. -Bolanda näme, onda-da goý bilsin. Aleksandra ejem bilen jedelleşmegiň hiç hili peýdasy ýokdy. Men bada-bat onuň soňky sapar meniň ýoluma böwet bolşuny hakydama getirdim. Şol gezegem men onuň näme üçin beýle edendigine hiç düşünip bilmedim. Men şonda Kelpurniýanyň öýüne görme-görşe gidip görmegi arzuw edipdim, sebäbi onuň nähili ýaşaýandygyny, onuň dostlaryny görmegiň, onuň myhmany bolmagyň höwesinde men bilesigelijilikden ýaňa eddil ýöne duran ýerimde takga janym çykyp barýardy. Ýöne ejekem üçin welin, bu zady edil asmandan aýy goparyp eliňe alan ýaly mümkin däl zada öwürdi oturyberdi. Bu gezek Aleksandra ejem başgaça hereket edýärdi, ýöne onuň maksady welin, şol öňküdi. Belki-de ol bize dost saýlamakda kömek etmek üçin biziňkä göçüp gelendir? -Eger-de olar oňat adamlar bolsa näme üçin men Uolter bilen özümi gowy alyp barmaly dälmişim? -Men saňa onuň bilen özüňi erbet alyp barmagy teklip etmedim. Sen onuň bilen edepli, sypaýy bol, sebäbi hemmeler bilen mylaýym bolmak gerek, gowujam. Ýöne ony öýmüze çagyrmagyň welin derkary ýok. -Ejeke, a eger-de ol biziň garyndaşymyz bolan bolsa name? -Ol biziň garyndaşymyz däl, ýöne bolaýan ýagdaýynda-da men barybir saňa şu aýdanlarymy aýdardym. -Ejeke,-diýip Jim goşuldy:-Attikus: “dostlaryň-a saýlaýaň welin, garyndaşlaryňy saýlap bolmaýar-da, olary ykrar et, etme, barybir tapawudy ýok, olaryň seniň garyndaşlaryň, olar bilen gatnaşyk saklamazlyk bolsa barypýatan akmaklyk” diýýär. Aleksandra ejem: -Bu sözlerde siziň kakaňyzy tanaýan, tüýs şonuň diýäýjek zady-da bi,-diýdi:-ýöne men barybir ýene-de bir gezek gaýtalaýaryn, Jin Luizanyň Uolter Kaningemi bu öýe çagyrmagynyň düýbünden derkary ýok. Goý ol onuň üçin iki gezek ýa-da üç gezek doganoglan bolaýsyn, eger-de ol Attikusyň ýanyna bir iş bilen geläýmese barybir ony öz öýüňde kabul etmegiň geregi ýok. Şunluk bilenem şu babatda bes ediň. Bu gadaganlyk doly hem gutarnyklydy, ýöne indi ejekem her nämede bolsa maňa düşündirmeli bolar. -Ejeke, eger-de meniň Uolter bilen oýnasym gelýän bolsa, näme üçin bu maňa gadagan? Aleksandra ejem äýnegini aýyrdy-da, meniň göni garaçygyma dikilip: -Ine näme üçin,-diýdi:-Sebäbi ol nä-ä-kes. Ine näme üçin men saňa onuň bilen oýnamaga rugsat bermeýärin. Men onuň bilen tirkeşmegiňe, ondan ýaman endikleri öwrenmegiňe, ýene-de ondan Hudaý bilsin nähili zatlary özüňe gylyk edinip almagyňa ýol bermerin. Seniň kakaň şonsuzam seniň bilen hysyrdysy ýetik. Men bilemok, eger-de Jim bolmadyk bolsa men şol pursat nämeler ederdim. Ol meni egnimden çekip saklady-da bir eli bilen gujaklap, öz otagyna alyp gitdi. Soňra Attikus meniň güýçsüz gahardan ýaňa möňňürip aglaýandygymy eşidip, işikden boýnuny uzatdy. Jim gaharly: -Bu hiç-le, jenap,-diýdi:-ol muny ýöne şeýle edýär. Attikus sesini çykarman ötägitdi. -Me, al, Gözlüje,-diýip jübüsini dörüşdirdi-de sakgyç çykardy. Men ony dessine agzyma dykyp çeýnedim-de, onuň tagamyny duýdum. Jim öz otagyny tertipleşdirip başlady. Onuň maňlaýyndaky we ýeňsesindäki saçy dim-dik bolup durdy. Megerem, ol saç eger-de Jim olary syranyndan soň bolaýmasa hiç haçanam hakyky erkek kişiniňki ýaly gelşiklije bolup ýelmeşip ýatmasa gerek, diňe syrylyp täzeden çykandan soňra onuň saçy edil bolmalysy ýaly gelşikli ösmegi mümkin. Onuň gaşlary-da birhili soňky döwür has gürelen ýalydy, onuň özi hem birhili inçejik bolup, şol ýokarylygyna dartylyp, dartylyp barýardy. Ol yzyna gaňryldy, megerem men ýene-de möňňürip başlaryn öýden bolmagy ähtimal: -Men saňa häzir bir zatjyk görkezeýin. Ýöne sen hiç kime aýdaýmagyn,-diýdi. Men: “näme görkezjek?” diýip soradym welin, ol uýaljaň ýylgyrdy-da, köýneginiň iliklerini ýazdyrdy. -Ýeri näme? -Näme görmeýärsiňmi? -Ýok, men-ä hiç zat göremok. -Gyllara seret ahyry. -Nirede? -Ine ahyry! Ol ýap-ýaňyja-da meni köşeşdirip otyrdy, şonuň üçinem men onuň göwni üçin hiç zat görmesem-de: “waý gowudygyny” diýen boldum. -Hakykatdanam gowuja, Jim. Ol: -Goltugymyň aşagyndanam çykýar,-diýdi:-Geljek ýyl, nesip bolsa eýýäm futbol oýnabermeli bolar. Gözlüje, sen ejekemden öýkeleme, bolýarmy. Göwnüme bolmasa ol dek-düýnüň özünde maňa meniň özümiň ejekemiň gaňryşyna gaýtmaly däldigimi aýdyp duran ýalydy-la. -Düşünýäňmi, ol heniz gyzjagazlara öwrenişmändir. Has takygy seniň ýalylara nähili çemeleşmelidigini bilmeýär. Ol senden hakyky asylly hanym ýasasy gelýär. Belki-de sen oňa eglişik edip, tikin-çatyna ýa-da şoňa meňzeş bir bolgusyzlyga güýmenen kişi bolsaň nädýär-ä, hä?! -Belany ederin! Ol meni görse içi tütäberýär. Goý tütese tütäpler geçäýsin. Ýaňy welin men onuň hamana Attikusyň şeýle-de meniň bilen hysyrdysynyň ýetikdigi hakynda aýdan sözleri üçin däl-de, Uolter Kaningem üçin guduzladym, näme üçin ol oňa “näkes” diýip sögdi. Attikus ikimiz bir gezek ol hysyrdy-pysyrdy barada oňatja düşünişdik. Men ondan: “hakykatdanam seniň men zerarly hysyrdyň köpmi?” diýip soradym, ol aýtdy, “beýlebir köpem däl, gaty” diýdi, onsoňam goý men öz ýanymdan oňa meniň bilen meşgullanmak kyndyr öýdüp ýörmäýin diýdi. Ýok, ýaňky bolsa Uolter üçin-le…Jim, ol hiç hilem, birjigem näkes däl. Ol Ýuel ýaly däl ahyry. Jim köwşüni çykardy-da, aýagyny ýatyş sekisiniň üstüne galdyrdy. Arkasynyň aşagyna ýassyk goýdy-da, başujundaky çyrany ýakdy. -Bilýäňmi näme, Gözlüje? Men indi gowy akyl ýetirdim. Men kän-kän pikir etdim, pikir etdim-de, ine ahbetinem göz ýetirdim. Ýeriň ýüzünde adamlaryň dört sany görnüşi bar. Adaty ynsanlar – ine biz we goňşularymyz ýalylar, soňra Kaningemler ýaly tokaý ýaşaýjylary, onsoň zibilhanadaky Ýueller ýalylar, onsoňam ýene-de garaýagyzlar. -A onsoň hytaýlardyr, Bolduin okrugynda ýaşaýan kanadalylar näme? -Men Meýkomb okrugy barada aýdýan. Bu ýerde-de iň erbet ýeri: biziň-ä Kaningemleri, Kaningemleriň bolsa Ýuelleri halamaýandygymyzda, Ýuelleriň bolsa garaýagyzlardan ýaňa aňyrsy bärsine gelýändiginde. Men şonda: “onda näme hemme oturdaşlar Kaningemler ýaly bolsalar-da diňe Ýuelleriň içini ýakmak üçin Tomy aklamadylar?” diýdim. Jim maňa göwnüýetmezçilik edip, edil kiçijik çaga eden ýaly, elini salgap goýberdi-de: -Bilýäňmi, men Attikusyň radioda saz goýberenlerinde Attikusyň aýaklaryny çalajadan ýere urup assyrynlyk bilen raks oýnandygyny gözüm bilen gördüm,-diýdi:-onsoňam ol sajyň düýbünde nahardan galan ýanyk galyndylary syryp alyp iýmegi çenden artyk gowy görýär… Men: -Onda diýmek, bizem Kaningemler ýaly-da,-diýdim:-Onda näme ejekem… -Ýok, garaş, garaş, şonuň ýaly, şoňa çalymdaş bolsa-da, edil beýle-de däl. Attikus bir gezek ejekemiň biziň maşgalamyzyň asyllylygy hem arassalygy bilen öwünmeginiň düýp sebäbi biziň bolanja mirasymyzyň diňe arassa gelip çykyş bilen aňrymyzda gara şaýynyňam ýoklugy üçin diýip aýdypdy. -Men barybir düşünmeýärin, Jim…Attikus bir sapar maňa: “kowmuň gadymylygy barada bu ähli gep-gürrüňleriň hemmesi diňe bir bolgusyz samsyklyk, hemme kowumlar hem birmeňzeş gadymy ahyry, olaryň hiç biri-de düýn ýa-da şu gün emele gelmän, öz gözbaşlaryny adamzadyň dörän döwründen alyp gaýdýarlar ahbetin” diýipdi, menem şonda: “iňlislerde-de, tenleri başga reňklilerde-de şeýlemi?” diýip soradym. Olam aýtdy: “elbetde” diýdi. Jim: -Gelip çykyş – bu kowmuň gadymylygy bilen bir zat däl,-diýdi:-men pikir edýärin, bu ýerde ähli zat seniň maşgalaň köp wagt bäri okap-ýazyp bilýänliginde ýa-da bilmeýänliginde bolmaly. Gözlüje, meniň bu zatlaryň üstünde näçe kelle döwenimi sen bir bilsediň, ahyrynda gelen netijäm hem ine şu boldy. Gadym zamanlarda, entek Finçler Müsürde ýaşan döwürlerinde, olaryň arasyndan haýsydyr biri, megerem iki-üç sany iýeroglifi öwrenendir, soň bolsa şolary öz ogluna öwredendir,-diýdi-de Jim güldi:-Göz öňüňe getirip gör, ejekem, öz atasynyň atasynyň atasynyň okap hem ýazyp bilendigine buýsanýar…Şü aýallar bilen bar-a ýöne içiňi gyrara getirip gülüp ýörmeli-dä, gör-ä olar nämä buýsanýarlar! -Onuň şony başarandygy-da gowy-da, ýogsa Attikusy we biziň ata-babalarymyzyň hemmesine kim öwrederdi, eger-de Attikus okamagy-ýazmagy bilmedik bolsa, biziň ikimiziň başymyza gör nähili günler düşerdi. Ýok, Jim, meniň pikirimç-ä, oňat gelip çykyş bu seniň ýaňky diýýänleriň-ä däl bolmaly. -Onda seniň pikiriňçe, biz Kaningemlerden nämämiz bilen tapawutlanýarys ahyry? Jenap Uolter kynlyk bilen goluny çekýär, meniň özüm gözüm bilen gördüm. Biziň maşgalamyz diňe olaryňka garanyňda has öňräkden bäri okap hem ýazyp gelýäris. -Ýöne hiç kim doglanynda sowatly bolup dogulmaýar ahyry, hemme kişä ilkibaşdan okap öwrenmek zerur ahbetin. Uolter bolsa, sen bilýäňmi onuň nähili ukyplydygyny, ýöne onuň kähalatlarda beýlekilerden yza galýandygynyň sebäbi ol kakasyna kömek etmek üçin sapaklardan galmaly bolýar. Ýöne şeýle seredeniňde bolsa olam edil beýlekiler dek, adam ýaly adam. Ýok, Jim, meniň pikirimç-ä hemme adamlar birmeňzeş. Hemmesem adam. Ynsan. Jim tersine döndi-de, ýumrugyny ýassyga urdy. Haçan-da ýene-de yzyna öwrülende bolsa onuň ýüzi gara bulut çöken ýaly garalyp durdy. “Ol ýene-de başlady-ow” diýip men oýlandym, men bilýärdim, ol şeýle ýagdaýdaka onuň bilen seresabrak bolandan gowusy ýokdy. Gaşlary bürüşip durdy, dodaklary büzülip, inçejik sapaga dönüpdi. Ol uzak wagtlap dymyp ýatdy. Ahbetinem ol: -Seniň ýaşlaryňdakam menem şeýle pikir edýärdim,-diýdi:-Eger-de hemme adamlar birmeňzeş bolsa, onda näme üçin olar biri-biri bilen oňşup ýaşaşyp bilmeýärler? Eger-de hemmeler kybapdaş bolsa, onda näme üçin birek-biregiň öňünde hondanbärsireşip, biri-birlerini şeýle äsgermeýärler? Bilýäňmi, Gözlüje, meniň göwnüme bolmasa, men indi käbir zatlara düşünip başlaýdym öýdýän. Meniň göwnüme bolmasa, men Betnyşan Redliniň näme üçin ömürboýy gulpuň astynda oturandygyna düşünip başlan bolaýmasam…Onuň bar-a, adamlaryň arasyna düýbünden çykasy gelmeýän bolmaly. Onuň olary göresi gelmeýär… xxxxx Kelpurniýa öz öňlügini şeýlebir oňat edip petläpdi welin, ol onuň egninde dim-dik bolup durdy. Onuň elinde bolsa dürli-dümen süýji zatlardan doly mejime bardy. Ol arkasy diräp emaý bilen gapyny açdy. Onuň dürli-dümen süýji tagamlardan doly agyr mejimelere nähili ýeňillik hem çalasynlyk erk edişi duranja bir gudratdy. Aleksandra ejemiň-de megerem bu gudrat göwnünden örän turýan bolara çemeli, sebäbi ol bu gün Kelpurniýa myhmanlara hyzmat etmäge rugsat beripdi. Sentýabram eýýäm ýetip gelýärdi. Ertir Dill Meridiana gidýärdi, bu gün bolsa Jim ikisi derýajygyň saý ýerine gidipdiler. Sebäbi Jim uly gahar-gazap bilen häzirki güne çenli oňa hiç kimiň ýüzmegi öwretmek üçin jepa çekmändigini ýüze çykarypdy, bu bolsa onuň pikiriçe, edil ýöremegi başarmazlyk bilen deň hatardaky maýyplyga ýakyn kemçilikdi. Olar eýýäm ikinji gün günorta naharyndan soň derýajygyň kenaryna gidýärdiler, meni bolsa ýanlaryna almaýardylar, “çüw-ýalaňaç bolup suwa düşsek bize gowy” diýen bolupdylar, men bolsa kä hanym Modiniň käte-de Kelpurniýanyň ýanynda wagtymy geçirýärdim. Bu gün bolsa biziň öýümiz tutuşlygyna Aleksandra ejemiň we haýyr-sahawat jemgyýetiniň ygtyýarlygyna geçipdi. Biziň aşhanamyza hanym Greýs Merriuzeriň sesi gelýärdi, ol mrunlaryň elhenç durmuşy barada gürrüň berýärdi – iň bolmanda meniň gulagyma “mrunlar” diýip eşidilýärdi. Olar hamana aýallarynyň aýy-güni dolanda, bilmedim o nähili aýy-güni, olary aýratyn külbelere kowýarmyşlar, olarda maşgala duýgusy ýokmuşyn – bu bolsa elbetde, meniň ejekem üçin öte gynançly hadysa, onsoňam haçan-da olaryň çagalarynyň on üç ýaşy dolanyndan soň olar çagalaryny aýylganç synaglara sezewar edýärmişler, olaryň ählisi-de goturlanmyş, özleri-de üsti-başlaryny bite basdyranmyşlar, olar hina agajynyň gabygyny çeýneşdirip, ol çeýnewaçlaryny-da umumy gazana tüýkürip, soňam ony gaýnadyp, ol suwuklykdanam içip gerk-gäbe bolýarmyşlar. Ine şu ýerde hanymlar biraz wagtlyk arakesmä çykyp, ýürekselik edinmegi müwessa bildiler. Men aşhana gitjegimem bilmedim, gitmejegimem. Aleksandra ejem maňa çaý içişlige gelmegi buýrupdy, olar edilmeli işleri özara maslahatlaşýarkalar bolsa men olar bilen oturmanam biljekmişim diýip ejekem maňa aýtdy, maňa hamana olaryň gürrüňi gyzyksyz bolup görünjekmişin. Men ýekşenbe günleri geýýän bägül reňkli köýnegimdedim, aşagynda içki gysga köýnegim bardy, aýagym köwüşlidi. Maňa eger-de üstüme bir zat dökäýsem ertire çenli Kelpurniýanyň meniň eşiklerimi azap bilen güzaba ýugrulyp ýuwmaly boljakdygy berkden-berk ýatladylypdy. Onuň bolsa bu gün şeýle-de hysyrdysy ýetik ýaly. Şonuň üçinem iň gowusy men şol ýere barmasam oňat bolaýarmyka diýýärin. -Saňa kömek etmelimi, Kel? Meniň örän bu başagaýlyga az-da kän-de ýardam beresim gelýärdi. Kelpurniýa işikde az-owlak sägindi-de: -Bir burçda edil syçanjyk ýaly ümsümje otur,-diýdi:-Ine men häzir dolanyp gelerin, onsoň sen maňa ähli zady mejimelere goýmaga kömek edersiň. Ol gapyny açdy welin, işeňňir wyzzyldy has gataldy, içerden dürli sesler gelýärdi: wah, görsene muny, nähili köke, hiý goýaýyň, Aleksandra, men henize bu güne çenli beýle kökäni görmändim…Wah, neneňsi, ajaýyp…Men edenimd-ä hiç haçanam beýle gyzaryp bişmeýär, siz soramaň, men aýtmaýyn, hiç haçan…Siziň böwürslenli kökejikleriňiz hem, hut pikir edibem boljak däl…Kelpurniýa?...Siz hut pikir edip bir göräýiň…Size eýýäm aýtdylarmy, ruhanynyň aýaly ýene-de…Hawa, hawa, heniz onuň körpejesine aýak bitmedik welin, ol eýýäm… Gybat kiparlady, diýmek olar tagamlaryň daşyna geçen bolmalydylar. Kelpurniýa dolanyp geldi-de mejimäniň ejemizden galan äpet kümüş kofedany goýdy. Kelpurniýa: -Munuň ýaly kofedan häzirki zamanda juda gyt zat,-diýdi:-beýle owadanlaryny indi ýasap bilmeýärler. -Mümkinmi, ony men äkidäýeýin? -Ýöne seresabrak bol, seret ýere gaçyraýma. Ony gyrajykda, hanym Aleksandranyň ýanynda goý. Aşaklary ýalpajyk tabaklyja bulgurçalaryň gapdalynda. Ejekeň beýlekiler kofe guýup berer. Menem yz tarapym bilen işigi açmaga synanyşdym, ýöne gapy hatda mizäýinem diýmedi. Kelpurniýa ýyrşardy-da, maňa gapyny açyp berdi. -Seresap bol, ol agyrdyr. Oňa tiňkäňi dikme, şonda dökän-saçan etmersiň. Men sag-aman barmaly ýerime ýetdim. Aleksandra ejem meni gözüňi gamaşdyryp barýan ýylgyryş bilen serpaýlady-da: -Biziň bilen oturaý birsalym, Jin Luiza,-diýdi. Ol öz niýetinden hiç el çekip bilmeýärdi, ol hökmany ýagdaýda menden hakyky asylly hanymy ýasamaga çyr-çytyr dyrjaşýardy. Biziň Meýkombymyzda bu öňden gelýän dessurdy – zenanlaryň gurnaklarynyň her biriniň öňbaşçysy goňşularyny, isle olar preswiterian bolsunlar, isle baptist ýa-da başga bir pyrka uýujylar bolsun, tapawudy ýok, bir käse çaý içmäge çagyrýardy, hanym Reýçel (edil durnanyň gözi ýaly dup-duruja sersag ýagdaýda), hanym Modi we hanym Stiweni Krouford dagylar hem hut şonuň üçin bu mahal biziňkidediler. Men bu azmly-azmly zenanlaryň üýşmegini görenimden birhili özümi oňaýsyz duýup ugradym-da, hanym Modiniň ýanynda oturyşyma içimden: “bu näme üçin-ä biziň asylly hanymlarymyz diňe ýoldan geçmek üçinem sypal başgaplaryny geýýärkäler?” diýip oýlandym. Hakyky asylly hanymlar birbada munuň ýaly öte köp bolsalar birhili meni şeýlebir üýşendirýärdiler welin, meniň olardan ümdüzime tutduryp jypydyp gidiberesim gelýärdi. Ýöne Aleksandra ejem: “munuň sebäbi seniň çakdan aşa läliksiredilenligiň zerarly” diýip aýdýardy. Olaryň ählisi solak çit matadan köýnekdediler, özlerem şeýlebir tämizje hem terje bolup görünýärdiler welin, göwnüňe bolmasa daşaryk çyksaň hiç haçanam tüp yssy ýok ýaly bolup durdy. Hanymlaryň ählisi mazaly pudralanandy, ýöne ýaňaklary gyzardylmadykdy, dodaklaryna çalnan reňk bolsa ählisiniňki birmeňzeş tebigydy. Olaryň elleriniň dyrnaklaryna çalnan syrçaly reňk hem tebigydy, diňe käbir ýaş-ýeleňiniň dyrnagy ýiti-bägül reňk bilen reňklenendi. Olaryň ählisi-de şeýlebir ajaýyp müşk-anbar ys bilen bark urýardylar welin, edil ýöne hoşuňa geläýsin. Men ahbetin ellerimi nirä ýok etmelidigini oýlap tapdym, kürsiniň gyralaryndan mäkäm ýapyşdym-da, özüme lak atýançalar agzyma suw alan ýaly dymyp, ümsümje oturdym. -Sen bu gün nähili bezemen, hanym Jin Luiza!-diýip hanym Modi altyn dişlerini ýalpyldadyp ýylgyrdy:-A bu gün seniň jalbaryň nirede? -Köýnegimiň aşagynda. Men düýbünden oýun etmek islemeýärdim, ýöne hemmeler gyzyl-gyran bolup gülüşdiler. Men bada-bat özümiň säwligime düşündim, muňa-da meniň ýaňaklarym ot ýaly gyzyp gitdiler, ýöne hanym Modi maňa örän çynlakaý keşpde seredip otyrdy. Ol eger-de meniň özüm henek edäýmesem hiç haçan meniň üstümden gülmeýärdi. Soňra birdenkä daş-töweregi ümsümlik gaplap aldy welin, hanym Stiweni Krouford otagyň ol çetinde oturan ýerinden bütin otagy ýaňlandyryp menden: -A sen ulalanyňdan soň kim bolarsyň, Jin Luiza? Aklawjymy?-diýip sorady. -Bilemok, hanym, men heniz bu barada çyndan pikir edip görmändim,-diýip men minnetdarlyk bilen jogap berdim. Onuň gürrüňi başga ugra syrykdyrandygy nähili oňat boldy. Onsoň men içimden howlukmaçlyk bilen özümiň ulalanymdan soň kim boljakdygymy saýlap ugradym. Şepagat uýasymy? Uçarbibimi? – Bilýäňizmi…-diýip men söze başlamakçy boldum welin, hanym Stiweni meniň sözümi böldi: -Sen uýalma-da göni aýdyber! Men-ä dogrusy sen aklawjy bolmak isleýänsiň öýdüpdim, sebäbi sen eýýäm kazyýet mejlislerine-de gatnaşyp ýörsüň ahyry. Hanymlar ýene-de gülüşdiler. -Wah, şu Stiweniň bar-a!-diýip kimdir biri kikir-kikir etdi. Hanym Stiweni bolsa öz üstünliginden göwnühoş halda dowam etdi: -Näme ýa seniň aklawjy bolasyň gelmeýärmi? Hanym Modi meniň elime çalaja galtaşdy welin, men bolşumdanam beter ýumşak jogap berdim: -Ýok, hanym, men ýöne adaty asylly hanym bolaryn. Hanym Stiweni maňa müňkürlik bilen tiňkesini dikdi, emma men özüne gödek jogap bermedim diýip hasap etdi öýdýän, diňe: -Ine munuň üçin welin, ilkinji nobatda ýygy-ýygyrakdan uzyn köýnek geýmek gerek,-diýmek bilen çäklendi. Hanym Modi meniň elimi gysdy welin, men dymyp oňaýdym. Onuň eli mylaýym hem ýyly bolansoň men birhili öz-özümden rahatlandym. Meniň çep tarapymda hanym Greýs Merriuzer otyrdy, men bolsa sypaýy bolmaga we ony gürrüňe güýmemäge mejburdym. Onuň täsiri bilen jenap Merriuzer iň takwa metodiste öwrülipdi we onuň bar işi doga-aýdymlary aýdyp ýörmek bolupdy. Bütin Meýkomb hanym Merriuzeriň ony adam edendigi we ondan jemgyýetiň ynsaply hem tertipli agzasyny ýasamagyň hötdesinden gelendigi hakynda pikir bilen doly ylalaşýardy. Sebäbi hanym Merriuzer bütin şäherimizde iň takwa zenandy ahyry, munuň şeýledigini-de her kes bilýärdi. Ýeri indi onuň bilen näme hakda söhbetdeşlik gurasaň bolarka? -Siz bu gün nämäni ara alyp maslahatlaşdyňyz?-diýip men ahbetin soradym. -Betbagt mrunlary, çagajygym,-diýdi-de ol soňra göterilip gidiberdi, gidiberdi. Asyl, şondan soň başga sowal berjek bolup kösenmegem zerur bolmady. Haçan-da hanym Merriuzer haýsydyr bir betbagtlar barada gürrüň berende, hemişe-de onuň ullakan goňrumtyl gözleriniň owasy ýaşdan ýaňa püre-pür bolýardy. Ol: -Olar, şol ýerde, öz jeňňellerinde ýaşaýarlar, hiç kim olary alada-mähir bilen gurşamaýar, Graýms Ewerettden özge hiç kim,-diýdi:-Özüňem bilýäňmi, olaryň ýakynynda ýekeje-de akýagyz adam ýok, diňe şol ýagşyzada ynsan, Graýms Ewerettden başga. Hanym Merriuzer bilbil bolup saýraýardy, ol her bir sözüni adatdan daşary güýçli duýgy bilen aýdýardy. -Gedaýçylyk…sowatsyzlyk…ahlaksyzlyk – hiç kimem, jenap Graýms Ewerettden başga hiç kimem, olaryň nähili ýaşaýandyklaryny bilmeýär. Biziň ybadathanamyz meni haýyr-sahawat guramasynyň şäheriň daşyndaky jaýyna ugratdy welin, jenap Graýms Ewerett maňa aýtdy… -Ol näme bärdemi, hanym? Men-ä pikir etdim… -Ol dynç alyş rugsadyna gelipdi. Graýms Ewerett maňa aýtdy: “Hanym Merriuzer” diýdi, “Siz göz öňüne-de getirip bilmersiňiz, göz öňüne-de getirip bilmersiňiz, ol ýerde biziň nämeleriň garşysyna göreşmeli bolýandygymyzy” diýdi. Ine ol maňa näme diýdi. -Hawa, hanym. -Menem oňa diýdim: “jenap Ewerett, biziň hemmämiz, Alabama ştatynyň Meýkomb şäherindäki metodistleriň ýepiskop ybadathanasynyň takwa dindarlary, biragyzdan sizi goldaýarys. Ine men oňa nähili aýtdym. Özüňem bilýäňmi, men şeýle diýdim-de, şol bada-da öz ýüregimde äht etdim. Men öz-özüme diýdim: “ine öýe dolanyp baran dessime men hemmelere mrunlar barada aýdaryn, hemmelere Graýms Ewerettiň belent edermenligi hakynda habar bererin” diýdim. Ine-de görýäňmi, men öz sözümde durup otyryn. -Hawa, hanym. Hanym Merriuzer başyny ýaýkady welin, onuň burum-burum garaja zülpleri bökjekleşip gitdiler. Ol: -Jin Luiza,-diýdi:-seniň bagtyň getiripdir. Sen hristian maşgalasynda, hristian şäherinde, hristianlaryň arasynda ýaşaýarsyň. Graýms Ewerettiň zähmet çekýän ülkelerinde bolsa günä hem-de gözgynylyk höküm sürýär. -Hawa, hanym. -Günä hem-de gözgynylyk…Siz näme diýýärsiňiz-ä, Gertruda?-diýip hanym Merriuzer düýpgöter başga ses bilen sorady-da, özüniň çepindäki goňşusyna tarap öwrüldi:-Hä, hawa, hawa! Ýeri näme, men hemişe-de aýdýan ahyry, bagyşlalyň we unudalyň, bagyşlalyň we unudalyň. Ybadathananyň borjy oňa mundan beýlägem hristian zenanyna mahsus ýaşamaklyga we çagalaryny hut hakyky hristian ruhunda terbiýelemeklige medet bermekden ybarat ahbetin. Biziň erkek kişilerimizden haýsy-da bolsa biri şol ýere barmaly we ruhana oňa ruhy goldaw bermelidigini aýtmaly. -Bagyşlamagyňyzy haýyş edýän, hanym Merriuzer,-diýip men onuň sözüni böldüm:-siz bu sözleri Meýella Ýuel barada aýdýarsyňyzmy? -Meý…Ýok, balajyk! Men şol garaýagyzyň aýaly barada. Tom…Tom… -Robinsonyň, hanym. Hanym Merriuzer ýene-de öz goňşusyna tarap öwrüldi. -Men bir zada çuňňur ynanýaryn, Gertruda,-diýip ol dowam edýärdi:-ýöne, gynansam-da hemmeler meniň bilen ylalaşmaýarlar. Eger-de biz olara özlerini bagyşlaýandygymyza, hemme zadyň unudylandygyna düşünmäge mümkinçilik bersek, ähli zat öz-özündenem geçip gider. -Neme…hanym Merriuzer,-diýip men ýene-de onuň sözüniň arasyny kesdim:-näme öz-özünden geçip gider? Ol ýene-de maňa tarap öwrüldi. Özleri çagasyz köp adamlar ýaly ol çagalar bilen birhili öz sesini aýnadyp, kilçerip gepleýärdi. -Hiç-le, Jin Luiza,-diýip ol haýallyk bilen tekepbir gepledi:-Ýöne garaýagyz aşpez zenanlar hem-de mülklerdäki işçiler bolup geçen zatlardan örän närazy, emma welin, olar eýýäm dura-bara köşeşýärler, kazyýet mejlisinden soň bolsa olar uzakly günlerini hüňürdäp geçirýärdiler. Ol ýene-de hanym Farrou tarap aýlandy. -Ine men size näme aýdaýyn, Gertruda, ýagty ýalançyda çişip duran şar-gara tumşukdan ýürekbulanjy zat ýok. Dodaklaryny pökgerdýärler welin, edil ýöne seretseň gaýtarasyň gelip başlaberýär. Aşhana girýärsiň welin, bolanja keýpiňe sogan dogralýar. Bilýäňizmi, men öz Sofime näme diýdim, Gertruda? “Sofi” diýdim men, “sen şu gün örän erbet hristian bolduň. Isa pygamber hiç haçan hüňürdemändir we zeýrenmändir” diýdim…Bilýäňizmi, Gertruda, haýran galmaly bu oňa peýda-da etdi. Ol ilkibada şol ýere seredip durdy welin, birdenkä başyny galdyrdy-da, diýýär: “Hawa, hanym, hanym Merriuzer, Isa hiç haçan hüňürdemändir” diýýär. Hiç haçan günägaby bolup barýan bendäni ýene-de Hak ýoluna gaýtaryp getirmek mümkinçiligini sypdyrmaly däldir – ine men size näme aýdaýyn, Gertruda. Şol wagt “Finçiň duralgasyndaky” mynajathanada duran kiçijik, gadymy organ meniň ýadyma düşdi. Men şol wagtlar düýbünden kiçijikdim we eger-de uzakly günläp özümi gowy alyp barsam, Attikus maňa şol saz guralynyň meşiklerine howa sordurmaga rugsat berýärdi, özi bolsa oňa çenli haýsy-da bir aýdymjygy saýlap alýardy. Onsoň aýdymjygyň iň soňky owazy tä meşiklerdäki howa gutarýança ýaňlanyp durýardy. Hanym Merriuzeriňem megerem, meşiklerindäki ähli howa tükenen bolara çemeli, sebäbi ol içine howa sorup, gaýtadan meşiklerini doldurýança hanym Farrou bir-iki agzam bolsa gepläp galmaga gyssanyp, taýynlanyp ugrady. Hanym Farrouň örän ajaýyp kaddy-kamaty, reňksiz gözleri hem-de kinniwanja aýajyklary bardy. Onuň çal başy bolsa saçlaryndan öte gaty edip ýasalan mäkäm halkajyklardan dos-doludy. Ol hanym Merriuzerden soň Meýkombda iň takwa aýal diýlip hasaplanýardy. Onuň birhili gülkünç endigi bardy, ol gepläp başlamazyndan öňünçäsi birhili assaja sygyrýan ýaly ses çykarýardy. -Fi-ýu-u…Edil şonuň ýaly sözleri men ýakyn günlerde Hatson doganymyza hem aýtdym. Fi-ýu-u…Men: “Hatson dogan,” diýýän oňa: “biz göwnüme bolmasa, umytsyz göreş alyp barýarys, umytsyz göreş” diýýän. Fi-ýu-u…olaryň bolsa bu dynnym ýalyjak azaryna-da däl. Biz olary halys bolup ýykylýançak dogry ýola gönükdirýäris, biz olary hak ýoluna dolap getirmek üçin hunaba baryny ýuwdup, güýçden gaçyp ýykylýarys, emma barybir biziň günlerimizde ýekeje-de asylly zenan öz düşeginde arkaýyn ýatyp bilmeýär, diýýän. Ol hem maňa aýtdy: “Men-ä dogrusy, hanym Farrou, biziň nirä barýanymyzy bilmeýärin” diýdi. Fi-ýu-u…Menem oňa: “Biçak hak aýdýarsyňyz, siziň aýdýanlaryňyz örän dogry” diýýän. Hanym Merriuzer oňa duýgudaşlyk bilen baş atdy. Onuň sesi çäýnek-käseleriň şyňňyrdysy bilen süýji tagamlar bilen başagaý myhmanlaryň pessaýdan salyhatly “şapbyldylarynyň” üstüni ýaşyrdy. Ol ýene-de joşup başlady: -Size aýdýan, Gertruda, biziň şäherimizde ýoluny ýitirip ters düşünjeleriň ugrunda selpeselerem zanny boýunça beýlebir erbet bolmadyk adamlar hem bar. Olar oňat adamlar, ýöne olar juda ýalňyşýarlar. Özlerem olaryň dogry hereket edýändiris öýdüp pikirem edýärler. Men elbetde atlaryny agzap durmaýyn, ýöne biziň şäherimizde kimdir biri ýaňy-ýakynda öz ýanyndan dogry hereket edýändirin öýdüp çaklap ýördi, emma hakykat ýüzünde bolsa ol diňe olary gorjalap olara meçewe berdi. Diňe şony etmegiň hötdesinden geldi. Belki-de şol wagt bu dogry bolup görünse görnendirem, men elbetde bilemok, sebäbi bu zatlardan meniň beýlebir oňat başymam çykyp durmaýar, ýöne haçan-da bular hum ýaly çişip…närazy bolup gezip ýörseler…Eger-de meniň Sofim ertesi gün şeýle halda gelen bolsa men ony işden çykarmaly bolardym, ine men size näme aýdaýyn. Bu garaýagyz akmajyk düşünmeýär ahyry, häzirki wagtda çökgünçiligiň möwç urýandygyna, meniň oňa her hepdede berýän bir bitin we çärýek dollarym bolmasa özüniň oňňut edip bilmejekdigine, meniň ony diňe şonuň üçin saklap ýörendigime akly hem ýetmeýär ahyry, onuň. -Onuň bir döwüm çöregi siziň bogazyňyza tegek bolmaýarmy, ýokmy? Bu sözleri hanym Modi aýdypdy. Onuň agzynyň çetlerinde iki sany gaharly gasynjyklar emele gelipdi. Ol hälden bäri sesini çykarman meniň ýanymda, dyzynda bir bulgurça kofesini saklap otyrdy. Men eýýäm birmahaldan bäri, olar Tom Robinsonyň aýaly hakynda gybaty bes edenlerinden soň gürrüňe gulak gabartmaýardym, maňa “Finçiň duralgasyny” hem-de derýany ýatlamak has gyzyklydy. Aleksandra ejem maňa: “hanymlaryň arasyndaky söhbetdeşlik saňa gyzyksyz bolar” diýende bulaşdyran ekeni, olar öz işleri barada gepleşýärkäler men elheder alyp hem-de ägirt uly höwes bilen olary diňläpdim, olar kofäniň başyna geçenlerinden soň bolsa men içgysmadan ýaňa tas takga janym çykypdy. Hanym Merriuzer: -Men-ä dogrusy… men-ä siziň nämäni göz öňünde tutýandygyňyza-da düşünmeýärin, Modi,-diýdi. -Örän ajap düşünýärsiňiz. Aňyrsyna-da geçýärsiňiz,-diýip hanym Modi edil palta bilen çapan ýaly edip goýberdi. Şondan soň aýdanynyň üstüne kelam agyz hem goşmady. Haçan-da hanym Modi gaharlanýarka ol juda az gepleýärdi, ýöne şojagaz az gepi hem ol sözler kime gönükdirilen bolsa ony dabanyndan depesine çenli sandyrap gitmäge mejbur edýärdi. Häzirem nämedir bir zat onuň juda jynyny atlandyran bolmaly, onuň ala gözleri buz ýaly bolup doňup galdylar, sesinden bolsa hazanyň ýeli öwüsýäne döndi. Hanym Merriuzer gyzardy-da, maňa tarap gözüni aýlady, dessine-de nazaryny başga ýana sowdy. Onuň goňşusy hanym Farrou bolsa maňa görünmeýärdi. Aleksandra ejem ornundan turdy-da, olaryň ýanyna çaltlyk bilen baryp, haýsydyr bir tagamyny dadyp görmäge hödürledi, hanym Merriuzer we hanym Geýts bilen gereginden artyk şowhunly gepleşip ugrady. Olaryň gürrüňine hanym Perkins goşulandan soň bolsa Aleksandra ejem ýene-de ornuna geçdi. Ol minnetdarlyk bilen hanym Modä seretdi welin, men öz ýanymdan pikir öwürdim: “bu aýallar öte geň halk-ow”. Aleksandra ejem hanym Modi bilen beýlebir gowy jora däldi, emma bärde welin birdenkä oňa nämedir bir zat üçin sessiz minnetdarlyk bildirýär. Näme üçindigem düşnüksiz. Ýöne Aleksandra ejemiň iň bolmanda edilen kömek üçin minnetdar bolmagy başarýany hem gowy zat, diýmek onda onuňam buz ýaly sop-sowuk sowduny nämedir bir zat bilen deşip bolýan ekeni. Bahym menem şu dünýä, müşk-anbar ysy bilen bark urýan asylly hanymlaryň bar edýän pişeleri ýaltalyk bilen hiňňiildikde uçan bolup, haýaljakdan ýelpewaç bilen ýelpenip, miwe şerbetlerini içen bolup ýörmekden ybarat bolan dünýäsine girerin, mundan gaçyp gitjek ýeriň ýok. Dowamy bar. | |
|
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Ojak -1-nji kitap -8: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -10: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -25: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |