17:52 Şygşygyny öldürmek -15/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
Biz kazyýet mejlisinde adamyň köp boljakdygyna düşünýädik, ýöne ymgyr mähelläniň mähnet mejlisler otagyna sygman hatda dälizlere çenli doldurjakdygyny welin çaklamandyk. Meni Jim bilen Dilliň ýanyndan itekläp alyp gitdiler, ýöne men eýdip-beýdip basgançaga münmegi başardym, sebäbi beýgiräk, görünýän ýerde dursam Jimiň meni hökman tapjakdygyny bilýärdim. Ine şonda-da men Bikärleriň gurnagynyň agzalarynyň arasyna düşdüm, men olaryň özüme üns bermezlikleri üçin diwara ýelmeşdim. Olar ak köýnekli, haki reňkdäki, egnaşyr kemerli balakly garry adamlardy, olar bütin ömürlerine hiç zat etmän gezipdiler, indem ýaşlarynyň soňunde meýdançada, wirgin dublarynyň kölegesindäki agaç oturgyçlarda oturyp, şol öňki pişelerini dowam etdirýärdiler. Kazyýet mejlisleriniň bolsa olar hemişelik gatnaşyjylarydylar, mejlisler otagynda oturyp her bir çykyşy üns bilen diňleýärdiler we ilik-düwme tankytlaýardylar. Attikus: „olar şeýlebir köp ýyllar bäri mejlis yzyna mejlis diňläp gelýärler welin, olaryň kanunlary bilişleri baş kazynyňkydan erbet däl“ diýýärdi. Adatça kazyýet mejlislerinde şolardan özge işe dahylsyz adamlar gatnaşmaýardy diýen ýalydy, şoňa görä-de olara özleriniň endikli rahat diňleýji durmuşlarynyň bozulandygynyň ýaramaýandygy mese-mäli bildirip durdy. Gepleşenlerinde olar epeýlik hem-de bilimseklere mahsuslykda göwnüýetmezçilik bilen gepleşýärdiler. Olaryň gürrüňi meniň kakam baradady. -...pikir edýär, ol näme edýändigine düşünýändir diýip-diýip biri gepledi. -Ýeri, ýeri, beýle-de diýmäň-diýip oňa beýlekisi garşy çykdy:-Attikus Finç alym ýigit, ol ertirden agşama çenli kanunlary okaýar ahbetin. -Hä, okamagy-ha ol oňarýar, megerem bar başarýany hem şol bolsa gerek. Olar ala-pakyrdy bolup gülüşdiler. -Ine men saňa näme aýdaýyn, Billi-diýip ýene-de biri gürrüňe goşuldy:-Ony kazy şol şar-garakirlini goramaga belläpdir ahyry. -Wah, hawa-la, ol bolsa hakykatdanam şony goramakçy bolýar. Ine şu maňa ýaramaýar. Bu wajyp täzelikdi, sebäbi ol ähli zady üýtgedýärdi, diýmek Attikusdan onuň garaýagyzy kazyýetde goramak isleýändigini ýa-da islemeýändigini soramandyrlaram, ony ýöne borçly edip goýaýypdyrlar! Geň zat, ol näme üçin bize muny aýtmadyka, eger-de aýdan bolsady, onda bize ony we özümizi goramak üçin aýdara-diýere bir zatlar bolardy ahyry! Ol şu işde aklawjy bolup çykyş etmäge borçly ekeni, ol borjuny-da berjaý edýär, eger-de bizde şunuň ýaly güýçli delil öň bolan bolsady, onda biz deň-duşlarymyz bilen häzirkimize garanyňda has azrak jetleşmeli bolardyk. Ýöne onda näme üçin bütin şäheriň kakamdan ýaňa içi tütäp durka? Kazy Attikusy garaýagyz aklawjysy diýip belläpdir, Attikus bolsa ony hakykatdanam goramaga taýynlanýar. Bu bolsa olara ýaramaýar. Bäh düşnüksiz-ow! Akýagyzlaryň ählisi basgançakdan ýokarylygyna çykýançalar garaşyp, olardan soň kazyýetiň mejlisler otagyna garaýagyzlar girip başlamaga çemelendiler. -Eý, eý, hany az-owlak aýak çekiň bakaly,-diýip Bikärleriň biri hüňürdedi-de, çaklaňja hasajygyny göterdi:-Ýetişersiňiz entek. Garrylar, haýallyk bilen, epilmeýän aýaklaryny zordan süýräp basgançak bilen galyp ugranlarynda Dill hem-de Jim bilen pete-pet geldiler, olar meni agtaryp ýören ekenler. Oglanlar garrylaryň arasyndan sümlüp geçdiler-de, Jim gygyrdy: -Ýör Gözlüje, ol ýerde eýýäm oturara ýer ýok. Biz aýak üstünde durmaly bolarys...Eý seresap boluňsana!-diýip ol gatyrganma bilen üstüne goşdy. Basgançak bilen ýokarylygyna garaýagyzlar hereket edip başladylar. Olardan öňürden gojalar aýak üstünde-de bolsa durmaga mümkinçilik bolan galan ähli boş ýerleri diýen ýaly eýelejekdiler. Biziňki paşmady: „bu seniň günäň“ diýip Jim maňa hüňürdedi. Biz lapykeç halda diwara gysylyp durduk. -Siz geçip bilmeýärsiňizmi? Biziň öňümizde hormatly ata Saýks elinde gara sypal başgabyny saklap durdy. Jim: -Salam, siziň merhemetliňiz,-diýdi:-Biz ine şu sebäpli bärde galdyk. -Ýeri näme, hany bir bu çykgynsyz işden baş alyp çykmaga size bir kömek etjek bolup synanyşalyň bakaly. Şeýle diýdi-de hormatly ata Saýks ýokaryk gitdi. Birhaýukdan soň ol dolanyp geldi. -Mejlisler otagynda ýekeje-de boş ýer ýok. Ýöne belki-de siz meniň bilen ýokarky gatyň eýwançasyna gidersiňiz? Jim: -Elbetde gideris!-diýdi. Biz begenişip, giň basgançak bilen ýokarylygyna ylgaşyp gitdik, soňra has darrak basgançak bilen ondanam ýokaryk çykdy. Şol ýerde, eýwançanyň girelgesiniň öňünde biz sägindik. Hormatly ata Saýks demi-demine ýetmän haş-haşlap biziň yzymyzdan ýetdi-de, seresaplyk bilen bizi hümer bolşup duran garaýagyzlaryň arasyndan geçirdi. Garaýagyzlaryň dört sanysy ýerlerinden turdylar-da bize birinji hatardan orun berdiler. Reňklileriň eýwançasy kazyýetiň mejlisler otagynyň üç diwarynyň ugry boýunça aýlanyp gidýärdi, bärden bize hemme zat eliň aýasynda ýaly oňat görünýärdi. Oturdaşlar çepde, beýik penjireleriň aşagynda otyrdylar. Megerem olaryň ählisi-de mülkdar daýhanlar bolara çemeli, sebäbi ählisi-de hortap, mazaly güne ýanan adamlardy. Munuň şeýle bolmagy-da öz-özünden düşnüklidi, sebäbi şäherliler hiç wagt diýen ýaly oturdaşlyga saýlanmaýardylar, olara ýa ynam bildirmezlik bildirýärler ýa-da olaryň özleri özlerini bu wezipeden boşatmaklaryny haýyş edýärdiler. Oturdaşlaryň iki sanysy bolsa sähelçe bezenip-beslenen Kaningemlere çalym edýärdiler. Olaryň ählisi-de syryk ýuwdan ýaly gös-göni bolup oturyp üns bilen diňleýärdiler. Göçme prokuror, ýene-de bir adam, Attikus we Tom Robinson dagylar bize arkalaryny öwrüp otyrdylar. Prokuroryň öňünde goňur daşly kitap we nähilidir bir sary kagyzlar ýatyrdy, Attikusyň öňi boşdy. Kazyýetiň düzümini otagdaky mähelleden bölýän germewiň aňyrsynda, gaýyş daşlykly oturgyçlarda şaýatlar bize arkalaryny öwrüp otyrdylar. Belentlikdäki orunda kazy Teýlor, edil ukuly akula çalym edip otyrdy, ondan biraz pesräkdäki orunda bolsa onuň ýolbelet-balyjagy nämedir bir zatlary haýdap ýazýardy. Kazy Teýlor umuman, edil maňa görmek miýesser eden beýleki kazylara çalymdaş, päkgöwünli, çap-çal saçly, çym-gyzyl ýüzli, ol özüni hemişe örän seýrek duş gelýän zoňtarlyk bilen alyp barýardy, aýaklaryny gabat gelen ýere taşlaýardy, dyrnaklaryny çakgy bilen alýardy. Taraplaryň tükeniksiz çekişmeleriniň dowamynda bolsa, esasanam günorta naharyndan soňra göwnüňe bolmasa ol ymyzganyp, burny bilen däne çokýan guşa çalym edýän ýaly bolýardy, ýöne öňde bir aklawjy ony oýarmak üçin bir topbak kitabyny bilgeşleýinden ýere gaçyran bolaly bäri, onuň bu çeňňegine indi hiç kim düşmeýärdi. Şonda şol bir bolşuny üýtgetmän, hatda gözüni-de açman, kazy Teýlor burnuna salyp hüňürdäpmiş: -Jenap Uitli, indiki gezek şeýle oýnuňyz size ýüz dollara düşer! Ol kanunlary ilik-düwme bilýärdi, daşyndan göräýmäge ünssiz hem harsal ýaly bolup görünse-de islendik kazyýet seljerişiniň jylawyny mäkäm we ynamly ellerinde pugta saklaýardy. Diňe bir gezek kazy Teýlor seljeren işinden baş alyp çykyp bilmän, petige diräp görüpdi, şol gezek onuň pirini kädä gabanlar bolsa Kaningemlerdi. Köne Sareme, olaryň hemişelik eýelik edýän çäklerine nähilidir bir dürli ýerlerden gelen maşgalalar göçüp barypdyrlar, ýöne iň ýeser ýeri olaryň familiýalary hem juda çalymdaş ekeni. Kaningemler we Koningemler birek-biregiň gyzlaryna öýlenipdirler hem-de durmuşa çykarypdyrlar, haýsy familiýanyň nähili ýazylýandygy-da hiç kimi düýbünden gyzyklanmandyr. Ine günlerde bir günem haýsydyr bir Kaningem Koningemleriň biriniň ýer şahamçasy babatda jedel gozgap, kazyýete ýüz tutupdyr. Kazyýet mejlisinde Jims Kaningem öz ejesiniň hakykatda Koningem bolsa-da, dürs ýazuwda beýlebir ökde bolmandygy, az okandygy, diňe käteler bir eýwanda bir nokada tiňkesini dikip oturmagy halandygy sebäpli ähli resminamalarda Kaningem diýip gol çekendigi hakynda görkezme beripdir. Kazy Teýlor arasyny bölmän tutuşlygyna dokuz sagatlap Köne Saremiň ýaşaýjylarynyň geň-taňlyklary barada görkezmeleri diňläpdir, soňam yglan edipdir: iş bes edilýär diýip. Ondan sorapmyşlar: nämäniň esasynda, ol jogap beripmiş: taraplaryň özara ylalaşandygy zerarly, soňam üstüne goşupmyş: „hamana jedelleşýänler diňe köpçüligiň içinde göwnüne gelenlerini aýdyp, içlerini boşadandyklary üçinem öz talaplary kanagatlandyrylan diýip hasap etmelidirler“ diýip. Şeýle hem bolupdyr. Asyl Kaningemler bilen Koningemleriň esasy maksady hem şol ekeni. Kazy Teýloryň bir gülkünç endigi bardy. Ol kazyýet mejlisiniň otagynda çilim çekmäge ygtyýar berýärdi, ýöne özi hiç wagt çilim çekmeýärdi, emma käte şowlasa, onuň otlanmadyk çilimi dişleriniň arasyna gysyp haýallyk bilen çeýneýşini görüp bolýardy. Şonda çilim ýuwaş-ýuwaşdan onuň agzyna girip ýitip gidýärdi, birnäçe sagatdan soň bolsa kazy Teýlor ony sakgyç ýaly çeýnelen görnüşde ýere tüýkürýärdi. Men bir gezek Attikusdan: „nädip hanym Teýlor onuň bilen öpüşip bilýärkä“ diýip soradym, şonda Attikus: „olar beýlebir ýygy-ýygydan ogşaşyp hem durmaýarlarmyka diýýän“ diýip jogap berdi. Şaýatlaryň görkezme bermeli münberi kazy Teýloryň sag tarapyndan ýerleşýärdi, haçan-da biz öz ýerimize baryp, oturanymyzdan soň jenap Gek Teýt örboýuna galdy. xxxxx Men: -Jim,-diýdim:-hanha, hol ýerde oturanlar Ýueller dälmi? Jim: -Hüş-ş,-diýdi:-Jenap Teýt görkezme berýär. Jenap Teýt bu günki wakanyň şanyna ykjam bezenip-beslenen ekeni. Onuň egnindäki iň adaty penjek bolandygy sebäpli ol ähli beýleki adamlara çalym edýärdi, biziň gözümiz öwrenişen belent gonçly ädikden, gaýyş penjekden, okly guşakdan nam-nyşan ýokdy. Şu pursatdan başlap men ondan üýşenmegimi bes etdim. Ol şaýat kürsüde, biraz öňe ümzügini atyp, ellerini dyzlarynyň arasynda gysyp oturyşyna, göçme prokurory üns bilen diňleýärdi. Bu prokurory, jenap Jilmeri biz düýbünden tanamaýardyk diýen ýalydy. Ol Ebbotswildendi, biz ony diňe kazyýet mejlislerinde, olam örän seýrek görýärdik, sebäbi Jim ikimizi kazyýet mejlisleri beýlebir gyzyklandyryp barmaýardy. Jenap Jilmeriň saçy düşen kellesi lowurdap durdy, sakgal-murty tämiz syrylandy, daş keşbinden bolsa oňa kyrk ýaşam, edil şonuň ýaly altmyş ýaşam bermek boljakdy. Ol bu wagt bize arkasyny öwrüp durdy, ýöne biz bilýärdik, onuň bir gözi çaşydy, ol mundan örän ugurtapyjylyk bilen peýdalanýardy hem, hakykatda ol saňa seretmeýär, emma göwnüňe bolmasa ol seni gözi bilen burawlap, içiňi deşip gelýän ýaly bolup görünýär, şonuň üçinem oturdaşlar we şaýatlar ondan gorkýardylar. Oturdaşlardyr-şaýatlar ol özlerine juda berk gözegçilik edýändir öýdüp oýlanýarlar we üns berip diňlemäge çytraşýarlar. -...öz sözleriňiz bilen jenap Teýt-diýip ol gepleýärdi. -Ine onsoň,-diýip jenap Teýt öz dyzlaryna aýdyp berýän ýaly gepledi-de, äýnegini elledi:-Meni çagyrdylar... -Belki-de siz, oturdaşlara ýüzlenip görkezme berersiňiz, jenap Teýt? Sag boluň, minnetdar. Takyk kim sizi çagyrdy? -Meni Bob çagyrdy...ýagny, däninim, ine ol, jenap Bob Ýuel, bu agşamara bolupdy... -Takyk haçan, jenap? Jenap Teýt: -Ýigrimi birinji noýabryň agşamsy,-diýdi:-Men edil şol wagt öýe gaýtmakçy bolup durdym, ine şol pille-de meniň ýanyma Bo...jenap Ýuel gelip girdi, ýüzünde gan-pet ýok, „ýör bahymrak gideli, bir şar-garakirli meniň gyzymy zorlaşdyrdy“ diýdi. -Onsoň sizem gitdiňiz? -Elbetde. Ulaga mündüm-de, eňdim. -Onsoň siz wakanyň bolan ýerinde nämeleriň üstünden bardyňyz? -Ol gapydan gireniňde sag gapdalyňdaky birinji otagda, ýerde ýatyrdy. Ol mazaly ýenjilen ýagdaýdady, men oňa aýak üstüne galmaga kömek etdim welin, ol ýüzüni ýuwdy, şol ýerde, burçda suwly setil durdy, onsoň ol biraz nepesiniň durlanandygyny aýtdy. Men ondan kimiň göwnüne degendigini soradym, ol „Tom Robinson“ diýdi. Kazy Teýlor şu pursada çenli üns bilen öz dyrnaklaryny synlap otyrdy, emma şondan soň edil garşylyk bildirilmegine garaşýan ýaly başyny galdyrdy, emma Attikus dymýardy. -...men soradym: „şol ony şeýle ýençdimi?“ diýip. Ol aýtdy: „hawa“ diýdi. Men soradym: „Ol maksadyna ýetdimi?“ diýip. Ol aýtdy: „hawa“ diýip. Onsoň men Robinsonyň yzyndan gitdim we ony Ýuelleriň öýüne getirdim. Ol bu şol diýip tanady we men ony alyp gaýtdym. Ine-de bar bolany. Jenap Jilmer: -Sag boluň, size minnetdarlyk bildirýärin,-diýdi. Kazy Teýlor: -Sorag barmy, Attikus?-diýdi. Meniň kakam: -Hawa,-diýdi. Ol öz ornunda, aýagyny aýagynyň üstüne atyp otyrdy, onuň bir eli oturgyjynyň arkasyna goýulgydy. -Siz lukmany çagyrdyňyzmy, şerif?-diýip Attikus sorady:-Ýa-da, belki, kimdir başga biri çagyrandyr? Jenap Teýt: -Ýok jenap,-diýdi. -Hiç kim lukmany çagyrmadymy? -Ýok, jenap,-diýip jenap Teýt gaýtalady. -Näme üçin?-diýip Attikus has berkräk äheňde sorady. -Munuň sebäbi örän ýönekeý. Munuň hiç hili derkary ýokdy, jenap Finç. Ol mazaly ýenjilen ekeni. Ony gören dessiňe işiň işden geçendigi bildirip durdy. -Ýöne siz lukmany çagyrmansyňyz? Siz şol ýerde wagtyňyz başga hiç kim hem lukmany çagyrmandyr, lukmany alyp gelmändir we ony lukmanyň ýanyna alyp gitmändir, şeýlemi? -Ýok, jenap... Şu ýerde kazy Teýlor goşuldy: -Ol siziň soragyňyza üç gezek jogap berdi, Attikus. Ol lukmany çagyrmandyr. Attikus: -Men diňe has takyk anyklamak isledim,-diýdi welin, kazy ýylgyrdy. Jimiň eli rahatlyk bilen eýwançanyň germewiniň üstünde ýatyrdy, birdenem ol bar güýji bilen germewe ýapyşdy-da, haşlap uludan demini aldy. Men aşak, mejlisler otagyna seretdim, ol ýerde hiç kim üýtgeşik bir tolgunyp barmaýardy, onsoň men pikir etdim: „ol näme bärde beýden bolup pajygaly sahna oýnan bolýarka?“. Dill arkaýynlyk bilen diňläp otyrdy, onuň ýanyndaky hormatly ata Saýks hem şeýle. -Saňa näme bolýar-a?-diýip men pyşyrdap soradym, ýöne Jim maňa jogap bermän gaýta gaharly hüşşüldedi. Attikus: -Şerif,-diýdi:-siz ol mazaly ýenjilen ekeni diýýärsiňiz. Anyk nähili ýenjilipdir. -Ýeri-i... -Gek, siz diňe onda urulmagyň nähili yzlaryny görendigiňizi suratlandyryp beräýiň. -Ýüzi gök-alady. Elinde, tirseginden ýokarrakda gök yzlary bardy, äý onsoňam şol pille ýaňy ýarym sagat geçipdi ahyry... -Siz nireden bilýärsiňiz? Jenap Teýt gülümsiredi. -Bagyşlaň, men bu ýerde olaryň sözlerini gaýtaladym. Ýöne her niçik-de bolsa ol mazalyja ýenjilen ekeni, sebäbi haçan-da men ol ýere baranymda onuň gözüniň aşagynyň ep-esli ýeri gögerip durdy. -Haýsy gözüniň aşagy? Jenap Teýt gyrpdy-da, iki eli bilen saçyny sypaşdyrdy. -Hany ýatlajak bolaýyn bakaly,-diýip ol pessaý aýtdy-da, Attikusa: „nähili biderek zatlar barada soraşdyrýar-a“ diýýän ýaly seretdi. Attikus: -Belki ýadyňa salarsyňyz?-diýdi. Jenap Teýt göni gabat-garşysynda duran göze görünmeýän kimdir birine barmagyny çommaltdy-da: -Çep gözi-diýdi. Attikus: -Ýekeje pursat, şerif,-diýdi:-Çep gözi – eger-de ol siziň öňüňizde duran bolsamy ýa-da ol siziň seredýän tarapyňyza seredýän bolsamy? Jenap Teýt: -Hä, hawa, dogry,-diýdi:-has takygy sag gözi bolmaly. Onuň sag gözüne urlan ekeni, jenap Finç. Indi meniň ýadyma düşjek bolýar, onuň ýaňagy hem-de ýüzüniň tutuş şol tarapy sypjyryklardan doludy we çişendi... Jenap Teýt birdenkä nämedir bir zada düşünen ýaly gözlerini çalt-çaltdan gyrpyp başlady. Öwrüldi-de Tom Robinsona tarap dikanlady. Tom Robinsonam edil onuň nazary duýan ýaly başyny galdyrdy. Megerem, Attikusam nämedir bir zada düşünen bolara çemeli, ol bat bilen ýerinden galdy. -Şerif, haýyş edýän, öz sözleriňizi ýene-de bir gezek gaýtalaň. -Men onuň sag gözüne urlupdyr diýip aýtdym. -Ýok, ony däl... -Attikus kätibiň ýanyna bardy-da onuň eliniň kagyzyň ýüzünde neneňsi çalt hereket edişine seredip ugrady. Kätip togtady-da, mejlisiň beýany ýazylan ýandepderçesiniň sahypalaryny agdaryşdyryp, okady: -„Jenap Finç, indi meniň ýadyma düşjek bolýar, onuň ýaňagy hem-de ýüzüniň tutuş şol tarapy sypjyryklardan doludy we çişendi“. Attikus göneldi-de jenap Teýte garady. -Gek, haýyş edýän, ýene-de bir gezek gaýtalaň, haýsy tarapy? -Sag tarapy, jenap Finç, ýöne onuň başga-da gögeren ýerleri bardy, olar barada-da aýtmalymy? Megerem, Attikus, eýýäm başga sowal bermekçi bolan bolara çemeli, emma ol pikirini üýtgedip: -Hawa, onuň ýene-de nähili gögeren ýerleri bardy?-diýdi. Jenap Teýt jogap berýänçe-de Attikus: „Bu nähili oslagsyz täzelik boldy-a?“ diýmek isleýän ýaly Tom Robinsona tarap öwrüldi. -...elleri gök-ala hem sypjyryk-sypjyrykdy, ol maňa boýnuny hem görkezdi. Onuň bokurdagynda barmak yzlary edil tagma basylan ýaly bolup galaýypdyrlar... -Bokurdagynyň tutuş daşyndamy? Boýnunyň ýeňse ýüzünde-de bardymy? -Hemme tarapynda, jenap Finç, özem muňa geň galyp oturasy işem ýok. -O nähili? -Hawa-da, jenap, onuň boýny şeýlebir inçejik welin, ony garbap gysyp bolar, hatda... -Haýyş edýän, soraga diňe „hawa“ ýa-da „ýok“ diýip jogap beriň, şerif,-diýip Attikus guraklyk bilen aýtdy welin, jenap Teýt dymdy. Attikus ornuna geçip oturdy-da, prokurora baş atdy, ol kaza tarap kellesini ýaýkady, kazy jenap Teýtde baş atdy, ol oňaýsyzlyk bilen ýerinden turup, münberden düşdi. Aşakda adamlar kellelerini ýaýkaşdyryp, aýaklaryny tapyrdadyşyp başladylar, bäbeklerini has ýokarraga göterdiler, birnäçe körpejeleri bolsa ylgadyp diýen ýaly mejlisler otagyndan çykardylar. Biziň arkamyzdaky garaýagyzlar pessaýja pyşyrdaşýardylar. Dill hormatly ata Saýksdan bu bolup geçýän zatlaryň manysyny sorady, ýöne ol özüniň bilmeýändigini aýtdy. Häzirlikçe hemme zat içgysgynçdy, hiç kim gykylyk turuzmaýardy, haýbat atmaýardy, hukukçylar öz aralarynda jedelleşýärdiler, hemme zat göwnüňe bolmasa ähli ýygnananlary lapykeç edip adaty hem ýönekeý dowam edýärdi. Attikus bärde edil bir bolgusyzja gozgalmaýan emläk barada jedel gidýän ýaly özüni parahat hem ýumşaksy alyp barýardy. Onuň möwç urup ugraýan duýgulary köşeşdirmeklige örän üýtgeşik ukyby bardy, şoňa görä-de jynsy taýdan zorlamak baradaky iş edil ybadathanadaky wagyz ýaly guraksy hem içgysgynç bolup görünýärdi. Men eýýäm aragyň, mal ýatagyň porsy ysyny, ukusy, hyrsyz nätanyşlary, „Jenap Finç! Olar gitdilermi?“ diýýän garaňkylykdan çykan gyryk sesi eýmenç wehim bilen ýatlamaýardym. Gündiziň ýagtysynda biziň gara basmaly düýşümiz dyr-pytrak bolupdy we ähli zadyň gülala-güllük bilen tamamlanjakdygyna ynam döräpdi. Mähelläniň içinde hemmeler özlerini edil kazy Teýlor ýaly arkaýyn duýýardylar, Jimden özge hemmeler. Ol köpmanyly gülümsiredi-de, daş-töweregine gözüni aýlap, gönüden-göni hem gytaklaýyn dahylly subutnamalar barada nämedir bir zatlary aýtdy, „munuň gomparan bolaýşyny“ diýip men pikir etdim. -Robert Li Ýuel!-diýip kazyýet kätibi çasly çagyrdy. Şol pille-de öňe bentam horazyna çalymdaş adamjyk bökjekläp çykdy-da, tekepbir keşp bilen şaýatlaryň münberine ýöneldi, haçan-da öz adyny eşidende onuň hatda boýny-da çym-gyzyl bolan ekeni. Ol Injilde kasam etmek üçin öwrülende bolsa biz onuň ýüzüniň hem tutuşlygyna dym-gyzyldygyny gördük. Ol şanyna ady dakylan generalyna jinnek ýalyjagam meňzemeýärdi. Maňlaýynyň ýokarysyndan golaýda ýuwulan selçeň saçyň bir çogmagy syh-syh bolup dur, inçejikden ýiti jüýkburny ýylpyldaýar, eňegi düýbünden görünmeýär diýen ýaly, sebäbi ol arryk, gasyn-gasyn boýny bilen bitişip gidene dönüpdir. -...we goý maňa Taňrynyň özi ýardam bersin,-diýip ol gyryk sesi bilen garga kimin gagyldady. Meýkomba kybapdaş her bir kiçijik şäherde özleriniň ýuelleri tapylýar. Hiç hili ykdysady gaýtgynlar we daşgynlar olaryň ýagdaýyny üýtgetmeýär, şeýle maşgalalar edil okruga gelen myhmanlar ýaly, ol pajarlap össün ýa-da günbe-günden çöksün, göwnübir ýaly biparh ýaşaýarlar. Ýekeje iň talapkär mekdep gözegçisi hem şeýle maşgalanyň köpsanly çagalaryny mekdebe gitmäge mejbur edip bilmez, ýekeje arassaçylyk gözegçisi-de läbik-zibiliň içinde ýaşaýanlary ahyrsoňy alyp ýatýan pese düşmegiň yzlaryndan, adamzada mälim bolan ähli hapa-hupa mör-möjeklerden, kesellerden olary halas edip bilmez. Meýkombyň Ýuelleri şäheriň zibilhanasynyň aňryýanynda öň garaýagyzlaryň biriniň köne hütdüginde ýaşaýardylar. Ol çalamydar hütdügiň agaç diwarlary büdür-südür demirden ýamalardan doludy, üçegi bişirilen toýundan örtgä derek ýemşerdilen galaýy gutular bilen basyrylgydy, diňe onuň umumy keşbini mazaly synlanyňdan soňra ol dört sany gyradeň bolmadyk çage depeleriniň üstünde ýegşerilip duran hütdügiň ilkibaşda nähili bolandygyny, ýagny ählisiniň gapysy uzyn we darajyk dälize çykýan dört sany çaklaňja otagjyklara bölünen, inedördül şekillidigini çen edip bolýardy. Onuň penjireleri penjire-de däldi-de ýöne bir diwarda hoňkaryp duran deşiklerdi, tomus ol deşiklere zir-zibil üýşmekleriniň daşynda wag berýän siňekler bosuşyp girmez ýaly hapa hasa tutýardylar. Ýueller zerarly siňekleriň gün-güzeran aýlamagy juda hupbatlydy, sebäbi olar her gün tutuş zibilhanany haýsydyr bir diňe özlerine mälim oljanyň (iýmäge ýaramly näme-de bolsa bir zatlaryň) gözleginde gyzyl-dörjük edip, tapan-tupan taşlandylaryny öz kepbeleriniň ýanyna daşaýardylar, kepbäniň daş-töwereginde bolsa edil haýsydyr bir aklyndan azaşan çagajyk oýnan ýalydy, haýadyň deregine döwlüp alnan gury şahalar, köne sübseleriň saplary we şuňa meňzeş ýarag-esbaplar syh-syh bolup durdylar, olaryň çür başlaryny bolsa posly çekiçler, gyşyk-çaýşyk çarşaklar, döwük piller, paltalar, dyrmyklar bezeýärdi, ol „şaý-sepleriň“ ählisi hem posly sim bilen „haýada“ pugta daňylgydy. Bu germewiň aňyrsyndan hapa howly görünýärdi, onuň bir çetinde daşlaryň hem töňňeleriň üstünde gadymy döwürlerden biziň eýýamymyza şu görnüşde sag-aman gelip ýeten „ford“ ulagynyň gören dessiňe nebsiňi agyrdýan galyndylary durdy, onuň beýle ýanynda diş lukmanynyň döwük kürsüsi, hatda köne diýmäge-de diliň barmaýan öte dagan doňduryjy hem-de ýene-de bir topar: ýyrtyk köwüşler, birmahal ulanylandygyna ynanyp bolmajak radioenjamlar, suratlaryň çarçuwalary, galaýy gutular ýaly dürli zatlar depe turup ýatyrdylar, olaryň çar ýanynda bolsa arryk çypar towuklar yhlas bilen ýer dörjeleýärdiler. Şonuň bilen birlikde-de bu howlynyň bir künjegi öz görnüşi bilen bütin Meýkomby oýurgandyrýardy. Haýatyň ugrunda dört sany syrçasy gopan setil durdy, olaryň içinde bolsa yhlas bilen ideg-yssywat edilen gülgüne geran gülleri, edil hut hanym Modi Etkinsonyň hut özüne degişli ýaly bolup (eger-de hanym Modi öz bagynda haýsydyr bir geran gülleriniň ösüp-örňäp oturmagyny çekip-çydap bilse!) paşyrdap gülläp otyrdylar. Ol gülleri Meýella Ýuel ekip ýetişdiripdir diýip gürrüň edýärdiler. Bu öýde näçe çaganyň bardygyny hiç kim anyk bilmeýärdi. Birleri – alty sany diýýärdiler, beýlekileri bolsa – dokuz, haçan-da kimdir biri bu öýüň deňesinden öten wagty onuň penjirelerinden hemişe garagäzje tumşujyklar jyklaşyp durýardy. Dogrusy, diňe täze ýylyň öňisyrasynda ybadathananyň geňeşi garyp-gasarlara sowgat paýlanda bolaýmasa, bu öýüň deňesinden hiç kim düýbünden gatnamaýar diýen ýalydy. Käte bolsa Meýkombyň meri bizden şäheriň zibilçisine az-maz kömek etmegi haýyş edýärdi, şonda-da biz baýramçylykdan soň galan arçalary we galan-gaçan hapa-hupalary şäheriň zibilhanasyna daşaýardyk. Geçen täze ýylda Attikus bizi-de ýanyna alyp gidipdi. Çagylly ýol gatnawly uly ýoldan sowlup, zibilhananyň deňesinden geçip, Ýuelleriň jaýyndan takmynan bäş ýüz ýard çemesi aňyrda ýerleşýän garaýagyzlaryň kiçeňräk şäherçesine tarap uzalyp gidýärdi. Zibilhana gatnawly uly ýol bilen ýa-da tä şäherçä çenli ýetip, soňam öwrülip barmak bolýardy, hemmeler diýen ýaly-da garaýagyzlaryň külbejikleriniň deňesinden ötýän soňky ýoly saýlap alýardylar. Sowuk dekabr alagaraňkylygynda olar täp-tämizje hem ýakymly bolup görünýärdiler, tüsseçykarlaryndan mawy tüssejik göterilýär, ojakda ýanýan alaw zerarly açyk gapylar ýap-ýagty bolup lowurdap durlar, özi-de aýazly howada örän tagamly, ýagda şytyrdaýança gyzardylyp gowrulan towuklaryň yslary bark urýar. Jim ikimiz ýene-de gowrulan awysiýdigiň ysyny hem saýgarmagyň hötdesinden geldik, kakam bolsa (ol ýöne ýere şäherden alysrakda önüp-ösmän ekeni) munuň üstesine hatda uzynguýruk, haltaly alaka bilen towşanyň ysyny hem almagy başardy. Ýöne bu tagamly yslar biz Ýuelleriň mülkleriniň deňesinden yzymyza gaýdanymyzda zym-zyýat boldular. Ine şu wagt şaýatlaryň münberinde duran adam hem öz ýakyn goňşularynyň öňünde ýekeje artykmaçlyga eýedi, eger-de ony garaýagdan taýýarlanan sabyn bilen gyzgyn suwda uzak wagtlap dowamly ýuwsaň onuň hamy agarjakdy. -Siz jenap Robert Ýuelmi?-diýip jenap Jilmer sorady. -Edil özüňiz bilmeýän ýaly,-diýip şaýat jogap berdi. Jenap Jilmer galagoply göneldi welin, meniň oňa haýpym geldi. Megerem, käbir zatlary düşündirmegiň pursaty gelip ýetdimikä diýýärin. Men eşidýärdim, hamana hukukçylaryň çagalary öz ene-atalarynyň kazyýet mejlislerinde gazap bilen jedelleşişlerini görüp, garşydaş tarapyň aklawjysy öz kakalarynyň şahsy duşmany diýip pikir edip başlaýarmyşlar we taraplaryň ot-ýalynly çekişmelerini örän erbet içlerine salýarmyşlar, soňra bolsa ilkinji arakesmede kakalarynyň mejlisler otagyndan öz sütemkär garşydaşy bilen gol tutuşyp çykyp gidişlerini görüp aňk bolup galýarmyşlar. Jim ikimiz welin bu ýagdaý barada hiç hili ýalňyş pikirde däldik. Kakamyz işde utsun ýa-da utulsyn, bu biziň üçin kyýamat däldi. Gynansamam, men bu mesele babatda biziň çakdan aşa çynlakaý duýgularymyzy şekillendirip bilmeýärin, eger-de şeýle şekillendirmäni düzmäge synanyşaýan ýagdaýymda bolsa meniň ýazanym ýalan bolar durardy. Biz, elbetde, eger-de taraplaryň çekişmeleri hünär edebiniň talap edişinden artyk awuly, ýiti bolup başlasa bada-bat duýýardyk, ýöne şeýle ýagdaý hemişe beýleki aklawjylar çykyş edende emele gelýärdi, kakam çykyş edende welin, beýle zatlar hiç wagt ýüze çykmaýardy. Men bütin ömrüme ýekeje sapar hem Attikusyň şaýadyň gulagy kerlewräk ýagdaýlaryndan başga halatlarda kazyýet mejlisinde sesini gataldanyny eşitmändim. Jenap Jilmer öz işini edýärdi, Attikusam öz işini. Onsoňam Ýuel Jilmeriň öz şaýadydy, şonuň üçinem biraz sypaýyrak jogap berse-de bolman durjak däldi. -Siz Meýella Ýueliň kakasymy?-diýip jenap Jilmer indiki sowalyny berdi. -Belki-de däldirinem, ýöne indi muny nädip biljek, sebäbi, onuň ejesi ýogaldy ahyry-diýen jogap ýaňlandy. Kazy Teýlor gymyldap ugrady. Ol özüniň pyrlanýan kürsüsini haýallyk bilen öwürdi-de, göwnüýetmezçilik bilen şaýada garady. -Siz Meýella Ýueliň kakasymy?-diýip ol sowaly şeýlebir üýtgeşik äheňde gaýtalady welin, oturanlaryň gülküsine suw sepilen ýaly boldy. -Hawa, jenap,-diýip Ýuel ilgeziklik bilen jogap bermäge gyssandy. -Siz şu gün kazyýetde ilkinji gezekmi? Eger-de ýalňyşmasam men öň sizi görmändim. Ýuel: „hawa, ilkinji gezek“ diýen manyda baş atdy welin kazy dowam etdi: -Ine onda, geliň bir zady şertleşeliň. Men şu ýerde kazy hökmünde otyrkam otagda ýekeje adam hem mundan beýläk ýekeje-de hapa-paýyş ýa-da wejera sözi hiç bir sebäp üçin diýmäge milt etmez. Düşnüklimi? Ýuel baş atdy, ýöne men dogrusy onuň düşünendigine doly ynanmadym. Kazy uludan demini aldy-da: -Dowam ediň, jenap Jilmer,-diýdi. -Sag boluň, jenap. Jenap Ýuel, siz merhemet edip, öz sözleriňiz bilen ýigrimi birinji noýabr agşamy nämeleriň bolup geçendigini aýdyp bilmersiňizmi? Jim ajy gülümsiredi-de, maňlaýyndan alyn saçyny yzyna gaňtardy. „Öz sözleriňiz“ bilen diýen jümle jenap Jilmeriň islendik çykyşyny başlaýan ebedilik ilkinji jümlesidi. Biziň ikimiz köplenç pikir edýärdik, onuň pikiriçe şaýat başga kimiň sözleri bilen geplemelikä. -Howwa, däninim, neme-dä, onsoň, bar-a, ine men neme-dä, ýigrimi birine agşam tokaýdan bir gujak çöpleme çöpläp gelýärin, onsoň, ine welin, haýada ýetdim welin, ine onsoň, birden eşidäýdim, öýde Meýella, edil doly damagy çalynmadyk doňuz ýaly bütüki bir çygyrýar... Şu ýerde kazy Teýlor şaýada içiňi deşip gelýän ýiti nazar bilen siňe-siňe seretdi, ýöne, megerem, bu sözler bilgeşleýin aýdylmady diýip hasap etdi öýdýän, diňe ukuly ses bilen: -Bu aýdýanlaryňyz haýsy wagtda bolupdy, jenap Ýuel?-diýip soramak bilen çäklendi. -Iňrik garalmazynyň öňysyrasy-la. Ine onsoň, birden eşidýän, Meýella şeýlebir çygyrýar welin, hatda jynlaryň gulagyny kamata getirip gelýär... -Şeýlelikde, ol örän gaty gygyrypdyr ekeni,-diýip jenap Jilmer şaýadyň agzyna salgy berdi. Jenap Ýuel aljyraňňy halda kaza seretdi. -Ýeri, onsoň, men onuň çygyryşyny eşitdim-de, çöplemämi taşlap aýagaldygyna şol tarapa ylgadym, şol barşyma-da özümi haýata urupdyryn, zordan çolaşan simimden sypdym-da, penjirejigimiziň ýanyna bardym welin, birdenkä gördüm...-diýdi-de Ýuel tutuş çym-gyzyl boldy, gös-göni göneldi-de, barmagyny Tom Robinsona çommaltdy:-Gördüm, şu şar-garakirli meniň Meýellamy bogaz edip ýatyr! Jenap Teýloryň mejlisler otagynda hemişe ümsümlik we asudalyk höküm sürýärdi, şonuň üçinem ol öz çekijini köplenç ulanmaly bolmaýardy, emma bu gezek welin, ol tutuş bäş minutlap dagy öňündäki çekiç tagtajygyny ýençmeli boldy. Attikus onuň ýanyna bardy we oňa nämedir bir zatlary aýdyp ugrady, jenap Gek Teýt okrugyň birinji resmi adamsy girelgede durup, depilip dykylan ýaly ýaly doly otagda tertip-düzgüni ýola goýmaga dyrjaşýardy. Biziň arkamyzda duran garaýagyzlaryň arasynda-da nägilelikden doly boguk hümürdi tolkun atyp gitdi. Hormatly ata Saýks Dill ikimiziň üstaşyr egildi-de, Jimiň ýeňinden çekip: -Jenap Jim,-diýdi:-siz bar-a, iň gowusy hanym Jin Luizany öýňüze alyp gidäýseňiz nädýär, jenap Jim siz meni eşidýärsiňizmi? Jim başyny öwürdi. -Bar öýe gaýt, Gözlüje. Dill, ony öýe alyp git. Men Attikusyň halas ediji tabşyrygyny buýsanç bilen ýadyma salyp: -Hany, sen bir meni mejbur etmäge synaşyp gör, bakaly!-diýdim. Jim gazaply nazary bilen meni dalady. -Men pikir edýärin, munuň eşideniniň aýby ýokmuka diýýän, siziň merhemetliňiz, ol barybir hiç zada düşünmeýär ahbetin. Bu sözler meniň mertebäme ölüm ýarasyny saldy. -Haýyş edýän, pakgarmasana! Men hemme zada sendenem gowy düşünýän! -Ýeri goýsana. Ol aýdylýanlara dynnym ýalyjagam düşünmeýär, onuň heniz dokuzy hem dolmadyk ahyry. Hormatly ata Saýksyň gara gözlerinde howsala doňup durdy. -A jenap Finç siziň bärdedigiňizi bilýärmi? Bu ýer hanym Jin Luiza üçin gelşikli ýer däl ahyry, siziň üçinem şeýle ýaş ýigitler. Jim başyny ýaýkady. -Biz ondan öte uzakda otyrys, şonuň üçinem ol bizi görmez. Siz alada etmäň, siziň merhemetliňiz. Men bilýärdim, bu jedelde Jim hökman üstün çykar, häzir hiç bir güýç ony bu ýerden gitmäge mejbur edip biljek däldi. Belli bir wagta çenli Dill ikimiziň üstümize hiç hili howp abanmaýardy, ýöne eger-de Attikus kellesini galdyraýsa welin, biziň onuň gözüne ilmegimiz mümkindi. Kazy Teýlor ýetişibildiginden çekijini urýardy, jenap Ýuel bolsa öz-özünden göwnühoş halda şaýatlaryň kürsüsine geçip joňkardy-da, öz goparan hokgasynyň tomaşasyny synlap ugrady. Onuň iki agyz sözi bu ýere güýmenje gözläp gelen mähelläniň gahar-gazaba beslenip, kiriş ýaly dartylyp duran sürä öwrülmegi üçin ýeterlik boldy, mähelläniň gohy çekijiň tarkyldysyna jadylanýan ýaly assa-ýuwaşdan pessaýlap barşyna tutuksy gowura öwrülip barýardy, ahbetinem kazyýetiň mejlisler otagynda diňe edil kazy öz münberine çalajadan galamyny tyrkyldadýan dek, „tyrk-tyrk-tyrk“ diýen ýuwaşja ses eşidilip başlady. Kazy Teýlor märekäniň ýene-de tabyn edilendigine göz ýetirdi-de, kürsüsiniň arkasyna ýaplandy. Şol pille-de birdenkä onuň öte ýadandygy, özüniňem juda garrandygy mese-mälim görnüp gitdi, asyl gör-ä muny, Attikus: „hanym Teýlor ikisi beýlebir ýygy-ýygydan ogşaşyp hem ýörmeýärler“ diýip ýöne ýerden aýtmaýan ekeni-ä, megerem onuň ýaşy ýetmişe golaýlap ýören bolara çemeli. Kazy Teýlor: -Menden kazyýetiň mejlisler otagyny mähelleden saplamagy, iň bolmanda aýallary hem çagalary çykarmagy haýyş edipdiler,-diýdi:-Ýöne men häzirlikçe bu towakganamany kanagatlandyrmakdan ýüz dönderipdim. Adamlar, adatça özleriniň göresi hem-de eşidesi gelýän zatlaryny görýärler we eşidýärler, eger-de şeýle sahna oýunlaryna tomaşa etmäge olaryň öz çagalaryny getiresleri gelýän bolsa, ýeri nätjek, muňa olaryň haky bar. Ýöne bir zady welin, men size berk duýdurýaryn: siz ähli zady jyňkyňyzy çykarman synlarsyňyz we diňlärsiňiz, eger-de tersine etseňiz, onda siz bu mejlisler otagyny terk etmeli bolarsyňyz, ony terk etmegiňizden öňünçäsi bolsa men bu ýygyndydan ýygnanan märekäni kazyýeti masgaralamak üçin jogapkärçilige çekerin. Jenap Ýuel, merhemet ediň-de, mümkin boldugyça öz görkezmeleriňizi uslyplylygyň çäklerinden çykman berjek boluň. Dowam ediberiň, jenap Jilmer. Jenap Ýuel güň açana çalym edýärdi. Men anyk bilýärin, ol öň hiç haçan kazy Teýloryň özüne ýüzlenen sözleri ýaly jümleleri dogup-döräli bäri eşidip gören däldir, şonuň üçinem ol dodaklaryny sessiz müňküldedip dursa-da ol sözleri gaýtalamagyň hötdesinden gelmeýärdi, ýöne göräýmäge olaryň many-mazmunyna welin düşünen bolmaga çemeli. Öz-özünden göwnühoşlugyň alamatlary onuň keşbinden sypyrylyp aýryldy-da, onuň ýerine küteksi ykjamlanmagyň alamaty peýda boldy, emma bu kazy Teýlory aldamady, Ýuel şaýatlaryň münberinde duran tutuş wagtynda kazy ondan gözüni aýyrman: „hany, ýene-de ýekeje gezek ýaňkyň ýaly hokga goparmaga synanyşyp gör bakaly!“ diýýän dek tiňkesini dikip oturdy. Jenap Jilmer bilen Attikus ikisi birek-birege garanjaklaşdylar. Attikus ýene-de öz ýerinde ýumrugyna eňegini diräp oturandygy sebäpli onuň ýüzi bize görünmeýärdi. Jenap Jilmeriň lapynyň keç bolandygy göz-görteledi. Ýöne ol kazy Teýloryň sowalyny eşidende biraz çuslandy: -Jenap Ýuel, siz işi kazyýetde seljerilýäniň öz gyzyňyz bilen jynsy gatnaşygyna girendigini gördüňizmi? -Gördüm. Märeke dymýardy, ýöne işi kazyýetde seljerilýän nämedir bir zady assaja pyşyrdap aýtdy. Attikusam onuň gulagyna pyşyrdady welin, Tom Robinson dymdy. -Siz penjiräniň öňüne bardym diýip aýtdyňyz?-diýip jenap Jilmer sorady. -Hawa, jenap. -Ol ýerden ýokarylygyna näçe beýiklikde ýerleşýär? -Üç futa ýakyn. -Onsoň size otagyň içi gowy görünýärdimi? -Hawa, jenap? -Otagyň içi şol wagt nähili ýagdaýdady? -Neme-dä, hemme zat edil garpyşykdan soň bolşy ýaly akan-dökändi. -Haçan-da işi kazyýetde seljerilýäni göreniňizden soň näme etdiňiz? -Men neme-dä, neme etdim-dä, jaýyň daşyndan aýlanyp, gapa tarap ylgadym, ýöne ýetişmedim, ol edil meniň öň ýanymda öýden çykyp gaçdy. Men ony oňat görüp ýetişdim. Ýöne onuň yzyndan welin kowmadym, sebäbi Meýella üçin gaty gynandym. Men öýe kürsäp girdim, ol bolsa ýerde bulaşyp ýatyşyna it bolup uwlaýar... -Ýeri şondan soň siz näme etdiňiz? -Neme-dä onsoň, men neme etdim-dä, aýagaldygyna Teýtiň ýanyna ylgap gaýtdym. Şar-garakirlini bolsa men gözüme ilen dessine tanapdym, ol hol beýleki tarapda eşegary öýjüginde ýaşaýar we her gün biziň deňämizden gatnaýar. Ine men size näme aýdaýyn, kazy, men, eýýäm on bäş ýyl bäri öz okrug häkimiýet edaralarymyzdan talap edip gelýän, şol ýerden şar-garakirlileri güm ediň diýip, olar bilen goňşulykda ýaşamagam hatarly ahyry, onsoňam meniň mülküme-de olardan diňe zelel gelýär... Dowamy bar. | |
|
√ Ojak -1-nji kitap -8: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -25: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Dirilik suwy -18: romanyň dowamy - 18.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Bäşgyzyl -3: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -14: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||