18:01 Şygşygyny öldürmek -19/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
Men aşak garanjakladym welin, Attikusa gözüm ildi, ol penjireleriň ugry bilen gezmeläp ýördi, soňra bolsa germewiň ugry bilen oturdaşlaryň ornuna çenli gezmeläp başlady. Ol oturdaşlaryň orunlaryna seretdi, soňra kazy Teýlora tarap garady, onsoň ýene-de yzyna, penjirelere tarap gaýtdy. Men onuň nazaryny tutdum-da, oňa elimi galgatdym, ol jogap hökmünde baş atdy-da, ýene-de öz pikirleri bilen gümra boldy. Jenap Jilmer penjiräniň ýanynda jenap Anderwud bilen gepleşip durdy. Kazyýet kätibi Bert çilim yzyna çilim çekýärdi, ol oturan ýerinden arkan gaýşyp aýaklaryny-da çilşirip gabadyndaky tekjäniň üstüne atypdyr. Diňe kazyýete dahyllylar – Attikus, jenap Jilmer, berk ukyda ýatan kazy Teýlor we Bert özlerini adatdakylary ýaly alyp barýardylar. Men mundan öň hiç haçanam depilip dykylan ýaly doly mejlisler otagynda şunuň ýaly iňlär siňeksiz ümsümligiň höküm sürýändiginiň şaýady bolup görmändim. Kämahal bir bäbek aglamjyran bolar-da dymar, çagajyklaryň haýsy hem bolsa biri göz açyp-ýumasy salymda ylgaşlap geçip gider, ulular bolsa mizäýinem diýmän edil ybadathanadaky ýaly doňup otyrlar. Ikinji gatdaky eýwançada, biziň daş-töweregimizdäki garaýagyzlar hem injili sabyrlylyk bilen doňňara-daşa öwrülip otyrdylar. Çamalagy çaşan sagat, soňkuja güýç-kuwwatyny jemläp sekiz gezek güňleç zaň kakdy, ol zaň biziň bütin süňňümizi sandyratdy. Haçan-da on biriň jaňy kakylanda men eýýäm hiç zady duýmaýardym, men eýýäm birmahal uka garşy çyr-çytyr göreşmegimi bes edip hormatly ata Saýksyň ýakymly böwrüne ýassanypdym-da ymyzganypdym. Ýöne şol pursatda birdenkä oýandym-da, ýene-de gaýtadan uklamazlyk üçin aşakdaky kelleleri yhlas bilen sanap başladym: aşakda laýyk on alty sany ýylçyr kelle bar ekeni, kellelerden on dördüsini çyparlaryň hasabyna goşsaň boljakdy, kyrkysy gara we melemtil-goňras kellelerdi, galany…ine şu ýerde-de birdenkä güpbe ýadyma düşdi, bir gezek, haçan-da Jim az wagtlyk ruhyýeti öwreniş tejribesi bilen gyzyklanýan döwründe ol: “eger-de adam köp bolsa, mysal üçin, giden olimpiýa sport merkezi doly bolsa, olaryň ählisi-de bar güýji bilen şol bir zat barada oýlanyp başlasalar, mysal üçin tokaýdaky agajyň ot almagyny isleseler, onda şol agaç alar-da, öz-özünden ot alar” diýip aýdypdy. Men birdenkä begenip gitdim: bäh, häzirjek, ine şu mahal, aşakda hem ýokarda oturanlaryň hemmesinden Tom Robinsony azat etmeklerini bar güýçleri bilen isläp başlamagy haýyş edip bolsady. Ýöne soňra meniň aňyma ýetdi, eger-de hemmelerem meniň ýaly ýadan bolsalar, onda nähili islänimizde-de biz “tokaýdaky agajy öz-özünden ot alar” ýaly edip bilmeris. Dill başyny Jimiň egnine goýup, gaýym ýatyrdy, Jim bolsa ses-selemsiz otyrdy. Men: -Nähili uzak, dogrumy?-diýdim. -Elbetde uzak, Gözlüje,-diýip Jim şadyýan jogap berdi. -A seni diňleseň-ä, olar ähli zady bir çäýnek çaý içim salymda çözäýjek ýalydylar. Jim gaşlaryny gerdi-de -Sen entek käbir zatlara düşünmeýärsiň,-diýdi, men bolsa şeýlebir ýadawdym welin, hatda onuň bilen dikleşmäge-de halym ýokdy. Ýöne megerem, men şol wagt beýlebir oýlay-ukuly däl bolan bolsam gerek, sebäbi men näme üçindir özümi birhili täsin duýup ugradym. Edil geçen gyşdaky ýaly meniň süňňüm gagşap ugrady, ýogsa şol pille gaty gyzgyndy hem. Soňabaka bu üşemek duýgusy hasam güýçlendi, ahbetinem kazyýetiň mejlisler otagy hanym Modä täze jaý gurýan agaç ussalarynyň çekiçleriniň tarkyldysy, bilbiljikleriň saýramasy bes eden, hemme goňşularymyzyň gapylary edil Redlileriň jaýynyňky dek jebis ýapylan şol guduz Tim Jonsuň atylan sowuk fewral ertirine döndi. Yns-jynssyz, haňlap ýatan, sop-sowuk, garaşmakdan ýaňa zarňyldap dartylan ümsümlikden doly köçe we adamlardan hyryn-dykyn doly mejlisler otagy. Bu dymyk hem yssy tomus gijesi bolsa şol gyş ertiri bilen des-deň. Ine jenap Gek Teýt gelip girdi-de Attikus bilen gepleşýär, meniň göwnüme bolmasa-da onuň aýagynda şol günki belent gonçly aw ädigi hem-de egninde gaýyş aw keltekçesi bar ýaly. Attikus bolsa indi otagyň içinde dähedem-dessemläp ýörmeýär, ol aýagyny oturgyjynyň ýanynda goýup, jenap Teýti diňleýär, arasynda-da dyzyny sypaýar. Göwnüme bolmasa, ine häzir, ine ýene-de ýeke pursatdan jenap Teýt: -Atyň, jenap Finç…-diýäýjek ýaly bolup dur. Ýöne oňa derek ol haýbat bilen: -Tertip!-diýip gygyrdy. Hemmelerem çaltlyk bilen başlaryny göterdiler. Jenap Teýt mejlisler otagyndan çykdy-da Tom Robinson bilen dolanyp geldi. Ol ony Attikusyň gapdalyndaky ornuna eltdi-de, gapdalynda togtady. Kazy Teýlor ukudan oýandy, göneldi-de oturdaşlaryň boş orunlaryna eserdeňlik bilen tiňkesini dikdi. Galan zat bolsa edil birhili alasarmyk düýşdäki ýaly bolup geçdi: oturdaşlar dolanyp geldiler, olar edil suwuň astyndaky guwwaslar ýaly haýaljak hereket edýärdiler, kazy Teýloryň sesi bolsa hol allaowarradan gelýän ýaly öte pessaý eşidilýärdi. Ine şu ýerde-de men diňe eger-de seniň kakaň aklwajy bolsa aň salynýan bir zady gördüm, ol zat, ol ýagdaý bolsa edil, ilkibaşdan tüpeňiň oksuzdygyny bilip durkaň, Attikusyň köçäniň ortarasyna çykyp, tüpeňini egnine galdyryp mäşäni gysyşyny görmek ýaly bir zatdy. Eger-de aýyplaw hökümini çykaran bolsalar oturdaşlar hiç haçan işi kazyýetde seljerilýäne hatda gözleriniň gyýtagynam aýlamaýarlar. Bu oturdaşlar hem mejlisler otagyna gaýdyp gelenlerinde olaryň ýekeje biri-de Tom Robinsona tarap sähel salymlygam äňetmedi. Olaryň kethudasy jenap Teýte bir sahypa kagyzy tutdurdy, ol ony kazyýet kätibine berdi, ol bolsa kaza. Men gözlerimi ýumdum. Kazy Teýlor bolsa okaýardy: “Günäkär…günäkär…günäkär…günäkär”. Men assyrynlyk bilen gabak astyndan Jimi synladym. Ol eýwançanyň germewine şeýlebir berk ýapyşypdy welin, onuň hatda barmaklary-da agaryp gidipdir, her “günäkär” diýen söze-de onuň eginleri edil ýüzüne ýumruk bilen urulýan ýaly sandyrap-sandyrap gidýärdiler. Kazy Teýlor soňam nämedir bir zatlar gürledi. Şonda-da ol näme üçindir elinde çekijini gysymlap durdy, ýöne onuň bilen tarkyldatmaýardy. Men edil bulaşyk ümürde gören ýaly Attikusyň kagyz-esbaplaryny ýygnaşdyryp sebedine salýandygyny gördüm. Ol sebedini gulpuny şyrkyldatdy-da, kazyýet kätibiniň ýanyna bardy, oňa nämedir bir zatlar diýdi, jenap Jilmere baş atdy, soňra Tom Robinsonyň ýanyna baryp, oňa-da nämedir bir zatlar pyşyrdap ugrady. Elini onuň egnine goýdy. Soňra oturgyjyň arkasyndan penjegini alyp, egnine geýdi. Soňam mejlisler otagyndan çykyp ugrady, ýöne hemişeki çykýan gapysyndan däl-de başga gapydan. Ol tutuş mejlisler otagynyň içini kesip geçip, günorta tarapdaky çykalga barýardy, megerem bahymrak öýmüze ýetesi gelýän bolara çemeli. Men onuň her bir hereketini sypdyrman synlaýardym, ýöne ol ýeke saparam ýokaryk seretmedi. Kimdir biri meniň egnime ýeňiljek kakdy, ýöne meniň düýbünden yzyma gaňrylasym gelmeýärdi, men gözümi aýyrman aşakdaky adamlara, ýekeje özi ýalňyzlyk basmarlaýan ýaly ýegşerilip çykalga garşy haýdap barýan Attikusa seredýärdim. -Hanym Jin Luiza. Men yzyma gaňryldym. Hemmeler dik durdy. Biziň daş-töweregimizde, ikinji gatdaky eýwançanyň tutuş hemme ýerinde garaýagyzlar öz orunlaryndan turup, dik durýardylar. Hormatly ata Saýksyň sesi-de edil ýaňyja kazy Teýloryňky ýaly hol allaowarradan eşidilýärdi: -Ýeriňizden turuň, hanym Jin Luiza. Siziň kakaňyz barýar! xxxxx Soň Jimiň aglamak gezegi geldi. Biz ala-goh bolup, şadyýan mähelläniň içinden itinişip geçip barýardyk, onuň ýüzünden bolsa nalajedeýin gazapdan doly ajy gözýaşlar ýol-ýol bolup syrygýardylar. “Adalatly däl bu!, Adalatly däl!” diýip ol tä Attikusyň bize garaşyp duran ýeri, şäher meýdanynyň künjüne çenli ýolboýy hümürdäp gaýtalap geldi. Attikus köçe çyrasynyň astynda durdy, onuň ýüzi bolsa edil hiç zat bolmadyk ýalydy, penjeginiň keltekçesi ähli iliklerine ildirilgi, ýakasy hem boýunbagy ýerinde, sagadynyň zynjyry lowurdap dur, onuň özi bolsa edil hemişekisi ýaly parahat hem sowukganly. Jim: -Adalatly däl, bu, Attikus,-diýdi. -Hawa, ogul, adalatly däl. Biz öýümize gaýtdyk. Aleksandra ejem heniz ýatmandyr ekeni. Ol halatlydy, ýöne eger walla, çypbakaý çynym, köýneginiň içinden geýýän daş ýaly gaty hem ýap-ýasy bilbagyny welin çykarmandyr. -Men örän gynanýan, dogan,-diýip ol pessaý pyşyrdady. Ol henize çenli hiç wagt Attikusa “dogan” diýip ýüzlenmändi, şoňa görä-de men Jime tarap gözümiň gyýtagyny aýladym, emma onuň hiç zat bilen seri ýokdy. Ol kä Attikusa, käte-de öýüň astyna seredýärdi, belki-de ol Tom Robinsona aýyplaw höküminiň çykarylmagynda Attikus hem günäkär diýip pikir edýändir. -Oňa näme bolýar?-diýip ejekem Jim barada sorady. -Hiç-le, ol bahym özüne geler,-diýip Attikus jogap berdi:-Oňa bu bolup geçen ähli zatlary kellesine-de, ýüregine-de sygdyrmak ýeňil düşmedi. Ol uludan demini aldy: -Men-ä gidip ýatjak. Eger-de ertir irden ertirlik edinmäge çykmasam, meni oýarmaň. -Ilkinji nobatda, çagalara rugsat bermek paýhassyzlykdy… Attikus: -Bu ýer olaryň dogup-dörän öýi, uýam,-diýdi:-Biz olar üçin şu öýi şeýle edip gurduk, goý, şonuň üçinem onuň içinde ýaşamagy-da öwrensinler ahyry. -Ýöne olara hiç bir zat üçin gerek däl, ine şeýdip kazyýete gitmek we şu bolgusyzlykdan doly batga batmak… -Bu zatlaryň ählisi edil Meýkomb okrugyna mahsus häsiýet bolşy ýaly, wagyz-nesihatçylaryň jemgyýetine hem mahsus. -Attikus,-diýen Aleksandra ejemiň gözleri wehimden doldular:-men seni bu zatlar sebäpli doňýürege öwrülmäge ukyplysyň öýdüp pikirem etmeýärdim. -Men doňýürekleşemok, diňe juda ýadadym. Men gidip ýatmakçy. -Attikus…-diýip Jim tutuksy seslendi. Attikus gapynyň agzynda sägindi. -Näme, ogul? -Olar näme etdiler ahyry, olaryň nädip bogny ysdy ahyry? -Nähilidigini ýa-da nädipdigini-ä bilemok, ýöne şeýtmegi-ä başardylar. Olar öňem edýän zatlaryny, ýene-de ençeme gezek etjek zatlaryny etdiler. Görýän welin, olaryň şeýlediklerine-de diňe çagalar aglaýan ýaly. Gijäňiz rahat bolsun. Ýöne ir bilen hemme zat agşamka garanyňda beýlebir aýylganç bolubam görünmeýär. Attikus edähetine eýerip, daň atyp-atmanka oýanypdyr we biz ýüzümizi sallap myhman otagyna düşenimizde ol eýýäm öz “Mobil rejisteriniň” içine giräýjek bolup oňa tiňkesini dikip oturan ekeni. Jimiň oýaly-ukuly ýüzünde bolsa onuň heniz doly beýan edip-de bilmeýän sowaly ýazylgy durdy. -Ýuwaş, tolgunmaga alňasama,-diýip biziň hemmämiz aşhana girenimizden soň Attikus ony köşeşdirdi:-biz entejikler birneme söweşeris. Nägilelik haýyşnamasyny bereris, heniz hemme zady ýitiremzok ahbetin. Eý Hudaý jan-eý, Kel, bu näme ahyry?-diýip Attikus gözlerini petredip öňündäki ýalpak tabaga dikildi. -Tom Robinsonyň kakasy bu gün size jüýje ugradypdyr, men bolsa ony gowurdym. -Oňa aýt, meniň üçin bu juda uly sylag-hormat, sebäbi, megerem, hatda, döwlet ýolbaşçysynyň-da ertirlik naharyna gowrulan jüýje berilmeýän bolsa gerek. A ýöne bu näme? Kelpurniýa: -Ýumşajyk, çişme kökejikler,-diýdi:-olary size myhmanhanada aşpez bolup işleýän Estella ugradypdyr. Attikus oňa düşünmezlik bilen garady welin, ol: -A siz bir baryň-da görüň, aşhanada nämeleriň gopýandygyny, jenap Finç.-diýdi. Bizem görmäge gitdik. Aşhananyň töri dürli-dümen iýmitlerden ýaňa depe turup durdy: kakadylan etiň äpet bölekleri, pomidorlar, nohut we noýba, hatda üzümem bardy. Attikus çüýşä salnyp duzlanan doňuz aýaklaryny gördi-de ýylgyrdy: -Nähili pikir edýärsiňiz, ejekeňiz maňa şu zatlary aşhanada iýmäge rugsat berermikä? -Ine irden geldim welin, bir seretsem biziň arka ýüzdäki eýwançamyz şu zatlardan ýaňa münder bolup ýatyr. Olar…olar siziň eden ähli zadyňyz üçin size şeýlebir minnetdar, jenap Finç. Bu…bu bolsa olaryň tarapyndan beýlebir öte geçýän bihaýalyk däldir ahyry?! Attikusyň gözüne ýaş aýlandy. Ol bada-bat jogabam berip bilmedi. -Olara aýt, men olara örän minnetdar,-diýip ol ahbetin özüne zor salyp gyryljak geplemegiň hötdesinden geldi:-Olara aýt…aýt, goý indi hiç haçan olar munuň ýaly zat etmesinler. Bu wagt şeýle-de örän kynçylyk, gytçylyk döwri ahyry… Ol yzyna çykdy-da, Aleksandra ejemden ötünç sorap, sypal başgabyny geýip, şähere çykyp gitdi. Daşky otagdan Dilliň aýak sesleri eşidildi welin, Kelpurniýa Attikusyň elinem degirmedik ertirlik naharyny ýygnaşdyrmady. Dill bolsa hemişekisi ýaly alyn dişleri bilen ertirligi çeýnäp oturyşyna bize öten gije hanym Reýçeliň: “eger-de Attikus Finç maňlaýy bilen daş diwary süsüp ýykmak isleýän bolsa, onda gözel göwni, bu ýerde etjek zadyň ýok, maňlaý kimdir özge biriniňki däl-de onuň özüniňki ahyry” diýendigini bize aýdyp berdi. -Men oňa bujagaz sözlerine jogap hökmünde şeýlebir bir agyz ýarym agyz aýdyp goýbererdim welin, arman,-diýip Dill jüýjäniň butjagazyny gemrip oturyşyna hüňürdedi:-ýöne bu gün onuň bilen sene-mene eder ýaly hem däl-how. Öz-ä diýen bolýar, hamana, ýarty gijeläp meniň üçin alada edip dik oturanmyş, hamana, meni agtaryp başlamaklary üçin şerife ýüz tutmak islänmiş, ýöne ol kazyýetde bolany üçin tapyp bilmänmiş. Jim: -A sen mundan beýläk hiç kime aýtman hiç ýere gaçma. Sen bar-a onuň hasam beter içini ýakýarsyň-diýdi. Dill takdyra ten bermek bilen uludan demini aldy. -A-haw, men oňa kyrk gezek nirä barýandygymy aýtdym-a…Ýöne hemişe onuň gözüne geýim asylýanyň içinde ýylan görnüp ýör. Ine, gel jedel edeliň, ol her gün irden ertirligiň başynda tas ýarym litre golaý – iki sany püre-pür bulgury içýär, men muny anyk bilýärin. Öz gözlerim bilen gördüm. Aleksandra ejem: -Beýle diýme, Dill,-diýdi:-Çagalara beýle geplemek bolmaýar. Bu…bu bihaýalyk bolýar-diýdi. -Men utançsyz däl, hanym Aleksandra. Näme ýa hakykaty aýtmak aýpmy? -Seniň aýdyşyň ýaly aýtmak – utançsyzlyk. Jim ejekeme tarap gözlerini alartdy, ýöne diňe Dille: -Ýör. Üzümem ýanyňa al.-diýdi. Biz eýwanymyza çykanymyzda hanym Stiweni Krouford demi-demine ýetmän jenap Eýwerä hem-de hanym Modi Etkinsona kazyýet mejlisi barada gürrüň berýärdi. Olar bize tarap çala göz aýladylar-da ýene-de gepe başagaý boldular. Jim oslagsyz ýerden söweş çakylygyna gygyryp goýberdi. Men bolsa edil şu wagt, şu pursat elimde Jek kakamyň getirip beren tüpeňiniň ýokdugyna biçak gynandym. Dill: -Haçan-da maňa ulular dykgat bilen seretseler, ýigrenýän,-diýdi:-Şol bada göwnüňe bolmasa etmedigem bolsaň nähilidir bir garagollugyň üstünde tutulan ýaly bolaýýarsyň. -Hany bärik gel, Jim Finç!-diýip hanym Modi gygyrdy. Kynlyk bilen uludan dem alan Jim hiňňildikden düşdi. Dill: -Bizem seniň bilen,-diýdi. Hanym Stiweni özüniň bilesigeliji burny bilen bizi didiwana mündürýän ýalydy. Be-e, be-e, gör-ä bulary, ýeri bulara kazyýete gitmäge kim ygtyýar berdikä? Ol-a dogrusy kazyýet mejlisinde bizi görmändir welin, şäherd-ä-hä ertirden bäri hemmeleriň gürrüňi diňe biziň garaýagyzlar üçin eýwançada, şolaryň arasynda oturandygymyz hakynda bolupdyr. Ýeri, bu näme, Attikus näme size şol ýerde ýöriteläp oturtdymy?...O taýda megerem, şol kirlileriň arasynda dem alara howa-da ýok bolsa gerek, şeýlemi, hä?...Be-e, bi näme Gözlüje-de şol ýerde bolup geçen zatlaryň ählisine düşünäýdimi, onsoň?...Ýöne siziň içjagazyňyz-a tütäpjik gidendir, haçan-da siziň kakajygyňyzy kül-peýekun edenlerinde, hä? -Hany az-owlak dymyp dursana, Stiweni,-diýip hanym Modi hazan ýeli öwsüp duran ýaly sowuk äheňde aýtdy:-Men tutuş ertirimi şu eýwanda dikilgazyk bolup geçirmekçi däl…Jim Finç, men seni çagyranymyň sebäbi, sen we seniň kärdeşleriň süýji köke iýesleri gelýärmi diýip soramakçydym. Men ony bişirmek üçin daňdan sagat bäşde turdum, şonuň üçinem size iň gowusy meniň hödürimi kabul edäýmek galýar. Bizi bagyşlamagyňyz soraýaryn, Stiweni. Ýene-de görüşýänçäk, jenap Eýweri. Hanym Modiniň aşhanadaky saçagynyň üstünde gatlakly uly köke we iki sany kiçi köke lowurdap durdy. Ýöne kiçi kökelerden üçüsi gerek ahyry. Dogrusy, bu hanym Modä meňzemeýär, ol elbetde Dill barada unudaýan däldir-le, megerem şu oýlanmalardan ýaňa biziň ýüz-keşbimiz geňgalyjylykdan dolan bolara çemeli. Ýöne şol pille biz hiç zat gepläp ýetişmänkäk hanym Modi uly kökeden bir bölegi kesip aldy-da Jime uzatdy. Biz iýip oturyşymyza düşünýärdik, bu hereketi bilen hanym Modi özüniň bize bolan gatnaşygynyň jinnek ýalyjak-da üýtgemändigini görkezýärdi. Ol ses-sedasyz oturan ýerinden bizi synlaýardy. Birdenem ol dil ýardy: -Gaýga batma, Jim. Durmuşda hemme zat edil ilkibada görnüşi ýaly erbedem däl. Öýünde, köçede dälkä öňküsine garanyňda has köpräk geplemekçi bolanda hanym Modi aýalaryny dyzlaryna direýärdi-de, dili bilen agzyndaky oturtma dişlerini düzedýärdi. Ol häzirem şeýle etdi, biz bolsa oturyp, onuň aýtjak-goýjak zadyna garaşýardyk. -Ine men size näme aýtmakçy bolýaryn: ýagty jahanda hut biziň deregimize iň bir agyr, iň bir kyn, edilendigi üçin hiç hili minnetdarlyga mynasyp bolunmaýan, gaýta, tersine köplenç ýazgarylma sezewar edilýän işleri ýerine ýetirmek üçin doglan adamlar bar. Siziň kakaňyz hem edil şonuň ýaly ynsan. -Ýeri bolýar-la,-diýip Jim umytsyz lapykeçlikden doly äheňde myňňyldady. -Hiç hili “ýeri bolýar-la” gerek däl bu ýerde, jenap,-diýip hanym Modi sesini biraz gataltdy:-Sen heniz meniň sözlerime doly düşüner ýaly derejede ýeterlik uly dälsiň. Jim doly iýilmedik kökesine mölerildi-de: -Özüňi edil piläniň içinde galan gurçuk ýaly duýýarsyň, ine näme bolýar,-diýdi:-Edil gowy edilip gundalan ýagdaýda ýyljajyk künçde ýatan ýaly, saňa tarap hatda ýeke sapar şemalam öwüsmedik ýaly. Men hemişe meýkomblylar ýeriň ýüzünde iň oňat adamlar diýip oýlanýardym, iň bolmanda olar daş keşplerinden-ä şeýle ýaly görünýärdiler. Hanym Modi: -Biz ýeriň ýüzünde iň bolelin hem parahat durmuşda ýaşaýan adamlar,-diýdi:-Ýagdaýlar bizi hakykatdanam özümiziň takwa hristiandygymyzy subut etmäge beýlebir ýygy-ýygydan mejbur edip durmaýarlar, ýöne haçan-da şeýle zerurlyk ýüze çykaýan halatynda welin, biziň bu işi amala aşyrmak üçin Attikusa çalymdaş adamlarymyz bar. Jim ajy ýylgyrdy. -Eger-de biziň okrugymyzda hemmeler şeýle pikir edýan bolsadylar, onda nähili oňatçylyk bolardy. -Sen biziň nähili köpdügimizi hatda gümanam etmeýärsiň. -Bäh, şeýlemi asyl?-diýip Jimem sesini az-kem gataltdy:-Kim nämedir bir zat edip, Tom Robinsona kömek etdi, hany kim? -Ilki bilen onuň garaýagyz dostlary we biz ýaly beýleki adamlar. Kazy Teýlor ýaly, jenap Gek Teýt ýaly adamlar. Gäwüşemegiňi bes et-de, Jim Finç, kelläňdäki beýniňe biraz agram saljak bolup gör. Näme kazy Teýloryň Attikusy ýöne ýerden, tötänden Tomuň aklawjysy edip bellemändigi seniň kelläňe gelmedimi? Näme kazy Teýloryň şeýle hereket etmek üçin öz sebäpleriniň bolandygy seniň ýadyňa düşmedimi? Ine saňa üýtgeşik, täze pikir! Eger-de aýyplanýanyň aklawjy tutunmaga gurby ýetmese, onda adatça aklawjy hökmünde meýkombly aklawjylaryň iň ýaşy Makswell Grini belleýärdiler, sebäbi ol tejribe toplamalydy. Diýmek, bu saparam Tom Robinsony Makswell Grin goramalydy. -Şu zatlar hakynda oýlan bakaly,-diýip hanym Modi dowam edýärdi:-Bu tötänden däl ahyry. Men düýn gije eýwanymda oturan ýerimden kän garaşdym. Men şol siziň kazyýetden geleriňize garaşdym oturdym, garaşdym oturdym-da pikir etdim: “Attikus Finç işi utmaz, ol hiç bir ýagdaýda utup bilmez, ýöne ol oturdaşlary ine şeýle işiň üstünde şunça wagtlap kelle döwmäge mejbur edip biljek biziň jelegaýlarymyzdaky ýeke-täk aklawjy”. Men şonda-da öz-özüme: “ýeri bolýar, bu hem erbet däl, biz her näme-de bolsa birazajyg-a öňe süýşýäris” diýdim. Bu bary-ýogy birje ädim, çagajygyň ýörjen-ýörjeni ýaly kinniwanja, ýöne her niçik-de bolsa ol öňe tarap ädilen ädim ahyry. -Bu zatlaryň barysy diňe gürrüň…Ýöne heý, biziň bilimli-ylymly kazylarymyz, aklawjylarymyz, ýabany oturdaşlaryň hötdesinden gelip bilmeýärlermi?-diýip Jim hümürdedi:-Ine men ulalaryn… Hanym Modi: -Bu barada gowusy kakaň bilen ümmüldeşip görsene,-diýdi. Biz aýaklaryňa sowujak degýän täze basgançakdan aşak düşdük-de güneşlige çykdyk welin, jenap Eýweri bilen hanym Stiweni Krouforduň henizem gepleşip durandyklaryny gördük. Olar pyýada ýodasy bilen ýöräp hanym Stiweniniň öýüniň deňesinde saklanypdyrlar ekeni. Olaryň ýanyna hanym Reýçel haýdap barýardy. Dill: -Men-ä ulalanymdan soň, megerem masgarabaz bolaryn,-diýdi. Jim ikimiz haýran galmakdan ýaňa söm-saýak bolduk duruberdik. Ol bolsa göwnübir ýaly: -Hawa, hawa, masgarabaz boljak,-diýdi:-Adamlar bilen men hiç zady ýola goýup bilmeýärin, meniň bar başarýan zadym olaryň üstünden gülmek, ine şonuň üçinem men sirke girjek-de, tä ýykylýançam güljek. Jim: -Sen bulaşdyrýarsyň, Dill,-diýdi:-Masgarabazlaryň özleri gussaly bolýarlar, ine olaryň üstünden welin, hemmeler gülýärler. -Goý bolsa bolup geçsin, men welin başga hili masgarabaz bolaryn. Sahnanyň orruk-ortarasynda duraryn-da hemmeleriň ýüzüne gülerin. Hanha hol ýere seret,-diýip ol başyny silkip goýberdi:- Näme bular adammy ahyry? Olara ýetmeýän diňe ýekeje zat bar, ol hem ertekilerdäki arwah aýallar ýaly sübsede uçmak. Reýçel daýzama dogrusy, eýýäm sübsesizem uçup ýören ýaly. Hanym Stiweni bilen hanym Reýcel sabyrsyzlyk bilen gollaryny galgadýardylar. Dill dogry aýdýardy, olar hakyky aýjynlara meňzeýärdiler. -Wah, siziň bir!-diýip Jim demini daşyna üfledi:-Ýanlaryna barmasaňam boljak däl, beýtseň gödeklik boljak. Olaryň bolşy nähilidir bir garaşylmadyk waka ýüze çykana çalym edýärdi. Jenap Eýweri boýdan-başa diýen ýaly çym-gyzyldy, özi-de şeýlebir asgyrýardy welin, biz ýanlaryna baranymyzda tas bizi ýere ýazýardy. Hanym Stiweni bolsa süňňi bilen gamyş kibi galdyrap simap kibi sandyraýardy. Hanym Reýçel Dilliň egninden garbap gujaklady. -Häziriň özünde howla gir-de, köçä burunjygyňy-da somaldaýma. Köçe-de öte howply,-diýip ol janykdy. -A näme üçin?-diýip men soradym. -Siz näme eşitmediňizmi? Bütin şäher diňe şol waka barada gürrüň edýär ahbetin… Şol wagtam bosagamyzda Aleksandra ejem peýda boldy-da, bizi çagyrdy. Ýöne eýýäm giçdi. Hanym Stiweni edähetine eýerip,demi-demine ýetmän bize şu gün irden jenap Bob Ýueliň Attikusy poçtanyň ýanyndaky burçda saklap, onuň ýüzüne tüýkürendigini hem-de biraz puryja berilse özüniň bu bolgusyz aklawjyjyk bilen mazaly aýyl-saýyl edişjekdigini aýdandygyny habar berdi. xxxxx Attikus bolsa bu waka barada diňe: -Men-ä dogrusy, eger-de Bob Ýuel temmäki çeýnemeýän bolsa has oňat görerdim-diýmek bilen çäklendi. Hanym Stiweni Krouforduň sözlerinden ugur alsaň-a ol waka şeýleräk bolanmyş: Attikus poçtadan çykyp barýan ekeni, onuň ýoluny jenap Ýuel kesipdir, ol oňa hapa-paýyş sözler bilen sögünipdir, ýüzüne tüýküripdir we ony öldürjekdigi barada haýbat atypdyr. Hanym Stiweni (haçan-da bu wakany hetjikläp, süýjüdip-süýkdürip ikinji sapar aýdyp berýärkä ol eýýäm bakgal dükanyndan dolanyp gelýärkä ýolda ähli zady öz gözi bilen gören adam bolýardy) Attikusyň özüniň kemsidilmegine hatda gaşyny-da gymyldatmandygyny aýdýardy. Ol diňe elýaglygyny çykaryp süpürünenmiş we duran ýerinden jenap Ýueliň özüne sögünişini ümsüm diňlänmiş. Jenap Ýuel bolsa şeýlebir erbet, şeýlebir erbet sözleri diýenmiş welin, hanym Stiweni hiç haçanam ol sözleri gaýtalamaga het etjek dälmiş, eger-de şeýle sözleri diýmeli bolaýsa-da ondan gowusy ol öz dilini dişläp ýolup goýberjekmiş. “Onsoň soňabaka jenap Ýuel hasam guduzlanmyş, Attikus bolsa onuň sögünjine kelam agyz jogap bermänmiş, onsoň ol diýenmiş: “Sen şar-garakirlileriň dabanyny ýalamagy-ha özüňe peslik bilmeýärdiň, a näme erkek kişi ýaly uruşmagy özüňe peslik bilýärmiň?” diýenmiş. Attikus bolsa: “ýok” diýenmiş, “men ýöne öte garry-da” diýenmiş-de ellerini kisesine salaga-da ol ýerden gidiberenmiş” diýip hanym Stiweni gürrüň berýärdi. Hawa, hawa, ine şunuň ýaly zat-da welin Attikus Finçiň öňüne geçjek adam ýok, käbir ýagdaýlarda şeýlebir bir agyz ýarym agyz aýdyp goýberer welin, edil ýöne lam-jim edäýer… Ýöne Jim ikimiz bu zatlary hiç hili lezzetsiz diňleýärdik. Men: -Her niçik-de bolsa ol tutuş okrugda iň mergen atyjy bolupdyr ahyry,-diýdim:-Ol başarardy ahbetin… Jim: -Ol ýany tüpeňli gezmez, Gözlüje,-diýdi:-Onsoňam gezeýin diýende-de onuň tüpeňi hem ýok ahyry…Sen bilýärsiňmi, ol şo-o-ol gezek türmäniň öňünde-de tüpeňsiz sakçylyk edipdi. Ol maňa bir gezek: “tüpeňli gezmek diňe özüňi atmaklary üçin pitjiň atmak” diýipdi. Men: -Häzir başga ýagdaý,-diýdim:-Gel, ondan haýyş edeli, goý, ol kimdir birinden wagtlaýynça tüpeňini alsyn. Biz haýyş etsek etdigem welin, Attikus: “biderek zat” diýdi. Dilli Attikusyň rehimini indermäge dyrjaşmaly diýip maslahat berdi, sebäbi eger-de jenap Ýuel ony öldüräýse onda biz açlygymyzdan öleris ýa-da iň ýamany Aleksandra ejeme miras galarys, onsoňam aý dogan ýaly düşnükli ahyry, Attikusy jaýlan batlaryna ol Kelpurniýany kowar. Jim bolsa: “Belki-de sen güýjüňde baryny edip bagyryp, çyrlap, ýerde ýatyp togalansaň Attikusa täsir eder, sebäbi sen heniz kiçijek, özüňem gyzjagaz ahyry” diýdi. Emma bu hem kömek etmedi. Ýöne soň Attikus biziň ýüzümizi sallap öwlüýäň daşyndan aýlanýan zyýaratçylar dek öýüň daşyndan pyrlanyp ýörenimizi, iýmän-içmän, ähli oýunlarymyzy taşlanymyzy gördi-de biziň öte gorkandygymyza düşündi. Bir gezek agşamara ol Jime täze futbol žurnalyny getirip berdi, Jim ony göwünli-göwünsiz sahaplan boldy-da, gapdala taşlady. Şonda Attikus ondan sorady: -Seni näme alada goýýar-a, ogul? -Jenap Ýuel,-diýip Jim gönüsinden geldi. -A oňa näme bolanmyş? -Hiç zat. Biz seniň üçin gorkýarys, seniň ony nämedir bir zat etmegiň gerek. Attikus gamgyn gülümsiredi. -Ýeri onuň bilen näme etjek? Birek-biregiň üstüne çozmazlyk barada Ylalaşyk baglaşmaga mejbur etjekmi? -Haçan-da kimdir biri saňa seniň bilen birýüzli etjekdigini aýtsa, bu oýun däl ahyry. Attikus: -Ol şol pursat oýunam etmeýärdi. Sen ýekeje pursatlyk Bob Ýueliň derisine girmäge synanyşyp gör hany, Jim. Eger-de mundan öň onuň sözüne kimdir birine ynanan hem bolsa, kazyýet mejlisinde men onuň ýekeje sözüne-de ynanyp bolmajakdygyny gutarnykly subut etdim. Oňa bolsa bu masgaraçylygyny kimdir birinden çykarmak zerurdy, çünki şeýle adamlar başgaça bolmagy başarmaýarlar. Ýeri bolýar-da, onuň gözel göwni, onuň meniň ýüzüme tüýkürendigi hem-de öldürjekdigi hakynda haýbat atandygy üçin Meýellanyň paýyna öňküsinden biraz azrak urgy hem sögünç düşer, goý şeýle-de bolsun. Olam kimdir birinde gaharyny çykarmalydy ahbetin, şonuň üçinem gowusy öz çagalaryna ezýet bereninden goý ol gazabyny menden çykarsyn. Düşünýärsiňmi? Jim baş atdy. Attikus: -Bize Bob Ýuelden heder etmäge hiç hili esas ýok, ol eýýäm gaharyny çykaryp, deşilen meşige dönüp pyssardy,-diýdi. Şol pursadam Aleksandra ejem gelip girdi-de: -Men-ä dogrusy munuň şeýledigine beýlebir öte bil baglap, arkaýynlaşmazdym, Attikus,-diýdi:-Şol kysmy adam öç almak almak üçin herki zady edip biler. Sen şeýle adamlara belet ahyry. -Ýöne maňa Ýuel näme edip biler, uýam? Aleksandra ejem: -Assyrynlyk bilen haýsy-da bolsa birhili nejisligi,-diýdi:-Şübhe-de etmeginiň. -Meýkombda juda az zady hemmelerden ogrynça edip bolýar,-diýip Attikus garşy çykdy. Şondan soň biz üýşenmegimizi bes etdik. Oňa çenli tomsuňam ahyry gelip ýetdi, bizem wagtymyzy bihuda sarp etmedik. Attikus bize Tomas Robinsonyň işine indiki basgançakly kazyýetde garalýança oňa hiç zadyň howp salmaýandygyny, ahyrsoňunda-da ony azat etjekdiklerini, halys bolmanda täze kazyýet seljerişini geçirmekligi bellejekdiklerini düşündirdi. Häzirlikçe bolsa ol Meýkombdan ýetmiş mil daşlykdaky Çester okrugyndaky türme mülkünde saklanýardy. Men Tomuň aýalyna we çagalaryna onuň bilen görme-görşe barmaga rugsat berýärlermi diýip soradym, Attikus: “bermeýärler” diýip jogap berdi. -Eger-de oňa apellýasiýa kömek etmese onuň bilen näme ederler?-diýip men bir gezek agşamara soradym. Attikus: -Onda ony elektrik oturgyçda oturdarlar ,-diýdi:-eger-de gubernator hökümi ýumşatmasa. Dur, dur, tolgunmaga alňasama, Gözlüje. Biziň entegem bu işde utmaga doly mümkinçiligimiz bar. Jim sekiniň üstünde uzyn süýnüp ýatan ýerinden “Giňden ýaýran mehanika” atly žurnaly okaýardy. Şu ýerde ol başyny galdyrdy-da: -Bu adalatly däl. Hatda ol günäkär bolaýan ýagdaýynda-da ol hiç kimi öldürmedi. Ol hiç kimi janyndan jyda düşürmedi ahyry. Attikus: -Sen bilýärsiň ahbetin, Alabama ştatynyň kanunçylygyna laýyklykda jynsy taýdan zorlamak üçin ölüm jezasy berilýär-diýdi. -Hawa, jenap, ýöne barybir oturdaşlar ony ölüm jezasyna höküm etmeli däldiler…Eger-de ol günäkär diýip biläýen ýagdaýlarynda-da oňa ýigrimi ýyllap iş kesmelidiler. -Ýigrimi ýyllyk,-diýip Attikus düzediş berdi:-Tom Robinson, başga reňkli adam, Jim. Biziň jelegaýlarymyzda oturdaşlaryň hiç biri düzümi şeýle işi seljerende: “Biz sen günäkär diýip hasap edýäris, ýöne sen beýlebir gaty günäkärem däl ýaly” diýip aýtmaz. Munuň ýaly işde adam ýa aklanmaly ýa-da oňa iň zabun höküm çykarylmaly. Jim kellesini ýaýkady. -Ýok, bu zatlaryň ählisi hem nädogry, ýöne men şol ýalňyşlygyň nämededigine düşünip bilmeýärin…belki-de jynsy taýdan zorlamaklygy beýle agyr jenaýat diýip hasaplamaly hem däldir… Attikus gazetini ýere gaçyrdy. Ol jynsy taýdan zorlamak hakynda kanun bilen ylalaşýar, doly ylalaşýar, ýöne diňe bir dahylly, gytaklaýyn subutnamalaryň esasynda prokuror-a ölüm jezasyny talap etse, oturdaşlaram şeýle hökümi çykarsa, bu örän howply bolýar. Şol pille ol meniňem diňläp durandygymy gördi-de, düşündirip başlady: -Başga sözler bilen aýdanyňda, adamy aýdaly, bilkastdan adam öldürmek üçin ölüm jezasyna höküm etmäge bir ýa-da iki sany wakany gözi bilen gören şaýadyň bolmagy zerur. Kimdir biriniň: “Hawa, men şol ýerde boldum we onuň mäşäni gysandygyny hut öz gözlerim bilen gördüm” diýmegi hökmany. -Ýöne köpleri diňe dahylly, gytaklaýyn subutnamalaryň esasynda jezalandyrdylar ahbetin,-diýip Jim garşy çykdy. -Bilýärin, şolaryň aglaba köpüsi hem özlerine hut şeýle çemeleşilmegine mynasypdylar hem…Ýöne, eger-de wakany gözi bilen gören şaýat bolmasa, hemişe şübhelenmäge ýer galýar, iň bolmanda şübhäniň kölegesi ýaly bir zat galýar welin, galýar. Kanun bu ýagdaýy: “ýol berilýän şübhe” diýip atlandyrýar, ýöne meniň pikirimçe, biz şeýle halatlarda şübhäniň kölegesiniň-ä däl, hatda salgymynyň galmagyna-da ýol bermeli däldiris. Sebäbi eger-de şeýle edilmedik ýagdaýynda hemişe iň bolmanda ujypsyzja bolsa-da iş kesileniň bigünä bolup çykmak mümkinçiligi galýar. -Diýmek, ýene-de ähli zatda oturdaşlar günäkär bolup çykýar-da. Onda olaryň tepbedini okamak gerek,-diýip Jim ynam bilen aýtdy. Attikus ýylgyrmajak bolup ozone zor saldy, ýöne başarmady. -Sen, ogul, biziň bilen biçak zabun. Men pikir edýän, muňa garanyňda has oňadrak çykalga tapmak mümkin: mysal üçin, kanuny üýtgetmek. Ýagny iň agyr jenaýatlar üçin jeza çäresini diňe kazy kesgitläp biler ýaly üýtgetmek. -Onda Montgomerä git-dä, goý kanuny üýtgetsinler-dä. -Sen munuň nähili kyndygyny hatda gümanam etmeýärsiň. Şol kanuny biziň aýdyşymyz ýaly üýtgedýänçäler men-ä ýaşamaryn welin, hatda senem garrap gidersiň. Jime bu ýaramady. -Ýok, jenap, her niçik-de bolsa oturdaşlaryň tepbedini okamaly. Ine Tom günäkär däl ahyry, olar bolsa: “günäkär” diýdiler. Attikus: -Eger-de şol oturdaşlaryň ýerine sen we ýene-de seniň ýaly on bir adam bolan bolsady, onda Tom eýýäm erkinlige çykardy,-diýdi:-Durmuş heniz seni aýdyň we sagdyn oýlanmak ukybyndan mahrum etmändir. Toma iş kesen on iki sany oturdaşlar hem gündelik durmuşda hakykatdanam akylly-başly adamlar, ýöne sen olara ähli zady akylly-başly ölçerip dökmäge päsgel beren zatlary öz gözüň bilen gördüň ahyry. Edil şonuň ýaly zatlary sen şol gije, türmäniň öňünde-de görüpdiň. Olar şonda özleriniň haýwany duýgularyny pähim-paýhasyň ýeňendigi üçin däl-de bize sataşandyklary üçin gitdiler. Biziň durmuşymyzda käbir zatlar bar, şolar sebäpli-de adamlar ynsançylyk sypatyny ýitirýärler, olaryň ählisi-de adalatly bolmak isleýärler, ýöne bolup bilmeýärler. Haçan-da biziň kazyýetimizde akýagyz garaýagyza garşy çykyş edýän bolsa hemişe akýagyz ýeňýär. Durmuşyň hiç hili owadanlamasyz, ýylmap-ýuwmarlamasyz hakykaty ine şunuň ýaly. -Barybir adalatly däl,-diýip Jim hötjetlik bilen gaýtalady. Ol ýumrugy bilen dyzyna assaja kakýardy:-Şunuň ýaly subutnamalara daýanyp adama iş kesmek bolmaýar, bolmaýar – ine-de bar bolany. -Seniň pikiriňçe bolmaýar, sen iş kesmezdiň, ine olar welin iş kesdiler. Özüňem indi mundan buýana sen ulaldygyňça has köp zatlary görersiň. Başga ýerlere garanyňda hasam kazyýetde adam babatda, onuň teniniň reňkiniň nähilidigine garamazdan adalatly hereket etmeli, ýöne adamlar oturdaşlaryň münberine-de ýanlary bilen öz köre-kör ynançlaryny, ters düşünjelerini getirmegiň hötdesinden gelýärler. Sen ulaldygyňsaýy akýagyzlaryň her gün we her ädimde garaýagyzlary aldaýyşlaryny barha köp aňşyryp başlarsyň. Ine men saňa näme aýdaýyn, ogul, sen meniň aýtjak şu zadymy gaty berk bellegin: eger-de akýagyz garaýagyz babatda şeýle hereket edýän bolsa, şol akýagyz kimem bolsa, ol nähili baý bolsa-da, ol aňrybaşy oňat maşgaladan gelip çykanam bolsa, ol barybir – näkesdir! Attikus ýuwaşja gepleýärdi, ýöne onuň bu soňky sözi biziň depämize tkmak bilen urlan ýaly etdi. Men başymy galdyrdym welin, onuň gözleri otlukly ýanyp durdylar. -Garaýagyzyň nadanlygyndan peýdalanýan akýagyz haramzada – heýem şundan ýürekbulanjy zat ýeriň ýüzünde bolup bilermi? Özem bu ýagdaýda dyrnagyň uçjagazy ýaly-da özüňi aldamak gerek däl, hasap barybir günsaýyn olaryň tarapyna artyp gidip otyr, onsoň iri bar, giji bar, ahyry bir gün jemgyýetiň depesinden gutulgysyz injek hasaplaşykdan hiç kes gaçyp sypyp ýa-da gizlenip bilmez. Ýöne men umyt edýän, ol zatlar siziň bir başyňyzdan düşmäwersin. Jim ýeňsesini gaşady. Birdenem gözlerini şakäse ýaly tegeledi-de: -Attikus,-diýdi:-näme üçin biz we hanym Modi ýaly adamlar hiç haçan oturdaş bolmaýarlar? Biziň şäherlilerimiz hiç wagt bolmaýarlar, olary diňe haýsy-da bolsa bir itiň ölen gyrak-bujagyndan getirýärler. Dowamy bar. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Ýolbars bilen towşanyň duşuşygy - 30.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -11: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -33: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Duman daganda: Aç garny doýrup bolar, aç gözi kim doýrar?! - 05.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -22: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |