17:56 Şygşygyny öldürmek -16/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
- Size minnetdarlyk bildirýärin, jenap Ýuel,-diýip diýip jenap Jilmer onuň sözüni bölmäge gyssandy. Şaýat münberden ylgap diýen ýaly düşüp barşyna oňa sowal bermek üçin ornundan turan Attikus bilen süsüşdi. Kazy Teýlor oturanlara az-owlak gülüşmäge päsgel bermedi. - Ýekeje pursat, jenap,-diýip Attikus hoşamaýlyk bilen ýüzlendi:-Siz özüňize iki-üç sorag bermäge rugsat berermisiňiz? Jenap Ýuel şaýatlaryň kürsüsine tarap götinjekledi, oturdy-da, Attikusa garşy tekepbir hem müňkür nazaryny öwürdi – Meýkomb okrugynda şaýatlar garşydaş tarapyň aklawjylaryna hut şonuň ýaly bakyş bilen garaýarlar. -Jenap Ýuel,-diýip Attikus söze başlady:-şol gije, megerem siz köp ylgan bolara çemeliňiz. Eger-de ýalňyşmasam, siz: „öýe tarap ylgadym, penjiräniň öňüne ylgap bardym, öýe ylgap, kürsäp girdim, Meýellanyň ýanyna ylgap bardym, jenap Teýtiň yzyndan ylgap gitdim“ diýdiňiz. Ýogsa-da siz, edähetiňize eýerip lukmanyň yzyndanam ylgap gitmediňizmi? -Ol meniň nämäme derkar. Meniň özüm nämäniň nämedigini görüp durdum ahbetin. Attikus: -Men bir zada düşünmeýärin,-diýdi:-Sizi näme Meýellanyň ýagdaýy ynjalykdan gaçyrmaýardymy? Jenap Ýuel: -Onda-da nähili ynjalykdan gaçyrýardy,-diýdi:-Meniň özüm şol işde kimiň günäkärdigini gördüm ahyry. -Ýok, men ol barada däl. Siz oňa ýetirilen ten şikesleriniň oňa haýal etmän lukmançylyk kömeginiň berilmegini talap edýändir diýip pikir etmediňizmi? -O nähili? -Siz onuň ýanyna bada-bat lukmany çagyrmaly diýip oýlanmadyňyzmy? Şaýat jogap berdi: „Ýok, oýlanmadym, dogup-dörälim bäri öýe lukman çagyrmandym, sebäbi eger-de olary çagyraýsaň bihuda ýere bäş dollary orta oklamaly bolýarsyň“. -Şu bolanymy?-diýip ol sorady. -Ýok, edil beýle-de däl,-diýip Attikus göwnübirlik bilen belledi:-Jenap Ýuel, siz şerifiň görkezmelerini eşitdiňiz ahyry, şeýlemi? -O nähili? -Haçan-da jenap Gek Teýt siziň şu wagtky oturan ýeriňizde otyrka siz kazyýetiň mejlisler otagyndadyňyz ahyry, şeýlemi? Siz onuň nämeler gürrüň berendigini eşitdiňiz ahyry, şeýlemi? Jenap Ýuel esli salymlap oýlandy-oýlandy-da, ahbetin bu sowalda hiç hili howply hile ýok diýip hasap eden bolara çemeli: -Hawa, eşitdim-diýdi. -Siz onuň Meýella ýetirilen şikesleri dogry suratlandyrandygy bilen razylaşýarsyňyzmy? -Ýene-de näme? Attikus jenap Jilmere tarap öwrüldi-de, ýylgyrdy. Jenap Ýuel bolsa megerem aklawjyny sypaýyçylykly söhbetdeşlik bilen läliksiretmezligi ýüregine düwen bolara çemeli. -Jenap Teýt Meýellaniň sag gözüne urlup şikes ýetirilendigini görkezdi, şeýle-de onuň ýüzüniň... -Ýeri, onsoň,-diýip şaýat sokuldy:-Teýt dogry aýtdy, men hemmesi bilen ylalaşýan. -Diýmek onda ylalaşýarsyňyz-da?-diýip Attikus ýumşaklyk bilen gepledi:-Men diňe has anyklaşdyrmak isledim. Ol kätibiň ýanyna bardy-da nämedir bir zatlar diýdi welin, kätip esli wagtlap bizi jenap Teýtiň görkezmeleri bilen güýmedi, ol mejlisiň teswirnamasyny edil birža maglumatlaryny okap berýän ýaly şeýlebir täsirli okaýardy welin, edil ýöne hoşuňa geläýsin: „...haýsy gözi...çep...hä, hawa, dogry, has takygy sag gözi bolmaly...onuň sag gözüne urlan ekeni, jenap Finç, indi meniň ýadyma düşjek bolýar, onuň ýaňagy hem-de ýüzüniň tutuş şol tarapy...(kätip sahypany agdardy) sypjyryklardan doludy we çişendi...şerif, haýyş edýän, ýaňky aýdan zatlaryňyzy gaýtalaň...men onuň sag gözüne urlan ekeni diýdim...“. Attikus: -Size minnetdarlyk bildirýärin, Bert,-diýdi:-Siz muny ýene-de bir gezek eşitdiňiz, jenap Ýuel. Siz munuň üstüne bir zatlar goşasyňyz gelýärmi? Siz şerifiň görkezmeleri bilen ylalaşýarsyňyzmy? -Teýt hemme zady dogry aýtdy. Onuň gözüniň aşagy göm-gökdi, özi bolsa mazaly ýenjilendi. Bu adamjyk, megerem, başda özüni kazynyň nädip utandyrandygyny unudan bolara çemeli. Ol öz ýanyndan Attikusy howpsuz garşydaş diýip hasap eden bolmaly. Şoňa görä-de ol çym-gyzyl bolup gyzardy, çişdi, döşüni gaýşardyp, öňküsindenem beter çypar horaza meňzäp başlady. Meniň göwnüme bolmasa ol häzir, ýene-de sähel salymdan, pakgarmakdan ýaňa ýarylaýjak ýaly bolup göründi, ine şol müddetem Attikus oňa sowal berdi: -Jenap Ýuel, siz okap we ýazyp bilýärsiňizmi? -Garşylyk bildirýärin,-diýip jenap Jilmer goşuldy:-Bu ýerde şaýadyň sowadynyň näme dahylynyň bardygy düşnüksiz, sowal wajyp däl we işe hiç hili degişli däl. Kazy Teýlor nämedir bir zatlar geplejek boldy, emma Attikus öňürtdi: -Siziň merhemetliňiz, eger-de siz şu sowaly we oňa goşmaça ýene-de bir soragy bermäge rugsat etseňiz, ähli zada düşünersiňiz. Kazy Teýlor: -Ýeri bolýar, hany synanyşyp göreliň,-diýdi:-ýöne serediň, biz hakykatdanam düşünmelidiris, Attikus. Garşylyk bildirmek inkär edilýär. Jenap Jilmer, göwnüme bolmasa, edil biziň ählimiz ýaly bilesigelijilik bilen şaýadyň jogabyna garaşýan ýaly boldy, ýeri bu ýerde jenap Ýueliň biliminiň näme dahyly bar diýsene? Attikus: -Soragy gaýtalaýaryn,-diýdi:-Siz okap we ýazyp bilýärsiňizmi? -Elbetde, başarýan. -Onda siz merhemet edip bize öz familiýaňyzy ýazyp subut edip bilmersiňizmi? -Elbetde subut ederin. Siziň pikiriňizçe men hemaýat puluny alanymda dagy nädip gol çekýändirin öýdýärsiňiz? Jenap Ýueliň jogaby onuň ildeşleriniň göwnünden turdy. Aşakda pyşyrdy-hümürdi köpeldi, käbir ýerlerden kikirdi eşidildi, megerem onuň batyrlygyna buýsanýan bolaýmasalar. Men ynjalykdan gaçyp ugradym. Göräýmäge Attikus näme edýändigini bilýänem ýaly-la welin, maňa barybir onuň atan oky pys geçen ýaly bolup görünýärdi. Hiç haçan, hiç haçan, hiç haçan garşylyklaýyn sorag berlişikde, eger-de jogabyň nähili boljakdygyny öňünden bilmeýän bolsaň şaýada sowal berme – men bu düzgüni gundagdaky bäbekligimden bäri bilýärdim. Ýogsa jogap isleýşiň ýaly bolman, tutuş işiň gorag sepgitleriniň külüni asmana sowrup biler. Attikus goltuk jübüsine elini sokdy-da, nähilidir bir bukjany çykardy, şoňra penjeginiň keltekçesiniň kisesinden syýagalam çykardy. Ol özüni oturdaşlaryň oňatja synlamagy üçin göze dürtülip duran äwmezlik bilen hereket edýärdi. Ol syýagalamynyň gapajygyny aýyrdy-da, ony emaý bilen öz öňünde goýdy. Syýagalamy çalaja silkeläp, ony bukja bilen bilelikde şaýada uzatdy-da: -Siz merhemet edip ine şu ýere gol çekip bilmersiňizmi?-diýdi:-Özem, haýyş edýän, siziň gol çekişiňiz oturdaşlara oňatja görnäýsin. Jenap Ýuel bukjanyň ýeňse ýüzüne goluny çekdi-de, öz-özünden örän göwnühoş halda başyny galdyranda kazy Teýloryň haýran galmakdan ýaňa doňup galan nazaryna nazary sataşdy, kazy oňa tarap edil, birdenkä şaýatlaryň ornunda pajarlap bägül güllän ýaly aňk bolup seredýärdi, jenap Jilmer hem geň galyp garaýardy, ol hatda haýran galmakdan ýaňa ýerindenem biraz dikeläýdi öýdýän. Oturdaşlaryň hem ählisi Ýuele tiňkelerini dikip otyrdylar, olaryň biri bolsa hatda ümzügini öňe atyp, iki eli bilen germewden ýapyşandygyny-da duýmaýardy. -Näme bu görmedik zadyňyzmy?-diýip şaýat sorady. Kazy Teýlor: -Görýän welin, siz çepbekeý ekeniňiz ahyry, jenap Ýuel,-diýdi. Jenap Ýuel oňa tarap gaharly öwrüldi-de: „ýeri bu ýerde çepbekeýligiň näme ähmiýeti bar, ol hudaýhon adam, Attikus Finçiň hem onuň üstünden gülmäge we oňa ezýet bermäge hiç hili haky ýok“ diýip hüňürdedi. Hamana Attikus Finç ýaly dumly-duşda entäp ýören kezzaplardyr-aklawjyjyklar hemişe-de onuň üstünde gülüp, oňa hunaba ýuwutdyryp, ony aldap-oýnap gelenmişler. Ol eýýäm ençe gezek wakanyň nähili-neneňsi bolup geçendigini gürrüň beripdi, indem gerek bolsa ýene-de kyrk saparam şol bir aýdanyny gaýtalar. Ol şeýle hem etdi. Attikusyň täze sowallaryna ol şol bir diýenini tutdy oturdy: ol penjireden garapdyr, şar-garakirlini gorkuzypdyr, soňra şerifiň ýanyna ylagpadyr. Ahbetin Attikus ony goýberdi. Jenap Jilmer bolsa oňa ýene-de bir sowal berdi: -Ýogsa-da, siziň çep eliňiz bilen gol çekýändigiňiz barada, belki-de siz iki eliňizdenem birmeňzeş peýdalanýansyňyz, jenap Ýuel? -Elbetde ýok. Men diňe bir çep elim bilenem islendik adamdan erbet işlemeýärin. Islendik adamdan pes däl,-diýip ol kakamyň tarapyna gazaply nazaryny aýlap, gaýtalady. Jim ümsümlik bilen çakdan aşa şatlanýardy. Ol ýumrugy bilen germewe ýeňiljek kakyp oturyşyna, bir gezek pyşyrdabam goýberdi: -Ine indi biz ony bir çüňke gabadyk. Men welin, düýbünden beýle pikir etmeýärdim. Meniň pikirimçe Attikus Meýellany jenap Ýueliň özüniň ýenjip biljekdigini subut etmäge dyrjaşypdy. Men muňa düşünipdim. Eger-de onuň sag gözüne hem-de ýüzüniň sag tarapyna urlan bolsa, diýmek onda ony çepbekeý ýenjen bolmaly. Şerlok Holms we Jim Finç şeýle-de pikir ederdiler. Ýöne belki-de Tom Robinson hem çepbekeýdir. Men hem edil jenap Gek Teýt ýaly, öňümde kimdir biriniň durandygyny we göz açyp-ýumasy salymyň içinde bolup geçýän garpyşygy göz öňüme getirdim-de, öz ýanymdan netijä geldim, belki-de Tom Robinson Meýellany sag eli bilen saklap, çep eli bilenem ýenjendir. Men oňa ýokardan aşak seretdim. Ol bize arkasyny öwrüp otyrdy, ýöne onuň nähili giň eginleriniň we mäkäm, ýogyn boýnunyň bardygy görünýärdi. Elbetde ol hiç hili kynçylyksyz Meýellanyň hötdesinden gelip biler. Şonuň üçinem Jim bihuda ýere güýz gelmezinden öňünçä jüýjeleri sanaýar. xxxxx Şol pille kimdir biri güňleç gygyrdy: -Meýella Waýolet Ýuel! Şaýatlaryň münberine bir ýaş gyz ýöneldi. Ol eli galdyrylgylygyna hakykaty, diňe hakykaty, hakykatdan başga hiç zady geplemezlige kasam edip, “we goý maňa bu işimde Hudaý ýardam etsin” diýýärkä, ol örän inçejik hem näzijek bolup görünýärdi, ýöne soňra ol kürsüde ýüzüni bize tarap öwrüp oturandan soň welin, onuň berk bedenlidigi göründi, megerem ol agyr işe werziş bolan bolmaly. Biziň okrugymyzda kimiň yzygiderli, kimiň bolsa ýylda bir gezek ýuwunýandygyny bada-bat bilip bolýar. Jenap Ýuel edil depesinden gaýnag suw dökülen ýaly çym-gyzyldy, edil onuň hamy ondan gat-gat edip hapasyny aýranlaryndan soňra adatdan daşary duýgur hem ejiz bolan ýalydy. Meýella bolsa, megerem arymsy bolmaga çyr-çytyr çytraşýan bolara çemeli, men şol pursat Ýuelleriň howlusyndaky geran güllerini ýadyma saldym. Jenap Jilmer Meýelladan öz sözi bilen oturdaşlara geçen ýylyň ýigrimi birinji noýabrynyň agşamsy bolup geçen wakany gürrüň bermegi haýyş etdi: “öz sözüňiz bilen, haýyş edýän” diýibem üstüni ýetirdi. Meýella bolsa dymdy oturdy. -Siz şol agşam, iňrik garalanda niredediňiz?-diýip jenap Jilmer sabyrlylyk bilen başlady. -Eýwanda. -Haýsy eýwanda? -Biziň diňe bir eýwanymyz bar. Esasy eýwan. -Siz eýwanda näme işleýärdiňiz? -Hiç zat. Kazy Teýlor goşulmaga mejbur boldy: -Siz çekinmäň-de bize diňe nämeleriň bolup geçendigini gürrüň beriň. Siz näme ýa gürrüň berip bilmeýärsiňizmi? Meýella oňa tarap gözlerini petretdi-de, birdenem aglap başlady. Ol agzyny eli bilen jebis ýapdy-da, birhili çakdan aşa gaty hynçgyryp ugrady. Kazy Teýlor oňa birsellem aglamaga mümkinçilik berdi-de, soňam aýtdy: -Ýeri besdir. Diňe hakykaty aýt, hiç kimden gorkmak gerek däl. Men düşünýärin, saňa bu zatlaryň ählisi ýatdyr, ýöne bu ýerde utanar ýaly ýa-da üýşener ýaly hiç zat ýok. Ýeri sen nämeden beýle gorkýarsyň? Meýella aýasyna siňdirip nämedir bir zatlary diýdi. -Näme diýdiň?-diýip kazy gaýtadan sorady. -Ine şondan gorkdum-diýip Meýella sojady-da, Attikusy görkezdi. -Jenap Finçdenmi? Ol bar güýji bilen baş atmaga başlady. -Men islemeýärin. Edil dädemiň degnasyna degşi ýaly, ol meni-de alyp ýatar, ýöne çepbekeý-de, çepbekeý… Kazy Teýlor çal başyny gaşady. Megerem, oňa öň beýle hutbatly mesele bilen iş salyşmak miýesser etmedik bolara çemeli. -Sen näçe ýaşyňda?-diýip ol sorady. -On dokuz ýarym,-diýip Meýella jogap berdi. Kazy Teýlor üsgürinjiredi-de, öz sesini şowsuz ýumşatmaga çytraşdy. -Jenap Finç, düýbünden seni gorkuzmak islemedi,-diýip ol gümmürdedi:-eger-de isläýen halatynda-da, men oňa mümkinçilik bermerin. Ine şonuň üçinem men şu ýerde otyryn. Sen eýýäm ullakan gyz, şonuň üçinem hany gönüräk, dikräk otur-da, aýdyp ber…bize özüň bilen nämeler bolup geçendigini aýdyp ber. Sen ýöne, al-dajyk, bize aýdyp beräý, bolýarmy? -Ol samsyjakmyka?-diýip men pyşyrdap Jimden soradym. Jim gözüniň gyýtagy bilen aşak, şaýat gyza tarap seretdi-de: -Kim bilýär-äý,-diýdi:-kazynyň rehimini indermäge-hä onuň akly çatýan ekeni, ýöne belki-de, ol ýöne…äý bolýar-la, men-ä bilemok… Meýella rahatlandy, ol ýene-de bir gezek Attikusa garşy howatyrly nazar oklady-da, jenap Jilmere tarap öwrüldi. -Onda şeýle, jenap, men eýwandadym, şo…şo mahalam ol deňämizden ötüp barýardy, biziň howlymyzda köne geýim asylýan tekje durdy, dädem ony odunlyk diýip satyn alypdy…dädem maňa ony böleklere bölmegi buýrupdy, özi bolsa tokaýa gidipdi, şo mahal men birhili ýaramajak bolýardym, ine şo mahalam ol gelýärdi… -Kim ol? Meýella barmagyny Tom Robinsona garşy çommaltdy. Jenap Jilmer: -Men sizden öz pikirleriňizi has anyk beýan etmegi haýyş edýärin,-diýdi:-Kätibe yşaratlary teswirnama girizmek kyn bolarmyka diýýärin. Meýella: -Ine şu,-diýdi:-Robinson. -Ýeri soň näme boldy? -Onsoň men oňa diýýärin, bärik gel, şar-garakirli, bu geýim asylýany böleklere bölüp ber, onsoň men saňa bäş şaýylyk bereýin. Bu bolsa onuň çep elinden gelýär. Ol howla girdi, men öýe pul almaga gitdim, yzyma öwrülenimde-de ol meniň üstüme topuldy. Ol meniň yzyma düşüp gaýdan ekeni, ine näme. Ol meniň bogazymdan penjeledi-de, özem bir erbet hapa-paýyş sögünip, bir erbet sözleri diýip ugrady welin, hiý goýaýyň, iki gulakly eşider ýaly däl…Menem onsoň oňa garşylyk görkezmäge, gygyrmaga başladym, ol bolsa meni bogýar, ol bolsa meni ýençýär… Jenap Jilmer Meýella biraz özüni dürsemäge maý berdi, ol ýetişibildiginden elýaglygyny elinde işýärdi, soňra bolsa ony ýazdy-da, ýüzüni süpürmäge başlady, elýaglyk onuň derlän elleri sebäpli edil soka salnyp owlan ýaly mynçgalanyp-mynçgalanyp mynçgalanmazy çykandy. Ol jenap Jilmeriň ýene-de özüne sowal bererine garaşdy, emma ol hiç hili sorag bermedi welin, onuň özi gepläp başlady: -Neme, onsoň, ol meni ýere ýykdy-da, biraz bogup, ýeňdi. -Siz gygyrdyňyzmy?-diýip jenap Jilmer sorady:-Gygyrdyňyzmy we oňa garşylyk görkezdiňizmi? -Onda-da nähili gygyrmak gygyrdym, bogazyma sygdygymdan gygyrdym, aýaklarym bilen däbşenekledim, güýjümiň ýetdiginden gygyrdym. -Soňra näme boldy? -Soň näme bolandygy meniň ýadyma gowy düşmeýär, bir seretsem dädem üstüme abanyp dur we maňa gygyrýar: “Kim seni beýtdi? Kim seni beýtdi?” diýip. Soň men doňňara-daşa öwrülip galdym, birsalymdan soň özüme gelenimde bolsa jenap Teýt meni ýerden göterip, suwly setiliň ýanyna alyp bardy. Meýella gürrüň berýärkä özüni has ynamlyrak duýýan ýalydy, ýöne öz kakasy ýaly däl-de başgaçarak. Kakasy özüni bihaýa alyp barýardy, ol welin, edil çommalyp, gözlerini süzgekledip oturan, guýrugy bolsa bir ýerde durman iki ýaňa talawlaýan pişik deýin içi hümmüldilidi. -Diýmek onda siz başardygyňyzdan oňa garşylyk görkezdim diýip aýdýarsyňyz-da? Güýjüňiziň ýetdigindenmi?-diýip jenap Jilmer soraýardy. -Elbetde, bu öz-özünden düşnükli ahyry,-diýip ol kakasynyň sözlerini gaýtalady. -Siz onuň ahbetin siziň hötdäňizden gelip, öz maksadyna ýetendigini anyk bilýärsiňizmi? Meýellanyň ýüzi gyşaryp gitdi welin, ol ýene-de möňňürip başlar öýdüp gorkdum, emma ol şumjarmady: -Ol näme islän bolsa şony-da amala aşyrdy. Jenap Jilmer aýasy bilen ýylçyryny süpürdi, şol hereketi bilen şu gün günüň öte yssydygyny hemmeleriň ýadyna saldy. -Häzirlikçe ýeterlik,-diýip ol mylaýymlyk bilen aýtdy:-ýöne siz ýeriňizde oturyberiň. Men pikir edýän, gorkunç we dişlek jenap Finçiň hem sizden käbir zatlary sorasy geler. -Garalawjy şaýatlary aklawjynyň garşysyna öjükdirmeli däldir,-diýip kazy Teýlor hondanbärsilik bilen bellik etdi:-Her niçik-de bolsa şu gün-ä şeýle zatlaryň geregi ýok. Attikus ýerinden turdy, ýylgyrdy, ýöne şaýatlaryň münberine ýakynlaşman, penjeginiň iliklerini ýazdyrdy, başam barmaklaryny keltekçesiniň gapdal diliklerine sokdy-da, haýaljakdan penjirä garşy ýöneldi. Daşaryk seretdi, ýöne megerem ol ýerde hiç hili gyzykly zat görmedik bolara çemeli, yzyna öwrüldi-de jebir çekeniň ýanyna bardy. Uzak ýyllaryň dowamynda toplan tejribäme esaslanyp men düşündim, ol dymyp durşuna haýsydyr bir netijäni agtarýardy. -Hanym Meýella,-diýip ol ýylgyryp durşuna gepledi:-men häzirlikçe sizi düýbünden gorkuzmak islemeýärin. Geliň gowusy, biz tanşalyň. Siz näçe ýaşyňyzda? -Men eýýäm aýtdym ahyry, on dokuz, hanha, men kaza aýtdym ahyry.-diýip Meýella nägilelik bilen kazy Teýlora tarap baş atdy. -Hawa, hawa, hanym, örän dogry. Ýöne siz men babatda biraz eglişikli boluň ahbetin, hanym Meýella, meniň huşum indi öňküler ýaly däl ahyry, garrylyk ýetip gelýär, şonuň üçinem eger-de men siziň öň aýdan zatlaryňyzy ýene-de ýanjap soraýsamam siz maňa jogap berersiňiz ahyry, şeýle dälmi? Örän oňat. Meýellanyň ýüz-keşbinden men düşünip bilmeýärdim, o nireden Attikus onuň sowallara jogap bermäge razylygyny gördükä. Meýella oňa arynyň neşderi ýaly awuly gözleri bilen jikgerilip otyrdy. -Eger-de siz meniň üstümden gülmekçi bolýan bolsaňyz size ýekeje sözjagazam aýtmaryn-diýip ol yglan etdi. -Siz nähili aýtdyňyz, hanym?-diýip aňk bolup galan Attikus soranyny duýman galdy. -Eger-de siz meniň üstümden gülmekçi bolýan bolsaňyz diýdim. Şu ýerde saklanyp bilmän kazy Teýlor hem goşuldy: -Jenap Finç düýbünden seniň üstüňden gülmeýär. Sen muny nireden oýlap tapdyň-a, hä? Meýella göz astyndan Attikusy birlaý gözden geçirdi: -O näme onda ol maňa “hanym Meýella-da hanym Meýella” diýen bolup hetjikläp, meni ýaňsylaýar-a! Men bärik ýaňsylamalary diňlemek üçin satyn alnyp getirilmedim, näme maňa gerekmi diýsene, bu zatlar! Attikus bu düşünişmezligi ýylmap-ýuwmagy kazy Teýloryň özüniň başyna atyp, ýene-de howlukman penjirä tarap ýöneldi. Elbetde kazy Teýlor nebsiň agyrar ýaly ejiz adam däldi, ýöne meniň welin oňa haýpym gelip gitdi, sebäbi onuň Meýella nämäniň nämedigini düşündirjek bolşy juda gözgynydy. Ol: -Jenap Finçiň ýöne, şeýle endigi bar ahyry,-diýdi:-Biz onuň bilen ine şu ýerde, kazyýetde eýýäm nijeme ýyllar bäri bile işläp gelýäris, jenap Finç bolsa hemmeler bilen hemişe sypaýy gepleşýär, ol başgaça gepläp bilmeýär, kimdir biriniň özüne hormat goýulýandygyny gaty görjekdigi bolsa onuň hatda kellesine-de gelmeýär. Ol seniň üstüňden gülmek islemeýär, onuň diňe hemişekisi ýaly sypaýy bolasy gelýär. Onuň edäheti şeýle ahyry, düşünäýiň ahbetin, ol başgaça bolup bilmeýär diýip aýtdym-a, men saňa! Kazy uludan demini aldy-da kürsüsine ýaplandy. -Dowam ediberiň, Attikus, goý mejlisiň teswirnamasynda-da, jebir çekeniň başgaça pikir edýändigine garamazdan onuň üstünden hiç kimiň gülmändigi, gülmeýändigi düşnükli bolsun. Maňa örän gyzykly, haçanam bolsa bir wagt, heý kimdir biri oňa hanym ýa-da hanym Meýella diýip ýüzlendimikä? Ýöne ol adaty sypaýy ýüzlenmä öýkeleýän bolsa diýmek megerem, hiç kim ýüzlenen däl bolmaly. Eger-de şeýle bolsa, onda ol nähili durmuşda ýaşaýarka? Men örän bahym bu bermedik sowalymyň jogabyny eşitdim. Attikus: -Ýeri bolýar, diýmek, onda siz on dokuz ýaşymda diýip aýdýarsyňyz-da,-diýdi:- Siziň näçe sany erkek we aýal doganyňyz bar? Ol sowal berdi-de penjireden ýüzüni öwrüp, şaýatlaryň münberine ýakyn bardy. Meýella: -Ýedi,-diýdi welin men içimden pikir öwürdim: “Eý Hudaý-eý, olaryň ählisi-de meniň mekdebe baran ilkinji günümde görenim ýalymyka?” -Siz ulusymy? Iň ulusymy? -Hawa. -Siziň ejeňiz has irräk aradan çykdymy? -Bilemok…has irräk. -Siz haçanam bolsa bir mahal mekdebe gatnapmydyňyz? -Okap-ýazyşym dädemden erbet däl. Meýella edil meniň bir mahallar okan kitabymdaky jenap Jingl ýaly gepleýärdi. -Siz mekdebe uzak wagt gatnapdyňyzmy? -Iki gyş…a belki-de üçdür…özümem bilmeýärin. Haýaljakdanam bolsa men Attikusyň nämä ýykgyn edýändigine düşünip başladym: ol jenap Jilmeriň garşylyk bildirmez ýaly derejede ähmiýetsiz we işe dahyly ýok diýip hasap eden sowallaryny bermek bilen oturdaşlara Ýuelleriň öýünde nähili durmuşyň bardygyny assa-ýuwaşdan aý-aýdyň görkezmek isleýärdi. Kakamyň sowallaryna berilýän jogaplaryň kömegi bilenem oturdaşlar ine şu zatlary bildiler: kömek puluna maşgala barybir eklenip bilmeýär, has takygy dädesi kömek puluny hem arak-şeraba sowurýar…käwagtlar ol birnäçe günläp nirededir bir ýerde, batgalykda sumat bolýar, yzyna-da lül-gammar bolup dolanyp gelýär, onsoňam dogrusy beýlebir ýygy-ýygydan sowugam bolup durmaýar, şonuň üçinem köplenç aýakýalaňaç gezseňem bolýar, eger-de sowuk düşäýende-de ulagyň köne tekeriniň daşgysynyň böleklerinden ýalpyldap duran aýakgap ýasanyp bolýar, içimlik we gerek-ýarak suwy zibilhananyň gapdalyndan akýan çeşmeden setil bilen öýlerine daşaýarlar…hapa-hupany bolsa edil öýleriniň gapdaljygyna dökmeýärler…a arassaçylyk barada aýdylanda bolsa, äý, bu babatda öýde her kimiň özi öz aladasyny edýär, ýuwnasyň gelýärmi, suw daşan, körpejeleri haçan görseň dümewli, hemmesi-de gijilewük keselli, hawa, hawa, bir hanym olara birnäçe sapar gelipdi, her gelende-de: “näme üçin mekdebe gatnamaýarsyň” diýip sorapdy, beren jogaplaryny ýazypdy, ýöne näme, öýde iki adam okap hem ýazyp bilýärkä, başgalaryna okamak nämä derkar diýsene…olar dädesine öýde-de gerek ahyry. -Hanym Meýella,-diýip Attikus edil öz erkine garşy gidýän ýaly äheňde aýtdy:-siziň ýaly ýaş gyzyň megerem dostlary, joralary bardyr. Siz kim bilen jora? Jebir çeken düşünmän gaşlaryny çytdy: -Jora? -Hawa. Näme ýa siz öz deň-duşlaryňyz ýa-da özüňizden biraz uly ýa-da kiçi ýaşlylar bilen gatnaşmaýarsyňyzmy? Siziň tanyş oglanlaryňyz we gyzlaryňyz ýokmy? Adaty joralaryňyz ýa-da dostlaryňyz? Şu pursata çenli-de Meýella gödegräk jogap berýärdi, emma bu sowaldan soň welin, edil ýöne jyzzyk bolana dönäýdi. -Siz ýene-de meniň üstümden gülýärsiňizmi, jenap Finç? Attikus bu jümläni öz sowalynyň anyk hem ýeterlik jogaby diýip hasaplady. -Siz öz kakaňyzy söýýärsiňizmi, hanym Meýella?-diýip ol şondan soňra sorady. -O nähili, söýýärin? -Men ol rehimdarmy, siz onuň bilen oňat oňuşýarsyňyzmy diýmekçi boldum? -Äý hawa-la, ol beýlebir erbedem däl-le, ýumşaksy, diňe ine haçan-da… -Haçan-da näme? Meýella gözüniň gyýtagyny kakasyna tarap aýlady, ol hälden bäri oturgyjyny yzyna gaýyşdyryp, gaýşarylyp otyrdy, şonuň üçinem onuň oturgyjynyň arkasy germewe ýaplanýardy. Indi bolsa ol dim-dik bolup gönelip gyzynyň nähili jogap berjekdigine garaşýardy. Meýella ýuwdundy-da: -Haçan-da hiç zat,-diýdi:-Men aýtdym ahyry, ol ýumşak häsiýetli diýip. Jenap Ýuel ýene-de oturgyjynda gaýşaryldy. -Diňe haçan-da ol içende beýle ýumşak häsiýetli dälmi?-diýip Attikus şeýlebir mylaýymlyk bilen sorady welin, Meýella nädip baş atanyny hem duýman galdy. -Ol haçanam bolsa bir wagt size birsyhly güzap berdimi? -O nähili? -Haçan-da ol…gaharlyka, ol sizi hiç haçan urmadymy? Meýella çar-töweregine garanjaklady, soňra aşak kazyýet kätibine seretdi, soňra bolsa gözlerini kaza tarap göterdi. Kazy Teýlor: -Sowala jogap beriň, hanym Meýella,-diýdi. -Ol bar-a, ol dogup-dörälim bäri maňa barmajygyny-da degirmedi,-diýip Meýella aýgyt bilen yglan etdi:-Hatda ýekeje sapar galtaşmady hem. Attikusyň äýnegi burnunyň ujuna süýşdi welin, ol düzetdi. -Biz siziň bilen örän ýakymly söhbetdeşlik etdik, hanym Meýella, indi bolsa men pikir edýärin, biziň işe başlamaly wagtymyz gelip ýetäýdi öýdýärin. Siz aýtdyňyz, siz Tom Robinsondan döwüp bermegi haýyş edipsiňiz…nämäni döwüp bermegi? -Geýim asylýan tekjäni, şeýle birhili köne tekje-dä, onuň böwründe bolsa çekerleri bar. -Tom Robinson size gowy tanyşmy? -O nähili? -Men diýýän, siz onuň kimdigini we nirede ýaşaýandygyny bilýärdiňizmi? Meýella baş atdy. -Onuň kimdigini bilýärdim, ol biziň öýümiziň deňesinden her gün gatnaýardy. -Şol gezek siz ondan howlyňyza girmegi ilkinji gezek haýyş edipdiňizmi? Bu sorag berlen dessine Meýella birhili ýerinden galkyjaklap gitdi. Attikus bolsa ýene-de penjirä tarap syýahatyna ugrady, ol hälden bäri-de şeýle edýärdi, sowal berýärdi-de, penjirä tarap çekilýärdi, daşaryk garaýardy, şol ýerde durubam jogaba garaşýardy. Ol Meýellanyň nädip galkyjaklap gidendigini görmedi, ýöne, göwnüme bolmasa aňan ýaly boldy. Ol oňa tarap öwrüldi-de, gaşlaryny gerdi. Soňra ýene-de başlady: -Onsoň şonda… -Hawa, ilkinji gezek. -A ondan öň siz hiç haçan ondan howla girmegi haýyş etmeýärdiňizmi? Ýöne indi ol Meýellanyň üstüni oslagsyz basyp bilmedi. -Elbetde haýyş etmändim, hiç haçan haýyş etmändim. -Diňe bir gezek jogap berseňiz hem ýeterlik bolar,-diýip Attikus parahatlyk bilen bellik etdi:-Siz oňa hiç haçan tötänden ýüze çykan işi hem tabşyrmaýardyňyzmy? -Belki tabşyrsam tabşyrandyryn hem,-diýip Meýella göwnüýetmezçilik bilen jogap gaýtardy:-Daş-töwerekde entäp ýören şar-garakirliler gytmy diýsene! -Ýene-de haýsam bolsa şonuň ýaly bir ýagdaýy ýadyňyza salyp bilmersiňizmi? -Ýok. -Ýeri bolýar, şol agşam bolup geçen waka geçeliň. Siz: “haçan-da otaga girip yzyma öwrülenimde, Tom Robinson arkamda duran ekeni” diýip aýtdyňyz, şeýlemi? -Hawa. -Siz: “ol meniň bogazymdan penjeledi-de, hapa-paýyş sögünip, wejera sözleri diýip başlady” diýdiňiz, şeýlemi? -Şeýle. Birdenkä seredip otursak Attikusyň huşy beýlebir erbedem däl eken-ä asyl. -Siz: “ol meni garbady-da, bogdy we meniň hötdämden gelip, öz maksadyna ýetdi” diýdiňiz, şeýlemi? -Şeýle diýibem aýtdym. -Özem siziň anyk ýadyňyza düşýär, onuň siziň ýüzüňize urandygy? Jebir çeken ýaýdandy. -Siz göräýmäge onuň özüňizi bogandygyny örän oňat ýatlap bilýärsiňiz. Özem siz tutuş garpyşygyň dowamynda oňa garşylyk görkezipsiňiz, şeýlemi? Siz “aýaklaryňyzy däbşenekledipsiňiz, bogazyňyza sygdygyndan gygyrypsyňyz”. Ýöne onuň siziň ýüzüňize nähili urandygy ýadyňyza düşýärmi? Meýella dymýardy. Göwnüňe bolmasa ol nämedir bir zatlara düşünmäge çytraşýan ýalydy. Men hatda özümçe pikirem öwürdim: “Belki ol, edil jenap Teýt bilen bolşy ýaly, öz öňünde, gabat-garşysynda adamyň durandygyny göz öňüne getirmekçi bolýan bolmagy-da ähtimal”. Soňra ol jenap Jilmere tarap seretdi. -Bu örän ýönekeý sorag ahyry, hanym Meýella, ýene-de bir gezek ýagşyja gulak asyň. Işi kazyýetde seljerilýäniň siziň ýüzüňize nähili urandygy ýadyňyza düşýärmi? Indi Attikus ýaňky ýaly mylakatly we ýumşak geplemeýärdi, onuň äheňi hukuk äheňine öwrülipdi – guraksy we sowuklaç. -Onuň siziň ýüzüňize nähili urandygy siziň ýadyňyza düşýärmi? -Ýok, urandygy ýadyma düşmeýär…hä, ýagny, hawa, urupdy. -Soňky sözleriňizi siziň gutarnykly jogabyňyz diýip hasaplamak bolarmy? -Hä? Hä, hawa, urupdy-da…ýadyma düşmeýär, meniň, hiç zat ýadyma düşmeýär…hemme zat şeýlebir çalt bolup geçdi… Kazy Teýlor Meýella tarap gaşyny çytyp garady. -Aglamak gerek däl, ýaş hanym…-diýip ol başlady. Ýöne Attikus kazynyň sözüni bölmäge howlukdy: -Eger-de göwni küýseýän bolsa, oňa aglamaga mümkinçilik beräýiň, siziň merhemetliňiz. Biziň näçe diýseň wagtymyz bar ahyry. Meýella gahar bilen burnuny çekdi-de, Attikusa seretdi. -Men siziň hemme sowallaryňyza gaty gowy jogap bererin…öz-ä meni bärik süýräp diýen ýaly çykardy-da, indem üstümden gülýär-ä, bi! Men häzir gaty mäkäm edip hemme soraglaryňyza jogap bererin… Attikus: -Örän ajaýyp,-diýdi:-Indi dogrusy, kän sowal hem galmady. Onda şeýle, hanym Meýella, siz görkezme berýärsiňiz, işi kazyýetde seljerilýän sizi urdy, bogazyňyzdan penjeledi, bogdy we hötdäňizden gelip, maksadyna ýetdi diýip. Ýöne meniň bilesim gelýär, siz hakyky günäkäri görkezýändigiňize doly ynanýarsyňyzmy? Siz häzir biziň öňümizde özüňizi zorlan adamy tanap bilersiňizmi? -Hawa elbetde, ine şol. Attikus özüniň hukuklaryny goraýan adamsyna tarap öwrüldi. -Ýeriňizden turuň, Tom. Goý, hanym Meýella size ýagşyja seretsin. Bu şol adammy, hanym Meýella? Tom Robinson ýönekeý nah matadan köýnek bilen örtülen ýaýbaň eginlerini ýazdy. Örboýuna galdy-da, sag eli bilen oturgyjynyň arkasyna direndi. Onuň bolup durşy birhili geňdi, edil ol bir böwrüne gyşyk ýalydy, ýöne onuň bu gyşyklygy onuň özüniň egrerlip durmagy zerarly däldi. Onuň çep eli sag elinden bir futa golaý gysgady we edil jansyz ýaly sallanyp durdy. Eliniň penjesi kiçijekdi, gatap galandy we hatda meniň oturan ýerimdenem onuň şol eli bilen hiç hili hereket edip bilmeýändigi görünýärdi. -Seret, Gözlüje!-diýip Jim demini daşyna üfläp goýberdi:-Seret! Hormatly ata, ol golak ahyry! Hormatly ata Saýks meniň üstümden egildi-de, Jime pyşyrdady: -Ol heniz oglanjykka, jenap Dolfus Reýmondyň mülkünde pagta ýygyp ýörkä, eli pagtaýygyjy ulagyň çarhyna düşüpdi…şonda ol ganyny köp gidirip, tas heläk bolupdy…eliniň eti süňküne çenli tutuşlygyna diýen ýaly sypyrylypdy. -Şu adam hem sizi zorlan adammy, hanym Meýella? -Elbetde, şol. Attikus ýene-de bir sowal berdi, diňe ýekeje sözden ybarat sorag: -Nädip? Meýella gahar-gazapdan ýaňa ot alyp galdy: -Nädipdigin-ä bilemok welin, ýöne zorlandygy-ha dos-dogry…men aýdýan ahyry, ähli zat öte çalt bolup geçdi diýip… -Geliň parahat pikirlenip göreliň,-diýip Attikus başlady, ýöne jenap Jilmer onuň sözüni böldi. Ol garşylyk bildirýärdi, ýöne bu gezek aklawjynyň sowalynyň gerekmejekdigi hem-de işe dahylsyzlygy babatda däl-de Attikusyň jebir çekeni gorkuzýandygy üçin. Kazy Teýlor saklanyp bilmän hahahaýlap başlady. -Goýuňsana, Horeýs, ýeriňizde oturyň-da, bolgusyz zatlary oýlap tapmagyňyzy bes ediň. Eger-de bu ýerde kimdir biri kimdir birini üýşendirmäge dyrjaşaýýanam bolsa, onda jebir çeken Attikusy alarladyp barýan bolaýmasa. Mejlisler otagynda kazy Teýlordan özge ýekeje adamam hatda ýylgyrmady hem. Hatda bäbekler hem ses-selemsiz dymyp galdylar welin, men belki-de olar ejeleriň emmesine boglup galan bolaýmasynlar diýibem oýlandym. Dowamy bar. | |
|
√ Duman daganda: Dumanlar, gümanlar... - 11.06.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -3: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |